TEKEPBIR GURBAKGAJYK HAKYNDA ERTEKI
Bir-ä bar eken, birem ýok eken. Gowy zat bolsa-ha bar eken, erbet zat bolsa-da ýok eken. Garagum çölüniň göwsüni dilip geçýän Garagum derýasynyň kenara ýakyn ýalpak ýerinde, bir gurbakgajyk ýaşaýar eken. Ol ilki diňe kelle bilen guýruk bolsa-da, soň ösüp-ulalyp, aýaklary çykypdyr welin, özüni gurbakgalaryň iň ulusy hasaplap, sesine bat berip, ýetişibildiginden “warryk-warryk” edip başlapdyr.
Öz “warryldylary” bilen ber-başagaý bolşup ýören beýleki gurbakgalar bolsa oňa garşy çykjak hem bolmandyrlar. Muňa hasam ekezlenen gurbakgajyk öz ýanyndan: “Bularyň hiç haýsy meniň diýenime däl diýmäge het etmeýär welin, diýmek men olaryň ählisinden üýtgeşikdirin. Men gurbakga-da däl-de, ýüzgür balyk bolmaly” diýip pikir öwrüpdir. Soňam gurbakgalaryň arasyndan saýlanyp, balyklaryň arasyna göçüpdir.
Ilkibaşda balyklardan çekinse-de, soňabaka öwrenişip, olaryň arasynda-da: “Men hemmäňizden ekabyr, güýçli, ýüzgür balyk!” diýip öz dilinde “warryldap” ugrapdyr. Balyklar, hiç haýsy oňa düşünmeýändigi üçin, üstesine-de ol horja gurbakgajyk bolandygy sebäpli, oňa ünsem bermändirler.
Bu ýagdaýa has hem dogumlanan gurbakgajyk: “Bular meniň ýanymda jyňkyny çykaryp bilmeýärler welin, men balygam däl-de, äpet sekizaýak öýdýän!” diýip özi hakda göwnühöş oýlanypdyr-da, sekizaýaklaryň mekanyna göçüpdir.
Diňe kelle bilen aýak bolup duran mähnet sekizaýaklardan ol ilkibada öte üýşenipdir. Ol göçüp baran gününi iki sany daşyň arasynda gizlenip geçiripdir. Emma mähnet jandarlaryň hiç haýsynyň özüne üns bermeýändigini görüp: “Bularam menden heder edýärler öýdýän! Diýmek, men sekizaýaklaryň hem iň äpedi bolaýmasam!” diýip öz ýanyndan öwrüp-çöwrüpdir-de, gizlenen ýerinden çykypdyr.
Soňam öňki edähetine eýerip, “warryldamaga” başlapdyr. Şol pursadam, ýaňy dünýä inen kinniwanja sekizaýajyk, äpet enesine gysmyljyrap ýatyşyna, onuň “warryldysyna” bimaza bolup, birje aýajygyny galgadyp goýberipdir welin, daşyň ýüzünde tekepbir gurbakgajygyň tegmili-de galmandyr. Wessalam, erteki tamam.
Ertekiler