14:29 Türkmen gyzy / powestiñ dowamy | |
■ Üçünji bap
Taryhy proza
Şumara güni gelse-de, şazada gelenokdy. Şirwan şanyň köşgüne ýas ruhy çaýylypdy. Gözlege gidenler boş dolandylar. Paly ýalan geleni üçin Porruh begi hut Hezreti Mazdagyň özi dara çekdirdi. – Ol ot bilen oýun etdi. Ol oda dil ýetirdi. Hezreti Mazdak hökümdaryň buýruklaryny doly berjaý etdi. Asyl, patyşanyň diýeninden hem gowy etdi. Oduň golaýynda beýik Şirwan şa üçin tagt gurdurdy. Ol ýere saçak ýazdyryp, her dürli nygmatlar çekdirdi. Şirwan şa wezirinden razy bolup, ody ýüzüne syldy. Soň duz datdy. Şerbet içdi. Açyk howada iýip-içmek, şaha ýaşlygyny ýatlatdy. Ol ýaşka şeýdip, uly ot ýakdyrýardy. Aw etinden kebap bişirdip, şerap içýärdi. Häzir ol oturjakdy. Emma başyna düşen ýas ony turmaga mejbur etdi. Patyşa tagtdan düşüp, märekäniň arasyndan guralan ýola düşdi. – Duruň! Duruň! Adamlar oda bakan serpikdiler. Hiç kim ýokdy. Emma ses gelýärdi. Özem oduň içinden gelýärdi. – Duruň! – Ot barha beter ýanýardy. Şapyrdy az-kem peselensoň ses güýçlendi. – Şirwan şa! Ogluňy unut! Oda tagzym et. Oda boýun bol! Patyşa gaty gorkdy. Ot şondan soň köşeşip başlady. Emma adamlaryň gykylyklary göge geldy. – Ot gepleýär. – Ot «Şirwan şa» diýdi. – Ot dil açdy. – Eý, waý! Ahyrzamana... Adamlar gygyryşýardylar. Hezreti Mazdak hökümdaryň goltugyna giräýjek boldy. – Bu ne gudrat. Bu ne apat – diýdi-de, patyşanyň daşyndan aýlandy. Ýöne köşge gelýänçä sesini çykarmady. Köşge wezir-wekiller üýşdiler. Patyşanyň ak mermer köşgüniň öňem adamdan hümerdi. Her kim bu waka düşünmek isleýärdi. Oňa düşündiriş kim berip biljek. – Eý, garyplaryň howandary, mübärek bolsun. Siz biziň çyn hudaýymyzyň diline düşdüňiz. Size indi ölüm-zulum ýokdur. Baş weziriň bu sözi patyşanyň göwnünden turdy. Hökümdarderçirän ýüzüni galdyrdy-da, tagtyndan aşakda deňli-derejeli bolup oturan adamlara birlaý göz aýlady. – Men şeýle boljagyna garaşýardym – diýip, ol gaşlaryny manysyz gerip, huşy giden ýaly bolup oturşyna aýtdy. – Biz ody sylasak, ot-da bizi sylamalydyr! Men şeýle boljgyny bilýärdim. – Näme diýdi. «Ogluňy onut»diýdimi? «Oda boýun bol!» diýdimi. Bir Hezreti Mazdak sesini çykaranokdy. Ol diňe patyşanyň ýüzüne garap, onuň diýenini baş atyp makullaýardy. Iki gözüni patyşanyň ýüzünden aýyrmaýardy. Patyşa ony duýdy. – Hany, sen näme pikir edýärsiň, Hezreti Mazdak. Mazdak ýapynjasyna dolandy. – Eý, beýik perwerdigär, men gorkýaryn – diýdi. – Sen, eýsem, nämeden gorkýaň. Hezreti Mazdak owadandan ap-ak ýüzüni, alma gözlerini gizleýän ýaly, ýere garady. – Meniň gorkymyň sebäbi kän. – Aýt, göreli. Mazdak dyzlaryny gara ýapynjasy bilen ýapyşdyryp, mollasynyň öňünde ders berjek talyp ýaly, edepli oturdy. – Birinji gorkýan zadym. Oduň diline düşmek gowy däldir, beýik perwerdigär. «Ot-orazdyr» ikinji diýjek zadym, oduň talaby ýokary. Indi biz oduň talaby bilen, ýaşamaly bolarys. Kimiň beýle edesi geler. Etmeseňem, uly weýrançylyk bolar. Ine, men şolardan gorkýaryn. Patyşa Hezreti Mazdak bilen pikirdeş geldi. – Elbetde, ot bilen oýun etmek bolmaz. Biz otsuz gymyldamarys. Şonuň diýeni bilen bolarys. Mazdak ýüzüni çalaja gyşartdy-da, ýene ýere bakyp oturdy. Ol patyşanyň aýdanlaryny, göýä eşitmeýän ýalydy. Patyşa welin belli karara gelipdi. – Oduň diýeni bilen bolarys. – Ana, ana, oglum özüne geldi, balam özüne geldi janam gelse özüne, döneýin. Saçy örülen, kellesi hiç zat daňylmadyk börükli garry aýal syçrap ýerinden galdy. Ol ullakan agsy çanakdan bir pyýaly düýe çalyny aldy-da, töre ylgady. Ol aşak egilende egniniň üstaşyry aşak inýän ýogyn saçyny, endigine görä arkasyna atdy. – Balam turupdyr, töräm turupdyr. – Ol şazadanyň başyny göterdi-de, göwüslek gursagyna basdy. Soň dyzynyň üstünde goýdy. – Gara gözüňe döneýin. Gülap sepilen ýüzüňe döneýin. Täç geýen başyňa döneýin. – Ol bişmedik, küýze pyýalany şazadanyň agzyna tutdy. Şazada ilki bir dodaklaryny tamşandyrdy-da, garry aýalyň pyýalaly eliniň daşynda iki eli bilen janhowully tutup, özüne dartdy. Ol üç käse çaly yzly-yzyna içdi-de, başyny garry aýalyň göwüsleriniň üstüne göýberdi. – Kim? Biz nirede? – diýip, sorady. Iriş hasyrdap gelşine, şazadanyň dyzlaryna başyny goýup, ýuwaşja pyşyrdady. – Biz halas bolduk, hökümdarym. Goja çopan bizi tapyp, öýüne alyp geldi. Siz şondan bäri, indi özüňize geldiňiz. – Näçe gün geçdi? – Iki gün, geçdi hökümdarym. – Gyz nirede? – Gyz bärde, hökümdarym. – Aýagy ýagşy bolýarmy? – Ýagşy hökümdarym. Şu ýerde bir garry ene bar. Ol size-de, gyza-da melhem etdi. Indi ikiňizem ýagşy bolduňyz. Şazada başyny göterdi. Ol töweregine garanjaklady. Ojakda ot ýanýardy. Taganyň üstünde gazan durdy. Ojakdaky oduň ýylpyldysy oturanlaryň ýüzüne düşýärdi. Şazada gyzyň ýüzüni gördi-de, janlanan ýaly boldy. Ol başyny atdy-da, ýumşak söz bilen: – Gözel gyzyň ýagdaýlary gowumydyr?! – diýip, ahwal sorady. Iriş bu sözleri türkmençä geçirdi. Gyz başyny atdy. – Heýli hub, heýli hub! – diýip, garry ene-de gapdaldan goşuldy. – Bu ene kim? – Diýip, irişden sorady. Enäniň özi oňa pars dilinde jogap berdi. – Men Gorkut atalardandyryn. Erkin çopanyň aýalydyryn. Bizem Şirwanlydyrys. Häzir çopan mal üstüne gitdi. Ol siziň atyňyzy, goş-golamyňyzy gözlemäge gitdi. Şazada başyny atdy. – Enem, sag boluň. Ölmesem gadryňyzy bilerin. Ene şazadany gujaklap, ýaňagyndan ogşady. – Ölmersiň. Nesip bolsa, ýurduň şasy bolarsyň. Şonda garry eneňi unutmasaň bolar. Garry ene ýerinden turdy-da, başga bir tabak alyp, içine ojakda, gyzgyn guma bişen ýer çöregini dogrady. Onuň üstüne özli ýerinden çal guýdy. – Al, balam, eneň naharyndan iý. Özüňe gel. – Ol çalyň içinde oňat ýumşan çöregi öşdä bilen iýdi. Soň bir ýylgyrdy. – Ene jan, şu tagamyň dünýädäki ähli tagamlaryň ählisiniň şirinidir – diýdi. Ene-de razy boldy. – Balam, dünýäde iň ökde aşpez – açlykdyr. Şazadanyň göwni hoş boldy. – Enejan men saňa bir gyzam tapyp getirdim. Eger razy bolsaň, men ony gelin edip alaryn. Ene ýtgeşik ses bilen hoşamaý güldi. – Dünýäniň ýüzünde mundan gowy, akylly gyz bolmaz. Sen balam görke kowalaşma, paýhasa kowalaş. Ýurduň beýik şasy bolmak üçin wepaly zenanam gerekdir. Ol saňa köp ogul dogrup berer. Hem owadanlygy hem akyllylygybir didara ýerleşdirene döneýin. Şazada ýene-de bir zatlar sorajakdy. Ýöne daşary howlukdy. Ol Irişiň kömegi bilen ýerinden turdy-da, daş çykdy. Şol çykyp barşyna, uzyn, ak aýasy bilen Bibiniň başyny sypalady. Bibi ýene-de gussa batdy. – Meniň başyma bela indi, ene jan. Şol atymy iýen gelegurtlar meni iýse gowy bolardy. Ýa-da şol ýykylan ýerimde, özüme gelmän, ölüp galsam ýagşy bolardy. Ene şazadanyň garbanan tabagyny barmaklary bilen syryp, onam ýalap durşuna türkmençe gürledi. – Ölümiňi dileme, gyzym. Sen öz islegiň bilen gelen dälsiň, öz islegiň bilen gider ýaly, bu ýalançydyr. – Ol tabagy öňki ýerine getirip goýdy-da, özi ojagyň başyna çökdi. – Goý, begenmeseň begenme. Ýöne täleýiňe garşy gitme. Türkmen bidöwlet halk däldir. Ol beýik şalara mynasyp, şolara aýal ýetişdirip bilýän halkdyr, balam. – Men nädip razy bolaýyn, enemden, atamdan aýrylyp. Men adagly ahyryn. Heý, «Türkmeniň lebzinden dänen ýeri barmy?türkmen lebizden öler, köý bogazdan» diýmänmidirlwer. Ene ojagyň közüni dördi-de, iki bölek gury agajy ojaga oklap göýberdi. – Sen ýok diýme. Ýöne «atamdan ötüm al» diý. Şolar razy bolsa, men razy diý. Onsoň ataň adaglylygy ýatyrybam biler. Ene başyny ýaýkady. – Şa, şazada bilen oýun eden, ot bilen oýun eden ýalydyr. Sen şoňa düşün. Ol aýasyny gyza görkezdi-de ýumrugyny düwdi-de – Ine, beýle-de bolma – Ol aýasyny açdy. – beýle-de bolma. Aýasyny aram açdy. – Ine, şeýle bol. Her zatda aralygy sakla. – Onsoň bu ýigit erbet ýigit däl. Hoş syrat, owadan, mähriban. Onuň ýüregi sende. Senem gara göle ýaly halyňa aýak dirän bolýaň. Bibiniň gözleri ýandy. – Ene, men şeýle betnyşanmy? – diýdi. Ene-de atan okunyň nyşana degenini bildi. – Betnyşansyzam däl-le. Ne görküň bar, ne görmegiň. Ýüzüň, dodagyň ne ataňa nälet. Gara ýanyk. Men şazada bolsam seni çoram etmezdim. Bagtyň gelipdir, gyrnak – diýip, garry gyzyň husny jamalyna buýsanyp, ony birneme basmarlap, howuny peseltmek üçin aýtdy. Ýöne Bibi ony dogry diýip kabul etdi. Ol indi näçegündür, öz ýüz-jemalyny görenokdy. Bu bolup geçen wakalar ony has owadan görkezýänem bolsa, ol ony tersine ýerdy. «Bigörk bolup galandyryn» diýip oýlandy. Öz ýanyndan şazadadan, onuň söýgüsinden, yhlasyndan utandy. Erkin çopan gün doguberende geldi. Onuň egnin-de Irişiň horjuny, elinde iki uýan bardy. – Orda atlaryň ikisinem zaýalapdyr. Horjuna welin degmändir – diýip, horjunyň gözlerinden herleri çykardy. Şazada atyny gelegurt ordasynyň awlamagy gowulyga ýormady. Ol Erkin çopan şazada bilen gyzy öz eşegine mündirip, kerwen ýola çykandan soň hem oýa batdy oturdy. Olaryň bagtyna giç öýlänler bir ýerlerden gelýän kerwen sataşdy. Şoňa daklyşyp, öz ýurtlaryna baka gitdiler. ■ Dördünji bap Şirwan şa «buşluk, ogluňyz gelýär» diýen habary eşidip, tas essinden gidip ýykylypdy. Emma onuň uly aýaly, şazadanyň ejesi welin ýarym günläp özüne gelmedi. Heremhanada ýene-de aýallaryň agy sesleri eşidilýärdi. Ýöne bu ses begenç agysy-dy. Patyşa ol sese kän bir pitwa bermeýärdi. Ot onuň ýüregini, bu durmuşa bolan gyzgyn yhlasyny sowadypdy. Ol oglunyň belli gününi bermek üçin ýene-de oda tagzyma barypdy. Ot ýene-de dil açdy. – Şirwan şa! Bar zat oduňkydyr. Bar zat ortalykdyr. Şirwan şa düşünmedi. – Ýurdammy? – Ýuwurt hem. – Mal-mülkemmi? – Mal-mülkem! – Aýal-gyzlarammy? – Aýal-gyzlaram. – Men olary näme etmeli. – Bar zat ortalykdyr. Bar zat ortalykdyr. Eger islemeseň, özüňden gör... Patyşa diýseň aljyrady. Ol wezir-wekilleri bilen jaýly maslahat etdi. – «Ortalyk» diýlen sözi ýeri-ýatagy bilen maňa düşündiriň. – Ortalyk umumy söz, belent perwerdigär. Onuň manysy «her bir zatdan herkimiň peýdalanmaga haky bar»diýildigi bolar. Patyşa aljyrady. – Onda patyşalaryňky, patyşayňky diýen ýaly zadam bolmaly dälmi? Meniň aýallarym hem bolmaly dälmi? – Bolmaly däl. – Ot aýdyp dur-a, bolmaly däl diýip. Baş wezir başyny ýaýkady. – Siz ters düşünmäň, adamlar. Patyşalyk zat, hazyna ortalyk ahyryn. Ol patyşanyň eli bilen halka berilmeýärmi? Patyşa öňem oňa eýelik edenok-da gözegçilik edýär. Baýdak alar, garyba berer, bu bir. Aýallar barada. Ot dogry aýdýar, bar zat ortalyk. Emma aýallar patyşanyň nikaly aýallary. Nika-da oduň buýrugyna görädir. Adamlar hem begenýärdiler, hem tolgunýardylar. – Bu ýerde bir nädogrulyk bardyr, beýik perwerdigär – diýip, hezreti Mazdak aýtdy. – Heý, patyşanyň hazynasyna, mülküne, aýallaryna el gatyp bolarmy. Men oda ynanamok. Entek birneme garaşmak gerek. Patyşanyň sesi ynjyly çykdy. – Ot biziň hudaýymyz. Oda ynanmaly. Ot alsa- ot berer. Adamlar gargaşdylar. Patyşa adamlary üç günläp saklady. Emma birr gije ot-beýik hudaý onuň düýşüne girdi. – Sen henizem meniň diýenimi edeňokmy? Başla. Adamlara ýeri ber. Eger diýenimi etmeseň özüňden gör. Şol gije patyşalyk mülküň üç ýerinde ýangyn boldy. – Jähenneme gitsin. Ol hezreti Mazdagy ýanyna çagyrdy. – Maňa senden wepalysy ýok. Sen ähli zady ortalyk etmäge gözegçilik et. Heremhana hem ortalyk bolsun. Ýöne her salpaýan girmesin. Özüň bilersiň, kimiň girmelidigini. Ine hazynanyň açary. Hezreti Mazdak alaçsyzlygyny bildirmek üçin, aglady. Soň patyşany gujaklap. – Başymyza agyr gün düşdi – diýip, eňredi. Ýöne şazadanyň açaryny aldy. Patyşa köşkden çykmaýardy. Emma tutuş ýurt, il, öý, maşgala ortalyk bolupdy. Adamlar kimiň maly, kimiň harydy, kimiň öýi diýmän, iýip-içip keýp çekýärdiler. Aýallar ortalykdy. Her bir erkek islän aýaly bilen hylwat edýärdi .aýal-erkek it-eşek kimin garym-gatym bolupdy. Ylaýtada patyşaň heremhanasy günde meýlisdi. Öň ganatlary gyrlan şa aýallary özünden gidýänçä içip, ganýançalar keýpi-sapa sürýärdiler. Onuň başyny hezreti Mazdak başlapdy. Ol patyşanyň aýallarynyň ählisi bilen keýp çekip, olaryň eşretini görýärdi. Hazynany adamlara paýlaýardy. Indi ýurt ýagşy dargap galypdy. Oduň diýeninden müň esse ýokary bolupdy. Hiç kim işlänokdy. Bazarlar ýöränokdy. Goşun başyna gidipdi. Ine, şeýle günleriň birinde: «Patyşa, ogluň gelýär» diýen habar geldi. Bu habar patyşany aljyratdy. * * * Şazada öz ýurduna sag-aman gelenine, ejesini, kakasyny görjegine şeýle begenýärdi. Ol haňlap ýatan köşgüň agzyna gelende, bu ýerleri tanamajak boldy. Köşk meýdançasy halykdan ýaňa bulaşyp ýatyrdy. Adamlar serhoşdy. Oňa «sen barmysyň, sen geldiňmi?» diýýänem ýokdy. Ol köşge, patyşanyň tagtyna bakan. Tagtyň üstünde, kabulhanada-da adam ýokdy. Şazadanyň ýüregine dowul düşdi. Ol ejesiniň bolýan köşgüne girdi. Köşgüň bir ýerlerinden gülki eşidildi. Şazada durdy-da gözlerini petredip, oýa batdy. Ol ejesiniň otagyny açdy. Per düşekçäniň üstünde hezreti Mazdak çyp ýalaňaç çäşerlip ýatyrdy. Şazadanyň ejesi hem ýalaňaç ýatyrdy. Ol ýöne syrtyna şal ýapypdyr. Içerden aýal gülküsi eşidildi. Şazada içeri boýnuny uzatdy. Ol ýerde kakasynyň beýleki wezir-wekilleri öz ejelikleri bilen kowalaşyp ýördüler. Hemmesem ýalaňaçdy. Gyzlaryň biri şazadany gördi. Ol serhoşdy, özem çyp-ýalaňaçdy.gyz ylgap geldi-de şazadanyň boýnuna bökdi. Emma şazada ony itip göýberdi-de, yzyna, kakasynyň köşgüne geldi. Patyşa öz tagtynda kerrelip otyrdy. Ol serhoşdy. – Salam, kaka! Patyşa gözlerini jüjertdi-de, ogluny tanady. – Oh-ho! – diýip, tagtyndan zorda düşüp, ogluny gujaklady. Bir zatlar samyrdady. Oglan egildi-de3 kakasynyň aýagyna togak etdi. Oglunyň gara ýanyk ýüzüne, kirlän, güne ýanan eşiklerine birlaý sereden patyşa, elini gaýta-gaýta çarpdy. Emma oňa gelen bolmady. – Eý, beýik atam, ogluňyz bu bolýan zatlara düşünýän daldir. Patyşa şeraply jamy eline alyp, ganýança içdi-de, başyny galdyr-dy. – Oduň buýrugy. – Haýsy oduň. Patyşa elindäki jamyň içindäkini çaýpandyryp tagtyndan düşdi-de, töweregine garanjaklady. Hiç kimiň ýokluguny görübem, oglunyň döşüne başyny goýup silkinip-silkinip eňredi. – Uly bela indi başymyzdan. Ot dil açdy. Bar zat, patyşalyk, hazyna, aýal-gyzlar ortalyk bolsun diýdi. Etmejek boldum. Patyşalygyň deň ýarysy ot aldy. Soňra patyşa tagtyna geçdi. Ol birneme agraslandy. – Özüň sag-aman geldiňmi? Başyňa ne külpet indi. Kän eglendiň. Ejeňi gördüňmi? Şazada ýere garap durşuna: – Azaşdyk, atam – diýdi. Ölümden aman sypdyk. – Ejeňi gördüňmi? Sen diýe-diýe, aglap gözleri tas kör bolupdy. – Patyşa ýene elini çarpdy. Gelen bolmady. – Ine, biziň ýagdaýymyz. Ine biziň tertibimiz. – Aşakda bir ýerden aýal gülküsi eşidildi. – Patyşa şol tarapa garady. – Ine, biziň ahlagymyz. Şazada gol gowşuryp durşyna, ýangynly sözledi. – Indi şeýle bolup gitmelimi? Men näme etmeli? Patyşa serhoş gözlerini süzdi. – Senem şu patyşalyk deňziniň bir damjasysyň. Nirä gitseňem, gelip ýene şu deňze damarsyň. Ile görä bol. Senem ortalyksyň. – Ol aýaklaryny garnynyň üstüne göterdi. – Ot näme diýse, indi şoňa görä bolubermeli. Tutuş halk şeýle karara geldi. Şazada hoşlaşyp yzyna gaýtdy. Ol Iriş bilen Bibini ýolda goýup gaýdypdy. Şolary alyp gelmelidi. Ol öz ýanyndan ejesiniň bolup ýatyşyna, harem köşgündäki masgaraçylyga, kakasynyň ejizligine utandy. Bibiniň, bir ýönekeýje sähra gyzynyň öňünde utandy. Şäher boşap galypdy. Niräňe seretseň, hapaçylyk. Eger ýol ugruna bir-ýarym adam duşaýanda-da, eli şeraply küýzeli, serhoşdy. Şazada Iriş bilen Bibini gördi. Bibi ullakan daşa söýenip otyrdy. Iriş bolsa daşdan ýasalan heýkel ýaly, doňup durdy.iriş şazadany gördi-de, ylgap gelip, oňa baş egip, hyzmata taýýarlygyny görkezdi. Şazada ilki bu ýagdaýy Bibä gürrüň bermegem isledi. Emma onuň ynsaby etmedi. Olary köşge bakan alyp gitdi. Köşk indi birneme janlanypdy. Megerem, patyşa gopgun turzan borly. Işikde serhoş hyzmatkärler durdy. Ony ejesi garşy aldy. Ol serhoşdy. – Gel, men seni gujaklaýyn, oglum – gujagyny açyp gelýän syratly, kaşaň geýnen göwüslek aýaly Bibi gördi. Emma şazada onuň elini itip göýberdi. – Biz ýoldan gelýän, hapa biz. Rano hanym näz bilen göwüslerini titretdi. – Onda-da, gujagyma gel. Şazadanyň gözleri ýandy. – Çekiliň! Ol üýşüp duran adamlaryň arasyndan uýasyny ýanyna çagyrdy. – Leýla hanym, bäri geliň! Leýla hanymyň gözleri ýaşlydy. Ýöne ähli ahlagynyň talaga salnandy onuň hem ýüzünden parçalanandygy, bellidi. – Gel, şu gyzy ýuwundyr, geýindir. Diňe özüň et. Başga hiç kimi golaýyna getirme. Ol Iriş bilen öz otagyna geçdi. – Maňa ýuwunmaga suw taýýarla. Iriş gijikdirmän bir legen ýyly suw getirdi. Şazada oýa batyp otyrdy. Gözleri gubarlydy. – Ine, biz gidenimizde nähili gözel ýurtdy. Bir salymyň içinde ähli zat weýran bolupdyr. – ol eli bilen dyzlaryny ýençdi. – I-ii-iý, ejem, ejem, eje-em, uýam. Bary owarra gitsin, emma olar. Onuň gözlerine ýaş aýlandy. – Ot diýip bir bela tapylypdyr. «Hemme zat ortalyk» diýýärmişin. Eger diýenini etmeseň, bar zady küle sowurýarmyşyn. Näme etmeli. Ol eşiklerini çykardy-da, oňat ýuwundy. Saçyny süpürip, darady. Ýüzüne her dürli gül ýaglaryndan çaldy. Soňra düşegine gyşardy. – Biz ýeke owurdam şerap içmeli däl. Düşündiňmi? – Düşündim. Şazada onuň ýüzüne garaman: – Bar, garbanar ýaly bir zat getir – diýdi. * * * Bibi bu köşgem, onuň düzgüninem halamady. Barysy serhoşdy. Köpüsi aýak üstünde zordan durýardy. Köpüsi näme gürleýänini bilenokdy. Leýli ony ýuwundyrdy. Lowurdap duran ýüpek köýnek geýindirdi. Boýnuna, ýakasyna gymmat bahaly şaýlar dakdy. – Sen gaty owadan gyz ekeniň – diýip, ýylgyrdy-da, Bibini gujaklajak boldy. Bibi onuň käbir sözüne düşünse-de, oňa özüni gujaklatmady. – Çekiliň! Ol bu ýurduň diline düşünenokdy. Ýöne şazada ejesine şeý diýipdi, özünem silterläp, itip göýberipdi. Leýli, soň oňa golaýlaşmady. Gyzy öz otagyna eltdi, naharlady. Leýliniň otagy tertiplidi, baýdy. Emma güpürdeşip gelen erkek adamlary ol halamandy. Olar Bibä getirilen tabaklaryň başynda iturdylar. Ak ýüzli, owadan gözli adam mähirli ýylgyrdyp, Bibä bir zat diýdi. Soň gelip leýlini beýleki otaga alyp gitdi. Leýli hyklaýardy. Bibi açyk işikden içeri garady. Gözlerine ynanmajak boldy. Ol adam ýalaňaç, özem Leýliniň üstünde ýatyrdy. Leýli hykylaýardy. Leýliniň hälki owadan köýnegi ýerde ýatyrdy. Bibi ömründe beýle zady görmändi. Ol Leýla kömege ylgajagynam, bu ýerden ýok bolup gitjeginem bilmedi. Şol arada Leýli Bibiniň ýanyna geldi-de bulgura şerap guýup, hälki otaga alyp gitdi. Soň ýene gelip, özüne şerap guýundy. Soň beýleki ak ýüzli adam hem gelip stoluň başynda oturdy. – Bu kim? – diýip, hezreti Mazdak sorady. Leýla ýylgyrdy. – Şazada öz ýany bilen alyp gelipdir. Maňa öz ýanyňda bolsun – diýdi. Hezreti Mazdagyň dişleri gyjyrdady. Gözleri ýandy. Ýöne sesini çykarmady. – Bu gyz ortalykdyr. Bu gyz hemmämiziňkidir. Leýla ýylgyrdy. – Men saňa azmy? Ejem saňa azmy?! Hezreti Mazdak uzyn boýuny, uzyn ak barmakly elini gujüňleýän ýaly, goluny çyzgady. Birdenem, hasyr husur bardy-da Bibini gujaklap, ýaňagyndan ogşady, soň onuň göwsüne el uzatdy. Birdenem, edil dagyň kemerinden gaýdan ýaly bolup, mermeriň üstüne düňderilip gitdi. Bibi onuň bilenem kanagatlanman, onuň üstüne atanaklaýyn mündi-de, bogazyndan bogup, kellesini gaty mermere birki gaýta urdy. – Wagşy! Leýli titräp galdy. Hezreti Mazdak elleri bilen süýşüp, ep-esli ýere gitdi-de, soň işigiň aňyrsyna sumat boldy. Leýla burçda doňup durdy. Ol ejesiniň geleninem duýmady. – Ýörüň, oda çokunmaga gitmeli. Leýla gark bolup, çykan ýaly, demini zordan aldy. – Eje! Eje jan! – Ol oňa Bibini görkezdi. Ejesi baş atdy. – Bilýän düşündim. Onam al ýanyňa. Bibi bir ýere gitmelidigine düşündi. Ýöne hälkije hereketine-de aýagy agyrýardy. Onuň galasy geldi. Emma hälki adamyň ýene öwürlip geläýmesinden gorkdy. Az kem agsaklap gidip barýanlara goşuldy. * * * Ot köşkden uzakda däldi. Aralykda üç-dört sany jaý, athana bardy. Ot küdeleri kürenlenip durdy. Köçe adamdan doludy. Baýryň ýüzünde ot ýanyp durdy. Adamlar oduň töweregine degre gurap durdylar. Olar oda diri goýun-geçileri, sygyrlary oklaýardylar. Serhoş adamlar iki dyzlaryna çöküp, nämedir bir zatlar samraşyp, ellerini serýärdiler. Birden oduň içinden ses gelip başlady. – Şirwan patyşa! Hemme zat ortalykdyr. Aýallar-da, mal-mülkde, hazyna-da, köşk-de! Eger meniň diýenim bolmasa, ýurduň kül bolar. Patyşa dyzlaryna çöküp, oda tagzym etdi. Şazada hem Iriş bilen şu ýerdedi. Ol hem oduň owazyny eşitdi. Özüni kimdir biriniň ölümden alyp galyşyna haýran boluşy ýaly, oduň owazyna-da haýran galdy. Ol Irişe garady. Iriş titräp gitdi. * * * Agşam düşen badyna leýliniň otagyna üç adam güpürdeşip geldi. Olaryň biri güdizki görmegeý adamdy. Bibi üçin ol adam hem gumuň hažžygy hem birdi. Ol adam ýanyndakylara bir zat diýdi. Leýli şol pursat çykyp gitdi. Ol adam dişlerini jygyrdadyp gürledi. – Hersiňiz bir elinden tutuň-da daňyň. Ol ýigitler serhoşdy. Muny Bibi duýdy. Olar oňa el urjak bolýardylar. Ýigitler ylgaşyp geldiler-de, Bibiniň ellerini gaňryp başladylar. Ýöne olaryň tutuşy beýle bir berk däldi. Şonuň üçin Bibi-de olaryň gaňyrşyna gaýtmady. Sesi gaty çyksa-da, deprenişi ýumşakdy. Muňa meçew alan iki kişi hem gowşaşyp, “gyz indi özümiziňki”diýip arkaýynlaşdylar. Hezreti Mazdak eşiklerini çykaryp, ýalaňaç otaga girdi. Ol serhoş bolsa-da, bu çarwanyň tez gyzyny elden geçirmäge hyjuwynyň bardygyny güjüňläp durdy. Bibini iki kişi seki bolup duran ýumşajyk düşegiň üstüne basdylar. Gyz ýykyldy-da, aýagynyň ugrunda duranyň içine aýagy bilen batly depdi. Beýleki adam ony gujaklajak boldy. Ýöne gyz özüni bileli bäri ýanyndan aýyrmaýan hanjaryny çykardy. Soň ony howlukman özüni gujaklap ýatanyň bagrynyň üstünden sançdy. Hezreti Mazdak öz nökerleriniň bir gyra çekilip duranyna garaşýardy. Ol özüne tarap gaýdan nökere söýendi-de gyra süýşdi. Gyz onuň hem garnyndan hanjaryň syhyny geçirdi. Ol beýle howply öwrülişik bolar öýdüp, äňyna-da getirenokdy. Gyzyň elindäki hanjar onuň akyl-huşuny alsa-da, ol gyzy sypdyrmak islemedi. Ol gyzy eýeläýmelidi. Emma gyz elden gidip barýardy. Özem hezreti Mazdagy ýaralandyryn öýdýärdi. Hezreti Mazdak gyzyň hanjarly eline iki eli bilen topuldy. Emma gyz hanjary batly çekdi. Hanjar hezreti Mazdagyň aýalarynyň içini daglap gitdi. Onuň gysymyndan pürkülen gyrmyzy gan, mermer kerpiçleriň üstüne seçelenip gitdi. Hezreti Mazdak ganyny saklamak üçin egilip, ýerde bulaşyp ýatan şaly alýança, Bibi otagdan çykdy. Daşary göze dürtme garaňkydy. Köşgüň bolsa işikleri haňlap, açyk ýatyrdy. Bibi köşgüň işiginden baglyga çykdy. Onda-da durmady. Baglaryň, jaýlaryň deňinden geçip, ýolda gören athanasynyň deňine ýetdi. Athana ulydy. Onda atlar otlaşyp ýördi. – Men bir aty müneýin-de, gaçaýyn! Bibi şu oýlar bilen derwezä golaýlady. Ol ýerde adamlar keýp çekip otyrdylar. – Ýetiň! Tutuň! Köşk tarapdan gelýän bu aýylganç sesi atbakarlar hem eşitdiler. Olar ses gelýän tarapa hüşerilişip, ody yşyklary öçürdiler. Gyz oýunyň bu çakda başa barmajagyna düşündi. Şonuň üçin gaty-gaty ýöräp, aşaklygyna gitdi. Ol kiçijik çaýjagazyň akyp ýatanyny gördi. Elini, ýüzüni ýuwdy. Suw sowapdyr. Howa-da çigreklidi. “Näme etmeli. Nirä gitmeli?” Ol öz ugruna belent gaýanyň düýbüne bakan ugrady. Ol ýerde iki sany adam oduň başynda uklap ýatyrdy. Olar gyzyň deňlerinden geçip gidenini duýmadylar. – Dur, kimsiň? Bu ses Bibini Ör-gökden getirdi. Ol bu söze düşünmese-de, şu ýerde bir zadyň garawullanýandygyny duýdy. Ol gaçmak isledi. Emma aýagy diýen etmedi. Ol daşa büdräp ýykyldy. Onuň hykkyldysyny garawullar eşiden bolarly. – Dur, kimsiň? Saklan! Bibi ylgap barşyna gaýanyň düýbünde kiçijik küreni gördi .şoňa sümüldi. Goragyň aňyrsy giňdi. Ýokardan, bir ýerlerden oňa ýagty düşýärdi. Şonuň üçin ol dyzanaklap, onuň düýbüne çenli ýetdi. Gowagyň içi dymykdy. Aşakda köz harman bolup durdy. Ýokardan kowsarlap urýan şemal kül bilen garyp, tüssäni dagydýardy. Şonuň üçin dem almak kyndy. Gowagyň törüne ot basylypdyr. Bibi wagtyny ýitirmän, şol samanyň aşagyna gömüldi. Gaýanyň düýbünde gykylyk gopdy. – Kim şol ýaňky geçen. – Biz-ä geçen görmedik. – Geçdi, biri how. Edil ýanymdan geçdi. Kimdir biri güldi. – Azyrak iç. Ýanyňdan şagal geçse-de, adamdyr öýdüp ýörmez ýaly. – Aý, öz-ä. Hiç kim gowagyň içerisine girmedi. Aslynda gowagyň agzy örän dardy. Ondan çaga ýa-da inçejik kişi bolmasa girer ýalam däldi. Bu bolsa Bibi üçin bähbitdi. ■ Bäşinji bap Şazada oda tagzym edilip gelinenden soň tä özünik kimdigini unudýança şerap içdi. Iriş oňa hyzmat edýärdi. Şakyrdaşyp ýören gyzlary onuň otagyna göýberenokdy. Üçünji gün diýlende Leýli işigi kakdy. Iriş işigi açdy. Leýliniň ýüzi hasratlydy. Gözlerinden ýaş akýardy. – Näme grek? – Şazadany oýaryň. Emma Iriş ony edip biljek däldi. Şazada serhoşdy. Özüni ele alyp bilmän, öz düşeginde bulaşyp, çäşerilip ýatyrdy. – Şazada ýadaw. Şazadany bimaza etmäň. – Ýok, oýaryň. Gyz gaçypdyr! Iriş kiriş ýaly bolup dikeldi. – Näme? Haçan? – Öten agşam. Bu sese şazadanyň özem oýandy. Ol: – Näm boldy? – diýip, tutuk ses bilen aýtdy. – Gyz gaçypdyr. – Haýsy gyz. Şazada bir dikeljek ýaly etdi-de, ýene düşegine süýşdi. – Şerap. Iriş oňa bir jam şerap uzatdy. Şazada kellesini iki eli bilen tutup, dikeldi-de oturdy. – Şerap ber. – Ol Irişiň beren jamyny başyna çekdi. – Soň jamy yzyna berdi-de, düşeginde tüňke düşüp bir salym ýatdy. – Haýsy gyz? – Siziň bilen gelen çarwa gyzy. Maňa tabşyran gyzyňyz. Şazada laňňa ýerinden galdy. – Haçan gaçypdyr. Leýla gyzyň gaçan wagtyny anyk bilenokdy. Şonuň üçin näme diýjegini bilmän: – Daňdan hem bardy. Şazadanyň gözleri peträp gitdi. – Häzir nä mahal. – Agşamara. – Şu wagta çenli näme üçin aýtmadyňyz. 37 Leýli agasynyň bolşundan eýmendi-de, gözlerine ýaş aýlady. – Ol ... Ol... Ol hakykaty aýtmak islemedi. Emma hakykaty Iriş bilýärdi. Oňa serhoş hyzmatkärler aýdypdy. – Eger isleseňiz men ol gyz baradaky hakykaty aýdyp bilerin, hökümdarym. Rugsat bolsa. Leýli aglap durdy. Şazadanyň gazaby ýetjek derejesine ýetipdi. – Näme, agzyňa suw alan ýaly bolup dursuň. Aýt çaltyrak. Iriş şazadanyň öňünde beýle uzak sözlemegi öwrenmändi. Şonuň üçin söz uzak bolmaly däldi. – Üç üç kişi gyzy ortalyk etmek isläpdir. Gyz olaryň birini öldürip, ikisini ýaralapdyr. – Onsoň – Şazadanyň myrryhy atlanýardy. – Gyz gaçypdyr. –Kim aýtdy – Ol düwülgi ýumrugyny dyzyna urdy. – Hezreti Mazdak! Şazada tisgindi. – mümkin däl. Mümkin däl. Ol bir permide ahyryn. Leýli-de titredi. – Hawa, hawa. Guraýan şol. Baryny aldaýan şol. Ejemi-de, meni-de ortalyk eden. Kakamy hem... Şazada düýrükdi-de, düşeginiň bir burçunda oturdy. Soň kellesini tutdy. Onuň pikri ýöremeýärdi. Göýä, jady-doga edilen ýalydy. Ol gargyşa galandyryn diýip oýlandy. Biçäre gyzy “bendi edip alyp gaýtdym”. – Indi näme etmeli? Kimden haraý islemeli? Kime dadyňy aýtmaly? – Ol töweregine garady. – Hany, Iriş. Leýli ýarym-ýaş halda çykyp gitdi. – Hany, iriş?! – Lepbeý, hökümdarym! Şazada Irişiň ýöne naýynjar garady. – Näme etmeli, Iriş. Iriş doňup durdy. – Özüňiz gowy bilersiňiz, hökümdarym. 38 – Ýok, men hiç zat bilemok, Iriş. Hiç zat bilemok. Maňa gargyş siňipdir. Sen maňa geňeş ber. – Lepbeý, hökümdarym. – Iriş sadyklyk bilen çöküne düşdi. – Beýik hökümdar, “agşamyň haýryndan, ertiriň şeri”, garaşyň. Emma şazada-da sabyr-takat galmady. – Haçana garaşmaly? – Ertire çenli. – Bar onda şerap getir. – Şeraba gargyş siňen. – Şerbet içiň. – Şerbet getir. *** Bibi ýumşak ýerde, ýumşak bedä dolanyp näçe gün ýatanyny bilenokdy. Birden tisginip oýandy. Onuň elini nämedir bir zat ýalady-da, soňra çeýnäp başlady. Bibi biline gysdyran hanjaryny almaga ýetişdi. Emma üstünde gabyr-gubur eşidildi. Ol bedäni gapdala serpdi. Üstündäki gabyrdy hem atylyp gitdi. Onuň gözi iki sany äpet möjege düşdi. Olar hem gowagyň burçuna syrtlaryny diräp hyňranyp başladylar. Asyl, gyza özleriniň ele salan awudyr öýdýärdiler. Közüň ýalny peselipdi. Gowagyň içki gatlaryndan ýanan etiň ysy gelýärdi. Möjekler şol ysa ymsynyp gelen bolara çemeli. Aslynda bu gowak şolaryň süreni bolan bolmagam ahmaldy. Bibi möjeklerden eýmenmedi. Ol bular ýaly möjegi kän awlapdy. Häzirem olaryň eminden gelip biljekdi. Ýöne olara degmedi. Emma möjekler welin bu iki aýakly jandara hiç öwrenişip bilenokdylar. Olar bedäniň ýekeje samany jygyrdasa-da, tisginip, dişlerini syrtardyşyp durdylar. Sähel maýyny tapsa, gyzyň üstüne topuljak bolup durdylar. Bibi agyrly aýagyny tutup, gaýa arkasyny berip otyrdy. Onuň iki gözi möjeklerdedi. Möjekleriň iki gözi gyzdady. Köp wagt geçdi. Meýdan ýagtylýan borly. Gowagyň içi ýagtylýardy. Möjekler biri-birlerine ýamyzlagyny ýaplap, ýüzlerini Bibä tarap öwrüp ýatyrdylar. Gowagyň daşynda kimdir biriniň gepleşýän sesi eşidildi. Soňra gowaga bir adam girdi. Ol süýnüp, emedekläp gelşine, bir zada büdredi. Elinde bir zat şilp-şilp etdi. Megerem, ol şeraply küýzedi. Ol adam ýerinden turup, töre garşy däl-de, saga garşy ýöredi. Ol ýerden hyklap, nämedir bir zat çekip alýardy. Gowagyň içine bişen etiň ysy ýaýrap gitdi. Bibi başyny galdyrdy. Ol adam bişen butlary çekip, gowagyň agzyna eltýärdi-de daşary gygyrýardy. Daşardan biri ony çekip çykarýardy. Ol adam ullakan et bölegini gowagyň düýbüne taşlap göýberdi. Megerem, ol bu ýerde möjekleriň ýatanyndan nhabarlydy. – Alyň, iýiň. Etiň bir bölegi Bibiniň egnine degdi-de, papylap, öňüne düşdi. Bibi heniz ýylysy gitmedik, emma ýagşy bişen, az kem ýanan duzsyz eti eline aldy-da möjeklere seredip iýip başlady. Ol etieti duzsuz iýip bilýärdi. Aw-awlap, odun çöpläp, kebap bişirende, duzuň ýokdugyny bilip galýardy. Ýogsa, ejesem, kakasam, oňa suw, duz, bir bölek çörek almagy sargardylar. Bibi düwündi. Onuň göz öňüne ejesi Öleň eje geldi. Ol gyzy diýip gan aglaýandyr. Kakasy Töreli aga “gyzym” diýip burulýandyr. Ol Horasanyň sähralaryny elek-elek edendir. Atynyň nalyna çenli tapandyr. Bibi ah çekdi. Onuň göz öňüne Ýaýlymyň merdana keşbi geldi. Onuň gapak ýaly döşi, güýçli gollary, ýalynly dodaklary Bibiniň endamyna çyg getirdi. – Käbäm, enem, indi kim seniň ap-ak gyzyň bolar. Seniň sagan süýdiň gaýmagynyň galyň ýerini indi kim iýerkän? Eziz atam, sen aryp gelapiňizi kim ylgap baryp atyňy tutup, enemden öň töre possunyňy ýazyp, öňüne aş-çal goýarka. Mähribanym, indi kim seniň sähra ýaly giň, baýyr ýaly belent kükregiňe başyny goýup ýatarka. Men bu hapa köşkde, üstüme ýüpek örtüp, boýnuma gymmat daşlary dakyp ol oýnaşyň hapa elinden bu oýnaşyň hapa eline geçip, nejisimi aşyryp gezip ýörermikäm şazadanyň aýaly bolan bolup. Bu ýerde mukaddes zat ýok. Köşgünden başlap, çöregine, duzuna, aýalyna, gyzyna çenli hapa! – Ýo-ok! Möjekler tisginip gitdi-de, erbet hyňranyşdylar. Ýokarda ot ýanyp başlady. Pürler, köz bölekleri gowagyň böwürlerine syçyrap gidýärdi. Möjekler gowagyň düýbüne, edil Bibiniň golaýjygyna gysmyljyradylar. – Ýok, ýok, ölümem galmaz bu hapa ilde. Ýok! Çykmaly. Athanadan at alyp, gije gaçmaly. Onuň aýagy indi agyrmaýar diýen ýalydy. Irişiň daňan keýik hamy onuň tenine ýapyşyp galypdy. Deri süňkleri berk saklaýardy. – Goý, ölsemem öz ilimiň ýolunda öleýin. Aýaklarym agyryp geçsin. Günüň aşaklaýany bellidi. Emma ot barha möwjäp ýanýardy. Oduň gübürdisi gykylyk, agy sesleri bilen garyşdy. – Bu ýanýan şol sözleýän ot bolmaly! Adamlar ýene üýşdüler... Bibi bedä gömüldi. Kimdir biri sümülip, bagry bilen süýşüp gowaga girdi. Ol adam möjeklere ep-esli çig et oklady. Soň ol gowagyň beýleki, sag tarapky bölegine, oduň aşagyna gitdi. – Ot, geple! Ýokardan kimiňdir biriniň owazy eşidildi. – Ot, geple. Biz indi näme etmeli! Ses çykmady. – Ot, eý keramatly ot, sözle, biz näme etmeli. Gowakdaky adam aşakdan gygyrdy. – Hemme zat ortalyk. Köşkde, hazyna-da, aýal-gyz-da, mal-mülk-de. Bary ortalyk... Adamlar yzyn-da çuwan bolup aglaşýardylar. Emma tüsse aşakdan gygyran adamy bogan bolarly. Ol möjekleriň ýanyna gelip, telpegini agzyna tutup boglup-boglup örän üsgürdi. Soň aldygyna şerap içdi. Soňam bedäniň üstüne süýndi. Bu ýagdaý Bibiniň gutuny guratdy. Bu. – Bu bir oýun, hile, eken-ä. Aslynda, gepleýän ot däl eken-ä. Ine, şu haram ýezidiň sözi üçin tutuş ýurt bozulan borly. Bibiniň ýüregi darkyldap urdy. Ol gowaga tarap seretdi. Emma gowagyň darajyk agzy ýapylypdyr. Ot bolsa henizem lowlap ýanýardy. Közler, goýun-geçiler, öküzler bögürişip aşak gaýdyp, közüň içine düşýärdiler. Oduň, çygyň hem-de köýýän ýüňli deriniň ysy demiňi tutup barýardy. Emma Bibi ony duýanokdy. – Basymrak köşge ýetmeli. Irişi tapmaly. Bar zady şazada gürrüň bermeli. Içiňi ýakaýyn diýen ýaly, wagt haýal geçýärdi. Gijäniň bir wagty möjekler çyňsap başladylar. Soňra gezek-gezegine gowagyň agzyna baryp gaýtdylar. Megerem, ene möjek bolsa gerek. keltejik uwlady-da, ýer peşeläp ugrady. Yş göründi. Möjekler çykyp gitdiler. Bibi-de assyrynlyk bilen, çykyp, köşge ters tarapa, çaýjagaza baka ýöräp gitdi. *** Şazadanyň ýatyp-turup, iýip-içip takaty ýokdy. Ol indi şerap içmesini goýupdy. Iriş bilen bu töwerekleri elek edip eläpdi. Emma türkmen gyzy ýokdy. Bu bulaşyklyk, keramatly oduň sözi, köşkdäki başyna gidenler ony gyzyklandyrmaýardy. Onuň üçin patyşa bardy. Onuň wezir-wekilleri bardy. Ol-kim? Ol bir agzy sary oglanjyk. Ondan zat soralanokdy. Halk şu düzgüne ölüp ýeten ýalydy. Adamlar şu düzgünden razydy. Çünki, patyşa-da ýok, hazyna-da ýok, garyp-da, baý-da ýok, tertip-düzgün-de ýok hemmeler deňlik. Barysy tep-tekiz. Tertip, düzgün, adalat nämä gerek, haçan gyradeňlik bolanda. Hemme kişi ahlaksyzka, hemme kişi ortalykka ahlak nämä gerek... Şazada halkyň bolşuny halamady. Ol halkyň goýun sürüsi ýaly bir zatdygyna indi düşündi. Goýun sürüsi hem şeýle ahyryn. Batgalyga sür, daglyga sür, sähra sür, tapawudy ýok. Bu halk hem şeýle eken. Onuň göz öňüne patyşa bilen ejesi geldi. “Olar” ot iki günlük sözledi” diýip beýle hapalyga çümmänem bilerdi ahyryn. Ejem näme? Mamam, enem, olaryň aňyrsyndakylar öz päk ahlagy üçin nähili azap edendirler. Özleriniň päkliginiň geljekki nesillerine ýetmegi üçin gyzlaryny nähili ezizländirler. Özleriniň ähli gowulyklaryny şol gyzymyza geçirdik, olam öz balalaryna geçirer” diýip, arkaýyn gözlerini ýumandyrlar. Emma ejem näme? Ýok, olaryň beren edebiniň bir ýerinde, çuňlugunda çüýrüklik, edepsizlik bolandyr. Ýogsam, heý beýle hapaçylyga özüňi bermek bolarmy?! Şeýle hapaçylygy adat edinme bolarmy? Ýok, ýok, şeýle hapaçylyga, nejislige güýçli arzuw bolmasa, oňa beýle çalt berilmegem, oňa beýle çalt uýgunlaşmagam bolmaz. Goý, keramatly ot diýse diýibersin. Adam atadan bäri “ adamlar gowy boluň, päk boluň, ynsaply boluň” birek-biregi goldaň, mähriban boluň” diýlip gelinmeýärmi?kimi tutýaň şol ýoly. Emma keramatly ot “bozulyň, ortalyk boluň” diýipdir welin, hemmesi uçdantutma hemmesi bozulyp galypdyr. Özem şeýle basym, ýyldyrym çaltlygynda. Emma şu hapalygy arassalajak bolup bir gör. Ýüz ýylda-da başarmarsyň... Işik açyldy. Iriş içeri girdi. Ol döşüne iki elini goýdy. – Näme gerek? Iriş öňki kaddynda başyny egdi. – Gyz gaýdyp geldi. Görmek isleýär. Şazada böküp ýerinden turdy. – Hany, gelsin, getir. Bibi agsaklap içeri girdi. Şazada baryp ony gujaklajak boldy. Emma Bibi parsçalap: – Çekiliň! – diýdi. Şazada beýle söze garaşmasa-da, geň görmedi. Ol bibiniň gara gäz bolan ýüzüne, saman ownugy siňen hapa saçyna, kül-kümür sesiňen geýimine ýylgyryp seretdi. Onuň gözüne bu gyz “şazada meni halamasyn” diýip, şu görnüşe giren ýalydy. Emma gyz aýgytly seredip durdy. Ol Irişiň ýüzüne garady. – Juda möhüm gep bar. – Ol işige garady. – Işigi bentläň. Şazada bu gürrüňi şazada ýetirdi. Şazada baş atdy. Işik uruldy. Gyz ýuwaşjadan saýhally gürledi. – Men iki gije bir gowakda galdym. Ol gowak uly, gepleýän oduň aşagy. Ot güýçli ýanan mahaly ol ýere bir adam girip, “Hemme zat ortalyk” diýip şol ýerden gygyrdy. Iriş bu sözleri şazada öz dilinde gürrüň berdi. Ýöne şazada hiç zada düşünmedi. – Gaýtala. Düşnükli aýt. Gyz gözlerini süzdi. – Ot geplänok. Oduň asty gowak. Şol gowakda bir adam “Hemme zat ortalyk bolmaly. Patyşalyk-da, hazyna-da aýal-gyzlar-da, mal-mülk-de” diýip gürleýär. Ol ses oduň içine gidýär. Onsoň ot gepleýän ýaly, oduň içinden owaz çykýan ýaly bolýar. Iriş bu sözleri şazada ýetirdi. Şazada uzyn, ak barmaklary bilen päkize ýüzüni tutdy. Onuň balkyldap duran käse ýaly gözleri ýere gaçaýjak boldy. – Kim ol? Gyz başyny ýaýkady. Şazada kellesini tutup, düşekde oturdy-da, bat bilen özüni gyzyň öňüne taşlady. – Indi äme etmeli? Meniň kelläm işlänok. Aýt, indi näme etmeli. Gyz hem oýlandy. – Şol adamy tutup, oňa bu işi kimiň etdirenini bilmeli. Oduň başynda olary işi buýran adam bilen ýüzleşdirmeli. Iriş gyzyň sözleriniň ýagyny daşdyrman şazada düşündirdi. – Onsoň! – Onsoň, şol ýerde ol adamy halkyň öňünde paş etmeli. Galanyny özüňiz bilersiňiz. Şazada gyzyň soňky sözüni eşidip guduz açdy. – Ony paş edip, oda taşlamaly, haýyn. Şazada başyny ýaýkap, ep-esli oturdy. Onuň gözleriniň öňüne keseki adamyň gujagynda ýalaňaç ýatan ejesi geldi. Ol dişlerini gyjap, erbet tüýkürindi-de, iňläp aşak oturdy. – Şony, şony bir tapyp bilsedim, Ah... Ol az-kem köşeşdi. – Birinji, şol adamy tutmaly. Ikinjibu işi oňa kimiň buýrandygyny bilmeli. Üçünji, oduň başynda olary ýüzleşdirmeli. Dördünji oňa jeza bermeli. Gyz merdemsi: – Bäşinji, döwleti öz eliňe almaly. Garry kakaňdan patyşa bolmaz. Kim döwleti, halky azat etse, şol hem onuň howandary, eýesi bolar. Iriş başyny atdy-da bu sözleri şazada ýetirdi. – Ýöne, gowagyň daşynda sakçylar bar. Ol ýerde öz sakçyňyzy goýarsyňyz. “Döwleti öz eliňe almaly” diýen sözi eşidip, şazada galkynan ýaly boldy. Onuň paýhasynyň gapagy açylan ýaly boldy. Bäşinji baş Bu gün aýratyn gündi. Bu gün adamlar otdan möhüm bir habara garaşýardylar. – Baş weziriň düýşüne ot giripmişin. Ol “Hezreti Mazdak patyşa bolmaly” diýenmişin. “Ony özüm jar ederin” diýenmişin. Keramatly oduň sözüne gulaklary bilen eşitjek bolup adamlaryň ählisi otly depä garşy eňipdiler, barara, durara ýer ýokdy. Şirwan patyşa wezir-wekilleri bilen gelip oturdy. Olaryň daşynda esgerler bardy. Iriş şazadanyň ýanyndady. Ol bir eli bilen başyna halta geýdirilen adamy saklap durdy. Garaşylýan adamlar gelenden soň ot parlap ýanyp başlady. Hezreti Mazdak ýerinden turdy. – Ot, gepläber. Eý kerematly ot, gepläber. Emma ot geplemedi. Hezreti Mazdak otly çukuruň gyrasyna geldi. – Geple, ot! – diýip, gyryljak ses bilen gygyrdy. – Ot geplemedi. Adamlaryň arasynda gozgalaň, gürrüň başlady. – Keramatly ot bu gün geplemek islemeýär – diýip, hezreti Mazdak adamlara garady-da elini galdyrdy. – Duruň! Duruň, adamlar. – Şazada ylgap orta çykdy. – Ot geplemez. Eşidiň, ot hiç haçan hem geplemändir. Oda derek, ine şu haýyn gepläpdir. – Ol Irişiň tutaklap gelen kişisiniň başyndan haltany sypyrdy. Soň oňa ýüzlendi. – Aýt, gowaga girip, ot bolan bolup näçe sapar gürlediň. – Bäş sapar hezretler! – Kim kim buýurdy saňa, geple diýip. – Hezreti Mazdak maňa köp pul berip boýun etdi. – Näme diýdiň? – “Hemme zat ortalyk” diýdim. – Soň ýene näme diýdiň. – Aýal-gyzlar ortalyk diýdim. Patyşalyk, hazyna, mal-mülk ortalyk” diýdim. – Kim öwretdi bu sözleri saňa. – Hezreti Mazdak. Hezreti Mazdak titreýän ellerini ýokary göterdi. – Ýo-ok, ýalan sözleýär. Men, men. Şazada elindäki gylyjyny ýalaňaçlap oňa tarap topuldy. Emma Mazdak çukruň aňyrsyna gaçjak boldy-da oduň içine güwläp gitdi. Bu ýere üýşen adamlardan ses-selem çykanokdy. Şazada gylyçly elini galdyrdy. Şirwan patyşa bir zat diýip gygyrdy. Emma ony şazada eşitmedi. *** Bibi atyny çapdyryp barýardy. Şazadanyň öňünde onuň ynsaby arassady. Öten agşam olar bilen gidip, sakçylar ele salnypdy. Gowaga girip gygyrýan adam tutulyp köşge getirilende Bibi olaryň ýanyndady. Ol kişi gassap Kalgasdy. Ol boýnuna almajak bolup kän sypjyklyk etdi. Emma ot Bibiniň aýdan delillerinden, ylaýta-da özüne hödür edilen tylladan boýun towlap bilmedi. – Hawa, men etdim! – diýdi. Baryny boýnuna aldy. Şol gepleri halkyň öňünde aýtmaga söz berdi. Ine, soňky wakalar hem oýlanylyşy ýaly boldy. Iň esasy zat, öz hudaýyny oýnan, şonuň ady bilen halky azdyran, ýurdy weýran eden haýyn paş edildi. Bibi Mazdagyň oda gaçanyny öz gözleri bilen gördi. Şazadanyň göter-göter edip tagta mündürilenini, garry patyşanyň tagtdan düşürileninem gördi. Şonda şazada juda bagtlydy, buýsançlydy. Bibi şol pursat athana bakan gaýtdy. Ol düýn Irişe: “Şol aty eýerläp, üstüne horjun sal” diýipdi. Horjuna näme salmalydygyny aýdypdy. Ol oda tagzym etmäge gidilende eýerlenip üstüne horjun atylan aty gördi-de, ýüregi birden göterildi. Ine, ol türkmen sährasynyň giň aýasy bilen uçup barýar. Öňde onuň mähriban enesi gözlerinden bulak akdyryp, balasyna garaşýandyr. Ol awdan gelende ýalňyz balasynyň didaryny delmuwyplar gözleýärdi. – Didaryňa döneýin, ata jan. Men barýan. Öňde oňa ýaýlym garaşýandyr. Onuň ýalaňaç gursagyna başyňy goýmak ähli şalyklardan eşretli dälmi? – Yhlasyňa döneýin, söwer ýar, men barýan. 47 Öňde oňa diriliginde-de, pany dünýeden gaýdanda köşgi-eýwan boljak ene sährasy ýatyrdy. – Gujagyňa döneýin, sähram, men barýan. Bibi bir zada düşündi. Bu ýüregine, ganyna, ruhuna ornan yhlasy men-men diýen şalaryň, şazadalaryň ýat, bir görlende aşyk bolýan söýgüsine çalşyp bolmajak eken. Ol şol ezizlerine ýetmek üçin atyny ak sähranyň gujagy bilen çapdyra-çapdyra, uçup barýardy. Soñy. 21-24.09.2001 ý. Öwezdurdy NEPESOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |