13:49 Syrly toslamalaryñ pidalary: Ýurdy belet çapar | |
▶ 5: ÝURDY BELET ÇAPAR
Taryhy makalalar
Şewki Bektöreden sorag edilen mahalynda, ol entek sowet graždanlygyny almadyk hem bolsa, özüniñ Krym tatarydygyny subut etjek bolup jan edýärdi. Belki, şonda ol tanyş bilişleriniñ, ýoldaşlarynyñ onuñ tatar däl-de, türkdügini oñat bilýändiklerinden habarsyzdy. (Ol Aşgabadyñ rabfagynda okuw müdiri bolup işleýärdi). Dogrudanam, onuñ milleti türkdi. Ol Ankaranyñ eteginde önüp-ösen, şol ýerde hem ýokary bilim alypdy. Ol Birinji Jahan urşunyñ öñ ýanynda Kryma gelip, mugallymçylyk edipdir, soñra ýene Türkiýä dolanyp barypdyr. Birinji jahan urşunda saý-sebäp bilen rus goşunynyñ hatarynda bolup, soñra-da ýesir düşüpdir. Ýesir düşen ýerinde-de musulman ýesirleriniñ arasynda terjimeçi bolup işläpdi. 1918-nji ýylda bolsa harby ýesirleri getirýän eşalon bilen ýene-de Orsyýete gelipdir. Şondan soñ ol ilki Krymda, soñra Dagystanda hem-de Kawkazyñ dürli şäherlerinde işläpdir. 1925-nji ýylda bolsa Aşgabada gelip ýerleşipdir. Dogrusyny aýtsañ, onuñ aslynyñ haýsy milletdigi başga milletler üçin atyñ gulagy ýaly bolsa-da, Türkiýäniñ hemaýatyna hantamaçylyk edýän türkmen intelligensiýasy onuñ ol ýerden bolanlygy üçin oña sarpa goýýardy. Ş.Bektöre hem pursady peýläp ýeri gelende özüniñ nirelidigi barada çawuş çakýardy. Ýöne ol çakylýan çawuşlar döwlet apparatynda işleýän adamlaryñ gulaklary üçin däldi. Onuñ milletiniñ türk bolmagy pantürkistler bilen baglanyşygy bolmagy ahmal diýen şübhäniñ döremegine sebäp bolmagy mümkindi. DSU hem Şewki Bektöräniñ nähili adamdygyny anyklamak üçin näçe jan edenem bolsa, onuñ syrynyñ üsti açylman galypdy. Otuzyny ýyllaryñ başlarynda SSSR-iñ Daşary işler ministrligi Türkiýäniñ Moskwadaky wekilleriniñ haýyşy boýunça türk graždany bolan Şewki Bektöräni sorap hat ýazypdy. Ol hat uzak wagylap stoluñ begres örtgüsiniñ aşagynda ýatypdy, ahyryn hem DSU-nyñ organy ok adamyñ entek özlerine gerekdigi barada gysgajyk jogap gaýtarypdy. Görşüñiz ýaly, belent mertebeli hossarlaram ony diläp alyp bilmändi. Dogrudanam, Şewki Bektöre entek bu ýere gerekdi. Ol derñew işgärleriniñ toslamalaryny öz tapan toslamalary bilen tassyklap, birnäçe adama elhenç aýyplary ýöñkeýärdi. Bu bolsa toslamanyñ hakykata ýakynlaşmagyna, derñew işlerine ýörelge arçamaga, işiniñ ugur almagyna kömek berýärdi. Şewki Bektöräniñ şunuñ ýaly ýaramaz işlere baş goşmagyna näne sebäp bolduka? Belki, hakyna tutma şaýatlaryñ köpelmegine sebäp bolandyr, belki-de, başga çykalganyñ ählisi gömülip, diri galmaga umyt berýän ýekeje yş goýlanlygy sebäp bolandyr. Elbetde, ol ýagdaý barada aradan birnäçe wagt geçenden soñ pikir ýöretmek kyn däldi. Ýöne hakykatda derñew işleri geçirilýän mahalynda ulanylýan usullar köpdi. Ol ýerde diñe adam mertebesi basgylanman, eýsem jan gerekmi-pyçak oýny oýnalýardy. Ol ýerde haryt söwdasy edilmän, adam janynyñ söwdasy edilýärdi. Onsoñ diñe garabaşynyñ gaýgysyny edýän adam öz janynyñ deregine başgalaryñ janyny hödûr etmäge, özem başa-baş söwda däl-de, biriniñ deregine birnäçesini ibermäge taýýardy. Adam nähili hem bolsa, özüniñ tebigy keşbini üýtgedip bilmeýär, ol mydama adamlygyna-da galýar. Ol goýun agylyna giren gurt ýaly aýyl-saýyl bolup duranok. Adamyñ ejiz taraplarynyñ bardygyny boýun almak ýeñil bolmasa-da, alaç ýok, ony boýun almaly bolýar. Ýöne derñew wagty namyslary depelenip, garşysyna güýç ulanylsa-da, özüniñ ynsanlyk mertebesini saklanlar hem bardy. Olar edil bir almany deñ bölen ýaly biri-birine meñzeş 35 sany aýyplaýyş hatynyñ içinde derñew wagty özlerini alyp baryşlary bilen tapawutlanýardylar. Biz olaryñ biri hakda gürrüñ edipdik. Emma beýlekileri sorag edilen mahalynda berk durup, ýoldaşlarynyñ abraýyny hem-de özüniñ mertebesini saklapdyrlar. Olarda: "Uruş, sögüş, ýöne ýaraşmaga ýer goý" diýlen nakylyñ äheñi duýulýardy. Taryhy materiallara ýüzlenip, şol materiallara edebi öwüşgin bermek dogrumuka? Ençeme döredilen eserleriñ "gurluşyk materiallary" durmuşda bolan wakalardan susulyp alnyp, şolar esasynda eserleriñ döredilýändigi sebäpli, men-ä bu ýerde telek zat bardyr öýdemok. Sorag edilen wagty Şewki Bektöräniñ özüni alyp barşy bilen içgin tanyş bolanymda ol Ostap Ibragimowiç Benderiñ obrazyny ýadyma saldy. Şewki Bektöre hem edil Ostap Bender ýaly asly türkdi, akyl we bilim, sowat paýlanyşygynda doly hakyny alyp bilmedik hem bolsa, hyýalbentlikde, toslama tapmakda başga-da bir topar adamyñ hakyny alandygy bildirip duran adamdy. Şewki Bektöre Ostap Benderden 10, 12 ýaş uly diýäýmeseñ, ruhy taýdan olaryñ biri-birinden tapawudy ýokdy.Olaryñ ikisi hem gizlin guramanyñ agzasydy - biri Ilf bilen Petrowyñ gülkünç görnüşde döreden "Gylyç bilen bürgüdiñ soýuzy" guramasynyñ agzasy hökmünde hereket edip işler geçirýärdi, beýlekisi bolsa, Türkmenistanda toslanyp döredilen "TA" guramasynyñ agzasy hökmünde hereket edip işler geçirýärdi. Ostapyñ özüne has bolmadyk Ibragimowiç diýen ady atasynyñ ada hökmünde saýlap alypdy. Ýöne Bektöräniñ başynda kapitan papak bilen boýnunda bir ujy bir wagtlar injir ýapragy bilen örtülýän ýerine ýetip duran uzyn şarf ýokdy, ýöne olaryñ deregine ol ýalan-ýaşyryk sözlemekde hem-de ýadyña-oýuña düşmeýän zatlary oýlap tapmakda "beýik pyrryldakçy" Ostapy hem ters oturdýardy. Onsoñ kitaplarda, kinofilmlerde, spektakllarda ýakasyny tanadan gahryman Şewki Ablýakimowiç bilen deñeşdireñde oýnawaja öwrülip duruberýärdi. Ostap Benderiñ gurýan pyrryldaklary adamlarda gülki bilen şowhun döredýärdi, Şewki Bektöräniñ gurýan pyrryldaklary bolsa adamlaryñ ýüzündäki ýylgyrma ýokundylaryny törpülän ýaly edip aýyrýardy. Ol bir söz aýtjak bolup agzyny açanynda onuñ garşysynda oturan adamynyñ ýüzi ak esgä dönüp, dilden-agyzdan galýardy... Derñew işleri alnyp barlan döwürde Bektöreden sorag edilende onuñ "bilelikde işleşen" adamlary barada berýän maglumatlary bilen tanşanyñda, iki sany häsiýetli aýratynlyk ünsüñi özüne çekýärdi. Olaryñ bir-ä toslap tapmaga ussatlyk, birem haýran galdyryjy ýatkeşlik. Ýöne bu işde ýalany çyna, çyny ýalana, ak zady gara, gara zady aga öwürmekde ençeme çarşenbäni başyndan geçiren adamlaryñ oña hemaýatynyñ ýetýändigini añmak bolýardy. Ýogsa beýle ýüki akyl taýdan agsaýan adamyñ göterip bilmejekdigi düşnükli zat ahyryn. 1932-nji ýylyñ 7-nji iýulynda Bektöreden sorag edilende ol bäş ýyl mundan ozal "rewolýusiýa garşy guramanyñ" ýygnagynda kimleriñ çykyş edendigini we olaryñ näme hakda gürrüñ edendigini tertip boýunça aýdyp maglumat berýärdi. Onuñ aýtmagyna görä, hamana diýersiñ, ol ýygnak her ýylda bir gezek bolýarmyş. Mysal üçin 1926-njy ýylda bolan ýygnakda B.Berdiýew bilen M.Geldiýew çykyş edip, öz çykyşlarynda "Ylmy-edebi jemgyýeti" döretmek barada mesele goýanmyşlar. Soñky gezek sorag edilende derñew işini alyp barýan ondan: "Şol ýygnaga Bekki Berdiýew gatnaşdymy?" diýip soraýar. Bektöre bolsa: "Ol ýygnakda Bekki Berdiýew ýokdy. Ol 1927-nji ýylyñ ýazynda Daşkende gidipdi" diýip jogap berýär. Hatda Bektöre şol ýylyñ tomsunda B.Berdiýewiñ Aşgabada gelip "bu ýerde iki-üç bolandan soñ ýene Daşkende gidendigini"[1] hem ýatlaýar. Aradan bäş ýyldanam gowrak wagt geçenden soñ keseki bir adamyñ gelip-giden wagtyny ýatda saklamak bolup biljek zat däldi. Eger şol adama onuñ yzyna düşmeli diýlip buýruk berlen bolsa, ol hem onuñ her ädimini ýazga geçiren bolsa, onda ol ony şeýle takyk bilip bilerdi. Ýöne geçirilýän soragda ol hakda material ýokdy. Aradan 10 gün geçenden soñ derñew işini alyp barýan Durow Şewki Bektöre bilen Kakajan Berdiýewi ýüzleşdirýär. Bu ýüzleşige garşy guramanyñ hatarynda bolandygyny ýa-da bolmandygyny Bektöreden soraýar. Ol bolsa K.Berdiýewiñ ol gurama girýändigini tassyklap, soñundanam ady dilden düşmeýän rewolýusiýa garşy göreş alyp barýan şol guramanyñ ilkinji ýygnagynyñ Bekki Berdiýewiñ öýünde geçendigini edil gözi bilen gören ýaly edip jikme-jik aýdýardy. Kakajan Berdiýew garaşylmadyk ýagdaýda Bektöräniñ beren soragyna garşylyklaýyn sowal berip, Bekkileriñ öýleriniñ nirededigini, olaryñ öýleriniñ näçe otagynyñ bardygyny, olaryñ nähili ýagdaýda ýerleşýändigini hem-de onuñ diýýän şol ýygnagyna Gulmuhammedowyñ gatnaşandygyny sorapdy. Kakajan Berdiýewiñ oslagsyz beren bu soragy Bektöräniñ kellesine ýassyk bilen uran ýaly edipdi. Sebäbi ýüzleşdirilmek üçin düzülen ssenaride bu ýagdaý göz öñünde tutulmandy. Derñew işini alyp barýan Durow aljyraññylyga düşen dikmesine direg boljak bolup: "Onuñ ownuk-uşak zatlara üns bermedik bolmagy ahmal. Sen buýtar-suýtar etme-de, berilýän soraga göni jogap ber, sen rewolýusiýa garşy göreşýän gurama girýärmidiñ ýa-da gireñokdyñ?" diýip azmly sorapdy. Şeýdip ol Bektöre bilen syrly dilleşiginiñ bardygyny hut özi duýdurypdy. Bektöräniñ toslama tapmaga ussatlygynyñ çägi ýokdy. Her bir guramanyñ öz nyşany, agzalyk bileti bolmaly ahyryn. Olarsyz hem, heý, gurama bolarmy? Onuñ güwä geçmegine görä, gizlin guramanyñ agzalaryna bilet berlip, olar agzalyk wznoslaryny tölänlerinden soñ kwitansiýa alýarmyşlar. "Ylmy-edebi jemgyýetiñ" agzalaryndan "TA" guramasyna agza edilip kabul edilenlere kümüş nyşan, diñe "Ylmy-edebi jemgyýetiñ" agzasy bolanlara-da demir nyşan berilýärmiş. Nyşan diýilýän zat dakynmak üçin berilýär. Nyşan diýlen zat nasist partiýasynyń agzalarynyñ ýa-da "Woroşilow atyjylarynyñ" öz nyşanlaryny dakynyşlary ýaly dakynylmaly ahyryn. Nyşan dakynyljak bolsa, onda gizlinlik barada gürrüñ nämä gerek? Şu ýerde toslamaçynyñ tapýan zatlarynyñ durmuş hakykatyndan daş düşýän ýerleri diñe bular hem däldi. Onuñ beýle bolmagyna, belki, onuñ akyl we sowat paýlanyşygynda biraz gijä galanlygy sebäp bolandyr.Durmuş hakykatyny ýoýýan derñewçileriñ öz tapan toslamalaryny ynandyryjy deliller bilen soñuna çenli alyp gitmäge pähimli paýhaslary kemterlik edýärdi. Sebäbi barlag işleri geçirilende kümüş nyşana-da, demir nyşana-da, daşy sürlüp giden agzalyk biletine-de gabat gelinmändi. Eger, hakykatdanam, ol nyşanlar bolan bolsa, nähili-de bolsa, bir ýaramaz tutaryj bolaýmaly ahyryn. Bu ýerde-de olaryñ aýaklaryny ýerden üzendikleri mälimdi. Şewki Bektöräniñ özümi ýa-da oña nähili hereket etmelidigini salgy berýän "režissýorlarymy" garaz, olar alyp barýan işlerine diýseñ yhlas bilen ýapyşýardylar. Olaryñ "TA" guramasynyñ ýaragly gozgalaña taýýarlyk görmegi üçin iñlis konsullygynyñ dört million (indi oña dört million diýýärler) pul berendigi baradaky toslamasam, şifrdir, programma baradaky toslamasam, täri tapylyp okalan 20 sany protokol baradaky toslamasam, umuman "TA"-nyñ beýleki dokumentleri baradaky toslamalaram ilki bada ikigöwünli adamy ynandyryp biljekdi. Bektöre hatda "TA"-nyñ nirelerde ýygnak geçirýändigini hem aýdýardy. Ol ýygnagyñ hut öz öýünde, Kümüşaly Böriýewiñ öýünde, Bäşim Pereñliýewiñ öýünde, olardan hem daşgary Böriýewiñ iş kabinetinde-de geçirilýändigini aýdýardy. Hakykatda bolsa, bularyñ hemmesi toslanýan töhmetlerdi. Şewki Bektöräniñ öz hojaýynlaryna ýallaklap çenden aşa wepaly hyzmat etjek bolmagy hojaýynlarynyñ hem aladasyny artdyrýardy. Günleriñ bir güni ol operatiw organyñ işgärlerine "TA" guramasynyñ Merkezi Komitetiniñ başlygy O.Wafaýew daşary ýurda gaçyp gidenden soñ, M.Geldiýewiñ hem şu gün ýa-da erte daşary ýurda geçjek bolýandygyny, Böriýew bilenden soñ oda-köze düşüp başlandygyny, sebäbi M.Geldiýew gaçjak bolanda ele düşäýse, gizlin guramanyñ üstüniñ açyljaklygyndan howatyr edýändigi barada aýdýardy. Soñra bolsa S.Öwezbaýew, K.Böriýew hem-de A.Gulmuhammedow dagy ýygnanyşyp M.Geldiýewiñ janyna kast etmeli diýen netijä gelendiklerini, ol işi hem Böriýewe tabşyrandyklaryny, oña-da Böriýewiñ kes-kellämi garşy çykandygyny, eger ol M.Geldiýewiñ janyna kast edäýse, onda hökman bilinjekdigini deliller bilen subut edendigi barada gürrüñ berýär. "Ýagdaý şeýle bolansoñ ol işi maña tabşyrdylar. Men Böriýewden awy alyp, M.Geldiýewiñ naharyna sepdim. Aradan 10 gün geçenden soñ bolsa Muhammet Geldiýew öldi, onuñ ölümi türkmenleriñ arasynda şübhe döretmedi". Soñra bolsa Bektöre oýlap tapýan elhenç toslamalaryndan lezzet alýan mahalynda gürrüñ bermäge başlaýar: "Bu waka 1930-njy ýylyñ aýaklarynda bolupdy. Böriýew rabfaga til edip meni öz ýanyna çagyrdy, iş kabinetinde maña awy berdi. Hiç hili şübhe döremez ýaly, men birnäçe gezek Geldiýewleriñ öýlerine baryp, kitap alan boldum, soñra alan kitabymy yzyna elten boldum. Ýene kitap alyp, ýene-de eltdim. Garaz, gatnawymy kesmedim. Onsoñ bir gün nahar iýen wagty onuñ öñündäki içi aşly tarelkasyna awy sepdim. Aradan iki gün geçenden soñ Geldiýewiñ nähoşlanyny eşidip olara bardym. Onuñ aýaly wraç çagyrdy. Men Geldiýewiñ ýanyna bardym. Ol düşekde ýatyrdy, özem iç goşlarynyñ çensiz agyrýandygyndan nalaýardy, onuñ agzyndan gan gelýärdi, geplände agram salyp zordan gepleýärdi. Men ondan bu kesele neneñsilik bilen uçrandygyny soradym, ol maña kesgitli jogap berip bilmedi. Gelen wraçlar onuñ içegeleriniñ içinde ýara dörändigini aýtdylar. Mydama onuñ ýanynda aýaly, şepagat uýasy hem-de Aşyr Kiýathanow bolýardy. Ol gyş günleriniñ birinde aradan çykdy, daşary durşuna gar bolup ýatyrdy. Açyp barlamak üçin onuñ jesedini keselhana alyp gitdiler. Ol ýerde çykarylan netijeden meniñ habarym ýok".[2] Şu ýerde bir zat geñ galdyrýar. Bektöre bäş ýyl mundan ozal bolan wakanyñ jikme-jigine çenli ýatdan bilýän bolsa-da, hut özüniñ awy berip öldüren adamynyñ haýsy gün aradan çykandygyny kesgitli aýdyp bilenok. Ol diñe "gyş günleriniñ birinde aradan çykdy, daşary durşuna gar bolup ýatyrdy" diýmek bilen çäklenýär. Bu ýerde bir säwlik bolmaly. Geldiýewiñ ölmegine onuñ sebäp bolmagy ýa baryp ýatan toslama bolmaly ýa-da ol öz penakäriniñ beren görkezmelerini doly özleşdirmän, agzyna gelen sözleri aýdyp goýberen bolmaly. M.Geldiýew jaýlanan mahalynda K.Böriýewiñ aýdan sözlerini welin Şewki Bektöre gylyny gymyldatman ýat tutupdy: "Meniñ egindeşim, edebiýat we ideýa barada pikirdeşim, ýatan ýeriñ ýagty bolsun... Seniñ başlan işiñi biz ahyryna çenli dowam ederis".[3] Bu sözleri ýat tutmagyna belki, onuñ hüşgärlik bilen gerip ýören gulagyna "pikirdeşim" diýen jenaýat ýokuntgyly sözüñ eşdilmegi sebäp bolandyr.Isleseñ-islemeseñ bir sowal ýüze çykýar: Bektöräniñ öz aýbyny özi açyp, özüne töhmet ýükläp ýörmeginiñ sebäbi nämekä? Onuñ özi jenaýatçy hökmünde aýyplanýan bolsa-da, ol öñki ýüklenýän aýyplary az görýän ýaly bir ýerde jenaýat bar bolsa, ony örän ilgeziklik bilen öz boýnuna almagyna, döredilmedik guramada aktiw hereket etdim diýip gözsüz batyrlyk etmegine näme sebäp bolduka? Ýöne onuñ hiç bir ikirjiñlenmän "şeýle işleri etmäge menem gatnaşdym" diýip ýörmeginde öz eden günäsini, hakykatdanam, boýun almak diýilýän zadyñ ysam gelenok. Belki, oña soñundan halas ediji gudratly goluñ uzajakdygyny wada berendirler. Ol hem oña çenli wepadar it ýaly hojaýynlarynyñ barmaklaryny çommaldan tarapyna topulyp, dişi geçse-geçmese agyz urup ýören bolmagy ahmaldyr. Olar bu ugurda erjellik görkezýärdiler, hatda has öte geçýän wagtlaram bolýardy. Eger şeýle has öte geçme bolmadyk bolsa Şewki Bektöräniñ toslap tapan arzasy esasynda M.Geldiýew jaýlanandan bir ýyldan gowrak wagt geçenden soñ täzeden sud-medisina barlagyny geçirmek üçin onuñ jesedini gubrundan çykaryp, ýene bir gezek bedenini açmazdylar. Ýogsa ol ölen mahalynda abraýly wraçlardan düzülen komissiýa: "ýürek gan damarlarynyñ hereket etmek ukybyny ýitirendigi"[4] sebäpli aradan çykandygyny kesgitläpdi ahyryn. Gepiñ gysgasy merhumyñ jesedi ikinji gezek açylyp, ony iki gezek öldüripdirler. Bu ýagdaýdan medisinanyñ şol ugry boýunça işleýän adamlaryñ habary bardyr. Merhumuñ jesedi täzeden açylan mahalynda barlag üçin onuñ bedeniniñ birnäçe ýerinden: ýüreginden, bagryndan, öýkeninden, böwreginden bölekler alyp, soñundanam barmaklaryny dyrnaklary bilen kesip alýarlar... Merhum M.Geldiýew hem şeýle ýagdaýa düşenleriñ biri bolupdyr. M.Geldiýew birinji gezek ölende ony däp-dessur esasynda jaýlapdylar. Ikinji gezek ölende welin, dogan-garyndaşlaryndan ygtyýar alman-rugsat soralman oba ogrulary ýaly dañdanyñ alagarañkylygynda gonamçylyga baryp, onuñ jesedini çykarypdylar, işlerini bitirenlerinden soñ bolsa, çalak-çulak üstüne gum sürüpdiler. Şeýdip türkmen halkynyñ wepaly ogly, talantly alym M.Geldiýewe ölenden soñam rahatlyk bermändiler. Elbetde bu geçirilen sud-medisina ekspertizasy hem hyýalbent haramzadalara iýmit bolar ýaly zat bermändi. Olar barlagda "Bedende zäherlenme galyndysy tapylmady"[5] diýip netije çykarypdy. Ýöne beýle elhwnçlikleri etmek kime gerek bolduka? Dokumentlerde bolsa diñe "Döwlet Syýasy Uprawleniýesiniñ organlaryna teklip edildi" diýilýär. Bolany şol. Eger Şewki Bektöräniñ sowetlere garşy gizlin gurama hem-de "iş salyşan" adamlary barada beren ähli maglumatlary bilen içgin tanyş bolanymda, onuñ aýdan zatlarynyñ hemmesiniñ ýalandygy, çypdyrmadygy, töhmetdigi kada-kanuna oñly düşünmeýän adamlar üçin hem edil aý ýaly aç-açan bildirýärdi. I.Ilf bilen Ý.Petrowyñ "12 oturgyç" romanyny okan adamlar Ostap Benderiñ "Gylyç bilen bürgüdiñ soýuzy" diýen guramany döretjek bolup oda-köze düşmeginiñ sebäbini bilýändirler. Sebäbi ol gurama girýän añkawlaryñ eýlesini-beýlesini garamaga maý bermän plardan wznos puluny alýardy, iñ bolmanda 100 manat toplap, indiki etjek kezzaplygyna çenli sowalganyñ aladasyny edýärdi. Asly hakyky türk bolan beýleki melgun Bektöre toslanylyp tapylan gizlin guramanyñ, hakykatdanam bardygyny oda-köze düşüp ykrar etjek bolýarka nähili bähbit araýarka? Belki, adamlaryñ gowşak taraplaryny gözläp ýören organ işgärleri ol melgunyñ leññeç ýaly dört tarapa-da sagynman ýörşp bilýänligi sebäpli ony özleri üçin saýlap alyp, ony meýletin "aýyplaýjy" edip ulanandyrlar. Onsoñam 7 ýyl mundan ozal bu ýere säwlik bilen düşen adamyñ Türkmenistan bilen näme baglanyşygy barka? Bu ýeri onuñ üçin ýatdy, bu ýerde onuñ ne dogan-garyndaşy, ne-de dost-ýary bardy, onuñ bu ýer bilen asla ilteşigi ýokdy. Belki, bu toprakda onuñ diregi, daýanjy bolmansoñ, eýesiz it ýaly ýüz berene ýallaklap, hut öz gara başyny goramak üçin küşgürilen tarapa topulyp ýören it mysaly bir melgun bolmagy ahmal. Ol diñe bir küşgürilen tarapa topulman, eýsem küşgürilmedik tarapa hem topulýardy. Bir gezek ol organ işgärlerine maglumat berende ylmy-edebi jemgyýetde Puşkiniñ ýubileýi bellenen mahaly Aly Kerimow diýen biriniñ Puşkiniñ patyşa Russiýasynyñ sada halky ezip, zulum edýändigini paş edýän goşgusyny okanda, Bektöräniñ çäkli akly munda jenaýat bar diýip hasap edip: "Kerimow şol goşgyny okanda bilgeşleýin Sowet häkimiýetinde zulum etmek syýasatynyñ bardygyny ýanjady"[6] diýýärdi. Şewki Bektöre operatiw organlaryñ işgärleriniñ öñünde näçe üçürdikläp, olaryñ üzeññilerinden üç gezek geçenem bolsa, ol ýallaklamalar oña erkinligem bermändi, bagtly durmuşam. Heý-de iliñ betbagtlygyndan bagt binasyny gurup bolarmy? Bu ýerde Puşkiniñ: "Ol näçe şelaýynlyk edenem bolsa, hökümdar ýylgyrmady" diýen sözlerini ýatlamak ýerlikli bolsa gerek. Sebäbi Bektöre näçe ýallaklap şelaýynlyk edenem bolsa, hökmürowanlardan onuñ ýüzüne ýylgyryp bakan bolmandy. Şewki Bektöre ençeme adamy batga batyrmak üçin rewolýusiýa garşy iş alyp barmakda ençeme aýyplary öz üstüne alypdy. Başga birine aýyp ýüklemek üçin boýun alan aýyplary esasynda özi sykaja salnyp ugralanda, ol ozalky boýnuna alan aýyplaryny indi almajak bolýardy. Ol şol pursatda nähili ýagdaýa düşendir öýdýärsiňiz? Ol özüni betbagt hasap etdimikä? Ýa-da öz guran duzagyna özüniň düşenine okündimikä? Ýöne, her näme-de bolsa, ol öz janyny satyn alyp bilipdi. Bektöre Özbegistanyň türmesinde ençeme wagt tussaglykda bolandan soň 1946-njy ýylda azatlyga çykypdy. Iki ýyldan soň ýene-de Daşkendiň türmesine basylypdy. Ýöne SSSR-iň döwlet Howpsuzlygy ministriniň garamagynda geçirilen ýygnakda “Sowetlere garşy guramalara degişli bolany sebäpli ony sürgün etmeli. Sürgün edilmek jezasyny ol Sowet Soýuzynyň çetki künjekleriniň birinde geçirmeli” diýip karar kabul edilipdi. Şondan soň Bektöre Krasnoýarsk ülkesiniň çola ýerdäki obalarynyň birine ugradylypdy. 1958-nji ýylda “Türkmen Azatlygy” diýlip atlandyrylan gurama “gatnaşyjylaryň” günäsizdigi subut edilip, olar aklanypdy, şol sanda Şewki Bektöre hem aklanypdy. Asly türk bolan Bektöre aklanan hatyny gowşurmak üçin baranlarynda, ony ol ýerden tapmandyrlar. Ol ondan iki ýyl ozal boşap, öz watanyna Türkiýä gidipdi. Onuň ol ýerden iki ýyl öň gitmeginiň hem sebäbi bardy. Ol döwlet syýasatyna maýyllyk aralaşan badyna öz işine adalatly garalmagyny haýyş edip, dürli ýerlere hat yzyna hat ýazypdy. Belki, ýaşy bir çene ýetenden soň galan ömri sowetleriň sürgüninde çüýrär öýdüp howatyr edendir, belki, ata watan, dogduk depe baradakyýatlamalar ony erkine goýan däldir. Eger şeýle bolsa onda onuň Ostap Benderden tapawudy diňe şol ýagdaý bolýardy. “Türkmen Azatlygy” atly toslanylyp tapylan gurama zerarly tussag edilenleriň içinde özünde günä ýokdugy barada ilki dillenen Şewki Bektöredi. 1955-nji ýylyň sentýabr aýynda Krasnoýarsk ülkesinde oňa sorag edilende ol: “Derňew edilýän döwründe moral taýdan erbet silterlenenim sebäpli men ýüklenýän aýyplary boýnuma almaly boldum... Uzak wagtlap sorag edýärdiler, uky ýokdy, masgaralaýardylar, sögýärdiler, haýbat atýardylar, meniň aýalym hem tussag edildi diýlip habar berlenden soň men etmedik zadymy etdim diýmäge, bilmeýän zadymy bilýän diýmäge mejbur bolup, özüme ýöňkelýän günäleri boýnuma almaly boldum. Aýalymyň hiç wagt tussag edilmändigini soňundan bilip galdym”[7] Şewki Bektöräniň sesi hiç ýere ýetmejek ýaly bolsa-da, onuň sesini eşiden tapylypdy. Onuň sesini kimiň eşidip, oňa kimiň hemaýat edendigini subut edip biljek däl. Ýöne onuň özi bilen deň tussag edilen adamlardan iki ýyl öň aklanmagy hem oňa subutnama bolarmyka diýip pikir edýärin. Diýmek, beýle edibem boljak eken-dä? Hemmlere deň kanunda-da öwrümleriň boldugy-da... Bu söhbetimiň ahyrynda başdaky aýdan pikirimi gaýtalasym gelýär. Men onda käbir taryhy tipleri edebi obrazlar bilen deňeşdirmäge hakymyzyň bardygy, olaryň edebi eserlerde gaýtalanýandygy barada aýdypdym. Edebiýat durmuşyň aýnasydyr diýip, belki, şonuň üçin aýdylýandyr. Eger “Gylyç bilen bürgüdiň soýuzy” Ilf bilen Petrowyň döredijilik fantaziýasynyň önümi bolan bolsa “Türkmen Azatlygy” guramasy hem Staliniň hem-de onuň “gylyç göterijileriniň” döreden totalitar düzgüniniň toslap tapan närsesidi. Ostap Ibragimowiç bilen Şewki Ablýakimowiçiň ýekeje zat barada täleýleri deň gelenokdy. Ol hem bolsa, Ostap öz ajalyna ölmändi, ony ýaş wagty öldüripdiler. Şewki bolsa diri galyp, altmyş sekiz ýaşyna ýetenden soň aoň lagerlerde uçran yzaly keselleriň ençemesini gerdeninde göterip, öz watanyna tarap gidipdi. __________________________ [1] Şol ýerde, t 3, sah 236; [2] Şol ýerde, t 2, sah 404-405; [3] Şol ýerde, t 2, sah 382; [4] Şol ýerde, t 5, sah 417; [5] Şol ýerde, t 5, sah 426; [6] Şol ýerde, t 2, sah 90; [7] Şol ýerde, t 7, sah 30. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |