08:18 Tañrydan çykar | |
TAÑRYDAN ÇYKAR
Goşgular
Toprakdan ýaratdy Adam atany, Iñ beýik nakgaşlyk Tañrydan çykar. Tapmarsyñ oñ kelamyndan hatany, Hak söz gökden, Arşdan añrydan çykar. Ýazsañ-da egsilmez halkyñ kyssasy, Egsiler diñläniñ dertdir gussasy. Ili-güni söýmek, mertlik nusgasy, Togrul begden çykar, Çagrydan çykar. Ýere tohum sepip, hasyl alanlar, bugdaýy - ekinleñ şasyn alanlar, oñaryp bişirseñ, datly tagamlar mäşden hem tüwüden, darydan çykar. Ýürege sünçse-de kirpik tyglaryn, togap etseñ basyp giden yzlaryn, Şamar saçy döşündedir gyzlaryñ Gelin bolsa, zülpler sagrydan çykar. Öwsen wagty sergin ýeli säheriñ, Aklyñ kemal tapar, durlanar seriñ. Gahry gelse, datsañ-da oñ zäherin, derde derman ballar arydan çykar. Il bilen il boldum iliñ deñinde, Aýdym ýazdym dünýäñ çalýan heñinde, Yşky sözler ýaş-ýeleñleñ dilinde, Akyl söz gojadan, garrydan çykar. Zehin ezeldendir, gyzyl gandandyr, Setire saldam ber, sözüñ janlandyr. Añrym yzarlasañ, Oguz handandyr, Doglan ýerim sorsañ, Marydan çykar. Atamyrat ATABAÝEW. "Garagum žurnaly, 5/2016. | |
|
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |