SYMRUG GUŞUÑ HEÝKELI
Çaga wagtymyz ýaz çykanda garlawaçlar oba gelende enem dagynyñ öwredişi ýaly, ilkinji görlen garlawajymyza ''Symrug guş, mamam sagmy, oña salam aýt!'' diýýärdik. Şol döwürde bize düşündirişlerine görä, Symrug guş äpet guş bolup, ähli guşlaryñ enesimiş. Gyşlamaga giden guşlar hem gyş şonuñ ganatynyñ aşagynda ýatýarmyş. Mundan başga-da, ertekilerde Symrug guşuñ adamlara edýän ýagşylygyny hem kän okapdyk.
Ýöne arada Jelaleddin Rumynyñ günleri geçirilen ýerde bir alym ''Rumy özüni söýýän halklaryñ hemmesiniñ şahyry'' diýip, şu tymsaly aýdyp berdi.
Dünýä guşlary üýşüp ''Pylan ýerde symrug guş barmyş, ýörüñ görmäge gideliñ'', diýip, şol ýurda kimsi ýadap ota-çöpe siñip, kimsem gökden ýere patlap gaçyp galypdyr. Şeýdip azalyp-azalyp otuz guş Symrugyñ ýanyna gelipdir. Görseler, otuz guşuñ haýsysy seretse Symrug şoña meñzeşmiş, bürgüt seretse-bürgüde, garlawaç seretse garlawaja, garaz, otuz guşuñ haýsysy seretse şoña meñzeşmiş.
Guşlar lapykeç bolup, Symrugdan soraýarlar:
ㅡ Bu nähili beýle, biz seni görjek bolup, uzak-uzak ýollar sökdük. Birnäçämiz ýolda öldi, birnäçesi ýaraman galdy, gelip görsek hem sen biziñ herimiziñ özümize meñzeş ㅡ diýipdir.
Symrug guş:
ㅡ Allatagala Zemini asman ýyldyzlarynyñ ählisini alyp ýaradyşy ýaly, meni hem dünýä guşlarynyñ ählisini alyp ýaratdy. Şonuñ üçin haýsy guş maña seretse özüni görýär. Men hemmäñiziñ guşuñyz - diýipdir.
Oguljemal ÇARYÝEWA.
''Türkmen dünýäsi'' gazeti, mart, 2008.
Halk döredijiligi we rowaýatlar