16:39 Tebigatyñ syrlary / hekaýa | |
TEBIGATYÑ SYRLARY
Hekaýalar
Ýoluň ýakasyndaky otjumak alaňlaryň her ýerräginde dikilgazyk duran alakalar biziň müňzäp barýan äpet tomzaga çalym edýän maşynymyza bilesigelijilik bilen seredýärdiler. Janlaryna howp salýandygymyzy duýduklary gizlenmäge taýyndylar. Alaňyň üsti alaka hininden ýaňa goturyň ýüzi kimin persalady. —Ynha, «alaka şäherjigine-de» ýetdik! –diýip, Öwez güldi. —Alakalar topar bolup ýaşamagy halaýar –diýip, Gara aga, bize diýseň hüşgärlik bilen seredip duran jandarlar barada gürrüňe başlady —Hinlerini juda çuň we birnäçe şahalaýyn gazýarlar. Garnyny otarmak üçin daş çykanlarynda bolsa, gezekleşip, asmandan ýa-da ýerden injek howpa gözegçilik edýärler. Eger nobatçy duran alaka howp bardygyny duýdursa, ony eşiden kowumdaşlary hinlerine tarap aýagaldygyna eňýärler. Her kim şol başagaýlykda ýalnyşman öz hinini tapýar. Hinine bir girdigi, ony gazyp alyp biljek haýwan az bolsa gerek. Howpdan gaçyp gutulyp bilmejegine göz ýetiren alaka welin, doňňaradaş bolup, dikilgazyklygyna duruberýär. Alakanyň bu köp ýerinde ýyrtyjy guş, tilki, şagalam hökman bardyr. Birdenem alakalar tebil tapyp, dyr-pytrak boldular. —Han-ha, diýşim ýaly, çöl bürgüdi bar ekeni –diýip, Gara aga alakaly alaňa şuwlap inen garagoňras ullakan guşa garşy başyny ümledi. Alakalaryň birinden başgasy eýýäm zym-zyýat bolupdy. Ol alaka welin, Gara aganyň aýdyşy ýaly, dikilgazyk durdy. Bürgüt onuň üstüne batly inse-de, awlaman, öwrüm edip ýokarlygyna göterildi. Bäh, muňa nähili düşünmeli? –diýip, Aşyr Gara aganyň ýüzüne sowally seretdi. —Bürgüt ony awlamady-la, ýa-da aç dälmikä? —Açdyr-la, ýöne alaka ony ezberlik bilen aldady –diýip, Gara aga güldi. —Hinine gaçyp girip ýetişmese, olar jansyz zat — agajyň töňňesi ýaly bolup duruberýär. Şol wagt ony elleseň-de butnamaýar. Onuň bu pirimine käbir ýaş, tejribesi pes ýyrtyjy guşlar, akmak şagaldyr möjek, it elbetde aldanýar. —Diýmek, ýaňky bürgüt ýaş bolmaly? —Şeýledir... –diýip, Gara aga gürrüňini dowam etdirdi. —Ýöne ol beýdip köpbilmiş tilkini aldap bilmeýär. Sebäbi, mekirligi ýetik tilkiniň özi hem ölen ýaly bolup çäşerip ýatyp, gözüni çokmaga gelen guşlary ýeserlik bilen awlaýar. Eger haýwanlaryň arasynda aldawçylaryň ýaryşy geçirilse, birinji baýragy tilkiniň aljakdygyna söz ýok. —Başga zad-a biljek däl, ýöne bu alakalar ekerançylygyň elhenç ýagysy. Mellegiňe bir düşäýse, işiň gaýtdygy –diýip, Sapar söze goşuldy. —Alaka, ýalta kişiniň ot-çöp basan mellegine düşgüçdir. Hakyky daýhanyň ýerine alaka düşäýmez –diýip, Gara aga onuň deliline düzediş berdi. Alakalar «şäherjiginiň» aňrybaşyna çykyp sözen-sazakly oýa inen ýerimizde çuň çöketlik başlanýardy. Onuň ortasynda ot-çöp basyrylgy kiçeňräjik oýtak ýeriň bardygyna gözümiz düşdi. —Ynha, şu ýerde hem bir kiçeňräjik kаk bar. Häzir munuň gurap, suwunyň çekilen wagty –diýip, Gara aga düşündirdi. —Bu suw şu jelegaýyň janly-jandarlary üçin ýeke-täk mydar. —Geliň, şu ýerde biraz düşläliň! –diýip, Öwez teklip etdi. —Makul pikir –diýip, ýerli-ýerden ylalaşdyk, Bir çetiräkde ýatan üç-dört sany goýun kirpisiniň hamy gözümize ildi. —Be, durşy bilen tiken bolup duran kirpini-de iýip bilýän jandar bar eken-ow –diýip, men geň galdym. —Bu tilkiniň işidir –diýip, Gara aga kirpi hamyny eline alyp synlady. —Täzelikde iýipdir. Ol ýa-ha şu golaý-goltumdan tutan kirpisini bärik togarlap getirip iýendir, ýa-da suw içmäge gelen kirpini peýläp tutandyr. —Tikenli ýumak bolup döýrülip ýatan kirpini ol nädip iýýär? —Tilkiniň mekirligi ýetik diýdim-ä. Ol düýrülip ýatan kirpini suwuň içine togarlap goýberýär. Kirpi demigip, düýrmegini ýazan dessine bolsa, çalasynlyk bilen onuň garnyny ýarýar. Ine, ol şeýdip, başga amatly aw tapmadyk halatlary, azabyndan gaçman, kirpini-de tutup iýýär. Goýun kirpisi-hä beýlede dursun, gyş gaty gelip, gar küti ýaganda, ol özge haýwanlaryň awlamaga milt edip bilmeýän oklukirpisini-de awlaýar. Munuň üçin ol oklukirpiniň hininden çykaryna garaşyp, garawullap durýar. Niçikmi oklukirpi hininden çykyp, garnyny otarmak üçin hinden daşlaşdygy, oňa hüjüm edýär. Aýaklary gysgajyk bolansoň, galyň garda gaçyp bilmän, oklukirpi tikenlerini häzirläp, düýrülip durýar. Tilki şol pursatdan peýdalanyp, gitmändigini duýduryp, oklukirpinin böwür tarapynyň garyny gazyp ugraýar. Dessine onuň aşagyndan kellesi sygar ýaly ýer edýär-de, garnyny silkýär. Ine, tilki başda aýdyşym ýaly, şeýle ugurtapyjy jandar. —Goýun kirpisi diýilýän kiçi kirpi-hä adamdan kän bir gaçybam durmaýar. Ony ekdi edibem bolýandygyny maňa bir geolog tanşym gürrüň berdi –diýip, Aşyr kirpili gürrüňi dowam etdirdi. —Ine, şol geolog bir gezek ogluna sowgatlyk üçin kiçeňräk kirpini tutup alyp gidipdir. —Oňarmandyr... –diýip, Gara aga onuň sözüni boldi. Ine, biziň şu sapara ýörite gaýdyp, «Haýwanat bagyna» zerurdygy üçin tutmaly bolşumyz ýaly ýagdaý bolaýmasa, janly-jandary sowgatlyk ýa-da ýeneki bir ýagdaý üçin diýip tutup äkitmek bolmaýar. —Hak aýdýaňyz, ýöne gürrüňiň yzyny diňläň! –diýip, Aşyr janygdy. —Ol geolog tanşym şäherde ýaşaýar. Öýleri daryşganlyk. Ýaňky kirpi täze durmuşyna barybir tiz öwrenişipdir. Olaryň türk pişigi diýilýän üýtgeşik tohumly pişikleri hem bar ekeni. Şol pişik bilen welin, kirpiniň mäşi bişişmändir. Sebäbi, owal başda pişik kirpini yzgytsyz garşylapdyr. Pişigiň bu bolşuny halamadyk kirpi oňa garşy bar1yşyksyz uruş yglan edipdir. Nirä barsa, kowalap, ynjalyk bermändir. Bu özara onşuksyzlyk degnasyna degen öý eýeleri haýsy-da bolsa birinden dynmagyň maslahatyny edýärler. Pişik seýrek duşýan görmegeý tohum pişikdigi üçin, ogullarynyň hernäçe garşy bolandygyna seretmezden, kirpini öýden ýоk etmeli diýen karara gelipdirler. Geolog çöle nobatdaky gözlege gaýdanda kirpini ýany bilen alyp gaýdypdyr. Buraw-gözleg işini geçirýän ýerlerine eltip: «Bar, başyňy çara!» diýip goýberipdir. Kirpi agşama çenli gara bermändir. Giçlik ýatmaga häzirlenip ugranda çadyryň içinde bir «şygyrdy» barmyşyn. «Bu nämekä?» diýip, çyra ýakyp seretse, ekdi kirpisi gelenmiş. Şondan soň ol ony guýudan-guýa, gözleg geçirýän ýerlerine äkidip başlapdyr. Bir gije ýatyrka, goňşy çadyrdaky adamlar «Ýylan bar!» diýip gygyryşyp, gorkuşyp daş çykypdyrlar. Goş-golamlaryň arasyna sümlen ýylan zerarly hiç kim yzyna girmäge milt edip bilmändir. «Nätsekkäk?» diýşip aljyrap durkalar, olaryň birisi: «Geliň, gadyra kirpi goýberip göreliň. Kirpi ýylany iýýär ahyryn» diýýip, bir çykalga tapypdyr. Ýaňky kirpini goýberäge-de, çadyryň agzyny mäkäm ýapyp, garaşyp başlapdyrlar. Bir haýukdan çadyrda «haşşyldy» sesi eşidilipdir. Soňra ümsümlik aralaşypdyr. «Näme bolduka?» diýip, çyra ýakyp, içerik äňetseler, kirpi ullakan bir ýylanyň guýrugyndan pugta dişläp, ýumak ýaly düýrülip otyr diýýär. Ýylan bolsa guýrugyny boşadyp bilmansoň, kirpiniň tikenlerine urnup-urnup, süýnüp ýatyrmyşyn. —Şeýle ýagdaý bolmagy mümkinmi ýa-da owalda biriniň «Tokaýda on sany möjek gördüm» diýse, gürrüňdeşi teý ynanmansoň, «Agaçlaryň arasynda bir çygşyldy-ha bardy» diýşine çalymdaş ahwalmy? –diýip, Öwez Gara ara degişmeli äheňde ýüzlendi. —Haşşyldaýan bolsa, kepjebaş bolmaly, ol esasan gum eteginde duşýan ýylan. Bu waka bolupmy — ýok onçasyny biljek däl, ýönе kirpiniň, alajagözeniň, köwügiň, zemzeniň ýylan bilen gorkman salşyp, rüstem çykýandygy-ha hak. Tebigatda garaşylmadyk täsin ahwallar köp bolguç –diýip, Gara aga jogap berdi. Tebigat, dogrudanam, geň-taň hadysalardan doly. Gara aga ýaly belet kişileriň gürrüňini diňläninde, ynha şeýle ýüzbe-ýüz saparlarda bolanyňda, oňa söýgiň has-da artýar. Hemra ŞIROW. | |
|
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Iki daragt / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Jynlaryň meýlisi / hekaýa - 22.07.2024 |
√ Gök gözli Ýefrosinýa / hekaýa - 13.05.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Palta haky / hekaýa - 18.06.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |