17:06 Tañryberdi aganyñ degişmelerinden | |
TAŇRYBERDI AGANYŇ DEGIŞMELERINDEN
Degişmeler
Köp wagtlap görmänimizden soň, baýry žurnalist Nazar Aýnazar, Mele Badaýew dagy üç bolup, ýaşuly dramaturg Taňryberdi Hojakgaýewiňkä salama bardyk. Nazar aga ýaşuly bilen altmyşynjy ýyllaryň başlarynda telewideniýede bile işleşensoň, şol döwürdäki bir topar işdeş ýoldaşlarynyň gulaklaryny şaňlatdylar. Mundan bakyýa giden adamlaryň birnäçesini mähirli ýatladylar. Gülşükli wakalaram az bolmandyr. «Şolardan birnäçesini «Edebiýat we sungatyň» okyjylaryna ýetirseňem bolman durjak dälä diýdim. Ýeri gelende ýatlasak, Taňryberdi aga Aşgabat telestudiýasy açylanda, onuň ilkinji ýolbaşçysy bolupdy. – Studiýanyň ilkinji diktory zenan maşgalady. Öz işine jür. Öz asly käri, ýalňyşmasam, agronomçylyk bolmaly. Şol ugurdan oba hojalyk okuw jaýyny tamamlan. Ýazgy diýilýän zat ýok. Göni efire çykmaly. Kämahal ýazgyny doly okamaga ýetişmän, gyssagly efire çykylýan wagtlary hem bolýar. Ine, şol günleriň birinde diktor eline berlen ýazgydan. «Kolhozyň zootehnigi» diýip okamaly welin, ol bolsa «Kolhozyň 300 tehnigi» diýip okady. Soň seredip otursak, ýazgynyň özi aýyl-saýyl ýazylman ekeni. * * * – Kinostudiýada hepdäniň belli günleri täze filmlere tomaşa edilýärdi. Şol günleriň birinde ýoldaşlarym bilen film görkezilýän jaýda otyrdyk. Bir gapdalymda režissýor Meret Atahan otyr. Şo wagtam halypa artist Gylyç Berdi salam berip gapydan girdi-de, oturmaga çemli ýer gözledi. Menem: «Gylyç, nähili ýagdaýlar?» diýip soradym. Olam: «Aý, ölmän-ä ýörüs» diýdi. Ýanymda oturan Meredem orsça: «Žal, žal» (Haýp, haýp) diýip, oňa eşitdirip aýtdy. Gylyç Berdi bolsa näme diýjegini bilmedi-de, ýylgyraýdy. «Edebiýat we sungat», 7.12.2001 ý. ■ «Arzan bolýar...» Bir gezek günortan arakesmede kinostudiýanyň işgärleriniň birnäçesi goşa tuduň kölegesinde bir-birleri bilen degişme gürrüň edip otyrdylar. Şol wagt studiýanyň ýaşuly operatory Mark Meý olaryň deňinden geçip gitdi. Mark Meýe gözi düşen Alty Garlynyň dili gijedi öýdýän. Ol şol wagt bir gyrada duran Suhan atly ýaş ýigide garap: – Inim, pul gazanasyň gelýärmi? – diýdi. Olam bir wäşiräk ýigit: – Hawa, gazanasym gelýär, Alty aga! – diýip jogap berdi. Içi suwdan doly serhowzy görkezip, Alty Garly oňa: – Pul gazanjagyň çyn bolsa, onda sen Mark Meýi serhowza at! Ýüz manat bereýin – diýdi. Suhanam säginmän: – Aý, ýok, Alty aga, munyň gaty az bolýar – diýdi. – O nähili az bolýar? – Arzan bolýar-da. Sebäp Mark Meý «Alty Garlyny serhowza oklasaň, iki ýüz manat bereýin» diýdi. Bu henek atyşmagyň şaýady bolan Taňryberdi aga şonda oturanlaryň pakyrda berip, gülenini ýatlaýar. Hatda, Alty aga-da hezil edip gülüpdir. Göwne degmän degişmek onuň eý görýän zadydy. ■ «Mala seretmez...» Sowet döwrüdi, türkmen radiosynyň diktory: «Maldarlar üçin gepleşik-konsertimize başlaýarys» diýdi-de, efirde ýaňlanjak ilkinji aýdymy yglan etdi: – Halk aýdymy, «Mala seretmez». Ýoldaşlary bilen aýdym-saz diňläp oturan Taňryberdi aga birden güldi-de, seslendi. – Käte sözleriň gelşine-de seretmeli. Ýogsa gülkä salýan wagtlary az däl-ä. «Edebiýat we sungat», 21.07.2006 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |