TOKLUTAÝYÑ PIRIMI
Günortanlyk edinmegi ýüregimize düwüp, oňaýlyja ýer saýlap düşledik. Dessine odun ýygnamaga girişdik. Ýel tozadyp göçüren çäge alaňlarynyň ýapgytlarynda üsti açylansoň, jöwza çydaman gurap galan ojardyr, sözen-sazak kökleri, agaçlaryň süňk ýaly gatap galan şahalary ýeterlikdi. Derrew olardan iki-üç gujak çöpläp, ot ýakdyk. Asma gazanymyzy onuň üstüne oturdyp, tüňçeleri suwdan dolduryp goýuşdyrdyk.
Lowlap tutaşan gury ot-çöpleriň ysy töweregi gaplady. Gara aganyň gazana salnan ýaga atan sogany jyzyrdap haýsy-da bolsa bir tagamly naharyň bişjekdigini buşlady. Guma çykalymyz bäri käte-käte Aşyr diýäýmeseň, esasy aşpezimiz onuň özüdi. Näme bişirjekdigini o-da öňünden aýdanokdy, bizem soramazdyk. Eliniň süýjüdigine welin söz ýokdy.
Köwüşlerimizi çykaryp, ýumşaksy çägäniň üstüne oklanan düşekçä geçdik. Herimiz islegimize görä aýbogdaş gurup, çeptirsek alyp ýa-da aýagymyzy uzadyp oturdyk. Gapdalyndan bir gysym çägäni aýasyna alyp synlap oturyşyna Aşyr:
—«Çopanlar suw gyt bolanda elini çägä ýuwýarmyş» diýseler, şäherde wagtyň geň eşidilýär. Guma çykaňsoň welin, munuň juda rastdygyna düşünýärsiň. Bu çägäniň tämizdigini bir görsene! –diýip, aýasyndaky gumy barmaklarynyň arasyndan akytdy.
Onýança-da:
—Eý, muňa bir seretseňizläň, hažžygyň guýrugyndan tutdum welin, guýrugyny goýup ötägitdi –diýip, Sapar seslendi.
—Äý, senem-äý, bar eliňi ýamaşgandan ýuw. Häzir saçaga el uzatmaly borsuň –diýip, Öwez oňa käýindi.
Naharlanyp bolup, ot-çöpüň ýakymly ysy çykan çaýy öňe alanymyzsoň, Gara aga edähedine görä, aw gürrüňlerine başlady:
—Üstüne howp abananda, her jandaryň bir hili goranyşy bar. Ine, ýaňky hažžyk saňa guýrugyny goýup ötägitdi. Ol onuň özboluşly goranyş usuly. Guýrugy bolsa biraz wagtdan ýene-de öňküsi ýaly bolup öser.
Towşan saga-sola böküp, sapalak atagada, çöplükde busýar. Towşanyň käte belent ojara ýa-da sözene çykyp, gür pürleriň arasynda gizlenýän halatlary-da bar. Ýylan zäheri, kirpi tikenleri bilen goranýar. Alajagözen bolsa üstüne howp abananda, şeýle bir porsap ugraýar welin, garşydaşy ondan daş duranyny kem görenok. Şonuň üçinem oňa il arasynda porsujagözen hem diýýärler.
Käbir ýyrtyjy guşlar bürgüdiň ýok wagtyny peýläp, onuň höwürtgesinden çagasyny almakçy bolanda, bala bürgüdiň goranyşyny bir görsediňiz! Diň arkanlygyna ýatyp, päki ýaly dyrnakly penjelerini galgadyp, üstüne hüjüm eden guşy ýolup-ýyrtyp, özüni hiç aldyrmaýar. Ol guşçular tutjak bolanda-da şeýdýär.
Hokgar diýip bir guş bar, oňa gogur hem diýýärler. Ol ýalpak suwly kenarlarda, gamyşly, toraňňyly çöp-çalamlykda höwürtgeleýär. Hernäçe golaýyna barsaňam, gaçman çugutdyryp, boýnuny içine ýygryp oturandyr. Onuň ýaramaz pyglyna näbelet kişi «Şuny tutaýynla» diýip, eglerem welin, çalasynlyk bilen gözüni çokar. Şeýdip özüni tutmaga häzirlenen aňkaw itleriňdir pişikleriň, beýleki käbir haýwanlaryň garagyny akdyraýýar.
Keýik janawarlar, esasan, ýüwrükligine bil baglaýar. Ýöne olaryň toýnaklary hem päki ýaly ýiti. Ýaralanyp, gaçyp bilmän ýatan keýigiň ýanyna örän hüşgär barmaly. Ýogsam aýaklaryny bat bilen çalyp goýberse, degen ýerini kesip gidýär.
Mäne-Çäçäniň golaýynda «Hydyrberdiniň kaky» diýlip atlandyrylýan giňiş kak bar. Ine, ir döwürlerde şol ýerde bolan wakany aýdyp bereýin. Gyş aýlary keýik sürüsiniň kaka suwa inýändigini çopan-çoluklardan eşidip, Hydyrberdi atly bir mergen kişi çatma gurnup, gizlenip ýatýar. Onuň hyrlysynda ýekeje oky barmyşyn. Gyşyň örküjidigi üçin howa sowukmyşyn, kakyň suwy bolsa doňup ýatyrmyşyn.
Aladaňdanlar kiçeňräjik keýik sürüsi suw içmäge gelipdir. Hydyrberdi olary sanap görse, on iki sanymyşyn. Janawarlar hüşgärlik bilen kaka inipdirler. Sürübaşysy keýik kakyň ortarasyna baragada, öň aýaklary bilen batly-batly urup, buzy döwüpdir. Onsoň olar töweregine ätiýaçly keýerjekleşip, gezek-gezegine suw içmäge durupdyrlar.
Hydyrberdi olaryň birisini gowy nyşana alyp, mäşäni gysypdyr. Oky degip, keýik ýykylypdyr. Elhenç gümpüldä zähresi ýarylan jandarlar haýdan-haý gaçmakçy bolupdyrlar. Emma aýaklary taýyp, olar hem buzuň üstüne ýykylypdyrlar. Hernäçe synanyşsalar-da, olaryň birisinden beýlekilerine turmak başartmandyr.
Bu pursatdan peýdalanyp, Hydyrberdi mergen ylgap baragada, aksaplysy bilen olaryň dokuz sanysynyň damagyny çalyp ýetişipdir. Halys nebsi otugyp, onunjysynyň hem damagyny çalmak üçin eglende, turmakçy bolup däbşenekläp ýatan keýigiň salgap goýberen aýagy awçynyň öz damagyny çalyp oturyberipdir.
Wagty bilen yzyna dolanmansoň, agtaryp gelseler, ynha, kakyň içi bir topar keýik läşi, ortada bolsa Hydyrberdi mergen gana bulaşyp ýatanmyşyn.
Ine, nebsiňe haý diýmeseň, hüşgärligi elden berseň bolýany. Şondan soň ol kaka «Hydyrberdiniň kaky» diýlen at galypdyr.
Şonuň üçin janly-jandarlaryň hüý-häsiýetine gowy belet bolmasaň, olara örän seresaply çemeleşmeli –diýip, Gara aga kyssasyny aýaklady.
— Toklutaýyň goranyşy has-da geň diýýärler. Şony hem aýdyp beräýiň? – diýip, men Gara agadan haýyş etdim.
— Hawa, onuň goranyşy gaty gyzykly! Men-ä başga hiç bir jandar şeýdip goranýandyr öýdemok! –diýip, Gara aga hezil edip güldi-de, gürrüňe başlady. —Toklutaý örän hüşgär guş. Özem aw guşlarynyň iň irileriniň biri. Süri bolup gezmegi gowy görýär. Höwürtgesini ýerden gazynýar. Ýumurtga basyp oturanda, reňki ýeriň reňkine meňzeş bolandygy üçin, ony saýgarmak juda çetin. Özem ýel öwsüp, ýeleklerini galgadyp, janly-jandara ýa-da adama özüniň bardygyny bildirmez ýaly, ýüzüni ýeliň ugruna öwrüp oturýar. Ýere gowy ýapyrylyp, çugutdyryp oturýandygy üçin ony golaýjykdan hem saýgaryp bolmaýar. Bu pirimine ynamy uly bolansoň, has ýakynyna barsaň-da gaçmaýar. Emma bürgüdiň göreji ýiti bolansoň, barybir ony görýär. Awlamaga häzirlenip, aşak eňýär. Toklutaý hem ahmal däl. Ol elmydama goranmaga häzir bolup oturýar. Bürgüt oňa golaýlaşanda, çalasyn turagada, guýrugyny galkan ýaly tegeläp, hüjüm edilýän tarapa öwrüp, penjelemäge maý bermeýär. Şeýdibem, bürgüdi çemine getirýär-de, onuň ýüzüne bat bilen nejesadyny pürküp goýberýär. Ýüzi-gözi, ganat-peri demiňi tutup barýan porsy hem şepbeşik hapa bulaşan bürgüt aljyraýar. Aw etmekden-ä geçen, aýňalyp, uçup bilse-de kaýyl bolýar. Şol pursatdan peýdalanyp, toklutaý bolsa uçup ötägidýär. Eger-de ol bürgüdi öz pirimine düşürip bilmese, onda onuň penjesine özi düşýär.
Toklutaýa salnan ekdi elguşlaryň hem şowsuz hüjüm edip, hapa bulaşyp, elguş eýesiniň sögünip, uzakly gün guşunyň ýeleklerini tämizläp oturan wagtyna gabat geldim.
Toklutaý bu pirimini eger uçup ýetişmese, aw itleriniň, beýleki ýyrtyjy haýwanlaryň, hatda adamyň garşysyna hem ulanýar.
—Ýeser jandarlar bar-ow! Nejesadyny-da bir derde ýaradyp, goranyp bilýän bolsa, toklutaýyňky hezil ekeni! –diýip, Sapar güldi. — Bir gezek hapa bulaşan guş gaýdyp onuň ýanyna baryp bilýän däldir?
—Ýok, beýle däl. Ýyrtyjy guşlar juda namysjaň bolguç. Aýratyn-da, laçyn –diýip, Gara aga toklutaýly gürrüňi dowam etdirdi. — Men on ýyl töweregi Köpetdag goraghanasynda gözegçi bolup işledim. Bir gezek haýwanlary synlamak üçin oňarylan bukuja ýerden töwerege ser salyp durkam, edil bäş-alty ädimligime bir toklutaý gelip gondy-da, ot-çöpleriň dänesini çokup, iýmitlenip ugrady. Güýzüň aýaklary bolansoň, ol bakysy ýeten semizdi. Petekesi pökgerip, ganatlary ýalpyldap durdy. Birdenem dowul tapdy. Guýrugyny tegeläp, kellesini gyşardyp, göge äňetdi. Şol barmana, bir laçyn şuwlap gelip, ony gapmakçy boldy. Laçyny öňürti görendigi üçin taýynlanyp ýetişen toklutaý oňa nejesadyny pürküp, uçup ötägitdi.
Aljyran laçyn patyr-putyr edip, silkinip, kellesini ot-çöplere süýkäp, tämizlenip, biraz özüni dürsänsoň, baryp golaýdaky ullakan pisse agajyna gondy. Şol ýerde oturyp, uzak wagtlap timarlandy.
Ertesi men ýene-de bukuja çatmama girip, goraghanadaky jandarlary synlap başladym. Sebäbi gyşyň öň ýany, her ýylyň aýagyna janly-jandarlaryň umumy sanawyny ýöredýärdik. Olaryň neneň-niçiksi ýagdaýdadygyny kesgitleýärdik. Meniň oturan buky ýerimden jülgäniň ortasyndaky çeşmä suwa inýän haýwanlary oňat synlap bolýardy.
Dürbi tutup, uzaklara seredip oturyşyma, edil öňýanyma — düýnki ýere ýene-de şol toklutaý gelip gondy. Onuň gonan ýerinde ýabany arpadyr süle boldy. Ol garnyny otarmak bilen başagaýdy. Men ony dürbüde synlap durşuma, birdenem gökden düýnki laçyn şuwlap indi-de, toklutaýy kakyp gitdi. Bu gezek toklutaý ony görüp ýetişmedi.
Şeýle tizarada bolup geçen waka haýran galyp, toklutaýyň ýanyna ylgap barsam, ol aýak kakyp ýatyr. Depgi dyrnagy bilen bir uranda, laçyn onuň damagyny çalyp ötägidipdir.
Meni has geň galdyran zat, laçynyň ony taşlap gitmegi boldy. Özüni hapa bulandygy üçin, ol onuň etini hem iýmek islemedi, diňe aryny aldy.
Hemra ŞIROW.
Hekaýalar