11:08 Şyhattar | |
ŞYHATTAR
Goşgular
Gelenlerem armanly, gidenlerem armanly, Bu dünýä Hak permanly. Bizden öňem bu dünýäge gelen bar, Bizden soňam geljek bar. Hem aglajak, güljek bar. Şu zatlar hakda oýlandym, Şyhattaryň guburynyň başynda. Niçe-niçe mazar ýatyr daşynda. Nuh döwrüniň çynary Göge diräp başyny Bezäp töwerek-daşyny Bir dana goja kimin Otyr oýa batan ýaly, Dym-dyrslyk. Bu dünýä Gaflatda ýatan ýaly. Orta asyrlaryň çapgyn ýeline Döz gelen Şyhattar Bu gün, bilmedim Ýetim galan ata kimin Kibtini gysyp durdy. Öňki howalasy galmandy onuň Wagt birehim bolsa-da Ony guran ussanyň Barmagynyň yzyn gördüm diwarda. Şol gün çykylypdy Şyhattaryň kastyna, Salmakçy boldular ýeriň astyna. Päli azan biri buýruk beripdi: «Köne dünýäň kerpijini goparyň, Gözlerim görmesin, ony aparyň». Şonda men şaýady boldum gudratyň, Ýumrugyny düwüp, gürläp durka münberde, Dem-düýtsüz gitdi ol ýere serilip, Diýýärler häzirem ýatyr gerilip. O döwürem gördük bile Şyhattar, Külpet ýagdyrdylar başyňa seniň. Daýaw pyýadalar geçipdi daşyňa seniň. Bu hakykat. Indem şolaň özleri Bilmillany hetjikläp, Azan aýdyp metjitde, Il gözüne zyýarata gelýärler. Öňem-soňam işimizi görenler, Dälmidi şol tetelliler?! Olar Allanyň öňünde ýazykly, Maňlaýynda olaryň ýekeje söz ýazylgy. Olar iliň başyna inen musallat. Gürrüň kän gürrüň edere, Ýöne men bir zady bilýän, Şol daýaw pyýadalaň Üstlerinden mys-mys gülýäň. Uzak ýollar söküp geldim ýene men, Zyýarata gaşyňa. Görüp şonda daşyňda Çyn hossaryň Başymy gök diredi. Şondan soň şu setirler döredi. Şaýady men on edaraň On ýylda bitirip bilmedik işin Bir danyşment ýaşulyň Gördüm on günde bitirşin. Alty ýüz ýyldan soň ýene, Şyhattar, täzeden inipdiň dünýä! Bardyr munda ähli zadyň hasaby, Günäň üçin bardyr Hakyň gazaby. Çekersiň ir-u-giç agyr güzaby. Sen düşün bir zada, düşün bir zada, Ýele sowrulmaýar, otda ýanmaýar, Halkyň azaby! Etseň eger günäni Çekmelisiň günäňi. Saňa kast edenler, pes boldy indi Yra-daraň edişip, olar ýaşap ýör şindi. Ýaşasynlar dawamyz ýok ömrüne, Onuň üçin garaşamzok ölmüne. Başyňa düşen şol agyr günlerem, Gorkman gelerdim men saňa salama, Muny men magtanmak üçin aýdamok, Kimdir birinden aýyp agtarmak üçin aýdamok. Geçeni geçdi bileli, Bizi saklap ýören ene topraga Ýagşy günler diläli. Şyhattary saýalaýar, Nuh döwrüniň çynary. Hüwdüleýär Şyhattary Indi niçe asyr bäri Sumbaryň bir kenary. 23.07.95. Könekesir obasy. ▶ ŞYHATTARYŇ ÇYNARLARY On bir dogan çynar ösýär, Obamyzyň gaýrasynda. Beýle çynar ýokdur meger, Ülkämiň hiç ýaýlasynda. Saýasy bar gün düşmeýen, Sowukda-da üşemeýän, Gije baraý, üýşenmeýäň, Şyhattaryň çynarlary. Barsaň eger daňa golaý, Tut gulagňy oňa golaý. Aýdym aýdar müňe golaý, Şyhattaryň çynarlary. Her çak barsaň penakärdir, Göwünlere tenakärdir. Goşgularma «günäkärdir», Şyhattaryň çynarlary. Ýaza döner gara gyşyň, Ganatlanar göwün guşuň. Uzaldybiýr ýaşan ýaşyň, Şyhattaryň çynarlary. Göräýmeseň gözüň bilen, Wasp etmek kyn sözüň bilen. Owadandyr ýazym bilen Şyhattaryň çynarlary. ▶ ŞYHATTARYŇ MAWZOLEÝI Obamyzdan uzakda däl, Şyhattaryň mawzoleýi. Görünýär has uzaklardan, Şyhattaryň mawzoleýi. Ondan bäri niçe asyr, Çalyşypdyr niçe nesil. Üýtgemändir asyl-asyl, Şyhattaryň mawzoleýi. Barsaň ertir, barsaň agşam, Aýdym aýdar çynar bagşam. Daglarmyza çeker nagşam Şyhattaryň mawzoleýi. Dostum, bolsaň bize myhman, Görkezerin ony hökman. Diýýärler ol uly lukman, Şyhattaryň mawzoleýi. Gadymdan galan ýadygär, Asyrlarda oň ady bar. Täze müňýyllyga ädýär Şyhattaryň mawzoleýi. ▶ KEÝIK ALMAJYK Azat Rahmanowa Keýik almajyk, Keýik almajyk. Şeýle bir iýmiş Doýup bolmajak. Geýende daglar Ýaşyl begresi. Mekany onuň Dagyň degresi. Keýik ondan Doýsa mazaly. Janynda birje Galmaz azary. Datmadyk ondan Armanly bolar. Ynsan kalbynyň Dermany bular. Bahar ýagşyna Ýuwular gider. Ir bişip, irem Sowular gider. Iýjekmi dostum, Gideli bile. Seýil edersiň, Hem biziň ile. Keýijekleriň Yzyny yzlap, Iýsek almajyk Çar ýany gözläp. Agzyňdan gitmez Datly bal ýaly. Ýatlarsyň mydam Güljan, Kemaly. ▶ ÇYNAR Kimkän seni başda gelip, Bu ýerlerde ekdi, çynar. Gerek wagty gara bulut Başlaryňa çekdi, çynar. Hiç kim bilmez ýaşan ýaşyň, Göge ýetýär belent başyň. Märekeli mydam daşyň, Söhbetim sen hakda, çynar. Bahar şaha ýaýaňda sen, Saýalaýan saýaňda men. Hoş owazyň ýaýaňda sen, Ýokdur senden ökde, çynar. ▶ PIRDERE Obamyzda bar biziň Örän täsin bir dere. Gadymdan ýörgünlidir, Onuň ady – Pirdere. Erem bagy onça ýok, Diýsem ynan, ýanjamok, Entek hiç kim ynjanok, Her ädimi syr, dere. «Görüp bolsa Pirderäni, Gujaklap ýygsaň teräni. Awlap bolsa bir jereni, Mergençilik düşer ýada...» Diýip, arzuw eden kän, Arzuwyna ýeten kän. Muň üstünden öten kän – Şeýle biziň Pirdere. Zeminimde bossan ol, Bir ajaýyp dessan ol. Lukmanydyr hassaň ol, Gördüm gaplaň, şir dere. Bihasapdyr lezzeti, Bihasapdyr hezzeti. Çekeýin men ezýeti, Bol sen baky Pirdere. ▶ GORKY Gorky – sözlän sözüňde, Gorky – gözlän gözüňde. Gorky – endam-janyňda, Gorky – mydam ýanyňda. Ýok, ol beýle gorkak däl, Ile-güne tirkeg däl. Çünki gadymdan söz bar: «Gorkak kişi erkek däl». ▶ HAKYKAT Hakykat bar! Ýeňýär mydam hakykat. Ýeňilýär dünýäde galplaryň galpy, Hakykatda gudrat bar! Çünki oň çaga deý arassa kalby. Ýeňip bilýär. Ýöne ýeňip bolmaýar, Gazykda daňyp bolmaýar. Oňup bolýar aç-suwsuz, Ýöne hakykatsyz oňup bolmaýar. Orun tutsa eger seniň kalbyňda, Bu jahanda senden bagtly adam ýok. Eger-de bir pursat unutsaň ony, Ynan, belki, senden özge nadan ýok. ▶ «TAŇRYM MAŇA BIR ÝÜREK BER...» Taňrym maňa bir ýürek ber, Berk bolsun ol demirden. Ol şeýle bir ýürek bolsun, Gorkmasyn beg, emirden. Duýmasyn hasratyny, Doganymyň, oglumyň. Gözýaş maňa ne derkar, Dogrumyň ýa ogrumyň? Duşanymda ejize Ezilmesin ýüregim. Parhy bolmasyn maňa Saharamy, Garagum... Samrap ýörün nämeler? Wah, al kaksyn dilimden. Hasrat çekse doganyň Agyr dälmi ölümden?! Ýatyp bolmaz arkaýyn, Çekse goňşyň ezýeti, – Bolmaz – diýdi, ýüregim, – Bu durmuşyň lezzeti. Beýle ömür gerek däl, Beýle ýürek – ýürek däl. ▶ BAÝRAM KAKA Akademik B.G.Balakaýewe. Ilim diýer, dinim diýer, Agam diýer, inim diýer. Şatlyk görse il gözünde, Kuwwat duýar öz-özünde. Başly-barat sözlemez ol, Ýalan şöhrat gözlemez ol. Diýer iller: «Dana kişi, Elmydama haýyr işi». Çaga aýdar: «Baýram kaka!» Aga aýdar: «Baýram kaka!» Talybyňam howandary, Alymyňam howandary. Ähli kişiň kakasy ol, Sahawatyň sakasy ol. Bu sözlerim däldir galat, Iller muny bilýär magat. Synsa göwnüň melhem tapar, Ýüreklere ylham tapar. Ahal, Mary, Şabat ili, Balkan, Lebap – abat ili. Diýer çyndan: «Baýram kaka, Ady ile ýaýran kaka!» Erkek kişiň sözi bardyr, Bereketli duzy bardyr. Belent mukam – sazy bardyr, Gyş barsaňam ýazy bardyr, Hem mähirden közi bardyr, Arkaňda dag – özi bardyr. Galplar üçin melamatdyr, Haklar üçin keramatdyr. Tagzym edýäň mydam Haka, Ömrüň uzak, Baýram kaka! | |
|
√ Merhum dostumyñ gelnine / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Şygyr ýazylmaýar, dogrulýar ahyr / Goşgular - 16.09.2024 |
√ Basyp giden yzlaryňdan / Goşgular - 02.09.2024 |
√ Aýna / Goşgular - 01.08.2024 |
√ Telegraf / Goşgular - 05.08.2024 |
√ Gul aga / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Hoş örütdüň / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Belaýy yşk ki, her dem maňa jepaýydyr... / Goşgular - 26.08.2024 |
√ Ajymdan öldüm / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Ged enarel-yşka-lil-uşşagy min hejel huda... / Goşgular - 02.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |