01:29 Terbiýe sapagy | |
Berdinazar HUDAÝNAZAROW
Goşgular
▶ TERBIÝe SAPAGY Diýleni etseňiz öwretmek menden Watany söýmeli jan bilen tenden Atany-enäni kem görmän ondan, Iýeniň-içeniň halal bolmaly. Adamy bolsaň-da haýsy eýýamyň, Ýalan däl-de, dogry bolsun diýýäniň. Ýarym! diýip ömürboýy söýýäniň Üç-dört däl-de, birje aýal bolmaly. Niýeti-päliňi ýagşa tutmaly, Ir turmaly, gijirägem ýatmaly. Bu dünýäden senem bir gün gitmeli, Bu hakykat başdan aýan bolmaly. Sogap gazan, günäň bolsa hasap et, Ynsabyňa bermelisiň hasabat. Gerçekleriň gursagynda sahawat Amanat başynda hyýal bolmaly. Erbet işdir kişä kesek oklamak, Däp bolmaly iýlen duzy haklamak. Näçe kyn bolsa-da çaga saklamak Nesil öndürmeli - dowam bolmaly. Ömri öýkeletme - geçirme nalap, Durmuşa çykanda çykmaly halap Ýene bir zat: tapylmasa kiläläp Bir gadak utanjyň - haýaň bolmaly. Özüň bileňokmy-diňle bileni, Yhlas eýle-işiň bolsun ileri. Häzirlikçe berjaý ediň şulary, Soňun görmek üçin aman bolmaly... TERBIÝE SAPAGY Yza galman, has bir öňe-de gitmän, Ýaşaber hiç kişiň minnetin çekmän. Dost tutunjak bolsaň, juda howlukman Öňürti şol kişä belet bolmaly. Alabeder bu durmuşdan dogrusy Kimiň algysy bar, kimiň bergisi. Iň ajaýyp duýgularyň birisi Bilýäňizmi näme? -Uýat bolmaly. Gökden inip dursa ähli geregiň, Gadyry bilnermi duzyň-çöregiň. Kadadan kanundan çykybereniň Öňünde, elbetde, böwet bolmaly. Ýürekler küýseýär mydama merdi. Öz-özüňi tana ilden öňürti. Adam bolmaklygyň iň uly şerti - Ýüregiňde ýagşy niýet bolmaly. Menziller ýeňil däl, synaglar çetin. Büdremesin agyr ýollarda atyň. Dünýädäki iki sany äpetiň Birisi Çyn, biri Galat bolmaly. Açyş etdik: suw içmeli suwsaňda, Çörek iýmek gerek ony küýsäňde. Şaýatnamaň bolsa dursun kisäňde, Esasan kelläňde sowat bolmaly. * * * Garlar bereketdir, ýagyşlar nurdur, Daglaram, düzlerem bir penakärdir Dert köp bolsa, şonça dermanam bardyr. Diňe herki derdin emin tapmaly. Durmuş kä agladyp, käte oýnadyp, Taplaýandyr gazanynda gaýnadyp. Sözüňi süýjedip, gözüň oýnadyp Owadan zenanyň göwnün tapmaly. Aşyk bolup bolmaz kalba ot bermän, Toprakdanam zat almarsyň, zat bermän. Gara güýje - diňe sese bat bermän Aýdym aýtjak bolsaň heňin tapmaly. Kemsiz gözel bolmaz diýipdir dana, Bu baha degişli her bir ynsana. Diýmek, näçe ýokuş degse-de jana, Her bende özüniň kemin tapmaly. Gep-söz agyr degýär bolanda gyşyk. Dostly boljak bolmaň bir gezek duşup. Agyr menzilleri bileje aşyp, Dostuňam, ýaryňam çynyn tapmaly. Ýene bir meselä çekýärin ünsi: Dünýäde ýigit kän geňsiden-geňsi. Soňra ökünmezlik üçin iň gowsy Her kişi özüniň deňin tapmaly. | |
|
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Pyşyrdylar / Goşgular - 07.09.2024 |
√ "Gowy men" diýer / Goşgular - 28.11.2024 |
√ Telegraf / Goşgular - 05.08.2024 |
√ Özümiñki däl eken / Goşgular - 17.11.2024 |
√ Derdi-halym hezretiňde, Rebbena... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Hoş örütdüň / Goşgular - 29.05.2024 |
√ "Ýa suwa, ýa-da samana..." / Goşgular - 22.07.2024 |
√ Belaýy yşk ki, her dem maňa jepaýydyr... / Goşgular - 26.08.2024 |
√ Nokat / Goşgular - 28.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |