TEREDDUT
Biziň salawat getirmegimiz bilen Hak Tagala Pygamberimize rahmetini we salamyny indirermi? Şeýle-de Hak Tagala onuň üstüne rahmetini indirýär. Biziň salawat getirmegimiziň hikmeti nedir?
Resuly Ekrem (s.a.w.) beýik haýyrlaryň, peýdalaryň, bereketleriň esasyny emele getirýän özen ýalydyr. Ol size dogry ýoly görkezen, dos-dogry çygry açan, syrat-y mustakime delalat eden, ýalňyşmaýan, ýalňyşdyrmaýan bir ýol görkeziji, hemme taraplaýyn boýun egilen bir baştutandyr.
Bu nurly ýolda, ynsanlaryň garaňkylykdan nura çykmaklaryna wesile bolan Serwerimize (s.a.w.) bu nurly ýolda ýöreýän her kesiň sogabyndan bir paý beriljekdir, «essebebu kel fail» (sebäp bolan, eden ýalydyr) syryna laýyklykda ymmatynyň eden haýyr işiniň bir bölegi Onuň depderine belleniljekdir.
Makam-y Mahmudyň sahyby bolan Resuly Ekremiň (s.a.w.) wepat etmegi bilen depderi ýapylmajak, ýygyn-ýygyn haýyrly, sogap işler, salyh amallar yzygider Onuň depderine ýazyljak, derejesi beýgeldikçe beýgeljek, at-abraýynyň çägi giňedikçe giňejek – we inşallah – her gün ymmatyndan şepagat etjekleriň sany öz-özünden köpelip gitjekdir. Şonuň üçin bu meselä iki ugurdan garamak gerek.
Birinjisi, biz Resuly Ekreme (s.a.w.) salatu-salam okamak bilen ähdu-peýmanymyzy täzeleýäris, ymmat bolmak islegi bilen oňa ýüzlenýäris. Ýagny, «Seni ýatladyk, saňa düşündik, Hakyň seniň mertebäňi beýgeltmegi üçin doga we dilegde bolduk» diýýäris we sygynýarys. Bu tarapdan biziň dogalarymyz Makam-y Mahmudyň sahibiniň (s.a.w.) makamyny beýgeltmek niýeti bilen edilensoň, Onuň (s.a.w.) şepagatynyň çägi has giňeýär. Şeýdibem has köp adam onuň şepagatyndan peýdalanyp bilýär.
Ikinjisi, bir kişiniň Pygamberimiz (s.a.w.) hakynda, Onuň mertebesiniň we at-abraýynyň has-da ýokarlanmagy istikamatynda etjek dogasy özüniň Onuň hemaýaty astyna girmesine wesile bolmagy üçindir. Şeýdip ol kişi babatda şepagatyň çägi has-da giňeýär. Diýmek, salatu salama Serwerimizden (s.a.w.) has köp biz mätäçdiris. Sygynmagymyz bilen barlygyny, beýikligini kabul edip, kiçiligimizi, hiç zatdygymyzy yglan edýäris. Döwletiniň beýikdigini tanap, ýardam üçin oňa sygynan kimseler ýaly biz hem ejizligimiz we pakyrlygymyz bilen birlikde howp-hatary örän uly bolan bir günüň endişesini edip häzirden sarsgyn içinde gaçybatalga we halasgär hökmünde Resuly Ekreme (s.a.w.) sygynýarys we zerurymyzy, hal-ýagdaýymyzy oňa duýdurýarys.
Hak Tagala Şepagat-y Uzma sahyby Muhammediň (s.a.w.) şepagatyna bizi mynasyp eýlesin.
Isleseňiz bu baradaky buşlugy hem ýatladaýyn. Her pygamberiň öz ummatyna beren bir zady bardyr diýilýär. Serwerimiz (s.a.w.) buýurýar: «Men ymmatyma berjegimi ahyrete sakladym. O-da şepagatymdyr».
Pygamber Serwerimiz (s.a.w.) bir gezek «Bu agyzdan diňe hak çykar» diýmesine garamazdan, hurmalaryň sapylmasy meselesi bilen baglanyşykly dörän netije sebäpli «Menem bir beşerdirin» diýmesine nähili düşünmeli?
Bu soragda iki hadysyň biri-birine gapma-garşy bolmagyndan söz açylýar. Bulardan birinji hadys: «Bu agyzdan dogrudan başga hiç zat çykmaz». Bu ýerdäki beýan edilşindenem has zyýada, mübärek agzyna yşarat edip: «Ýaz! Nebsim elinde bolan Allahdan kasam edýärin, bu ýerden hakdan başga hiç zat çykmaz...» şekilindedir.
Bu hadys başda Buhary we Muslim bolmak bilen birlikde ençeme sahyh hadys kitabynda rowaýat edilýän hadysdyr. Ony rowaýat eden hem Abdullah Ibni Amr Ibn-il Asdyr (r.a.). Bu barada öňem aýdan bolmagym ahmal. Abdullah bin Amr ibn As Serwerimiziň (s.a.w.) göwher saçan agzyndan dökülen hünjüleri çöplärdi we hiç birini gaçyrmazdy. Hatda Ebu Hüreýre özünden has köp hadys rowaýat edendigini beýan edende: «Men hadyslary ýazyp almazdym. Emma Abdullah Ibni Amr ýazardy. Şonuň üçin onuň menden has köp hadyslary bellän bolmagy mümkin» diýýär. Abdullah Ibni Amr Ibn el-As örän köp ybadat eden, zahid bir ynsandy. O döwürde tagat ybadaty bilen tanalandy. Serwerimiz oňa: «Bir gün agzyňy bekle, bir gün aç. Hezreti Dawudyň orazasydyr bu» duiýen wagty muny az görüp: «Mundanam artygyny edip bilerin, ýa Resulyllah» diýipdir. «Gijäniň üçde birinde ybadat et, galanynda dynjyňy al» diýeninde «Mundanam artygyna taýýardyryn» diýip mydam ýokary derejelerde gulluk etmegiň aladasynda bolupdyr. Hawa, ol takwalykda, inçelikde, ybadatda çuňlaşan ynsandy. Şeýle hem pygamberimiziň her sözüne hormatdan doludy we Serwerimiziň (s.a.w.) agzyndan çykan her sözi ýazardy.
Ine, bu hadyslardan birinjisi şuny beýan edýär. Abdullah bin Amr: «Maňa Serwerimiziň agzyndan çykan her sözi ýazýarsyň, emma, Ol hem bir ynsandyr. Ýumşak bolan wagtam bolar, öýkeli bolan wagtam, birden islemedik sözünem agzyndan gaçyryp biler. (Alla saklasyn!) Sen bolsaň ölçerip-dökmezden baryny bir ýandan ýazýarsyň diýdiler. Bu sebäpden menem ýazmagymy goýdum. Soňra Serwerimiz bilen gabatlaşamda diýdim: «Maňa şeýle-şeýle diýýärler, ýa Resulallah». Ol bolsa: «Ýaz! Nebsim elinde bolan Allahdan kasam edýärin, bu ýerden hakdan başga hiç zat çykmaz...» buýurdy.»
Wakanyň birisi şu, beýlekisi-de şeýle bolup geçýär. Ekmelüttehaýa Serwerimiz (s.a.w.) Medinä sapara baranlarynda medinelileriň hurmalary sapýandyklaryny görýär we «Bu sapmaklygyň netijäni üýtgetjekdigine ynamym ýok» diýýär. Ýagny, «Sapmagyň asla peýdasy ýokdur» diýmeýär. Netijä täsir etmejegini buýurýar. Olar hem haýsy görnüşde sapýan bolsalar, ony goýýarlar. Şol ýylyň hasyly bolmaýar. Kim bilýär, Allahyň etjegini, şol ýyl hurmalaryň hasyl bermeýän ýyly bolmagy hem ahmal. Soňra buýurýar: «Dünýäňiziň işlerini siz gowy bilersiňiz». Muňa «Menden has gowy bilersiňiz» görnüşinde düşünmek dogry däldir. Ähtimal, Serwerimiziň maksady «Siz bulary sapýarsyňyz, emma, Allahyň diýeninden, isläninden başga hiç bir zat bolmaz» diýmekdir. Şol ýyl hem hurmalaryň hasyl getirmeýän ýylyna gabat boldy. Zeýtun hem bir ýyl hasyl berse ikinji ýyly hasyl bermeýär. Şol waka-da hasylsyz ýyla gabat geldi. Olaryň halyna bakdy. Sözlerindäki hikmete dogry düşünmändiklerini gördi. «Dünýäňiziň işlerini siz gowy bilersiňiz» diýdi. Ýagny, wyždany-tejribe bilen gazanjak ähmiýetli bir husus üçin heniz wagtyň gelmändigine yşarat etdi.
Ikinji bir husus şol döwürlerde netijäni sebäplerden görýärdiler. Meselem, ýene Buhary we Müslimde görşümize görä «Ýagmyry bize Now ýyldyzy berdi» diýýärdiler. Ýagny «Pylan ýyldyz dogansoň bulutlar galňady we şol ýyldyz bize ýagmyr berdi» düşünjesindediler.
Bu babatda Serwerimiz (s.a.w.) buýurýar: «Ýyldyzyň dogmagy ýa-da ýaşmagy bilen ýagmyr geldi diýenler käfir boldy, ýagmyry Allah berdi diýenlerem mümin...» Hawa, bir jemagat her lutfy Allahdan bilişi ýaly, ýagmyryň-da Allahdan gelendigine ynanýar. Olar mümin... Beýleki topar bolsa, her bir zat ýaly ýagmyram sebäpler berýär diýip ynanýar. Olaram Allaha garşy küfür edenler bolýarlar. Ol döwürlerde beýle ýagdaýda netijäni sebäplere baglamak giňden ýaýrandy. Bu ynanjy düýbünden ýatyryp, her bir zadyň Allahyň elindedigini düşündürmek gerekdi. Ýagny, Onuň ylah hökmünde ýeke-täk bolşy ýaly Rabb hökmünde-de ýeke-täkdigini aňlatmak üçin diňe bir yşarat we alamatlar däl-de, sebäpleriň hem göni Allaha baglanandygyny ayan etmek zerurdy.
Hawa, Allahyň zatynda ýeke-täk bolşy ýaly eden işinde-de kömekçä mätäçligi ýokdur. Ýyldyz dogsa-da, dogmasa-da ýagmyry beren Allahdyr. Emma köp gezek ýagmyryň ýagmagyny haýsy-da bolsa bir sebäbe, ýa-da bir ýyldyzyň dogmagy bilen baglanyşykly eder. Bu bir iktirandyr. Şeýlelik bilen ynsanlar ýagmyryň ýagmagyna taýýarlykly bolar ýaly. Emma, Ol islese ýagmyry ýagdyrmanam biler. Hawa, Ol nämäni islese şony edip biler. Serwerimiz bu hakykata ynandyrmak üçin, ýagny sebäp we araçynyň täsiriniň ýokdugyny, ähli zadyň Müsebbibül Esbab bolan Allahyň elindedigini görkezmek üçin, sebäp we wesile hasap edilen her zady ýykýar we nazarlary Gudraty Soňsuza öwürýärdi.
Başga bir waka. Bir gün bir çarwa Resulyllahyň huzuryna geldi we «Ýa Resulyllah! Düýäm gotur düýeleriň ýanynda daňylan soň gotur boldy» diýdi. Resulullah buýrdy «Ol düýä gotur ýanyna daňan düýäňden ýokuşdy. Onda öňden daňylgy düýe goturlygy nireden aldy?» Bu ýerde hassalygyň ýokançlygy inkär edilmeýär. Eger şeýle bolanda «Bir ýerde ýokanç kesel bar bolsa ol ýere girmäň, girenleriňiz hem çykmaň» şekilinde duýduryş berermidi. Serwerimiz esasan jahylýet mantygyna we düşünjesine garşy söweşýärdi. Ýogsa sebäpleri inkär etmeýärdi. Onuň aýtmagyna görä sebäpler hem bir hikmet bilen ýaradylandyr. Wiruslaryň, mikroplaryň kesel ýaýradyp biljekdigine-de yşarat edýärdi. Emma sebäpler ähli zat diýmek däldir. Sebäpleri berjaý etmek bir jogapkärçilikdir, netijäniň bolsa Allahyň elindedigine ynanmak towhytdyr. Ine bu inçe hususy görkezmek üçin Serwerimiz «O gotur düýe gotury beýleki düýeden aldy. Beýleki düýe kimden aldy?» diýip meseläniň yzygider, sebäpler arkaly dowam etdirilmeginiň öňüni alýar. Ýagny ol ondan, beýleki düýe gotury nireden aldy? Netijede «Allahdan» diýdirýärdi. Şeýlelikde has soňra sebäpler arkaly akyp duran zatlar owal başda Allahyň emri we eradasy astynda bolýar diýmekdir. Her bir zady ýaradan Allahdyr (j.j.). Şonuň üçin Serwerimiz (s.a.w.) Tewhid-i Rububiýete degişli bir şirkiň başyna gürzi indirýär, ruhlary şirke garşy oýarýar we has ähmiýetli zada ünsümizi çekýär.
Indi sapmak meselesine geleliň. Sapmak meselesinde-de jahylyýet döwründe şeýle bir ynanç bardy. Hurmany sapsaň birine derek onusyny berer, sapmasaň hiç zadam bermez. Munda-da bir şirk gizlenýärdi. Ýagny, sapmak hurmanyň hasyl bermegine ýeke-täk sebäp ýaly bolýardy. Serwerimiz bu batyl düşünjäni ýerinden goparyp zyňdy we sebäpleriň diňe Allahyň yzzat we azamatynyň perdeleridigini düşündirdi. Düşündirdi, emma düşündirende sahabanyň öz aňlaýyş çägine görä düşündirdi. Ilki bilen olara bir ders berdi. Soňra olar belli bir düşünje içinde garşy çykanlarynda «Dünýäňiziň işlerini siz bilersiňiz» diýdi. Bu ýerde çynlakaý bir geçirimlilik bar ýa-da düşündiren hakykatyna öz islän manysynda düşünmändikleri üçin temmi bar? Bu mesele oýlananyňa degýän bir mesele...
Üçünji bir husus. Serwerimiziň (s.a.w.) aýdan her sözi tutuş bir ömre tälim istikamatyndadyr. Ýöne olar durmuşyň her nokadyna dogrudan-dogry kanun bolup garylyp gatyşsady. Meselem, diýsedi, suwy şeýle akydyň, içeniňizde käsäni saçagyň töweregindäkileriň hemmesine guýup berip içiň, şu işi edeniňizde şeýle ediň, agajy keseniňizde düýbünden kesiň, demri taplanyňyzda şeýle taplaň, ojaga şeýle sokuň ýaly her zatda tälim bersedi, bu emrlere-de şerigatyň beýleki emrlerine uýulmasyny zerur hasaplap, kyýamata çenli şonuň aýdyşy ýaly ediljekdi we etjekdik. Emma, Allamulguýubyň (gaýyby bilýän Allahyň) özüne bildirmegi bilen bugdaýyň birinden on almak mümkin bolşy ýaly, birinden ýüzüsini almak hem mümkindi. Tejribeler we sapmak, tohumlary çakyşdyrmak ýoly bilen, meselem, narynçlary ýumruk ýalydygyndan gawun-garpyz ýaly etse bolardy. Munuň üçin olara bilimlerini, tejribelerini we usullaryny artdyrmaga ynamdarlyk hem ynam berdi.
Dördünji bir husus bar, ol hakykatdan örän möhümdir. Hak Tagala beşere, ýaradylyşyň kanunlaryna, tebigata täsir etmek hukugyny beripdir. Megerem, ynsan ýer ýüzünde Allahyň halifesidir (wekilidir). Ol ýagdaýda Allahyň ýaradan zatlaryna, sebäpler arkaly, elbetde, täsirini ýetirjekdir. Bu husus şol bir wagtda eradanyň barlygynyň hikmeti, ynsanyň Ýaradana halife bolmagynyň netijesidir. Emma bu meselede-de Serwerimiziň (s.a.w.) aýdanlaryna gulak asjaklar, diýjekler: «sapma» diýdi sapmadyk, «sap» diýdi sapdyk. Şeýdibem beşeri ylymlaryň çeşmeleri gurajak. Toplanan tejribeler ýitip gitjek we ýaradylşyň kanunlaryny tälim etmek wezipesi bilen gelen zat, ýaradylşa garşy gitjek. Şonuň üçin Serwerimiz (s.a.w.) bir sözi aýdanda kyýamata çenli güýjüni gaçyrmajak şekilde sözlär. Onuň goýan kanunlary kyýamata çenli saklanjakdyr. Şeýle hem ol şeýle berk zatlary aýtmalydy soň geljekde ters düşünjelere getirmeli däldi we herkes, her zaman uly bir ynam bilen ol aby-haýýat çeşmesine ýüzlenip bilsin. Şonuň üçin agzyndan mydama sözüň dogrusy çykmalydy. Ol agyzdan mydam dogrusy çykdy. Dogrudan başga hiç zat çykmady...
Bäşinji husuda Serwerimiz (s.a.w.) bir ynsandy, ynsanyň erkinliginiň, azatlygynyň näme diýmekdigini örän gowy bilýärdi. Ynsan erkin däl bolsa ynsanam däldir. Ýesir bir ynsana ynsan diýilmez. Zyndandaky bir ynsana-da ynsan diýilmez. Käfiriň, fajiriň golunyň astynda olaryň mümkin eden ýaşaýyşyny ýaşamak, gadagan eden ýaşaýyşyny ýaşamazlyk ýaly pese düşmek hem ynsanlyk däldir. Beýle ynsanlykdan Allaha sygynyň. Beýle ýaşaýyşa razy bolanlary-da Allah halas etsin!
Hawa, ynsan eradasy bilen ynsandyr we erada örän möhüm meseledir. Erada şeýle bir meseledir, edil topraga düşen tohum ýaly, topragyň bagryna düşüp-düşmän ol ýeri bir uly agaja hamyla halyna getirer. Serwerimiz (s.a.w.) olaryň eradalaryna zynjyr urmady. Ilki bilen olary bir synap gördi soňra «siziň eradaňyzyň netijesi, miwesi hatda has soňraky miweleri üçin şeýle hereket etseňiz dogrudyr» diýdi.
«Dünýäňiziň işlerini siz bilersiňiz» diýmek bilen bu hakykaty düşündirdi, düşündirenleri dogrudan başga zat däldir.
Edebi makalalar