16:30 Tilki sapalagy / hekaýa | |
TILKI SAPALAGY
Hekaýalar
Daňdandan tä günortana çenli ýörämizsoň, çölüň jümmüşine mazaly aralaşdyk. —Inim, seniň oklukirpi diýýaniň-ä şu töwerekde bolaýsa gerek –diýip, Gara aga Aşyra ýüzlendi. —Maşyny saklaýynmy?! –diýip, Sapar tormoz berdi. —Hawa, goş ýazdyralyň! Gara aga maşyndan düşüp, töwerege synçy nazaryny aýlady. Iki-üç ädimlikdäki çogandyr çerkez-çetileriň düýbüne äňetdi. Ýöne uzak gitmän: —Hany, ilki bilen birki tüňçe ajyja çaý içip, ýoluň ýadawlygyny aýralyň –diýip, gury şahadyr kökleri çöpleşdirip ugrady. Aşyr maşyndan goş-golamlary düşürmäge durdy. Öwez ikimiz hem çöpleme çöplemäge çykdyk. Sapar hem guran şahalary döwüşdirip, tüňçeleriň gapdalyna oklap ugrady. Töwerekde odun boldy. Salym geçmänkä iki- üç gujak çöpleme üýşdi. Düýbüne çakmak çakylaryna mahetdel tutaşan odunyň howruna tap getirmedik tüňçeler “lakyrdaşyp” başladylar. Gök çaýyň hoş ysy özüňe imrindirdi. ýerli-ýerden çaýly käselere ýapyşdyk. —“Oklukirpi” diýilýär welin, ol okuny ataýarammy? –diýip, Sapar çaý başynyň gürrüňine badalga berdi. —Atmasyna-ha, atanok, ýöne, hiç bir janly-jandaryň oňa batyrgaý hüjüm etmäge milti bolmaz –diýip, Gara aga söze başlady. —О näme üçin? —Onuň hüý-häsiýetine näbelet goýun itimidir ýeneki jandar topuldygy, ol aýagaldygyna gaçyp başlaýar. Zabun kowguçy yzyndan kowup, ýetdim-ýetdim diýende bolsa, birden togtaýar. “Duşmany” badyny saklap bilmän, baryp onun ýiti tikenlerine urulýar. Oklukirpä-de geregi şol. Endamyny titredip, götinjekläp, awuly tikenlerini barha çuň çümdürýär. Onsoň kowguçynyň dat gününe. Diri galsa, zor boldugy. —Bäh, ýeser jandar eken-ow! –diýip, Aşyr güldi. —Hawa, ýeser kemi ýok! –diýip, Öwez hem onuň bilen pikirdeş gopdy. —Köp jandarlar biri-biriniň taýynja hinini güyjüne baýrynyp, basyp alaýgyç bolýar –diýip, Gara aga gürrüňini dowam etdirdi. —Oklukirpä welin, bu howp känbir abanmaýar. Eger birden özi ýok wagty öýüni eýeläp oturyberseler-de, oklukirpi ol haýýary hininden derrew kowup bilýär. Munuň üçin ol hinine adatdakylary ýaly öňňinligine däl-de, götinjekläp girýär. Iňňe ýaly ýiti tikenlerini syh-syh edip, yzlyn yöräp, hininde ýatan messepsize hüjüm edýär. Tikenlerini mazaly çümdürip, özgäniň öýüni eýeländigi üçin ony jezalandyrýar. Soňra daş çykyp, biraz garaşýar. Hinindäki jandaryň öýi boşatmagyna maý berýär. Eger hini eýelän puşmana gelip, çykyp gaçmasa, ýaňky jezasyny ýene gaýtalaýar. Onsoň, durup bilse, dursun-da! Eger özüne howp abanýandygyny, yzarlanýandygyny aňsa, yzyny ýitirmek üçin tikenli guýrugyny ýerden süýräp ýöreýär. Aýaklary gysgajyk bolansoň, beýtmek oňa känbir kynam düşmeýär. Görseň, agajyň şahasy süýrelip giden ýalydyr. Alys aralyklara gitmäge irnigmän, düme ekilen bakja daraýmasy-da bar. Gowy görýäni gawun-garpyz. Sakçy ukuda ýa-da ýok bolsa, onuň itiniň oklukirpä golaýlaşmaga gaýraty çatmaýar. Ertesi görseň, negözel gawunlar ýarylyp iýlendir. Bakjanyň gumak yerlerinde iki-üç ýaşly çaganyň ýalaňaç aýagyzy ýaly yzlar bardyr. Olar gije bakja giren oklukirpiniň yzlarydyr. Bir-iki käse çaý içip, nepesimizi durlamyzsoň, oklukirpiniň gözlegine çykdyk. Ep-esli ýöräp, sazakly oýa düşen ýerimizde ullakan hiniň üstünden bardyk. —Ynha, oklukirpiniň hini! –diýip, Gara aga hiniň agzyny ünsli synlady. Ýöne, köpden bäri girilip- çykylmandyr. Belki-de, bu hin onuň ätiyaçdan gazyp goýan “ikinji öýüdir”. —Juda giňişlik hin ekeni! –diýip, Aşyr geňirgendi. —Beyle hin onuň nämesine gerekkä? —Bu görýäniňiz entegem onuň eýwany. Esasy otaglary aňyrdadyr. Oklukirpi arassaçyl jandar. Ol öýüni kaşaň gurguç. Çagalar otagy, ýatyş jaýy, aşhanasy, ammary, hajathanasy aýry-aýry. Ol diýseň tämiz jandar. —Oýun edýäňizmi, Gara aga, ýa-da çynyňyzmy? –diýip, Aşyr garaňky hiniň agzyndan onuň içine ünsli aňetdi. —Elbetde, çynym –diýip, Gara aga “loh-loh” güldi. —Sen näme, amatly öý edinmegi diňe adamlar halaýandyr öýdýämiň?! —Siziň diýýäniňiziň jany bar ýaly –diýip, hini biraz synlan Aşyr ylalaşdy. —Hany, ýörüň, indi oklukirpini başga ýerden gözläliň. Eger ol bu jelegaýda bar bolsa, bärik girip-çykardy –diýip, Gara aga bizi gyssady. Dessine ýola düşdük. Günün bady gowşap, alaňlaryň aňyrsynda gizlendi-de, garaňky gatlyşyp başlady. Ine, şeýdip biziň guma çykan ilkinji günümiz paýawlap barýardy. —Gijämizi geçirmek üçin oňaýlyja ýer tapalyň! –diýip, Gara aga töweregi ünsli synlap barşyna dillendi. Maşynyň ýiti çyrasy alaňdan-alaňa aşyp, alyslary ýagtyldýardy. Ine, birdenem bir tilki çyranyň ýagtysynda peýda bolup, eýläk-beýläk alakjap ugrady. —Ol name edýär-aý? –diýip, Sapar geň galdy. —Maşynyň yşygyndan peýdalanyp, gözi gamaşan syçandyr alakalary awlaýar — diýip, Gara aga düşündirdi. —Tilkiniň öz gözi gamaşanokmyka? —Elbetde, onuňam gözi gamaşýar. Ýönе ol tilkiligini edip, çyranyň ýagtysyna girende, bir gözüni ýumup giryär. Aljyran syçandyr alakalary awlap, mazaly geregini edinensoň bolsa, yagtylygyň çäginden çykmak üçin, özüni garaňka urup, ýumuk gözüni açýar. —Goýsaňyzlaň walla! –diýip, Aşyr gülüp başlady. —Men, siziň, ýaňy, oklukirpiniň hini barada aýdanyňyza-da aňrybaş ynanyp baramok. —Tebigata näbeletligiň etdirýäni-dä –diýip, Gara aga asuda jogap berdi. Onýança-da ýaňky tilki zym-zyýat boldy. Öwez “Haýwanat bagy” üçin köwükdir garagulak tutmak niýetinden daşgary çölün haýsy ýerinde nähili jandara gabat gelendiginiň hasabyny hem ýöretmelidi. Şonuň üçinem, ol gumuň kartasyny ýazyp, elçyrasynyň yşygyna nirededigimizi kesgitledi-de: —Bu biziň guma çykalymyz bäri görýän ilkinji iri jandarymyz –diýip, tilki görendigini belledi. Gum ýoly belentli-peslidi. Kä alaňa dyrmaşsa, käte oýa inýärdi. Çäge depesiniň ýapgyt erňeginden geçip gitmeli ýerleri-de duşýardy. Maşynyň tekerleriniň ürgün çägä çümüp, biziň düşüp itip, dyzap-dyzap kynlyk bilen çykarýan halatlarymyz-da, tekiz takyrlaç aralyklar-da bardy. Kim bilýär haçandyr bir wagt geçen geologlaryň agyr maşynlarynyňmy ýa-da çopan goşuna barýanlaryňmy, gaýry ötegçileriňmi, garaz haý, her kybap ulaglaryň çala sudur bolup galan yzlaryndan çen tutup, esasy ýol şu bolsa gerek diýip, sürüp gidip otyrdyk. Gara aganyň bu töweregi gije düşlemek üçin amatsyz saýmagy, başga ýer gözläp gidip barşymyz geň galdyrýardy. Şonuň üçinem, men ondan: —Bärde düşlesek bolanokmy? –diýip soradym. —Şu töwerekde syçandyr alaka kän ekeni. Ýaňky tilkä duşmagymyzam şonuň üçin. Gije ynjalykly ýatarymyz ýaly, gumuň ak çägeli, tämiz ýerine ýetýänçäk ýöräbereliň –diýip, ol jogap berdi. Maşynyň açyk äpişgelerinden, ýüzümize, çöl otlarynyň birgeňsi ýakymly ysy gatyşan, bedeniňe süňňüýeňillik, köňlüňe şadyýanlyk aralaşdyrýan mylaýym ýel urýardy. Ondan hakyky güýjüne giren, özüniň, ynha, ýene gelip, gögermäge, önüp-ösüp dowam galdyrmaga mümkinçilik döreden baharyň ýyly demi mesaňa duýulýardy. Aýly-ýyldyzly asmanyň öňi “Haçan ýagsa-ýagybermeli” diýdirýän bulutlara basyrylgydygy üçin, gum gijesi eýýäm goýry garaňkylyk bilen örtülipdi. Gogüň kä ol, kä bu künjeginde ýiti ýylpyldap çakýan ýyldyrymyň şuglasy alaňlaryň ýüzüni bir pursatlyk ýagtyldyp, yzýany bulutlaryň güňlenç “gümmürdisi” gelip ýetýärdi. —Ine, hakyky ýaz gijesi! –diýip, Aşyr joşgunly dillendi. —Beýle howa diňe ýaza mahsus! —Onda-da biziň ýazymyza? –diýip, Öwez onuň sözüni alyp göterdi. —Dört pasly hem aýyl-saýyl: gyşy gyş, ýazy ýaz, tomsy tomus, güýzi güýz şekilli gelýän biziňki ýaly özboluşly ýurt seýrekdir –diýip, Gara aga ylalaşdy. —Rast aýdýaňyz! –diýip, men onuň delili ýüregime jüňk bolansoň makulladym. — Geçen asyryň segseninji ýyllarynda, ykbal çekip, Orsyýetiň uzak gündogarynda ýerleşýän Kamçatka ýarym adasynda gulluk edenimde, munuň şeýledigine göz ýetiripdim. Ol ýerde gyş dokuz-on aýlap bolýar. Ýаgаn gar eremän, ýene üstüne ýagyp, uzak wagt baslygyp ýatýar. —Bizde welin, eýýäm köynekçe gezibermeli howa! –diýip, ýoldan gözüni aýyrman, ruly ykjam tutup barşyna Sapar hem söze goşuldy. Şol barmana, çyranyň yşygynda ýene-de bir tilki peýda boldy. Ol hem iki ýana çalasyn bökjekläp, aw edip ugrady. —Beh, bu ýerde tilki köp ekeni. Eýýäm ikinjisini görýäs –diýip, Öwez dessine kartasyna bellik etdi. —Seniň bu hasap ýöredişiňi takyk saýyp bolmaz –diýip, Gara aga oňa duýdurdy. —О näme üçin? —Munuň ýaňky gören tilkimiz bolmagy-da mümkindir. Amatly pursatdan peýdalanyp, öz garnyny doýransoň, indi çagalarynyň aladasyny edýändir. Ol tilki hem birazdan soň ýitirim boldy. Gara aganyň oňaýly hasaplan ýerinde düşledik. Maşynyň çyrasynyň yşygyna tämizje ýerde çadyrymyzy gurundyk, panuslary ýakdyk. Odun ýygyp, biş-düşüň ugruna çykdyk. Nahar taýyn bolýança, ot başynda oturyşymyza, Aşyr: —Gara aga, ynha, siz köpügören awçy. Haýsy haýwany haçan awlamalydygyny gowy bilýansiňiz. Ine, ýaňky gören tilkimizi häzir awlasaň bolýarmy? –diýip, içgin gyzyklandy. —Elbetde, bolanok –diýip, Gara aga gürrüňine başlady. —Häzir tilki awlamagyň möwsümi däl. Tüys möwritinde awlanan tilkiniň derisiniň belli bahasy ýok. Ol samyr, gunduz derisinden pes bolmaýar. Inçejikden ösgünje tüyleri birgeňsi öwüşgin berip duran, ýyly hem gür sütükli derini synlanyňda gözleriň röwşen tapyberýär. Awlanan jandaryň kellesi bilen bile soýlup, diňe geýim tikmek üçin däl, ýöne şeýle ulanylýan deriler sanalgy haýwanyňky. Olar aýy, ýolbars, gaplaň. Ine, şol topara tilki hem girýär. Tilkini gyş duşensoň, ýöne entek aňzakly sowuga galmanka, gardyr ýagşa ezilmänkä, üşäp hinine girmänkä, aw rugsady berlensoň awlamaly. Onda-da atyp alanyňdan, gapan bilen tutsaň has gowy. Deri abat galýar. Elmydama açyk howada gezen, hine girmedik tilkiniň derisi diýseň gowy bolguç. Gar ýagyp, töwerek doňup ýatsa, tilki üşäp, hinine girýär. Onsoň onuň derisiniň hili peselýär. Gyşyň aýagyna, ýazyň başlaryna tutulan tilkiniň derisi hem ýaramaz bolýar. Şol döwürde ol tüyüni tazeleýär. Naharlanyp bolup, çaýy öňümize alamyzsoň, Gara aga tilkili gürrüňini dowam etdirdi: —Tilkini mekir saýýarlar welin, ol diňe bir mekir bolman, juda akylly hem. Erkegi, urkaçysy höwür bolup, bir hinde ýaşamagy gowy görýärler. Hinini käbir jandarlaryňky ýaly bir çykalgaly edip gazman, janyna howp abananda, çykyp gaçar ýaly, köplenç, gizlin “gару” edinýär. Ol çykalgadan del kişi girip bilmesin diýip, ot-çöp bilen basyryp, çalaja gömüp goýýar. Içinden baryp, tumşugy bilen bir süsňande çykyp bolar ýaly edýär. Eger yzyny yzarlap gelýän itiň sesini eşitse, ysyny alsa, awçynyň öz ketegini taparyna garaşyp durman, derrew olary garagörnüm oňünden çykyp, garşylamak bilen bolýar. Ep-esli aralyga baryp, oňki köne yzyny tapýar-da, şol ýerde gezmeläp, biraz säginýär, şeýtmek bilen ysyny täzeleýär. —Ysynymy ýa-da yzyny? –diýip, Aşyr Gara aga ýalňyşandyr öýdüp sözüni böldi. —Elbetde, ysyny. Tilki, ilkinji nobatda, iti aldamagyň zerurdygyna düşünýär. Sebäbi it ony yzy boýunça däl-de, yzynda galan ysy boýunça yzarlap tapýar. Şeýtmek bilen tilki itiň täze, ýiti ysy alyp, özüne tarap gaýtmagyny ussatlarça guraýar. Çöpe-çalama urup, ters tarapa biraz gaçansoň, aýak çekýär-de, itiňdir awçynyň ýaňky ysyny täzelän ýerine ýetmeklerine garaşýar. Elbetde, it tilkiniň täze, ýiti ysyny alyp, onuň soňky yzy bilen gaýdýar. Tilkä-de geregi şol. Kä görnüp, kä görünmän, itdir awçyny öz pirimine düşürenine hezil edip, çöpden-çöpe urup, geçmesi kyn ýerlerden geçip, olary köne yzyndan mazaly daşlaşdyrýar, halys surnukdyrýar. Şeýtmese, itiň yza öwrülip, öňki köne yzyny alyp, hinini tapmagyndan gorkýar. Eger kowguçylar ýadamasa, ol sap atyp gaçmasyny dowam etdirýär. Aldamagyň ýokary ussatlygyny görkezýär. Şeýle kowalaşygyň ençeme sagatlap dowam edýän halatlary-da bolýar. Awçynyň özüni yzarlamagy bes edendigine göz ýetirýänçä ynjalmaýar. Awçydyr it ýadap eňki agyp, tilkini awlamagy goýbolsun edip, yzyna dolansa, onda tilkiniň özi olary yzarlap başlaýar. Kowguçylar gidip, howp sowlandygyna ymykly göz ýetirensoň, özünden göwnühoş bolup yzyna dolanýar. Eger tilki has mekir, azy ýaran bolsa, ol obadan horazdyr towuk-beýleki ogurlasa, hinine göni gaýtman, möjekmi, şagalmy, torsukmy, alajagözenmi, oklukirpimi, köwükmi... garaz, beýleki janly-jandarlaryň “öýleriniň” üstünden gaýdýar. Sebäbi ol öz jelegaýynda kim nirede ýaşaýar, haçan näme pişe bilen meşgullanýar, irginsizlik bilen öwrenip, ýatda saklaýar. Gerek bolanda ussatlyk bilen öz bähbidine ulanýar. Obadan ogurlyk edende-de, yzyndan kowguçy gelse, şol jandarlara aldanyp galsyn diýip şeýdýär. Onun balyk tutuşyny eşitseňiz-ä has-da geň galarsyňyz. Aşyr, sen bolsa, “Bu awçy agamyz-a ýene-de jypdyrdy” diýersiň. —Hany, ilki eşideli, jypdyrmamy däl, onçasyny soň aýdarys –diýip, Aşyr Gara aganyň “howuny” ýetirdi. —Bir gezek “Ördek awlaýyn” diýip, zeýkeşýaka ýerlere aýlanyp ýörkäm, haýdap raýyşyň gumuny gazyp duran tilkiniň üstünden bardym. “Bu birzadyň-a hinini gazýar. Soňy näme bolarka?” diýip, hyşalara gizlenip, synlap ugradym. Ol gazdy-gazdy-da, ýaňky gazan çukuryna guýrugyny sokup, bulaýlap başlady. Men onuň niýetine düşünip bilmän haýran galdym. Onýança-da ol çalasyn turdy-da, guýrugyny zeýkeşiň suwuna sokdy. Şeydip oturyşyna yzyna gaňrylyp, guýrugyny sokan ýerine ünsli seredýärdi. Birdenem çalasynlyk bilen yzyna öwrülip, tumşugyny suwa sokdy-da, bir balygy kenara oklap goýberdi. Ol bu tilsimini ýene-de bir gezek gaýtalap, kiçeňräk bir balygy tutdy. Onsoň kenara oklan balygyny hem tapyp, birisini iýdi-de, beýlekisini agzyna alyp, hyşadyr ýylgynly kenarda ýitirim boldy. Onuň balyk awlan ýerine baryp görsem, raýyşdaky garynja hinini gazan ekeni. Öjügen garynjalary guýrugyna ýapyşdyryp, suwa sokanda, zeykeşe gaçan mör-möjekleri iymegi endik edinen balyklar derrew üýşen bolmaly. Tilkiniň işleýäni-de şol. Hini bozulan garynjalar çar-töwerekde zybyrdaşyp ýördüler. Men şonda tilkiniň bu tilsimine haýranlar galyp: “Aperin, seniň ugurtapyjylygyňa!” diýdim. Gara aganyň söhbetini soňlaryna mähetdel, Aşyr hem oňa ýürekden: —Aperin, siziň suhangöýligiňize! Aperin, ýurdumyzyň tebigatyna gowy beletligiňize! –diýdi. Hemra ŞIROW.. | |
|
√ Jynlaryň meýlisi / hekaýa - 22.07.2024 |
√ Togsan dört ýylyñ derdi / nowella - 27.08.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Gök gözli Ýefrosinýa / hekaýa - 13.05.2024 |
√ Seniň baryňda / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Aýakýalaňaç oglanjygyň janyndan syzdyryp aýdan sözleri / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Toba maskasy / hekaýa - 27.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |