TEBIP MAMA
Jeýhunyň sag кеnarynda, Gyzylgumyñ belentli-pesli gum depeleriniň goltugynda Sabynly obasy otyr. Obanyň günbatar çetindäki pessejik pagsa tamda Ogulbibi atly tebip mamanyň nebereleri ýaşaýardy.
Ogulbibi mamanyň ýanyna etrabyň ähli ýerlerinden dertliler gelýärdi. Tebip mama öz ýanyna delalat isläp geleni örän inçelik bilen bejererdi. Şol sebäpli onuň öýüniň gelim-gidimi egsilmezdi.
Tebip mamany segsene ser uran hasaplaýardylar. Onuň ýeke ogly bardy, adyna Tagan diýerdiler. Ogulbibi mamanyň adamsy aýdylyşyna görä, urşa gidip gelmändir. Çagalyk döwrümi geçiren obam gözümiň öňünde. Bir-birine egin berip oturan pagsa tamlar, bag-bakjaiy alty ganat ak öýler-de gözümiň öňünde. Bu obada hiç kimiň birek-birekden äýry şatlygy-begenji ýokdy.
Baharda joşup, kenaryna agram salyp akýan Jeýhundan heder edilipmi, nämemi garaz, Ogulbibi mamanyň obasy ene ýabyň ilersine hem gaýrasyna göçüpdiler. Hemmeler täze mellek, täze jaýlar gurnup göçseler-de, tebip mamanyň ýeke özi köneje jaýynda towuklary, pişigi bilen galyberdi. Onun ýekedikrary Taganam maşgalasy bilen göç-hä-göçlükde täze oba göçýänden boldy. Tagan öz ýany bilen ejesini hem göçürjek bolsa, tebip mama öz diýenini tutup, täze ýurda barmaga kes kelläm garşy çykypdyr. Obanyň adamlary: «Tebip mama urşa giden ýarynyň hatyrasyna, onuň yzyny saklap oturjakmyş» diýýäň ekenler. Şol gürrüňler çyn çykdy. Ol öz diýeninem etdi.
Öňler Ogulbibi mamanyň jaýynyň töweregi peýwende erik agaçlarynyň, goýy kölegeli balhy tutlaryn gür baglygy bolupdýr. Dogrusy, olaryň näçe ýaşynyň bar- dygyny Sabynly obasynda bilýän ýok eken. Obanyň segsen-togsan ýaşan garrylaryndan sorasaňam olar «Oglanjyk wagtymam şul agaçlaryň şü durşudy» diýip, jogap berýärler. Ýaz aýlary bu agaçlaryň aşagy olaryň miwelerini iýmäge gelen oglan-gyzlardan dolardy.
Bizem her ýýl ýaz gelen-de, tebip mamalaryň-öýüniň ýanyna kömelek gözlemäge giderdik. Tudana ýa-da erik bişende, her gün diýeri ýaly barardyk. Haçan barsaň, tebip mama öýüniň kölegesinde ik egrip oturandyr. Şonda biz oglanlar bilen tebip mamanyň öýüne-de barman gaýtmazdyk. Нeг gezegem Ogulbibi mama bizi görüp diýseň begenerdi. Ol:
–Geliň balalarym, siziň geljegiňizi çaýymdaky boýçyny göränimden aňdym – diýerdi.
Tebip mama bu gepi öýüne kim gelse-de aýdärdy. Ýeke özi bolansoň, täže obadan kim gara berse, öýüne myhman alyp, häl-ahwal soraşardy. Bize bolsa onuň hödür etjek çaýý, süýji kemputlary, gurtlary däl-de ertekileri, köneden gelýän gürrüňleri, rowaýatlary gyzyklydy.
Biz demimiži alman, onuň gyzykly ertekilerini diňlärdik. Ol türkmen halk ertekileriniň köpüsüni, «Görogly» şadessanyny ýatdan bilýärdi. Ogulbibi mama igini pyrlap, özüniň başyndan geçiren wakalaryny şol gürrüň berer oturardy. Biz töwerek-daşymyzdaky dünýäni, gezip ýören mallarymyzy ýadymyzdan çykarar giderdik. Tebip mama:
– Köşeklerim! Size ýalan, maňa çyn! – diýip, bizi özüniň jadyly ertekiler dünýäsine elterdi.
Bir gezek ol bize «Ýedi kelleli döw» atly ertekini aýdyp berdi. Şol ertekini men şu wagta çenli ýadymdan çykaramok. Tebip mama bu ertekini çagalara aýdyp bermegi halardy. Ertekini gür berende, her hili edip owadanlardy we özüni jadyly wakalaryň içine goşardy. Özüniň gürrüň bermegine görä, öz ömründe döwlere, jynlara ençeme gezek duşanmyş. Ol muny ýöne çagalary gyzyklandyrmak üçin aýdardy. Tebip mama jynlar barada gürrüň berende, meniň göz öňüme onuň öýüniň daş-töweregi, gugaryp galan harabalyklar gelerdi. Hamala, Ogulbibi mamanyň ýeke özi jynlar bilen derdinişip oturan ýaly göz öňüme gelerdi. Ýogsa Ogulbibi mama bize: «Ertekiler ýalandyr, siz çagalar bulara ynanmaň!» diýip, öz sözleriniň üstünem ýetirerdi. Garry mamanyň şu sözlerinden soň biz gorkmazdyk.
Agyr durmuşy başyndan geçiren, segsene ýakynlan mama erteki baryny aýdyp arardy. Emma oglanlar her hili ýol bilen ýene birnäçe erteki aýdyp bermäge yrardylar. Ol bolsa:
– Hany onda meniň pejime ýakar ýaly odun çapyp berseňiz, ýene-de aýdyp beräýerin – diýerdi.
Biz derrew tebip mamanyň pejiniň ýanyny bir hepdelik ýakar ýaly odundan doldurardyk. Ana, şondan soň ýyljak pejiň ýanynda oturyp, tebip mama ýene gürrüňe gyzardy. Ertekiniň gülşükli ýerinde bize goşulyp, gözüni ýaşardyp gülerdi.
* * *
Gyşyna obanyň towuklaryna göz dikýän şagallar derýa tarapdan ýygy-ýygydan çozardylar. Şonda men tebip mamanyň towuklaryny alada ederdim. Onuň howlusy obanyň çetinde ýeke bolany üçin tebibiň towuklary ilkinji bolup şagallara şam bolardy. Men: «Wah-eý, öň näme güni bar, bendäň» diýerdim. Onuň towuk ketegem tut çybyklaryndan örülen elujundan edilendi, üstesine-de, üstüne saman gaýry atylan, onçakly bir berkem däidi.
Gyş günleri tebip mama özüniň pessejik tamynyň bir burçunda pejiň ýanynda bütin günläp sesini-üýnüni çykarman, öz işine gümra bolup oturardy. Kim bilen gürleşsin?! Belki, olam uzak ýerlerde galan ýaryny ýatlap, hyýalynda onuň bilen gürleşýändir. Gijelerine bolsa ýagly çyranyň körek ýagtysyna il-günüň halydyr kilimiriiň ýüplügi, erişligi üçin içini hümledip, ik egrip oturardy. Şonda men öz ýanymdan: «Ogulbibi mamanyň ýekeözi nädip ýaşaýarka, ol näme üçin oglunyň ýanyna göçüp, barmaýarka, täze obada elektrik çyrara-da, telewizordyr radio-da bar-a. Her gün diýen ýaly gyz çykarylyp, oglanlar öýlenip dur» diýip pikir ederdim.
Ol käwagt ene ýaby kesip, oba-da gelerdi. Tebip mamany obada görmek biz üçin uly täzelikdi. OL soňky döwürlerde köplenç, günorta boluberende, uly ýabyň köprüsinden geçip, oba siňerdi. Eli hasaly, iki eplem bolup barýan mamanyň yzyndan pişigem galmazdy. Obanyň çagalary bolsa:
– Tebip mama, gümür-ýamra bize geläý – diýip, onuň yzyndan gygyryp galardylar.
Bir gezek ýaz paslynyň soňragydy. Deň-duş oglanlar bilen tebip mamanyňka erik iýmäge bardyk. Şonda tebip mamanyň öýünde özlerine gaýyjaga çalymdaş öý gurunýan garlawaçlara gözüm düşdi. Olar üç-dört jübüt dagy bardy. Köneje tamyň içi-daşy garlawaçlaryň sesinden ýaňa ala-ýazdy. Men şonda garlawaçlaryň gelenine has begendim.
– Hä-ä, Ogulbibi mama ind-ä seň bizsiz içiň gysmaz, garlawaçlaram gelipdir. Seniň syrdaşlaryň sany köpelipdir, olar indi seni ýekesiretmezler – diýdim. Tebip mama:
– Dogry aýdýaň, olaryň gelerine men her ýyl sabyrsyzlyk bilen garaşýan. Şü iki jübüt her ýylam gelýä,indi olar dört jübüt, sekize ýetdi. Nesip bolsa, olar bu ýyl hasam köpeler. Garlawaç pirli guşdur, guzym! – diýip, gülli sandygyna elini uzatdy. Ol sandygyny açyp, agzy boglan akja torbajýklary çykaryp, ortada goýdy.
– Alyn ogullam, siziň gurt, igde halaýanyňyzy bilýän – diýdi. Eli hem göwnaçyk mama şeýdip, baryny orta goýýardy. Onuň orta dökýän süýjüdir kemputlary halal tebipçilikden düşen, il-günüň göwnünden çykaryp getiren zatlarydy. Gülli sandygyň goruna bolsa gutarma ýokdy.
* * *
Ondan bäri köp ýyl geçdi. Men mekdebi tamamladym. Merkezde okap, dynç alyşa oba baranymda, maňa tebip mamanyň dünýeden gaýdyş bolandygyny aýtdylar. Tebip mamanyň ölümi maňa-agyr degdi. Aýtmaklaryna görä, ony iň soňky ýoluna ugradanlarynda, oglunyňkydan çykanypdyrlar. Ol iň soňky demine çenli adamsyny urşa ugradan köneje külbesinden, göwnüne makul dünýesinden daşlaşmandyr. Ata-babadan gelýän dessuryrny saklap, iň soňký demine çenli ýanýoldaş sarpasyny saklap, wepaly, päkize zenan bolup, bakyýete göç eýläpdir. Garry mamanyn ölümine gynanyp, onuň, pişigi gugaryp galan öýüniň kän mawlap gezenmiş. Tebip mamanyň öý goşlaryny oglunyňka alýp gaýtsalar-da, ol pişik şol ýerden gaýtmandyr. Il-günüň aýtmagyna görä, Ogulbibi mama özünin bütin ömründe asla syrkawlamandyr.
Tebip mamanyň ýaşan jaýy onuň hatyrasy üçin köp wagtlap ýykylmady. Ol pessejik jaý soň-soňlaram durdy. Biz bolsa onuň uzak ýykylman duraryny isleýärdik. Çünki, ol jaý, onuň töwerekleri çagalyk döwrümiziň şadyýan geçen ýerleridi...
Baýramgeldi ÇARYÝEW.
«Edebiýat we sungat» gazeti, 23.12.2005 ý.
Hekaýalar