22:28 Toý ― kime toý, kime... | |
TOÝ ― KIME TOÝ, KIME...
Jemgyýetçilik tankydy
«Watan» gazetiniň «Edep» sahypasynda žurnalist Setdar Garajaýewiň makalasyny ― toý baradaky çykyşyny okap, men bada galama ýapyşdym. Ýatyp oýlandym, turup pikir etdim hiç çykalga, yş görmedim. Sebäbi munuň çykalgasy, açary, halkyň aňynda, ýaşlaryň düşünjesinde. Hiç kim ilkinji bolup öňden gelýän däbi üýtgetmäge ýürek edenok. Arada bir toýda garry ene zeýrendi: «Ady ýitmiş komsomolyň öz-ä gümlama gitdi, gümlama gitmiş, ýöne ― bize şu belasyny goýup, gitdi-dä» diýdi. Öňler toý stol-kürsüsizkä arak öýden daşary çykyp bilmezdi. Teležka bagşylar beýle dänjiräp, geregini artdyrmazdy. «Bagtyly bol!» diýip, dürli reňkli şöhle berip duran üýtgeşik teležkada ýokdy. Wideo akmak diýibem bir zat döredi. Şäheriň gözel ýerine aýlanmak ― bu-da artykmaç alada, bir giden çykdajy. «Sanasaň sogaby bar» diýlişi ýaly, ownuk-uşak dessurlar şo döräp gidip otyr, gidip otyr. Milliarder bolaňda-da, yzyndan ýeter ýaly däl. Agşam sagat 8-den gije 2-ä çenli aýdym-sazyň güpürdisi seni däli derejesine getirýär. Bäş sagatlap gäbiňi azdyryjy dinamigiň sesinden ýaňa nirä ýörejegiňi bilip bolmasa nätjek. Türkmenimiziň toýda pul seçýänini diýsene. E-ho-o! Oňaranam seçýä, oňarmadygam. Oňarmadyk görgüli ertir gara badam tapman, dişiniň kirini açyp bilmän surnugyp aç oturjagyny bilenok. Kelle gyzyp gidýär. Nämemiş pylan kooperatordan özüni pes görmeýärmiş. Ogul-gyzlarymyzyňam daşy jäjek bolany bilenem, köpüsiniň düşünjesi pes. Entek bir kitabyň üçünji sahypasyna ýetip görmedik köp. «Eke, kaka, toýumda pylan bagşy aýtmasa öýlenjek däl» diýip, aýagyny diräp otyr. Ol diýilýän bagşynyň ýanyna barsaňam, bloknodyna seredip: «Ýene alty aýdan boş bolýan» diýýär. Neneň onsoň ene-atadan basyşly bolmasyn. Meniň bu diýýän zatlarym, elbetde hemmäňiziň gündelik kösenýän, belet zatlaryňyz. Iň bärki çykalga ― nädip dinamigiň sesinden dynyp bolar? Gökdepe, Bäherden etraplarynda teležkany köçede goýýarlar. Nahar-şor howluda iýilýär. Teležkanyň öňünde stol-kürsi ýok. Ol ýere aýdym-saz diňleýjiler, tans etjekler barýarlar. Nahar iýjekler howla, öýe girýärler. Edil dinamik bilen ýüzbe-ýüz oturanyňdan-a el-hal ganymat. Güpürdi-takyrdy gulaga gelip dur. Ol on kilometrde bolsaňam eşidilýär. Ýylanly etrabynyň Sapyş Çerkezow adyndaky hojalygynda Sapyş aga nika köşgüni gurdurdy. Toýy kolhoz tutýar. Ähli harjy arzan bahadan. Bi oňat başlangyjyň nähili rowaç alşy barada obanyň okyjylary ýazarlar-da. Men ol oba soňky ýyllarda baryp göremok. Meniň pikirimçe, toýuň bagşysy, teležkasy, wideosy goý, bolsun, ýöne stol-kürsi gerek däl diýjek bolýan. Stol bolsa onuň üstünde çüýşe-de bolmaly bolar. Türkmençeläp düşekde oturyp çorba, palaw, ýarma iýip gök çaý içip otursak nähili gowy boljak. Aýdym-saz, tans aňyrrakda dowam edibersin. Arak meselesini düýpden gadagan edeliň. Şeýtsek, toýuň märekesi onça agyram bolup durmaz. Toýy iki sagatdan aňry geçirmeli däl. Özem göre-gündiz bolsun. Eger biz toýdan stol-kürsini aýyryp bilsek uly utuş gazanarys. Arak öýden daşaryk çykyp bilmez. Oňarsaň şol zährimar öýde-de gerek däl. ownuk-uşak tarelkadyr bulgur, şakyr-şukurlar geregem bolup durmaz. Eger aragyň bolmasa seň toýuňa janköýerleriň, çyn dostlaryň geler. Arak meýilli, içgi dosty adamlar gara bermezler. Çagyrsaňam gelmezler. Sebäbi olara araksyz toýda oturmakdan agyr jeza ýok! Oglan bilen gyzy, ýagny täze çatynjalary daşarda köp oturdýarlar. Beýtmeli däl. Çeni-çaky ýagşy. Toýy tizräk sowjak bolmaly. Daşhowuz welaýatynda toý iki sagatdan aňry geçenok. Nahar çekilenden soň millet derrew dargamak bilen. Gündiz bagşy dessan aýdýar, agşamara bir sellem ritm-blok tans, wessalam. Oba ýerlerinde arçynlar berk dursalar toýy toýa meňzedip bilerler. Ýöne olara doly ygtyýar bermeli. «Biz demokratik garaşsyz ýurtda ýaşaýas» diýip, her kim her ýerden dyzap çykyberse iş ugra barmaz, toýam toýa meňzemez. Bir agza bakmaly. Öňler Daşhowuzda Orazgeldi Ärsaryýew, Aşyr Kakabaýew, Baýar Öwezow, Lebapda Jumageldi Mähremow, Maryda Agaýusup Aly, Annaly Sapar, Murgapda Akgurban aga dagy barka olaryň obalarynda kada-kanun, düzgün-nyzam gaty berkdi. Millet şindem şolary ýagşylykda ýatlaýar. Bize şolar ýaly abraýly, agyzly adamlar gerek. Şolar aramyzda baram. Sadylla Rozmetow, Gazanjykda Abdy Abdyýew, Tagtada Çoşy Prazgylyjow, Akdepe etrabynda Gazak Işan... Şäher ýagdaýynda toýy toýa meňzetmek kyn. Hudaýy çagyryp oturýas. Toýa hökümet tarapyndan-a serenjam berjek ýok. Milisiýadan çekinýän az. Türkmenimizem nirede bir mojuk zat bolsa şony tapýar. Meselem, toýda raketa atmak kadasy gerekmikä beri? Öň sary-sadylla bolup oturanlaryň ýüregi ýarylýa. Çagalar çyrlaşyp enesiniň goltugyna giräýjek bolýarlar. Raketa käte toý tutulýan howlynyň içinde ýarylyp, näçe betbagtçylygyň, pajygaly ýagdaýyň bolýandygyny Aşgabatda bizem bilýäs. Ýaramaz adamlar bar, çekinmeseler sylanoklar. Eger ýaramaz, biedep adamlara döwletiň bardygy duýdurylsa gowy boljak. Hoşniýetli adamlaram döwletden hoşal boljaklar. Ýaramaz adamynyň jenaýat ederine garaşyp ýörmeli däl-de, gerekli ýerine çagyryp, «Gönel» diýäýmeli. Aşgabat şäherinde restoranlarda, kafedir naharhanalarda toý tutýanlaryň ýagdaýyna-da biz belet. Ekinçi mal ýaly, köplenç, ýaşlar toý tutýany tanamasa-da baraýýarlar. Iýip-içip zerrin bolşup bulagaý tanslara-da başlaýarlar. Mikroroýonlarda toý tutsaňam edil şol ýagdaý-da. Ýörite hyryş arap gelýänler bar. Olar senden ýekeje söze: «Han ogul, gowuka bol» diýen söze garaşýar. Böwrüň gyzyp gidenini duýup galýarsyň. Dikdurma bagşylaryňam, sazandalaryňam, sakysynyňam bolşuny men-ä halamok. Sebäbi agyzlary arassa däl, gaty hapa. Men öňräkler Magtymguly çuwalda, Baýar bagşa-da, Ilamana-da toýda çaý gaýnadyp, hyzmat edipdim. Amansaçly Annaýew, Nursähet Halsähedow dagy bilen-ä ençeme ýyllap Kemine teatrynda bile işledim. Gowy, arassa adamlardy. Bi dikdurmalardan hudaý saklasyn. Bir gezek duldegşir goňşym ogluny öýerende maňa: «Bagşylar seň öýüňde iýip-içsinler-le!» diýdi. Menem «harjyny çekseň bor» diýdim. ýalňyşan ekenim. Agyzlar-a paýyş. Tüsseden ýaňa öýde durar ýaly däl. Çilim, nas, arak, konýak we beýlekiler. Asyl gaýdýan zatlary ýok ekeni. Goňşym menden betgüman bolanam bolmagy mümkin. Sebäbi gelen konýaklary, araklary, içenler-ä içeni, galanynam diplomatyna salýarlar. Meň gürrüňini edýän dikdurma bagşylarymy, bagşysumaklary saklandan-a fermaň doňuzlaryny saklanym gowy. Men bu ýerde hakyky estrada bagşylarymyz barada aýdamok. Ýöne bärki çaýyrçy bagşysumaklar hakda aýdýan. Enesiniň-atasynyň diýeni bilen bolup, akylly hereket edýän ýaşlaram köp. Toýuny öz ýagdaýy bilen tutmaga rugsat berýän oglanlary, gyzlary görüp söýünýäsiň. Meňem çagalarym şeýle bolsa bolmaýamy diýip, arzuw edýäň, kemsinýäň. Bir gezek galamdaşymyz Durdy Hajymyradow ogluny öýerdi. Bardyk, gyşyň ortasydy. Bagşysy magnitafon. Bäş-alty sany stol kürsi. Marydan tamadaçy, žurnalist ýoldaşymyz Seýitli Söýünow gelipdir. Ol toýy gysgaça gutlady. Ýigit bilen gyzy göremzogam. Olar içerde bolmaly. Aýal oglan-uşaklar içerde. Aragyň-a ady ýok. Beýleki dürli şerbet suwlar bar. Bizem kürsüden düşüp uly töňňeleri otladyk. Oduň daşyna üýşüp, gülşüp oturdyk. Şu ýerde öý eýesi: erkegem, aýalam, gelen gelinem, onuň ene-atasam gaty akylly hereket edipdirler. Näme etjek, 20-30 ýyllap gazanan zadyny birküç sagatda ýele sowrup. Türkmen toýunda zad-a gysganýan millet däl. Seçiberýä-seçiberýä. Şeýtmäli. Ýöne häzirki toýuň gerekmejek dessurlary, kösençli ýagdaýlary bar. Meselem, hamana, meň toýumda ile içi öýjük-öýjük golland peýnirini orta goýmalymyşym. Ýa-da bolmasa, Kaspiden bekre balyk hem onuň işbilini getirip iýdirmelimişim. Kakadylan kolbasa hem ortany bezeýämiş. Puluň weşeň-weşeň bolanda-da ol zatlary tapmakda iş bar. Täze nysak çykarýanlar gurply ýa wezipeli adamlar. Ýüzlükden birki paçkany seçip goýberýärler. Dünýäde bir tagam, nygmat bar bolsa şoň toý stolunda bar. Görübilmesek gözümiz çyksyn. Emma meň 500 manat pensiýam bilen ol oýunlary edibilmen-ä. Men o zatlara düşünsem, meselem, aýalym düşünenok. Ýa oglum göwnänok. Guda tarapym kemsinýär. Goňşy-golamyň awuly dili mejbur edýär. Tos. Toý, bu diňe akylly-pähimli tutulmasa, türkmen üçin agyr hupbata öwrüler. Men ortanjy oglumy öýerjek bolup ýörkäm kärdeşlerim Juma Ýazmyradow bilen Gurbannazar Atakgaýew aýtdy. «Bagşy beýleki diýip, azara galma. Özümiz geçirişeli. Şeýle gyzykly toý ederis. Arasynda tans eder ýaly bir sazanda hem taparys» diýdiler. Emma oglum göwnemedi. «Oglum, toýdan soň badamjana zar borsuň» diýdim. «Kaka dogry aýdan ekeniň» diýýär. Ýöne giç. Ýylana çakdyran adam soň ýüpdenem sowlup geçýär. Bir gezek bir toýa bardyk. Hemmämize doňdurma berdiler. Uçdan tutma, çagajyklara çenli, özem durşuna gaýmak-da meňňem şeýdesim gelýär. Ýöne men «molhlodokombinatyň» direktory däl. başga birnäçeler şeýtjek boldy. maýrylyp orta ýolda galdy. Meselem, piwo zawodyna dahylly adam toýunda piwoly çelekleri hatara düzüp goýsa men öz ýagdaýymy bilmel-ä. Men bu seslenmäm bilen size üýtgeşik bir zat aýdandyryn öýdemok. Ýöne, akyl akyldan sowaşyk diýilýär, hakyky, delilli gepi sizden eşidesim gelýär! «Daşhowuz habarlary» gazeti, 16.12.1991 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||