11:24 Türkmen topragynyñ keşbi | |
TÜRKMEN TOPRAGYNYŇ KEŞBI
Edebi makalalar
Her toprak öz keşbini döretmegiň ebeteýini tapypdyr. Türkmen topragy öz keşbini ahal-teke atynda döredipdir. Türkmenistan – ahal-teke bedewi! Türkmen topragy öz keşbini halyçy gelin-gyzlaryň eli bilen hala çitipdir. Türkmenistan – türkmen halysy! Türkmen topragyny wasp etmekçi ýazyjynyň fantaziýa ýüz urmagy hökman däl. Hakykaty beýan edäýmeli. Bizde «güneşli Türkmenistan» diýen köneden gelýän aňlatma bar. Ol yssa güneş diýmek bolmaýar. Seýşel adasy ýaly, Krym ýaly, Kawkaz ýaly güneşli däl. Ýiti kontinental klimatly ýurdumyz bar. Türkmenistan, ine, şol aýratynlygy, şol yssylygy üçin hem bereketli toprak. Bereketi, aýratynlygy şol yssynyň aňyrsyndan gözlemeli. Gadymy seljuk türkmenleri dünýäniň iň gözel ýurtlaryny basyp alan-da bolsalar, ýene oljasyny atyna basyp, şu topraga dolanypdyrlar. Olar hernäçe owadan ýerleri görseler-de, ol ýerlerde mesgen tutaýmandyrlar. Olar nirede mesgen tutaýyn diýseler-de: «Munyň däl!» diýip biljek ýok ahyryn. Olary bu topragyň ýylysy, mähri, berekedi yzlaryna dolapdyr. Biziň topragymyz, gözel topraklar ýaly, bezemen zenana meňzemese-de, ogul yzyna ogul dogrup berýän enä meňzeş. Ol bagt bize miýesser etdi. Gözel toprakdan üç ýola hasyl alyp bolmaz, emma ýowuz toprakdan üç ýola hasyl alyp bolýar. Sowet ulgamsynyň biziň halkymyza, topragymyza ýetiren zyýanynyň möçberini hiç bir ölçeg bilen ölçäp bolmaz. Birinjiden, rewolýusiýa ýyllary türkmeniň «men» diýen ogullarynyň ýarpysy gyzyl bolup, ýarpysy ak bolup biri-biregi gyrdylar. Ikinjiden, türkmeniň «men-men» diýen baýlary daşary ýurda geçip gitdiler. Üçünjiden, Stalin repressiýasy başlanyp, gününi görmegi başarýany «Baý» diýip, hat okap bilýänini «Işan-molla» diýip, Gazagystandan, Özbegistandan, Sibirden çykardylar. Olardan aman galanlary hem beýik Watançylyk urşy ýyllarynda wepat boldy. Türkmeniň ençeme gezek gaýmagy ýok edildi, ençeme gezek şahalary pudarlandy. Dördünjiden, daýhan bilen ýeriň arasyna döwlet düşdi. Maldar bilen malyň arasyna döwlet düşdi. Iň elhenjem, «Siz bir çarwa halk, sizde taryh hem ýok, kök hem» diýen şygar bilen halk gowaça meýdanyna sürüldi. Türkmen halky garaşsyzlyk günlerine deňiç öz taryhynyň üstünde däl-de, gowaça meýdanynda durdy. Halkymyzy taryhynyň üstüne geçirmek biziň jana-jan borjumyz. Taryhyň üstünde durmaýan halk köksüz bolýar. Şeýle bir rowaýat bar: Gadymy Gresiýada gullar gozgalaň turzupdyr, olar Spartak ýaly baran goşuny gyryp, kemsiz ýaraglanypdyr. Asyl gullar ýurdy alyp barýarmyş. Haýsy goşunbaşyny saýlama goşun bilen ugratsalar, gullar ýeňip durmuş. Şonda bir köpbilmiş mekir kişi: – Meni gowy geýindiriň, atymy bezäň hem bir gamçy beriň! Men şol gullardan sizi halas edeýin! – diýipdir. Oňa hiç kim ynanmaýar, ýöne synap göreliň diýişýärler. Ýaňky köpbilmiş bezenip-beslenip, bezemen atyna münüp barýar gullaryň sap-sap bolup duran goşunynyň öňüne. Ol gazap bilen gullaryň hataryny gözden geçirip, gamçysyny eýmenç-eýmenç şuwlandyryp urup: – Gullar, ýaragly-ýaragaňyzy goýuň-da, işli-işiňize ugraň! – diýip haýkyrýar. Gul biçäreleriň endamyna sandyrama aralaşyp, her kim duran-duran ýerinde ýaragyny taşlap, işine bakan ugraberipmiş. Elbetde, bu rowaýat, ýöne munda çynaberimsiz psihologiki hakykat ýatyr! «Biziň halkymyzyň süňňünde gulçulyk psihologiýasy bar» diýdigim däl bu, ýöne biziň halkymyzyň süňňünde baknalyk psihologiýasy weli bar. Ol görkezmä garaşýar, ol buýruga garaşýar, ol garaşýar. Ynha, ýönekeý mysal. Mähriban Prezidentimiz daýhanlara ýer berip: «Ekiň, baý boluň» diýýär, daýhan: «Näme ekeli?» diýip soraýar! Islendik basybalyjylyk ýöne ýok bolup gitmeýär. Ýedinji asyrda, sekizinji asyrda Türkmenistanyň köp ýerlerini araplar basyp aldylar, araplar gitdi-gitmedigi halka siňip galdy, ýöne araplar gideni bilen olardan ömürlik bir kesel galdy: tire-taýpa keseli! Gülläp oturan türkmen topragyny Çingiz hanyň ordasy wes-weýran etdi. Azym-azym şäherler haraba öwrüldi. Türkmeniň ýalkymly günleri tümlüge aýlandy, ynha, şonuň üçinem birnäçe ýüzýyllyklar taryhda aklygyna gapyl gidip otyr. Emma Çingiz handan başga bir kesel galdy, ol kesel bäş-alty asyrlap türkmeni ikä bölüp, türkmenden iki gatlak ýasady. Ol kesele «ig-gul keseli» diýilýär. Gyzyl imperiýadan hem onlarça kesel miras galdy. Sowet ulgamsy durmuşy şeýle gurdy: är-aýal işleýän bolsa, iki çagany eklär ýaly aýlyk kesgitlenildi. Türkmende bolsa alty, dokuz, on çaga bolýar. Köp türkmen aýalyny hem işletmeýär. Diňe öz aýlygy bilen güzeran görjek bolýar. Ýöne güzerandan başga zatlar hem bar. Ol galyň töläp, ogul öýlendirmeli, tutuş ili çagyryp, uly tol etmeli. Türkmen, kynam bolsa, ony etdi, ýöne şol öz aýlyjagyny artdyrjak bolup, agzyndan kesdi, geýminden kesdi… Netijede, türkmen halkynyň aglabasy ownady. Marko Polo, Ibn Batuta, Wamberi, Ýakut, Şekspir, Donowan, Berns, Blokwil ýaly jahankeşdeler, türkmeniň içinde bolan çet ýurtlular türkmen adamlaryny irimçik, agajet, çeýe, çus, sada adamlar diýip suratlandyrýarlar. «Türkmen at üçin, at türkmen üçin ýaradylan ýaly» diýip tekrarlaýarlar. Türkmen ýigidiniň geýim-gejimi hem edil at üçin ýaradylan ýaly. Gaba silkme telpek, eginleri giň gyrmyzy dony müçesi kiçi adama geýdirseň hem epeý kişä öwrüläýýär. Uzyn, daýaw adam geýse-hä Pilmahmytdyr öýtdürýär. Haýran galaýmaly bir zat bar. Türkmen bedewine, ahal-teke atyna başga hili eşikde münseň, amanat at münen ýaly görünýär. Han-ha, žokeýlere serediň, hiç gelşenok, Ýöne gaba silkme telpegi geýip, çäkmeni geýen adam at bilen bir sazlaşyga girip, bir bitewi göwrä öwrüläýýär. Meniň pikirimçe, aýlawlarda at çapýan žokeýler üçin hem köne milli geýimimiziň esasynda sport geýim modasyny tapmagyň wagty ýetdi. Ýogsa, žokeý diýeniň päkize atyň üstünde barýan ýalan ýaly bolup dur. Türkmen gylyjy hem türkmen ynsanperwerliginden hem atynyň tebigatyna görä ýasalan bolmaly. Türkmen aty ýyndam at, ol göz açyp-ýumasy salymda duşmanyň içine aralaşýar, şonda eliňde türkmeniň egri gylyjy bolman, Ýewropanyň gödek, uzyn gylyjy bolsa, çaltlyga goluň omrulmagy hem daş däl. Türkmen dünýä sazlaşygyna öz geými, öz aty, öz ýaşaýyş obrazy bilen girip bilipdir. Türkmeniň gysga ýazy bar. Ondan soň sähra sarylyga çümýär. Şol gysga bahary uzaltmak üçin, baky baharda ýaşamak üçin türkmen gyz-gelinleri ýaz ýaly reňkdar halylar, kilimler bilen öýlerini bezäpdirler, öz egin-eşiklerem ýazyň reňkinde ýaşyl ýa gyzyl reňkde bolup, olar arly ýyl ýazy öz ojaklarynda dowam edipdirler. Şeýlelikde, türkmen tebigatyň özi bilen organiki birleşip, dünýä sazlaşygyna giripdir. Türkmen aty diňe türkmeniň buýsanjy däl, ol dünýäniň buýsanjy! «Biziň beýik «Görogly» eposymyz türkmen aty hakynda. Gyrat hakyndaky epos» diýip alym Ahmet Bekmyradow örän dogry aýdypdyr. At hakda şeýle doly hem manyly ýazylan eser başga ýerde barmydyr? Geçmişde türkmen aty bilem meşhur bolupdyr. Türkmen aty arkaly erkinligini gorapdyr, hakynatutma goşun bolup, güzeranyny dolapdyr. «Türkmen atyny özünden eý görýär» diýip, jahankeşdeler ýazýarlar. Türkmen atyny adam ýaly kepenläp jaýlaýar. Şonuň üçin iki müň ýyl mundan öň haly bilen jaýlanan at türkmeniň atyndan başga at däldir. Halynyň hem türkmen halysydygyny hatda daşary ýurt alymlaram ykrar edýärler. Emma Magtymguluda, Göroglyda arap aty diýen bir düşünje-de peýda boldy… Getirmek üçin ýurt basylyp alynmaýar, ýurt äkitmek üçin basylyp alynýar. Bir hudaýlylyk düşünjesini getiren araplar näme äkidipdirler? Elbetde, baýlygy alyp gidipdirler. Pul, altyn, kümüş, lagyl… Emma söweşjeň arap türkmen atyny goýup gidip bilermi? Araplar türkmen atyny alyp gidýärler. Ispaniýany basyp alanlaryndan soň bolsa türkmen atlary arap atlary hökmünde Ýewropa ýaýraýar. Muňa delil köp. Muhammet pygamberiň gatnaşan Bedr söweşinde, soňky uly söweşlerde pygamberiň tarapynda hem, garşydaşlarynyň tarapynda hem sanalgy atly goşun bar. Esasy söweş ulagy düýe. Altynjy asyrdan ozalky arap edebiýatynda hem esasy arap baýlygy düýe bolup durýar. Türkmen müň ýyllap öwse-de, atynyň waspynyň aňyrsyna ýetip bilmeýär. Ol atyny gardaşy hasaplaýar, atyny behiştden çykan saýýar. «Görogly» eposynda Gyrat hakynda ýörite şaha-da bar. Baly beg Göroglydan dynmagyň alajyny gözläp, uly maslahat edýär. Şonda bir wezir Görogly begi Gyratdan jyda düşürmegi maslahat berýär hem-de: – Ol dünýäniň hazynasyny berseň-de, Gyratyny satmaz, ony basyp hem alyp bolmaz – diýip, sözüni jemleýär. Satylmaýan, basyp alyp bolmaýan aty, eýse, nädip ele salmaly? Şol ýerde aýdyjy bagşylar bir detaly unudypdyrlar. Meniň pikirimçe, ol ýere şeýleräk jümle goşmaly: – Eý, şahym, Görogly beg görde dünýä inende-de, ony eýer bilen aldap ele salandyrlar. Onuň atyny ogurlat, şonda ol hökman atynyň yzyndan geler… Göroglyny çagaka eýer bilen aldap ele salýarlar. Görogly beg dag gowagynda ýaralanyp, göreşmäge ýagdaýy bolman ýykylanda, aty soňky demine çenli göreşip ölýär. «Taryhyň atasy» diýlip atlandyrylýan Gerodot biziň eýýamymyzdan ozalky bäşinji asyrda: «Nusaý diýen giň jülge bar. Ine, şol jülgede-de iň ajaýyp atlary ýetişdirýärler. Olar şu zamanda mälim bolmadyk argamak dal bedewleriň ählisinden adaty bolmadyk tohumynyň artykmaçlyklary bilen tapawutlanýarlar. Ol ýerde atlaryň döşüne göwüslik ýaly mis bezegleri geýdirýärler, agyzdyryklarynyň hem çekileriniň uçlaryny altyn haşam bilen bezeýärler» diýip ýazypdyr. Türkmen ilki atyny bezär, soňra özüni! Ondan ýüz elli ýyl soň dünýäni basyp alyp, haýran galma duýgusy ölen Aleksandr Makedonskiý şeýle ýazypdyr: «Beýle atlar dünýäniň hiç bir ýurdunda-da ýok. Olar ýüwrük, çydamly, endamy ak, edil säher şapagy ýaly şuglaly». Nädip Makedonskä ynanman bilersiň, ol dünýäni basyp alan adam ahyry! Türkmen atlary iňlis bedewlerini döretmeklige çekilipdir. Iňlis münüş bedewleriniň düýbüni tutan üç sany ahal-teke bedewi bolupdyr. Olar Angliýa 1702-nji ýylda alnyp gidilipdir. Rimde Olimpiýa oýunlarynda S. Filatow Asbent atly ahal-teke aty bilen dünýä çempiony bolýar, 1968-nji ýylda Mehiko olimpiadasynda ol bürünç medala mynasyp bolýar, oňa «Asyryň aty» diýip at berýärler. Ahal-teke aty biziň göz-guwanjymyz. Onuň gadyryny türkmenem bilýär weli, dünýäniň atşynaslary hem bilýär. 1986-njy ýylda Parižde çapyşykda üstün çykan ahal-teke atyny elli million dollara satyn alýarlar. Dünýäde türkmen atyndan gymmat bahaly hiç bir at ýok. Men bu zatlary näme üçin gürrüň berýärin? Dünýä tehnikadan ýadap başlady. Häzir dünýäniň uly puldarlary birek-biregi maşynlary, uçarlary bilen haýran galdyrjak bolman, päkize ahal-teke bedewlerini edinip, haýran galdyrjak bolýarlar… XXI asyr adamlaryň tebigata golaýlaşmaga ymtylýan asyry bolar. Diňe millionerler däl, ondan bärdäki baýlar hem at edinip başlarlar. Diýmek, indiki asyr türkmen bedewleriniň asyry bolar! Päkize ahal-teke gamyş-gulak bedewlerini ösdürmek, köpeltmek, kämilleşdirmek biziň jana-jan borjumyz! Beýik Ýaradan, beýik Allatagala ynsana ýaratmak – döretmek höwesini beripdir. Hudaý Älemi ýokdan bar edipdir, döretmek zehini berlen adam bolsa dünýä döräli bäri gözleýär, agtarýar, döredýär. Işçiniň döredijilik meýdany zawod-fabrik. Ol täze-täze enjamlary ýasap, täze modelleri oýlap tapyp, döredip, şondan hem lezzet alýar, şeýdip hem ol Allatagala ýakynlaşýar! Daýhanyň döredijilik depderi – giň giden atyzlar. Olar Ene ýere alyn derini garyp jennetiň miwelerine barabar nazy-nygmatlary öndürýärler! Döredijilik işgärleriniň döredijilik meýdany – iş otagy! Olar gözellikleri döredýärler! Döredýän adam Ýaradana ýakynlaşýar. «Adamzada nusga bolsun» diýip, Allatagala mümkin bolan hem bolmadyk millionlap nusgalary göz edip goýupdyr. Asmanda ýyldyrym çakýar! Ýyldyrym – ot! Ynsan ondan gorkusyna ýyldyrymy Hudaý hasaplap gezipdir, ýöne şol ýyldyrymdan ot almak üçin oňa müňlerçe ýyl gerek bolupdyr. Ot – adamzadyň iň esasy açyşy! Asmanda Aý hem Gün aýlanyp dur! Emma tigri oýlap tapmak üçin ynsana ýene müňlerçe ýyllar gerek bolupdyr! Tigir ynsanyň ikinji ullakan oýlap tapyşy! Adamzadyň üçünji oýlap tapyşy – kitap çap etmek. Onuň üçin ynsana million ýyl zerur boldy! Adamzat açan tigri bilen XX asyrda iň ýokary tizlikde hereket etmegi öwrendi, emma bu günki gün tigriň tizligi oňa pes görünýär. Gepiň gerdişine görä aýdyp geçeliň, Oguz hanyň bir nökeri oljasyny äkitmek üçin tigirli araba ýasaýar. Ony Oguz han görüp geň galypdyr, ol arabanyň gaň-gaň edip gidişine syn edip, nökeri «gaňly» diýip atlandyrýar. Şol nökerden hem uly türkmen tiresi emele gelýär. Bu rowaýat. Emma rowaýatyň aňyrsynda hakykat hem bar. Dünýädäki iň beýik hasaplanýan ikinji açyşy türkmenleriň edendigini buýsanç bilen nygtamak isleýärin. Arheologlar Altyndepeden mundan alty müň ýyl ozal toýunyň ýüzüne çekilen dört tigirli, öňüne düýe goşulan arabajygyň şekilini tapdylar. Bu eýýäm tigriň türkmen topragynda tapylandygyna hem-de düýeleriň şu toprakda ilkinji bolup eldekileşdirilendigine kepil geçýär. Eýýäm bu dokument! Ýeri gelende, dünýäde ilkinji bolup türkmen topragynda birnäçe haýwanlaryň eldekileşdirilendigini aýdaýyn. Şol eldekileşdirilen haýwanlaryň içinde atlar, sygyrlar, towuklar bar. «Ilkinji kämil bedew atlar türkmen topragynda kemala getirilipdir, lkinji owadan halylar türkmen topragynda döredilipdir, ilkinji araba türkmen topragynda ýasalypdyr» diýip öwünip bileris, ýöne men muny asla öwünmek üçin aýtmaýaryn. Biz, näme, ata-babalarymyzdan kemmi? Biz şu gün dünýäni haýran edip biljek nämeler edip bileris, ertir biziň nesillerimiz biz babatda näme aýdyp, näme diýip öwünerler? Ynha, men şuny nygtajak bolýaryn. Biziň öz aslymyzy düýpli bilmegimiz gerek. Öz aslymyzy gowy bilmeýänligimiz sebäpli, käteler ýalňyşlyk goýberýäris. Ýigriminji, otuzynjy ýyllar hakda kino surata düşürenlerinde, hökman gara öýi otlaýarlar. Aslynda bolsa keçe ot almaýar. Türkmen öýi ýanmaýar! Ýanmaýanlygy üçin ol türkmen öýi. Ot söndüriljek bolnanda, üstüne keçe atylýandyr. Keçe bilen ot söndürilýär. Kinoçylar gara öýüň ýanyp durşuny görkezjek bolup, kinony surata düşürjek bolanlarynda, gara öýleriň üstlerine bedre-bedre benzin dökýärler. Tomaşaçylaryň aňynda bolsa türkmen gara öýleri şeýdip ot alýan eken diýen nädogry düşünje döreýär. Biz ahal-teke atymyzy wasp etme kemini goýamzok, ýöne kinolarymyzda, eserlerimizde dünýä belli atymyza mahsus bolmadyk işleri etdirdik. Atdan ýykylmak, ata basgylatmak, eýesini taşlap gitmek. Türkmen bedewi üstünde oturany ýykmaýar! Türkmen bedewi adamogluny süýremeýär! Türkmen bedewi eýesini taşlamaýar! Gaýtam, eýesine howp abansa, çarpaýa galyp, eýesini goraýar. Uzyn boýun – owadanlyk üçin däl. Uzyn boýun – göni gelýän oka galkan. Öňünden seredeniňizde atyň üstünde oturany görmersiňiz. Kinoçy, ýazyjy eserini gyzykly etjek bolup, üstünde oturany atdan ýykýar. At üstünde oturanyň ýagdaýyny gaty gowy bilýär ahyryn. Ol çalajan eýesini hem ynjytman uzak menzil aşyp bilýär ahyryn, aç öljegem bolsa, bedew eýesini taşlamaýar ahyryn! At eýesini süýremeýär. Atlar aglasa, ýetmiş ýylda özüne atylan töhmetler üçin aglar. Zorluk-zomluk edilse, at janawer adam süýremeli bolar, adam gapmaly bolar. Gaçmalam bolar. Atlara zorluk-zomluk edilmesin! Türkmen geçmişde aty diňe owadanlygy üçin söýmändir. Türkmeniň göwni ýetýän bolsa, aňyrsynda bir gudrat bolmaly. Türkmen geçmişde aty wepalydygy, ýürekdeşdigi, düşbüdigi, ýykmaýandygy, süýremeýändigi, başyna iş düşende taşlap gitmeýändigi, duşmanyny özüçe ýigrenip bilendigi üçin gowy görüpdir. Bedewi wasp etmek – türkmen topragyny wasp etmek! Türkmenistan – ahalteke bedewi! Osman ÖDE | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |