10:55 Şwesiýa | |
ŞWESIÝA
Goşgular
Agam ýok, gara-da ýok, Ganam ýok, ýara-da ýok. Bir täsin ile düşdük — Begem ýok, töre-de ýok. Haýwan adam deňinde, Adam hudaý deňinde. Boýnun sallap duran ýok Patyşaňam öňünde. Şagal şagal ýerinde, Gurt ýerinde gurt eken. Özünde doglan bolsaň, Ýaşalaýjak ýurt eken. Ýöne biz bir gelmişek, Azaşyp ýol salmyşak, Her täze ýyl toýunda Aglap dutar çalmyşak. Şiraly NURMYRADOW. | |
|
√ Ýogaldy / Goşgular - 05.05.2024 |
√ Köwşümi / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Bize geçi bersene / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Блондинка / Goşgular - 25.07.2024 |
√ Söýer ýaly / Goşgular - 21.10.2024 |
√ Içgepletme / Goşgular - 12.05.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ Göreş / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Nebis / Goşgular - 06.06.2024 |
√ Naýynsap / Goşgular - 01.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |