T A K D Y R
Ata-enesi ir dünýeden gaýdansoň Gurtmyrat gartaşan daýysynyň elinde ese-boýa galyp, ýigit çykypdy. Orta mekdebi tamamlap uniwersitete okuwa girdim diýende-de, daýysy ýurduny täzeledi oturyberdi. Töweregi çolaryp, halys ýalňyz galan Gurtmyrat şondan soň her kesiň öýlerine görme-görşe gidýän çaglarynda-da tomsuň jöwzasyna döz gelip, umumyýaşaýyş jaýynda oňňut etdi.
Ýaňyl atly gyz welin onuň töwereginde köw-jöw eder ýörerdi. Onuň bilen Gurtmyradyň hem gepi-sözi alşyp, öwrenişip gidipdi. Olar köplenç bile tirkeşerdiler. Ýaňyl Gurtmyradyň ýalňyzlygyny, yzynda hiç kesiň ýoklugyny onuň öz agzyndan eşidipdi. Şonuň üçinem ýygy-ýygydan onuň halyndan habar alyp, oňa herhal duýgudaşlyk bildirýärdi, içini gysdyrmazdy. Şeýle bolansoň Gurtmyradam ähli syryny oňa aýdardy, onuň ýanynda özüni arkaly duýardy.”Okuwa girip saňa duşmadyk bolsam, men näderdim? Sen meniň gözümi açdyň, Ýaňyl. Sen meniň ýalňyzlygymy duýdurmadyň, jan penam bolduň” diýerdi.
Okuwyň ahyrky ýylynda talyplary önümçilik tejribesini geçmek üçin ýerlere ugratdylar. Ýaňyl hem beýleki ýoldaşlary ýaly öz welaýatyna gitdi. Gurtmyradyň önümçilik tejribesi paýtagtyň mekdepleriniň birinde geçilmeli edildi...
Basym üç aýlyk önümçilik tejribesem tamamlandy. Hemmeler ýaňadan uniwersitete, gutardyş döwlet synaglaryna ýygnandylar. Ana, şol ýerde-de Gurtmyrat özi bilen saglyk-amanlyk soraşan Ýaňyly başy gyňaçly gördi.
Ony şagga der basdy. Ýaňylyň oslagsyz halda durmuşa çykmagy oňa bulutsyz gün ýagyş ýagan deý täsir etdi. Ýok, olaryň arasynda söýgi, yşky gatnaşyklar bolmandy, sadaja arkalaşyk, dostluk gatnaşygy bardy. Hernäçe tirkeşseler-de, Gurtmyrat onuň ýanynda söýgiden, durmuş gurmakdan söz açmandy ahyryn.Ýaňyl hem bu meselede çeýedi. Ýöne bir gezek özbaşdak maşgala bolmak meselesinde ata-enesiniň aýdan-diýeninden çykyp bilmejegini Gurtmyradyň ýanynda ýaňzydypdy. Öýlenmek hakynda söz açylanda bolsa: „Gurtmyrat, „Ýetim oglan öz göbegini özi keser“ diýilýändir. Senem birmahallar öýlenmeli, öý-işik bolmaly bolarsyň. Şonda hergiz unutma, pederlerimiz hen ýöne ýere „Söýeniňi alma, seni söýeni al“ diýen däldir. Meň doganlarymyň ikisem öýlenip, şu meselede düýpli hata goýberdiler“ diýip tabşyrypdy. Ýöne özüniň durmuşa çykjagyndan welin dil ýarmandy. Görlüp oturylsa, önümçilik tejribesi döwründe onuň başy boglup, Aşgabatda ýaşaýan daşgynrak garyndaşlaryndan birine durmuşa çykarylypdy.
Gurtmyrada „Bagtly bol, Ýaňyl!“ diýmekden öňňe zat galmandy. Ýöne kalbynda gizlenip, heniz uçgun düşmedik ham-hyýalyny welin oňa duýdurmady. Duýdurman dogram etdi. “Meniňem sende göwnüm bardy” diýsinmi? Ýa-da “Men ýüregimi saňa baglapdym” diýsinmi? Indiden soň ony aýtmagyň hajaty näme? „Gowusy, sen oňa ýene-de şo-ol öňki garaýşyň bilen garaber. Syr berme. Bolan boldy, geçen geçdi. Bu iň dogrusy bolar“ diýip içini gepletdi. Ýaňyl hem onuň ýanynda özüniň nikasyndan, neneň-nähili ýagdaýda durmuş gurmaly bolanlygyndan kelam-agyz söz açybermedi. Şeýdibem Ýaňyl paýtagtda işe galdy. Gurtmyrat merkezden has uzaklarda ýerleşýän gum içindäki çetki obalaryň birine işe iberildi. Onuň baran obasynda gün-güzeran kyndy. Akyp ýatan suwam ýokdy, elektrik toguny berýän kiçijik motoryň hem uly oba güýji ýetmeýärdi. Aşgabada-da uly ýük maşynlylar gatnaýar diýmeseň, o mahallar düzüwli ýol-ýoda-da ýokdy. Gurtmyrat kynçylykdan gorkmaýardy, basym baran ýeri bilen, gün-güzerany bilen oňňut etdi, gumlulaň durmuşy öwrenişdi gidiberdi. Adamlar ony bir mysapyr maşgala-da öýerdiler. Ilkinji çagalary dünýä indi. Ol bagtlydy, durmuşyndan nägile däldi, ähli zat gülala-güllükdi, gowulykdy. Bir günden bir gün pajygaly ýagdaýa uçrajagyndan welin heniz habarsyzdy...
Ol şol gün sapakdan soň, okuwçylar bilen tirkeşip öýlerine ugrapdy. Hiç kes beýle bolar öýdüp pikir hem etmändi. Bu ýagdaý hemmeleriň gözüniň öňünde bolup geçdi. Gabat garşydan birýanyna gyşaryp gelýän ýük maşynyň öňki tekeri sypdy-da, ýoldan çykdy. Soňam bir gapdala agdarylyp, esli aralyga tüýdürilip gitdi. Gurtmyrat ýanyndaky çagalary birýana serpip ýetişipdi, olardan heläkçilik çeken bolmandy, özüne welin ol howpdan aman sypmak başartman eken, maşynyň yzky tekerleri onuň sag aýagyny mäjum edip taşlapdy.
Ol etrap keselhanasyna getirilende-de özüni bilmeýärdi. Opperasiýadan soňam esli günläp lukmanlar onuň başyny alyp oturypdylar. Alty aýlap ýerinden gozganman ýatmaly edildi. Çagalary bilen mekdep mugallymlarydyr okuwçylary, oba adamlary hem onuň ýanyndan aýrylmadylar, asla il-gün ony ýekesiretmedi.
Gurtmyrada takdyra kaýyl bolmakdan başga alaç galmady. Aýagyna protez oturdyp,soň hasaly ýöredi, kem-kemden oňa-da öwrenişdi. Söýgüli kärini welin taşlamady. Özi-de tä hormatly dynç alyşa çykýança işledi, obadan daşyna çykmady.
Heniz-henizlerem ýaşuly mugallym wagtynyň köpüsini mekdepde geçirerdi. Ata-ene ýygnaklaryna yzygiderli gatnaşýardy. Ýaş mugallymlara maslahatyny gaýgyrmazdy. Mekdep onuň ikinji öýüdi, mekdep muzeýiň işine kömekleşýärdi, onuň baýlaşmagy üçin alada edýärdi.
Soňky wagtlar baýry mugallymyň ýüregi otursa-tursa, özüniň bäş ýyllap ýaşan hen okan şäherini--Aşgabady küýseýärdi, onuň gözel köçelerini, tanalmaz keşbini ýakyndan synlasy gelýärdi. Şu çaka çenli merjen şähere öwrülen Aşgabadyň gözelligini diňe teleýaýlymlarda görüp, onuň ajaýyp syratyny gazet-žurnallarda synlap oňupdy. Indi welin gojalan göwni kuwwatlanan ýaly, Aşgabady görmek hyjuwy bilen ýaşaýardy.
Bir günem onuň gökdäki dilegi ýerde gowuşdy. Bu şeýle bolupdy. Mekdebe barlagçylar toparynyň gelenini eşiden Gurtmyrat aga ýola düşdi. Olar baýry mugallym bilen bir-birden elleşip salamlaşdylar, hal-ahwal soraşdylar. Ine, şu ýerde-de olaryň arasynda saçy çuw aga boýalan, gözleri ullakan äýnekli, eginlekden garynlak bir adamyň ýüzi oňa tanyş bolup göründi. Ilkä onuň ýüzüne siňe-siňe seretdi, soňam ony esli wagtlap daşyndan synlady. Ahyry-da onuň ýanyna baryp:
--Bagyşlaň, inim, men sizi birine meňzetdim-de...--diýdi.
Ol adam Gurtmyrat aganyň ýygyrt basan ýüzüne, elindäki hasasyna seredip, birbada hiç zat aňşyrmady.
--Sen, Mämmet dälmi?--diýdi.
Ady tutulansoň, özüniň köne bir tanşyna duşandygyna ikirjiňlenere zat galmadyk myhman:
--Hawa, men Mämmet. Siz kim borsuňyz, ýaşuly?—diýdi.
--Sen nä meni tanamadyňmy? Men Gurtmyrat, obadaşyň.
--Gurtmyrat, agam!--Mämmet ony gujaklana bokurdagy dolup gitdi.--Asyl sen diri ekeniň-ä!
Gurtmyrat şol gün agşam Mämmedi öýüne çagyryp getirdi. Çaý başynda oturyp mesaýy gürrüňler etdiler. „Syr syry açar“ diýlişi ýaly, gürrüňden gürrüň çykyp, Gurtmyradyň ýüregindäki arzuwyny duýan Mämmede ony ertiriň özünde özi bilen Aşgabada myhmançylyga gitmäge yrmak başartdy.
Gurtmyradyň ýüzi üýtgäp gitdi. Mämmet Gurtmyradyň ýüzüne seredenden:
--Gurtmyrat, ýagdaýyň gowumy?-- diýdi.
--Gowy, gowy.
--Soramakçy bolýan zadyň bolsa, sora, ýaýdanma.
--Neme, Mämmet, ýadyňa düşýämi, biziň bilen Ýaňyl atly bir gyz okapdy. Uniwersitetiň ahyrky ýylynda-da Aşgabatly bir ýigide durmuşa çykypdy. Gyz familiýasy Ataýewady. Sen-ä ony tanaýan dälsiň?
--Men siziň bilen okan ýoldaşlaryňyzyň aglabasyny tanaýan. Olar bilen häli-şindi duşuşybam durun. Tüweleme, siziňkiler zor. On ýyl, ýigrimi, otuz, hatda kyrk ýyllyk senelerini hem üýşüp bellediler. Seniň welin nirdeligiňem, aýatda diriligem bilýän ýok.Ýogsa-da, olardan ala-böle diňe Ýaňyly soradyň welin...
--Ýok, sen oňa başgaça düşünme. Ol meniň talyplyk arkadaşym, iň ýakyn maslahatçymdy. Şondan başga meniň syr berip, syr alyşýanymam ýokdy.
--Düşünýän. Ýaňyl Meredowa häzir paýtagtyň uly bir çagalar bagynyň müdiri. Mende onuň telefon belgisem bar. Isleseň, häzir men oňa jaňam edip bilerin.
--Ýok, ýok, jaň etme gerek däl. Barybir ertir şähere gidýäs.
--Gaýta begenerdi-dä! Jaň edeýin, gepleşiň.
--Aý, ol birhiliräk.
--Onuň birhilirägi bolmaz.--Mämmet jübüsinden çykaran telefonyndan Ýaňylyň telefonyny aýlady. Telefonda zenan maşgalanyň sesi geldi.
--Alýo, alýo.
Bu Ýaňylyň sesidi. Mämmet derhal telefony Myradyň gulagyna tutdy.
--Me, gürleş.
--Alýo, alýo, Siz Ýaňylmy?
--Hawa, men Ýaňyl. Siz kim borsuňyz?
--Salowmaleýkim.
--Äleýkimsalam.
--Men... men bile okan ýoldaşyňyz Gurtmyrat.
-- Gurtmyrat?! Gurtmyrat, Gurtmyrat. Sen hakykatdanam...
Soň birhowa ses-seda çykmady. Gurtmyrat telefony bir eýläk, bir beýläk agdaryşdyryp gördi. Gury „Şyg-şygdan“ öňňe zat eşidilmedi. Ol Mämmediň ýüzüne garap gepledi:
--Arasy kesildi. Belki ol ýatandyr, belki-de toý-märekede oturandyr. Agtyk-çowluklary daşyny alyp duran bolsa kim bilýär? Öz-ä hakyt Ýaňyl eken. Aýdymçylaryňky ýaly şo-ol bir mahalky owadan sesem üýtgemändir.
Birdenem telefona ýaňadan jan girdi. Indi Ýaňylyň sesi açyk-aýdyň eşidilýärdi:
--Alýo, alýo, Gurtmyrat, dogrudanam bu senmi? Ýa oýun edýäňmi? Eger-de, hakykatdanam bäş ýyllap bile okan ýoldaşymyz Keljäýew Gurtmyrat bolýan bolsaň, onda sen aýt, bize diňe bir jaň etmek üçin saňa kyrk ýyllap wagt gerek boldumy? Garagol diýsänim. „Ölme-de ýit“ diýleni. Baryň-ýoguň belli bolmady seň. Häzirem aýatda diriligiňe, walla, görmesek, ynanjagam däl. Näme diýsene, “Elli gepden belli gep“. Sen şäherdemi? Onda şu gezek görünmän, hiç ýaňa gitmersiň. Eşidýäňmi? Seniň nirelerde otlap-suwlap ýöreniň belli däl. Häzir biziň öýmüzde toý. Agtyjagymyň iki gözüniň dört bolýan güni. Uly toýumyzam ertirdir, „Bagt köşgünde“. Ýoldaşlarymyzdanam toýa geljekler bar. Gurtmyrat, senem gelermiň, gelersiň gerek! Gel ahyryn, arzyly myhmanymyz borsuň. Didaryňa zar boldu-ga...
Goja bedene nirelerdendir bir ýerlerden güýç geldi, kuwwatlandy.Ýaňyl bilen birki agyz gürleşenine ýüregi aram tapan ýaly ynjaldy. Birneme keýpi ýerine geldi, seri durlandy. Şo dem Ýaňylyň mundan kyrk ýyl ozalky keşbini göz öňüne getirjek bolup örtendi. Soňam hasasyna ygtybarly ýapyşyp durşuna bokurdagyna zor salyp gürledi:
--Bararyn, hökman bararyn...
Mämmet Gurtmyradyň Ýaňyla beren jogabyndan hoşal bolup, oňa söýünçli bakdy.
Goçy ANNASÄHEDOW.
Hekaýalar