07:50 Tereddut -34 / dowamy | |
Tereddut
Edebi makalalar
Garyndaşlaryň biri-birine öýlenmeginiň zyýanlydygyna garamazdan, dinimiz munuň öňüni almandyr, gaýta goldap Hezreti Aly bilen Hezreti Patmany (r.a.) nikalaşdyrypdyr. Birinjiden garyndaşlaryň biri-biri bilen öýlenmeklerinden döräp biljek kesellere göz aýlalyň. «Nesil yzarlaýan keseller». Bu keseller ene we atadan çaga geçen kesellerdir. Nesil yzarlaýan kesellere ýakyn garyndaş bolan ene-atanyň çagalarynda beýleki çagalara garanyňda has köp duş gelinýär. Garyndaşlar arasynda dörän maşgalalarda doglan çagalarda nesilden-nesile geçýän keseliň hem eneden hem atadan geçmeginiň ähtimallygy ýokarydyr. Az duş gelýän nesil yzarlaýan kesellerden biri çyparlykdyr (albinos). Çyparlaryň gözlerinde we saçlarynda reňk beriji pigmentler ýokdur. Bu kesel diňe daş görnüşi bedroý etmek bilenem çäklenmän şowa körlüge-de ýol açýar. Bu geçiş genlerdäki DNK-da ýygnanýan bir madda bilen döreýär. Ol genler bedeniň ösüşini düzýän maglumaty özlerinde göterýärler. Käbir keseller nesil yzarlaýar we bu kesellerde ferment ýetmezçiligi ýüze çykýar. Bedende bolup geçýän ähli biohimiki hadysalar fermentler arkaly amala aşýar. Ähli «birleşmeler» we «dargamalar» belli bir nobata görä bolup geçýär. Ýagny, bir madda gönüden-göni başga bir madda öwrülip bilmeýär, ilki dürli-dürli birleşmeleriň zynjyryndan geçýär. Islenilen iň soňky düzüme ýetmek üçin bu zynjyrdaky birleşmeleriň her birine täze bir madda goşular ýa-da aýrylar. Zehin kütekligine ýol açýan hasap edilen Mongolizm, Fenilketonuri ýaly 28 sany nesil yzarlaýan kesel bilinýär. Bularda fermentiň ýetmezçiligi ýüze çykarylypdyr. Orak şekilli öýjükli anemiýa, talessemi ýaly käbir gan keselleri, şeýle hem sistinuri we galaktosemi-de nesil yzarlaýan kesellerdir. Ikinjiden, yslam garyndaşlaryň biri-brine öýlenmeklerini goldamandyr, belli bir nesilden soňkularyň öýlenmeklerine rugsat beripdir. Üçünjiden, yslamyň öýlenmeklerini gadagan eden garyndaşlaryň-da sanawy az däl. Dogrusy, aslynda zyýanly bolan garyndaşlaryň öz arasynda nikalaşmagy däl, ene-atanyň genlerinde bar bolup, soň çagada howply ýagdaýda ýüze çykýan kesellerdir. Bir maşgalada, bir neberede, bir tirede, bir taýpada bu kesellerden biri bar bolsa, bir tiräň çäginde şol bir keseli göterýän iki kişi nikalaşsa şol kesel çagada-da ýüze çykýar. Ýagny, ene-atada bar bolan kesel öýlenilenden soň çagada emele gelýär . Indi, şeýle keseli göterýän maşgala taýpanyň içinden däl-de daşynda bolsa, hatda öýlenenleriň biri Çyndan beýlekisi Çynmaçyndan bolsa kesel gaýtalanmajakmy? Tapawudy ýok, kimden we nireden bolsa bolubersin çaganyň takdyry bolan ene-atasyndaky ol kesel onda gaýtalanýar. Şonuň üçin hem bunuň esasy zyýanly tarapy, iki keselliniň biri-birine duşmagy netijesinde, çagada has howply görnüşde ýüze çykan keseller bilen kesellänleriň öýlenmegidir. Bular ýalylaryň nikalaşmagy bilen çagalarynda käbir kemlilikler ýüze çykýan bolsa hekimler muny derňemli. Eger şeýle hassalyk bar bolsa olaryň durmuş gurmagyna ýol berilmeli däl. Şeýdip bir taýpa, bir tire içinde öýlenilmegi sebäpli orta çykan hassalyklara garşy çäre görüşimiz ýaly dünýäniň o çetinden getirip durmuş gurdurjaklarymyza gezek gelende-de eserdeňlik etmelidiris. Çünki şol bir hassalyk olarda-da bolup bilýär we şol sebäpden howply netije olaryň hem başyna gelip biler. Şonuň üçin munuň ýaly meselede belli bir çägiň daşynda garyndaşara öýlenmeklige garşy gitmek haksyzlykdyr we bu ylym babatda diňe nazarýetleriň üstünde işleýänlere-de peýdasy ýokdur... Bu meseläniň gynandyryjy ýeri, käbir dindar ylym adamlary hem bu meseläni nazarýetçileriň howul-haralgynyň içinde öwrenip, lukmançylykda esasy delil boljak meselelere üns bermeýärler. «Şeýle-de Kuranda ähli garyndaşlyk nikalaryna gadaganlyk bar» diýip Kurana ters düşünýärler. Bir ýerinde Kurany Kerim: «Eý pygamber, biz töleglerini (galyňyny) beren aýallaryňy, Allahyň saňa olja edip berenlerinden (şöweş ýesirlerinden), goluň astynda bolanlary (gyrnaklary), kakaň erkek doganynyň, kakaň aýal doganynyň, daýyň we daýzaňyň seniň bilen bile göç eden gyzlaryny saňa halal kyldyk. Şeýle hem özüni (galyňsyz) pygambere bagyş eden we pygamberiň hem özüne almak islän, ynanan aýaly, beýleki müminlere däl diňe saňa halal kyldyk. Biz aýallary we gollarynyň astynda bolanlary (gyrnaklary) hakynda müminlere nämäni parz edenimizi bildik (olaryň bu husuda nähili hereket etmelidiklerini açyk etdik) , saňa zorluk bolmasyn (sen bir kynçylyga, zor ýagdaýa düşme). Allah köp bagyşlaýan, köp merhemet edendir» (Ahzab, 50). Durmuşda-da ne pygamberimiz, ne-de sahabalary haram edilen zatlar baradaky aýat bilen çäkleri belli edilenlerden daşyndakylar bilen öýlenmekde zyýan görmändirler we bu mubahy ulanypdyrlar. Serwerimiz (s.a.w.) kakasynyň aýal doganynyň gyzy Zeýnep binti Jahş bilen, Hezreti Aly kakasynyň doganynyň agtygy Hezreti Patma bilen we ýene ýüzlerçesi bilen nikalaşypdyrlar... Sagdyn tiräň içinde näme üçin gyz alnyp berilmesin? Hatda ol tireleriň we nebereleriň sagdynlygy, ruhy, häsiýetleri we fiziki gurluşy gormak üçin munda peýda-da bolup biler. Meselem, Dagystan halky umuman bu meseledäki duýgurlyklary sebäpli sagdyn nesiller hökmünde biziň günlerimize çenli saklanyp gelýär. Bu däpleri sebäpli olar has sagdyn, has dogumly, Allahyň bir lutfy, yhsany, takdyry bilen has uzak ömürli bolupdyrlar hem diýmek bolar. Şanly Osmanly döwletinde bu ýörelge ulanylýardy, emma, endişe edilen rahatsyzlyklaryň köpüsi ýokdy. Hatda hut beýik Osman Hanedany bu ýörelgäni ýöredýärdi we biziň gorkuly düýş ýaly hassalyklarymyzdan hiç biri ol döwürde bilinmeýärdi. Hem bir ynsan öz nesliniň, neberesiniň sagdyn, güýçli, kuwwatly we dogumly bolmagynyň pikirini edýän bolsa, elbetde iň sagdyn maşgalalardan gyz almalydyr. Eger öz taýpasy sagdyn bolsa näme üçin ondan almasyn?.. Netijede, çatynjalaryň biri-birinde uzak ýa ýakyn bolmagyndan beter, olarda çaganyň ajy takdyryna öwrülip biljek keselleriň bolmazlygydyr. Meniň pikirimçe, üstünde durulmagy gerek mesele-de şudur. Ýogsa, ynsanlara peýdaly bolan zatlaryň iň kiçisini-de ahmal etmän görkezen we bir ýuwdum spirtli içgi ýaly zyýanyň iň kiçisiniňem üstünde durup, olara duýduryş beren Kurany Kerim iň ähmiýet bermeli zatlara ähmiýet bermedik, iň biderek zatlara-da artykmajy bilen üns beren ýaly görnerdi we bu-da onuň her kes tarapyndan kabul edilen «adalatyň kitaby» bolmak ruhuna ters gelerdi. Kurany Kerim «Size (şulara öýlenmegiňiz) haram kylyndy. Ejeleriňize, gyzlaryňyza, gyz doganlaryňyza, kakaňyzyň aýal doganlaryna, daýzalaryňyza, erkek doganlaryňyzyň gyzlaryna, aýal doganyňyzyň gyzlaryna, emdiren süýt eneleriňize, süýt emişen bajylaryňyza, aýallaryňyzyň ejelerine, soň goş birikdiren aýallaryňyzdan bolan öweý gyzlaryňyza – eger olar bilen goş birikdirmedik bolsaňyz (gyzlaryny almakdan ötri) üstüňize günä ýüklenmez – öz sulbuňyzdan gelen ogullaryňyzyň aýallaryna. Şeýle hem bir wagtyň özünde iki gyz dogana öýlenmäň. Emma geçmişde, mundan owalkylarda bolan ýagdaýlar muňa girmeýär. Şübhesiz Allah örän bagyşlaýjy, köp merhemet edenlerdendir» (Nisa, 23) aýaty bilen haram edilenleriň çägini belli edenden soň, ýokarda getiren Ahzab süresiniň 50-nji aýatynda şeýle buýrýar. «Eý pygamber, biz töleglerini (galyňyny) beren aýallaryňy, Allahyň saňa olja edip berenlerinden (şöweş ýesirlerinden), goluň astynda bolanlary (gyrnaklary), kakaň erkek doganynyň, kakaň aýal doganynyň, daýyň we daýzaňyň seniň bilen bile göç eden gyzlaryny saňa halal kyldyk. Şeýle hem özüni (galyňsyz) pygambere bagyş eden we pygamberiň hem özüne almak islän, ynanan aýaly, beýleki müminlere däl diňe saňa halal kyldyk. Biz aýallary we gollarynyň astynda bolanlary (gyrnaklary) hakynda müminlere nämäni parz edenimizi bildik (olaryň bu husuda nähili hereket etmelidiklerini açyk etdik), saňa zorluk bolmasyn (sen bir kynçylyga, zor ýagdaýa düşme). Allah köp bagyşlaýan, köp merhemet edendir» (Ahzab, 50) her dürli garjaşdyrmalara ýer goýmandyr we nämäň gadagan, nämäniň gadagan däldigini görkezipdir. Munuň bilen birlikde, öýlenmegi saglyk ýörelgelerine laýyklykda mubah kylmak başga, zor bilen nikalamak başga. Belli bir çägiň daşyndakylar bilen öýlenmeklerine ýollar açyk we hiç hili garşylyk ýokdur. Emma, şol bir wagtda durmuş gurjaklaryň saglyk babatda bir ara gelip biljekdikleriniň ýa-da gelip bilmejekdikleriniň barlagy netijesinde, eger bir howp bar bolsa, beýle nikalaşmakda päsgel bolmasa-da oňa ýol bermezlik has dogrusydyr. Hatda ýol bermezlik peýdalydyr we adamkärçiliklidir. Her zadyň iň dogrusyny Allah biler. «Bir sagat tefekkür (Allah we älemdäki hadysalar barada oýlanmak), bir sene edilen nepil ybadaty hökmünde geçer» diýen maynda bir hadys bar. Tefekküriň ýoly, usuly, ýörelgesi nähilidir? Belli bir wirdi ýa zikri barmydyr? Tefekküre iň köp ugrukdyran aýatlar haýsylardyr? Sessiz okalan dogalar tefekküriň ornuny tutarmy? Meniň pikirimçe sorag soralanda jogabam bile berildi. Bir sagat tefekkür bir sene nepil ybadaty hökmünde geçýändigi hakynda zaýyf hadysy şerifde beýan edilýär, emma, hadysdan has zyýada Kurany Kerimde bu meselä ünsi çekýän birnäçe aýat bar. «Gökleriň we ýeriň ýaradylşynda, gije we gündiziň gezekleşişinde, akly başynda bolan kimseler üçin elbetde, anyk ybratlar bardyr» (Ali Imran, 190). Hawa, Aýyň, Günüň sazlaşyk içinde dogup ýaşmagynda nyzamyň başyňy aýlaýjy özboluşlylyk bilen aýlanyp akyp durmasynda düşünip bilen kimseler üçin ybratlar bardyr. Bu aýaty kerim tefekkür meselesinde anyk bir delildir. Serwerimiz (s.a.w.) «Bir ynsan bu aýaty okap soňundan oýlanmasa oňa ýazyklar bolsun» buýurýar. Ümmi Seleme enemiz bu aýat inen wagty ýa-da Serwerimiz (s.a.w.) ony okanda aglandygy barada aýdýar. Zaman we mekanyň Serweri bir gije tehejüt wagtynda bu aýaty okap, dolugyp aglapdyr. Pikir etmäge açylan bir gapy we tefekkür yklymyna açylan ýollarda ýeke-täk ýol görkeziji saýylan bu we bu mysaldaky aýatlar yslamda düşünje ýaşaýşynyň ugurlaryny görkezmek babatda örän ähmiýetlidir. Hemmesinden öňürti tefekkür diýmegiň näme diýmekdigini bilmek gerek. Tefekkür etmek üçin ilki bilen şol meselä degişli bilimiň bolmalydyr. Ýogsa, ugursuz-utgasyz, nadan düşünjeler hiç bir ýere eltmez. Bular ýaly netijesiz oýlanmalar dura-bara ýadadar, bizar eder. Soňa-baka ynsan tefekkürden gaçar, oýlanmajak bolar. Bir ynsanyň ilki bilen oýlanjak meselesini örän oňat bilmegi, oýlanmaga esas emele getirjek hususlaryň zehininde taýýar görnüşdäki serişde halyna getirilmesi, ýagny düzgünli pikirlenmegi üçin bu meselä degişli maglumaty bolmalydyr. Aýlaryň, ýyldyzlaryň jöwlan edip aýlanyp durmagy, olaryň adamzat bilen baglanşygyny, ynsany emele getiren zerreleriň akyllary haýrana goýjak hereket we wezipeleri barada sähelçe bilimi hem bar bolsa, bulara degişli oýlanmasy «tefekkür» bolup biler. Ýogsa Aýyň, Günüň hereketine bakyp şahyrana ylhamlar bilen bir zatlar syzyp, birzatlar aýdýanlara mütefekkir däl-de, ylhamlaryny aýdyp duran hyýalbentler diýiler. Edil şonuň ýaly, tebigat batgalyklarynda azaşan käbir naturalistlere hem şahyrlara hem mütefekkir diýmek mümkin däldir. Aýratynam soňky döwürlerde meşhurlyk gazanan şahyrdyr ýazyjylaryň arasynda mütefekkirleri barmak basyp sanaýmaly derejede azadyr. Olar hem dini duýgusy we dini düşünjesi sebäpli materialistler tarapyndan kemsidilipdirler, köpçüligiň olary tanamagyna mümkinçilik berilmändir. Bu döwürde az sanly şahsyýetler älem we barlyk barada oýlanypdyrlar, emma olar hem barlygyň hakykatyna içgin aralaşyp bilmändirler. Dogrusy, bu döwrüň tebigaty söýen şahyrlarynyň beýanlaryny okan ynsan jenneti diňleýän ýaly bolýar. Suwlaryň şagyr-şagyr akmasyna, ýagmyryň şibir-şibir ýagmasyna, agaçlarayň ygşyldysyna, guşlaryň jürküldisine şeýle bir dessanlar goşdular, olary diňlän ynsan özüni jennetiň ortasyndamykam öýder. Emma bu ynsanlar mydama netijä we o dünýä ýapyk ýaşandyklary üçin könäniň duşmany, täzäniňem nadany bolup galyberipdirler. Ömürleri şahadat (maddy) älemiň keşdeli perdesiniň ýüzünde göwün aldap bir tarapyna küreklenýän gaýykda syýahat eden ýaly duran ýerlerinde aýlanyp durupdyrlar. Bularyň ýaşaýyşa degişli düşünjeleri durnuklaşyp, kütelipdir. Olaryň tefekkür diýip düşünýänleri-de şol kütekligiň içindäki umytsyzja ejirleridir. Elbetde, bular ýaly oýlanmagyň hiç hili peýdasam ýokdur. Tefekkür üçin ilki bilen başlangyç bir maglumat, häli-häzirki ýagdaýa düşünmek, esasa degişli täze garaýyşlar we bularyň ählisiniň aňyrsynda hakykatyň gözleginde bolan pikir öwürmeler gerekdir. Şeýle düzgünli pikir edip bilýänler pikirlerinde dowamlydyrlar we täze-täze hökümlere ýetip bilerler. Bu hökümleri has başga düşünje ugurlaryna esas edinip, has öňe gidip bilerler. Ondanam täze-täze netijeler çykaryp tefekküri çuňlaşyp, aýratyn ugurlara ýeterler. Soňra bolsa bir ölçegli ýa-da iki ölçegli düşünjesini üç ölçegli, birnäçe ölçegli oýlanmalara ýetirip, wagtyň geçmegi bilen «goşa ganatly» bir mütefekkir we kämil ynsan derejesine çykyp bilerler. Jemläp aýtsak, pikir öwürmegiň ilkinji esasy hökmünde okamak, älem kitabyny öwrenmäge endik etmek, synasyny Hakdan gelen öwüsgünlere, aňyny ýaradylyş kanunlaryna açyk tutmak, barlyga onuň mukaddes terjimesi hasap edilen Kuran jähdinden bakmak ýaly hususlary sanap bileris. Ýogsa demirgazyk ýyldyzy şu ýerde durýar, Gün şeýle ýaşýar, Zöhre ýyldyzy beýle, Mars eýle... başlangyjy, maksady belli bolmadyk, töweregi gurşan zatlaryň ýüzüne nadanlarça garamagyň asla tefekkür bolmaýşy ýaly, beýle düşünje bilen bir nokada barmak hem mümkin däldir. Munuň sogabynyň bardygy ýa-da ýokdugy hem mydama jedellidir. Bir sagat tefekküriň senelerçe edilen ybadata deň diýilip ykrar edilmegi hem şundandyr. Ynsan bir sagat sagdyn oýlananda onda imanyň esaslary açylar, içinde magryfet nurlary parlar, şeýlelikde kalbynda ylahy muhabbet oýanar... Soňra ruhy lezzetleri duýmaga başlar we ganatlanan ýaly bolar. Ine, şeýle tefekkür bilen islendik bir ynsan, bular ýaly tefekkürden mahrum bir işiň müň aýda baryp biljek derejesine barandyr, şonuň üçin hem uly gazançlara ýeten saýylar. Şeýle aňlaýyş we aň-düşünjäniň içinde Rabbine ýönelmedik bir ynsana gezek gelende bolsa, müň ýyllap durman eglip-galsa-da bir ädimligem mertebesi beýgelmez. Muňa görä-de, onuň eden ybadatlary bir sagat tefekküre deň gelmez. Emma, bu onuň bir ýyl eden tagat-ybadaty biderekdir diýildigi däldir – Allah saklasyn! – Allahyň ýanynda onuň ne bir rukuwy, ne bir sejdesi, ne bir kyýamy, ne-de jelsesi biderek däldir. «Kim zerre ýaly haýyr iş etse ony görer, kim zerre ýaly şer iş etse onam görer» (Zilzal, 7-8). Ýagny herkes gazanjyna görä özüne degişlisini alar. Bu esasa laýyklykda haýsy şekilde bolsa bolsun ol hem öz ybadat wezipesini berjaý edipdir, gullugyny ýerine ýetiripdir we Rabby bilen bir görnüşde baglanşyga giren hasap ediler. Emma tefekkürden geljek peýdalary ol alyp bilmez. Hawa, bu manydaky tefekkür, öňem aýdyşymyz ýaly bir ýylyň ybadatyna deň gelip biler. Ýene bir zat soralýar. Tefekküre esas bolup durýan ýa-da wesile bolan belli wird ýa zikir barmydyr? Belli wirdler we zikrler ynsanyň tefekkürini kämilleşdirip bilermi? Bu-da ýene älem kitabyny okmakda bolşy ýaly aň-düşünjeli bolmaga baglydyr. Aň-düşünjeli doga, aň-düşünjeli mynajat, aň-düşünjeli dileg käte ynsanyň içki dünýäsindäki iň posly görünen gulplary-da açyp biler. Emma, bu wird we zikriň nireden, nähili seçilip alynjagyna degişli hiç zat aýdyp biljek däl. Bu ýagdaý ukyp we başarjaňlyga görä üýtgeýşi ýaly şahslaryň ynanç we kanagatlaryna görä-de üýtgäp biler. Bu sebäpden synasyny islän «jewşen», islän «ewrady kudsiýe» , islän «mesurat» bilen, islän Şazeli, Şahy Geýlany, Ahmet Rufai we Ahmet Bedewi Hezretleriniň dogalary bilen joşduryp biler. Bu ulug pirleriň beýik wirdleri bilen meşgul bolanda ynsan olary edil ýanynda ýaly duýar we ol rahatlygyň içinde okan zatlarynyň lezzetinden doýmaz. Käşkä her kes ol wirdleri okap, olardan peýdalanyp bilsedi, özüni täzeläp, Allaha baglylygyny kuwwatlandyrardy…! Ýene bir husus bolsa şu, tefekküre ugrukdyrýan aýatlar, sessiz okalan dogalar tefekküriň ornunda bolup bilermi? Manysyna düşünmeýän bolsa we ynsan onda çuňlaşmaýan bolsa tefekkür bolmaz. Sogap bolar, emma tefekkür bolmaz. Tefekkür pikir etmekden gelip çykýar we ol geçen wakalar bilen täze wakalary bir ýere jemläp, olardan täze netijeleri çykarmak diýmekdir. Bir zadyň sebäp we netijesi arasyndaky baglanyşygy duýmak, Allah bilen bendesiniň baglanyşygyny berçinlemek her zaman tefekkür hasap edilse-de, bu mübärek baglanşyga eltmeýän wirdleriň, zikirleriň, doga-dilegleriň ýa-da iň mübärek zatlary öwrenmegem bolsa sogap bolar, emma tefekkür bolmaz. Tefekkür ruhy we köňli galkyndyrmaga, tefekküre sebäp bolan zadyň üstünde durmaga, gözlemäge, Rabbymyz bilen baglanşygymyzy çuňlaşdyryp, kuwwatlandyrmaga baglydyr. Allahym şowuna etsin. Şu günki günümizde iň selçeň, iň az bolan zat tefekkürdir. Bu sebäpden döwrümiziň ynsanynyň tefekkür babatda pyýadadygy aýdylsa öte geçildigi bolmaz. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||