07:50 Tereddut -33 / dowamy | |
Tereddut
Edebi makalalar
Hak Tagala bir aýatynda «Men islän gulumy hidaýete ýetirerin» diýýär. Beýle bolsa, Hak Tagala gullaryny deň tutmadygy bolýarmy? Ilki bilen Allah deň tutmanam biler, kim Oňa «Näme üçin deň tutmaýarsyň?» diýsin. Allah mülk eýesidir. Ählimizi belli bir zatlar içinde aýlandyryp-dolandyryp ýör, emma, hiç kimiň öz hakyndan nägilelik bildirmäge-de haky ýokdur. «Ol mülk sahyby, mülkünde isleýşi ýaly hereket eder» hakykatyň eýesidir. Şonuň üçin, Onuň bilen baglanşykly sorag soralanda örän dykgatly, edepli soramak gerek. Allah (j.j.) her bir zady gudrat elinde saklaýan Mälik-ül Mülkdür. Hiç kimiň beýle taryzda sorag soramaga haky ýokdur we beýle etmek edebe gelişýän däldir. Emma, şeýle diýlip bilner. «Hak Tagala meni hidaýete (dogry ýola, yslama) ýa-da zalalata (dinsizlige) gönükdirse, soňra meni haýsy esasa, haýsy ýörelgä we haýsy hikmete daýanyp hasaba çekerkä? Çünki Ol mutlak Hakimdir. Bu hususda hikmeti nähilikä?» Hawa, Allah islänini hidaýete, islänini zalalata gönükdirer. Bu husus Kurany Kerimiň birnäçe ýerlerinde gaýta-gaýta şunuň ýaly zikr edilýär. Esasy zat Allahyň islegidir. Bu meselede dykgat edilmegi gerek husus hem şudur. Hidaýet we zalalat Allah tarapyndan ýaradylandyr. Emma, sebäbiýet guluň meýli, gatnaşygydyr. Guluň hereketi şeýle bir ejizdir, misli hiç bir hasaba alynmajak ýalydyr we gönüden-göni ähli älemleriň ýaradylmagy özüne degişli bolan Allahyň (j.j.) gudraty zikr ediler. Bir mysal bilen meseläni düşündireliň. Meselem, biz nahar iýýäris, suw içýäris. Bu iýip-içmegiň netijesinde içimize giren dürli proteýinler, witaminler, demirler, misler öz ýerlerini alýar we bedende özlerine mahsus wezipeleri berjaý edýärler. Bularyň ählisi şeýle inçe hasaplar bilen edilýär, ynsanyň bir ýuwdum zady agzyna almagy bu işleriň amala aşmagy üçin ýeterlik däldir. Ýeterlik ýaly görünse-de, ynsanyň ýuwutjagyny agzyna almagy üçin gerekli bolan elindäki kuwwat, aňyndaky düşünje owal başda Allahdan berlendir. Ynsan iýjegini agzyna alyp-almanka, Allah tüýkülik mäzlerini işe girizýär, agzyny suwlandyrýar we iýmit heniz agyzda çeýnelýärkä beýnä habar gidýär. Ol ýerdenem aşgazana duýduryş barýar we oňa «Dykgatly bol!» diýilýär. «Haýsy görnüşli suwuklyk we aşgar bölüp çykarjak bolsaň çykar, çünki şu görnüşde, şu hili iýmit gelýär» diýilenden aşgazandaky ähli bölümler öz işine başlaýar. Diňe şu ýere çenlisinem ynsan aňy bilen düşünmäge çalyşsa, bularyň sähel birinem ýerine ýetirip bilmez. Galyberse-de, ol käte çeýnände-de ýalňyşyp bilýär. Aşgazan özüne degişli wezipäni berjaý edýär. Öz eredip biljek zatlaryny, meselem, krahmally, gulýukozaly zatlary eredýär, emma iş munuň bilen tamamlanmaýar. Içege boşlugyna-da «şular barýar» diýlip bir habar berilýär. Ýagny, gaty we diňe aşgar bilen eredilip bilinjek zatlar. Ynsanyň mundan soňraky tapgyra-da hiç bir dahyly ýokdur. Soňra selulozly zatlar içegelere geçýär. Şol ýerde olar herekete gelýärler. Bularyň bir kysmy, mysal üçin, almaň gabygy ýaly zatlar – ynsan bedeninde olary eredip biljek fermentleriň ýoklugy sebäpli – eremeýär we daşyna çykarylýar. Bularyň ählisi haýran galdyryjy anyklyk içinde we habarly bolnyp akyp geçýär. Hawa, aşgazanda näme ereýär, näme eremeýär mundan degişli agzalaryň hemmesi habarly bolýar. Soňra gezek bagyra gelýär we bagyr hem özüne degişli ýüzlerçe ýezipäni berjaý edýär... Görüşimiz ýaly, bir lukma ynsanyň aşgazanyna girenden soň onuň bedeninde peýdaly hala gelýänçä müň üýtgeşmäni görüp geçýär we bularyň hiç birine-de ynsanyň dahyly bolmaýar. Indi bu mugthor ynsan ýerinden turup: «Men lukmany agzyma saldym. Bedenime demiri, kömüri gönderdim, ätiýaçlyk zapas aýryp goýdum. Haýsy öýjük nämä mätäç bolsa olara şony iberdim. Witamin gereklilere witamin, proteýin gereklilere proteýin iberdim. Gyzgynlyklaryny-da sazlap hemmesini işe girizdim» diýse, Allahyň bu işine şärikligini öňe sürdügi bolmazmy? Belki bu meselede düşünilmesi we sözlenilmesi gerekli bolan zat şudur: «Bu syrly mehanizm gaýyby bir el tarapyndan işledilýär. Men lukmany agzyma goýan badyma bada-bat syrly hadysalar bolmaga başlaýar. Şol sebäplem bu lukmanyň işlenilmegi meselesinde meniň hiç bir dahylym ýokdur. Bu işi ýaradan Allahdyr (j.j.) Iýmiti siňdiren we ondan soňuny hem ýaradan Oldur.» Şeýle diýmek bilen ynsana degişli iş, Allaha ýöňkelmez. Elbetde, Allahyň işi Allaha degişli ediler. Ynsanyň bu meselede sähelçe gatnaşygy bardyr, munça işi özüne dahylly etmäge bolsa asla haky ýokdur. Geleliň hidaýete. Hidaýet şeýle bir möhüm meseledir ynsanyň ony gazanmakdaky eradasy, örän kiçi bir meýil we hereketden ybaratdyr. Meselem, birnäçe gezek kalbymy açyp, ýüregimi giňeltmegi, ähli duýgularymy jemagata dökmegi isledim. Emma «We ma teşaune illa en ýeşaallah», ýagny «Allah dilemese, siz hiç bir zat diläp bilmersiňiz» (Ynsan, 30) diýlensoň ähli içimdäkileri, duýgularymy beýan edip bilmeýärin, emma, takdyryň berýän mümkinçiliginiň çäginde bir zatlary aýdyp bilýärin. Sözümiň täsirli bolanyny isleýärin. Bolup bildigimçe çyn ýürekden yhlas bilen Ylahi hökümleri, Kuranyň hökümlerini beýan etsem diýýärin. Emma, her zat bir nokada ilişip galýar. Näçe gezek arzuw edendirin, namaza duramda serden geçeýin, ylahy yşka düşüp, joşa-joşa özümi unudaýyn, dünýä we içimdäki zatlardan büs-bütin syrylaýyn diýip. Emma bu arzuwymyň müňde birine-de ýetip bilmeýärin. Diýmek, elimde çyn ýürekden islemek we päk bir isleg bar. Mundan galanlary tutuşlygyna Allaha degişli... Eý Rabb, göz açyp ýumasy salymda-da bizi bize goýma!.. Dykgat buýrulsyn! Iman hyjuwy, iman yşky, iman hoşwagtlygy, jennet islegi we Hak Tagaladan gelen her bir zady almaga, kabul etmäge teşnelik, bularyň bary ylahy peşgeşdir, bulary ynsanyň synasyna diňe Allah ýerleşdirip biler. Ynsan diňe meýil eder. Şonuň üçin Saduddin-i Taftazani bu meselede «Iman ynsanyň jüz-i eradasyny ulanmak bilen Allahyň onuň ruhunda ýakan bir çyragydyr» diýýär. Şol çyragy ýakana ruhlar pida bolsun! Şeýle beýik netije üçin seniň jüz-i eradaňy ulanmakdan başga goşandyň ýokdur. Misli, sen diňe elektrik düwmesine basýarsyň, şol bada ýaşaýyşyň ýagtylyp gidýär. Müňlerçe çyralaryň ýeke düwmä basylmagy bilen töweregi ýagtyldyşy ýaly, imana tarap jüz-i eradanyň şojagaz mukdarda ýönelişi hidaýet nurunyň ýakylmagyna wesile bolýar. Hawa, bu meselä hem agyzdaky lukma ýaly düşünmegimiz gerek. «Ulema teşaune illa enýeşallah» ýagny, «Allah dilemese, siz hiç bir zat diläp bilmersiňiz» (Insan, 30) «Allah islänini azaşaşdyrar, islänini-de dogry ýola düşürer» (Müdessir, 31) hökümine görä hiç kim Onuň islediginden başgasyny diläp bilmez... Onuň azaşdyranlaryny hiç kim hidaýete ýetirip bilmez, Onuň hidaýete ýetirenlerini hem hiç kim azaşdyryp bilmez. Netije hökmünde şuny aýdaýyn. Işiň köpüsi Oňa degişlidir. Bize degişli bolany şeýle sähelçedir, şeýle kiçidir, bulary görmedik bolup, gelibem bolan zatlaryň ählisine sahyp çykmagymyz Allaha garşy biedeplik, hetdiňi tanamazlykdan başga zat däldir. Diri gezip ýören welilerden däl-de, ölen welilerden has köp medet görülendigi aýdylýar. Bu dogrumydyr? Ynsana Allahdan başga hiç kim kömek etmez. Kömek, medet inaýet Allahdan geler. Weli Allahyň dosty diýmekdir. Herkes derejesine görä Allahyň dostudyr, aýratynam müminler... Emma, dostlugyny çuňlaşdyryp doly ýakynlyk gazanan bir kysym ynsanlar bardyr, hadysy şerifiň beýany bilen aýtsak, nepil ybadatlara köňül berip Allaha ýakynlaşarlar... ýakynlaşarlar-da Allah olaryň gören gözleri, eşiden gulaklary, sözleýän agyzlary bolar. Ýagny, Hak Tagala olara basyrat (görgürlik) berer. Olar hem şondan soň diňe dogryny görerler, dogry baha bererler we dogry gürlärler. Olaryň köňülleri ylahy ylhamlaryň çeşmesine öwrüler. Allah (j.j.) ylhamlary bilen olary başy dik, üstün kylar. Bu ynsanlar Allaha ýene biraz ýakynlaşyp, has ýakynlyk gazananlarynda doly Hak dostlugyna ýeterler. Onuň inaýet we kömegine mynasyp bolarlar. «Bu, Allahyň ynananlaryň medetkäri bolmagy sebäplidir. Käfirlere gezek gelende olara medet berjek ýokdur.» Hawa, müminleriň möwlasy, ýagny welisi Allahdyr. Müminler hem Allahyň nazarynda welidirler. Käfirlere gezek gelende, olarda welilik ýokdur. Allah (j.j.) olaryň ne gören gözleri, ne eşiden gulaklary, ne-de sözleýän agyzlary bolar. Olar rahmetden mahrum, umytdan kesilenlerdir. Şeýle hem welilik üçin araçäk bellenilen däldir. Weliligiň müminleriň iň kiçisinden, Resuly Ekreme (s.a.w.) çenli mertebeleri bardyr. Birisi gözüni ýumandan gabyrlarda nämeler bolýar, ony synlap biler. Bu weliligiň iň ýönekeý mertebesidir. Hawa, guburlaryň we mazarda ýatan kimseleriň ýagdaýyny açyk görüp bilmegi welilikde iň ýönekeý mertebelerden biri. Ynsanyň içiniň bir kitap ýaly okalmasy ondan ýokardaky derejedir. Başyna geljek zatlary Allahyň oňa bildirmegi bilen bilmesi, edýäniniň parhynda bolup ýa-da bolman olary başgalaryna aýdyp bermesi bu-da başga bir derejedir. Çünki Allah onuň gepleýän dili bolandyr. Bular weliligiň bir kysym ýüze çykmasydyr. Soňra weli şeýle bir nokada geler, bulary-da işiň şirin miwesi ýaly görer we bu dadymlyklar bilen meşgul bolmagy nogsanlyk hasaplar we Ýunusuň aýdyşy ýaly «Maňa Sen gerek, Sen gerek» diýjek bir orna göterilerler. Indi keşif-keramat ýokdur. Ynha sahabanyň weliligi budur. Käbirlerini Allah (j.j.) weliligiň birnäçe kötel ýollaryndan geçirmezden sahabanyň weliligine ýetirip biler. Men ýigriminji asyrda din-i mübin-i yslama sahyp çykan ýaşlary sahabanyň weliligine miýesser bolandyr diýip hasap edýärin. Açyşlary, keramatlary, guburdakylary synlap bilmeleri, hatda kalby synlap bilmeleri ýogam bolup biler, emma, mertebeleriniň ýokarydygy jedelsiz. Çünki Allah olary örän mukaddes işlere meşgul edýär. Beýik kimselere, bu işiň patyşalaryna, marşallaryna etdiren işini bulara etdirýär. Ýagny dinini olara täzeden dikeltdirýär... Inşallah bular welidirler. Emma isle beýle weli bolsun, isle şeýle, Allahy ýat etmeden «Inaýet, medet» diýip weliniň gapysyndan barmak hatalydyr. Ymam Birgiwi bir ynsanyň «Medet, ýa Resulullah» diýmesem howpludyr diýýär. Emma biz muny biraz ýumşadyp diýýäris: «Ynsan hiç bolmanda Resuly Ekreme (s.a.w.) muny diýip bilmelidir. Çünki Ol Hak köşgüniň jedelsiz soltanydyr. Allahyň ýaradanlarynyň iň abraýlysydyr.» Ymam Birgiwiniň beýik bir ynsan bolandygy jedelsizdir we hemmelere bellidir. Munuň bilen birlikde Serwerimiz (s.a.w.) Allahyň özüne uly ygtyýarlyklar bagş edendigini hut özi aňladýar. Hadys çeşmelerini derňeýänler Serwerimiziň bu dünýeden kyýamat magşara, ondan mizan terezisine, syrata, jennete girýänçä iň möhüm pursatlarda şepagat etjekdigini görerler. Hawa, Serwerimiz (s.a.w.) Hak köşgüniň gapysyny kakmadan içeri girip bilen mähremlerindendir. Oňa birnäçe gezek nyýaz bilen gidip nyýaz bilen dönendir. Hawa, Ol hiç bir ynsanyň ýetip bilmejek derejelerine ýetipdir, imkan-wüjub älemi bilen ýüzbe-ýüz bolup, soňra-da nyýaz bilen yzyna dolanypdyr. Sowalymyza dolanalyň. Serwerimiz ýaly, Onuň ummatyndan käbir kişileriň hem inaýeti, gol uzatmasy, medet bermegi bolup biler. Emma, bularyň hemmesi wesile we araçydyr. Esasy zat her bir zady ýaradan Allahdyr. Ähli sünnet akydasy şeýledir. Allah bir kysym ynsanlaryň günäsini bagyşlajakdyr we muňa Resuly Ekremiň (s.a.w.) şepagatyny wesile eder. Hawa, mümin inaýet ähliniň inaýetini göz öňüne getirende şeýle göz öňüne getirmeli, şeýle ynanmalydyr. Bu ýerde öz garaýyşymy hem aňladaýyn. Hiç bir wagt nebsimiň hasabyny çykarýarkam, özüme baha beremde dogrudan-dogry Mewlanyň huzuryna özbaşyma gitmegiň pikirini etmedim. Basganjak-basganjak öňünden Resuly Ekreme (s.a.w.) gol beren pirimi öňüme tutup ýüzlenýärin. Ýagny, Resuly Ekremiň (s.a.w.) ummatyna getiren nuruny, feýzini, berekedini, syrlary maňa düşündiren, dogryny görkezen, Kuranyň aýatlaryny gökdäki ýyldyzlar ýaly tanadan, içimde ynanjyň emele gelmesine ýardam eden Resuly Ekremi (s.a.w.) göklerde ganat kakyp uçan bir tawus kimin maňa görkezen we bir hurma agajy ýaly iň datly, iň süýji miwelerini kalbymyň dodaklary bilen wyždanyma duýduran, hawa bütin bulary maňa syzdyryp yşarat eden pirim kim bolsa, ilki bilen ony öňüme tutaryn, soňra-da onuň bilen Resulullahyň (s.a.w.) huzuryna bararyn. Ol ýerde meni utandyrmazlyk üçin «Bu-da bizdendir ýa Resulullah» diýenini syzmaga, eşitmäge çalşaryn we Resuly Ekremi penalaryn. Emma, nazarlary has ilerde bolanlar bu gezek Resulullahyň (s.a.w.) yzyna düşerler, Resuly Ekrem (s.a.w.) hem «Bu-da bizdendir, ýa Rabbi!» diýer, köňlüm we köňüller rahatlyga we kanagata gowşar. Hawa köpimiz doga-dileg eden wagtymyz, Ol beýikler beýigi Hazreti Kibriýanyň huzuryna sygynamyzda mydama şeýle rabyta we araçylar tutunarys. Şeýle araçy tutunmakda bolsa şirk we şirkiň ysam ýokdur. Çünki, netijede her bir zat Allaha daýanýar. Işiň esasy özeni ýeke halymyza özümizi Allahyň huzuryna barmaga, Onuň gapylaryny kakmaga laýyk görmeýäris, utanýarys we biriniň yzyna düşýäris. Bu asyryň gözýetiminde beýik feýizler, bereketler, beýik nurlar we syrlar bilen dogan beýik şahsyýet bolan Bediuzzaman hem Allahyň huzurynda duranda özüne şeýle baha berýär: «Günälerim meni utandyrdy. Isýanlarymyň aşagynda ezilýärin. Seniň gapyňa geldim, emma, pirim Abdulkadyr Geýlanynyň sesi bilen seniň gapyňy kakýaryn» diýýär we onuň aýdan sözleri bilen ýüzlenýär. Edil ýokarlara iberiljek arzasynyň aşagyna ygtybarly birine gol goýdurýar. Beýle bir medet dilemekde, sygynmakda, penalamakda şirkiň ysyny beren hereketleriň bolmaýyşy ýaly, şol bir wagtyň özünde bu ýagdaý hetdiňi tanamazlykdan we biedeplikden hem uzakdyr. Elbetde Abdulkadir Geýlany özünden medet dileýän bu kişini Resuly Ekreme (s.a.w.) hödürlär. Abdulkadir Geýlani şeýle bir welidir, welilik dünýäsiniň çür başyna çykan, örän ýokardaky welidir. Ol «Meniň aýagym kyýamata çenli geljek ähli welileriň omzundadyr» diýendir. Ol ata we ene tarapdan Resuly Ekremiň (s.a.w.) neslindendir. Hem Hasany, hem Hüseýinidir. Giň ygtyýarlyklaryň sahyby, beýik bir ymamdyr we onuň wesileligi ýolda galanlara Hakyň beýik bir rahmeti we inaýetidir. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |