T Ä L E Ý
Biribiriniň yzyna tirkelen ýükli düýeleriň hatary Hywa sary ugur alypdy. „Gyrmyldan gyl aşar“ diýleni. Indi näce gündür gijesini gündiz edip, şol bir birsydyrgyn ýöriş bilen gidip oturan kerwen, dogrusy, uly bir ýol öndürmeýän ýaly bolup görünse-de, kerweniň aý-güni ýöredýän ýolbelediniň hasabyna ser salanyňda günsaýyn, sagatsaýyn, garasaý, ýol geçilýärdi. Täze-täze aňňatlardyr oturymly ýerler olara ýygy-ýygydan gabat gelýärdi. Kerwene gijeki dogan Aýyň, asmandaky sansyz-sajaksyz ýyldyzlaryň öçügsi ýagtysynyň aşagynda ýöremek tomsuň jokrama yssysyna garanyňda herhal ýeňildi.
Kerweniň ähli babatdaky ykbaly, köp babatda onuň ýolbaşçysyna baglydy. Kerwende jemi altmyş iki sany düýedir on-on iki sany gatyr bolup, olaryň ählisine-de satlyk, alyş-çalyşa niýetlenilen harytlar ýüklenipdi. Ýükleriň aglabasyny gawun kakydyr eýlenen deriler, halydyr keçeler, ýüňdür at esbaplary tutýardy. Hojalygyna gerek bolan zatlardan satyn almak üçin ýany bilen altyn-kümüş göteren ýüksüz adamlar hem bardy. Şonuň üçinem Begşer kerwenbaşynyň bir başy, müň bir aladasy bardy. Nirde düşlemek, nirde dem-dynç almak, kerwençileriň, düýeleriň halyndan, olaryň saglygyndan wagtal-wagtal habar alyp durmak, bu zatlary kerwenbaşy öz borjy-wezipesi hasaplaýardy. Ine, şu gün öýlänler gartaşan inerlerden biriniň ýola ýaraman, kerwenden üzülip galmagy hem onuň ozalky aladalarynyň üstüne ýemek bolupdy. Dogrusy, ýükçi düýedir arwanalaryň ýüki argyşdan gaýdylandakysyndan ep-esli azdy. Şonda-da, kerwenbaşy hatardan galan düýäniň ýüküni belli bir inere ýüklemän, beýleki gatyrdyr düýelere deň-derman paýlanyny kem görmedi.
Aslynda kerwenbaşy kerwene guýudan-guýa dem-dynç berip gelýärdi. Ýöne ýolugrunda gabat gelýän guýularyň ählisiniň suwy süýjem däldi. Haýsysynyň süýji, haýsysynyň ajy suwly guýudygyny bir-ä Begşer kerwenbaşy bilýärdi, birem kerweniň ýol beledi. Şonuň üçinem adamlar düşlemekçi bolýan ýerleriniň salgysyny diňe şolardan sorap bilýärdiler.
Gün öýlä agyberende, kerwen Tagar guýusyna gelip ýetdi. Guýyň düýbi çuňdy. Olaryň pikiriçe, guýy näçe cuň bolsa, onuň suwy şonça-da süýji bolýardy. Begşer kerwenbaşy adamlara guýa kyrk-elli ädim golaý ýerde, düýeleriniň ýüküni ýazmagy tabşyrdy. ”Ýigitler, boş meşikleri suwdan doldurmagy unutmaň! Birsellem, dem-dynç hem alyň. Gurtgeldi, inim, senem ýanyňa Meretgeldini, Süleýmany al-da, düýeleri suwa ýak, soňam olary ho-ol ýandakla bakan duşaklap goýber. Özüňem olara gözbaş bol, uzak gidip, bizi ýalazy ýerde ýalňyz galdyryp ötägitmesinler. Gatyrly-gatyryna eýe çyksyn. Kerimguly, senem esasy işiň bilen bol, depä çyk-da, töwerek-daşy dürbüläp gör, hüşgärligi elden berme, del adam görünse, habar ber!”.
Kerwene garawul goýlansoň, adamlar ine-gana kerwenbaşynyň tabşyrygy bilen töwerekden odun çöpläp, ot ýakdylar, gazanlar atarylyp, biş-düşe başladylar.
Iki gatyry bilen kerwene goşulan Şerbet wäşi-de şu ýerdedi. Wäşi diýseň wäşidi. Her bir gürrüňine gülüp oturmalydy. Onuň ýany bilen ýöräp, gürrüňini diňlän adam, wagtyň neneň geçeninem bilmeýärdi, ýadanynam duýmaýardy.
- Aýtsam, biziň obada „Dopba-dogry” lakamly bir adam ýaşaýar. Oňa Bekgi ýaňra-da diýýärler - diýip, häzirem, heniz düşelgede oňly jaýlaşyp-jaýlaşmanka, gülküli gürrüňe başlady.-- Iki sözüniň biri „Dopba-dogry” bolup dur. Dogrusy, ýüreginde garalyk ýok, sada adam. Görgüliň hiç kime ýamanlygam ýok. Ýöne her kimiň kemçiligini ýüzüne aýtmasy, gönümelligi bar. Şonuň üçinem adamlar oňa ýyrtyk elek ýaly, içiňde gep saklanok diýýärler. Bar bela-da oňa iki barmak dilinden gelýär. Arada-da şeýle bir waka boldy, Bekgi ýaňra gaýraky obaly Öwez köre gabat gelipdir. Öwez köre-de siz belet, bir gözüniň batyl bolanynam ilden-günden görýän ýaly, aşa gaharjaň adam. Ana, şol adam giden mähelläň öňünde: “Aýt, nili azan, meni sen satdyňmy? Boýun al!” diýäge-de, sen-men ýok, münüpdir Bekgi ýaňraň söbügine. Bi işi gaýdanam äm-säm bolup durşuna, gürrüňini ýene şol endigine eýerip: “Dopba-dogry, dopba-dogry” diýip, ýöne şol bir sözüni gaýtalap duranmyşyn-da.
“Hä, it ogly, şeýledirem öýtdümle, ahyry, özüňem boýun aldyň. Deýýus, meni oňa satanyň bilen çolpyňa bir zat düşdümi?” diýip, depesinden ýumrugyny inderjek-inderjek bolanda, zordan elinden alypdyrlar. Pahyr şonda-da şol bir sadalygy bilen: ”Dopba-dogry, o nämäniň boýun almasy? Sen meni tanaňok, men, dopba-dogry, adam satmam bolmaz. Aýt, men seni kime satypdyryn, haçan satypdyryn, näçä satypdyryn?! Dopba-dogry, sataňda saňa hyrydar tapyljakmy-ýokmy, öňinçä şo barada oýlanmak gerek” diýýämişin. Hernä adamlar aýny wagtynda kömege geläýipdirler diýýär, bolmasa, körüň eline büre düşen ýaly o zaňňar “dopba-dogryny” şol ýeriň özünde tüýt-müýt
Öwez kör şol wakadan soň, häli-häzirem: ”Şu ýerden dopba-dogry geçmedimi?”, ”Dopba-dogryny gören barmy?” diýip, Bekgi ýaňrany gözläp, hakyt, öňýetenden sorap-idäp ýörmüşin-dä! Hamala, oňa hak enesiniň dakan ady ýok ýaly.
Muňa oturanlar gülüp hezil etdiler.
- Häý, Şerbet aga, seniňem gep haltaň egsiler ýaly däl-ow -- diýip, Begşer kerwen onuň häsini ýetirdi.-- Arada goňşym Polat bagşy geldi öýe. “Menem argyşa gitsem bolmazmy?” diýip, kän-kän özelenipler ýalbardy. “Kerweniň adamy ýetik” diýdim, almadym. Indi ony almanyma-da ökünýän. Aram-aram saz diňläp, aýdym eşidesiň gelýär--diýip, Begşer kerwenbaşy ýüregindäkisini aýtdy.
--Dogry aýdýaň, Begşer. Erbed-ä bolmazdy. Kerwen düşlän ýerinde, gulagymyzyň posun-a aýyrardy – diýip, Şerbet wäşi gürrüňe goşuldy.
- Nesip bolsa, indiki gezek ony hökman kerwene alaryn. Gazma dutaryňam ýanyňdan aýyrma diýerin.— Şondan soň Begşer kerwenbaşy gapdalynda oturan Aka ýüzlendi. -- „Oglum, gök çaýa taý geljek zat bolmaz eken. Ýene-de bir tüňçäni suwdan doldur-da, oduň başynda oturt. Ine-gana teşneligi bir gandyralyň.
- Bor, Begşer aga.—Aky tüňçäni alyp, guýa bakan ýöneldi.
Akynyň ilkinji gezek argyşa diýip gaýdyşydy. Şonuň üçin ýolboýy gabat gelen oba-kentlerem, çölüň her tüýsli ýeli-şemaly, tüweleýden ýaňa turuzýan “oýunlaram”, ho-ol asmanda ganatyny giňden ýaýyp, iki-baka pelesaň urýan ýyrtyjy guşlaram, hatda ulanyşdan galan gurruk guýularam oňa täsin bir gudrat bolup görünýärdi. Şondandyr belki, ýolboýy sowal yzyna sowal berip, kerwençileriň içini gysdyrman gelýärdi. Häzirem çaý başynda Begşer kerwenbaşy bilen oňa ýanaşyk oturan Akynyň arasynda mesawy gürrüňler edilýärdi.
--Aky, ýol bilen nädýäň, ýadadanok dälmi? -- diýdi.
--Ýok, Begşer aga, ýadamok.
--Suwsaňogammy?
--Suwsamogam.
-- Berekella,“Çölde suwsuzlyk jebrini çekmedik, öýde gyzgyn nanyň gadryny bilmez” diýlendir.
--Kerwene goşulmak gyzykly eken, kerwençilerden bilmedik zadymy sorap, gaty köp zatlary öwrendim.
--Dogry edýäň, bilmedigiňi, düşünmedigiňi hergiz soramaga ýaltanmagyn. Onsoňam, hiç kim enesiniň içinde öwrenýän däldir. Tüweleme, indi senem oglan-oglanjyk däl ahyryn, murty taban ýigit bolup ýetişdiň. Öýlenmek, öý-işik gurmak hakda welin pikirem edeňok.“Ýetim oglan öz göbegini özi keser“ diýilýändir.
Aky öýlenmek meselesini öňem oba arasynda gürrüňdeş bolan iki-ýeke ýaşululylaryndan eşidipdi. Begşer kerwenbaşa welin bu meseleden söz açar öýtmändi.
- Dogrymy aýdýan. Meniň seniň ýaşyňdakam, iki sanyjak aýak biten çagalarymam bardy. Onsoňam „Nany tamdyr gyzanda ýap“ diýlendir. Herki zadyň öz wagtynda aladasy edilse ýagşy.
- Wah, näsin aýdýarsyňyz, Begşer aga. Ony sizem bilýäňiz-ä. Mende ne ata bar, ne ene. Sopbaş özüm. Olar meni has kiçijikkäm ýeke galdyryp gidipdirler. Maňa uly iliň Aky ýetim diýmeklerem şonuň üçin. Men olar barada hiç zat bilemok. Bar hossarym garry atamdy. Öten ýyl olam meni taşlap, bakyýete göç eýledi.
- Oglum, seniň diýseň gowy, artykmaç pederleriň bardy. O ýyl aýylganç ýer yrandy. Dogrusy, biz ony gözümiz bilen görmedik, eşitmiş. Argyşdadyk. Iňňän köp adamy özi bilen alyp gidipdir. Biziňkilerem, siziňkilerem, onlarça hojalyklar ýaly, göni gelen ajaldan aman sypmandyrlar. Öýme-öý kesegiň astynda galypdyr. Ata-eneň, ýene-de ýalňyşmasam, iki doganyň bolmaly, siziň öýňüzden jemi dört adam diýdiler, ýer yranmanyň pidasy bolan. Bagtyňa, sen şol maşgaladan ýeke özüň aman galypsyň.
Aky kerwenbaşynyň gürrüňini gulak berip diňleýärdi. Şol gezekki ýer yranmany göz öňüne getirjek bolup gördi, başarmady. Begşer kerwenbaşynyň gürrüňiniň dowam etmegi ony ukudan oýaran ýaly etdi.
- Durmuş dowam edýär. Öleniň yzynda ölüp bolmaz. Her kes özüne berlen ýaşyny ýaşar. Sen heniz ýaş, görjegiň öňüňde.Wagt suw kimin akyp dur. Ýöne, saňa-da indi özbaşdak maşgala bolup ýaşamaga çen boldy. Atalarymyzyň: „Eklenip bilmeseň öýlen“ diýen bir dana pähiminem unutma. Adama höwür gerek. Ýekelik hudaýa ýaraşar. Näme kän, obada gyzly hojalyklar kän. Seniň ýaly akylly-başly ýigidi özlerine giýew edinip bilseler, armanlary näme. „Ýigide garyp diýme, ekin eker, orak orar, baý bolar“. Lap edip aýtdygym däl, özümde ýetişen gyz bolsady, walla, il-güne ýetirjegem däl.
- Sag boluň, Begşer aga.
Akyny öz ýanyna almagy üçin obadaşlary kerwenbaşydan bir däl, birnäçe gezek haýyş edipdiler. Ol şeýdibem kerwene goşulypdy. „Ýoldaş ýolda synalar“. Aky synagdan geçipdi. Ony hemmeler gowy görýärdi. Olaryň bir aýdanyny iki gaýtalatmaýardy, polady ýumşak oglandy. Kerwende Aka degişli iki iner bardy. Biri özleriňki, beýlekisem goňşularyňkydy. Ol ýoluň aglaba bölegini pyýadalap geçýärdi. Ýadan mahalynda öz inerine münerdi. Goňşusyndan alan inerini welin, nämüçindir agyr-artyk ýüke dözmezdi.
Akynyň horjunynda akja bir kepderi bardy. Dogrusy, ony wagtal-wagtal daşyna çykaryp, suw içirerdi, iýimlärdi. Häzirem Begşer aga onuň akja kepderini iýmläp oturanyny gördi:
- Oglum, bu kepderini ýanyň bilen uzak ýola almagyň nä hajaty bar?--diýip sorady. Şonda Aky:
- Onuň ullakan bir hajatam ýok welin, bu kepderi meniň üçin has gymmat. Ýüregim gysanda ol maňa hemişe teselli berýär. Onda men özüm üçin mähriban bir ynsanyň barmaklarynyň yzyny görýän, mylaýym sesini duýýan. Bu guş biziň pynhan syrymyzdan habarly, ýeke-täk şaýat. Şol syryň aýan bolmazlygy üçinem nirä gitsem, men ony hemişe ýanyma alýan.
-- Halaşýanym bar diýsene.
-- Aslynda bar.
-- Gizlin bolmasa, aýt, bizem eşideli, kimlerden, kimiň gyzy?
-- Biz ikimiz kiçijikligimizden ýanaşyk howluda bile oýnap, bile ösdük-ulaldyk. Dogrusy, onuň ata-enesem biziň halaşýanymyzdan habarsyzdyr. – Aky Begşer kerwenbaşa eşidiler ýaly pyşyrdap gepledi.-- Ol, goňşymyz, Çary agsagyň gyzy, ady Annasona.
- Weý, onuň ýaly bolsa, sawçy iberip, bagtyňy synap görseň bolmaýamy? Ata-enelerem juda pukara adamlar ahyryn.
- Wah, ol şeýle-le.-- Ol şondan soň darykman-çekinmän, göwnügiňlik bilen Begşer kerwenbaşa ýüregini açmaga durdy.-- Meniňem şu meselede etsem-petsemim bar. Bärigem azajyk gurplansam diýip gaýtdym. Nesip bolsa, ynha, şu gezekki getirjek harytlarymy ýerläp bilsem, ugruna çykmakçy. Edil baýlaryňky ýaly bolmasa-da, bagşyly toý bolsun diýýäs, at çapylyp, göreş tutulsyn, dostlar şatlansyn diýýäs.
- Hawwa-la. Bu zatlar soňky toýlarda kesel bolupdyr. Toý edip, il öňüne çykjak bolsaň, elbetde, birneme harajadam gerek. Bilýäň-ä, hiç kimde-de artykmaç zat ýok. Aýagyňy ýorganyňa görä uzatmaly bolýar. Her kimiň köramançylygy özüne ýetik. Eklenç kyn. Ýöne sen ruhdan düşme. „Türkmen goşy, dura-bara“ diýlendir. Öňüni bir başla, il-gün bolup alyp çykarys -- diýip, Begşer kerwen öňüne demlenilip getirilen tüňçeden gyzgyn çaý guýdy.
Basym kerwen ýola düşdi. Iki günläp dynman ýol ýöreldi. Ahyry-da Hywanyň çet künjeginde ýerleýşän gadymy meşhur kerwensaraýa aman-sag gelip ýetdi. Bu ýerde kerwene goşulan düýeler hem kerwençiler üçin ýörite salnan ýatak jaýlar hatar-hatar bolup durdy. Bir wagtyň özünde dört-bäş, hatda ondanam köp agyr kerweni kabul edip biljek giň kerwensaraýlar, haryt saklanýan jaýlar, olara hyzmat etjek hyzmatkärler bardy. Kerwensaraýyň ozalky tutýan ýerem esli bardy. Şonda-da onuň gündogar çetinde gurulýan täze saraýlaryň hatary barha artyp gidip otyrdy. Olaryň gurluşygynda onlarça ussalar gije diýmän, gündiz diýmän işleýärdiler. Metjit kerwensaraýyň demirgazygynda ýerleýşärdi.
Begşer kerwenbaşy bu ýeriň ýagdaýyna beletdi. Birentek attutaryň adyny, hatda eýeleýän wezipesini hem bilýärdi. Kerwensaraýyň ketde başlygyna Salman eke diýerdiler. Milleti kürtdi. Ýöne özbekçe-de garyşdyrybrak gürleşerdi. Herhal onuň bilen düşünişse bolýardy. Ol ýaşy altmyşdan ýaňy agyberen, orta boýly, torba sakgally adamdy. Ony aýratyn hem döşüni ýapyp duran şol torba sakgalyndan tanaýardy. Kerwensaraýa geldigi, öňi bilen Salman eke bilen salamlaşardy. Ol bu gezegem Begşer kerwenbaşyny görenden tanady.“Türkmen kardaş, hoş geldiň?“ diýip, ony güler ýüz bilen garşylady. Onsoň Begşer kerwenbaşam ylla hossaryna duşan ýaly, özüni arkaýyn duýdy. Salman eke türkmen waharmanynyň kakynyň, kişmiş-kişdesiniň ölermen aşygydy. Begşer kerwenbaşy ony öňünden taýynlap goýupdy.
Salman ekeden pitiwa alandan soň Begşer kerwenbaşy kim bilen haklaşmaly, ýüklerini düşürişmäge ýa ýükleşmäge, düýelerini kime tabşyrmaga ökdedi. Bolmasa, ilkinji gezek gelen adama kerweniňi ýerlemek üçin sarp eden wagty ýarym gündenem agardy. Salman eke-de Hywa gelip-gidýänleriň halyna oňat düşünýän adamdy. Söwdadan gaýdyp gidilende welin onuň kerwenbaşylara tamakin gözi bilen seretmesi bardy. Begşer kerwenbaşy bu hakda-da irgözin aladalanardy. Söwda edip ýörkä-de: “Ine, bi Salman ekäniň paýy“ diýip, haýsydyr bir gymmat bahaly serpaýy ýöriteläp aýryp goýardy.
Kerwensaraýyň içi adamdan ýaňa mygylda-mygyldy. Kimiň näme iş bilen meşgul bolýanyna şol adamyň özünden bidin biljek ýokdy. Begşer kerwenbaşy iki gijelik kireý hakyny töläp, adamlary özlerine berlen otaglara ýerleşdirip çykdy. Basym atdyr gatyrlara, düýelere-de seretjek adamlar tapyldy, olary iýmlemegiň ugruna çykdylar.
Şu ýerde-de Mäter kerwenbaşy Hywadan oba barýan başga bir göni ýoldan söz açyp, adamlara ýakyn ýoluň salgysyny berdi. Ol ýoldan Begşer kerwenbaşynyň öňem habary bardy.Ýöne ol bu ýoldan gidilmegine döwtalap däldi. Onuň üçin özüniň belet, uzagyragam bolsa, hemişeki gatnan ýolundan gitmek amatlydy. Çünki bu ýolda häli-häzire çenli nätanyş adamlara duşan gezegi bolmandy. Şonuň üçinem ol hemişe kerwene sakçy edip bary-ýogy on-on iki adam bilen oňňut edýärdi. Ýöne, ine, bu ýol welin onuň üçin hatarlydy, bar bolan sakçylaryň söweş taýýarlygam, ýarag esbaplaram ýagdaýlydy. Iň ýaman ýeri, ol hem kerwenindäki adamlara geňeş salyp, gaýraky ýoluň bu ýoldan ýarym salkynlyk tapawudynyň barlygyna gulak gabardypdy. Şonuň üçinem yzyna ugran kerwen şol ýoldan gaýdypdy.
- Begşer, siziň-ä bu gün derdiňiz bar, söwdaňyz oňmadymy? Ýa agyran-ynjan ýeriňiz barmy?--diýip, Şerbet wäşi şol gysga ýol ortalaberende onuň aladaly ýüzüne garady.
Begşer kerwenbaşy içini hümledip gelse-de, ol Şerbet wäşiniň sowalyny jogapsyz galdyrmady.
- Sen sorama Şerbet aga, Mäter kerwenbaşynyň aýdanyny edip şu ýoldan gelenime ahmyr edip, aňyrsyna çykyp bilemok. Ýüregim bükgüldide.
- Gaýgy etme, ähli zat gowy bolar. Enşalla, ýolumyz rahatdyr. Ähli ýerde-de gorajak Alladyr.
- Belki, şeýle bolsun-da! Adam çig süýt emen-dä! Köpläp çozsalar kerweniň goragy ýabygorly ahyryn. Dogrusy, mundan öňler-ä kerweni goramak üçin agyr-artyk adam gerek bolmandy. Ýöne... şu ýol maňa diýseň garaňky görünýä.
- Siz nämäň gürrüňini edýäňiz, Begşer aga. Darykmaň, içiňiz rahat bolsun--diýip, Aky hem göwnündäkisini aýtdy. - Hemme zat gowulyk bor. Görüň-ä, ýolumyz ýarpylabam ýör.
Dogrudanam gysga ýol Begşer aga hatarly görünýärdi, ýaýdanjyradan zadam onuň şol ýola belet bolmazlygydy. Gözi töwerekdedi, hamana olaryň üstüni galtamanlar güpbasdy edäýjek ýaly bolup durdy. Begşer kerwenbaşy bilen kerwençileriň her biriniň: „Galtamanlardan özüň goraweri, eý taňrym!” diýip, ýolboýy doga edip gelmekleriniň hem düýp sebäbi şonuň üçindi.
Basym Begşer kerwenbaşynyň çaky dogry çykdy.
- Adamlar! Begşer aga! Del adamlar bar! Häzir boluň!--diýip, Kerimguly kerwene bakan sesiniň ýetdiginden gygyryp gaýtdy. Aňka-taňka bolan adamlar ör turdy. Şo pille-de eli ýaragly kyrk-elli atly depeden aşaklygyna gaýtdy.
Sakçylar ýaragly-ýaragyna ýapyşyp, kerwenbaşynyň yşarat etmegine häzirlenip durdular. Her kes kerwenbaşa seretdi. Kerwençilere suw sepilen ýaly boldy. Begşer kerwenbaşy hiç haçan häzirkisi ýaly agyr ýagdaýda galmandy. Onda-da özüni rahat alyp barmaga çalyşdy. Sakçylara „Rahat boluň!“ diýen äheňde elini göterdi. Soňam galtamanlaryň baştutanynyň ýanyna bardy. Olardan habar almak isledi:
- Ýigitler, kim borsuňyz? Awa-şikara çykdyňyzmy?– diýip, sypaýylyk etdi.
Oňa jogap edip, ýognas adam tüpeňine ok sürüp durşuna gabarylyp gygyrdy.
- Gap sesiňi, köpek! Biziň nirä çykanymyz seni gyzyklandyrmaz. Kimde-kim harydyny meýletin tabşyrsa, şonuň hem başy aman galar! Kim garşylyk görkezse welin, eşitdim-eşitmedim diýmesin, duran ýerinde itden çykararys.-- Alnynda iki dişi öňe somalyşyp duran murtlak bir pyýada ýokaryk ok atdy. – Ýaragly ýaragyny taşlasyn! Özüňizem kerwenden uzaga çekiliň!
- Allanyň haky üçin degmäň! Adamlaryň daban azabyna göz dikmäň!
- Lal aç! - Güňleç sesli başga bir adam Begşer kerwenbaşynyň üstüne herrelip, bogazyna sygdygyndan gygyrdy. - Biziň siz bilen gep nokatlaşmaga wagtymyz ýok. Janyňyza haýpyňyz gelsin, kerweni taşlaň. Adamlaryňy al-da, çekil gyra, bolmasa ökünersiň.Ýekäňem goýmarys, äghliňizi gylyçdan geçiris.
Galtamanlardan birnäçesi sakçylary gabady, birnäçesem atyndan düşüp, düýeleri çökermäge durdy.
- Edýäniňiz näme, kişiň zadyna el urmak erkeklikden däldir.
Kerwenbaşynyň bar aýdyp ýetişen sözleri şu boldy. Murtlak pyýada kerwenbaşynyň aňsat-aňsat per bermejegini duýdy öýdýän, jylawy başga ýana sowdy. Begşer kerwenbaşy tüpeňiň gundagynyň zarbyna serrelip gitdi, dogrusy, „Ah,haýyn!“ diýip ýerinden galjagam boldy, ýöne olara gaýtawul bermäge mejaly bolmady, başy aýlandy.
Bu mahal garny ýarylgy haltalardan çaýdyr gant, tüwüdir mäş çalam-çaş bolup, töwerege pytrap ýatyrdy. Näme üçindir galtamanlar olara bakman, gymmatdan-gymmat harytlary, altyn-kümüşleri gözleýärdi. Horjunlary ilik-düwme edip ýörmeklerem şonuň üçindi.
- Begşer agama el galdyrarça, biziň goşumyzy dörerçe siz kim bolupsyňyz?--diýip, hemmeden öň Aky olaryň alkymyna dykylyp bardy.
- Biz saňa hasap berjekmi? Näme bar goltugyňda? Çykar eliňi! Altynmy-kümüşmi, okla ýere! Bolmasa, ine, gitdiň.
Aky çekilmedi, gaýta:
- Ýakynlaşmaň!--diýip, olara çöwjedi. Galtamanlar herekete geçdiler, olar Akyny ara alyp, ylla dilleşen ýaly, birsellem top kibi depip oýnadylar. Aky bu urgulara döz gelip durup bilmedi. Ýerinden galdy-da, bar güýji bilen üstüne şir bolup sürnen galtamanlaryň biriniň depesine goşa ýumruk inderdi. Galtamanyň gözünden ot çykdy, güýçli ugra döz gelmän, waýkyrdy.
Begşer kerwenbaşy:
- Oglum, garşylyk görkezeniň peýdasyz. Bularyň päli azypdyr „Ýamandan boýnuňy satyn al!“ diýlendir. Ber, nämäň bolsa! Saglyk bolsa, zat tapylar!--diýip gygyrdy. Haýp, goşaň göçen gümpüldili sesi ymgyr çöli ýaňlandyryp gitdi. Hemmeler duran-duran ýerinden butnamady. Nirden, kimiň tüpeňiniň atylany belli bolmady. Gursagyndan ýaralanan Aky şarňyldap ýere ýazyldy. Şol dara-direlikde tüpeň sesine Akynyň horjunyndaky kepderem pasyrdap asmana uçdy. Soňam olaryň dik ýokarsynda birki öwrüm etdi-de, gözden ýitdi. - Adamlar, haýynlar, Akyny öldürdiler! - Begşer kerwenbaşy Akynyň ýanyna geldi. - Ganhorlar, size nälet bolsun! -- diýip, olara haýbat atdy. Kerwenbaşynyň bu sesine kerwençiler toparlanyşyp geldiler. Galtamanlaryň arasyna dowul düşdi. “Ýörüň, ýörüň, bahym boluň, gitdik! “ diýşip, ellerine ilen-çalan zatlaryny alyp, bu ýerden sumat boldular. Şeýdibem kerwençileriň Akydan özgesi başbitin, aman-esen galdy.
Begşer kerwenbaşy Akynyň başyny dyzynda goýup horkurdyly ses bilen aglady:
- Wah, oňarmadyň oglum, oňarmadyň, nejislere el galdyrmaly däldiň!
Aky gözlerini çalaja agdaryp durşuna, soňky gezek kerwenbaşa gözüniň nury öçüşip barýan göreçlerini dikdi. Kerwenbaşy Akynyň badynyň peselendigini duýdy.
- Oglum, saňa zat bolmaz. Biz seni lukmana elteris. Ynha, şu gädikden aşan ýerimiz lukmanlaň obasydyr. Olar seni halas ederler.
Aky elini goltuk jübüsine ýetirdi:
- Agam jan, şeýle bolmak belki takdyrymda bardyr. Şu sowgady bir elin gowşurjak bolaweriň. Ýene-de bir zat, baraňda obaň ýigitlerine berkden-berk tabşyrgyn, birden ýaşlyk edip, galtamanlary aňtap gaýdybermesinler. Nähak gan dökülmesin.
Aky şondan soňam nämedir bir zatlar aýtjak boldy, haýp, bolmady, agzynyň içi dolup, ýaňagyndan inçemik syrygyp gaýdan gyrmyzy suwuklyk oňa mundan beýläk gürlemäge maý bermedi, ol basym jan berdi. Şo dem Begşer kerwenbaşynyň haýsydydyr bir galtamanyň Aka garap: „Näme bar goltugyňda? Çykar eliňi! Altynmy-kümüşmi, okla ýere!“ diýip gygyrany, hemem oňa özüniň „Ber, nämäň bolsa, başyňy gutar! Saglyk bolsa, zat tapylar!“ diýen jogaby gulagyna gaýtadan eşidilen ýaly boldy. Akynyň goltugynda saklan zadynyň öz aşygy üçin alan üýtgeşik bir gülýakadygyna akyl ýetirende, hasam möňňürip aglady. Soňam ýerinden turup: “Baryna men günäkär, meni öldürmeli, meni öldüreniň kesewisi gögär, kerweni bu ýol bilen alyp gelmeli däldim!“ diýip, gözýaş dökdi...
Kerwen oba golaýlapdy. Jaň sesi eşidilen dessine oglan-uşaklar kerweniň öňlerinden ylgaşlap çykdylar. Olaryň arasynda iki-ýeke atlydyr eşeklilerem bardy.
Heniz hiç kesiň kerweniň uçran derdinden habary ýokdy. Kerweniň bir ujunyň oba gelip girmegi bilen nämäniň-nämedigi hemmä aýan boldy oturyberdi. Düýeleriň hatary üzlem-saplamdy. Kerwençileriň ýüzi kül urlan ýaly, salykdy. Akynyň jesedi ýüklenilen iner bilen birlikde onuň yzyna düşüp hümer bolşup gelýän adamlar howlyň deňinde saklandylar. Merhumyň jesedini göterip howla salanlarynda, ony içerdäki aýal-ebtatlar uly ses bilen waý-waýlap garşyladylar.
Gynançly habar ýürek baryny awundyrdy. Bu habar dessine golaý-goltumlardaky obalara-da baryp ýetdi. Bu ahwalaty görüp, kerweni toý-baýram bilen garşylamaga gelen mähelläniň hem haly teň boldy. Adamlar iş-aladasyny taşlap, bu ýere eňdi. Merhumy günortanlar uly il bolup jaýladylar.
Dem salymda obanyň men-men diýen ýigitleri bir ýere jem boldy. Begşer kerwenbaşydan kerweniň talanan ýeriniň anyk salgysyny aldylar. Begşer kerwenbaşynyň: „Ýok, gitmäň. Gan dökülmesin. Aky neresse-de şuny wesýet edipdi!” diýip, bogazyna salyp näler gygyrsa-da, oňa gulak asan bolmady. „Biz ganhory ýeriň teýine girse-de taparys. Akynyň aryny ýerde goýmarys!” diýdiler-de, atly-atlaryna atlandylar.
Töwerekde bolup geçýän hereketi, goňşy öýüň demirgazyk penjiresinden ýaşa boglup duran bir gyz, birin-birin synlap otyrdy. Ol Akynyň kerwenbaşa gyzykly edip tarypyny ýetiren gyzy--Annasonady. Ol erjel gyzdy. Ýazmany-pozmany, hat sowady hem gysga wagtyň içinde kakasyndan öwrenipdi. Özi-de bu güne çenli toý höwesi bilen ýaşaýardy. Ol Haçanda Akydan sawçylar gelse, ana, diňe şol mahal ata-enesine özüniň razylygyny bildirmek üçin güýç toplaýardy. Şonuň üçinem ol bu gezek Akynyň ýoluna garap, onuň tizräk dolanyp gelerine garaşyp gezipdi. Geldigi, özlerine sawçy ugratmalydy.Olaryň aňlaýşyndan toýy uludan tutup, onda meşhur bagşy Hojalyny aýtdyrmalydy. Bu onuň Aky bilen gelen kararydy. Ol kemiş-kemiş aglaýardy, gözleriniň bir däl, ylla on ýerinden gyzgyn ýaş çogup-çogup çykýardy. Sag elinde-hä kepderi, sol elinde-de kepderiň getiren: „Salam ezizim. Bize, garaşgyn. Nesipli gün bararys. Hoş, görüşýänçäk“ diýen bary-ýogy iki oýnam setirden ybarat salam haty bardy.
Begşer kerwenbaşy merhumyň üçüni, ýedisini, kyrkyny sowmaga-da gatnaşdy. Asyl ol şonça günem, dyzyny epmän diýen ýaly aýak üstünde geçirdi. Soňam Akynyň haýyşyny ýerine ýetirmek üçin Annasona bilen ýekelikde gabatlaşmaga çalyşdy. Ýöne her gezek onuň bu pişesi başa barmady, ýanyndan doganydyr ejesi aýrylmaýardy. Bir gün welin muňa mümkinçilik boldy. Annasona çeşmä suwa ýeke gaýdan eken. Olar ýol aýgytda pete-pet gabat geldiler. Annasona Begşer kerwenbaşyny, onuň maşgalasynam, çagalarynam oňat tanaýardy. Asyl bu jelegaýda kerwenbaşyny tanamadyk ýokdy.Ýöne onuň özi bilen näme gürrüňi bolup biler? Başyny egip salam berip, deňinden geçiberjek boldy.
- Annasona.
Begşer aganyň özüniň adyny tutup geplänine geňirgenen bolarly, aýak çekdi.
- Gyzym. - Ol eli suwdan doly bedreli Annasonany ýöriteläp saklamak islemedi, onuň bilen bäş-on ädim deňräk ýöränini rowa gördi. - Gyzym, gurgunjamyň, Aky neressäniňem ömri gysga boldy. Nur içinde ýatsyn--diýdi.
Annasonanyň pynhan syryň açylanyndan gorkup, eýýämden ýüzi ak esgä dönüpdi. „Näme üçin maňa gynanç bildirýärkä?“. Begşer aganyň ýüzüne assyrynlyk bilen garady, ol garaýyşda çekinjeňlik bardy, gyz maşgala mahsus utanjaňlyk bardy. Begşer kerwenbaşynyň ýüzünde welin hile görmedi, onuň çynydy, her bir aýdan sözleri ýüregine jüňk bolýardy. Ol basym erkini ele aldy.
- Neme, men... aslynda... - diýip, dili tutulan ýaly sakawlady.
Gyzyň aňyndaky sowalyny gözlerinden okan ýaly Begşer kerwenbaşy öňürtdi:
- Wah, saňa gynanç bildirmesem, onuň başga kimi bar? Sen çekinme, men ähli zatdan habarly. O neresse, maňa ýüregini dökdi, basym seniň bilen toý tutmakçydygynam aýtdy. Kepderi hakynda-da kän zady gürrüň berdi. Ol meniň gujagymda jan berd-ä!
Annasona kyn-gyssaga düşdi, endamy syzlap, ýüregi bozlap, gözlerinden biygtyýar akan ýaşlar ýaňagyndan düwmelenip gaýtdy. „Bu nähili beýle boldy? Oňa kim ýarag gezemäge dözdi? Bu ýerde Akynyň günäsi näme? Ol näme edipdir?...“. Ol Begşer agadan köp zatlary sorasy geldi, ýöne gyz uýaljaňlygy, il-günden çekinjeňligi oňa bu zatlary soramaga maý bermedi.
- Gyzym, kysmatyndan gaçyp gutulan adam ýok. Akynyň saňa bolan yşgy ýürekdendi. Walla, ynan, soňky deminde-de seniň adyňy tutdy. Şu gülýakanam saňa elin gowşurmagy menden haýyş etdi.
- Gülýakamy?
- Hawa, hawa, gülýaka.
- Ol maňa üýtgeşik bir gülýaka getirjegine söz beripdi.
Begşer kerwenbaşy goltugyndan çykaran şuglasy gözüňi gamaşdyrýan, kümüş gaşly, lowurdap duran, owadan bir gülýakany Annasona uzatdy.
- Alyň, alyň. Şuny alsaňyz, walla, meniňem ýüregim ynjalar. Ýogsam, niçe günläp bagrym ýanýar, gowşurmagyň tärini tapybilman, ýanymda göterip ýörün.
Annasona birbada töweregine garap ýaýdanjyrap durdy, ýöne hiç bir garamça gözi düşmedi. Ýaňagyndan syrygyp gaýdan gözýaşyny ýeňi bilen syldy-da, gülýakany gysymyna gysyp, derhal bu ýerden gitmek bilen boldy...
Şondan soň Begşer kerwenbaşy hem kerwenbaşylyk pişesinden müdimilik el çekipdir.
Goçy ANNASÄHEDOW.
Hekaýalar