06:17 Tereddut -35 / dowamy | |
Tereddut
Edebi makalalar
Lut kowmy, Nuh kowmy ýaly käbir kowumlar belli günäleri sebäpli heläk edilipdirler. Bu gün ähli ahlaksyzlyklar edilýärkä, näme üçin milletler tutuşlygyna heläk edilmeýär? Gadymdan bäri ylahy bir kanun hökmünde Hak Tagala isýan eden we azgynlaşan kowumlara – ahyretde jeza bermegi gutulgysyz we kesgitlenilen bolmak bilen birlikde – terbiýe we temmi maksady bilen birnäçe gezek bu dünýede-de jeza berendir. Hakykatdan-da, Hezreti Lut kowmuna berlen jeza endamyňy tikenekledýär we sapak beriji häsiýetdedir. Hezreti Lutuň wezipelendirilen ýeri Sodom we Gomore Lut kölüniň töweregindedir. Bu birnäçe şäher bir gijede bir saýha (aýylganç sesiň güýji) bilen düp-düz, ýer bilen ýegsan edilipdir. Hezreti Lutuň kowmunyň utandyryjy günäleri we erbet akybatlaryny jikme-jik aňladan Kurany Kerim, Hezreti Nuhuň kowmuny hem düýpli beýan edýär: «Tupan hadysasy dörär...» Ol günki dünýä materikleri suwuň astynda galar, deňizler bugarar, gökden ýagmyrlar ýagar, ýerden suwlar atylyp çykar we bütin ol azgyn halk heläk bolar... Emma, Nuhuň (a.s.) gämisine münen az bir topar, käbir zaýyf hadyslara görä 60-70 ynsan Allahyň towfyk ynaýaty bilen halas bolýar. Soňraky adamzat täzeden bulardan önüp köpelýär. Bu ugurda arheologlar birnäçe galan yzlar bilen hadysanyň bolup geçen ýerini we ýagdaýyny öwrenibersinler, biz kudsi jemagatyň üstünde duralyň. Hawa, ummaty Muhammede (s.a.w.) gelende hakykatdan, isle ummaty dawat (musulman däller) bolsun, isle ummaty ijabet (musulmanlar) bolsun, bu gün hemmesi-de lagnat işleri, uly günäleri örän köp edýärler. Serwerimiziň (s.a.w.) çakylygyny eşiden Ýewropa, Amerika we beýleki ýerlerde bu günäler şeýle bir ýol alypdyr, hakykatdan hem ne Hezreti Lut, ne Hezreti Salyh, ne-de Hezreti Hud döwründe lagnat işleriň hiç birisi şeýle ýaýramandyr. Emma, Onuň ummatyndan bolmak aýratynlygy, bu ummata misli ýydyrymsowguç bolupdy. Bu aýratynlygy güýçlendiren Kurany Kerimden bir aýatyň yşaratyny we Serwerimiziň (s.a.w.) beýanyny zikr etmek ýerine düşer. Enfal süresindäki bir aýatda: «Sen olaryň arasynda boldugyňça Allah olara azap görkezjek däldir we olar toba edýärkäler-de (içlerinde toba edýänleri barka) Allah olara azap görkezjek däldir.» (Enfal, 33). Hatda bu ýerde Resuly Ekremiň (s.a. w.) hiç bir deňeşdirmä gelmeýän beýikligini deňeşdirmek üçin şu hakykaty belläp geçmek peýdaly bolar hasap edýärin. Hezreti Isa Mesihyň şeýle diýendigini Kurany Kerim beýan edýär: «... Eger olara azap görkezseň gullaryňdyr (isläniňi edersiň), eger olary bagyşlasaň, şübhesiz sen Aziz we Hakimsiň.» (Maide, 118). Hawa, Hezreti Mesih azan, ýolundan azaşan jemagatynyň ýagdaýyny Allaha beýan edende: «Eger sen olara azap görkezseň olar seniň gullaryň. Eger bagyşlasaň, şübhesiz Aziz we Hakim sensiň» diýýär. Edil şonuň ýaly Serwerimiz (s.a.w.) üçin Kuranyň beýany şudur: «Habybym, sen olaryň içindekäň, men olara azap görkezjek däldirin. Şol bir wagtda toba etdikleri (maňa döndükleri) mütdetçe olara azap görkezmerin...» Aýatdan şeýle many çykýar, ýagny, Muhammet ummatynyň iki möhüm ýyldyrymsowgujy bar we iki möhüm galasy bar. Belalar bu ýyldyrymsowguja urlup täsirsiz hala geler we azaplar bu galalary aşyp bilmezler. Birinjisi, maddy we manewi taýdan, Ahmediň (s.a.w.) ruhy magnawysynyň içimizde bolmagy –kyýamat-magşar gününe çenli Allah dowam etdirsin! – ikinjisi, Muhammet ummatynyň içinde haka, hakykata sahyp çykan we elmydama Allaha ýönelen ähli-hyzmat we ähli istigfar bir jemagatyň bolmagy... Bular sebäpden rahmetine garaşýarys – şonuň üçin Allah bize köpçülikleýin azap görkezmez... Hadysy Şerife gelsek, sahyh hadys kitaplarynda görşümiz yaly, Serwerimiz (s.a.w.) ummatynyň heläk bolmazlygy üçin Allaha (j.j.) köp ýalbardy. Bu ýalbarmalarynyň iň möhümi-de Weda Hajynda Arafat we Müzdelifede boldy. Bu iki mübärek ýerde ol Allahyň ylham berdigi derejede örän köp zatlary diledi. Hatda, gul haklarynyň bagyşlanmagy üçin hem ýalbardy-ýakardy. Emma bu husus kabul boldumy bolmadymy belli bir zat diýip biljek däl. Hawa, ol Soltanlar Soltany öz ummatynyň heläk bolmazlygy babatda örän köp ýalbaryp ýakarypdy. Muny Sahaba-i Kirama şeýle gürrüň berýär: «Men Rabbymdan meniň ummatymy heläk etmezligini diledim. Rabbym meniň bu dogamy kabul buýurdy. Diýdi: «Olaryň heläkçiligi öz aralarynda bolar. Günä iş eden wagtlary men olary bir-biriniň emeline düşürjek, urdurjak». Men munuňam bolmazlygyny diledim. Emma Rabbym muny aýyrmady.» Hawa, öz eradamyz bilen çözülip bilinjek bu mesele aradan aýrylmady. Başga kowumlar günä gazandyklaryça göklerden we ýerden gopýan apatlar olary gyryp geçjek. Emma, Muhammet ummaty günä gazandygyça biri-birine ýagy boljak, jebislikleri we agzybirlikleri bozuljak, düşünşip bilmän biri-birlerini kösejekler. Resuly Ekrem (s.a.w.) munuň bolmazlygyny köp diledi, emma, Hak Tagala hikmetini özi biler, muny aýyrmady. Şeýle hem şu hususy, bir aýatyň yşaratyny, ähli keşif we tahkykyň beýany hökmünde aýdasym gelýär. Kurany Mugjyzail Beýana, dine we diýanete bir ýerde sähelçe-de bolsa çyn ýürekden hyzmat edilse we ol ýerde ähl-i hakyň ýeňilmek gorkusy, howpy bar hem bolsa bu işi eden jemagat ýyldyrymsowguç ýaly belalaryň dep bolmagyna wesile boljakdyr. Hawa, dine bu şekilde hyzmat eden on sany ýürekdeş adam bar bolsa, bular ýyldyrymsowguç ýaly bela-beterleri başymyzdan sowjakdyr. Emma, ähl-i hak ýeňiläýse, Allahu Tagala we Tekaddes Hezretleri olary hem sarsdyrjakdyr. Işiň dogrusyny Allah biler. "Ummatymyň fesady (pyssy-pujurlyga uçran) döwründe sünnetimi berk tutana ýüz şehidiň sogaby bardyr" diýilýär. Sünnet-i seniýýeýi öwrenip, döwrümiziň şertlerinde ony amala aşyrmagyň ýollaryny düşündirip bilermisiňiz? Bu meseläni hem dürli wesileler bilen ençeme gezek düşündirip, sünnet ýolunyň Haka gowuşmagyň merdiwanydygyny, mertebeleridigini görkezipdik. Hawa, sünnet ýoly aýdyn görkezilşi ýaly, o ýola haýran ediji berk çakylyk hem edilipdir. Bu ýol şeýle bir ýoldur, müňlerçe weli we müňlerçe zehiniň bir ýere jemlenip tapjak ähli ýollary we o ýollaryň mukaddes dessur we ýörelgeleri sünnet-i seniýýeniň iň kiçi meselesiniň ýanynda örän kiçi we sönük görünjeginiň hakykatyny asyrymyza çenli ýüzlerçe hakykat ärleri, ýüzlerçe mürşit gaýta-gaýta düşündirdi we olar sünnet ýolunyň din ýoludygyna nesihatda boldular. Farzlardan müstehaplara çenli dini ýaşaýyşy bize tälim eden, hal-hereketleri dogrudan-dogry Allahyň göz astynda bolan, her iş we hereketinde haýra ugrukdyrylan Serwerimiz (s.a.w.) bize durmuşy öwretmek üçin iberilen ynsandy. Farzy, wajyby, sünneti, müstehaby we menduby bilen... Bendesi parzlary bilen Allaha ýakynlaşar. Nepili bilen şeýle hala geler, kutsi hadysda beýan edilip buýrulşy ýaly, «Allah onuň gören gözi, eşiden gulagy, sözlän agzy we tutan eli bolar». Ýagny, oňa gören zatlaryny dogry görkezer. Gören zatlaryna dogry bahalandyrmaga artykmaçlyk berer we her zatdan hakykata elten bir ýol açar. Hidaýeti görse ganatlanar, zalalaty, dinsizligi görse gaçar. Hakykata çagyran gowy bir sesi eşiden badyna Hak adyna hyjuw-gaýrata geler we ruhunda galkynma başlanar. Şol bir wagtda gürlände Allah Oňa dogrusyny gürleder, iş edende hemişe haýyrly işlere ugrukdyrar we elmydama ýagşylygyň we gözelligiň ystykamatynda bolar. Netijede, ony mydama jennet ýolunda ýöreder we bir pursatlygam ony nebsi bilen iki-çäk galdyrmaz. Ol her bir bolşunda Hakyň hoşnutlygyny gözlänsoň, Hak hem ony elmydama kemçiliklerden halas eder, arzuw edilen hereketleri etdirer. Şeýlelikde Serwerimizi (s.a.w.) we Ondan soňraky ulug kişileriň ýaşaýyşlaryny Hak Tagala mydama şeýdip göz astynda saklapdyr we razylygyny gazandyrjak ýoldan başga ýollaryň ählisini olar üçin ýapyk edip, mejbury ystykamat bilen diňe sünnet ýoluny açyk goýupdyr hem bu ýoly işlede-işlede ýollaryň şasy halyna getiripdir. Indi bu gün maksada eltip bilen, gorag astynda bolan bir ýol bar bolsa olam bu ýoldur. Elbetde, ummatyň pyssy-pujurlyga ýykgyn eden zamanynda şeýle derejede ähmiýetli bolan sünnet-i seniýýäniň dikeldilişi, farzy, wajyby, sünneti bilen ol ýoluň täzeden işlär ýaly hala getirilmesi we şol bir wagtda ol uly şaýoluň kyýamata çenli gorag astyna alynmagy ugrundaky hyzmatlar şeýle bir mübärek we şeýle bir mukaddesdir, bu hyzmatda omuz-omza berenleriň şehitler bilen bir hatardadyklaryna şübhe etmek ýerliksizdir. Hatda bularyň arasynda ömrüniň her gününde birnäçe şehit sogabyny gazananlaryň sany sanardan kändir. Bu arada hususanda imanyň esaslaryny täzeden dikeltmäge yhlas edenler ýüz şehidiň sogabyndan has köp sogap gazanandyrlar. Hawa o sünnet-i seniýýe içinde şeýle meseleler bardyr, olaryň bilini dikelden ýüzlerçe şehit sogabyny gazanyp biler. Mysal üçin, gybat edilende käte şeýle bir gybat ediler, ol adam öldürmekden, zyna etmekden has beter howpludyr. Hawa, elbetde halky biri-birine garpyşdyran gybat, islendik bir şahsyň çeken jebri ýaly bolmaz. Bu ýagdaýda ol kişiniň günäsi edýän uly günälerindenem has uludyr. Edil şonuň ýaly biziň döwrümizde ummaty pyssy-pujurlyga elten meselelerde, tutuş yslam çarhynyň bozulan wagty dine degişli islendik bir meseläni diriltmek üçin gaýrat edenler, elbetde, ýüz şehit, belki müň şehit sogabyny gazanjakdyr. Aýratynda mübärek gün, mübärek wagt, mübärek pursatlarda bu işi edip bilenler, belki has köp sogap gazanjakdyr. Hak Tagala Kurany Kerimiň beýany bilen islänine fazly kereminden isledigiçe eçilip yhsanda boljakdygyny aýdýar. Allah ilki bilen bu ýolda bizi gaýym we daýym (mydamalyk) eýlesin. Soňra yhlas bilen, çyn ýürekden hyzmat etmäge höwesli kylsyn!.. Örän bagtyýardyrys, bagtlydyrys. Häzirki günümizde dine hyzmat etmek düşündirlende: «Ylahy yhsan hökmünde omzumyza bir wezipe ýüklenendir» diýilýär. Hawa, tutuş, ähli zatlaryň kadasyndan çykan bu döwrde örän gymmatly bir wezipe bilen borçlandyrylýarys. Muny edaradyr guramalary bilen, işgärleri bilen, oňa goldaw berýän jemagaty bilen janlandyrmak dünýäde deňi-taýy bolmadyk bir işdir. Bir tarapdan bu belli bir derejede Serwerimiziň (s.a.w.) wezipesini üstüňe almak diýmekdir. Şahy Geýlanyň ruhy taýdan bizi goldamasy, Hezreti Alynyň (r.a.) asyrlary aşyp bize arka çykmagy, bu asyrda görülen hyzmatlaryň deňsiz-taýsyz ähmiýete eýe bolmagyna esasdyr. Bu zatlaryň bir giden yşaratlarynyň we duýduryşlarynyň ýanynda örän sadyk düýş we murakabelerde dünýä ýüzünde iň hormatly, iň kämil bolan Fahri Kainat Serwerimiziň (aleyhi ekmelittahayanyň) kiçigöwünlilik edip asyryň garyplarynyň arasynda gezmegi, olaryň edaradyr guramalaryna zyýarat etmegi, käbir şahslar bilen aýratynlykda görüşmegi sünnet we sünnete hyzmatyň keramatyndan başga zat däldir. Şahsy abraý we şahsy kämillik ugrunda görkezilen gaýratlar bilen bu mertebelere ýetilip bilinmez, ony maksat edinmek hem dogry däldir... Aslyýetinde ähmiýetli hyzmatlara wesile bolan şahs toparlaryň we guramalaryň «essebebu kel fail» (sebäp bolan, ony eden ýalydyr) düşünjesine görä, bu meselede uly paýy gazanjakdyklary hem Allahyň başga bir lutfunuň ýüze çykmasydyr we Onuň rahmetiniň baýlygyna hemişe garaşylyp bilner. Indi bu iman we Kuran hyzmatyny belli bir derejä ýetirenler, soňra yhlaslylyk, çyn ýürekdenlik we edil şonuň ýaly joşgun, tolgunyş içinde ýagdaýy gorap bilmeseler we bar bolany şol durşuna saklap bilmeseler, ýagny şol bir äheňde hereket edilmese ol amanat ellerinden alnyp başgalara berlip bilner. Boşadylmalar bolup biler, ýagny käbirleri daşyna iteklenip bilner, zyňlyp bilner. Biziň Allahyň inaýetine düşünip we oňa şükür edip, takatymyzyň çäginde gaýrat görkezip bilmegimiz, takdyr, teklip we yhsan buýrulan lutuflaryň gymmatyny bilmegimiziň derejesinde synagdan geçip, has uly lutuflara mynasypdygymyzy görkezdigimiz bolar. Köňül arzuw edýär goý, her wagt başga bir şehit sogabyny gazandyran bu iman we Kuran hyzmatynda gezip ýören arkadaşlar işiň başyndaky yşk we tolgunyş bilen ýakin (imandaky iň ýokary mertebe, ölüm) gelýänçä ýüwrüp ýörsünler!.. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |