01:23 Taryh | |
TARYH
Publisistika
TRT baýramlary bulaşdyrdy. 19-njy maýda Respublikanyñ döredilen gününi gutlady. Arda Turan baýramlary bulaşdyrdy. 19-njy maýda Çagalar gününi gutlady. (Baýramlary aýyl-saýyl edip bilmän bolmaklary mümkin, emma 19-njy maýda 19-njy maý diýib-ä dogry aýdanlaryna her kes şaýatdyr.) Meselem, "asyryñ liderimiz"… “Taryh bilseler geplemäge ýüzleri bolmaz, Stambulyñ taryhyny bilenoklar, şeýle eli linzaly (merjekli) Roman Diogen ýaly aýlanyp ýörmeli zat ýok" diýdi. Linzaly aýlanan Roman Diogen däl, Şerlok Holms. Maýakly (fenerli) aýlanan Diogeniñ Stambula degişli ýeri ýok, ol sinoply filosof. Romen Diogen diýlende, bolmanam linzadyr maýak bilen baglanşygy ýok, ol Malazgirtde Alp Arslana ýesir düşen Wizantiýanyñ imperatorydy. Üstesine, bir ýere jemlän bu üç şahsyýetiniñ arasynda iki müñ ýyl ýatyr. “Ankara - seljuklylaryñ paýtagty” diýdi. Seljuklylaryñ paýtagty - Konýa. “Olimpiadalara adyny beren dag - Antalýadaky Olimpos dagydyr” diýdi. Olimpos daggy Türkiýede däl, Selanikde. Bizdäki Olimpos - dag däl, loggerhetleriñ (suw pyşbagalarynyñ) guzlaýan alañy. “Ortaýer deñzi - ak deñiz, "White Sea" diýip atlandyrylýar” diýdi. Ortaýer deñziniñ ady White Sea däl. White Sea - Russiýanyñ demirgazygynda. “Nemesleriñ Gýotesi bolsa, ispanlaryñ Sokraty bar” diýdi. Sokrat - ispan däl, grek. Sokrat bilen Serwantesiñ arasynda iki müñ ýyl bar. Mitingde söz sözlände hynçgylawugy tutdy, şonda: "bilýänsiñiz, biziñ Garadeñiz taraplarda munuñ aýdymy bar "hynçgylawuk tutdy meni, tutdy-da goýbermedi" diýdi. Ol aýdymyñ sözleri olar ýaly däl. Özem Garadeñizlileriñ däl-de Egeýlileriñ aýdymy. “Türkçämiziñ heýkelleşen şahyry Fazyl Hüsni Daglarjanyñ "Sungat" atly goşgusyny okamakçy" diýdi, okady. Ol goşgy Fazyl Hüsni Daglarjañky däl, Faryk Nafyz Çamlybeliñki. “Arif Nihat Asýanyñ "Baýdak" goşgusynda: "Baýdaklary baýdak eden üstündäki gandyr, toprak - eger ugrunda ölenlerinde watandyr" diýen setirler bar" diýdi. Ol setirler Arif Nihat Asýañky däl, Mithat Jemal Kuntaýyñky. “Süýtçi Nänäniñ diýary Kahramanmaraş" diýdi. Ymamy Näne etdi. Süýtçi Ymam Kahramanmaraşda, ýöne Nene hatyn baryp Erzurumda. Olaryñ garşysyna göreşen duşmanlary-da aýry. “Ziýa paşanyñ aýdan bir gowy sözi bar: "Eşek öler, eseri galar" diýdi, yzyndanam düzedip: "Pardon, pardon, eşek öler semeri (gaññasy) galar, ynsan öler - eseri galar" diýdi. Barybir düzeden zady ýok, o söz Ziýa paşanky däl, Mehmet Akif Ersoýyñky. Öz başyndan geçenleri Hezreti Muhammediñ başyndan geçenlere meñzetdi: "agdarlyşykçylar bizden öñ Dalamana gelipdirler, hany ol Nur gowagynda bar dalmidi: söýgüli Pygamberimiz bilen Ebu Bekir Syddyk şol ýerdedi, birden gowagyñ agzyna möý kerebini örýär, gelip seredýärler, "bärik möý kerepläp gidipdir, adam girip çykýana meñzänok" diýip, müşrikler yzlaryna dolanýar, şindi bularam bir seredýär, uçarda hiç kimi görmän yzlaryna dolanýarlar" diýdi. Birinjiden, onuñ bu aýdanlary Hezreti Muhammediñ (s.a.w) başyndan geçenlere meñzänok, çünki möýli wakada Hezreti Muhammet gowagyñ içindedi, emma "asryñ liderimiz" öñ uçarda bolmasa näme. Ikinjiden Gurhanda aýdylan ol gowagyñ ady Nur däl, Sewr gowagy... Nur bolsa Hyra gowagynyñ ýerleşýän dagynyñ ady. “Ýaşlar, özüñiz bilýärsiñiz, Abdylhamyt hiç zat ýitirmezden bu topraklary gorady, Abdylhamydyñ ölüm permanyny ýazdylar we ony gynansak-da, ölüme höküm etdiler" diýdi. Abdylhamyt Müsür, Tunus, Kipr, Serbiýa, Garadag, Rumyniýa, jemi 1,5 million kilometr kwadrat topragy söweşmezden elden giderdi. Ölüme-de höküm edilmedi, düşeginde öz ajalyna öldi. “Amerikany Kolumb açmady, musulmanlar açdy, Kolumb Amerika yklymyna gelende, Kubada metjide gözi düşdi” diýdi. Biz bular ýaly gülkünç toslamalara öwrenşip gidipdiris, emma muny eşdip, amerikalylaryñ demi içine gitdi... Isparta mitinginde çykyş edende “Uniwersiteti Ispartada kim gurdy, uniwersiteti Isparta kim getirdi? Biz getirdik, biz!" diýip gygyrdy. Ispartanyñ Süleýman Demirel adyndaky uniwersitetiniñ gurlan ýyly 1992-nji ýyl. “Biz gelmänkä MR hem ýokdy, tomografiýa-da ýokdy” diýdi. 1989-njy ýyldan bäri bar. “Kommunistler "biz köprüni satmakçy" diýýärdiler, merhum Özal bolsa "satmarsyñyz" diýýärdi" diýdi. Tersine, Nejdet Jalp "satdyrmaryn" diýende, Turgut Özal "sataryn!" diýipdi. “Erdal İnönü bilen Bülent Ejewit gelsinler gürleşeliñ” diýdi. Gelerlerdiler, ýöne olaryñ ikisi-de aýatda diri däl. Sezaýy Karakoçuñ goşgusyny okady: “Alla rahmet etsin” diýdi. Sezaýy Karakoç häzir diri. Megerem, onuñ rahmet okan Karakoçy - Abdyrahym Karakoç bolsa gerek. Şular ýaly buýr-bulaşyk taryhy maglumatlaryñ çarçuwasynda... Arda Turandan geñ görüp oturmagyñ manysy ýok. Emma Remezan baýramynda TRT-ä tomaşa etmeseñiz gowy bor. Ýogsam bolmasa, süýji-şekerdir pişme paýlamagyñ ýerine gurbanlyk mal kesäýmegiñiz daşda däl! Ýylmaz ÖZDIL. 22.05.2020 ý, "Sözcü" gazeti. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |