19:30 Täsin adam bilen söhbet | |
TÄSIN ADAM BILEN SÖHBET
Söhbetdeşlik
■ Hojahmet ahun bilen söhbetdeşlik «Eger ýene okamaly bolsa, onda men Hojahmet ahunyň öňünde dört ýyllap Kurandan sapak almaga taýyn». Bu jümle Eýrandan görme-görşe gelen bir atly-abraýly ahuna degişli. Aslynda Hojahmet ahun kim? Öz döwründe, has takygy, segseninji ýyllaryň başlarynda galamdaşlarymyzyň birnäçesi ony gör nämelerde aýyplamandy. «Tokmak» žurnaly Hojahmet ahuny ile peçan edipdi. Nämemiş «elipden» şermende, il-güni aldaýarmyş». Kimiň aldawçydygyny wagt aýyl-saýyl etdi. Men Hojahmet ahun bilen söhbetdeş bolup otyryn. Ahun aganyň edebiýatdan we taryhdan, takyk ylymlaryndan, filosofiýadan baş çykaryşyna, pikir ýöredişine haýran galýarsyň. Ol adam özüniň sowadyna baýrynyp, köpbilmişlik edip, azara galyp oturanok. Bir bolşy. Çaga ýaly ýönekeý. Gürrüňiň alşyp gidenini özüňem duýman galýarsyň. Islendik sowalyňa göwünjeň, pähim-paýhasly jogap berýär. Onuň jogaplaryndan göwnüň suw içýär. Altmyş bäş ýaşly Hojahmet ahun Orazgylyç molla ogly bilen söhbetdeşligimizden bir bölejigini okyjylara-da ýetirmegi müwessa bildim. BISMILLÄHYRRÄHMAHYRRAHIÝMI, Aguwzü billähi mineşeýtanyrrajimi. Bir işi etjek adam, şol etjek bolýan işine doly düşünmese onuň ylmyny bilmese, biläýende-de ony ýerine ýetirmäge gerek bolan sebäpleri jemläp, olaryň her birine mahsus bolan zatlary bilip ýerinde goýup olary tertibe salmasa, elbetde ol ediljek bolunýan iş oňly netije bermez. Käbir uly döwlet ýa-da milletara bähbitli meseleler çözülende akylly-başly edilmese, elbetde, onuň uly ýitgilere aşagyndan çykyp bolmajak zyýanlara eltjegi ikuçsuzdyr. Şeýle uly hatarly uly ýitgili wakalar biziň ýurdumyzda köp boldy. Ony siz elbetde, göz öňüne getirýänsiňiz! Şeýle düşünmezlikler iki adam arasynda-da, köpçülik arasynda-da bolýar. Şonuň ýaly-da ýazylýan kitaplarda, esasan hem taryhlarda haýsy-da bolsa şol bir zadyň aňyrsyna göz ýetirilmän aňsadyna bakyp, oturan ýerlerinden az wagtyň içinde ýazyp giden bir halkyň taryhyna nahra salýarlar. Men bu düşünmezlige köp mysal getireýin. Türkmenistanyň görnükli alymy merhum Karpow özüniň «Rodo-plemennoý sostaw turkmen» diýen kitabynda türkmenleriň amanşa atly uly bölegini Ärsary babanyň gyzyndan bolan diýip görkezipdir. Bu uly ýalňyşlykdyr. Ýa-da Abulgazy «Şejereýi terakime» atly kitabynda türkmenleriň atasy Magol diýip ýazýar. Ony hiç kimem barlanok. Görnükli rus alymy A.N.Kononow hem biagyrlyk edip, Abulgazynyň kitabyny her taraplaýyn barlaman, bu kitaby bolşy ýalyjak edip sözme-söz terjime edipdir. Abulgazyda Ýafysyň ogly Tütek Keýumers zamanynda ýaşapdyr diýilýär. Ol şeýlemikä?! Keýumers Adam atanyň çowlugy. Ol Mihlailiň doganydyr. Ýeriň ýüzünde iň ilki patyşa bolan hem Keýumersdir. Tütek bilen Keýumersiň arasy takmynan 3000 müň ýyl gowrakdyr. Bu aýdanlarym hakda Kuranyň giňden düşündirişlerine we başga taryhy kitaplara seretmek gerek. Meselem, «Ruzul Beýan Ruwzetül ahbab». I tom, 33-nji sah. «Hulasatül mesäýyl». 1904-nji ýyl. Kazan». «Taryhy umumy» 1911-nji ýyl. Orenburg. 26-njy sah. Ýene-de «Muhteser taryhy umumy yslamy». Ýa-da bolmasa Aleksandr Makedonskini Isgender Zülkarneýin diýip okadylyşy muňa uly mysal bolup biler. Bu düşünmezliklerde tötänleýin we bilkastlaýyn edilen ýalňyşlyklarda orta asyr terjimeçileriniň-de günäsi az däldir. Ýokardaky aýdan mysallarymyzyň üsti bilen meniň aýtjak bolýan zadym şular. Asmany kitaplardan bolan Injil we Kuran ýer ýüzüniň halklarynyň köpüsiniň dillerine terjime edildi. Emma şolaryň haýsy birini alsaň-da dogry terjime edilmändir geliň, ilki bilen Kuranyň arapça giňden düşündirişlerine seredip göreliň. Ynha Kuranyň «Jemel» atly giňden düşündiriş kitaby. Şonuň 3-nji kitabynyň 41-nji sahypasynda aşakdan 6-njy setirinde Zülkarneýin hakynda ýazylypdyr. Ol ýazgylar hakyky uly Isgenderiň sypaty. Emma ýaşan döwrüne gelende weli ýazyjy «Isgender Ekber Isa pygamberiň 330 ýyl öň ýanynda bar adam» diýip meseläni ýoýýar-da oturyberýär. Isa pygamberiň öň ýanyndaky Isgender Aleksandr Makedonskiý. Ýagny, ikinji Isgender bolmaly. Ol hem bary-ýogy 33-den 36-a çenli ýaşapdyr. Özi-de Ýer ýüzüni almag-a beýlede dursun, hatda Hindistany-da alyp bilmän yzyna gaýdýar ahyry. Ýa-da bolmasa, Dawut pygamber hamana, öz ýoldaşynyň damagyny çalyp onuň owadan aýalyny alanmyş. Görüň, nähili gabahatlyk! Dawut diňe ol aýaly öz ýegeniniň üsti bilen almaga söz aýtdyrypdyr. Muny ol aýalyň garyndaşlary kabul etmändirler. Şundan başga alnan zat-da ýok. - Bu ýalňyşlyklaryň döremegine nähili zatlar sebäp bolupdyr?! - 1. Terjime eden alymlaryň dogry terjime edip bilmänligi. 2. Alymlaryň dünýä malyna satylmagy. 3. Belent mertebeli adamlaryň duşmanlarynyň köp bolmagy. 4. Ýazylan kitaplara döwlet tarapyndan gözegçilik edilmezligi. KURANYŇ öz döwrümizde rus dilindäki terjimelerine ser salalyň. Ynha G.S.Sablukowyň 1907-nji ýyldaky terjimesi. Şonuň 17-nji sahypasynda «Bakara» (Sygyr) süresinde 51-nji aýatda, «I wot Moiseý skazal swoýemu narodu; narod moý! wy sdelali zlo sebe samim tem, çto sdelali sebe telsa; potomu s raskaýaniýem obratites k sozdatelýu waşemu, ili ubeýte sebýa samyh; eto budet dlýa was luçşe pred sozdatelem waşim...». Şu aýatdaky «ýa-da (ili) sözi nireden gelipdir. Ol söz bolmaly däldir. Sebäbi şol ýerde «Siz özüňiziň ýaradanyňyza ýüzlenip toba ediň ýa-da özüňizi-özüňiz öldüriň» diýlen many şol ýerde ýüze çykmaýar. Şol ýerdäki «Toba ediň özüňizi – özüňiz öldüriň» diýen hökümden diňe olaryň, ýagny günäkärleriň, günäsizler tarapyndan öldürilmegi çykýar. Sebäbi «özüňizi öldüriň» diýen höküm «toba ediň» diýen hökümiň netijesidir. «Toba ediň» diýen sözler bolsa düşündirilýän sözlerdir. Ýagny olary, beýleki günäsizleriň öldürmegi günäkärleriň toba etdigidir. Adam atadan başlap, öz-özüňizi öldürmek hiç bir kada-kanunda ýokdur. Sablukow Taňrynyň hökümini ikä bölüp ýa-ha olar toba etmeli, ýa-da özlerini özleri öldürmeli diýýär. Şeýle many bu aýatda asla ýokdur. Ol aýatyň hökümi birdir. Ol hem günäkärleri günäsizleriň öldürmegidir. Şunuň öz ýörite şerti hem bardyr: olar ellerini dyzlarynyň daşyndan aýlap, gymyldaman oturmalydyrlar. Eger öldürmäge baran adam gylyjyny çenände öldüriljek adam elini uzatsa, aýagyny uzatsa, başyny egse ýa-da gyşarsa we ol şeýle ýagdaýlarda öldürilse, onda onuň tobasy kabul däldir. Sözümizi jemläp aýdanymyzda, ýaňky sözlemiň terjimesiniň manysy şeýle bolmalydyr: «Eý günäsiz adamlar! Günäkärleri olaryň iki ellerini dyzlarynyň daşyndan aýlap tutup hiç bir ýagdaýda gymyldamazlyk şerti bilen oturan hallarynda olary öldüriň». Ýene-de «Sygyr» süresindäki «w zamenu Moih znameniý ne berite niçego malosennogo» diýlen jümlä seredeliň. Owaly bilen bu aýatyň özünden öňki 5 sany aýada we soňky yzyndaky aýada aslyşygy bardyr. Onuň hakyky manysy: «Eý, Muhammediň ymmatlary! Isa pygamberiň alymlarynyň dünýä malyna satylyp Injili üýtgedişleri ýaly, meniň aýatlarymy azajyk zady alyp, ony üýtgetmäň!». «Toba» süresinde» 5-nji aýatda «Fak» tülül-müşrikiýne haýsü wejedtümuwhüm we...» diýen höküm bar. Bu aýadyň görnüşine seredeniňde iki dillileri gerek ýerinde öldüräýmeli ýaly görünýär. Emma weli hakykatda şeýle diýilýär: iki dilliler bilen edilen wada gutarandan soň, eger-de olar uruşmaga gelseler şonda hemme ýerleri, ýollary saklaň, tutuň bolmasa öldüriň, ýesir alyň», bu aýat birinjiden-ä, Mekgedäki we onuň töweregindäki müşrikler hakyndadyr. Özi hem şol wagtky hökümdir. Soňra hijri hasaby bilen 9-njy ýyldan başlap, kapyrlary Mekgä goýbermezlik hakynda höküm gelýär. Şol höküm dowamydyr, täki kyýamata dek kapyrlar Mekgä goýberilmez. Şu habarda degmedige deg diýen ýeri asla ýokdur. Basylyp alnan ýerlerde-de hiç bir halka musulman bolarsyňyz diýip zulum etmek gadagandyr. Araplar basyp alan ýurtlarynda olaryň beýiklerine «musulman bolsaňyz, ynha biziň ynanjymyz» diýip birnäçe hepdeläp yslamyň nämedigini düşündirer ekenler. Eger kabul etseler edenleri, eger-de kabul etmeseler, onda salgyt salar ekenler. Ýurt ýerli halkyňky. Şeýle hem olar basyp alan ýerlerindäki şäherlerde ýa-da obalarda goşun saklamaz ekenler. Şäherden daş ýerde aýratyn gala ediner ekenler. Esgerlere şähere barmak gadagan edilipdir. Eger bir esger tölege razy bolan hristian ýa-da başga dindäkileriň birini öldüräýse, onuň özi hem öldürilýän eken. Şu höküm häzir hem üýtgän däldir. Yslam şerigatynyň hökümleriniň biridir. Ýene-de şu süräniň 36-njy aýatynda «Felä tüzlemuw fiýhinine enfüsehüm» diýen höküm bar. Munda ýylyň hemme wagty günä işleriň hiç biriniň edilmezligini nygtaýar. Ikinjisi aýat edil ýokarky aýatyň yzyndan, ýagny «We kaatilul-müşrikiýne käffete» diýen hökmi gelýär. Bu höküm «Bigünä adamyny öldüriň» diýmeýär. Ol diňe «Eý, musulmanlar siz hem uruşmaly bolan wagtyňyzda kapyrlaryň hemmesiniň birleşip bir adam ýaly bolup urşuşlary ýaly, hemmäňiz birleşip bir adam ýaly bolup urşuň, şonda ýeňiş gazanarsyňyz» diýýär. Özi-de şol döwrüň ynklaby (rewolýusiýasy) hakyndadyr. Şu süräniň adynyň «Toba» diýilmeginde uly bir many bar. Hakykaty: iki taňrylylar wadalaryny ogryn-dogryn bozýarlar we ýüreklerinde ýaman pygyllary bar, dillerinde-de «Bizem siz ýaly musulmandyrys» diýýärler. Edibilselerem musulmanlara ýamanlyk edýärler. Meselem söwda ýa-da urşa giden musulmanlar hakynda ýalan habarlary halkyň içine ýaýradýarlar. Halky howsala salyp, agyzlaryny alartmak isleýärler. «AHZAP» süresinde 60-njy aýatda: Leýh lem ýentehi l-munafikuwne welleziýne fiý kuluwbihim fil mediý netile-nutryýänneke bihim sümmelä ýüjowiruwleke fiýhä illä illä kaliýlen» diýilýär. Manysy: kasam bolsun. Belent – Taňryda, eger-de Medinedäki iki ýüzlüler we ýamanlyk bolan adamlar we yslam goşunlary barasynda ýalan habarlary ýaýradýan iki ýüzlüliklerini we ýaman niýetlerini we kezzaplyklaryny bes etmeseler elbetde biz seni olaryň başlarynda musallat ederis, soňra olar Medinede saňa goňşuçylykda oturyp bilmezler, megerem az wagt durarlar we bahym çykyp giderler. Aýdyljak bolunýan zat – «Degmedige degme». Şeýle mysallar aýdardan kän. «Toba» süresinden 6-njy aýatda: «We il ahadün manel-müşriýkinestüjäreke feejirhü hakä ýesmagu kelamellaht sümme eblyghü memenehüw zälike bi-ennehüm kawmin lä ýa lemuwne» diýilýär. Manysy: eý Muhammet (asm) olaryň garşylaryna uruşmaga, öldürmäge we ýesir etmäge höküm eden iki taňryly kapyrlardan biri seniň ýanyňa gelip, gaçybatalga we saňa goňşy bolmagy sorasa sen oňa amanlyk ber, täki Taňrynyň kelamini eşider, sogabyň nämedigini biler, soňra musulman bolmasa, ony öz öýüne goýber, eger-de ondan soň ol seniň üstüňe özgelere goşulyp uruşmaga gelse onda ony öldür! Häzirki zaman kada-kanuny-da şeýledir. Ýene-de «Nejim» süresindäki 40-njy aýadyň Sablukow tarapyndan terjime edilişine seredeliň: [b]«Çto dlýa çeloweka budet tolko to, çto on staralsýa sdelat»./b] Şu aýadyň 8 hili manysy bar. Hemmesem Sablukowyň aýdyşy ýaly däldir. Men iň aňsadyny we iň dogrusyny aýdaýyn: «Kyýamat güni kapyr bolan ynsan üçin diňe onuň öz eden amaly bolar, emma musulmanlar halynda weli olara pygamberden we abraýly belent adamlardan we sogaby köp ata-enelerden peýda bolar». Pygamber-Hudanyň kakasynyň dogany bolan Hezreti Abbas (Taňry razy bolsun olardan!) «Bu aýat ýatyrylandyr» diýipdir. Ýagny, «okalsa sogap hökmi weli ýöremeýär» diýipdir. Şunuň ýaly hökmi ýatyrlan aýatlar 66-dyr. Şolaryň biri-de terjimelerde görkezilmeýär. Sebäbi ony bilenoklar. Eger-de Kraçkowskiniň, Sablukowyň we başgalaryň Kurandan terjimeleri başdan-aýak barlansa onda şol kitaplary, ýagny, terjimeleri düýbünden ýygnamaly bolar. Kurandaky «Em» harplaryna hemme ýerde «Ýa» (ili) diýip many berlipdir. Meselem «Bakara» süresiniň 7-nji aýatyndaky: «Em takuwluwne alellahi mä lä taglemuwne» diýen ýerinde «ýa-da» (ili) diýip many beripdir. «Em» harpy iki hili bolýar. Biri – münkatg, beýlekisi münfasyl bolýar. «Em» münkatg bolanda, owalky ýagny, ilki aýdylan manyny inkär edip, soňky pähimi tassyk edýär. Meselem: «Ol görünýän gara zatlar goýun sürüsimikä, belki düýedir» diýýär. Şoňa laýyklykda şu aýadyň hakyky manysy: «Belki siz öz bilmeýän zadyňyzy Belent-Taňra ýöňkeýänsiňiz, şeýledir» diýip, olaryň ýalan zatlary aýdýanlyklaryny boýunlaryna goýýar. Kuranda şeýle «em» harplary gaty kändir. Men sözümi uzaldyp oturman, Kuranda ýoýlan esasy bir zady aýdaýyn. «Engam» süresiniň 159-njy aýadynda rus terjimelerinde şeýle diýilýär: «Uželi oni ždut eşýo çtoby k nim prişli angely ili prişel by Gospod twoý... Gospoda troýega?». Şu ýerdäki «hel» harpy sorag sözi däl-de, işligiň ýokluk galypyny aňladýan sözdür. Eger aýady çöşlejek bolsaň, gaty uzaga gitjek. Gel, birini aýdaly. Bu ýerde «ýa-da seniň hudaýyň gelsinmi» diýilýär. Hiç wagt Taňry onuň ýaly ýere ýa-da başga bir ýere geler, ýa-da gelmez, gelsinmi ýa-da gelmesinmi diýip bolmaz. Bu ýerdäki Taňry sözünden çykýan many: Taňrynyň dir. Ýene-de perişde gelsinmi diýip ýönekeý, ýagny jyns ady bilen getirýär. Bolmalysy jan algyjy perişde bolup, has atlara degişli bolmalydyr. Aýadyň hakyky manysy: «Kapyrlar saňa iman getirmezler, meger. (Belent-Taňrynyň) kyýamatyň alamatlary bolan tejjal ýa-da günüň günbatardan dogmagy ýa-da üç gün günüň dogmazlygy olary görüp iman getirerler, ol umanlary-da peýda bermez». – Ahun aga, Kurany nähili ylymdaky adamlar terjime etse ýerine düşerdi! Onuň nähili şertleri bar? – BIR adam ýedi ýaşyndan başlap, otuz ýaşy dolýança yslam dini ylmyny okamalydyr. Ýöne şol adamynyň aklynyň ýitiligi tüpeňiň oky ýaly ýiti bolmaly. Ortatap sowatly adamlaryň 6 ýylda okap alan ylmyny 6 aýda almalydyr. Gije-gündizde 3-4 sagatdan artyk ýatman, şol 27 ýylyň içinde adamkärçiligiň hemme görnüşlerini özünde ýerleşdirmelidir. Azda-kände ýalan sözlese we şol döwürde arak içen bolsa, ýa-da beň ýaly zatlary ulanan bolsa bolanok. Şol döwrüň içinde kitaplaryny azda-kände täretsiz ellän bolsa, ýa-da kitaplaryny çep eli bilen göteren bolsa, uýat ýerleriniň birini, ýa-da köprägini başga adamlara görkezen bolsa we şol döwrüň içinde medresede okalýan hemme kitaplary (programmany) doly we düşnükli geçmedik bolsa, ýagny Kurana we hadyslara barmanka ähli mesene ylmyny ele almadyk bolsa, ol adamyň mukaddes kitaby terjime etmäge haky ýokdur. Arap-pars dil bilimini suwara bilmelidir. Edil öz ene dilinde gürleýşiň ýaly. Mantyk ylmyny doly bilmese (logikany), hasap ylmyny örän ökdeläp geçmedik bolsa agyr we ýeňil jisimleriň hereketi barasynda mehanika barasynda, usul ylmyny, ýagny yslam filosofiýasyndan doly düşünjesi bolmasa gowşaklyk bilen hadys we Kuran-şerife barsa we sapak alyp okasa, okanda diňe Kuranyň ýüzünden setirleri okap ýat alan bolsa, şol adamlar Kurany we hadys-şerifi göwne, şerta laýyk bilmez. Ol adam özüni tanaman Kurany we hadysalary terjime etse, özi Taňrynyň öňünde ýüzi gara bolar. Halklary-da ýoldan çykarar. «Bakara» süresiniň 180-nji aýadynda «we alelleziýne ýügiýhuw ýehuw fidetü tagaami miskiýnin» diýilýär. Terjimesinde şeýle: «Te kotoryýe mogli by deržat ýego w zamen obýazywaýutsa napitat bednyh». Şu aýat yslamyň ilki açylan wagtynyň hökmi. Ol ýatyrylýar. Ýagny, okasaň sogaby bar-da, hökmi ýöränok. Kuranyň hemme aýatlary umumylykda 8 bölege bölünýär. Hany olary nireden okamaly we kim bilýär?! Olary ynanç (filosofiýadan) kitaplaryndan sapak alyp doly gola salmaly. Meselem, şeýle aýat bar: «Esaryku wesaryjetü faktasüw eýdiýekümää». Manysy: «Ogry erkek adamynyň we ogry aýal adamynyň ikisiniň hem elini kesiň». Ýeri, birinjiden olar näme we nähili, nireden, näçe mukdar (sany ýa agramy, täzeligi, ululygy we ş.m.) alanlarynda ellerini kesmeli? Ikinjiden, elleriniň niresinden kesmeli? Üçünjiden, haýsy elini kesmeli?! Ol belli däl. «Bu aýat diýmek düşündirişi isleýär. Ýa-da «Innelleziýne ämenuw we amilussalihati» diýsek, ýagny «Takyk ol jemagatlar Taňryny we onuň pygamberini tassyk etdiler». Bu aýat düşündiriş islemeýär. – Ahun aga, beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin taňry ýalkasyn. – Bile ýalkasyn! «Syýasy söhbetdeş», 13 maý, 1992 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |