15:48 Türkmen göçi | |
Osman ÖDE
Edebi makalalar
▶ TÜRKMEN GÖÇI «Türkmen göçüp-gonup ýören halk, çarwa halk» diýen bir jümle bar. Ýalňyş jümle! Türkmen göçüp ýöreni hem halaýan halk däl, emma ýokarky jümle türkmene derek bir asyrlap galam astyndan çykan her bir eserden esere göçüp-gondy ýördi. Türkmen birini ýigrenende: «Aý, onuň küli kirbenkä ýetýän däldir» diýýändir. Türkmen «Iki göç – bir talaň» diýýändir. Türkmen ölene «ýurduny täzeledi» diýýändir. Astanababa atly ullakan obamyz bar, on alty müň çemesi ilatly. Ol tutuş Türkmenistanda uly obalaryň biri hasaplanýar. Emma: «Otuzynjy ýyllar oba tutuş boşap galdy. Her üç hojalygyň ikisi Owgan aşdy» diýip, gojalarymyz baş ýaýkaýar. Ellinji ýyllarda biri göçüp gelen bolsa, şindizem: «Hol soň göçüp gelenler», ýa «täze göçüp gelenler» diýýärler. Türkmen halky göç meselesine örän çynlakaý garaýar. Oba kimdir biri göçüp gelse, dessine näme diýip onuň öz obasyndan göçeni anyklanar. Eger ol obasyndan zor görüp gelen bolsa, oňa arka durlar, eger obasyna sygman gaýdan bolsa, gaýra durlar... Geçmişde oba bolup göçmeli halatlaram bolupdyr. Şonda göçmegiň öz edim-gylymlary bar eken. Oba göçmeli. Salar kişiler ýer-ýurt saýlamaga gidip göwnüne ýaran ýerde uzyn syryk dikip, baýdajyk asyp, şagal-möjek almaz ýaly, syrygyň ujunda bir kile, kile ýarym eti asypdyrlar. Bir jürdek suwy syrygyň ýanynda goýupdyrlar. Bir gysym duzy hem ýeriň üstüne döküp gaýdypdyrlar. Dört-bäş günden salarlar bellik eden ýerlerine aýlanypdyrlar. Nirede asylan et porsan bolsa, suw sadyr bolan bolsa, duz toprak bilen alşyp reaksiýa beren bolsa, ol ýere göçülmez eken. Nirede asylan et porsaman, kakan bolsa, suw sadyr atmadyk bolsa, duz hem toprak bilen garyşman zire-zire ýatan bolsa şol ýerdenem ýurt tutunypdyrlar. Göçüňem öz kada-kanuny bolupdyr. Her kim islän ýerinden ýer tutaýmandyr. Kethudalar her garyndaş topara bir syrgyn beripdirler. Şindize çenli kolhozlarda garyndaşlar syrgyn-syrgyn bolup otyrlar. Gonamçylykda-da bu berk kada bar. Gabyr gazýan adamlaryň ýaşulusy gonamçylykda-da mümkin boldugyndan garyndaşlygy, ilen-çalanlygy saklaýar. Ýogalan ýakynyna ýazgyly daş goýulmadyk bolsa, sen bilmersiň, emma şol ýaşuludan sorasaň, mundan ýigrimi-otuz ýyl ozal ýogalanyň mazaryny hem rast görkezip biler. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |