19:27 Talibanyñ Owgan Türküstanyny puştunlaşdyrma maksatnamasy | |
TALIBANYÑ OWGAN TÜRKÜSTANYNY PUŞTUNLAŞDYRMA MAKSATNAMASY
Publisistika
Mundan 200 ýyl öñ Patyşa Russiýasynyñ goşunyndan bir bölegi Hazar deñziniñ kenarynda gala-berkitme guranda, olary uzakdan synlap duran türkmen atlylary munuñ häzirki Türkmenistany basyp almaga taýýarlykdygyna düşünmekden geçen, gaýtam sarymeñiz, gök gözli, akýagyz gelmişekleri "boş işlere wagtyny giderýän gäwürler" diýip, ýañsylapdyrlar. Dek häzirem şeýle ýagdaý türkmenleriñ we özbekleriñ köpçülikleýin ýaşaýan Owgan Türküstanynda bolup geçýär. Amyderýanyñ boýunda Şordepe etrabynda ýaşaýan türkmen daýhanlary şu günlerde gije-gündiz durman kanal gazýan greýderleri we gum daşaýan kamazlary şeýle biparhlyk bilen syn edýärler. Taliban türkmenleriñ "Hyştdepe" diýýän "Goşdepe maksatnamasyny" sessiz-üýnsüzje durmuşa geçirýär. Maksatnama Amyderýadan Owganystanyñ gurak üç (Balh, Jüzjan, Farýab) welaýatyna suw äkitmeli 285 km-lik kanal bilen baglanyşykly. Elbetde, gurak sebitlere suw äkidilip, ol ýerleriñ ekerançylyga uýgunlaşdyrylmagy örän oñyn we peýdaly iş. Emma ýagdaý, gynansak-da, daşyndan görnüşi ýaly däl. Maksatnamanyñ düýp maksady sebiti puştunlaşdyrmak. Entek kanal-gazuw işlerine başlap-başlamanka kanalyñ geçjek ugrundan puştunlara ýer satylyp başlandy. Günorta Owganystandan puştun taýpa kethudalary, işewürleri, söwdagärler entek gazylmadyk kanalyñ ugrundan müñlerçe gektarlyk ýer satyn almaga durdular. Ýogsam bolmasa, Balh, Jüzjan, Farýab welaýatlarynyñ ilatynyñ 90%-inden gowragy türkmenlerden we özbeklerden ybarat ýerler. Eger ýer satylmaly bolsa, ilki bilen türkmenler bilen özbeklere satmaly, Taliban hökümeti bolsa günortadaky öz puştunlaryny bu ýerlerde ýerleşdirmäge dyrjaşýar. 285 km-lik kanalyñ eýýäm 30 km-i gazyldy, emma ne ýerli türkmenler bilen özbekler, ne-de goñşy Özbegistan bilen Türkmenistan abanýan howpy duýýar. Kanal 2-3 ýylyñ içinde geçirilip gutarylsa, ýüz müñlerçe puştun maşgalasy günortadan Owgan Türküstanyna göçüp geler, şeýlelikde sebitiñ demografik düzümi doly üýtgär. Munuñ özi Özbegistan bilen Türkmenistanyñ narkotiki serişdeleriniñ we terrorizmiñ öýjügi bolan hem-de hiç kimsäniñ gözegçilik edip bilmeýän Weziristan welaýatyna meñzeş sebit bilen goñşy boljakdygyny añladýar. Owgan Türküstanynyñ demografik düzümi üýtgän ýagdaýynda Türkmenistan bilen Özbegistan häzirki asuda durmuşyny gündiz eli çyraly gözleselerem tapmasalar gerek. Şeýle-de serhetañyrsy neşe söwdasy gaýtadan möwç alyberse, serhetýaka çaknyşyklaram az bolmaz. Çaknyşyklar we ölümler Özbegistandyr Türkmenistan üçin adatdan daşary ýagdaýam bolsa, (ganojak) owganlar üçin gündelik durmuşyñ bir parçasy, bolaýmaly zat ýaly bolup gidipdir. ABŞ-dyr NATO-ny halysalla ýadadan we ahyrsoñunda ýurtdan çykyp gitmäge mejbur edenem, owganlaryñ, has dogrusy, puştunlaryñ ölüm meselesinde äwmezeklikleri bolupdy. Günbatar owganlary bombalap, gyryp-öldürip ýola getirip bilmänsoñ, ýurtdan çykyp gidenini gowy gördi. 90-njy ýyllarda Owgan Türküstany Talibana garşy gazaply garşylyk görkezipdi, hatda demirgazykly toparlar "Demirgazyk ýaranlygy" ady bilen bileleşik gurupdylar. Taliban ikilenç şoña meñzeş garşylyga uçramajak bolup düýpli çözgüdi durmuşa geçirmek bilen başagaý. Düýpli çözgüt - sebitiñ demografik düzüminiñ üýtgedilmegi. Edil häzir Taliban üçin diýseñ amatly şertler döredi. Kanalyñ gurluşygy suwaryş maksatnamasynyñ çäklerinde amala aşyrylýandygy üçin göräýmäge endişelener ýaly zadam ýok ýaly, gaýtam halk bähbitli iş ýaly bolup görünýär. Aýratynam, öñki "Demirgazyk ýaranlygynyñ" ähli ýolbaşçylary daşary ýurtlara gaçansoñ, Taliban birinji gezek Owgan Türküstanynyñ üstüni gapyl basdy. Şumat sebitde Talibana garşy durup biljek güýç ýok. Özbegistandyr Türkmenistan bolsa, Jeýhunyñ garşy kenaryndaky babadaşlaryna gañrylybam seredeýin diýenok. Türkiýe barada aýdanda bolsa, Ankaranyñ hiç wagtam Owgan Türküstany ýa-da owgan türkleri diýen dert-aladasy bolmandy. Ankaranyñ gyzyklanýan ýeke bir adamy bar, olam jeñbaz söweş lordy General Dostumdyr. Onuñam özüne nägilelik bildiren öñki kömekçilerini gündiziñ günortany zorlukly alyp gaçyp, gynap, namyslaryna degmekden başga bilýän zady ýok. Owganystanda syrty ýer tutmadyk özbek uruş lordy haçan kyn ýagdaýa düşse, hemme zadyny taşlap Türkiýä gaçyp geldi. Dostum Ankaranyñ özi üçin çykaran otuz ýyllyk çykdajysyny ýele sowrup, suwa giderip gezse-de, Türkiýe ondan hiç el çekesi gelmedi. Dostuma bil baglap, onuñ üçin birnäçe ýylyny sarp eden özbek we türkmen ýaşlary häzir Eýranda, Türkiýede (çopançylykda, agyr gurluşyk işlerinde we beýleki gara işlerde) iñ agyr işlerde iñ pes hak-heşdek üçin işläp, güzeranlaryny dolajak bolýar. Utançsyz özbek lideri bolsa maşgalasy bilen Ankarada döwletiñ beren kaşañ köşgünde patyşalar ýaly ýaşaýar. Bularyñ barsyny bilip duran Taliban Owgan Türküstanyny puştunlaşdyrmak maksatnamasyny gyzgalañly durmuşa geçirmegini dowam etdirýär. Taliban aslynda ähli puştun hökümetleriniñ arzuwy bolan maksatnamany amala aşyrýar. Mundan 130-140 ýyl owgan emiri Abdyrahman han Owgan Türküstanyna ilkinji puştun göçegçilerini ýerleşdiripdi. Beýleki hökümetler döwründe-de, azam bolsa puştun göçi dowam edipdi. Netijede sebitde ep-esli derejede puştun diasporasy emele geldi. Olar häzir kandari we nakyl ady bilen türkmenleriñ hem-de özbekleriñ arasynda ýaşap gelýärler. Puştun göçi sebäpli ýene birnäçe ýyldan türkmenler we özbekler Owgan Türküstanynda azlyga düşse, hem-ä olaryñ barlygyna, hemem Türkmenistandyr Özbegistanyñ serhet howpsuzlygyna howp abanar. Ýagdaý şeýle bolýan bolsa, suw señrikden agmanka öñüni almak hökmany şert. Biziñki aýtmak. Esedulla OGUZ, Türkiýeli türkmen žurnalisti. 18.10.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||