11:49 Tisian / hekaýa | |
TISIAN
Hekaýalar
Demirgazyk flotda tanşan deňizçilerimiň arasynda, kapitan-leýtenant Guramişwili meni aýratyn gyzyklandyrdy. Biz duşuşmaga başladyk. Garawulgämileň toparyna serkerdelik edýän ol, öz-özünden düşnükli, örän işlidi. Ýöne, gürji hemişe-de öz dosty üçin wagt tapýar ahyry. Agşamlaryna biz onuň kiçijek kaýutasynda oturyp, gürleşerdik, çilim çekerdik. Käte biz dymyp, çilimlärdik – muňam öz lezzeti bardy. Oňa synym oturýardy – onda bu mahallar ýeňil-ýelpaý köneçilräk görünýän sypaýylyk bardy. Öz şybygy bilen asuda tüsseläp, ol uruşdan öň diňe düýşeňe girjek täsin wakalary aýdyp berýärdi. Men urşa inçeden düşünýän adamy ilkinji gezek görýärdim. Ol onuň bilen guryýerde-de, deňizde-de, Pin batgalyklarynda-da, Zapolýarýäň daglarynda-da tanşypdyr. Ol o barada takyk, tarapgöýsüz, belli-küllem aç-açan gepleýärdi. -Diriligiň bahasy, ol edil şu göreşde näçä durýan bolsa, şonçadyr-diýip ol bir gezek maňa aýtdy:-Men käte tolgunmaly bolanymda bu barada özüme ýatladýan. Ol sözüň doly manysynda urşuň ynsanydy. Göwnüňe bolmasa ol, özüniň ähli güýjüni şoňa bagyş edýändigine garamazdan, ýeňişden soň näme işlejekdigi hakynda pikirem etmek islemeýän ýalydy. Men bir sapar ondan bu barada soradym, soňam üstüne goşdum: haçan-da ellerinde ýarag saklap, her günde, her sagatda ajalyň ýüzüne dikanlaýan adamlar, geljek barada oýlanmasalar, maňa munuň örän tebigy isleg bolup görünýändigi aýtdym. Olarda muňa puryja-da ýok, höwesem. -Siz ýalňyşýaňyz,-diýip ol jogap berdi:-Pikirlenýäler, hatda bijaý köpem. Geljek näme? Her kesiň öz umytlary hem etsem-petsemleri bar. Ýöne, hemmeler üçin bu ýeňiş, öýe dolanmak, dynçlyk, täze durmuş. Geljek ajaýyp bolar,-diýip tolgunma bilen ol üstüne goşdy:-Halk şunça zady başyndan geçirensoň başgaça bolmagy mümkin däl. Ol muny bilýär hem-de geljek barada alada edýär, belki-de muny özem duýman edýändir. Isleýäňizmi, men size bir wakany gürrüň bereýin? Özüň baha kesiň – meňki dogrumy ýa-da ýok... Bu kyrk ikinji ýylyň ýazynda bolupdy. Biz P.-ny gorap, guryýerde söweşýärdik, ol şo günler çereşnýaň gülgüne-ak, näzijek güli düşelen bulaşyk köçejikli, ýabany bagçylykly gadymy şäherjikdi. Şol köçejikleň biri – Aşaky-Galalydan front çägi geçýärdi. Stefan Batoriý döwründäki gadymy galaň harabasynyň arasynda-da meniň Gözegçilik nokadym (GN) bardy – men birikmä serkerdelik edýärdim. Ine bir günem, ertire golaý, haçan-da, kelteje, howsalaly ukudan doly açylman men, nemesleriň kowlup çykarylan jaýlaryny atanajyklar bilen bellikläp, kartaň üstüne eglip otyrkam, meň ýanyma giňerňek sypal başgaply, kiçijek garryny getirdiler. Çalsaç, ýüzi juw-ak, uzynsyýly, suwag gopugy dökülen paltoly, sakgaly syrylmadyk, ol maňa ýarymsähne adam bolup göründi. Ýöne, bu düýbünden beýle däl eken. Bu P. şäheriniň muzeýiniň müdiri ekeni, men o muzeý hakda uruşdan kän öň eşidipdim, gepiň gerdişine görä aýtsam, örän gowy muzeý. -Meň familiýam Perçihin,-diýip ol aýtdy:-özem men muzeý gurnalan gadymy ymaratyň eýeleri, şol söwdagär Perçihinleň nesli. Şeýdip özüni tanyşdyransoň ol öz işini beýan etmäge başlady: -Muzeýde,-diýip ol düşündirýärdi:-gymmatly sungat eserleriniň ep-eslisi galdy. Ýöne olaň arasynda bir deňsiz-taýsyz eser (şedewr) bar, şonam hökmany ýagdaýda alyp gitmeli, çünki eger-de ol ýok bolsa, taryh bizi bagyşlamaz. Men näme eserdigini soranymda, ol Tisianyň “Baharyň oýanmagy” atly suratyny göz öňünde tutýandygyny aýdyp jogap berdi. P.-de Tisian! Men eýýäm täjir Perçihinleň bu neslini sypaýyçylyk bilen ugratjak bolup başladym. Emma ol meni saklady: -Siz üçin bolmajak zat ýalydyr,-diýip ol dillendi:-Tisianyň eseriniň P.-de bolmagy, ýöne P., mälim bolşy ýaly köne serhetden gaty daşda ýerleşmeýär. Müň dokuz ýüz on sekizinji ýylda, haçan-da baýlar maýadarlaň ýurtlaryna gaçanda, olaryň alyp barýan sungat gymmatlyklary, serhetde ellerinden alnyp, muzeýe tabşyrylypdy. Elbetde, Tisiana öz hukuklaryny Leningradam bildiripdi. Ýöne, men garşy çykdym welin, merhum Lunaçarskiý maňa birigip: “Kiçijik şäherlerem uly sungata haklydyr” diýen sözler bilen öz nukdaýnazaryny aýdypdy. Bu gürrüňdeşligiň bolup geçýän ýagdaýyny göz öňüne getiriň: nemesler eýýäm bu sapar bize örän ýakyn gelen tanklardan endigan topa tutmaklaryna başlapdy, ýer tokgalary, daş gyýçaklary, garymyň içine uçup girýärdi, uzynsyý paltoly kindiwanja kömelek bolsa, gadymy hem täze ýazarlardan jümleler getirip, Tisian hakda asuda gürrüň beren bolup dur. Men pikire batdym. Dogrusy, bu ýerde mümkin däl zat ýokdy. Edil şu wakaň öňüsyrasynda biziňp lukmanymyz, kimdir birini derman serişdeleriniň yzyndan ýollamagy haýyş edipdi, olaram edil Tisian ýaly nemesler tarapda galypdy, özem biz olara Tisiandan beter mätäçdik. Bäh, şu wagt, dermanlary hem-de Tisiany – bir gezekde alaýsaň! Men aňtaw birikmesinden leýtenant Norkini çagyrdym. Meni ony Hankodan bäri tanaýardym. Ol leningradlydy, Frunze ýörite mekdebindendi – garajürjen, pessejik boýly. Ýeri gelende aýtsam, ol örän gowy surat çekýärdi – ýeri onsoň, ebedi Tisiany kim betbagtlykdan halas etmeli? Gije, öz giňgaş sypal başgabyny tuwulga çalyşmakdan aýgytly ýüz dönderen muzeý müdirinem ýanyna alyp leýtenant, oljalyk ulagda front çäginiň aňyrsyna ugrady. Ol irden dolandy – biraz iňkisli. Ol derman serişdeleri bilen Tisiany getiripdir. Ýöne, gynansagam, muzeý müdiri P.-de hemişelik galypdyr. -Surat oň öýünde ekeni,-diýip leýtenant habar berdi:-bizem bardyk-da, ony aldyk. Ýöne şol wagt ol ýene-de nähilidir birhili paty-puty daşamaga başlady, şonda-da ony gümpüldetdiler. Şo sebäpdenem yzymyza garpyşykly dolanmaly boldy. Mende ajaýyp nemes sapançasy bardy, men ony aýyrdym-da, leýtenanta berdim. “Söweşjeň tabşyrygy nusgalyk ýerine ýetirendigi üçin” diýen ýazgyly zolajygy bolsa men onuň bilen bilelikde ýene ýarymýyldan soň Moskwada sargyt etdim. Togalanan uly kendir, ulagda, hasaň, spirtiň, pamygyň hem-de streptosidli bukjajyklaň arasynda ýatyrdy. Biz ony açanymyzdan aňk bolduk. Al kakmyş, ol nähili gowudy: bagda, güllän almalaň astynda, uly stollar durdy, olaň üstünde-de münderläp et, nan, awlanan guş ýatyr. Daýhanlar hem olaň zenanlary ele-ele berip, döwre gurap aýdym aýdýarlar, şadyýan, derlek, sagdyn hem dürli reňkli baýramçylyk eşiklerinde. Bir çetde bolsa, otkesindiler bilen gurşalan çelejigiň ýanynda, äpet, uzyngonç ädikli esger şerap süzýärdi, gyzyl sarkyndam oň gön lybasyna akýar. Çyralar agaçlar sallanyp dur. Bu obaň toý dabarasy, bahar baýramydy – ýüregiňde şatlyk joşurýan, ajaýyp eser. Edil ýöne şol mähellä gatylyp-garylyp, raks oýnap, çelekden meý süzüp, oň üstüne-de çörek kesemeni hem sogan tokgasy bilen garbanyberesiň gelýärdi. Maýyň ahyrynda biz P.-ni terk etdik. Berezan tokaýlaryndan, Borşew batgalyklaryndan geçip – özümiziňkilere tarap böwsüp çykmalydyk. Men bu ýöriş hakda jikme-jik gürrüň bermekçi däl, ol barada öz wagtynda gazetlerde ýazypdylar. Biz söweşler bilen müň kilometrden gowrak aralygy geçdik. Çörek ýokdy, biz ýaby etini otda kakadypdyk. Ot ýakmak gadagan bolanda, çigligine-de iýerdik. Gynansagam, tokaý, şomat boram-boşdy – kömelegem ýok, ir-iýmişem. Ýöne, Tisiana dolanaly. Bü kendir bölegidi, ol biziň düýbünden derkarymyza däl ýalydy. Ony iýip bolanok, ondan atyp bolanok. Alaşalarymyz barka Tisiany eýere daňardyk. Biz alaşalarymyzy iýdik, indem ony elde götermäge mejbur – arwah urmuş bir oňaýsyz. Ýigitler sögünýärdi. A belki-de, şu ýüzünde haýsydyr bir raks oýnaýan adamlar çekilen, uly, agyr kendiri tokaýda ýöne taşlap goýberseň niçik bolarka? Emma, bir sapar leýtenant Norkin suraty gerdi-de, ony gyzyl deňizçilere görkezdi. Näme boldy! Meň birikmäm ýönekeý ýigitlerdendi, olaň haýsam bolsa biriniň şondan öň Tisian hakda eşitmändigem köre hasady. Äý, onsoňam şo günler biziň sungata elimiz deger ýaly däldi! Ýöne, şo pille edil zabun, horugan ýüzlere, edil nur çaýylan ýaly boldy. Göwnüňe bolmasa, hemme zat ýitdi – açlyk, hapaçylyk, ölümlik argynlyk, her gyrymsylygyň aňyrsynda gizlenen howp. Biziň öňümizde ajaýyp durmuş durdy, özüniň saglygy, bagty bilen, şol raks oýnaýan bagtyýar ynsanlaram şondan püre-pürdi. Olaryň biziňkilikdigem aý-aýdyňdy. Şu nakgaş, şol lybasyna syrykdyryp, çakyr içýän, gülkünç, murtlak esgeri-de, töwerekleşip aýdym aýdýan gyzlary-da, awlanan ajaýyp guşlary-da çeken, şolam biziňkilikdi, şol guşlaram, olar nähili gudrat ýaly bolup görünýänem bolsa, biz ýene-de hökman iýeris. Biz olary hökman iýeris, al kakmyş diýsäni! Meýem süzeris, çyralar sallangy almalaň astynda raksam oýnarys. Söweşjeň ulaglarda Moskwaň köçelerindenem geçeris, şol nakgaşyň suratyny çeken gyzlaryndan peslär ýaly däl gyzlaram bizi güller bilen garşy alarlar, nirä nazar aýlasaňam diňe gül, gül bolar durar. Gülle deşen baýdaklaň astynda biz serkerdebaşymyzyň dykgatyna soňky habaram bereris – uruş gutardy, biz ýeňdik! Men, göwnüme bolmasa, biraz şygryýete süsňäp gidäýdim öýdýän. Ýöne, bu boldy, maňa ynanaýyň! Düýşem däl, sümme tokaýda, aç-hor ýörişden soň, düşlegde ýadaw esgeriň gözüne görünme-de – ýok, hut şo geljek hakdaky pikirem, edil neneňsi kyn bolsa-da ýerine ýetirmek hökmany bolan buýruk ýaly hakykatdy. Gaty agyr döwür bolupdy. Biz heniz partizanlar bilen aragatnaşygy ýola goýmandyk, diýmek umytsyz açlyk çekýärdik. Birikmede ýaralylar bardy, olaram biz ýadawlykdyr, horugmakdan ýaňa ýykylman, zordan süýreýärdik. Ýöne, şol müddet kendiriň tagaşyksyz, agyr tokurtgasyndan dynmak hakynda pikir hiç kimiň kellesine-de gelmeýärdi, üstesine biz ony öňem az çadyr-ýapynjalarymyzyň birine dolamaga-da mejbur bolupdyk. Şondan soň biz gijesine garawullary bellänimizde, Tisianyň gapdalyna-da sakçy goýýardyk. Ol biziň tugumyzdy, bizem ony tug deýin aýaýardyk. Men, bize kyn bolandygyny aýtdym. Emma, çakyma görä, eger-de biziň bilen şol surat bolmadyk bolsady, onda bize hasam kyn boljakdy. Bir gezek biz Desna derýasyndan geçenimizde, ony tasdanam ýitirýärdik. Tisiany götermek tabşyrylan gyzyl deňizçi, wepat boldy, eser bolsa çep kenarda galdy, birikmede eýýäm sag kenardady. Men meýletinçileri soranymda, üç ýigit suratyň yzyndan dolandy. Jinnek ýalam şübhesiz, olar göni ajala barýardylar – sebäbi eýýäm doly ýagtylypdy. Ýöne, al kakmyşyňam biri! Şol gön lybasly murtlak esgeri, şol sagdyn, raks oýnaýan gyzlary, awlana guşlary, umumanam şol ajaýyp, bol-elin durmuşy duşmana goýmalymy?! Beýle bolaýmanjyk geçer! Üç adam, seýrek ok atmamyzy penalap, eleme-deşik gaýyjakda derýadan geçdiler-de, iki sagatdan soň surat bilen dolanyp geldiler. Ol şonda gülledeşen ekeni. Ok esgeriň şeraply kürüşgäni dodagyna ýetirýän eline degipdir, soňam gyza hem-de beýleki ýerlerine, sebäbi, aýdyşym ýaly kendir tokurta görnüşinde dolanandy. Ýöne, leýtenant, bu pişeden baş çykarýardy, ol Moskwada ussalaň tapyljakdygyny, hemme zadyňam edil öňküsi ýaly boljakdygyny aýtdy. Güýzde biz özümiziňkilere ýetdik, Tulaň ýakynynda. Biz agaç gabygyndan çaryklydyk, dolaga derek atkeçe, sakgal-murt basan, men bolsa, biler bolsaňyz, ine şü gaýyş jalbardadym. -A Tisian?-diýip men, kapitan-leýtenant öz hekaýatyny soňlanda soradym. -Biz ony Moskwa getirdik,-diýip ol jogap berdi:-onsoň muzeý işgärleriniň tutuş hümeri, ony howpsuz ýere geçirmek üçin geldi. Biler bolsaňyz, şol hümere-de, maňa Perçihin pahyry ýatladan gojajyk serkerdelik edýärdi – edil şoň ýaly sypal başgaply kömelek eken. Ol suraty görüp aglady-da, maňa diýdi: “Kapitan, siz beýik iş etdiňiz”. Bilseňiz, mende, bir ýerde suratam galan bolmaly. Tisiany muzeýe tabşyrmazdan ozal, biz onuň bilen surata düşüpdik. Ýadygärlik üçin. Ol suraty tapyp, maňa ony görkezdi: deňizçiler, elleri papakgaşynda, Tisianyň astynda durdylar. Bu söweş tugy deýin gülle deşen eserde şekillendirilen ajaýyp geljegiň hormatyna salýutdy. © Weniamin KAWERIN. | |
|
√ Nälerkerde / ajy hekaýat - 14.09.2024 |
√ Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Aýakýalaňaç oglanjygyň janyndan syzdyryp aýdan sözleri / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Çöregiň ysy / hekaýa - 28.06.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Gök gözli Ýefrosinýa / hekaýa - 13.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |