ŞÜKÜR BAGŞYNYÑ GYZY
Öwezgelen ussa, Ýegendurdy Mürrük, Şükür bagşy üçüsiniň bu gije ýene başy birikdi. Olar köpden bäri duşuşmandylar. Gökdepe töweregindäki obalardan toýdan gaýdyp gelýän sazanda dostunyňkyda düşläp geçmegi makul bildi. Ol ussa dostuna sözem beripdi ahyryn... Kakada bir agşam ýatyp ertesi daň bilen Duşaga tarap ýöräbermeli...
***
Ýolboýy özüni ynjalykdan gaçyran bir wakanyň pikirini edip gelen sazanda syr alyp, syr berýän dostlaryna içini dökmän oňup biljek däldi. Olar näme diýerkä? Barybir, bu ahwalat sazandanyň – a ýüregine, öýüňem törüne sygjak zat däl...
Şükür dutaryna kimdir biriniň ogrynça el degirýändigini öňräkden aňypdy. Ol bir zat syzýardy. Wehimmi, howsalamy, nähilidir bir düşnüksiz duýgy onuň kebzesini jümşüldedip gidýärdi...
Bu gün onuň göwnüne ýene çiglik gitdi. Tärimden asylgy dutary ýene gabyndan çykarypdyrlar. Bagyny baglanda gyrnakbaga derek çigin salypdyrlar. Şükür bilgeşleýin gyrnakbagy salypdy...
Bu gezek welin... Şükür beýle zady asla garaşanokdy... Gara öýden çykýan şirin owaz ony doňan ýaly etdi – de goýaýdy. Owazdan dolan öý göýä örküni ýerden üzüp, batbörek ýaly bolup asmana göterilene döndi...
Şükür gözlerini asmana dikdi. Ol gyrak – bujaksyz asmanyň mawy alyslyklararyndan öz hyýalynda döreden eziz didaryny agtarýardy... Başy ak telpeklije , eli gara dutarly oglanjyga derek alagaly gupbaly gyzyň keşbi peýda bolýar – da ýene eräp, gözden gaýyp bolýar, ötägidýär...
Hurmagözel saz çalýar. Bagşynyň hut öz syntgylan sazyny...
Şüküriň gözleriniň owasy çyglandy. Ol asmana seretdi – de gözýaşyny gözleri bilen ýuwutdy. “...Wah, oglan bolsaň, yzyma – yz, tozuma – toz boljak ekeniň, balam”.
Ol gara öýe tarap ätlejek boldy – da, birdenem, bu pikiririnden dönüp, yzyna dolandy:”Çalyber, guzym. Çalyber... Eliňe gül bitsin. Çalyber...”.
Daş işikde kimdir biriniň bardygyny aňşyran Hurmagözel onuň yza dolananyny tärimiň gözeneginden görüp galdy.
Indi, Şükür öz gyzynyň şirin – şirin sazlary çalyp bilýändigini bilýärdi, Hurmagözelem kakasynyň bu syrdan habarlydygyny. Gyz atasynyň paýhasyna, giňgöwünliligine, sazanda – da gyzynyň, edep – ekramyna. Şeýdip, bu iki göwnüň arasyna ýüpek ýaly saz düşdi. Bu dilsiz baglanyşyk, sözsüz söhbetdeşlik täsin syr bolubam galyberdi...
- Türkmençilikde biziň munymyz birhiliräk bolýar – da – diýip, Şükür bagşy pikirini çugdamlap başlady. – Ýöne men şundan adalatly, şundan halal çözgüdi tapyp bilmedim. Men oňa halypalyk edip biljek däl, bu bir.Onuň göwnüne – de degjek däl, buda iki. Çalybersin.
Ara düşen dymyşlygy Ýegendurdy poşy bozdy:
- Hak aýdýaň, Şükür. Halatly çagadyr. Göwnüne degmegin.
Öwezgelen ussa onuň sözüniň üstüni ýetirdi:
- Ýene bir zat bar, Şükür jan. Il biler, belki, biýändirem. Sebäp diýseň, “Aý dogsa älem görer” diýlenidir. Ýöne seniň iliň gepi – gürrüňi bilen işiň bolmasyn. Sen şu raýyňdan gaýtmagyn, dogan. Goý, çalsyn. Çalybersin.
Ozalam polady ýumşak Şüküriň dost sözünden göwni bähra tapdy.
- Mähir – mylakatyňyza taňrýalkasyn. Arkaýyn boluň, menden öz çagama zowal ýok. Onsoňam, sazyň gudraty güýçli, ussa gardaş. – Ol şeýle diýdi – de, gapdalda duran dutaryna el ýetirdi, hortap, uzyn – uzyn barmaklary bilen onuň kädisini syýpady.
- Çalmasa, ýüregine sygmaz, öler… Bagşy, şeýle diýdi – de dostlary üçin saz çalmaga başlady. Onuň çalyp başlan söhbetdeşligiň
***
Duşakdaky mähelläniň hepde –bir gezek üýşýän bu ýeri bazar bolup bazaram däl, ýöne ady “bazar” diýäýmeseň. Her näme – de bolsa, iki sany dükan, ädikçiniň, demirçiniň ussahanajygy bar, gawun – garpyz, ownuk – uşak zat satýanlaram ýok däl. Bolýan eken – dä...
Şükür haly horjunyny eşegiň gaňňasynyň üstüne atyp, öýüne gaýtmakçy bolupdurka bir al atly ýaş ýigit onuň deňesine geldi – de atynyň jylawyny çekdi. Otuz ýaşlarynda bolaýmasa diýdirýän bu degenek jahylyň arkasynda dutary – da bar.
Şükür her näçe jan etse – de ony tanap bilmedi, “Haý bilmedim welin, sen, ýigit, bu töweregiň adam – a däl...” diýip içini gepletdi, oňa çenli atlyýigit salam berdi:
- Agam, salawmaleýkim.
- Waleýkim. Saglykmy, saglyk amanlykmydyr, inim?
- Agam, kyn görme – de maňa Şükür bagşynyň öýüni salgy bersene.
Şükür oňa näme diýjegini bilmän birazsagynyp durdy – da, gel – aý, näme bolsa, şol bolsuna urdy.
- Bolýa, inim, salgy bereýin. Ho – ol, kybladaky kepbäni görýäňmi? Edil gapdal ýanynda – da gara öý bar...
- Hawa, hawa...
- Şükür bagşynyň öýi – hä şol bolmaly.
- Boldy – boldy. Sagja bol, agam. Taňyrýalkasyn.
- Bi, bagşy aga saz çalyp bermek hyýalyň barmydy?...
- Aý, hawa. Bagşy aga bilen bir gije – ýarym gije darkaş uraýsak, diýlip gaýdylandyr, öz – ä... Görmeli – dä...
Ol atyny debsiläp, salgy berlen tarapa ugrady.
- Baryber bakaly, ynha, menem barýan yzyňdan – diýip, sazanda onuň yzyndan gygyrdy. Ol Şüküriň sözüni eşitmedimi – nämemi gidiberdi.
***
... Edil beýle bolar öýdüp, Şüküriň pikirine gelmändi. Ol bu pursaty görüp haýran galdy.
Myhman atynyň jylawundan tutypdyr – da gara öýüň deňesinde çommalyp otyr.Ýüzüni keseräk sowup, boýnuny süýndirip, aňk bolup galypdyr. Myhman Şüküriň gelenine – de, “Geçiberseň bolmyýamy? Näme beýdip otyrsyň” diýen sözüne – de kän bir üns bermedi...
- Ýuwaşrak bolaweri, jan agam! Halypa gyzyl ot bolup otyr. Heý, şumat onuň ýanyna baryp bormy?!
... Gara öýden eşdilýän sazyň jadysyna Şükürem bendiwan boldy... gara öý hol, alysda salgym atýan ýaly... Asmana göterilen batbörek ýaly. Gara öými bu ýa- da zarňyldap duran altyn owazly alagaly gupbamy?...
Şükür hyýal kölünden çykdy – da “Ähüm! Ühüm! Hurmagözel!” diýip, öýe baka ýöneldi. Oňa çenli bir topbak gyz gögerçin ýaly güsürdeşip daşaryk çykdy. Olar çalt – çalt ýöreşip beýleki jaýa girip gitdiler.
“Häýt, diýmäýin diýsänim. Edere işiňiz ýokmy?! Hany, çaý goýuň derrew” diýip, Şükür çala käýinjiredi – de ýylgyrdy.
Şol wagyt myhman bagşy atyna çalasynlyk bilen towsup mündi – de, ökjäni göteräýdi. Şükür näme etjegini bilmän onuň yzyndan gygyrdy:”Duraweri, myhman! Aý saklan – how!”.
Durarmy! Hon – ha, ol atyny ýüzin salyp, gündogara tarap tutduryp barýar. Şükür onuň kimdigini, adynyň nämedigini – de bilmän, yzyndan garap galdy.Myhman bagşynyň kellesinde welin şu jümle gaýtalanýardy “Şükür bagşynyň gyzy şo zeýilli saz çalýan bolsa, onuň özi, gör, nähilidir. Bu ýerlerde durup bolmaz, halypa.”
Ahmet Halmyrat
Taryhy proza