14:21 Syrly toslamalaryñ pidalary: Gaçmaklyk | |
▶ 7: GAÇMAKLYK
Taryhy makalalar
Üsti örtülgi paýtun gijäniñ bir wagty sessiz-üýnsüz tigirlenip gelip Köşi obasynyñ garalyp görünýän üzümçiliginiñ gapdalynda durdy. Egni gara paltoly adam bu ýerde uzak wagtlap dekabryñ süññüñi gagşadyp barýan çapgynly şemalyna döz gelip garaşyp duranam bolsa, birden sessiz-üýnsüz gelip duran paýtuny görüp gyrymsy tut agaçlarynyñ arasynda gizlendi. Ol çommalyp oturan ýerinden çyralary ýylpyldap görünýän Aşgabat tarapdan ýuwaşlyk bilen gelen paýtuna seredýärdi. Iki at goşulan paýtun gereklenmedik wagt ýagýan gar perdesiniñ añyrsynda garalyp görünýärdi. Aradan birnäçe minut geçdi. Ýoldan tigirleri ýaglanmadyk araba jygyldap, şakyrdap ala-zenzele turzup geçip gitdi. Çommalyp oturan adam şondan soñ paýtunyñ näme üçin sessiz gelendigine düşündi. Atlaryñ aýaklaryna keçe dolanyp, paýtunyñ tigirleri we ressorlary ýaglanypdy. Bukulyp oturan adam bagta töwekgellik edip ýerinden turdy-da, atlary ürküzäýmäýin diýen howatyrlyk bilen paýtuna tarap ugrady. Paýtunyñ üstünde telpekli bir kelle göründi. Ol paýtunçy Wahabdy. - Allaha şükür, duşup bilmezmikäm diýip alada etdim - diýip, ol kürt diline çalgyrt äheñde gürledi. Gelen adam nägilelik bilen: - Meni tas sowuk alypdy - diýip, paýtunyñ basgançagyna mündi. - Orazmämmet aga, meni bagyşla. Şäheriñ içinde birki öwrüm etmeli boldum. Gepeuçylar yzyma düşýän bolaýmasyn diýip howatyr etdim - diýip, ol ýagdaýy düşündirdi. - Şeýle köp pul berilýäni üçin biraz irräk geläýseñem boljak ahyryn. - Siz parslara geçersiñiz, olar sizi tapyp bilmezler. Eger olar ysyrganyp bu işe meniñ galtaşygymyñ bardygynu biläýseler, gepeuçylar biz ýalylary sorag-ideg hem etmän... - Nireden bilsin diýýäñmi? Siz iññe däl ahyryn. Siz Sowetleriñ tanymal adamy, uly naçalnik bolduñyz, sud bolduñyz... Yzlaberseler biziñ hem üstümizden barmaklary ahmaldyr. Onsoñ ol siziñ berýän 200 manadyñyz meniñ başymy gutaryp bilmez. Onsoñam çekistler para almaýarmyşlar - diýip, Wahab hüñürdedi. Orazmämmet Wafaýew paýtunda ornaşykly oturandan soñ paýtunçy häliden bäri gymyldaman duran atlaryny gyssap başlady. Sähel salamdan atlar ýüzlerini garyñ sowurýan tarapyna tutup, ýoly külterläp ugradylar. Aradan iki-üç sagat geçenden soñ paýtun Pöwrize bilen Çüli ýolunyñ çatrygynda saklandy. Olary Aýmämmet kürt garşy aldy. Ol serhetden adam geçirmäge ussat adamdy, bu ýerleri edil bäş barmagy ýaly bilensoñ, ol serhediñ saklanmaýan ýerlerinem, oña alyp barýan gizlin ýodalaram bilýärdi. Şol garly gijäniñ ertesi irden Orazmämmet Wafaýew serhediñ añry tarapyndan kiçijik şähere alyp barýan ýol bilen ýöräp barýardy. Ol bu ýerleri henize çenli ýekeje gezek görmedik bolsa-da, okan zatlary, belet adamlaryñ beren gürrüñleri esasynda baş çykarýardy. Ol gaýry ýurda geçip heniz endamyna dynç bermäge ýetişmänkä ýurduny, öýüni, aýaly Annagüli, ogullaryny, gyzlaryny ýatlap ýüregi gysyp başlady. Şol bada-da öz-özüne göwünlik berýärdi: onuñ dostlary ýakyn wagtda onuñ maşgalasyny hem bu ýere geçirjekdiklerine wada beripdiler ahyryn. Gadymy däp-dessurlar saklanylyp gelinýän bu şäherjigiñ geçmişi uly bolsa-da, ýaramaz darajyk köçeleri egrem-bugramdy, jaýlary könedi, ebtini agdyryp gyşaryşyp duranlary hem köpdi. Ýöne welin bu şäherjigiñ naçalnigi - nazmiýasy murtlak Resul agaýy diýseñ özüne göwni ýetýän adamdy. Onuñ garynlak göwresini, geçiniñ şahy ýaly murtuny, gopbam sypatyny göreniñde Tähranyñ gubernatorlaram wiýtjik bolup görünjekdi. Ilki bada ol rehim-şepagatly adam ýaly Orazmämmetden ýürek edip, serhetden nähili geçenligi barada soraşdyrdy, soñundan bolsa, onuñ öñünde galam bilen kagyz goýup, üsti syýa çüýşeli stoluñ başyna geçmegi yşarat etdi-de: - Ýaz! Özüñ hakda ýaz! - diýip buýruk berdi. Wafaýew özi barada hiç zat gizlemän ýazyp berdi. Onda gizlär ýaly zadam ýokdy. Onuñ durmuş ýoly rehimdar adamlarda mähremlik, daşýürek adamlarda-da hormat-sylag duýgusyny döredip biljekdi. Ol wagtlar Orazmämmet Wafaýew 44 ýaşyny dolduryp 45-ine gidipdi. Ol Kaspi deñziniñ kenaryndaky Gyzylsuw diýen çopan maşgalasynda dünýä inipdi. Onuñ asly türkmenleriñ gökleñ taýpasynyñ şyhlar tiresinden bolup, kakasynu alamana gelenler tutup alyp gidipdiler hem-de ony türkmen sährasynda çarwaçylyk bilen meşgul bolýan Şyhym baý diýen bir baýa satypdylar. Ony satyn alyp yzyna dolap getirmäge pullary bolmansoñ, ol şol ýerde baýyñ malynyñ yzynda aradan çykypdy. Orazmämmet atasyz kemala gelipdi, bäş ýaşyna ýetende, şol töwerekde bello halyçy hasaplanýan ejesi ony medresä okuwa beripdi. Ol okuwyny gutarandan soñ Buhara gidip, Ybraýym ahunyñ medresesine okuwa giripdi, bu ýerde iki ýyl okandan soñ çelekenli söwdagär Seýithoja Bekiýewiñ harajat kömegini bermegi netijesinde Osmanly konsulynyñ hemaýaty bilen gizlinlikde asly gelip çykyşy türk diýen dokument alyp, şol konsulyñ beren pul serişdesi bilen Ankara barypdy. Türkiýede ony "Türk ojagynyñ" baştutany Subhi beý gadyrly garşy alyp, oña soltanlyk mekdebine - orta bilim berýän mekdebe girmäge kömek edipdi. Orazmämmet ol ýerde dört ýyl okandan soñ Stambul uniwerstitetiniñ (şol wagtky Darulfünun - t.b.) ýuridiki fakultetine okuwa giripdi. Birinji jahan urşunyñ dowam edýän mahallary Orazmämmet uniwersiteti tamamlapdy. Germaniýa Antanta ýurtlarynyñ garşysyna uruş alyp barýardy. Osmanly döwleti bolsa bu uruşda Germaniýanyñ soýuzdaşydy. Oktýabr rewolýusiýasyndan soñ türkler general Nury Paşanyñ komandirlik edýän goşunyny Bakuwa eltipdi. Şol döwürde Osmanly komandowaniýesi Orazmämmet Wafaýewe ofiserlik derejesini berip, Orta Aziýadan gelip bile okan öz deñ-duşlarynyñ on sanysy bilen bilelikde Bakuwdaky Osmanly ştabynyñ ygtyýaryna iberipdi. Ol ştabyñ garamagynda Türküstan bölümi diýen bir bölüm bardy, ol bölüme-de Salman Mumtaz ýolbaşçylyk edýärdi. 1918-nji ýylyñ ortalarynda O.Wafaýew Osmanly komandowaniýesiniñ tabşyrygy bilen Türkmenistana ugradylypdy. Ol ýany bilen alyp gelýän gizlim hatyna bolsa milli hereket bilen ýakyn gatnaşykda bolup, akgwardiýaçylar hem-de iñlis goşunlary bilen arkalaşykly iş alyp barýan uly wezipeli Oraz Serdara, Seýitmyrat Öwezbaýewe ýa-da Hoja Geldä gowşurmalydygyny tabşyrypdylar. Elbetde, ol iberilen gizlin hatda iñlislerem, menşewikler bilen akgwardiýaçy es-erlerem halanmaýardy. Orazmämmet bu ýerde az wagtyñ içinde umumy ýagdaý hem-de milli meýilli toparlaryñ ýagdaýy bilen tanşanyndan soñ gizlin haty S.Öwezbaýewe gowşurmagy makul bilipdi. S.Öwezbaýew O.Wafaýewi oñat garşy alyp, onuñ gürrüñini diñledi, hatyna jogap almak üçin ýene üç günden gelmegini haýyş etdi. Üç günden soñ S.Öwezbaýew oña jogap hatyny gowşurandan soñ, özüniñ pikirdeş ýoldaşlarynyñ türkleriñ teklip edýän ugruny-ýoluny makullaýandyklaryny hem-de mähriban ene toprakdan gelmişekleri çykaryp kowup, milli döwlet gurmak üçin ellerinden gelen ähli güýçleri gaýgyrmajaklaryny aýdypdy. Wafaýew bilen hoşlaşan mahalynda bolsa, ol Oraz Serdara ýüzem tutmaly däldigini, hatam görkezmeli däldigini berk tabşyrypdy. Ol Oraz Serdara baha berende: "Ol iñlisleriñ wepadar guludyr. Eger ol biläýse, iñlisler meni atyp öldürmegi hiç zatça-da bilmez"[1] diýipdi. 1956-njy ýylda Dessegül Ýomudskaýa şeýle maglumat beripdi: "Wafaýew osmanly ofiseriniñ eşiginde Çelekene gelip Nikolaý Ýomudskä Osmanly komandowaniýesi bilen aragatnaşykda bolup, türkmen ilatynyñ arasynda düşündiriş işlerini geçirmegi hem-de olaruñ ganybir musulman döwletine birikmegini gazanmagy teklip edipdi. Meniñ atam bu teklibi kabul etmedi".[2] Krasnowodskä ugramaga hyýallanan mahaly Osmanly goşunlary Bakuwdan mejbury çykyp öz ýurtlaryna gidipdiler. Onsoñ ol hem Gyzylsuwa baryp öz süýtdeş dogany Annamämmediñ öýünde ornaşypdy. Iñlis goşunlary hem Zakaspini taşlap gidipdiler. Akgwardiýaçylar hökümetiniñ ornuna Sowet häkimligi gelipdi. Täze gelen häkimiýete hatly-sowatly adamlar derwaýys gerekdi. Wafaýew ilki oba mekdebinde mugallym, soñra bolsa Krasnowodskide halk sudy bolup işleýär, şol döwürde-de kommunistik partiýanyñ agzalygyna kandidat bolýar. 1923-nji ýylda ony Aşgabat okrug sudunyñ başlygy wezipesine belleýärler, aradan köp wagt geçmänkä bolsa, ony şol wezipe bilen Daşhowza geçirýärler. Wafaýew jogapkär wezipelerde işleýän hem bolsa, öz dost-ýarlarynyñ arasynda-da, partiýa ýygnaklarynda-da her bir mesele babatda öz garaýşyny çekinmän aýdýardy, gündelik metbugatda hem "Balykçy" lakamy bilen çykyş edýärdi. 20-nji ýyllarda, ýagny milli bölünişigiñ öñ ýanynda hem-de biraz soñ ýanynda Türkmenistanda diýseñ asudalyk bolupdy. Ol gysgajyk pursada altyn pursat diýseñem boljakdy. Ol pursatda dil azatlygy, erkinlik ýazylyp-ýaýrapdy. Adamlar öz pikirlerini gypynç etmän aýdýardylar, aýdylýan pikirler resmi pikir bilen çapraz gelse-de, süýreklenip ýörlenokdy. Ýöne ol pursat uzaga çekmändi. Partiýanyñ Merkezi Komiteti Staliniñ ýolbaşçylygy astynda dowam edýän düzgüni has berkidip, wagtal-wagtal partiýanyñ hataryny we jemgyýetiñ gatlaklaryny "arassalamak" işine girişipdi, ol partiýadaky, halkyñ arasyndaky, merkezdäki we ýerlerdäki oppozision toparlara jeza berýärdi. Özbaşdak pikir etmäge ukyply adamlary ýok edýärdi. Dowam edýän düzgüne tankydy dil ýetiren her bir adama milletçi ýa-da milli duşmançylyk garaýşyny ýaýradyjy, oppozisiýanyñ tarapdary ýa-da rewolýusiýa garşy diýlip, partiýadan çykarylyp işden kowulýardy, soñundanam türmä basylýardy ýa-da uzak ýurtlara ugradylýardy... Şol altyn pursat dowam edýän wagtynda O.Wafaýew özi bilen pikirdeş türkmen intelligentleriniñ aýdýanlaryny goldap, respublikada halka bilim bermek syýasatynyñ alnyp barlyşyny tankytlaýardy. Sebäbi respublikada açylýan türkmen mekdepleriniñ sany rus mekdepleriniñ sanyndan azdy. Orta Aziýanyñ okuw jaýlarynda ýerli milletlerden okaýanlaryñ sany örän azdy. Bu babatda şeýle diýilýärdi: "Sowetler döwletiniñ häzirki gurluş ýagdaýnda Türkmenistan ösüp bilmez, sebäbi syýasy hem-de ykdysady meseleleriñ hemmesi merkeze garaşly bolup durýar. Merkez bolsa türkmen halkynyñ göwün islegini berk gysyp çäklendirýärdi. Halk köpçüligi häzirki dowam edýän döwlet gurluşyny hem-de onuñ alyp barýan syýasatyny halanok. Sowet häkimiýetiniñ Türkmenistanda häzirki wagt dowam edýän formasy uzak wagtlap dowam edip bilmez, ol türkmen milletçileriniñ aktiw çykyş etmekleriniñ täsiri esasynda dargap gider..." Emma sowetleriñ döwlet gurluşy "milletçi türkmenleriñ" tagallasy bilen dargamandy, sowetleriñ döwlet gurluşy häkimligiñ başynda duran ýekeje adamyñ emri bilen duw-dagyn bolupdy. Ol adam bu ýerde, Türkmenistanda oturan adam däldi-de Russiýada, Merkezde oturan adamdy. Onuñ döwleti duw-dagyn etmegine bolsa, Belowesde edilen gürrüñler nokat goýupdy. Onuñ beýle bolmagy oñatmy ýa erbetmi - ol başga mesele, biz bu wagt ol barada söhbet açamzok. O.Wafaýew türkmen intelligentlerine baha berende ýalñyşlyk goýberipdi. Ol intelligentleriñ aktiw hereketleriniñ täsiri esasynda Sowet häkimiýet dargar diýip çak edýärdi. Emma onuñ ol eden çaky dogry çykmandy, bu-da elbetde, intelligentleriñ entek aýaklary oñat ýer tutmanka özleriniñ dargadylandygy sebäpli bolan bolmagy ahmaldy. Orazmämmet Wafaýew yslam dinine uly hormat goýýardy, sebäbi ol ýaş wagtlary birnäçe dini medreselerde okapdy, dini terbiýäni alypdy. Türkiýede okap alan bilimleren onda oñat täsir galdyrypdy. Kommunistik partiýanyñ syýasatynda dine ynanmaga, dini däp-dessurlary berjaý etmäge doly ygtyýar berilýändigi barada aýdylýan hem bolsa, hakykatda dine uýýanlar yzarlanýardy, metjitler, medreseler ýapylýardy, diñe dini baýramlary däl, hatda umumy halk baýramlaryny hem bellemek gadagan edilýärdi. O.Wafaýew partiýanyñ dil ujundan bir zat diýip, hakykatda onuñ tersine edýändigine çürt-kesik garşy çykyp, aýgytly göreş alyp barýardy. Bu barada ol: "Her bir jemgyýetde dine hormatlg orun berilmelidir. Ýaşlar dini hem milli ruhda terbiýelenmelidir... Dünýäniñ ýüzünde öz dini bolmadyk ýekeje halkam ýokdur. Din adamyñ iñ oñat taraplarynyñ, häsiýetleriniñ saklanmagyna hem-de onuñ ösmegine hemaýat berýändir. Dini ýok etmek, adamyñ iñ oñat häsiýetlerini ýok etmekdir"[3] diýýärdi. Onuñ din barada aýdýan zatlarynyñ ählisine dogry diýip bolmaz. Ýöne diniñ umumyadamzat medeniýetiniñ kämilleşmeginde we ösmeginde uly rol oýnaýandygyna welin däl diýip bolmaz. Her niçigem bolsa, Wafaýew diniñ tutýan orny, ähmiýeti barada biraz artykmajyrak baha berýärdi. Elbetde, ol bu babatda öz pikirini aýdýar, ol şol pikire-de uýýar, gulluk edýär, her bir ösen jemgyýetde her bir adamyñ öz pikirini aýtmaga haky bat ahyryn. Ýöne onuñ pikirine ten beren tapylmaýardy. Wafaýewiñ pikiri bilen ylalaşýan adamlar hem edil agyzlaryna suw alan ýaly seslerini çykaryp bilenokdylar, wezipeli adamlar bolsa, ol pikirden jenaýat ysy añkap dur diýip hasap edýärdiler. Şol döwürde partiýa organlary sowet organlarynyñ egninden basyp, ýuwaş-ýuwaşdan olaryñ depesine çykyp başlapdy, aradan köp wagt geçmänkä-de dolandyryş jylawyny öz eline alypdy. O.Wafaýewiñ din baradaky batyrgaý çykyşlary Türkmenistan Kommunistik (bolşewikler) Partiýasynyñ Merkezi Komitetinde hem topalañ turmagyna sebäp bolupdy. Merkezi Komitetiñ sekretary Halmyrat Sähetmyradow Wafaýewiñ garşysyna ençeme makalalar gurap, olary respublikan metbugatda çap etdiripdi. Ol makalalarda Wafaýewe tarap oklanylýan töhmet daşlarynyñ sany-sajagy ýokdy. Ony "pantürkçilikde", "milletçilikde", "partiýanyñ hataryna säwlikde sokulmakda" aýyplaýardylar, ony ýuridiki biliminiñ ýokdugyny, hiç wagt ýuridiki fakulteti gutarmandygy, Gurhandan başga bilýän zadynyñ ýokdugy, din barada wagyz-nesihat ýaýradyp ýören bir närsedigi barada aýdýardylar. Görkezme esasynda ýörite ýazylan makalalarda onuñ şahsyýetine-de dil ýetirilýärdi, oña myjabat bary atylýardy, ol ahlak taýdan arassa jemgyýet barada aýtsa-da, hut şol ýörelgelere garşy çykyş edýändigi barada töhmet atýardylar. Töhmetler diñe olar bilen hem çäklenmeýärdi. Bu turan topalañ paýawlap-paýawlamanka Wafaýewi partiýanyñ hataryndan çykaryp wezipesinden boşadypdylar. Şondan soñ ähli ýerde bolşy ýaly, onuñ ençeme emeli dost-ýarlary ondan ýüz öwrüpdi, bile işleşen ýoldaşlarynyñ aç-açan gatnawy kesilipdi, hat-da ozallar onuñ bilen salamlaşmagy özüne mertebe saýýan adamlar hem indi ony görmedik bolýardylar. Gepiñ tümmek ýeri, onuñ töweregi çolaryp, ýeke özi somalyp galypdy. O.Wafaýew partiýa organlarynyñ ýolbaşçylary bilen düşünişjek bolup synanyşypdy, ýöne ony kabul eden adam bolmady. Öz garşysyna subýektiw äheñde ýazylan makalalaryñ garşysyna çykyş etjek bolupdy, emma onuñ ýazyp elten makalalaryñ birinem metbugatda goýbermändirler. Gepiñ keltesi, onuñ baran gapysy ýapylýardy, ýöreýän ýoly gömülýärdi. Belki, öñe çykyp gürleýän adamlaryñ aýtjak sözleri diñlenmän, agyzlaryna torba geýdirilip, üstlerinden hem poh-yrryh dökülip başlan döwür ýetip gelendir. Adamlara erkinlik, ýazylganlyk beren "altyn pursatyñ" ömri ötüpdi. Häkimiýet başynda bolan adamlar diýjek zatlaryny diýip, beýleki adamlaryñ öñüne germew çekilip ugrapdy, bu ýagdaý bolsa totalitar düzgüniñ günsaýyn güýji artyp, türmeleriñ we lagerleriñ derwezeleriniñ açylmagyna tarap alyp barýardy. Paltasy daşa degen Wafaýew daşyna aýlanyp başlan kerebi duýýardy, töhmet suwy berlen materiallaryñ bolsa, onuñ tussag ediljekdigini habar berýän buşlukçylardygyny bilýärdi. Onsoñ ol ýurdy taşlap gaçmagy niýetine düwüpdi. Aýaly hem onuñ bu pikirini makul bilipdi, aradan biraz wagt geçenden soñ onuñ hem çagalary bilen parslara tarap geçjekdigini aýdypdy. Şeýdibem Wafaýew daşary ýurda gaçyp gidipdi. _______________________________ [1] Şol ýerde, t 3, sah 49; [2] Şol ýerde, t 12, sah 173; [3] Şol ýerde, t 4, sah 211-212; | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |