20:59 Toý goşgusy | |
TOÝ GOŞGUSY
Goşgular
Eda bilen ýazlan gaşlara garap, Emaý bilen süzlen gözlere garap Söýgini görübem, duýubam bolýar, Ýöne nämedigin diýip bolmaýar. Ezizowa çenli Gomerden başlap, Söýgi näme — ony hiç kim bilmeýär. Söýgi mätäç däldir şahyryň dilne, Söýgüde has şirin, Has şeker dil bar, Oňa diňe söýýän gözler düşünip, Diňe söýýän gözler sözleşip bilýär. Şol söýgi gepledi, gepledi şu gün, Siz söýgini sylaweriň ýüze bir. Bu uly toý, Bu ullakan dabara Söýgiň aýdan iň ilkinji sözüdir. Goý, söýgi sözlesin şahyra derek, Her gün toýa täze toýy seplesin. Keramatly söýgi indi her gezek Ak gundagda jägildäpjik geplesin. Nobatguly REJEBOW. | |
|
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |