13:57 Türkmen dili | |
TÜRKMEN DILI
Goşgular
Biz ýitmesek, Sen ýitmersiň dünýäde, Biziň barlygmyzda — bolarsyň senem. Seni maňa süýde garyp beripdir Çagakam ak süýdün emdiren enem. Ata-babalarmyň sözlän dili sen, Sen — hüwdi, Sen — aýdym, Sen — datly kyssa. Men seň bilen gam-gussamy unudýan Uzak ülkelerde ýüregim gyssa. Seniň bar baýlygyňy, Gözelligiňi bolmaz asla başga dile geçirip. Baýlyk ýerne maňa miras goýupdyr Taryh seni şu günlere getirip. Beýik Magtymgulyň dana sözi sen, Ajap dessanlaryň namasy sensiň. Sen meniň halkymyň akyl-paýhasy, Hem halkymyň ary-namysy sensiň. Ýer ýüzünde beýik dilleň barlygyn Men inkär edemok, Edibem bilmen. Ýöne meni hiç zat dönderip bilmez doglamda ganyma giren bu dilden. Özüm bilýän, Çagalarym öwrenýär rus, iňlis, nemes, fransuz dilin. Dilleň şeýdasyna öwrülmek üçin Çagalar köp dilde alýarlar bilim. Emma olar ömürylla unutmaz gadymlardan gelýän türkmeniň dilin. Öz diliňi bilip, özgäň dilinem öwrenmek — ullakan baýlygmyz biziň. Başga dilde okap-ýazyp bilsem-de, Başga dilde goşgy ýazyp bilmerin. Siz dogry düşüniň, goşgy ýazamda, Ene dilim seresidir dilleriň. Goý, dünýäde ähli diller ýaşasyn, Yaşasyn içinde türkmeniň dilem. Men dünýäniň bar baýlygyn çalyşman Dil baýlygym — uly mirasym bilen. Atamyrat Atabaýew. | |
|
√ Eý, bagtyň asmanyna uçanlara bat beren... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Сүйіп өтем / Goşgular - 11.10.2024 |
√ Aşyk we yşk / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Ölmeli bolsam / Goşgular - 07.12.2024 |
√ «Dañ ýyldyzy» «Ömrüzaýa» öwrülip / Goşgular - 22.08.2024 |
√ "Meňzeş däl sen çagasyna adamyň..." / Goşgular - 30.11.2024 |
√ Eý, aşyklar bahary, haýyr hamyla senden... / Goşgular - 22.10.2024 |
√ Oglan wagtymyz... / Goşgular - 17.10.2024 |
√ Adamlary görseň ählisi gowy / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Eý, dynç bilmeýän şemal... / Goşgular - 06.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |