13:29 Sylapberdi Muhamowyň döredijiligi hakda üzlem-saplam jümleler | |
SYLAPBERDI MUHAMOWYŇ DÖREDIJILIGI HAKDA ÜZLEM-SAPLAM JÜMLELER
Edebi tankyt
Sylapberdi Muhamowyň kitapçy.ru saýtynda goýlan, gara ýumor žanrynda ýazylan “Indiki masgaraçylyk” atly hekaýasyny okap şu aşakdaky pikirlerimi ýazdym: Hekaýada bir garry adamyň dalaşyp, oýnaşyp, “keýpden çykmak üçin” ýanyna ýaşajyk näzenin getirip berjekdiklerine garaşyp, yzly-yzyna “wiagra” derman serişdesiniň bir görnüşi bolan “Wuka-Wuka” dermanyndan birnäçe gerdegi atyp, aradan çykandan soň, onuň merhumlykda-da ujydynyň saň-gaty bolup dikelip durşy hem-de ony şo göz-gülban halynda ýuwuşlary we daýy-ýegeniniň il-günden utanyp, ony tabytda ýüzin ýatyryp, jaýlamaga äkidişleri hakynda gürrüň berilýär. Her kime bir zat ýaraýar. Hasam sungat (edebiýat) ýaly çuňňur subýektiw hadysa hökmany ýagdaýda çuňňur subýektiwem kabul ediläýmeli – “Kim gaýkyny söýer, kim küýkini” diýýär, Türkmen aga. Hekaýa barada: Hekaýa gaty gowy, söz ýok. Sýužeti – hut durmuşyň gaýmagy. Genial sýužet. Ýene-de: “Durmuş ýaly hakdan içen ýazyjam, nakgaşam, şahyram, režissýoram ýok” diýip gaýtalasyň gelip gidýär. Sýužetiň göni manys-a her kese düşnükli – göz-gülbanlyk, garryň “garry” dälligi, “ölüşiňe görä gömüşim”. Ynsan aňyýet (edebiýat, sungat) paradigmasynda nähili kabul etmek (восприятие) ýörgünli? Garrylyk – bu danalyk, öz-özüňe erk etmek, yzyňdan gelýänlere görelde bolmak we ş.m. Bu sýužetde bolsa garrylyk – ruslaň bir jaýdar sözi bar: “козёль”. Ine şol “kozýolam” danalygyň simwoly, görüm-görelde bolan bolup çykyş edýärmi? Sýužetiň pynhan manysy – “Serediň adamlar, ine siz!” – bujagaz manyň açary: “Annam şaka teatr sahnasynda duran ýaly keşbe girip: - Ýalançy dünýäniň gara ýüzüni görmäýin diýip gül ýüzüni ters öwren daýym jan-ow - diýip, zörledip goýberdi. - Göteriň bendäni!”. Hekaýadaky “daýym jan-ow”-dan soňky “Göteriň bendäni!” diýen jümläň, ýüzüniň ugruna, ara salym salman gelşine bakyň! Eden bolan bolaýyşjygyna serediň! Ilk-ä “hasratyny” äleme sereşlän bolup möňňürmek, soňam derrew: “Göteriň bendäni!”. Jesedi tabytda ýüzin öwürmegem mese-mälim awtorskiý proizwol (ýazaryň eden-etdiligi) bolsa-da, gaty jüpüne düşüpdir. O-da özboluşly simwol – ynsan öz eden etmişlerinden ýaňa hatda jany çykyp, jesede öwrülenden soňam il deňinde asmana bakyp, arkaýyn ýatmaga-da ýagdaýy ýok. Eger-de şeýdip arkaýyn ýatmaga özüniň bihaýalygy ýetäýse-de, yzynda galýanlar oňa “müýnürgemäge” medet bererler... Üstesine-de merhumyň şeýdip, iliň tersine ýüzin ýatyrylanyny, oň yzynda galýanlar oňatja edip “delillendirerlerem” – “Ýalançy dünýäniň gara ýüzüni görmäýin diýip gül ýüzüni ters öwren daýym jan-ow”... Görüň, ynsan logikasyny – zyna-wejeralyk bilen meşgullanmak isläp, azgyn islegi paşman amanadyny tabşyran ýazykly däl-de, ýene-de “dünýe” günägaby – şoň “ýüzi gara”. O, şeýle masgara ýagdaýda jany çykanyň ýüzi bolsa “gül”. Şu ýerde has çuňlaşyberseň, adamzat ahlagynyň dualizmem (latynça: dualis - ikileýinlik) göz-görtele ýüze çykýar. Bir tarapdan-a, päk ahlaklylyk oturylsa-turulsa hemme kişiň hemme kişä ündeýän zady. Hiç kim hiç kime: “erbet bol, zyna et, ogurla, alda, wejera ýaşa, müňkür bol we ş.m.” diýip ündemeýär. Gaýta her kes her kese: “gowy bol, ýalan sözleme, kişiň hakyny iýme, wepadar bol, lebziňi ýuwutma, ynan we ş.m.” zatlary nesihat edýär. Her kesem özüni şonuň ýaly gowy ýol-ýörelgä eýerip ýaşaýandyryn öýdýär. Ikinji tarapdanam, adamlaň hemmesem biri-biriniň nähilidigini görýärler, bilýärler. Emma artyk-kem taraplaryny görseler-de, her kim beýlekiň gowusyramagyny goldaýar. Üstesine-de öz ýakynlaryna gezek gelende onuň pyssy-pyjurlygy ýüze çykjak bolaýan ýagdaýynda-da, ony derrew bassyr-ýussur etmäge çalyşýar. Özüni aklamak üçine iň oňat, iň ygtybarly delilem: “Dogry sözliň dosty ýok”. Hakykatda, lingwist alymlaryň biri maňa bu nakylyňam ýoýulandygyny, ilkibaşky görnüşinde onuň: “Dogry sözliň dosty Hak” diýen görnüşde bolandygyny gürrüň beripdi. Seredip otursak, biz gerek ýerinde ýokardaky ýaly nakyllaram özümizejik laýyklapjyk ulanyberýän kenik... Bellikler: 1. Hakykatdanam, erkeklik jyns agzasynyň sinonimlerine ýa-da ýaňzytmalaryna biraz köpräk üns berlen ýaly. 2. “üçünji aýagy” kyýama galyp dur – şu ýerde “kyýama” diýen aňlatmaň ýerine başgarak bir düşünje ulanylsa dogry bolaýjak ýaly – her niçigem bolsa, bu sözi namaz bilen baglanyşykly ulanmaga halkyň aňy endik eden. 3. Hekaýaň žanry “gara ýumor” diýlip dogry kesgitlenipdir – sebäbi bu hekaýaň äheňinde satira mahsus ýepbeklemek, kötekleýji ýazgarmak duýulman, ýumora mahsus ýumşaksy, teýenelije, kinaýaly gülümsireme duýulýar. Şo “gülümsiremäň” “garalygy” bolsa, hekaýa ilki okanyňda göwnüňe bolmasa, ajal ýaly birwagtyň özünde gorkunç, mukaddes hem-de hemmeler tarapyndan elheder alnyp, sarpa goýulýan, dymylyp, baş egilip garşy alynýan närsäň üstünden gülýän ýaly bolup görünýär. “Ýasda gülme, toýda aglama” diýmeýärmi, türkmen? Emma, hakykatda, bu hekaýa ýasyň, däp-dessuryň üstünden gülmäge synanyşyk däl. Bu hekaýa ynsan kemçilikleriniň, ýasama asyllylygyň, asyllysyraýan wejeralygyň üstünden teýenelije henek etme. Şol henegi beýan etmek üçin saýlanyp alnan wakaň ýas, merhum bilen baglanyşyklylygy bolsa, hut şo ideýaň täsirliligini üpjün etmegiň esasy serişdesi. “Aňk edip bilmeseň aňkarmazlar” diýilmeýärmi? Şu düşünje sungaty hakyky sungat etmegiň baş ýörelgesi – geň galdyryp bilmeseň, gyzykdyrybam bilmersiň. Gyzygmasa-da – ýazdyň nä, ýazmadyň nä? Eşegiň gulagyna ýasyn okan ýalydyr-da. Diňlär-de (okar-da), bu gulagyndan girizer-de, o gulagyndan çykarar goýberer. Yzam galmaz aňynda, kalbynda, tozam. Hekaýaň iň geň galdyrýan ýerem (ýazýan adamlar üçin) – onuň baş gahrymany – jeset. Onam häsiýetlendirseň, rus gardaşlaň bir nakyly ýadyňa düşýär: “Жил грешно и умер смешно”. 4. Hekaýaň ady düýbünden gelişmändir – ol birinjiden-ä, awtoryň özüniň öz beýan edýän (ýagny, etjek) wakasyna, öňe sürjek ideýasyna bolan şahsy garaýşyny hekaýa başlanmanka güjeňläp görkezýär. Bu eýýäm islendik eseriň minusy. Ýöne ýere: “ýazyjy – aýna” diýilmeýär. Ýazyjy (şahyram, režissýor ýa-da nakgaş-heýkeltaraşam), öz döredýän eserinde güberçekledýän wakasyna, ideýasyna, gahrymanlaryna tarapgöýsüzlik bilen garasa – şol iň dogrusy. Çünki awtor, özüniň awtorlyk hukugyndan, artykmaçlygyndan hetden aşa artykmaç peýdalanyp, eseriniň içinde, edenini ediberse, ol eýýäm özüni, öz ynançlaryny okyjyň boýnuna boýunturyk edip “dakýar”. Şonuň üçinem, ýene-de bir gezek diýesim gelip dilim gijeýär: “Elbetde, bu zatlary dinozawr ekgäň özi ýahşy biledi”, ýöne hekaýaň adyny meň pikirimç-ä başgaçarak almalymyka diýýän. Mysal üçin: “Ölüşiňe görä gömüşim” ýa-da “Metgi merhum”. Wakaň durmuşylygy bolsa – çyn. Durmuşda ýaňky ýaly wiagradan gerk-gäp bolup, "wepat eden" adam hakda menem eşitdim. Şoň üçin başga ýerlerde-de şeýle wakalaň bolup, olam haýsam bolsa başga bir awtoryň (režissýoryň, stendaperiň, ýumoristiň we ş.m.) ünsüne ilen bolmagy gaty ähtimal. Ýene-de bir maglumat: Предсмертная эрекция, ангельская похоть, окоченение или терминальная эрекция – это посмертная эрекция, технически приапизм, наблюдаемая у трупов мужчин, которые были казнены, в частности, через повешение. Çeşmesi: https/en.wikipedia.org/wiki/Death_erection. 19.09.2022ý. Umuman, berekella, Sylapberdi! Işiň ileri. Öňünden yzy gür gelsin. Juda gowy hekaýa. Okap hezilem etdim, begendimem, guwandymam. *** Sylapberdi Muhamowyň kitapçy.ru saýtynda goýlan “Topraga sygmaýan jeset” atly hekaýasyny okadym. Hekaýa “hakykatdan beter hakykat” (giperrealizm) usulynda ýazylan hekaýa bolupdyr. Terbiýeleýjilik ähmiýetem güýçli. Berekella! Onsoňam bu hekaýa maňa-ha bir kepen ogrusy hakyndaky gadymy hekaýaty ýatlatdy: Gadym zamanlarda bir kepen ogrusy ýaşapdyr. Ine şolam soňky demini sanap ýatyrka, ýeke ogluna sargyt edipdir: -Oglum, men sizi eklemek üçin bütin ömrüme mazar açyp, kepen ogurlap satdym. Indem men ölsem, hiç kesem gabyr gazyp, kepen ogurlamasa, adamlar şol kümsügiň men ekendigimi bilerler. Şeýdibem meň-ä öli adym, siziňem diri abraýyňyz gümlama gider. Şuň bir alajyny tap! Oglam onda aýdypdyr: -Arkaýyn bol, kaka! Ol-a adamlar saňa gargamak ekeni, men seniň kimdigiňi bilmezden, il-gün saňa alkyş okar ýaly ederin! Kepen ogrusy ölüp, jaýlanan gününiň gijesem, onuň ogly gonamçylyga baryp, täze gubury açypdyr-da, kepen ogrusynyň jesedini süýräp ýedi ýoluň çatrygyna çykarypdyr. Kepenini soýup, göz-gülban çüw-ýalaňaç edip taşlany bilenem oňman, meýdiň göbeginden myh kakyp, ýere çüýläpdir. Ertesi gün bu wejeralyga gözi düşen ötegçiler: -Toba, toba! Öňki kepen ogrusy bende her niçigem bolsa ýagşy adam ekeni. Jesetleň diňe mazar eşigini soýmak bilen çäklenýärdi. Indiki haramzada bolsa, ölini soýan-a, soýany welin, ony şu halda masgara edibem taşlap gidýär!-diýşip, ýakalaryna tüýküripdirler. *** Sylapberdi Muhamowyň kitapçy.ru saýtynda goýlan “Sadaka” atly hekaýasyny okadym. Manyly hekaýa. Hekaýa epigraf deregine ulanylan allegoriýa hasam duýguly eken. Nireden okanym-a ýadyma düşmeýär welin, bir tymsal bardy şo hekaýaň waka ýordumyna (sýužetine) meňzeş: Bir günähi agdyk bende ýagşyzada pirden sorapmyş: -Eý Hakyň halan gojasy, özüm bilýän, meň günäm köp! O dünýä baranymda men Gylsyratdan nädip geçerin? Ýagşyzada jogap beripmiş: -Sadaka beren malyň üstüne münüp... Pygamberimiz Muhammmet Alaýhyssalamyň bir hadysy bar: “Mömin doganyňyzyň ýüzüne ýylgyryp bakmagam bir sadakadyr” diýip. Bu hadys nähilidir birhili ýeňillik emele getirýä – diýmek, her niçigem bolsa, adamlary azajyk ýylgyrtjak bolmak bihuda etmiş dä bolýandan bolýa... *** Kitapçy saýtynda Sylapberdi Muhamowyň “Güljahanyň soňky güni” atly hekaýasyny okadym. Ilki birnäçe ýigit tarapyndan aldanyp, harlanyp, zorlanyp, ahyrynam öz höwrüne duşandan soň gutulgysyz keselläp, hassanaha düşýän, sada, türkana gyz – Güljahanyň ömrüniň soňky gününde öz gysgajyk, ýöne juda pajygaly durmuşyny birme-bir ýatlaýşy hakynda. Güljahan-a palatada, hassahanaň daşynda-da onuň iň soňky sataşan çyn höwri Artyk. Agyr eser. Hakyky durmuş. Tejribämde edil şunuň bilen birme-bir (belki mundanam beterdir, “her kime birhili”), agyr ykballary synladym. Birje gezegem şolar barada ýazasym gelmedi. O görgüliler barada okamak kyn. Onsoň ýazmak dagy... Öldürjek-laý. Ýüregiňi gaty ezýär. Naçar görgüli zalym durmuşyň, aýýar durmuşyň öňünde şeýlebir biçäre, şeýlebir goragsyz...soňam durmuşda adamdan azan aýjynlara sataşsak geň galan bolýas: “bular ýaly albassylar nireden döreýärkä?” diýen bolup. Eseriň žanry ýalňyş kesgitlenipdir. Hekaýa däl, powest. Eseriň žanryny kesgitleýän esasy ölçeg birligi göwrüm däl. Gahrymanlar, sýužet, ideýa we ş.m.. Garamaňlaý naçarlar hakda gör näçe eser ýazyldy? Çingiz Aýtmatowyň Jemilesi, Aleksandr Dýuma kiçisiniň Kameliýaly hanymy, Dostoýewskiň Soneçka Marmeladowasy, Tolstoýyň Anna Kareninasy, Tirkiş Jumageldiň Altyny, Orazguly Annaýewiň Jemaly (Lälesi)...ýüzlerçe... Emma, olar henizem garamaňlaý, henizem betbagt... Güljahan – akmajyk, mahawja gyzjagaz däl. “Dört tärimde önüp-ösen” diýilýän, durmuşyň ýalym-ýulumly, aýýar, mekgar adamlarynyň öňünde goragsyzja gyzjagazynyň tipiki ýygnama obrazy. Ykbalynyň her bir detaljygam düşünmekden, soperežewaniýeden ýaňa ýüregiňi elendirýär, ezmiljedýär. Sahnalaň başaşa berilmegem çeper edebiýatyň proza žanrynda öňden ulanylyp gelinýän usulam bolsa, şu eserde tüýs jüpüne düşen tilsim. Okyjyny birsyhly yzygiderlilikden-ä ýadanok, ikinji bir tarapdanam ünsli okamaga imrikdirýär. Güljahanyň süpükler tarapyndan zorlanýan ýerinem, mümkin boldugyndan sypaýylyk bilen berlipdir. Powest tutuşlygyna ynandyryjy. Ynsan tragediýasam hetjiklenenok, ýolugra berilýär. Edil seneýazgysy ýazylýan ýaly. Bir kiçijek ykbalyň seneýazgysy... Şulam bu powestiň ýene-de bir artykmaçlygy. Elbetde käbir sözlemleriniň tagaşygsyzrak sepleşýän ýerleri bar (bu diňe meň gözüme şeýle, awtoryň başgaça görýän bolmagy ähtimal). Ýöne olam hiç, galanja ownuk-uşak kemçilik hasaplap bolaýjak detaljyklaram – esasy zat eseriň akgynlylygy, dartgynlylygy, hakykata doly laýyklygy, diliniň gündelik durmuşylygy ony ýokary hil derejesine çykarýar. Powestdäki aýdylmadyk zatlaram hökman däl. Eger-de zerur bolsa goý okyjyň özi gerek ýerini özünden oýlap tapyp goýubersin. Okyjylara maslahatym bu powesti meşhur fransuz aýdymçy-hanymy Mireý Matýeň “Bir söýgüniň taryhy” (mireille_mathieu_mirej_mate_-_une_histoire_damour) diýen aýdymyna goşup okamaly. Höwri köp bolsun. *** Sylapberdi Muhamowyň “Monolog” atly goşgusyny okadym. Goşgy hakda jinnek ýalam ýüz görmän, gypynç etmän, özümiň şahsy pikirimi aýdaýyn: Ajaýyp şygyr bolupdyr. Tüýs ýürekden çogup çykýan setirler. Okanyňda iniňi jümşüldiden doldurýan sözler. Köp eserleri okanyňda, içiňden: «Wah, şunuň pylan ýeri pylan hili bolaýsady» diýip, iň bolmanda bir ýerjigini düzedesiň, göwnüňe laýyklasyň gelip ahmyr edýäň (Megerem, bu hemme ýazýanlaňam professional keselidir). Gaty çynym bilen aýdýan Sylapberdiň bu şygrynda bolsa, okaýarkam şoň ýaly pikirem, islegem düýbünden döremedi. Goşgyny ikilenjem, üçülenjem okadym. Şuň ýaly üýtgeşik ýazylan zatlaryň duýgusy edil, ejem pahyryň çagalygymda gaty süýji edip bişirip berýän naharlaryny ýadyma salýar. Iýip doýup bolmazdy. «Garnyň doýsa-da gözüň doýmaýar» diýilýär-ä. Megerem bu şygryň şuň ýaly täsirli çykmagyna şahyryň mysapyrçylygynyňam gaty uly täsiri bardyr. (S.Muhamow goşgy ýazylan döwürleri, 2023-nji ýylyň ýanwarynda Russiýa Federasiýasynda eýýäm 2-3 aý bäri işläp, öýünden, ýurdundan aýraçylykda gezip ýördi). Sebäbi bu şygyrdan ten mysapyrçylygynyňam, ruhy mysapyrçylygyňam, paýhas mysapyrçylygynyňam «hoşboý gussaly ysy» kükäp dur. Galamyna bereket! Öňünden yzy gür gelsin. Fonwizin atly 19-njy asyryň rus klassygy, dramaturgy özüniň adybelli «Gögele» (Недоросль) atly pýesasyny ýazyp, sahnada ilkinji gezek görkezende, onuň tanşy, şo döwürde adygan ýazyjy knýaz Odoýewskiý premýeradan soň oňa: «Öl dos! Indi şundan gowy ýazyp bilmersiň!» diýipmiş diýen garahenek (черный юмор) edebiýat hekaýatjygy bar. Men Sylapberdä oýun edibem beýle diýmekçi bolamok. Hudaý saklasyn, estagpurulla, ömri uzak, görjegi gowy bolsun. Ýöne diňe şuň ýaly şygryň ýazylmagam, Sylapberdiň çekýän mysapyrçylygynyň hupbatynyň öwezini dolýarmyka diýýän. *** Ýakynda, Sylapberdi Muhamow täze ýazyp başlan “Rus sergezdany” atly esse eseriniň ilkinji böleklerini e-mailden okamaga iberipdir. Okap bolup, oňa şu aşakdaky jogaby ýazdym: “Täze essäň ýarady. Ýöne howlukmaçdan, howul-hara ýazanyň bildirýär. Emma göwnüňe gelşiçe, taraşlaman ýaz. Soň, nesip bolsa eliň giňär, göwnüň giňär, janyň aram tapar… syntgylar ýörersiň, esasy zat ilkinji täsirleriňi ýazga öwrüp alyp galmak. Ruslarda bir düşünje bar: «Первое впечатление два раза не произведёшь». Şonuň ýaly özüňe durmuşyň ýetiren ilkinji täsirinem ýadyňda saklap galsaňam, barybir ikinji sapar şol birinjiň ýaly güýçli duýup, başdan geçirip bolmaýar. Ony ur-tut ýazga geçirseň welin, soň ony diňe has owadanlap, sünnäläýmek galýar. Essäň hakda pikirlerim: 1. Ady — «Rus sergezdany» däl-de «Awara», «Mysapyr» ýa-da «Hijran» bolsa nähili bolar? (Her niçigem bolsa, çeper edebiýät diýilýäni ilki bilen gep owadanlamakdan, owadan (nepis, gözel) söz bilen adaty, hemmä belli zady aýdyp ýürege, beýnä, göwne ýetmekden ybaratmyka diýýän. Ýöne elbetde: «dinozawr ekgäň özi ýahşy biledi :-)»); 2. Essäň mazmuny diňe awtor-gahrymanyň täk özüne dahylly oýlanmalary, duýgulary beýan etmek bilen çäklenmän, subýektiwlikden obýektiwlige, şahsy «özlükden, menlikden», umumy «bizlige, sizlige, senlige» ýazsa, okyjylar üçin has gerekli, gyzykly, ýiti bolarmyka diýýän. Mysal üçin: awtor-gahrymanyň ejesiniň ýarawsyzlygy hakyndaky sözlemden soň, enäniň gymmaty, adamzat ählinde enäniň orny ähmiýeti hakda gygsajyk oýlanma ýöredilse, özem ýazyla-ýazyla lenji çykan «enedir-ene» we ş.m. aňlatmalar däl-de, öň diýilmedik pikirler, diýilmedik duýgular beýan edilse. Edil şol ýerde-de enäniň hamraklygy hem zalymlygy hakynda durmuşdan aýry-aýry iki sany wakajyk gysga ýazylsa ýa-da öň ýazylmadyk ýa-da seýrek aýdylan rowaýatyň, ertekiň mazmuny getirilse. Mysal üçin, belorus ýazyjysy, Nobel baýragynyň laurety Swetlana Aleksiýewiçiň bir eserinde, Beýik Watançylyk Urşy ýyllarynda, tokaýda, faşistlerden gizlenip ýören aýal-ebtatlar hakda gürrüň berlende, gije bir gyzjagazyň beýleräginde ýatan başga bir gyzjagazyň öz ejesine pyşyrdap ýalbaryşy gürrüň berilýär. Şol gyzjagaz ejesine ýalbarýar: «Ejejan, sen meni jigimi batgada gark edip öldürişiň ýaly gark etme! Bolýamy? Men senden: «ajygýan, iýmäge zat ber» diýip, dilenmerinem, aglap ýüregiňe-de düşmerin»… Ýa-da Leningrad gabawynda, bir erkek kişi goňşularynyň çagajygyndan öz çagalaryna çorba bişirýär-de, iýdirýär. Soňam özi duz datman gidýär-de, komendaturada öz eden işi barada özi habar berip, özüni atdyrýar... Umuman, umumadamzat taryhynda, islendik zat barada ýagşy-ýaman haýykdyryjy hadysalar juda köp. 3. Edil şu ene bilen bagly interlýudiýany ýa-da wstawkany goşuşyň ýaly, aeroportdaky awtor-gahrymana jogap bermegem özüne kiçilik bilip, lalyny açyp, tersine dönýän adam hakdaky epizodam, ynsan ksenofobiýasy hakda oýlanmalar hem wakajyk we anyk netijeler bilen, şahsylykdan umumylyk derejesine geçirip bolarmyka diýýän. Elbetde, çeper eserleriň hemmesi ideologiýa gymmatlygyny özünde saklamagy özüne hökmany borç diýip bilmeli däl. Ýöne bir özüňi däl-de, hemmeleri gyzyklandyrýan zatlary agzamak, şolar hakda gyzykly pikir ýöretmek, okyjy bilen has içgin «gümür-ýamyr etmeklige» mümkinçilik döredýärmikä diýýän. 4. Ýene-de, essede awtor-gahrymany garşy alýan, oňa sataşýan «ýat durmuş» gereginden artyk «garyp» suratlandyrylýar. Elbetde awtor şekillendirmede «galanyny özüň oýlap tapyber» diýen manyda okyja kän zatlary galdyrsa gowy. Ýöne, «hemme zadyň çeni ýagşy» diýlişi ýaly, bu essäniň baş temasynyň «bigäne dünýädigini» ýatda saklap, şol «keseki durmuş» okyjynyň göz öňüne has doly geler ýaly ownuk, gyzykly, täsirli detallary tekstde köpeltmelimikä diýýän. Umuman, Sylapberdi, höwri köp bolsun! Meniňk-ä bir, häki, owal-a garadere batyp «ýer depýäniň» gapdalynda, ýumşak topura omzuny taşlap, dokmäde «çigit çakýanyň» mesaýy «hähini» ýetiren bolmasydyr. Onsoňam, seniň ýazýan zadyň meniň pikirimçe has «gowulanmagy» üçin «hümmüldän» bolmagymdyr :-). Yzyny hökman dowam etdir. «Roman-esse» diýen žanr bar ahyry. Geçmiş, şu gün, geljek, oýun we çyn, taryh, pelsepe we ýöntemlik, hakykatyň gözlegi, ynam we müňkürlik, umyt hem lapykeçlik… Ýaman kän zat salyp bilersiň. Özem meniň pikirimç-ä, iň şüwlümli ýazylýan, iň aňsat ýazylýan žanrlaryň biri şol žanr. Sebäbi adam üçin gep owadanlaman, sýužet liniýasyny saklajak bolman, hut şahsy özjan özjagaşy hakda ýazmakdan gyzykly zat ýok. Ynsan häsiýetiniň, psihikasynyň hut şu mahsuslygyndan peýdalanybam, roman-essäni çalt ýazyp bolarmyka diýýän. Mysal üçin: Stanogyň başynda işläp duranyňy suratlandyrdyň — gysgajyk, 10-15 sözlem. Birdenkä kelläňe ýazyjylaryň biri hakynda pikir geldi. Ol barada oýlanyp başladyň-da, oýlanmaňy beýan etdiň. Gysgajyk — 20-30 sözlem. Onuň ömri hakda bilinmeýän, ýöne eşiden gybatyňam bolsa, soňam onuň döredijiligi barada hut şahsy öz pikiriňi ötgür, ýiti, wäşiýana jümleler bilen «suňşuryp-ýazdyň». Bolany. Onsoň ýene-de iş edip dursuň. Indi stanogyň barada wäşi, gülküli oýlandyň 3-4 sözlem. Adamzat siwilizasiýasynyň şu günki derejä ýetmegine ýaltalyk sebäp bolandygy hakda oýlanyp ugradyň. Sebäbi adam mümkin boldugyndan işlemän, ýatyp iýjek bolup şu giden enjamlary oýlap tapýar-a. Şeýdibem ol öz ýaltalygynyň guluna öwrülip gidip bar. Ýaltalyk oňa zähmet çekdirýär. Garaz ş.m. Soň ýene-de bir zat ýadyňa düşdi, çagalygyňdan, şu stanoklar ýa-da enjamlar ýa-da maşynlar bilen bagly bir gülkünç ýa-da pajygaly waka. Beýan etdiň. Derrewem şol wakany hekaýa etseňem gelişmän durmajakdygy hakynda pikir geldi. Onsoň bu pikirleriň umumy edebiýat, onuň adamzadyň durmuşyndaky ähmiýeti hakda oýlanmalara ýazyp gitdi. Original, aforistiçnyý jümleler bilen edebiýat we onuň ähmiýeti barada 10-15 sözlemlik oýlanmany beýan etdiň. Şol ýerde-de edebiýatyň ähmiýeti hakda anekdot ýazdyň ýa-da durmuşda haýsydyr bir ýazyjyň, alymyň şol barada aýdan gülkünç, henekli sözlerini ýazdyň. Onsoň ýene-de… Şeýdip aralaşdyryp, öz kalbyňy, ýatlamalaryňy, aňyňy, dünýägaraýşyňy, ynançlaryňy, ahmyrlaryňy sökeläp, olary ýumordyr-satira we çynlakaý agraslyga dolap-çolap, gidibermeli, gidibermeli… roman-essäň göwrümi «GÖWRÜM-ÄÝ-OW, BÜ-ÝÄ!» diýdirýänçä :-). 14.06.2023ý.”. | |
|
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
√ Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024 |
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 4 | ||||
| ||||