14:15 Syrly toslamalaryñ pidalary: Ministriñ garşysyna toplanan materiallar | |
▶ 6: MINISTRIÑ GARŞYSYNA TOPLANAN MATERIALLAR
Taryhy makalalar
Demirden kebşirlenip ýasalan iki gat krowatlar agaçdan salnan süýnmek jaýyñ iki böwrüni syryp añrybaşyna çenli dowam edýärdi. Arasyndaky boş ýerde aýaklary burmaly çüýler bilen berkidilen tagaşyksyz äpet stoluñ başynda ýigrimi töweregi tussag edilen adam üýşüp otyrdy. Olaryñ arasynda iki sanysy küşt oýnuna başlajak bolýardy. Küşdüñ ähli zady elde ýasalandy. Karel berýozasyndan ussatlyk bilen ýasalan küşt çöplerine haýran galaýmalydy. Ol gün Birinji Maý baýramçylygynyñ dabaraly günüdi. Potologyñ aşak ýanyndan asylhy duran gara tegelek jygyrdap duran reproduktordan şowhunly marş sazy ýañlanýardy, göçgünli gutlag sözleri eşidilýärdi. Käwagt bolsa Gyzyl meýdançadan reportaž alyp barýan žurnalistiñ sesi giden mähelläniñ birden "Ura!" diýip, gygyrýan batly sesleriniñ içinde ýitip gidýärdi. Wagtal-wagtal Staliniñ hem-de mähriban Sowet hökümetiniñ adyna aýdylýan çenden aşa batly sesler ähli şowhun-şüweleñiñ üstüni basýardy. Tussagdakylar radio gulak asyp, penjiräniñ daş ýüzünden degşir-degşir çekilen çitenekli simlere gussaly seredýärdiler. Añyrda görünýän wyşkalarda bolsa, iki ýana gatnaýan sakçynyñ tutuksy göwresi görünýärdi. Başga bir ýerlerde daşy sakçysyz, çitenekli simsiz azatlykda, erkinlikde ýaşaýan adamlar öz eziz maşgalasy, dost-ýarlary bilen oturyp çakyr içýändir diýilse ynanar ýaly däldi. Isakowo posýologyna çenli uzalyp gidýän Solowki lagerinde hem özboluşly "baýramçylyk" edilýärdi. Tussaglar öýleden soñ işe sürülmändi, olara bir susak şurruk çorba artyk guýlupdy, öñki berilýän çöregiñ üstüne ýene-de ýarym paý goşulypdy. Ol zatlaram diñe lageriñ ýolbaşçylarynyñ käýinjini almadyk, hiç hili dawa-jenjel etmedik hem-de lager gözegçileriniñ depderçelerine atlary ýazylmadyk adamlara berilýärdi. Näme üçindir, ol ýerde syýasy tussaglara gözlerini alardyp seredýärdiler, ýogsa olar işlänlerinde beýlekilerden pes işlänokdylar, özlerem akylly-başly ornaşan adamlardy. Bu gezek gözi äýnekli hortañ syrdym küştçä, lageriñ çempiony diýilýän adama baýramçylyk paýy berilmändi. Sebäbinem onuñ özi bilýärdi. Sebäbi aýratyn bölümiñ ygtyýarly wekili Kasenberg ondan şugulçy bolmagy talap edende boýun towlapdy. Ol özi ýaly betbagt adamlaryñ mundan hem beter betbagtçylyga uçramagyna garşydy. Kasenberg birehimlikde, zalymlykda ýakasyny tanadan adamdy, oña ol ýerde "Ak" diýen lakam hem berlipdi. Bu lakam ýüz keşbiniñ ak bolanlygy sebäpli berlipmi ýa-da onuñ aslynyñ akgwardiýaçylardan bolanlygy üçin berlipmi, ol belli däldi. Ol küştçüden şugulçy bolmagy talap edeninde, küştçi kes-kellämi garşy çykypdy. Emma Kasenberg oña ýalbarmandy. Ýöne ol oña peträp hanasyndan çykjak bolup duran gözlerini dikip: "Soñ ahmyr edersiñ, Öwezbaýew!" - diýipdi. Öwezbaýew sesini çykarman gidenden soñ bolsa, onuñ yzyndan seredip durşuna pikirini dowam edipdi: "-Bütin ömrüñi aklara gulluk etdiñ, indi gyzyllara gulluk edesiñ gelenokmy?! Gözüñde ot ýakylandan soñ süýrenip gelersiñ. Süýrenip gelmäge-de gurbuñ çatmaz ýaly ederin..." Kasenberg bu gün Öwezbaýewi baýramçylyk üleşiginden kesipdi. Seýitmyrat Öwezbaýewiñ tussaglaryñ arasynda abraýy uly bolany üçin olar ony penalaýardylar. Bu gezek oña esli çörek bilen bir tabak nahar getirip beripdiler. Ol diñe küşdi oñat oýnaýanlygy üçin özi ýaly tussaglaryñ ünsüne hem-de hormatyna mynasyp bolmandy. Ol sadady, sowatlydy, adamlar bilen mylakatly gürleşmegi, olara paýhasly maslahatlary bermegi oñarýardy, özleriniñ nädogry tussag edilendikleri barada zeýrenip ýanyp-bişýän adamlara ýokary edaralara arza ýazmaga kömek berýärdi. Öwezbaýew küşt oýnuna tomaşa etmäge höwesli adamlaryñ özüne üns berýändiklerini bilip, küşt çöplerini dikmäge başlapdy. Seýitmyrat ilki koroly dikip: - Korol, seniñ pyýadalaryñ Birinji Maýda nähili baýramçylyk edişine tomaşa et - diýdi. Degişme hökmünde aýdylan bu sözleri birnäçe gulaklar degişme diýip kabul edenem bolsa, käbir "gulaklar" Öwezbaýewiñ aýdan köpmanyly bu sözlerini dolap alyp, olary Kasenberge sowgat hökmünde eltip beripdi. Şol günüñ özünde Kasenbergiñ stolunyñ üstünde goýlan hatda: "Ýoldaş Öwezbaýew küştüñ çöplerini dikýärkä ýañsyly äheñde şeýle diýdi" diýlip, Seýitmyradyñ aýdan sözleri doly gaýtalanýardy, soñundanam bolsa, oña öz pikirini goşup, syýasy tussag Öwezbaýewiñ korol diýen sözüniñ Stalin diýen many berýändigini añladýardy.[1] Ygtyýarly wekil haty okap: "Olar ýalylary diñe gör düzeder" diýip, içini gepletdi. Soñra ony näme edeýin diýse etmäge güýjüniñ ýetýändigine buýsanyp ellerini owkalady, seýfi açyp, Öwezbaýew baradaky beýleki materiallary çykardy. Materiallar saklanylýan papka diýseñ galyñdy. Kasenberg, göýä diýersiñ, gymmat bahaly harydyny satjak bolýan söwdagäriñ ony saldarlap görşi ýaly, ol hem papkanyñ agramynyñ näçeräk boljakdygyny bilmek isleýän ýaly saldarlap gördi. Soñra bolsa onuñ sahypalaryny agtardy. Onuñ hanasynda çykjak bolup mäzerip duran gözleri gizlin işgär "Ş.B"-niñ ilki döwürlerde beren maglumatynda saklandy. Onda şeýle diýilýärdi: "1934-nji ýylyñ 26-njy dekabrynda Isakowo posýologynyñ mal ýatagynyñ ýanynda bir adam bilen Öwezbaýewoñ arasynda Kirow barada gürrüñ boldy. Şonda Öwezbaýew: "Men Kirow baradaky gürrüñleri diñe 1931-nji ýyldan bäri eşidip başladym. Näme üçin ony öldürdilerkä, meniñ pikirimçe, ol şeýlebir tanymal adam bolmaly däl. Mysal üçin Kaganowiç, Molotow, Kalinin ýaly tanymal adamlar bar ahyryn" diýdi. Şol wagt olaryñ gürrüñine tussag Zimniý (ol 58-4-6-7 madda esasynda günäkärlenip, on ýyl berlen) olaryñ ýanyna gelip gürrüñe goşuldy. Soñra bolsa ol, "Zinowýew bilen Kamenewi lagere dyksalar gerek. Eger lagere dyksalar, olary Solowka getirerler, Solowka getirdilermi, onda Isakowo geçirerler, Isakowo geçirenlerinden soñ olar mal ýatagyna gelerler, sebäbi olar hapa zatlary arassalamaga ökdemişler" diýdi. Öwezbaýew bilen ylalaşman olar ýaly adamlary partiýanyñ masgara etmejekdigi barada aýtdy. Emma Zimniý: "Stalin Tomskiý hem-de Troskiý ýaly serdarlaryñ abraýyny goramaga dalaş etdimi, häkimiýet güýjüne daýanyp, olary çetleşdirdi. Onuñ etmejek zady ýokdy. Ol teoriýa taýdan güýçli bolmansoñ öz garşydaşlaryn teoriýa taýdan basyp bilmejegine gözi ýetip, olary fiziki taýdan ýok edýär" diýdi. Şondan soñ Zimniý olaryñ ýanyndan gitdi". Agentiñ beren bu maglumaty Kasenbergiñ kellesinde dürli pikirleriñ peýda bolmagyna sebäp bolupdy... Öwezbaýew Staline töhmet atylýan wagtda oña aýgytly garşylyk görkezmän, gaýta gulagyny gerip ony diñläpdir. Diýmek, ol hem edil Zimniý ýaly tersçil bolmaly... Diýmek, onuñ pikirine ten berýär. Olaryñ pikirdeş adamlar bolmaklafy ahmaldyr. Kasenberg hyýalynda aýlap ýören pikirini daşyna çykardy: "Jenap Öwezbaýew, belki, Kirowyñ deregine ýoldaş Staliniñ öldürilmegini siziñ göwnüñiz isleýändir?!" Ygtyýarly wekil Öwezbaýewiñ adyndan aýdan jenaýatçylykly sözlerini biri eşiden bolaýmasyn diýýän ýalu, ol töwerek-daşyna garanjaklady. Kasenberg şu ýerde özüniñ uzakdangörüjiligine baha beripdi. Sebäbi ol üç adama Öwezbaýewiñ kimler bilen gatnaşygynyñ bardygyny bilmegi hem-de onuñ adyna gelýşn hatlary dykgat bilen barlamagy tabşyrypdy. Buýrulan ýumşy kössüz ýerine ýetirýän Pronin Öwezbaýewiñ Germaniýada bolýan waka baha berende buržuaz ýurtlaryñ demokratik jemgyýetleriniñ Sowet Soýuzynyñ başga döwletleriñ içeri işlerinde garyşmagyny ýazgarýandyklaryny dogry hasap edýändigini aýdýar. Dogrudanam, Öwezbaýew general Frankonyñ ýolbaşçylygyndaky pitneçileriñ respublikaçylary derbi-dagyn etjekdigini, respublikaçylaryñ derbi-dagyn edilmegi bolsa Sowet Hökümetiniñ Ispaniýa babatda alyp baran syýasatynyñ puja çykaryldygy[2] boljakdygyny aç-açan aýdypdy. Kasenberg oýa batyp durşuna: "Öwezbaýew köp zatlary bilýär, hemme ýere-de burnuny sokýar, ýuwulmadyk çemçe ýaly ähli zadyñ arasynda, Frankonyñ üstün çykjagyny aýdýan barmyka? Ýa-da ol faşistleriñ içalysymyka?" diýip pikir ýöredýärdi. Onuñ göwnüne bolmasa, ol hut naçalnikleriñ gözüniñ alnynda içala öwrülip barýan ýalydy. Kasenbergiñ agentleriniñ biri Taurow Öwezbaýew barada has dogrusy, onuñ kakasy barada heniz belli bolmadyk maglumatlary habar berýärdi. Onuñ aýtmagyna görä, aklar onuñ kakasyny zorluk bilen Hindistana ugradypdyrlar, soñra bolsa ol ýene-de dolanyp öýlerine gelipdir. Maglumatyñ şu ýerinde Kasenberg ikirjiñlenýär: "Aklar näme üçin öz adamlaryny zorluk bilen ýurtdan çykarýarka? Ýalñyşlyj bar bolaýmasyn? Ony bolşewikler zorluk bilen ýurtdan çykaran bolaýmasynlar? Barlap görmek gerek. Bu kirşen basan Aziýada graždanlyk urşy döwründe şeýle bir bulaşyklyklar boldy welin, ondan asla baş çykarar ýaly däl... Belki, goja Öwezbaý ol ýerden iñlisleriñ agenti bolup dolanyp gelendir? Olam 12 sany nemes-türk agenti bilen bilelikde ýurtdan çykarylyp kowuldy ahyryn... Kasenberg ýygnanan maglumatlary denikinçileriñ ähli wakalardan habarly agentlerinden, has dogrusy, kontrazwedkasynyñ baý arhiwiniñ materiallary bilen deñeşdirip täzeden barlap görüpdi. Arhiw materiallary onuñ agentleriniñ beren maglumatlarynyñ dogrudygyny tassyklaýardy. Ýurtdan çykarylan adamlar barada şeýle maglumatlar berilýärdi: ol adamlar özlerine erk edip bilýän, sowatly, daş sypatlary hormat goýmaga mynasyp adamlardy. Olaryñ birnäçesindd bitarap döwletleriñ pasporty bardy. Tussag edilen ol adamlar germanlardan we madýarlardan ele düşen aýagy zynjyrly ýesirler bilen bilelikde Zakaspini basyp alan iñlisleriñ ygtyýaryna berlipdi. Iñlisler bolsa olary ilki Maşada, ol ýerden Bombeýe ugradypdylar... Bu ýerde şübhelenere esas ýokdy. Her niçigem bolsa, goja Öwezbaýy iñlisler öz garamaklaryna alypdylar ahyryn... Kasenberg, göýä diýersiñ, özüniñ çaklamalar çägini giñeltjek bolýan ýaly gysgajyk gyrkylan syh-syh bolup duran saçlarynu sypalap, mäzerip duran gözlerini gyrpman lezzet bilen Öwezbaýewiñ aç-açan aýdan zatlary barada Lýwowyñ beren maglumatyny okaýardy. Hatyñ ýazylyşy bulaşyk bolany sebäpli, ol ony bogunma-bogun okaýardy: "Ýagoda demir ýaly berk halk komissary diýilýärdi welin, ol özüne berlen ady ödäp bilmedi. Demir perdesine dulanan halk komissary rewolýusiýa garşy göreş alyp bardy. Ol ençeme bigünä adamy heläk etdi, ençeme bigünä adamu lagerlere sürdi. Bu ýagdaýy BK (b) P MK hem bilýärdi. Ýöne bu ýagdaýy düzetmegiñ ugruna çykanlarynda bolsa, indiden soñ kimi günäkär etjeklerini bilmeýärdiler".[3] Ygtyýarly wekil Öwezbaýewiñ aýdan sözlerine haýran galyp: "Muña akylly adamynyñ samsyklamasy diýerler. 37-nji ýyl ortadan agyp barýar. Ol bolsa adamlaryñ üýşen ýerinde diýjegini diýip ýör... Göýä diýersiñ, onuñ jany ýeke däl-de, iki ýaly" diýip, pikir etdi. Ol içi dokumentli papkany güpledip ýapdy-da, ony ýene-de birnäçe gezek saldarlandan soñ kalbynda dörän pikirleri daşyna çykardy: "Syrtmaga tarap boýnuñyzy uzadýarsyñyz, siziñ mertebeli alyhezretleriñiz... syrtmaga boýun uzadýarsyñyz..." Eger 32-nji ýyl bolmadyk bolsa, nälet siñen "Türkmen Azatlygy" hem bolmazdy, adam baram gyr-ýap edilmezdi diýen pikir kä wagt kelläñe gelýär. Ýöne "Türkmen Azatlygy" toslanyp tapylmadyk hem bolsa, Seýitmyrat Öwezbaýew ýaly adamlar azatlykda gezdirilmezdi. Sebäbi totalitar düzgüniñ jellatlary jenaýat işine galtaşan her bir intelligentiñ jaýy gabyr ýa-da lager bolmalydyr diýip hasap edýärdiler. Elbetde, şeýle edilse, häkimiýet üçin ygtybarly boljakdy. Kysmaty gussaly Seýitmyrat üýtgeşik adamdy. Ol Ahalyñ Yzgant obasyndandy. Ol tusaag edilende ýaş ýigit däldi. Ony 1932-nji ýylyñ Birinji Maý baýramynyñ toýy tutulýan günlerde tussag edip, Daşkendiñ içki türmesine basypdylar. Şonda ol alnyp barylýan işe çatmak üçin öz terjimehalyny ýazanda, 43 ýaşy dolupdy. Akyl käsesi dolan mahaly käse doly zäheri içmeli bolupdy... Onuñ kakasy Öwez Gökleñ gurply ýaşaýan adamdy. Ol Oktýabr rewolýusiýasynda hem ozal saý-sebäp bilen Owganystana göçüpdi, soñra ýene-de dolanyp öz watanyna gelipdi. Seýitmyrat bolsa ilki oba mekdebini, soñra Köşi obasynda açylan Rus hem ýerli milletler mekdebini tamamlapdy. Ondan soñ Seýitmyrat Orenburg kadet korpusyny hem-de Ýelizawetgrad uçilişesini gutaryp, patyşa Russiýasynyñ goşunynda gulluk edip, ştabs-rotmistr derejesine mynasyp bolupdy. Türkmenistana dolanyp gelenden soñ ilki Köşidäki türkmen diwizionynda gulluk edip, soñra rus hökümetiniñ wekili hökmünde Parsiýada bolupdy. Birinji jahan urşy başlanan badyna türkmen atly polkuna goşulyp, Awstriýa frontunda Bukawinoda söweşipdi. S.Öwezbaýew frontda beýleki türkmen atlylarynyñ hatarynda, has dogrusy, Teke atly polkunda, batyrgaý söweş edýär. 1915-nji ýylyñ maý aýynda görkezen edermenlikleri üçin "Святой Станислав" ordeniniñ 3-nji derejesi bilen sylaglanýar, 1916-njy ýylyñ fewral aýynda bolsa "Святой Анна" ordeniniñ 3-nji derejesi bilen sylaglanýar. Şol ýylyñ maý aýynda-da poruçik S.Öwezbaýewe ştabs-rotmistr derejesi berilýär. Aradan köp wagt geçmänkä söweş wagty kellesine zeper ýetip kontuziýa bolany sebäpli ol tyla ugradylýar. Ol uruşda ýeten şikestlerden gutulandan soñ, ony Türkmeniñ zapas eskadronyna iberýärler. Döwürdeşleriniñ aýtmaklaryna we tassyk etmeklerine görä, S.Öwezbaýew "Георгий" ordeniniñ hem kawaleri bolanmyşyn. Russiýanyñ bähbidi üçin onuñ bu görkezen hyzmatlary soñra jenaýat reñkine boýalypdy, tussag edilenleriñ geçmişi barada gürrüñ edilende, onuñ ady beýlekilere garanda köp tutulýardy. Sorag edilen wagty ol sapalak atjak bolmaýardy, başyny dik tutup, bolan zatlary edil bolşy ýaly aýdýardy. Belki, onuñ bolan hemme zatlary dogry aýtmagy derñew işinu alyp barýanlaryñ göwnünden turan däldir. Şol sebäpli hem ol beýlekilere garanda sorag edilmäge selçeñ çagyrylýardy. Onsoñam ol özüne sorag edilende berýän maglumatlaryny köplenç ýazmaça berýärdi. Derñew alyp barýanlaryñ ýazgylaryna ynam etmeýän bolmagy ahmaldy. S.Öwezbaýew öz terjimehalyny beýan edende, ýekeje faktyñ hem üstüne gum sürmändi, bu bolsa onuñ mertebesini beýgeldýärdi... Hawa, ol iñlisler bilen ýerli burjuýlaryñ tarapyny tutan es-erler bilen akgwardiýaçylaryñ pitnesinden soñ Ahal polkuna komandirlik edipdi, gyzyllara garşy söweşlere gatnaşypdy, Oraz Serdaryñ howandarlygyndan peýdalanypdy, Magtymguly hanyñ, Ýomut hanyñ, Gaýgysyz Atabaýewiñ hormatyna mynasyp bolupdy... Hawa, ol 29 ýaşly söweşjeñ ofiser bolup ýörkş Teke polkundan Kokant awtonomiýasynyñ gurultaýyna gatnaşan iki sany ýigidiñ teklibi esasynda Harby ministr wezipesine gaýybana saýlanypdy. Ýöne ol harby ministriñ kreslosynda ýekeje minut hem oturmandy. Kokant awtonomiýasy bolsa, özüniñ dünýä inendigini buşlamaga ýetişip-ýetişmänkä ýaragly güýçler tarapyndan basylyp mynjyradylypdy. Kokant awtonomiýasynyñ gurultaýynyñ S.Öwezbaýewi ministrlik wezipesi bilen gutlap iberen telegrammasy harby ministrlikden galan ýadygärlik bolupdy. S.Öwezbaýewiñ kalby, ruhy, terbiýesi harbylyk hamyryna ýugrulan adamdy. Ol özi barada gürrüñ edende syýasy sowadynyñ "kemterlik edýändigini" boýun alardy. Ol bu sözleri ilki döwürlerde syýasatdan özbaşdak baş çykaryp bilmeýändigini nygtamak üçin aýdýardy. 1905-nji ýylda Russiýada bolan wakanyñ sarsgyny ol ýerden uzakda ýaşaýan milletleriñ hem herekete gelmegine täsir edipdi. Ol wagtlar S.Öwezbaýew Ýelizawetgradyñ harby uçilişesinde okaýardy. Ol ýerde monarhiýa düzgüni dowam edýänligi sebäpli olaryñ töweregi belent diwarlar bilen bentlenip, daşky dünýä bilen aragatnaşyk saklamak, başga bir ideýa uýmak gadagan edilýärdi. S.Öwezbaýew şol bolan wakalary ýatlanda: "Ol wakalar meniñ üçin bulam-bujarlyk ýalydy" diýýärdi. S.Öwezbaýew özi barada ýazanda: "Men 1917-nji ýyla çenli syýasata we jemgyýet işine düýbünden baş goşmadym. Rewolýusiýa bilen öñe çykýan türkmenleriñ sanynyñ örän az bolmagy meniñ jemgyýetçilik işine ýüz urmagyma sebäp boldy... Meniñ syýasy taýdan sowadym bolmany sebäpli türkmenleriñ düýbünden sowady bolmadyk toparlaryñ yzyna düşüp, 1917-18-nji ýyllaryñ wakalar tolkuny haýsy tarapa iteklese şol tarapa-da gitmeli boldum..." Döwlet Syýasy uprawleniýesiniñ işgärleri elbetde, onuñ bu aýdanlaryna doly ynam etmeýärdiler. Sebäbi olarda denikinçi kontrrazwedkaçylaryñ öz döwründe ştabs-rotmistr Öwezbaýew barada toplan materiallary bardy. Gizlinlikde saklanylýan "Türkmenistan Harby guramasynyñ ýolbaşçysy, ol işinden hem daşary razwedka işini alyp barýan, öz döwrüniñ tanymal adamlarynyñ biri bolan general Džunkowskiý Zakaspidäki milli buržuazlaryñ ýokary gatlagy barada A.Denikine maglumat berende S.Öwezbaýew barada şeýle ýazypdy: "Örän hyjuwly, diline erk edip bilenok. Gany gyzan mahalynda käwagtlar aýtmasyz sözleri aýdýar, onuñ üstünden käbir zatlary bilmek boljak. Onuñ asly sada maşgaladan (asly baý nesli bomasa-da, gurply maşgaladan - R.E.) bolmaly. Kuropatkin ony döwlet hasabyna kadet korpusyna salypdyr. Ol ýeten derejesi üçin rus hökümetine minnetdar. Häzirki wagtlarda S.Öwezbaýew Enwer Paşanyñ ornuny eýelemegiñ arzuw edýär... ?" Berlen maglumatyñ dowamynda S.Öwezbaýewiñ milli akgwardiýaçylar goşunynyñ komanduýuşisi polkownik Oraz Serdaryñ ýakyn adamlarynyñ biridigini, özünde harbylyk häsiýetiniñ düýbünden bolmanlygy sebäpli "awantýuristler partiýasyna" (türkofilleriñ topary göz öñünde tutulýar - R.E.) ýolbaşçylyk edýän dogumly S.Öwezbaýewiñ onuñ ýanynda uly abraýynyñ bardygyny, goşun toplap, güýji bir ýere jemlemeli bolnanda onuñ guramaçylyk ukybyndan peýdalanýandygy barada aýdýardy. Soñra ol: "...Gynansagam, S.Öwezbaýew atly goşun otrýadyny toplany üçin iki million manat pul aldy. Ol toplanan otrýadda Georgiý Krestli kornilowçy atlylaryñ hem sany köpdi" diýip habar berýärdi. Maglumatyñ ýene bir ýerinde S.Öwezbaýewiñ ýolbaşçylyk edýän partiýasy barada söhbet açyp: "partiýanyñ düzen plany boýunça olar ilki bolşewikler häkimligini ruslar bilen bilelikde agdarmalydy, soñra bolsa ispolnitel komiteti ýok edip, özbaşdak hanlygy jar etmelidi. Ol hanlyk Türkiýä we merkezi döwletlere daýanmalydy hem-de olara garaşly özbaşdak hanlyk bolmalydy..." Bu aýdylýan zatlar Beýik Britaniýanyñ göwün islegine laýyk gelýärmi ýa-da ýok, ol belli däldi. Ýöne Zakaspidäki iñlis goşunynyñ komanduýuşisi general Mallesonyñ türkmenleriñ içinde öñe saýlanýanlar - Oraz Serdar, Hajy Myrat, Seýitmyrat Öwezbaýew hem-de Ýomut han ýalylar bilen ýakyn aragatnaşyk saklap, olary panislamistik hem-de türkofillik syýasatdan daşlaşdyryp, türkmenleriñ gadymdan gelýän düzgünlerini dowam etdirmeklerini gazanmak üçin jan edýärdi.[4] Bulardan başga-da Džunkowskiý türkmen serdarlarynyñ gizlin maslahatynyñ bolandygyny, şol maslahatda hem türkmen uruglarynyñ, taýpalarynyñ ruslara we iñlislere bolan garaýyşlary kesgitlenilende "Öwezbaýewiñ partiýasy ruslar bilen arany çürt-kesik kesmelidigini tutanýerlilik bilen nygtaýardylar"[5]. Akgwardiýaçylar S.Öwezbaýew bilen haklaşmaga ýetişmändiler, ýöne işi ugur almadyk Eziz han bilen welin haklaşypdylar. Aradan köp wagt geçmänkä Gyzyl Goşun olary Zakaspiden kowup çykarypdy. S.Öwezbaýew säwlik bilen aklardan sypanam bolsa, ol "eden etmişleri" üçin sowet häkimiýetiniñ öñünde jogap bermeli bolupdy. Geñ galaýmaly, gyzyllar bilen aklaryñ ýöredýän düzgünleri biri-biriniñkiden tapawutly bolsa-da, S.Öwezbaýew ýaly adamlara iki tarapyñ garaýşy deñdi: iki tarap hem onuñ yzyna düşüp maglumat toplaýardy. Iki tarapyñ ýöredýän pikirinde-de birhili özboluşly aýratynlyk bolup, olaryñ ikisem adamzat jemgyýetiniñ umumy ýöredýän pikirine bap gelmeýärdi. S.Öwezbaýewiñ: "Meniñ syýasy taýdan sowadym ýok" diýmegi hakykata gabat gelmeýärdi. Belki, ol bu sözleri özüniñ we ýoldaşlarynyñ üstüne ýüklenilýän agyr aýyplary ýeñletmek maksady bilen diýendir. Onuñ bu eden ejizligini bagyşlalyñ. Sebäbi onuñ syýasy taýdan sowatsyz däldigine hut öz eli bilen ýazan ýazgylary şaýatlyk edýär. Ol şeýle ýazypdy: "Men 1919-njy ýyldan başlap syýasy sowat boýunça sapak almaga başlapdym. 1918-nji ýyldan başlap, aýry-aýry döwlet edaralarynda işledim we birnäçe jogapkärli tabşyyklary ýerine ýetirdim... Men partiýanyñ hatarynda bolmanlygym sebäpli onuñ alyp barýan syýasatynyñ käbir ugurlaryna düşünmän häzirki döwür üçin ýerliksiz teklipler bilen, ýagny guýy gazmak we şoña meñzeş teklipler bilen çykyş etdim".[6] Ýöne men-ä onuñ bu tekliplerinde "ýerliksizlik" bar diýip hasap edemok. S.Öwezbaýewiñ öz eden tekliplerini ýerliksiz diýip hasap etmegi derñew işleri alyp barýan derñewçiler guýy gazmak barada edilen teklibe syýasy äheñ berip, onuñ diñe zyýankeşlik bolman, eýsem sowet gurluşygyny puja çykarmaga edilen synanyşyk diýýärdiler. Olaryñ pikirine görä, guýy gazmak basmaçylar hereketine goltgy bermekdi. Şonuñ üçin ol teklipleriniñ "ýalñyşlygyny" boýun alan bolmalydy. S.Öwezbaýewiñ käbir ýoldaşlaryna beren häsiýetlendirmeleri, käbir wakalara beren bahalary tanyş bolanyñda, depe saçyñ syh-syh bolýardy. Olara baha berlende aýdylýan sözler gönümeldi, gödekdi, özüni ulumsy tutup äsgermezlik edilmek alamalatlary hem bardy. Özüñiz pikir edip görüñ. Ol biri hakda şeýle ýazýar: "Düşünjesi çäkli, ýewropa dilleriniñ birinem bilenok, sähel zat üçin gyzmalyk edýär, türkmeniñ gadymy däp-dessurynyñ kerebine çolaşan adam, partiýanyñ agzasy, özüniñem iki aýaly bar..." Başga bir iş salşany barada şeýle diýýär: "Ozal molla bolan, arap we pars dillerini oñat bilýär, hiç bir ugurdan özbaşdak garaýşy ýok... Oña haýsam bolsa bir ugurdan pikir ýöretdiñ diýmek, oña artykmaç baha berildigi bolar..." Ýene biri barada bolsa: "Kesir, içi kitüwli. Onuñ bar pikiri türkler bilen tatarlara gönükdirilen. Daşyndan göräýmäge, Sowet häkimiýetine garaýşy erbet bolmaly däl ýaly..." Özi ýaly betbagtçylyga uçran ýoldaşy barada bolsa şeýle kesgitleme berýärdi: "Ýewropanyñ taryhyny we edebiýatyny bilenok, teoriýa taýdan düşünjesi pes adam ol "sowetleriñ hakyky tarapdarymy ýa-da "sowetlere garşymy" - onuñ ýaly zatlary ondan gözlemek ýerlikli däl hasap edýärin".[7] Ol şolar ýaly bahalary ençeme adamlara berýärdi. Bu hem, elbetde, derñew işini alyp barýana berilýän jogaplar bolmalydy. S.Öwezbaýewiñ ýazgylary, eden bellikleri esasynda pikir ýöretseñ, onuñ ruslaşandygyna, rus aristokratlarynyñ terbiýesini alyp, şol terbiýe esasynda-da onuñ dünýägaraýşynyñ kämilleşendigine göz ýetirmek bolýar. Onuñ pikiriçe, şol döwrüñ adamlary üçin diñe gündogaryñ medeniýetini hem-de arap, pars dillerini bilmek ýeterlik bolmaly däldi. Akylly-başly, medeniýetli adam günbatar ýewropasynyñ medeniýetini özüne siñdirip, ýewropa dilleriniñ hem birnäçesini bilmelidi. Käwagtlar ol feodal düzgüniñ galyndysy bolan tire-taýpalaryñ arasyndaky duşmançylygy ýazgaryp, iki medeniýeti biri-biriniñ garşysynda goýýardy, soñra bolsa islese-islemese öz tire-taýpasynyb tarapdary bolup galýardy. Onuñ önüp-ösen döwrüniñ ogly bolsa-da, geçmişiñ ähli galyndysyndan doly arany açyp bilmändigi bildirýärdi. Dürli akymlaryñ berýän maglumatlary esasynda S.Öwezbaýewiñ nähili adam bolandygy barada mende bir pikir döräpdi welin, onuñ derñew işleri alnyp barylýan döwründe öz ýoldaşlary barada beren maglumatlary onuñ öñki häsiýetine we meniñ öñki edýän pikirime bap gelmeýärdi. Belki, munuñ bir syrly sebäbi bardyr? Eger onda nähilidir bir syrly sebäp bolmasa, näme üçin ol türmä salnandan soñ ýekeje adam barada-da gowy söz aýtmandyr? Ol baha berýän adamlarynyñ syýasy garaýyşlary barada beýle-de dursun, olaryñ hut özleri hakda-da ýekeje agyz ýyly söz aýtmandygynyñ sebäbi bolaýmalydy. Çekiç bilen sandalyñ arasynda duran adamyñ häsiýetine kesgitleme bermek añsat däl. Garaşylmadyk wagtda türmäniñ demir gysaç ýaly ýagdaýyna düşmek, kalbyña yzalar nahrasy salynmak, adamyñ bir ýerinde ejizlik sepi bolsa açjakdygy belli zat. Başyny etegine salyp, ençe edermenlikler görkezen adam birden saý-sebäpsiz otly tagmanyñ üstünde oturdylsa, S.Öwezbaýew ýaly ýokary medeniýetli, giñ düşünjeli adamyñ hem häsiýetiniñ üýtgemegine sebäp bolsa gerek. Sebäbi "gyzyllaryñ" ýanyndaka oña "aklaryñ tarapdary" diýýärdiler, "aklaryñ ýanynda bolan wagty bolsa oña "gyzyllaryñ tarapdary" diýýärdiler. Sebäbi ol Sowetlerde hem gulluk edipdi ahyryn. Hawa, ol gulluk edipdi, Sowetleriñ ýöredýän milli syýasatyna hem-de başga birnäçe başlangyçlaryna garşy bolsa-da, tüýs ýürekden gulluk edipdi. Türküleşmek pikiri S.Öwezbaýewiñ kalbynda orun tutan hem bolsa, onuñ hereketlerinde ruslaşmaga bolan meýil güýçli duýulýardy. Bu-da, belki, onuñ rus terbiýesini alanlygy üçindir, belki-de ol döwürde türküleşmäge meýil edýändigi anyklanan adamlaryñ boýunlaryndan pantürkçüler diýen belginiñ asylyp, gözleriniñ Sibirde açylýanlygy üçindir. 1920-nji ýyllarda S.Öwezbaýew ene dilinde ýekeje kitaby bolmadyk türkmen halkyny hatly-sowatly etmek üçin köp işler edipdi. Ol N.A.Paskuskiý bilen Bakuwa gidip, ol ýerden birnäçe kitap getiripdi, azerbaýjanly mugallymlaryñ biziñ respublikamyza gelip mugallymçylyk etmeklerini gurapdy, oba ýerlerinde täze açylýan mekdepler üçin kadrlar taýýarlamakda birnäçe işler geçiripdi, hatda ol az wagtlyk Magaryf halk komissary wezipesini hem ýerine ýetiripdi. Ýöne wagt geçdigiçe olar ýalylara ynam azalyp, "Halk duşmany" bolaýmasyn diýip seredýän şübheli garaýyşlar köpelipdi. S.Öwezbaýewiñ eli bilen ýazyp beren maglumatlary bilen içgin tanyş bolanymdan soñ, ýoldaşlaryna syýasy taýdan täze aýyplaryñ ýüklenmeginden halas etmek üçin şeýle kesgitlemeler berendir diýip netijä geldim. Sebäbi derñew işlerini alyp barýanlar berilýän maglumatlardab kiçijik hem bolsa bir tutaryk tapsalar ol tutarygy çişirip onuñ ýoldaşlarynyñ üstüne ýüklejekdiler. S.Öwezbaýewiñ berýän maglumatlarynda ýöredilýän pikirleri yzarlanyñda, onuñ tebigatyna mahsus bolan gönümellik, adamkärçilik hem-de badyhowalyk bilen seresaplylyk birigip, oýlanylyp tapylan öwrümli ugurlar bilen ýoldaşlaryny we özüni agyr urgulardan goramak üçin şeýle kesgitlemeleriñ berilýändigine göz ýetirmek bolýardy. Onuñ berýän maglumatlary, daşyndan göräýmäge, äsgermezlik äheñinde gödek ýaly bolup görünse-de, olaryñ birinde hem bir adama rewolýusiýa garşy göreşýän, Sowetlere garşy göreşýän diýlenok, şeýle bolansoñ, ol maglumatlar esasynda ýekeje adam hem tussag edilmändir. Onsoñam olaryñ hemmesinde milli gizlin guramanyñ bardygy çürt-kesik inkär edilýärdi. S.Öwezbaýew derñew işlerini alyp barýanlaryñ ünsüni başga tarapa sowmak üçin öz ýoldaşlary barada maglumat berende olaryñ ejizlik edýän ýerlerini, häsiýetleriniñ ýetmez taraplaryny birnäçe esse ulaldyp beýan edýärdi. Bu bolsa, elbetde, ýoldaşlarynyñ üstüne abanýan syýasy aýyplaryñ, urgularyñ ugruny üýtgetmegine täsir edýärdi. Dogrudanam, adamyñ "Akyly çäkli bolany" ýa-da onuñ "Kesir bolany" üçin "Bosowat" ýa-da "Medeni derejesi pes" bolany sebäpli jogapkärçilige çekibem, rewolýusiýa garşy göreşýän gurama gatnaşmakda aýyplabam bolmaýardy. Ol özüne örän ýakyn, gowy görýän adamlary bolan Berdiýewler barada bolsa, şeýle ýazypdy: "Gurply maşgaladan bolan Bekki Berdiýew giñ düşünjeli, sowatly adam. Aşgabatda bolan wagty geçirilýän çäreleriñ käbirine tankydy bellik eden bolaýmasa, onuñ başga näme edendigini men-ä eşidemok... Daşkentde bolan mahaly ol ýerde okaýan türkmenleriñ käbiri bilen aragatnaşykda bolup, olara ýurduñ we partiýanyñ ýagdaýy barada gürrüñ beripdir. Şonda ol oppozisiýa meýilli adamlara, hamana, duýgudaşlyk bildirenmiş. Onuñ dogany Kakajan bolsa, gezen ýerinde Bekkiniñ düýbünden alga alar ýaly manysy bolmadyk zatlar barada wagtal-wagtal ýañraýandygyny ýatlap käýinýärdi".[8] Elbetde, maglumat soralýan adamyñ hemmesine birmeñzeş baha bermek ýerlikli däldi. Beýle etse, onda derñewçiler onuñ gurýan hileli öwrümleriniñ üstüni açaýmagy ahmaldy. Şonuñ üçinem ol ýakyn adamlary barada hem jenaýat ýokuntgysy bolmadyk sözleriñ üsti bilen "aç-açan" aýdýardy. Ol öz dogany Kakajanyñ üsti bilen Bekki Berdiýewe "ýañralyk" tagmasyny basyp, ony penalajak bolýardy. S.Öwezbaýew Türkmenistanda gizlin guramanyñ bardygy baradaky toslama diñe bir gaýduwsyzlyk bilen garşy çykman, eýsem ol gizlin guramanyñ bardygy, oña gatnaşýan türkmen intelligensiýasynyñ guramaçylyk taýdan basmaçylar hereketiniñ güýjemegine hemaýat berýändigi baradaky ideýa gulluk edýänleri masgaralaýardy . 1932-nji ýylyñ 24-nji martynda S.Öwezbaýew Dimentmana şeýle hat ýazypdy: "Halk köpçüliginiñ gatnaşmagynda geçen ýyl bolan hadysa ýaly uly guramaçylyk talap edýän işi türkmenleriñ arasynda başaryp biljek adam ýa-da toparlar bardyr diýip aýdyp bolmaz. Sebäbi ol çendenaşa ýokary baha berildigi bolar. (Bu ýerde 1931-nji ýylda Türkmenistanda basmaçylaryñ öñe tarap hereket edendigi barada gidýär - R.E.). Türkmenleriñ arasynda beýle talantly guramaçy ýoky, häzirem ýok, entek bolmazam. Geçen 12 ýylyñ dowamynda ýerli işgärleri ýetişdirmek üçin ummasyz kän adam çekilen bolsa-da, olardan saýlanyp öñe çykany barmak basyp sanaýmaly. Olaram başda sowetlere garşy çykyş eden hem bolsalar, guramaçylyk meselesinde duran ýerleridi. Munuñ beýle bolmagyna, belki, tireleriñ we taýplaryñ arasyndaky gadym wagtdan bäri dowam edip gelýän agzalalalygyñ henize çenli saklanyp gelmegi sebäp bolýandyr. Olar hatda halk betbagtçylyga uçran döwründe-de agzybirlik bilen bir ýere jemlenip bilmeýärler".[9] Örän dogry baha berilýär. S.Öwezbaýew öz halkynyñ psihologiýasyny, onuñ tire-taýpalarynyñ gatnaşyklaryny oñat bilýärdi. Sebäbi olar onuñ kysmatynyñ hem şeýle bolmagynda aýgytly rol oýnapdy. Gynansagam, türkmenlere jebisleşmek başartmandy, hatda ýurduñ üstüne howp abananda-da birigip bilmändiler. Patyşa Russiýasy Türkmenistany añsatlyk bilen basyp alypdy, muña-da, elbetde, tire-taýpalaryñ arasyndaky agzalalyklar sebäp bolupdy. 1980-nji ýylda ahallylar Şipkanyñ düýnki gahrymany, general Skobelewi ok hem-de gylyç bilen garşy alan bolsa, bu wakanyñ öñ ýanynda deñiz ýakasyndaky türkmenler patyşa Russiýasynyñ başga bir generalynyñ ýörejek ýoluna gymmat bahaly halylar düşäp, duz-çörek bilen garşy alypdy. Gökdepe galasyny goraýan ahallylar näçe gahrymançylyk görkezselerem, söweşde olar asgyn gelmelidiler. Agyr goşunyñ, güýçli ýaraglaryñ garşysynda uzak durup biljek däldiler. Sebäbi türkmenleriñ ähli tire-taýpalary olara arka durup kömek bermändiler, hatda goldaw üçin öz ýigitlerini hem ibermändiler. Türkmen çarwalary 1916-njy ýylda patyşa çinownikleriniñ talañ salýan salgytlaryna hem-de eden-etdiliklerine garşy ýaragly gozgalañ turzupdylar. Emma ol gozgalañ häkimiýet merdiwanynyñ ýokary basgançagyna çykan "öz türkmenleri" tarapyndan derbi-dagyn edilipdi. Gozgalañ eden çarwalar günorta demirgazyk türkmenleridi. Olar patyşa Russiýasynyñ dikmelerine garşy göreş alyp barýan wagtlary ýerli halkyñ arasynda abraýly hasaplanýan hanlar, arçynlar ýerli ilatyñ agzyny birikdirip olaryñ hak-hukuk ugrunda alyp barýan göreşini ýaýbañlandyrmagyñ deregine dönüklik edip, gozgalañ gatnaşyp söweşen adamlaryñ diri galanlarynam ganhor general Madritowyń ygtyýaryna beripdiler. Patyşa Russiýasynyñ goşunlary bu ýagdaýdan peýdalanyp halk hereketini öz ganlaryna gark edipdiler. Patyşa goşunlary türkmen topragynda çarwalara jeza berip ýören wagty Tekeleriñ atly polkunda gulluk edýän türkmen ýigitleri gaýry ýurtlarda rus kapitalistleriniñ hem-de rus patyşasynyñ bäbbidini gorap kellelerini eteklerine salyp söweş edýärdiler. Rus häkimliginiñ emri bilen Gyzyl Goşunyñ bölümleri türkmen topragyna gadam basypdy, rus häkimliginiñ emri bilen Sowetler häkimiýeti Türkmenistany basyp alypdy. Merkezden berlen buýruk esasynda bolsa Orta Aziýada birnäçe "özbaşdak" respublikalar döräpdi, şol sanda "özbaşdak" Türkmenistan SSR-i hem döräpdi. Biz onuñ nähili "özbaşdakdygyna" oñat düşünýärdik. Türkmenistan SSR-niñ Halk Komissarlar Sowetiniñ ilkinji başlygy Gaýgysyz Serdarowiç Atabaýew Stalin konstitusiýasynyñ döreden düzgüniniñ inisiatiwaly adamlaryñ elini-aýagyny baglaýandygyna göz ýetiripdi. Bir gezek derwaýys bir meseläni çözmek üçin Ahaldan birnäçe ýaşuly Gaýgysyz Serdarowiçiñ ýanyna gelipdi. Çözülmegi haýyş edilýän mesele örän ynjyk mesele bolany sebäpli Gaýgysyz Serdarowiç ikirjiñläp durany üçin gelen ýaşulularyñ biri: "Gaýgysyz, sen biziñ kerwenbaşymyz. Sen kerweniñ başyny haýsy tarapa iýtseñ, kerwenem şol tarapa gider" diýipdi. Şonda Gaýgysyz Atabaýew ajymtyk ýylgyryp: "Men kerweniñ iñ öñündäki ineriñ üstünde oturanam bolsam, ol ineriñ owsary meniñ elimde däl" diýip jogap beripdir. Türkmenistan SSR-niñ Merkezi Ispolnitel Komitetiniñ ilkinji başlygy Nedirbaý Aýtakow hem merkezi häkimligiñ ýerli halkyñ isleg-arzuwyna parh goýman, äsgermezlik bilen islän zadyny edýändiginden zeýrenip: "Biziñ respublikan häkimiýetimiz diñe pensiýa belläp biler, galan meseleleriñ hemmesi biziñ deregimize ýokardan çözülýär..." diýipdir. Şunuñ ýaly ýagdaý biziñ döwrümizde-de dowam edýärdi. Ýerli häkimleriñ hiç bir zada ygtyýarynyñ ýokdugy barada şaýatlyk edýän köp sanly faktlary biri-biriniñ yzyndan sanap oturman, Türkmenistanyñ Merkezi Komitetiniñ ozalky birinji sekretary, Türkmenistanyñ häzirki Prezidenti S.A.Nyýazowyñ eden çykyşyndan bir bölegi ýatlamagy makul bildim. Ol öz çykyşynda: "Bizde ygtyýar ýokdy, iñ bärkisi, raýkomyñ sekretary belleniljek bolanynda hem merkez bilen ylalaşmalydy. Ähli mesele barada SSKP MK bilen ylalaşmagymyz talap edilýärdi. Haýsy-da bolsa bir inspektoryñ ýerli partiýa guramalaryna, respublikan organlaryna äsgermezlik bilen garamaga hukugy bar ýalydy. Men bolsa SSKP MK-nyñ Syýasy býurosynyñ agzasydym. Ondan ýokary organ ýokdy ahyryn. Emma ol mertebe hatda inspektorlara-da degişli däl ýalydy" diýýärdi. Häzirki döwürde biz Türkmenistan döwletiniñ hakykatdan hem Garaşsyz, özbaşdak bolanyna guwanmaga hakymyz bardyr. Ýöne biz geçmişimiziñ beren sapaklaryny, wesýetletini unutmaly däldiris, onuñ bize düşen gymmatyny, bu zatlar üçin kime minnetdar bolmalydygymyzy mydama ýatladyp durmalydyrys. Ýöne biziñ Garaşsyz, özbaşdak döwletimiziñ diñe özüni bilip, özüni hondanbärsi edip, badyhowa öwünjeñ döwlet bolmagyndan Allanyñ özi daş etsin. Ol örän howply zat. Bu barada biziñ Prezidentimiz S.A.Nyýazow hem: "...biz adamlaryñ hak-hukugyny goramaga hem-de olara ähli erkinligi bermäge kepil geçýän, ykdysady taýdan okgunly ösmäge ukyply köptaraply demokratik dünýewi döwlet gurmak isleýäris"[10] diýýär. S.Öwezbaýewiñ köp zatlary öz içine alýan hatynda hem ýokarda gozgalan pikire itergi berilýärdi. Ol M.Geldiýewi, O.Wafaýewi hem-de A.Gulmuhammedowy ol diýen gowy görmeýänem bolsa, olaryñ haýsydyr bir halka garşy gurama gatnaşandygy baradaky pikire çürt-kesik garşy çykýardy. Ol: "Olar ozal partiýanyñ agzasynda bolan jogapkär işgärler - (bu sözlerde ýañsy ýokuntgylary bar) - ýöne olara gizlin guramalarda işlän talantly guramaçylar diýmek ýalñyşlykdyr"[11] diýýärdi. Eñen ugruna başly-barat eñmegi endik eden daýhan köpçüliginiñ başyny haýsam bolsa bir guramada birikdirip bolmajakdygy düşnükli zatdy. Onuñ sebäbini hem S.Öwezbaýew şeýle düşündirýärdi: "...türkmen intelligentlerem, halk köpçüligi hem, tire-taýpalyk düzgüniñ dolanan gundagyndan doly çykyp bilenoklar. Daýhan köpçüligi biziñ gazetlerimizi okanoklar, ýörite düşündiriş işlerini geçirýän işgärleriñ gürrüñlerini diñlänoklar, olar diñe myş-myşlar we pyşyrdy bilen aýdylýan habarlar bilen oñmaly bolýarlar". Ol türkmen daýhanlarynyñ sadadygyny, ynanjañdygyny tassyk etmek maksady bilen Owganystandan Türkmenistana geçen Jüneýit hanyñ ogly Eşşi han barada ýaýran myş-myşly gürrüñi ýatladýardy. Aýtmaklaryna görä, basmaçylar çozan mahalynda ol Murgap hem Tejen derýalarynyñ aşak başlarynda peýda bolanmyş. Onda Süleýmanyñ ýüzüginden biraz pesräk jadysy bolan bir aýna barmyş. Ol şol aýnanyñ jadysynyñ güýji bilen uçup barýan samolýoty hem gonduryp bilýärmiş diýen gürrüñe-de ynanýardylar. 1937-nji ýyl aýlaryñ, günleriñ ujundan gädip başlapdy... Ýöne mundan esli wagt ozal, ýagny 1936-njy ýylyñ sentýabr aýynda Stalin Ždanow bilen Soçide dynç alyp ýörkä MK-nyñ Syýasy býurosyna telegramma iberipdi. Ol telegrammada ynamy ödäp bilmänligi üçin Içeri Işler Halk Komissary G.G.Ýagodany işden boşadyp, onuñ ýerine has çulum hasap edilýän N.I.Ýežowy bellemegi maslahat berýärdi. Şondan soñ täze halk komissary uly ynamy ödemek maksady bilen tutha-tutluk çarhyny has batly aýlamaga başlapdy. Erkinlikde gezip ýören adam haýsy gün tussag edilse ediläýmelidi, lagerdäki syýasy tussaglara azar ýamany berilýärdi, olary biri-birine öjükdirýärdiler, olaryñ her ädimi hasaplydy, her ädimde olary harlaýardylar, horlaýardylar, kemsidýärdiler. Bu ýagdaýa çydam edip bilmän birnäçeleri öz janlaryna kast edipdiler. Lagerlerdi baraklardan adamlar gaýyp bolup yzsyz-tozsuz ýitip gidýärdi. Esasanam syýasy tussaglar ýitýärdi. Olar barada birnäçe çaklama ýaýrapdy. Bir çaklama ten beränler gaýyp bolýan adamlar boşadylyp azatlyga çykýandyr diýýärdiler, ikinji çaklama ten berýänler bolsa, boşadylýan adamlar äkidilip atylýandyr diýýärdiler. Ikinji toparuñ edýän çaklamasy dogrudy. S.Öwezbaýew hem ikinji toparyñ pikiri bilen ylalaşýardy. Ol lagerde Kümüşaly Böriýew hem-de Begjan Nazarow bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýardy. Bu ýagdaý bolda aýratyn bölümiñ ygtyýarly wekiline olaryñ hersiniñ yzyna ýene iki adamyñ düşmegini guramagyna sebäp bolupdy. Aýratyn bölümiñ işgärleri hem iýen çöreklerini ödemek üçin jan edýärdiler. Lagerde syýasy tussaglaryñ hereketi başlapdy. Ol herekete S.Öwezbaýew, K.Böriýew hem-de başga birnäçe adam ýolbaşçylyk edýärdi. Olar adam üçin derwaýys bolan ýönekeýje zatlary talap edýärdiler. Syýasy tussaglar dogan-garyndaşlar, dost-ýarlar bilen hat alşylmagyna, getirilýän zatlaryñ we posylkalaryñ eýesine gowuşmagyna päsgel berilmegine hem-de adminstrasiýanyń adam öldürmekden hem gaýtmaýan jenaýatçylary hakyna tutup, syýasy tussaglaryñ garşysyna ulanmagyna garşy çykyş edýärdiler. Syýasy tussaglaryñ biri eger edilýän talaplar ýerine ýetirilmese garşylyk hökmünde açlyk yglan etmegi teklip edýärdi. Emma S.Öwezbaýew ol teklibi dogry hasap etmeýärdi. "Hanaka" lakamly hakyna tutma şugulçy bu barada şeýle maglumat berýär: "S.Öwezbaýew tussaglara: "Biz açlyk yglan edip gazanan üstünligimiz bolmaz. Açlyk yglan etsek IIHK begener. Özümiz horluk çekip, duşmanlary begendirmek nämä gerek".[12] S.Öwezbaýew dili batyrlykdan ençeme zyýan çekenem bolsa, öz pikirini ýaşyryp bilenokdy, kellesine gelen pikiri ýaşyrman aýdýardy. Özi ýaly tussaglaryñ arasynda onuñ abraýy uludy. Lagerdäki şugulçylaryñ habar bermegine görä, ol adamlar bilen örän ýakyndan aragatnaşyk saklap, mätäçlere goldaw, haýyş edenleriñ möhümini bitirip, degerli maslahatlar berýär eken. S.Öwezbaýew barada berlen maglumatlary okanyñda, şugulçylaryñ we olara sapak berýän agalaryñ nejislik we haýynlyk bilen onuñ boýnuna syrtmak salmak üçin atýan töhmetleri, edýän myjabatlary adamyñ haýýatyny göçürýärdi. Syýasy tussag S.Öwezbaýewiñ her ädimi, hatda her alan demi hasaba alynýardy. Elhenç durmuşdan halys ejizlän K.Böriýew "toba gelip, aman sorap" Staline hat ýazmagy niýetine düwüpdi. S.Öwezbaýew oña garşy bolupdy, bu barada B.Nazarow hem-de beýleki tussaglar bilen uzak wagtlap gürrüñ edipdi. Şonda ol "halk serdarynyñ halka garşy syýasat alyp barýandygyny berk ýazgarypdy. Şugulçylar bolan gürrüñleriñ üstüne öz pikirlerini goşup Solowka türmesiniñ naçalnigi maýor Asseptere maglumat beripdiler. Berlen maglumatlarda: "Halk duşmany beýik serdara dil ýetirýär. Onuñ egindeşlerini masgaralaýar" diýen ýeke-täk pikir öñe sürülýärdi. Şu maglumatlardan soñ türmäniñ naçalnigi maýor Assepter S.Öwezbaýewe ýene şeýle häsiýetnama ýazypdyr: "Ol gürrüñ eden mahallary mydama özüniñ baryp ýatan milletçidigini hem-de Sowet häkimiýetine barlyşyksyz duşmandygy äşgär bolýar, sowet hökümetiniñ syýasy babatda geçirýän ähli çärelerini rewolýusiýa garşy nukdaýnazardan berk tankytlaýar, Sowet häkimiýetiniñ şowsuzlyga uçramagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýar... Halkyñ serdary ýoldaş Stalin barada töhmetli pikirleri ýaýradýar".[13] Bu häsiýetnamada adamyñ ömür tanapyny kesip biljek deliller bardy. _______________________________________ [1] Şol ýerde, t. 7. sah. 17; [2] Şol ýerde, t. 7. sah. 25; [3] Şol ýerde, t. 7. sah. 24; [4] SSSR-iñ Oktýabr rewolýusiýasy adyndaky Merkezi arhiwi f. 446, t 2, d 52, sah 13,15,77; [5] Şol ýerde, I. 55. sah 13,15; [6] Türkmenistanyñ MHK-niñ arhiwinden, Fp N"48577, t 2, sah 186-191; [7] Şol ýerde, t 2, sah 325; [8] Şol ýerde, t 2, sah 316; [9] Şol ýerde, t 2, sah 186; [10] "Туркменская искра", 24.10.1992 ý; [11] Türkmenistanyñ MHK arhiwi, Fp N"48577, t 2, sah 187; [12) Şol ýerde, t 7, sah 1; [13] Şol ýerde, t 7, sah 1. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |