15:17 Tereddut -40/ soñy | |
TEREDDUT
Edebi makalalar
- Hezreti Hasan, Hezreti Muawiýe (r.a.) barka Omar bin Abduleziziň bäşinji halyf hökmünde kabul edilmeginiň hikmetini düşündirermisiňiz? Bu meseläni henize çenli kelamçylaram gozgan däldir öýdýärin. Emma orta çykyp biläýjek sorag bolansoň jogabyny bermäge çalşaýyn. Raşit halyf serwerlerimiz dört sanydyr. Munuň bilen hemmeler ylalaşýar. Hezreti Ebu Bekir, Hezreti Omar, Hezreti Osman, Hezreti Aly (r. anhum). Bular Serwerimiziň (s.a.w.) iň sylanýan, iň abraýly, iň kämil, iň beýik halyflarydyr. Raşit halyflardan soňra dolandyryş Umeýýe ogullarynyň eline geçdi we ondan soňra uly ölçegde musulmanlaryň arasynda päklik we ýürekdeşlik bilen birlikde halyflyk ruhy hem sarsdy. Döwlet misli soltanlyga öwrüldi, köşkleri aşa bezemen, dabaraly görnüşe eýe boldy. Sada we ejiz ruhlarda erbet meýilleriň ýüze çykmagyna ýagdaý döredi. Munuň bilen birlikde, emewiler bütinleý boş we netijesiz kimseler däldi. Olaryň arasynda Kitaby we sünneti içgin bilýän birnäçe juda beýik ynsanlar bardy. Emma, bu nebere eýýäm bozulmaga ýüz urupdy. Şeýlelik bilen bu neberäniň içinde, ýandak basyp ugran ekin meýdanynda Omar bin Abduleziz ýaly raşit halyflar bilen deň aýak urup biljek seýregiňem seýregi, görülmedik gül ýetişdi. Omary belentliklere göteren hususlaryň başynda Onuň bir zarbada maddy arzuwlary aşyp, bedeniniň ýerine ruhy, nebsiniň ýerine köňli ýerleşdirip, her işinde Resulyllahyň ýoluny we Allahyň razyçylygyny gözlemegi durýar. Bu iş beýle aňsat işem däldi, onda-da onuň üçin,sebäbi ol köşkde, bolelinlikde dabaralaryň we eşretiň içinde ýaşaýar, her gün awa-şikara çykýar, elinde uly mümkinçilikleri bolansoň halal çäklerde bolsa-da, halan zadyny iýip-içip keýpihon ýaşaýardy... Sagadat asyrynyň ynsanyndan ýüz ýyla golaý wagt uzaklaşypdyr, ondan uzaklaşdygyça-da özlerini bar eden güýçlerden hem uzaklaşan bir toplum, bir maşgala içinde we köşküň beren erkinliklerine eýe biriniň başgaça ýaşamagy göz öňüne getirerden kyndy. Ine şol günlerde kakasynyň dogany Süleýman dünýeden ötende öz ogluny teklip etmäge derek, käbirleriň maslahaty bilen, ene tarapyndan Hezreti Omar Serwerimiziň agtygy bolan, ýegeni Omar bin Abdulezizi teklip edipdi. Halk hem kabul edip, ony seçdi. Özüne halyflyk wezipesi berlen gün, derrew, şol bada özüne gelip, ruhuna ýüzlenen Omar depesinden dyrnagyna çenli üýtgedi. Ol indi öňki Omar däldi. Omar şol günden başlap täzeden ilkinji halyflar döwrüni dikeltmäge başlady. Ýaramazlyklar bilen ýaka tutuşyp göreşdi, ýagşylyklara göni ýol açdy, haýra, hasanata giden ýollary ýakynlaşdyrdy. Adalatsyzlyklaryň öňüni aldy, zuluma garşy ýöriş yglan etdi. Aýalynyň boýnundaky bukawyny oljadan düşen zat «maňa almak ýaraşmaz» diýip döwlet hazynasyna geçirýär. Göwnüne güman getiren şahşy baýlygynam «beýtul mala» döwlet gaznasyna geçirýär. Egnine bir köne hyrkasyny atynyp döwletiň başyna geçýär... Ol günki döwletiň serhetleri Aral kölüni, Mawerennahyry, Owganystany we Günbatar Türküstany, Daşkendi, Buharany, Samarkandy... Günbatar Afrikada Jebeli Taryky, Marokkany, Tunisi, Alžiri, Müsüri, Siriýany we Liwany öz içine alyp Anadolyň eteklerine uzaýardy. Omar hem bu döwletiň ýolbaşçysydy... Hawa, Arap ýarymadasy tutuşlygyna boýun egdirilipdi, Basra aýlagynyň halklary yslama giripdi. Bu günki Türkiýe ýaly döwletden kyrk bir döwletiň ululygyndaky bir döwleti ýeke adam, has dogrusy, Allahyň ýeke halyfy dolandyrýardy we Omar ol döwürde yaşan ynsanlaryň iň pukarasydy... Muahddisin-i Kiram aýdýar: «Müminler zekat we sadaka berere garyp tapmaýardylar». Muhbir-i Sadyk (s.a.w.) muny bolşy ýaly öňünden habar beripdi: «Bir gün eliňizde zekat aýlanarsyňyz, ýöne berere adam tapmarsyňyz». Ýagny, hemmäňiz baý bolarsyňyz diýmekdi. Omar bin Abdyleziz döwründe bularyň hemmesi görüldi. Ine, ol şeýle döwletiň başyndady... Iki ýyl töweregi döwleti dolandyrar, emma birnäçe ýyllap bolçulykda ýaşalan ýaly netije gazanýar. Has soňra Ispaniýa çenli uzajak ol döwletiň ähli ugurlarynda düzedişler geçirýär. Şol güne çenli raşit halyflar hakyndaky ähli ýalňyş düşünjeleri düzedýär. Hezreti Alynyň (r.a.) beýik ornuny yglan edýär. O güne çenli bir kysym kimseleriň hutbalaryndaky hormatsyzlyklaryň soňuna çykýar we şu günki günem hutbalarymyzda okalýan: «Allah adalaty, yhsany garyndaşlara bermegi emr eder, fahşany (edepsizligi), münkeri (erbetligi) we bagyny (azgynlygy) gadagan edýär. Öwüt alarsyňyz diýip size şeýle öwüt berýär» (Nahl, 90), aýaty bilen adalatsyzlyga, edepsizlige, ahlaksyzlyga, hetden aşmalara garşy döşüni gerýär, istikamatly pikir edýär, abidler we zahidler ýaly ýaşaýar. Ine Omar bin Abduleziziň döwrüniň ýaşaýyş şertleri şeýle ýokary bolsa-da onuň sada ýaşamagy hem-de o günki Emewilerde ýaşaýyş düşünjesiniň düýbünden başgaça bolmagyna garamazdan şeýle dury, şeýle kemçiliksiz, şeýle göni we edil ilkinji halyflar ýaly içki gözellige eýe bolmagy Ony sagadat asyrynyň ynsanlarynyň arasyna goşdy. Bu sebäplere görä has soň gelen käbir kimseler Oňa müjeddid diýip ýönelige at bermändirler we dört çarýarlardan soň eger bäşinjisi bolmly bolsa ol Omar bin Abduleziz bolardy diýipdirler. Emma Omar bin Abdulezizi Seýýidine Hezreti Hasana deňeşdirmek, Hezreti Muawiýä deňeşdirmek meselesine gezek gelende, bu mesele biziň garşylaşdyrmak, deňäp görmek mümkinçiligimizden we ygtyýarlygymyzdan has ýokardaky meseledir. Bu meselede Hasan Basrydan (r.a.) (Taby-in döwrüniň ymamlaryndan we çagaka Serwerimiziň (s.a.w.) aýallaryndan biriniň gujagynda oturmak hormatyna mynasyp bolanlaryň biridir) Omar bin Abduleziz bilen Wahşy ikisiniň derejesi barada soralanda Allahyň Resulyny görüp hut onuň özünden feýz almak babatda «Omar Bin Abduleziz Wahşyň atynyň burnundaky diňe bir toz bolup biler» diýipdir. Çünki Wahşy sahabady. Omar bin Abduleziz sahaba däldi. Birnäçe hususy taraplary bilen Omar has öňde bolup biler. Emma umumy mutlak fazylet sahabalara degişlidir. Indi, ýagdaý şeýle bolansoň, Hezreti Hasan Serwerimiz we Hezreti Muawiýe bilen deňeşdirme etjek bolmagymyz mümkin däldir. Şeýle hem olaryň aralaryndaky derejeleriň paýhas, hasap, takdyr we derejelerini kesgitlemek bize düşmez. Olar şeýle beýikdirler, Serwerimiziň pygamberlik Asmanynyň saýasynda boý alan, ser çeken, üýtgeşik iýmitler bilen iýmitlenip, üýtgeşik ölçeglerde kemala gelen, misli jennetiň barlyklaryny ýatladarlar. Belki, olaryň aglabasy melekleriň derejesine ýetendirler. Biz olar hakynda şeýle ýa-da beýle diýäýsek, ähtimal Rabbül Äleminiň huzurynda örän utanja galarys. Bu edil bir kazyýetiň gapysynda gapyguly bolmaga-da ýaramajak kimseleriň şol kazyýetiň kazylygyna göwni ýetmeýän kimseleriň tankydyna meňzär we bu nähili derejedäki utandyryjy bir zatdyr. Şonuň üçin biz hem dilimizi, kalbymyzy gorap, hemmesine çuň bir sylag-hormat duýgusy bilen iki büklüm bolup, bizi gapyguly edip almaklaryny dileýäris!.. Yslam imperialistik nyzamlar ýaly fetih (bir ýurdy eýelemek, açmak) ady bilen dürli ýerlere çozupdyr, basyp alypdyr we soňra-da öz koloniýasyna öwrüpdir» diýýärler. Bu dogrumy, muny düşündirip bilermisiňiz? Bu düşünjäniň hem, muňa meňzeş ysnatlar ýaly, yslam duşmanlary tarapyndan belli bir maksat bilen orta atylan ysnatlardan tapawudy ýokdur. Şuňa meňzeş her bir meselede bolşy ýaly munda-da, yslamy bilmeýän musulmanlary ýalňyşdyrmak we düşünjeleri bulaşdyrmak islenilýär. Bir oýlanyp görüň, Arap ýarym adasynda, Mekke we Medinedäki ynsan kimi ekspluatirlejek we niräni basyp aljak? Bir ynsanyň öz kowmuna we taýpalaryna çozmagy we basyp almagy, soňra-da ekspluatirlemegi nirede görlen zat? Şeýle hem ekspluatirlenendigi barada aýdylýan, ol günlerki Hijaz ynsany we Hijaz topraklary ýaly garyp halk we hasylsyz topraklar barmyka beri? Galyberse-de, yslamyň habaryny dünýäniň dört ýanyna ýetirmek üçin bir giden howpuň öňünde duran we ynanjy ugrunda şehit bolmagy iň beýik dereje saýan, ömürlerini dört bir künjekde, özlerinden on bäş, ýigrimi esse güýçler bilen söweşip geçiren ol beýik ruhly nusgalyk ynsanlara kolonizatorlygy, imperialistligi, ekspluatirleýjiligi ýöňkemek gülkünçdir we mümkinem däldir. Bu ynsanlar munça jebre, munça ýitgilere we munça pidakärlige derek näme gazandylarka, nämelere eýe bolup, näme peýdalar gördülerkä? Aslynda ýyllarça ýurdundan, öýünden, maşgalasyndan-çagasyndan uzak ýerlerde Rabbini düşündirmekden başga hiç zadyň pikirinem etmeýän, ölümi we şehitligi iň süýji maksadyna öwren we her söweşde ölüp dostlaryna gowuşmanlygynyň derdini çekýän bu ynsanlara ekspluatator diýlip atylan ysnada hatda bu düşünjäni orta çykaranlaram ynanmaz. Ýer ýüzünde başga bir döwlete çozmak we ony basyp almak iň elhenç taraplary bilen imperializmi, Isgenderden Napaliona, rimlilerden nemeslere, mongollardan häzirki döwrüň Ýewropa döwletlerine, rus diktatorlaryndan Amerika imperatorlygyna çenli ekspluatirleýiji nyzamlary döretdiler. Giren ýerlerini harap etdiler. Ahlagy bozup, milletleri biri-birine öjükdirdiler, soňundanam yzlarynda «harap iller, hanu-manlar, çaňap galan çöller, çekilen zähmediň rehnetsiz günleri, ertiriň umydy kesilen agşamlar» we gan bilen iriň akdyryp gitdiler. Bu gün bolsa, ýowuz talaňçylar, garakçylar öz ýigrenji işlerini, utandyrjy hereketlerini örtmek üçin yslamy we onuň şanly Pygamberini (s.a.w.), pygamberiň görnükli halyflaryny, şöhratly Osman döwletini, döwlet dolandyryjylaryny kolonizatorçylyk we ekspluatatorçylyk bilen garalamak isleýärler. Musulmanlar taryhyň hiç bir döwründe we dünýäniň hiç bir ýerinde ne döwlet, ne millet, ne-de bir şahsyýet bolup hiç kimi ekspluatirlemeýişleri, hiç kime zulum etmeýişleri ýaly häkim bolan ýerlerinde ekspluatasiýa we zuluma ýolam bermediler. Наwa, jаhanyň dört künjеginde ýеňiş уzyna ýеňişe ýеtilen döwürdе уslam döwlеtiniň bаşyndaky hаlyfy: «Маňa musulmаn bir bеndäň iň рukarasynyň ýаşaýyş dеrejesinde ýaşаmak gеlişer» diýiр, bir günlük аzygy birnäçе hurmа bоlup ömrüni ýаşap gеçirensoň niräni еkspluatirläp, kimе zulum еdipdir diýiр biljеksiňiz?.. Bir söweşde öldüren garşydaşynyň eşiklerini özüne berjek bolanlarynda elini boýnuna ýetirip «Men bokurdagymdan bir okuň çümüp şehit bolmak üçin bu jeňe giripdim, zat almak üçin däl» diýip gözi o dünýä bakýan biri kimi ekspluatirlär? Başga bir söweşde musulmanlara kän zyýan ýetiren käfirleriň öňbaşçysyny öldürip ýoluny dowam eden bir musulman goşunyň serkerdesi öldürleniň mal-mülki başynda durup, Allahyň adyny ant edip çagyrmagy sebäpli serkerdäniň ýanyna gelmäge mejbur bolýar we ýüzi sowut perdeli urşujy bilen goşun ýolbaşçysynyň arasynda şu gepleşik bolup geçýär. - Allahyň hatyrasyna aýt, muny sen öldürdiňmi? - Hawa. - Beýle bolsa al şu müň dinary. - Men bu işi Allah üçin etdim. - Seniň adyň näme? - Adymy näme etjekdiňiz? Ýa adymy äleme äşgär edip sogabymy zaýa etmek isleýärsiňizmi?.. Indi görüň, bu ynsanlaryň ynsany ekspluatirlemegi we basybalyjylyk etmegi, heý, bolup biljek zatmy? Dogrusy kine we duşmançylyk belli bir derejä baransoň ynsanyň ne gözi görýär, ne gulagy eşidýär, ne-de makuly, nämakuly saýgarýar... • Esasy meselä geleliň. Ekspluatatorçylyk we imperializm näme we ony kimler edipdir? Imperializm ýa-da başgaça bir adyny aýtsak kolonizatorçylyk bir halk başga bir halkyň, bir döwlet başga bir döwletiň üstünden agalyk sürmegi, häkimligini ýöretmegi, ony ekspluatirlemegi we ondan peýdalanmagy şekilinde suratlandyrylyp bilner. Emma, basyp alyjylyk, häkimiýet we ekspluatatorçylyk elmydam şol bir görnüşde bolman biler. Muny şu günki günümizdäki şekiller bilen şeýle tertipde ýerleşdirip bileris. 1. Doly basyp almak we hökmürowanlyk: Bir ülkäniň asyl eýeleri bolan ýerli ilaty ýok edip, gelip bu ülkede ýerleşmekdir. Amerkanlar gyzyl derililere, Awstraliýany basyp alanlar ýerli awstraliýalylara we Palestinany basyp alanlar hem Palestin halkyna şeýle çemeleşdiler. 2. Harby basyp alyjylyk: Bir ülkede harby häkimiýet gurup, ol ülkäniň ynsanynyň her meselesine garyşmagyna aýdylýar. Hindistany öz koloniýasyna öwren Britan esgerleri ýyllar boýy ýerli halk bilen şeýle gatnaşykda boldular. 3. Döwlet dolanşygyna daşyndan goşulmak: Bir ülkäniň içeri işlerine, howpsuzlygyna, goranmak we ykdysady işlerine açyk ýa gizlin garyşmak şekilinde bolýar. Bziň günlerimizde Gündogaryň we Günbataryň imperialist döwletleriniň, garyp, güýçsüz we yza galak ülkelere garşy hereketi mydama şular ýaly daşyndan goşulmak şekilinde bolup gelýär. 4. Intelektuallary (ülkäniň ösen, zehinli ynsanlaryny) özüňe çekmek ýörelgesi: Bu ýörelge döwrümizde imperializmiň iň giň ýaýran we iň howply ýörelgesidir. Bu ýörelgä görä ekspluatirlenmegi göz öňünde tutulýan ülkäniň başarjaň, joşgunly, täzelikçi, gaýduwsyz, edermen ýaşlary seçilip, ýurduň içinde we daşynda ýörite bilim berlip, hususy birleşiklere agza edilip ülkäniň geljegine häkim bolar ýaly derejä getirýärler. Has soňra bolsa bu ýerli, emma halkyna keseki bu intellektualllar, wagtyň dowamynda ülkäniň dolandyrylyşynda iň möhüm nokatlara ýerleşdirilip, gala içinden basylyp alynýar. Soňky asyrlarda günbatarly kolonizatorlaryň ulanýan bu ýörelgesi örän netijeli boldy we bu ýol bilen garşy tarapa maksadyňy bildirmezden, olarda ýigrenç oýarmazdan, ýumşaklyk bilen maksada ýetilýär. Şu günki günümiziň yslam dünýäsini uly ölçegde bu gabyl ele geçirmäň we ekspluatirlemäň gysajynyň içinde hasaplap bilersiňiz. • Haýsy şekilinde bolsa bolsun imperializimiň toruna düşýän ülkelerde: 1. Iki halkyň dilini we medeniýetini biri-birine uýgunlaşdyryp birikdirme (assimilirleşdirme) arkaly ýerli halk özünden uzaklaşdyrylypdyr, geçmişini we taryhyny unutdyrmaga çalşylypdyr we kimligi kemsidilipdir. 2. Milli buýsanç öldürilipdir, oba hojalygy ters maksatlara gönükdirilipdir, senagat imperialist ýurda bagly ýagdaýa getirilipdir, ylym önümçilikden, derňew we tejribe işlerinden daşlaşdyrylypdyr we gözlegleriň ýerine göçürme, bir galypda işlemek düzgüne giripdir. 3. Ölmez-gülmez etmek syýasaty bilen ýerli halk jepakeş edilip mydama başgalaryna mätäç hala getirilipdir we ömür boýy ösüş, günbatara öýkünmek döwrebaplyk ýaly haýsy maksada eýerýändig belli bolmaýan sözler bilen ünsleri öçürlip, ukladylypdyrlar. 4. Daşarky goldaw we kreditler bilen ülke gysaja alnypdyr, import we eksport açyk ýa gizlin göz astynda saklanypdyr, galkynmak we ösmek çäklendirilip, tutuşlygyna kyn ýagdaýa salnypdyr. 5. Bir tarapdan ülkäniň ilatynyň garyp düşmegi üçin zerur bolan çäreler görlüpdir, başga bir tarapdan bolsa köpçülik elpe-şelpelige, zaýaçylyga, ysryba çekilipdir we milletiň içinde dowamly kanagatsyzlyk duýgusy oýarlyp, gozgalaňa eltýän närazyçylyklar döredilipdir. 6. Ylym, tehnika we tehnologiýa babatda gözlegde bolmagyň ruhy öldürilipdir. Bilim ojaklary öýkünme, fabrikalar montaž senagaty, harby bölümler imperialist güýçleriň ulanyşdan galdyrylan köne ýaraglarynyň harmanyna öwrülipdir. Indi bolsa oýlanyp görüň, yslamy we yslamyň ýeňişlerini, şunça erbetligi özi bilen getiren imperialist gurluşlara we ekspluatirleýji düzgünlere deňemek nä derejede göwnüňize makul?.. Şu bir hakykatdyr: yslam hiç kimi ilinden-ýurdundan aýyrmaýyşy ýaly hiç kimiň eline, aýagyna zynjyr urup, onuň işlemegine päsgel bermändir. Ol eýeleýän ülkeleriniň ynsanlaryna doly din we wyždan azatlygyny berip, her kimi duýgulary bilen, düşünjeleri bilen öz erkine goýupdyr we olara her bir zatda edil dindeşleri, watandaşlary ýaly hemaýat edipdir. Musulman serkerdeleri giren ýurtlaryna şol bada asudalyk we howpsuzlyk getiripdirler we ýerli halk arasynda kabul edilen, söýülen, hormat goýulan ynsanlara öwrülipdirler. Beýle bolmasady Siriýa hristianlary ülkeleriniň Rim imperatory tarapyndan basylyp alynmagynyň endişesinden kiliselere dolup musulmanlaryň ýeňmegi üçin doga edermidiler? Beýle bolmasady bir ujundan beýleki ujuna baryp bolmaýan şeýle giň bir ülkede asyrlar boýy howpsuzlygy, asudalygy we parahatçylygy dowam etdirmek nähili mümkin bolup bilerdi? Bu günki komunikasion mümkinçiliklere, soňky görnüşlerdäki harby tehnikalara garamazdan, bir gysym ýerde munça mehanizmleşdirilen güýçler barka-da, howpsuzlygyň we tertip düzgüniň ýola goýlup bilinmeýşini görüp, olaryň bu meselede şeýle başarjaň bolandyklaryna haýran galmazlyk mümkinmi? Meniň pikirimçe, şu günki günümiziň örän köp intelgensiýasy hem bu hakykata göz ýetirjek, jahan häkimýeti döwrümize degişli barlyk we berkararlygymyza esasy düzgün beren güýçleriň gaýtadan gözden geçirmegiň zerurlygyny aýtmaga başladylar. Musulman serkerdeleri eýelän ülkeleriniň gapylary bilen birlikde köňül gapylarynyň hem özlerine açylmasyny başaryp bildiler we ol ülkeleriň ynsanlarynyň hormatyna, ynam bildirmegine we bil baglamaklaryna mynasyp boldular. Giren ülkelerinde ylym we sungat babatda gazanylan tejribelere aýratyn baha berip, ylym we sungat adamlaryna işlemekleri üçin mümkinçilikler döretdiler. Dini ynanjyna we milletine garamazdan, alymlara we pikir adamlaryna aýratyn üns berip, olary yslamy topar içinde ezizläp we hormatlap sakladylar. Musulman serkerdeleri hiç wagt amerikaly sygyr çopanlarynyň Täze Dünýäniň ýerli halkyna, fransuzlaryň Alžir ynsanyna, iňlisleriň Awstraliýanyň ýerli milletlerine, gollandiýalylaryň indoneziýalylara, ýigriminji asyryň amerikalylarynyň Wetnam, (Owgan we Yrak) halkyna edenlerini etmediler. Etmek beýlede dursun, ýeňen ülkeleriniň halkyna öz dindeşleri, öz soýdaşlary ýaly garadylar we olara watandaşlaryna ýüzlenen ýaly ýüzlendiler. Halyf Hezreti Omar mekkeli birinden şarpyk iýen bir berberä: «Dön, sen hem oňa bir şarpyk çal» diýýär. Amr bin Asyň Müsüriň ýerli ilatyndan biriniň ynjydylanyny eşidende: «Ynsanlar azat bolup enelerinden dogulýarlar. Haçandan bäri olary gul-gyrnak edip ulanýarsyňyz?» diýip nägilelik bildirdi. Hezreti Omar Mesjidi Aksanyň açarlaryny almak üçin Palestinada bolan mahaly, kiliseleriň birindekä namaz wagty girýär. Pop Hezreti Omaryň şol ýerde namaz okamagyny ýürekden islemegine garamazdan ol: «Ýok. Halyf Omar bu ýerde namaz okady diýip ertir size azar berilmegi mümkin» diýip, daşynda açyk meýdanda maňlaýyny guma bulap namaz okamagy saýlaýar we yslamyň ýeňilenler babatda ynsanperwerligini, mylaýymlygyny häzirki günümizde-de ýetilmedik derejede görkezýärdi. Haýyş edip soraýaryn, bu ynsanlaryň başga adamlary zulma duçar etmekleri mümkinmi? Bularyň kimdir birini ezmeginiň pikirini etmek dogry bolarmy? Bu beýik ruhlaryň wekillik eden Kuran nyzamyna imperialistik nyzam diýip bolarmy? | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |