10:39 Tebigatyñ gözleri / hekaýa | |
TEBIGATYÑ GÖZLERI
Hekaýalar
Biziň ýolumyz ýagyş suwunyň üýşüp oýtak döreden ýeriniň üstünden düşdi. Oýtagyň içinde ululy-kiçili pyşbagalar ýagyşdan soň parç bolup terlenen otlary haýdap iýýärdiler. —Bu janawarlar şundan soň, tä güýz ýagşy ýagyp, ýene-de ot örýänçä aç oňup bilýärler. Güýzde-de özlerini gowy seýisläp, gyşyna bolsa çägä gömlüp, ýaza çenli uka gidýärler. Açlyga-suwsuzlyga pyşbaga ýaly çydamly jandar az-azdyr –diýip, Gara aga düşündirdi. —Näçeräk wagt aç oňup bilýärler? –diýip, Aşyr gyzyklandy. —Anyk aýdyp biljek däl welin, gadymy döwrüň deňizçileri uzak möhletleýin ýüzüşe gidenlerinde, ätiýaçdan, açlyk howp salsa, iýip mydar edinmek üçin, gämilerinde pyşbaga alyp gidýärler ekeni. —Ömründe bir gezek pyşbagany eline alyp görmedik adam az bolsa gerek –diýip, Öwez olaryň birini tutdy-da, höwesli synlady. —Juda geň ýaradylan jandar. Heýkeltaraşyň howul-hara ýasan işi ýaly. —Pyşbaga baradaky rowaýatdan çen tutsaň, seniň bu diýýäniň jany bar –diýip, Gara aga ardynjyrady. —Gudraty güýçli Perwerdigäre ähli janly-jandarlary palçykdan ýasap, jan berip, ýaratmak aňsat düşmändir. Käbir kerk, pil, düýe ýaly iri haýwanlary birnäçe günläp ýasamaly borlupdyr –diýip, özüne mahsus ýarymdegişmeli äheň çaýyp, rowaýatyny dowam etdirdi. —Ine, şeýdip, ol ähli janly-jandarlary birlaý ýaradyp bolansoň, görse, keramatly palçygyndan ýene-de birazajyk galanmyşyn. Eliniň ýok-ýoluny hem ýaňky palçyga goşup, “Saňa bir gelşikli keşp bereýin diýsem-ä, men häzir ýadaw. Şonuň üçin, bar, sende bir jandara öwrülip ýaşaber” diýip,oňa-da jan salanmyşyn. Ýaňky palçyk janlanyp, “Seniň maňa görk-görmek bermäniň hiç, ýöne, ähli ýaradan janly-jandaryňa goranmaga bir zat beripsiň. Kim ýiti şahy, kim kuwwatly holtumy, kim ägirt güýji, kim hile-mekirligi, kim akyl-paýhasy bilen goranýar. Men bu bolşuma nädip goranaýyn? Hiç bolmanda maňa goranmaga bir zat ber” diýip, gitmän duranmyşyn. Perwerdigär palçyk ýugranda suw guýýan daştabagyny onuň üstüne düňderip, “Bar, ynha, şunuň astyna gir-de, pyşdyldaber. Şu seni gorar” diýenmişin. Şeýdibem, pyşbaga döränmişin –diýip, Gara aga pyşbaga baradaky rowaýatyny soňlady. —Bularyň bürgütden gaýry ýagysy ýok bolsa gerek? –diýip, Sapar Gara agany pyşbagaly gürrüňine dolady. —Bar, ol—itaýy. —O näzeýilli jandar? —Men ony size görkezip bilerin-ä düýjek däl. Ol juda seýrek duşýan jandar. Torsuga meňzeş—torsugy gör-de, şony gör. Ýöne onuňgulagy torsugyňkydan galarajyk. Şonuň üçin oňa azmangulak hem diýýärler. Il arasynda baliýiji diýlip atlandyrylýan halatlaryda bolýar. Arkasy maňlaýyndan tä guýrugyna çenli ýalpyldap, öwşün atyp duran agymtyl-çal reňkde. Aýaklary gysgadan berdaşly. Penjeleriniň dyrnaklary çendenaşa uzyn. Ol dag gowaklarynda, ullakan agaçlaryň köweginde, gumuň gaty toýunly ýerlerinde hin gazynyp ýaşaýar. Daşlyk ýerleri-de aňsatlyk bilen gazyp, öý edinip bilýär. Dyrnaklary uzyn bolansoň, ol kirpini-de emgenmän awlaýar. Gorkup, düýrülip ýatan kirpiniň tikenleriniň arasyndan ýitiden uzyn dyrnaklaryny parsa çümdürýär. Gyşyna aw gyt çaglary bolsa guma çuň gömlüp ýatan pyşbagany hem köwläp tapyp iýýär, —Pyşbaga näçeräk çuňluga gömlüp ýatýar? –diýip, Aşyr bilesigelijilik bilen sorady. —Üşemezlik üçin, azyndan ýarym metr çuňluga gömülýär. —Şonça çuňlukda ýatan pyşbagany itaýy nädip tapýarka? —Ysyndan tapýar. Ys alşy güýçli. —Siziň bu aýdanlaryňyz meniň itaýy görmek höwesimi has-da tijedi. “Haýwanat bagynda” hem ol ýok. Bar bolsa, ýadymda galardy –diýip, Aşyr Öweziň ýüzüne sowally seretdi. —Hawa, häzir itaýymyz ýok. Uzagyndan edinmekçi –diýip, Öwez jogap berdi. —Seniň ony göresiň gelýäni beýle çyn bolsa, “Ülkäni öwreniş”muzeýinde ençeme ýyl mundan ozal meniň tutup beren itaýymyň juda ezber oňarylan gäbi dur. Baryp, şony göräý! Ýöne başda aýdyşym ýaly, janly itaýa duşmak çetin –diýip, Gara aga düşündirdi. Biziň itaýyly gürrüňine halys gyzyganymyzy görüp, ol söhbetini dowam etdirdi: —Öňküräjik döwürde bir awçynyň gapanyna itaýy düşüpdir. Ol tebigata gowy belet bolmansoň, “Bu peläket nämekä? Öz-ä geň jandar ekeni. Eltip görkezsem, çagalar haýran galsalar gerek!” diýip, dişläp, dyrnaçaklamaz ýaly, tumşugynydyr penjelerini mäkäm daňyp, öýüne alyp gaýdypdyr. Oba aşýança wagt giç bolupdyr. Barsa, çagalary eýýäm uklapdyr. “Ertir görkezerin” diýip, itaýyny goýun agylynyň gapdalyndaky boş ýataga goýberipdir. Ol obanyňam il ýatyp, it uklansoň, kimsäniň goýnuny, kimsäniň geçisini, kimsäniň towugyny ogurlap, uwlundyryp gidýän ogrusy bar ekeni. Ine, şol gije ýaňky ogry daňa golaý awçynyň itaýy gaban agylyna girýär. “Şu aýratynja bakýan toklusy semizjedir, şuny alaýyn” diýip, çykyp gaçmak üçin agylyň böwrüni gazyp duran itaýyny tutmakçy bolýar. Itaýy hem onuň ýüzüni penjelägede, çykyp ötägidipdir. Ol hassahanada ýatyp bejergi almaly bolupdyr. Şonda ondan “Ýüzüňi näme dyrnady?” diýip sorasalar, “Gije towuk ketegimize ogurlyga giren ýabany pişik” diýip jogap berýärmişin. Ýöne, ol şondan soň toba gelip, ili çürkemesini goýupdyr. Itaýy tutan awçy bolsa, ony oba getirip, agylyna goýberendigi barada hiç kime hiç zat aýtmandyr. Tejribeli awçylardan “Şeýleräjik pisint haýwan haýsy haýwan bolýar?” diýip, soraşdyryp, özüniň awlanynyň itaýy ekendigini soň bilip galypdyr. Şeýle ahwaly maňa bir badhyzly awçy aýdyp beripdi –diýip, Gara aga sözüni aýaklady. Biz arkasyna türkmen tahýasy düňderilene çalymdaş pyşbagalaryň ýanynda ýene-de biraz eglendik-de, ýolumyzy dowam etdirdik. —Janly-jandarlaryň arasynda iň owadany haýsyka? –diýip, Aşyr ara düşen dymyşlygy bozdy. —Ine, ýaňky pyşbagalar göräýmäge tagaşyksyzrajyk ýaly welin, olar hem özüçe görkana. —Dogry aýdýaň –diýip, men ylalaşdym. —Ynha, keýik janawar diýseň owadan jandar. Guw—guşlaryň gözeli. Oguljygym bilen “Haýwanat bagyna” aýlanmaga baranymyzda iň köp eglenýänimiz welin, tawusyň gözeneginiň öňi. “Ýeleklerini ýazmazmyka?” diýip, baý garaşýas-a. Biziň ýaly garaşýanlar başga-da köp. Ol hem islegimizi bilen ýaly, guýrugyny ussatlyk bilen ýazyp, “Ynha, synlaň!” diýýän dek, eýlesine-beýlesine dabaraly öwrülip başlaýar. Bu gözelligi göreniňde aklyň haýran bolýar. Bir gezek ikinji synpda okaýan oguljygym tawusyň älemgoşar kibi owadan ýeleklerindäki täsin meneklere barmagyny uzadyp, “Sen hol owadan gözleri görýärmiň?” diýip sorady. Men hem “Hawa, görýärin” diýdim. Ol-da “Şol gözler—tebigatyň gözleri. Biz tertiplimi–däl, bizi synlaýar”diýdi. —Gowy aýdypdyr –diýip, sürüjiniň gapdalyndaky oturgyçda ornaşykly oturan Gara aga makullap baş atdy. Gidip barşymyza gözümiz töweregimizde. “Haýwanat bagyna” zerur jandarlary agtarýanymyz üçinem däl-de, asla köpräk görmek, bilmek, bu täsin gözellikden gözümizi gandyrmak, diýseň ägirt hem syrly tebigata birazajygam bolsa akyl ýetirmek, içgin düşünmek idleýäris. Göwnüme bolmasa, biziň özüni synlaýşymyz ýaly, tebigat hem özüniň ýüzlerçe-müňlerçe gözleri bilen, biziň näzeýilli adamlardygymyzy dumly-duşdan synlaýar. Hemra ŞIROW. | |
|
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
√ Sazandanyň säheri / hekaýa - 16.07.2024 |
√ Aýakýalaňaç oglanjygyň janyndan syzdyryp aýdan sözleri / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Tabyt / hekaýa - 17.07.2024 |
√ Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024 |
√ Seniň baryňda / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Paşmadyk keýp / hekaýa - 21.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||