06:23 Tereddut -37 / dowamy | |
Tereddut
Edebi makalalar
Pygamberimiziň pygamberliginiň öz döwrüne degişlidigini we araplar üçindigini aýdýarlar. Bu hususy düşündirermisiňiz? Pygamberimiziň pygamberliginiň öz döwrüne degişlidigini görkezýän iň kiçi bir maglumatyň, hatda bir yşaratyň bolmaýyşy ýaly, diňe araplara iberilendigini görkezýän hiç hili delil ýokdur. Tersine, bar bolan ähli deliller Onuň (s.a.w.) ömür boýy, ähli güýç-kuwwatyny ulanyp yslam dinini dört ýana ýaýmak isländigine şaýatlyk edýärler. Aleksandr Makedonskiý tutuş dünýä hökümdar bolmagyň hatyrasyna, Sezar Rimiň we rimlileriň şöhraty üçin, Napolion bir soltanlyk gurmak maksady bilen dünýäni basyp alyp, jahanda bir döwlet gurmaga synanşypdylar. Barlygyň özi, zaman we mekanyň Serweri Beýik Pygamberimiz (s.a.w.) bolsa, özüne ynananlara tutuş jahany eýeläp ýeňiş gazanmalydyklary baradaky tabşyryklary bermek bilen dünýä-ahyret bagtyna eltýän ýollary arçamak, mahluklaryň iň şereplisi edilip ýaradylyp, başaşaklygyna, iň pesdenem pes tarapa togalanýan ynsany ýaradylyşyndaky baş maksada ýetirmegi we ynsanogluna ýitiren häsiýetlerini gaýtaryp bermek isleýärdi. Ol bu arzuwlaryň hasyl bolmagy üçin Allahyň ilçisi hökmünde we Onuň emr we görkezmeleri bilen heniz dirikä yşyk saçan mübärek elini dünýäniň çar tarapyna uzatdy we Hakdan alan habarlaryny sesini eşitdirip bildiginden hemmelere we her ýere eşitdirdi. Indi Onuň tutuş ýer ýüzüne iberilendigini we pygamberliginiň umumydygyny görkezýän käbir hususlary bilelikde gözden geçireliň: 1. Pygamberimiz (s.a.w.) heniz Mekgedekä musulmanlaryň bir toparyny Hebeşistana iberipdi. Bu ilkinji mürşidleriň saýasynda örän köp hebeşli musulmançylyk bilen tanyşmak mümkinçiligine ýetipdi we tanyşýardy. Dogrusy, Hebeşistana bu ilkinji habar äkidenleriň syýahatlary bir hijretdi, emma musulmanlaryň ol ýerdäki görkezen gaýratlary bilen Nejaşynyň we töweregindäkileriň musulman bolmagy, yslam Pygamberiniň jahan pygamberidigine ilkinji yşaratdy we munuň ilkinji ykrar edilşi diýmekdi. 2. Sagadat asyrynda ilkinji musulmanlaryň arasynda hebeşli Hezreti Bilalyň, Rum ilinden Hezreti Suheýbiň we Pars ülkesinden hem Hezreti Selmanyň dürli milletlerden bolup ilkinji hatary düzýänleriň arasynda ýerlerini almaklary, dürli-dürli milletlerden bir wekiliň bolmagy hem-de arap milletinden bolmadyk bu ynsanlara araplaryň aglabasyndan ýokary derejede orun berilmegi yslamyň halkara jemgyýetçigini gurşaýan düşünje bilen orta çykandygyny görkezmegi taýdan uly bir manysy bardyr. 3. Pygamberimiziň Medineýi Münewwere hijret eden wagty kowga giden Süraka Bin Mälige Yrak ýeňişinden birnäçe ýyl öň, Eýran hökümdary Kisra Bin Hürmüziň bileziklerini gollaryna dakjagy baradaky buşlygy (El-Kamil, 2/74) pygamberligi bilen baglanşykly habaryň Eýrana ýetiriljekdigine bir yşarat we ýetirilmeginiň gerekdigine-de bir delildi. Hakykatdanam pygamberimiziň dünýeden ötmeginden soň gysga döwürde Yrak başdan aýaga musulmanlaryň eline geçipdir we Süraka-da Kisranyň bileziklerini alyp goluna dakypdyr. 4. Pygamberimiz (s.a.w.) Ubade bin Samytyň aýaly Ümmü Haram binti Milhanyň maşgalalarynda dynç alýarka uka gidipdir we oýananda gülüp şeýle buýurdy: «Düýşümde maňa ummatym görkezildi. Olar hökümdarlar kimin tagt üstünde oturyp, deňizlere sapara çykýarlar.» (El-Bidaýe wen-Nihaýe J.7/152). Öňem bir wakada bolşy ýaly bu ýerde-de habarlaryň deňizleriň aňyrsyndaky ülkelere ýetirilmesi ugrunda bir yşarat edilýärdi we mübärek buşluk hem sahabalar döwründe amala aşypdy. 5. Bir gezek sahabalaryna: «Menden soňra Müsüri eýelejeksiňiz. Müsüriň adamlaryny hemra tutunyň olara mylaýym hem-de mylakatly boluň, çünki olar bilen siziň araňyzda hem bir garyndaşlyk, hem-de borç bar» (Taberi j. 4/228) diýip, baryp sahabalar döwründe yslam nurunyň Müsüre ýetjegini habar berýär we Mariýa enemiziň üsti bilen dörän garyndaşlygyň hem goralmagyny isleýärdi. 6. Hendek urşunyň öň ýanynda, Medinäniň töwereginde hendek gazylýarka özi hem hut sahabalaryň arasyna girip külüň bilen ýer gazyşypdyr, Hiräniň boýun egdiriljegini, Kisranyň sütünleriniň ýykyljagyny we Şamyň musulmanlaryň eline geçjegini buşlapdyr. Indi munça delillerden soňra Onuň pygamberliginiň diňe araplar üçin we öz döwrüne degişlidigini tassyklap bilerismi? Ýa Hiräni, Kisrany, Şamy arap ýarym adasyna goşup, hirelilere, eýranlylara, şamlylara arap diýjekmisiňiz?.. Galyberse-de, Onuň wezipesiniň umumy we tutan ýolunyň tutuş adamzada degişlidigi baradaky birnäçe aýatlary we hadyslary sanamak hem mümkindir. Indi bolsa mysal hökmünde olardan birnäçesini sanap geçeýin. 1. Bir hadysy şerifinde «Her pygamber öz halkyna pygamber edilip iberlendir. Men tutuş adamzada iberildim» buýurýar. Başga bir rowaýatda bolsa, bu mesele «ak bilen gara» ýaly aýyl-saýyl aýdylandyr. Taberiniň muny güýçlendirip habar beren hadysynda bolsa «Men her kese hem bir rahmet, hem-de pygamber edilip iberildim. Meniň wezipämi ýerine ýetirip tamamlaň. Allahyň rahmeti size bolsun» (Taberi, j. 2/625) buýurýar. 2. Pygamberimiz (s.a.w.) Kisranyň ilçisi gelende oňa «Geljekde dinim we dinimiň häkimýeti Kisranyň tagtyny eýelejekdir» (El-Kamil, j.2/146) diýip, wezipesiniň Eýrany-Turany öz içine alyp tutuş dünýäni ýagtyltmakdygyny aýdýar. 3. Anadolyň (Rumystanyň) we Ystambulyň musulmanlaryň eline geçmezinden birnäçe asyr öň bir gün söweşjeň goşunlarynyň Ýewropanyň gapysyna çenli barjakdygyny habar beripdir, beýik ýeňişi gutlapdyr, batyr esger we batyr serkerdäni mübärekläp «Şübhesiz Konstantinopol ele geçiriljekdir. Ony ýeňen serkerde, nähili serkerde! Onuň esgerleri nähili esgerler!» diýip sahabalaryna dünýäniň dört künjegini görkezipdir. Kuranyň bu baradaky beýanlary bolsa, hiç hili düşündiriş, tefsir gerek bolmajak şekilde aç-açandyr. Meselem: 1. «Sad» süresinde «Ol, Kuran ähli älemlere öwütdir» (Sat, 87) diýip, pygamberimiziň tutuş adamzady oýarmak wezipesi bilen iberilendigini duýdurýar. 2. «Ýasyn» süresinde has açyk beýan etmek bilen: «Bu Kuran Hezreti Muhammede berildi, ýaşap ýören her kesi oýarsyn we inkär edenlere-de azap hökmi hak bolsun» (Ýasyn, 76) perman edip, Onuň pygamberliginiň, yns-jyns, ýaşaýan her kese degişlidigini we haýsy görnüşde bolsa bolsun Oňa görkezilen garşylyk küfür we müňkürlik saýyljakdygyny aç-açan aňladýar. 3. «Sebe» süresiniň «Biz seni diňe tutuş adamzada bir buşlukçy we oýaryjy edip iberdik. Emma, näme üçindir ynsanlaryň köpüsi muny bilmeýär» (Sebe, 28) manydaky aýaty bilenem... 4. «Araf» süresiniň «Aýt: «Eý ynsanlar! Men siziň hemmäňize gökleriň we ýeriň sahyby bolan Allahyň ilçisidirin»» (Araf, 158) manydaky aýaty bilenem Onuň tutuş jahanyň pygamberidigini, Hak tarapyndan ähli adamzada iberlendigini açyk beýan edýär. Ýagdaý şeýlekä çynlakaý bir zada daýanmazdan, Onuň pygamberligini zaman we mekan babatda dar bir burça dykyp, Ony hem diňe öz döwrüne degişli görkezmek ýaly tassyklamalaryň manysyna düşünmek örän kyn. Mundanam başga Kurany Kerimde diňe içinde ýaşan jemagatlaryna ilçi hökmünde iberilen pygamberleriň bu hususy, ilçilikleri açyk aňladylyp, jahan pygamberi bilen beýlekileriň tapawutlaryna dykat çekilendir. Meselem, Hezreti Nuh (a.s.) üçin «Ant bolsun, Nuhy hem kowmuna iberdik. Eý kowmum, diýdi. Allaha gulluk ediň, siziň Ondan başga ybadat etjek Taňryňyz ýokdur.» (Araf, 59). Edil şonuň ýaly-da Hezreti Hud (a.s.) üçin Ab kowmuna-da öz doganlary Hudy iberdik. Eý kowmum, Allaha gulluk ediň, siziň Ondan başga ybadat etjek Taňryňyz ýokdur.» (Araf, 65). Edil şunuň ýaly Hezreti Salyh bilen baglanşykly hem: «Samud kowmuna-da öz doganlary Salyhy iberdik. Eý kowmum, diýdi. Allaha gulluk ediň, siziň Ondan başga ybadat etjek Taňryňyz ýokdur.» (Araf, 73). 80-nji aýatda Hezreti Lut üçin, 85-nji aýatda Hezreti Şuaýb üçin şol beýanlar aýdylýar. Hatda Kurany Kerimde bu pygamberleriň aňladylan ýerinde, olaryň öz milletine we öz jemagatyna pygamber edilip iberlendigine dykgat çekilýär. Bu-da Kurany Kerimiň meseläni düşnüksiz edip goýman «kim jahan pygamberi, kim däl, kim kowmuny we taýpasyny irşady üçin iberildi, kim tutuş adamzady aýdyňlyga çykarmak wezipesi bilen iberildi» bu hususlary anyk edip görkezýär. Aslynda Onuň pygamberdigi pygamber edilip iberlen gününden dünýäniň çar ýanynda eşidilipdir we kabul edilipdir. Getiren habarlary Merakişden (Marokko) Mawrennahra çenli dünýä giňişliginde täsirini görkezipdir, ýaşaýyşa jan bolup giripdir. Allahdan getirip goýan kanunlary asyrlar boýy örän köp yslam döwletleri tarapyndan özleşdirilip ornaşdyrylypdyr we ynasanlara getiren esaslary elmydam öňli-soňly düşünjäň öňünde, ylymlara ýol görkeziji, düşünje we derňewleriň höweslendirijisi bolupdyr hem köp asyrlardan bäri Yslam duşmanlarynyň zor salmalaryna, düzgün bozmalaryna we ýykan-ýumrançylyklaryna garamazdan, Onuň getiren esaslarynyň hata edilen ýerlerde täzeden we gaýtadan gözlenilmegi, şu günki günümizde müňlerçe ylym adamlarynyň Oňa düşünip, ynsaplarynyň, wyždanlarynyň gaýtadan Oňa boýun bolmaklary diňe Onuň tutuş adamzadyň jahan pygamberidigine bir däl, müňlerçe delildir. Netijelendirip aýtsak, dünýäniň çar ýanyna eşitdirmek maksady bilen ähli ygtybarlygy hadys we siýer kitaplaryň belleýişi ýaly Rim imperatory Geraklisden, Müsür koroly Mukawkisa, Eýranyň Kisrasyndan Hebeşisine çenli namalar ýollap Hak dine çagyran ilkinji gününden biziň döwrümüze çenli Ol diňe jahan pygamberi bolup özüni tanadypdyr, getiren dini esaslarynyň adamzadyň uly bir topary tarapyndan kabul edilmesi hem Onuň şeýledigini subut edýär. Tersinedir diýlip şu çaka çenli şübhelenilmeýän bu meselede indi täzeden şübhe döretjek bolmak kine, duşmançylyk we görübilmezçilik etmek bolsa gerek. Osmanlylar hakynda edilýän gürrüňler barada näme aýdyp bilersiňiz? Türkler musulmançylygy näme sebäp bilen kabul edipdirler? Dogrusy, soňky döwürlerde Osmanlylara akyla-hyýala gelmejek ysnatlar, töhmetler atyldy. Osmanlynyň iň soňky Şeýhülyslamy Mustafa Sabri Hezretleri «Mewkifül akl» kitabynda örän çynlakaý bir hususdan söz açýar. Ol: «Biziň milletimiz ýaly ata-baba ejdadyna duşman, adamzat taryhynda ikinji bir milleti görkezip bilmersiňiz». Her milletiň halefleri seleflerini ýagny soňraky gelenler öň ýaşap geçenleri isle ylym adamy, isle döwlet adamy, isle weli, isle edebiýatçy bolsun öwgüli sözler aýdyp alkyşlapdyrlar. Meselem, has öň Batlamus geografiýa, astronomiýa degişli bir zatlar ýazypdy. Soňra Kopernik geldi we onuň ýazan zatlarynyň bir topar ýerine ýalňyş diýdi. Emma şu manyda diýdi: «Batlamus ruhuň şat bolsun! Ýürekden aýdan zatlaryňda käbir kemçilikler bar, emma, etjek alajyň bolmandy, döwrüň medeniýeti şol derejededi, senem şol derejede aýtmaly bolduň.» Kopernikden soňra Galileý, onuň yzyndan Eýnşteýn geldi. Eýnşteýn Kopernigi-de, Galileýi-de hormatlady, esaslaryny goýan ylmy ýörelgeleri üçin olara minnetdarlyk bildirdi we elbetde, ýalňyşlaryny hem düzetdi. Emma asla olary garalamdy. Hawa, günbatarly şeýle hereket edýär... Sekiz asyr owal nol sany Hindistandan Anadola, ondanam musulmanlaryň üsti bilen Ýewropa gitdi. O döwürler Ýewropaly oňaýsyz Rim sanlaryny ulanýardy. Aslynda, bu sanlar bilen ne matematika, ne-de geometriýa işlenilip bilinýärdi. Anadoly musulmanlary Ýewropa noly getirdi. Nol ol ýere baryp ýetenden misli, sanlar janlanan ýaly boldular. Ýewropalylar belli bir derejede biziň alymlarymyza mugthorlyk etdiler. Emma, noly ulanmak meselesinde we matematika arkaly gelen täze ýörelgeleri, musulmanlaryň mesele çözüşlerini gujak açyp garşyladylar, olary öwrendiler. Nol bolmasady çynlakaý bir mesele çözülmezdi we kosmosa aralaşyp bilinmezdi. Olara getirilen ýönekeý bir noldy, emma netije örän möhüm boldy. Biziň milletimize gezek gelende – muny pikir oýarmak üçin aýdýaryn – Ymam Gazaly Hezretleri 1058-nji ýylda dünýä iýndi.Eýýäm aradan müň ýyla golaý wagt geçipdir. Öz döwrüniň medeniýetine görä, ol meselem astronomiýa, lukmançylyk we geometriýa ylymlaryna degişli örän uly öňegidişlikler etdi. Aýdan zatlarynyň köpüsi öz döwründen aňyrdady. Ol barada Gibb şeýle diýdi: «Men adamzat äleminde şeýle derejede öz döwrini oňat bilen özünden soňkulara şeýle köp açyşlary galdyran ikinji bir adamy tanamaýaryn.» Ýagny, Gazaly ýaly başga birini tanamaýaryn diýmekdir. Fahreddin Razynyň (Köneürgençli alym) ýazan kitaplaryny bir ýere jemlesek boýumyzdan geçer. Men özüm hasaplap görüp munça zady bir adam ýazyp bilmez diýýärin. Diňe Kuranyň tefsirine degişli ýazan kitaby başdan aýaga alty müň sahypa... Hasaplamalara görä çagalygy bilen bile alanyňda her gününe 15-20 sahypadan düşýär. Size az ýalam görnüp biler, emma, bir sahypany ýazjak bolsaňyz ýarym sagat, kyrk minutdan çalt ýazmarsyňyz, üstesine-de olar tankyda we derňewe degişli ýazylan eserler... Bu şahsyýetler öz döwründen örän öňe giden şahsyýetlerdir. Bir asyr, iki asyr, üç asyr... Nazarlaryny ötelerde, ötelerdenem ötelerde gezdiripdirler we nazarlary ýeten ýerlere aýak basmagy hem başarypdyrlar. Emma gynansagam olardan soň gelen mugthorlar bu üýtgeşik işleri has öňe äkidip bilmändirler. Meselem, Benu Musa gelip o döwre görä Bagdatda iň uly obserwatoriýany (rasathanany) gurýar. Ýewropalylaryň şeýtanlar Aýdan, ýyldyzdan habar getirýär diýip ýören wagtlary olar açyş üstüne açyş edipdirler. Musulmanlar Ispaniýa gidenlerinde ol ýerde hem ylym babatda uly ýeňişler, açyşlar edipdirler. Emma soňra Ýewropa käfir zalymlary, haçlylary bilen rowaçlygymyzyň öňüni kesipdir we bize pikir etmäge we işlemäge pursat bermändir. Has soňra bolsa Ýewropa öýkünen alymsumaklar her zady günbatarda görüp, öz kökünden gopupdyrlar, medeniýetinden, geçmişinden, kitabyndan, kitaphanasyndan uzaklaşypdyrlar we ortada galypdyrlar. Her medeniýet, özünden owalky medeniýetiň netijesi we özünden soňra geljek medeniýetiň hem başlangyjydyr. Medeniýetleriň bütewileşmegi edil bina gurlandaky ýalydyr. Sen ol binanyň bir zadyny goýjaksyň, başga biri ýene bir zadyny. Şeýde-şeýde biri-birine bagly umumy ösüş, iç-içine geçip dowam edip gider... Ylym we pelsepede edil şonuň ýaly Kopernikden Galileýe, Nýutona, Eýnşteýne çenli şeýle boldy ahyryn... Hawa, men bütin bu çylşyrymly meseleler bilen sözi Osmanly duşmançylygyna getirmek isleýärin. Nämemişin, Osmanlylar minara galdyrmaga derek, näme üçin ýurdy fabriklaryň ägirt turbalary bilen bezemediler? Bu masgara düşünjä diňe ýylgyryp oňaýmaly... O döwürde fabrikalaram, olaryň turbalaram heniz düýşde-de görülenokdy. O döwürde guruljak zadyň iň beýigi şoldy we onam olar gurdular. Galyberse-de – duşmanlaryň häzirem boýun alyşlary ýaly – ýanyçarlary, milletden alan öz güýç-ygtyýaryny şol millete garşy ulanmasady günbatarlylardan hiç yza galmazdyk. Aslynda, häzirem şeýle dälmi näme?.. Osmanly öz döwrüniň begidi, soltanydy. Sözi ol sözleýär, döwletleriň arasyndaky deňligi ol ýöredýär, dünýä derejesinde parahatçylygy ol goraýardy. Inkär edýänler inkär etselerem, bu işiň hünärmeni bolan günbataryň ynsaply ylym adamlary muny boýun alýar. Osmanly duşmançylygy Ýewropalylaryň hilesi bilen, olara köre-kör öýkünmekden başlanýar. Meselem, bir döwürler fransuzlar Soltan Abdulhamide «Le Sultan Rouge» diýipdirler. Biziň gazetlerimiz muny ol ýerden alyp, sözbaşy edip «Gyzyl Soltan» diýip ýaýratdylar. Hawa, bu gün atalarymyza, soýumyza näçe söwmeler, küfürler bar bolsa ählisi Ýewropadan terjime edilip getirilendir. Ýagny gözbaşy Ýewropadyr. Şonuň üçin içimizde ulularymyza garşy ulanylan gelşiksiz sözler daşary ýurt we Ýewropa kökli sozlerdir. Käşkä bu millet hem iň pesinden Ýewropalylar ýaly ata-babalaryna hormat goýsadylar. Emma biz Osmanlylar musulmançylygy öz bähbitlerine ulanandyrlar diýip düşünmeýäris. Çünki olar güýçlikälerem, güýçden gaçan döwürlerinde-de musulmançylygy berk tutýardylar. Diňe Osmanlylar däl, Alparslanyň kakasynyň dogany Togrul beg Abbasylar döwletiniň başyndaky Halife el-Kaim halyfatyň güýjüni, abraýyny gorap bilmejek halyna gelende Halife el-Kaimiň huzuryna edep bilen bardy. Aslynda, ol muňa mejbur däldi, emma garşysyndaky Serwerimize (s.a.w.) degişli wezipä wekilçilik edýärdi. Bilini büküp, başyny egip onuň huzurynda boldy. «Men size goşulýaryn. Serwerimize (s.a.w.) degişli uly gymmatlyklaryň, mukaddeslikleriň goragçysy bolmak hususynda bize düşen bir wezipe bar bolsa emriňize häzirdirin» diýidi we boýun egdi. Halife ýene el Kaimdi emma, halyfaty goran, onuň baýrakdar serkerdesi Togrul begdi. Ol döwürde türklerden müň öýli birden musulman bolupdy. Togrul beg hem olaryň dolandyryjysydy. Biraz üýtgedibiräk, Ismail Hami Danyşmentden alan bu setirlerim beýik milletimiziň yslam babatda tutan ýoluny görkezmekde uly ähmiýete eýedir. Indi sizden soraýaryn, Togrul begiň şu asyl bolşunyň ýaranjaňlyk bilen näme baglanşygy bar? Togrul begiň bu asyl bolşuny ýaranjaňlyk, şahsy bähbit ýaly görkezmek şanly milletimizi tanamazlyk betbagtçylygyndan başga zat däldir. Osmanly döwletiniň esasynda, düýp kökünde-de bu ruh bardy. Ärtogrul Gazy hem Anadolyny başdan aýaga geçip Sögüdiň töwereklerinde ýerleşende yslamyň täze baýdakdary bolup ýerleşipdi ýa-da ýerleşdirilipdi. Musulmanlara garşy hiç bir ters bolşy we ýagdaýy bolmaýyşy ýaly Halyflyga-da tüýs ýürekden hormat goýýardy. Kaýy taýpasy Sögütde ýerleşende Anadolyda başga begler we beglikler hem bardy we olaryň arasynda oňşuksyzlyklar dowam edýärdi. Ilki Ärtogrul beg, soňra bolsa Osman Gazy bu umumy baş-başdaklyklaryň içinde diňe we diňe nazaryny Wizantiýa dikipdi we onuň bilen hasaplaşmagyň ýollaryny gözleýärdi. Bu harby öňden görüjilikdi. Bir tarapdan musulmana asyl maksadyny görkezýärdi, beýleki tarapdan bolsa musulmanlaryň güman etmekleriniň öňüni alypdy. Osman Gazy ilkinji işi hökmünde Anadoludaky beglikleri bir ýere jemlemäge çalşyp bilerdi. Emma, kakasyndan alan wesiýeti, özünde bolan ýiti öňden görüjiligi we pähim-paýhasy, soňra hem gaýynatasy, şeýhi Edepalydan alan dersleri bilen örän oýlanşykly, hasaply hereket edýärdi. «Musulmanlaryň garşysynda uly güýç bolup käfirler durka olar elbetde maňa goşularlar, şeýdibem käfirleri kül-peýekun ederis» diýip oýlanýardy. Şonuň üçin Wizantiýany ýeňmegi maksat tutunypdy, bar aladasy şoldy we müminler bilen asla göreşmeýärdi, olaryň arasyndaky dawa-jeňlere garyşmaýardy. «Meniň maksadym Wizantiýadyr we bir gün Konstantinopol gürrüňsiz eýelenjekdir» diýýärdi. Şeýle derejede joşgunly bir ynsanyň musulmanlygyny şahsy bähbidine ulanandyr we basybalyjy hökmünde görkezjek bolmak bilgeşleýin edilmeýän bolsa, akylsyzlykdyr. Osmanlylar ähli päk ýürekligi bilen alty asyr, dünýäniň iň uzyn ömürli döwletlerinden biri bolup, hiç bir maşgala nesip etmedik lutfa eýedir we Kuranyň baýdakdary bolan bir milletdir. Içimizdäki haýynlar hyýanatçylyk edip içinden zarba urmasadylar, bir, bir ýarym asyr mundan öň belki jahanyň has köp ýerlerinde ýeňişler dowam ederdi... Osmanlylar iň güýçden gaçan döwürlerinde-de, dini örän berk ýöredýärdiler. Wolteriň ýüzüňi gyzardýan bir eseri bardyr. Ol bu eseri bilen dogrudan dogry gözümiziň nury Hezreti Muhammedi (s.a.w.) nyşana alýardy. Döwletiň iň tapdan düşen mahaly Fransiýa bu eseri sahnada goýmagy karar edýär. Emma, ýaraly we hassa arslan Serwerine edilen bu hereketiň garşysyna kükräp ýerinden galýar. Gyzyl Soltan diýlen bu adam (Ýüz-müň gezek Allah saklasyn!) Fransuzlara şeýle ultimatum iberýär. «Meniň we bütin musulmanlaryň Pygamberini (s.a.w.) töhmet atyp kemsidýän bu sahnany oýanadaýsaňyz Hindistan, Arabystan we bütin yslam älemini garşyňyza aýaga galdyraryn». Käşkä yslam dünýäsinde o düşünje bolsady! Bu ýaraly arslanyň kükreýişi Fransiýada şeýle bir sarsgyn döretdi, farnsuzlar Wolteriň piesasyny sahnada goýmaga miltem edip bilmedielr. Bu gezek iňlisler sahnalaşdyrmak islediler. Olara-da biziň ýaraly arslanymyz şol mazmundaky hat iberdi, olaram oýny goýup bilmediler. Ine biziň şanly ata-babamyz budur! Hawa, hassa döwründe-de, Pygamberiniň sakalyna gonjak bir gubar garşysynda titir-titir titreýän Osmanlylara uzan dili goparmaly. Osmanlylar taryhynda döwlet bolup sahabalardan soň iň ýokary orun tutan we alty asyr Allahyň Resulynyň (s.a.w.) adyny baýdak edinen üstün bir milletdir. Allahyň müňlerçe rahmeti we magryfeti olara bolsun! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |