19:08 Telekeçi / ýumoreska | |
TELEKEÇI
Satiriki hekaýalar
Biziň hormatly adamlarymyz bolan Annam brigadir bilen Poşalak duşuşdy, Annam diýseň arryk, boýny almanyň sapagy ýaly, ýuwdan zady bildirip barýar. Poşalak mapraç, repide ýaly ýüzi ýaldyrap duran garaýagyz, tokga pyýada. Annam aman-saglykdan soň söze başlaýar: ― Men-ä brigadirligi äpberip, ferma müdirligine geçäýdim ― diýip, ol ýuwdunýar. Bokurdagyndaky ýumry iki-baka baryp gelýär. ― Bolubilýär, oňarypsyň, düşümlisi bolsun! ― diýip, Poşalak elindäki içi boş çüýşeli ýüzi Jon Rid suratly sumkasyny ýerde goýup, Annamy gutlady. ― Sag boluň! Goýundarçylyk fermasyny boýun alandyryn özi-hä ― diýip, Annam içindem uzyn barmaklaryny bir-biriniň içinden geçirýär. ― Örän oňat. Oňa ýetesi zat bolup bilmez asla. Maly baksaň, ol seni bakar. Ýadyňa sal, Mätäji goýun hakyna näme diýýär? ― «Ýagşy baksaň goýun maly, Peýdasyna deň getirer» ― diýýär. ― Eger Mätäji şu döwürde ýaşaýan bolsady, ol başgaça aýdardy. Çünki Annagylyç Mätäjiniň ýaşan asyrynda SŽK bolmandyr. ― Başlyk maňa: «Biziň goýunlarymyz kolhoza peýda däl-de zyýan berýär» diýdi. ― Fermaňyzyň dowarlary nirede bakylýar? ― Garagum çölünde. ― Nireden suwa ýakylýar? Haýsy guýudan içýär? ― «Wodowoz» diýen guýudan. ― Ol guýy nireräkde bolýar-a?! Menem-ä guma beletdirin özi-hä. ― Ol guýy bir ýerde durmaýar. Dört tigriň üstünde bolansoň peşmek ýaly gezip ýör-dä. Suw daşaýan maşynlar bilen çöle suw alyp gidilýär. ― Näçe kilometre? ― Bir ýüz togsan alty kilometre. ― Baý-ba-a! Ol ferma hiç haçan galynmaz. Çemçesi çala degmänjik geçer. Iň daýaw çleni sen bolarsyň. Sähelçe ýel öwüsse, egniň içi daşly horjunly gezmeli bolarsyň. ― Agam, halypam, Poşalak, batan fermany şu ýagdaýdan nädeňde alyp çykyp boljagyny bir salgy bersene. Haýyş edýän, öwretsene. Şeýle diýip, Annam müdir özelenip başlaýar. Poşalak goltuk jübüsinden kinniwanja çot alýar. Bular oturyp çot kakýarlar. Ahyrsoňunda Poşalak başyny galdyryp söze başlaýar. ― Annam jan, sen fermaňyzyň goýunlaryny Aşgabat şäherine getiräý. Garagum çölünden göni paýtagta sür. ― Oh-ho! Nirede bakjak? ― Piwo zawodynyň ýanynda bakjak. ― Nirede suwa ýakjak? ― Suwa ýakjagam däl. ― Suwsuz gyrjak diý-de gutar-da. ― Suw ýerine diňe, gözüňe söweýin, altyn ýaly lowurdap duran, otuz ikiňi döwüp barýan sowuk piwo berjek. ― Gymmat düşäýmezmi?! ― Ýok. Ol it gyrlanyň çölüne eltip berýän suwuňyzdan piwo has arzan düşer ― diýip, Poşalak ynamly aýtdy. ― Ýeri, suw ýerine goýna sowuk piwo berdiňem-dä, a otuny nireden aljak? ― Päheý-de welin, Aşgabatda bolubam otuň aladasyny ederlermi?! Ýarmarkadan ukrop, petruşka, turşuja, ajybalgaz, näne, reýhan ýaly otlardan alyp beriberjek. ― Şol, ýagyrnişligiňi otlap goýberýän peýdakeşleriň nyrhyndan aljakmy?! ― Dagy näme. ― Aý, Poşalak halypa, beýtsek, goýun kolhozy galyndyrmaz. ― Öňküsinden gowy bolar. Entegem pulumyz kän ahbeti ― diýip, Poşalak ýetişibildiginden çotuň düwmelerini iki-baka kowalaýar. ― Biz gaýtam goýunlaryň hersine şenbe hem ýekşenbe günleri ýüz elli-ýüz elli gramdan «Ekstra» diýen arakdan hem berip bilýäs ― diýip, Poşalak çyny bilen aýdýar. ― Bo-how-ow! Halypam, sen-ä kolhozyň puluny sowurmaly bolsa, edil Hatamtaý ýaly ekeniň-ow. ― Düşün, şeýle edeniňde-de çöle suw daşap goýun bakanyňdakydan on esse arzan düşýär. ― Onsoň, goýunlara «Ekstra» içirdiňem-dä, zakuskasyna näme berjek? ― «TSSR-iň 40 ýyllygy» kolhozyndan limon alyp berjek. ― Hersini ýigrimi bäş köpükdenmi?! ― Hawa. Entegem pulumy artyp dur ahyry. Goý, janawarlar keýp çeksinler. Et, ýüň, bagana, deri berýän-ä şolar. ― Geň zat! ― Geň-taň görübem oturma. Ýylyň ýylyna dördem guzlaýan goýunlara şampan çakyryny hem berjek. ― Bu ummadan çykaýmazmy?! ― Ýok, şindem Garaguma daşalýan suwuň bahasyna ýetip bilemzok. ― Poşalak halypa diýýän-ä, eger goýunlara suw deregine piwo bersek, olardan önen guzularyň baganasy nähili bolarka?! ― Edil altyn öwsüp duran bolar. Annam han. Piwonyň reňki nesline geçer. ― Spirtli içgileri içip, lüýge agnap ýatan goýnuň ýüňüniň hili nähili bolarka? ― Gerşinde baslygyp, tap-taýynjak keçe bolar-da. ―Keçesi berkem bolar, beki. ― Pendi keçesine isleg azalar. ―Içip, agdarylyp ýatan serhoş ene goýunlar guzularyny emdirerlermikä? ― Emdirmezler. Emdireni geregem däl. ýaşajyk guzulary «Malyş», «Malýutka» ýaly iýmitleri gaýnadyp, emzikden çüýşe bilen idetmeli bolar. ― Goçlaryň ýagdaýy neneňsi bolarka, Poşalak halypa?! Piwodan, arakdan ganan goçlar göreni hykladyp süsüp durmazlarmy? Ýa olar üçin huşagetiriji açmaly bolarmyka? Belki, on bäş gije-gündizlik jeza çäresini bermeli bolar? ― Ol zatlaryň bir alajy bolar-la. Ýöne weli, goç bilen goýny aýyl-saýyl edip boljak däl. ― Goçuň burum-burum, aýlaw-aýlaw şahy bar ahyry?! A goýunda şah ýok. ― Içişip, döşlerine patda-patda kakyşyp ýören serhoş goçlarda, heý, burum-burum, aýlaw-aýlaw şah durarmy diýsene. Kelläň dyr-pytrak bolmasa şükür edersiň-le. Şeýle diýip, Poşalak ýerdäki çüýşeli torbasyny eline alyp, Annam müdir bilen hoşlaşyp gitdi. ― Halypa, aý, halypa, birsellem aýak çek-le. Bir zady soramak ýatdan çykypdyr ― diýip, Annam gygyrýar. ― Aýdyber. ― Aýtsam, piwo bilen bakyljak sürä goýun itleri gerek bolarmyka?! ― Ýok, eger-eger, gerek bolmaz. Çünki serhoşyň golaýyna item, möjegem baryp bilmez. ― Be, men onda ýaňky halypamyň diýenlerini edip, kolhozymyzyň batan fermasyny aýak üstüne galdyraýyn. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||