14:43 Syrly toslamalaryñ pidalary: Yza ýol ýok | |
▶ 8: YZA ÝOL ÝOK
Taryhy makalalar
Wafaýewiñ özi barada hat üsti bilen hem-de dilden aýdýan zatlary özüni hondanbärsi saýýan naçalnigiñ-nazmiýanyñ gulagynyñ duşundan şemal ýaly geçip gidýärdi. Ol şübheli gözlerini ondan aýyrman: - Sen sowetleriñ içalysymy? Dogryñdan gel, nähili tabşyryk bilen geldiñ? - diýip, bir wagtlar ýat tutan sözlerini gaýtalaýardy. O.Wafaýew bu ýere maksat arap gelmändigini düşündirjek bolýardy. Ol aldawyñ gurbany bolandygy, türmeden gaçandygy, umuman bir topar zatlaryñ başyny agyrdyp, ahyrynam rewolýusiýa garşy göreş alyp barýan "Prompartiýanyñ" hatarynda durýandygy, ony hem Döwlet Syýasy Uprawleniýesi biler öýdüp gaçyp gaýdandygy barada aýdýardy. Bolmadyk zatlaryñ näme peýda berjegine onuñ özi hem düşünmeýärdi. O.Wafaýewde hilegärlige baş urmak meýli ozalam bardy. Şol meýliñ häzir ejizlän pursatynda-da özüniñ bardygyny duýduran bolmagy ahmaldy. Emma ol deliller murtlak pyýadanyñ ýüregini eredip bilmeýärdi. Ol ony tussaglykda saklamagyny dowam etdirýärdi. O.Wafaýew çygly hem tagtabitli zyndanda 27 gün ýatypdy. Onuñ içini it ýyrtýardy, aýaly Annagülüñ çagalary bilen bu tarapa geçmeli möhleti eýýäm dolupdy, ol bolsa olar üçin kör-köpüklik alada etmändi. Gaýry bir ýurda geçmegiñ nähili kyndygyna ol şu ýerde düşünipdi. Serhetçileriñ gözüne güýdüşip serhetden geçmek kyn zat däldi, ýöne esasy kynçylyk geçeniñden soñ başlaýan eken. Baran ýeriñ bilen baglanyşygyñ bolmasa, puluñam bolmasa, dat günüñe. Bir gün garaşylmadyk wagtda naçalnik-nazmiýa O.Wafaýewi türmeden boşadyp, onuñ hiç ýere gitmejekdigi barada dil haty bermegini talap edýär. Indi nirä gidersiñ? Yza ýol ýok, Eýranda bolsa nirede gizlenjek? Ol özüniñ gaýtarylyp sowet häkimiýetine tabşyrylmagyndan howatyr edýärdi. Bu şäherde mundan beýläk ýaşamaga onuñ gurby çatjak däldi, sebäbi hiç ýerde işlänokdy, tanyş-bilşi ýokdy, ýaşamak üçin derwaýys gerek bolan harajadam gutarypdy. Dünýäniñ garny giñdir, onda gowy adamlaram bardyr diýleni hak, oña säwlikde ýukaýürek bir pars gabat gelip, Türkmenistandan getiren ähli zatlaryny, esasanam täze ýyly paltosyny naçalnige sowgat bermegi maslahat berýär. Ol hem edil maslahat berlişi ýaly edýär. Şondan soñ naçalnik onuñ eline ynamdar adam diýen kepilnama berip, nirä gidesi gelse gidip biljekdigini aýdýar. O.Wafaýew şol wagtyñ özünde Büjnürde tarap ugraýar, ol ýerde onuñ gonalga hem-de edeni ugur alsa işe ýerleşäýmegem mümkindi. Büjnürde baryp ol Annamuhammet Çig diýen bir adamy tapýar. Ol adam diýseñ ýañrady, bu keleçewräk adam özüni akyl agajynyñ çürbaşyna çykan adam hasap edýärdi. Belki, şonuñ üçinem oña "Çig" lakamy berlendir. Wafaýew onuñ bilen tanşan badyna ol bitirýän işleri barada söhbet açyp öwünmäge başlapdy. Annamuhammet Çig Parižde çykarylýan "Ýaş Türküstan" atly emigrantlaryñ žurnalyny Eýranda ýaýradýandygyny, birnäçelerini Türkmenistana iberýändigini gürrüñ berýärdi, soñundan bolsa Merkezi Parižde bolan "Türküstan Milli Istiklal" guramasynyñ agzasydygyny aýdyp, özüniñ agzalyk biletini görkezýärdi. (Ol gurama Mustafa Çokaýew ýolbaşçylyk edýärdi, onuñ Maşatdaky filialyna bolsa özbek Müfti Sadretdin ýolbaşcylyk edýärdi). Annamuhammet Çig Mustafa Çokaýew bilen ýakyn gatnaşygynyñ bardygyny magtaýardy, guramany öwüp arşa çykarýardy, Wafaýewiñ şol gurama girmegini haýyş edip ýalbarýardy. Gurama girmek üçin Maşatdaky Sadretdini görmegi maslahat berýärdi. Wafaýew türkmen çöllügindäki ýomutlaryñ arasyna barmak üçun taýýarlyk görýändigini, ol ýerde adamlaryñ oña garaşýandygyny bahana edinip, onuñ erjellik bilen edýän haýyşlaryndan sypjak bolýardy. Ýöne her näme edenem bolsa, Maşada hat ýazmaly bolupdy. Büjnürt Wafaýewiñ tamasyny ödemändi, ol bu ýerden degerli goldaw tapyp bilmändi. Onuñ alyp gaýdan adreslerem birwagtlar alan bolany sebäpli ol adreslerde tanyşlarynyñ birinem tapmandy. Keleçewräk Annamuhammet Çig bilen iş salyşmagam onuñ göwnüne makul däldi. Bular ýaly içinde syr saklap bilmeýän adamlaryñ köplenç halatlarda iki hojaýynyñ hyzmatkäri bolýandygy baradaky pikir Wafaýewiñ kellesine gelen badyna ikirjiñlenmän Jargelana tarap ýola düşüpdi. Ol ýerde-de saklanman Kümmethowzuñ ýanynda ýerleşýän Omçaly diýen türkmen obasyna gitmegi niýetine düwüpdi. Sebäbi ol obada Nury ahun diýen tanymal adam ýaşaýardy. Wafaýew onuñ bilen rewolýusiýadanam öñ ýakyn tanyşdy. "Donuñ täzesi, dostuñ könesi" diýlip ýöne ýere aýdylmandyr. Orazmämmet Wafaýewiñ Nury ahuna bil baglamak bolar diýen tamasy bardy. Tama edişi ýaly hem bolup çykypdy. Hormatly din wekili oña öýde sapak berýän mugallym bolmagy teklip etdi. Wafaýew bu myhmansöýer öýde laýyk bir ýyl üç aý bolup, hojaýynyñ köp sanly çagalaryna taryhy, edebiýaty, Gurhany öwretdi. Eýranda halanmaýanam bolsa, ol çagalara latynlaşdyrylan eliipbiýi hem öwredipdi. Şol döwürlerde bolsa Türkmenistan şol elipbiýe geçmäge taýýarlyk görýärdi. O.Wafaýew Omçaly obasynda ýaşap ýören mahallary häli-şindi Astrabada, esasanam Kümüşdepä gidýärdi. Nury ahunyñ uly ogly Täçmuhammediñ öýünde myhmançylykda bolup, welaýatyñ türkmenleri bilen tanyşýardy. 1931-nji ýylyñ tomsunda çarwadarlaryñ, daýhanlaryñ basmaçylar hereketi diýlip atlandyrylan gozgalañy başlapdy. Edil şol döwürde-de O.Wafaýew Sadretdiniñ iberen ikinji hatyny alypdy. Sadretdin ony Maşada çagyrýardy, Mustafa Çokaýewiñ adyndan onuñ terjimehalyny hem-de bu ýere gaçyp gelmegine nämäniñ sebäp bolandygyny aýtmagy haýyş edýärdi. Orazmämmet Wafaýew onuñ hatyna jogap beripdi, ýöne Maşada gitmekden saklanypdy. Ol häzirki wagtda öz watany demirgazyk Türkmenistana ýakynrak ýerde bolanyny kem görenokdy. Sebäbi ol wagtlarda Türkmenistanyñ demirgazygynda kolhoz gurluşygyna garşy çykan çarwadarlar, daýhanlar Gyzyl Goşunyñ hem-de çekistleriñ otrýadlarynyñ oklaryndan heläk bolýardylar. Ol günler türkmen sährasynda asudalyk ýokdy. Bu ýerde, Kümüşdepede hem gozgalañçylara kömek bermek üçin otrýadlar düzülýärdi. Annageldi Aga, Hakmyrat hem-de onuñ ogly Geldi Mämmet öz düzdn otrýadlary bilen rewolýusiýadan öñ Herrikgala obasyny dolandyran, asly çeltek taýpasyndan bolab Kuly Arçynyñ ýanyna, Garaguma tarap ýola düşüpdiler. Gozgalañyñ sarsgyny respiblikanyñ köp etrabyna ýetipdi. Öz-özünden möwç alan ýarymguramaçylykly bu gozgalañyñ turmagyna totalitar düzgüniñ kolhoz gurluşygynda meýletinlik formany ulanman, güýje daýanyp, zorluk etmegi, soñam ýerli ilatyñ diñe baýlaryny hem-de çarwalarynu kulaklyga çekmän, eýsem orta daýhanlary, hatda garyplary hem kulaklyga çekip jeza berip başlamagy sebäp bolupdy. Daşary ýurtlaryñ ýörite gulluklarynyñ üpjünçiliginde bolup, sowet häkimiýetiniñ garşysyna ýykgynçylykly iş alyp barýan emigrantlaryñ merkezleri hem bu herekete biparh garap durmandylar. Olar basmaçy otrýadlaryny ýarag bilen üpjün etmäge hem-de Sowet häkimiýetiniñ alyp barýan nädogry syýasatyny näletleýän düşünjäni ähli ýurtlara ýaýratmaga jan-tenleri bilen ýapyşýardylar. Daşary ýurtlaryñ syýasatçylary, mydama bolşy ýaly, türkmen halkyny halanokdylar, ýigrenenokdylar, olaryñ başyna düşen bela begenenokdylaram, gynananokdylaram, olar diñe bir zady, öz bähbitlerini bilýärdiler. Bu işde "Türküstan milli komitetiniñ" başlygy Mustafa Çokaýewiñ çykaran emigrantlar žurnaly "Ýaş Türküstan" uly rol oýnapdy. "Türküstan milli komiteti" ikinji jahan urşy döwründe gitler Germaniýasynyñ döwlet dolandyryjylary bilen aktiw aragatnaşyk saklaýardy. Orazmämmet Wafaýewde gyzmalyk, göçgünlilik häsiýeti bolany üçin birnäçe gezek Türkmenistana gitmäge hyýal edipdi. Bir gezek gozgalañçylara kömek bermek üçin ugrajak bolup duran basmaçylar otrýadynyñ serdary oña bile gitmegi teklip edipdi. Emma onuñ ýaşy bir çene ýetendigi sebäpli seresaplylyk gyzmalykdan rüstem gelip, ol ýerde birden çekistleriñ toruna düşäýmäýij diýen howatyr ony alyp galypdy. Ýöne Wafaýew ol ýerde galsa-da göwni bärdedi, "Balykçy" lakamy bilen goşgular ýazyp, olary halk köpçüligine ýaýradýardy. Onuñ "Hakykat ýolunda ejir çekip Balkanda ölenlere" bagyşlap ýazan goşgusyna saz düzüp ähli ýerde, esasanam Türkmensährada aýdym edip aýdýardylar. Gören-eşidenleriñ aýtmagyna görä, bagşy ol aýdymy ýerine ýetirende diñleýjiler saklanyp bilmäm aglaýar eken. Diñleýjileriñ aglamagyna goşgudaky duýguly setirleriñ ýüreklere ornamagy bir sebäp bolýan bolsa, onda onuñ ikinji sebäbi hiç kime hiç zat diýmän öz gara gününi kowalap ýören kiçijik halkyñ üstüne bela-beteriñ gelip, gül ýüzli ýigitleriñ müñlerçesiniñ gyrgyna berlendigini ýatladyp duranlygy bolsa gerek. Goşgynyñ tagaşyksyz terjimesini okanyñda, derñew işlerini alyp barýanlar ol goşgudan syýasy many gözlän bolsalar gerek diýen pikir kelläñe gelýär. Hakykatda bolsa, Garagumda bigünä ganlaryñ dökülen wagty Wafaýew ol ýerden uzakdady ahyryn. Asyl nusgasyny bütewiligine tapmak kyn bolan goşgyny okyjylara hödürlemegi makul bildim. Eý musulman, sen gulak sal ähli-yslam halyna, Din üçin murtutlaryñ garşy çykyldy ýoluna, Kapyr ähli ýygnanyp, kast etdi jan-u malyna, Hak üçin dawa edenler, bolsun Alla ýaryñyz. Balkan ähli birigip, din gylyjyn galdyrdylar, Goç ýigitler at salyp, murtutlary öldürdiler, Ähli-yslam şöwketin kapyrlara bildirdiler, Parz üçin dawa edenler, bolsun Alla ýaryñyz. Köp ýigit kaza bolup, agla, şehitdir ol ölen, Topulyp, algyr kimin ol Hakmyratdyr at salan, Şiri-Ýezdan täk bolup hem öldi batyrlyk bilen, Din üçin dawa edenler, bolsun Alla ýaryñyz. Gije dañ wagtynda men düýşümde gördüm öldügiñ, Kapyryñ ganyn döküp, ahyr şehit hem boldugyñ, Mäliki-Aždar kimin murtutlara at saldygyñ, Il üçin dawa edenler, bolsun Alla ýaryñyz. Hajy Arazdyr saña ýoldaş, at salyp kapyr ýykan, Din üçin dawa edip, murtutlara garşy çykan, Birnäçe zalymlaryñ boýnun burup, ganyn döken, Şeýle ýoldaşlar bilen hem bolsun Alla ýaryñyz. Köp musulman aglaşyp, asmana çykdy nalasy, Din üçin şehit bolup, ýesir bolandyr balasy, Adyna yslam dakyp, möwlasyn öldir kölesi, Goç ýigitler, at salyñ siz, bolsun Alla ýaryñyz. Oglumyz kapyr bolup, gyzlar haýany atdylar, Dini-yslam ýoluny stol üçin satdylar, Medresäni, metjidi murtutlara jaý etdiler, Şol üçin dawa edenler, bolsun Alla ýaryñyz. Yşbu gün matam tutup, dünýä ýüzi gan aglaýar, Ähli yslam ýas çekip, bagryn-jigerin daglaýar, Türkmeniñ murtutlary namys satyp, keýp çaglaýar, Zalymyñ ganyn dökenler, bolsun Alla ýaryñyz. Ol Çagyl atly guýy doldy şehitler ganyna, Külli ynsan eñreşip ýygnaldy Doñra ýanyna, Atylan gülleleriñ hiç kim ýetişmez sanyna, Balasyndan aýrylanlar, bolsun Alla ýaryñyz. Ol Eziz Alla kelamuñ hak diýip dawa eden, Topulup, ganlar saçyp, maksat-myradyna ýeten, Öldüren kazy bolar, ölse, şehit harba giden, Din-şerigat diýp ölenler, bolsun Alla ýaryñyz. Eý, haýasyz şpion, diniñ satansyñ pul diýip, Beýle sen haýyn watansyz ili-halkyndan doýup, Baş bolup, yslam gyrdyrdyñ neneñ sen göz gyýyp, Haýyna garşy çykanlar, bolsun Alla ýaryñyz. Bomba partlap, çañ turup, gopdy beýik bir zenzele, Maýa-köşek bozlaşyp, asmana çykdy welwele, Mäleşip owlak-guzy arşa ýetendir gulgula, Toplara göwsün gerenler, bolsun Alla ýaryñyz. Ol aýal, oglan-uşak duşmany suwsap bardylar, Aglaşup jabr-u sütem kapyr golundan gördüler, Toplaýyp goýun kimin gyzgyn howada sürdüler, Delmirip suwsap ölenler, bolsun Alla ýaryñyz. Garşylaşdy ol goçaklar, atlanyp göwsün gerip, Köp ýigit şehit bolandyr, aldanyp özi baryp, Ol ýetimler aglaşýar, ýalñyz Hudaga ýalbaryp, Yñraşyp ahlar çekenler, bolsun Alla ýaryñyz. Ol Bekeş ogly Omar at saldy arslan dek bolup, Tä kyýamat at goýandyr, özi armansyz ölüp, Ähli gyrgyz jem bolup, namys çekendir öwç alyp, Hem Enes hem-de Beketmer, bolsun Alla ýaryñyz. Jar çekildi äleme, yslam üçin toý tutdular, Segredip atlar çapyp maksat-myrada ýetdiler, Ol gazak-gyrgyz, ýomut namys edip hary etdiler, Pürküzip ganlar dökenler, bolsun Alla ýaryñyz. Eý, Huda-ýa; dem-ýezel, yslamy etmäwer zelil, Aglaşan mazlumlara sen rehim kylgyl, eý Jelil, Ymmatynyñ Şafygydyr hem Muhammet, ol Halyl, Enbiýalar hem weýanlar, bolsun Alla ýaryñyz. Balasyndan aýrylan aglar, Araz ibni Wefa, Milletim diýp dalaşyp men, çekmişem jebr-u-jeza, Watanymdan aýra düşdüm, görmedim zowk-u safa, Eý, musulman türkmen ähli, bolsun Alla ýaryñyz. Aradan birneme wagt geçeninden soñ bu goşgy "Türkmen Azatlygy" guramanyñ gaýybana agzasy hasap edilýän Wafaýewi milletçilikde, rewolýusiýa garşy göreş alyp barmakda aýyplamak üçin uly tutaryk bolupdy. Göwnüme bolmasa, Wafaýewiñ şol goşgusy esasynda aýdylýan aýdym häzirki döwürde-de günbatar türkmen sährasynda, Balkan daglarynyñ eteklerinde aýdylýan ýaly bolup dur... Orazmämmet Wafaýew serhetden geçip parslaryñ arasynda ýaşap başlaly bäri häli-şindi öz maşgalasyny, ýakyn dost-ýarlaryny ýatlaýardy. Ol entek çagalykdan bäri tirkeşip ýören ýakyn dosty Muhammet Geldiýewiñ aradan çykandygyny eşitmändi. Ol Muhammet bilen Kaspiniñ kenarynda bile önüp-ösen, bile hem medresä gatnapdy. Soñ-soñlar pikirdeş bolupdylar, bir döwüm çöregi paýlaşypdylar, birek-birege hemaýat beripdiler, birek-birege söýget bolupdylar. Orazmämmet metbugat tarapyndan uly urgulara sezewar edilen mahalynda Muhammet ol urgularyñ birnäçelerini öz üstüne alypdy. Olar serhetden hem bile geçmelidiler. Emma Muhammet belleşilen ýere baryp bilmändi. Onuñ belleşilen ýere näme üçin barmandygyny Orazmämmet häzirem bilenokdy. Orazmämmet öz dogduk depesinden uzak bolmadyk ýerde, Kaspi deñziniñ Mañgyşlak kenarynda önüp-ösen Kümüşaly Böriýewi mähir bilen ýatlaýardy. Orazmämmet işden çykarylyp, durmuşyñ agyr günleri i başyndan geçirýän wagtlarynda Türkmendöwletneşirýatyna ýolbaşçylyk edýän K.Böriýew oña hemaýatkärlik goluny uzadyp, çagalaryna çörek bolar ýaly terjime işlerini berýärdi. Wafaýew serhetden geçmeziniñ öñüsyrasynda Jon Ridiñ "Dünýäni sarsdyran on gün" atly kitabyny terjime etmäge başlapdy, gonoraryñ hasabyna neşirýatdan 300 manat awans hem alypdy. Ýöne ol başlan işini tamamlamaga ýetişmändi. Ol serhetden geçmek üçin öýden çykmazynyñ öñ ýanynda ol pullary aýaly Annagüle berip, neşirýata gowşurmalydygyny berk tabşyrypdy. Bir gezek Orazmämmet dosty Kümüşalydan özüniñ goşgular ýygyndysyny okap bermegi haýyş edipdi. Ol onuñ goşgular ýygyndysyny okap degerli maslahatlar beripdi. Şonda Kümüşalynyñ bir belligi, has dogrusy, bir düzedişi onuñ göwnüne ýaramadyk hem bolsa, dawalaşyp durmandy. Ýöne kalligrafiýa taýdan örän owadan ýazylan hatlar bilen "milli galkynyş bilime tarap gadam urýar" diýen sözlere girizen düzedişiniñ sebäbini sorapdy. Şonda Kümüşaly Böriýew: - Sen näme, üstüñe öñki ýüklenýän ýükleri az görýärmiñ? "Milli galkynyş" diýen sözleriñ "işçi zähmetkeşler" ýa-da "proletarlar" diýen sözler bilen ornuny çalyşsañ, seniñ berjek bolýan pikiriñ berilmese-de, onda jenaýat ýokuntgyly sözler-ä bolmaz-da - diýipdi. Onda-da oña aýyp bary ýüklenipdi, ol "Halk duşmany" hasap edilip başlanypdy. Eger ýagdaý şeýle bolmasa, ol ýurduny taşlap gaçyp gitmezdi ahyryn. Wafaýewiñ garşysyna häkimiýet çykyş edip ugransoñ, ozal oña bahyllyk bilen garaýan "dostlary" hem onuñ garşysyna çykyş edip başlapdylar. Nätjek, ýörelgäniñ ugry şol tarapa-da. "Hudaý urany pygamber hasasy bilen dürter" diýlip ýöne ýere aýdylmandyr. "Eýran tarapdan jülgäni syryp gelýän gije şemaly ol ýerden gülleriñ ysyny getirýärdi. Giden daglaryñ nirededir bir ýerinde ýalñyz saýraýan guşuñ sesem kesilipdi, ýöne daşlary ýalap akyp ýatan derýa welin, gije diýmän, gündiz diýmän şol akyp ýatyrdy..." Orazmämmet ýadynda galan şu setirleri haýsy kitapdan okandygyny ýadyna saljak bolup gözüni ýumup pikir edýärdi. Ol setirleri kim ýazdyka... Ol bu setirleri Aşgabatda bolan wagtlary, hatda serhetden geçmeziniñ öñüsyrasynda hem ýatlapdy. Indi bolsa gül ysy gelýän şol ýurt ony irizipdi. Indi aýalynyñ, çagalarynyñ, dost-ýarlarynyñ galan ýeri bolan mähriban watany Türkmenistan tarapdan gelýän asuda şemal onuñ ýüzüni sypap geçýärdi. Wagtal-wagtal çagalary, öýi, dogduk depesi ýadyna düşende özüne orun tapyp bilenokdy. Bu jebri çekip-çydamaga güýji ýetmez öýdüp howatyr edýärdi. Bu agyr gussa gije başyndan inende dañyñ basymrak atmagyny arzuw edýärdi, bu gussa gündiz başyndan inende garañky düşerine howlugýardy. Gije bilen gündiz hiç bir zada ähmiýet bermäbln orunlaryny çalşyp durdular. Onuñ bolsa edip bilýän alajy ýokdy. Onuñ Eýrana geçenine 15 aý bolupdy. Emma özbaşyna öýi-öwzaram ýokdy, rehimdar Nury ahun oña goldaw bermek üçin öý mugallymy hökmünde saklap ýördi. Güýzüñ başynda onuñ çagalaram esasy okuwlaryny dowam etmek üçin dürli ýerlere gidýärdiler. Birnäçeleri Tährana gitse, birnäçeleri Stambula gidýärdi. Öz maşgalañy bu ýere getirmek barada asla pikir hem eder ýaly däldi. Sebäbi onuñ üçin hysyrdylardan başga kän pul gerekdi. Ol pullary nireden aljak? Hatda onuñ öz egnindäki eşikleriniñ hem sary gaçypdy. Gyş pasly gapydan garap durdy. Her niçigem bolsa, Nury ahun oña öz geýýän donuny beripdi, onuñ ogly Täçmuhammet bolsa, aýakgap bilen beýleki eşikleri beripdi. Näme etmeli? Mundan beýläk nähili ýaşamaly? Ýa-da maşgalañ bilen arañy ömürlik üzäýmelimi? Belki, öýe dolanyp barmalydyr? Baryp boýun synmalydyr? Egilen baş kesilýän däldir... Ol söz diñe nakylda şeýle diýilýärdi, hakykatda bolsa kesilýärdi. Onda-da nähili kesilýärdi... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |