15:26 Türkmençilik: Adyñy ýitirme! | |
ADYÑY ÝITIRME!
Türkmenler islegli, halar adamyna guwanjyny duýdurjak bolsalar: "Adyňdan aýlanaýyn!", "Adyña döneýin!" diýýärler, tersine, gargyşy-da at bilen baglaýarlar: “Adyň ýitsin!” Iliň gözünden düşenlere "at ýitiren” diýýärler. At dakylan çaga “Adyna eýe bolsun” diýip, dileg edýärler. Türkmenlerde ilki at aýdylyp tanyşmak ýörgünli bolmandyr. Öňi bilen seniň haýsy tiredenligiň, kimlerdenligiň soralypdyr. Bu kada adam adyna sarpa goýulmaýandygyny aňladanok. Eger saňa at beren toparyň, maşgalanyň abraýy, döwleti äşgär bolsa, seniň adyň bilen hökman gyzyklanarlar, tersine bolan ýagdaýynda adyňy biljek bolup azara-da galyp oturmazlar: hä, senem şol biabraýlaryň birisiň-dä! diýen manyda ýüzlerini sowarlar. Şeýle anekdot aýdylýar. Eşek atly bir kişi ulalyp, adyndan utanyp ýören ekeni. Bir gün öýüne ýaşululary ýygnap, hezzet-hormatlansoň: "Men şü Eşek adymdan halys irdim, başga at dakyň, Iň bolmanda Kürre diýiň welin, Eşek adyny bir aýyryň" diýipdir. Ýaşulular: "Parhy näme diýenmişler, kürre-de ulalyp eşek bolar-da." Adyňy üýtgetmegem ykbalyňy üýtgetjek bolmak ýaly bir zat. Ene-atasynyň dakan adyndan dönýän adamy türkmenler nälete mynasyp görüpdirler. At hem ömür ýaly bir gezek berilýär diýip düşünipdirler. Ezraýyl adamyň janyny alsa-da, adyny alyp bilenok. At çagalaryňa, il-günüňe senden galýan miras. Adam ölenden soň ady bilen ýaşaýar. Adynyň alkyşda ýa-da gargyşda ýatlanmagy her adamyň ömrüniň manysy bilen bagly. Geçmişde türkmenler çaga at dakmaga juda irnik, juda oýlanyşykly çemeleşipdirler. "Öz göbegini özi kesen" diýilşi ýaly, çaga at almaga mynasypdygyny bildiräýjek närsä ýüz urýança garaşypdyrlar. "Gorkut ata" eposynda Derse hanyň at dakylmaly ogly meýdana çykyp, başa-baş garpyşyp, äpet bugany öldürýär. Gorkut ata edermenligine mynasyp görüp, oglana Bugaç diýen at berýär. Eposdan ýene bir mysal: "Baý Bugranyň ogly bäş ýaşyna girdi, bäş ýaşyndan on ýaşyna girdi, on ýaşyndan on bäş ýaşyna girdi. Bir syratly, edepli ýigit bolup ýetişdi. Ol zamanda bir oglan baş kesmese, gan dökmese, oňa at dakylmazdy. ...Baý Bugra beg aýtdy: — Näme, meniň oglum baş kesip, gan dökdümi? — Hawa, baş hem kesdi, gan hem dökdi. — Onda bu oglana at goýarça bar-da? — Hawa, soltanym, näme etseň bärsinden gaýdýar. Bugra beg galyň oguz beglerini çagyrdy, uly myhmançylyk geçirdiler. Dädem Gorkut geldi, oglana at goýdy." Bu ýerde at almagyň iki manysy bar, birinjisi: has at, ikinjisi: il arasynda edermenligiň bilen adygmak. Golaýlarda-da türkmenlerde çaga ýalan hem çyn at bermek däbi bardy, men muny ýokarky däbiň esasynda dörändir diýjek. Çaga on-on bäş ýaşa ýetip, at almaga mynasyp iş görkezýänçä ýalan ady göterendir diýse bolar. Her halky, her adamy beýlekilerden parhlandyrýan ilkinji alamat onuň adydyr. Her birimiziň taryha, geçmişe näderejede dahyllydygymyz hem öňi bilen geçen arkalarymyzyň adyny bilmegimize baglydyr. Döwleti bolmadyk, çarwa ýagdaýda göçüp-gonup ýaşan türkmen sowet häkimiýetiniň ýyllarynda uçdantutma ylymly-bilimli bolan-da bolsa, bu zerurlygy duýmandy, synpy ideologiýa geçmişi garaňkylygyň, dowzahyň, adalatsyzlygyň simwoly hökmünde kalbymyza guýany üçin, ony bilmäge, seljermäge höwesem ýokdy, gaýta oňa biparh, dahylsyz garap, syýasy taýdan düşünjeliligimizi görkezýändiris öýdýärdik. Maşgalalaryň aglabasynda nesil daragtynyň aňyrdan gelýän ýazgysy ýokdy, bolaýan ýerinde-de synpy göreşiň döreden şübhesi ony howply dokumente öwreni üçin, ýa-ha ýok edýärdik, ýa-da agyr sandygyň düýbünden çykarmaga ätiýaç edýärdik. Perzentlerde geçmişi bilmäge höwes dörän mahalam, eýýäm ýedi arkaňy aýdyp beräýjek belet gojalar dünýäden ötüp gidipdiler. Gadymy taryhda ygtybarly çeşmeleriň galmandygy üçin, biz bu gün öz halkymyzyň adyny anyklaşdyrmagyň aladasyna gümra. Her kim bir delil getirýär. Bir alym: türkmen sözi yslamy kabul eden türklere türki-iman diýlip, şondan gelip çykypdyr diýse, ikinji biri: pars dilinde türk köplük sanda türkan, soňrýa turkmen diýlipdir diýýär. Alymlaryň arasynda üçünji bir delili goldaýanlar agdyklyk edýär: Syrderýa sebitlerine golaýlaşan oguzlara parsça türk manend diýipdirler, ýagny, türke meňzeş, şundanam turkmen adyny alypdyrlar. Türkmeni Oguzhanyň juda gadymky nesline gös-göni baglaýan alymlaryň arasynda tir-kemandan türkmen sözi gelip çykypdyr diýen pikir bar. Men bu çaklamalaryň haýsydyr birine gol ýapmakçy bolman, “türkmen” diýen adyň ençeme taryhy döwre galtaşyp bilýändigine ünsi çekmekçi bolýaryn. Alamatlaryň köplügi adam atlaryna-da mahsus. Olardaky syrly manyny aňlamak üçin duýgurlyk gerek, duýýan adam atlardan täsin öwüşgini aňýar. Belli sazanda Ýazgeldi Kuwwat ýoldaşlary bilen toýa barypdyr. Howa yssy ekeni. Gelnalyjynyň şagalaňly pursatyna gabat gelenleri üçin, öý eýesi olary bir tamda oturdyp, howlukmaç gidýär. Ýazgeldi halys suwsap, çaý gelerine garaşyp, sabryny ýitirýär. Öý eýesiniň ady-da hakydasyndan uçýar. Ahyry oturanlaryň birini gyssap: "Bar, git-de tapsana ýaňky ýigidi – diýýär. – Ady nämedi şoň, tapsana, hüjräň, harabaň ysy gelip duran ady bardy-laý" ...Öý eýesiniň ady Isgender ekeni. Görüň, Isgender diýen at sazandanyň beýnisinde Isgender Zülkarnaýyn bilen, gadymyýet bilen utgaşykly duýgy galdyran ekeni. At hakydasynda durmadygam bolsa, oňa mahsus duýgy galypdyr. Her halkyň, şol sanda türkmeniňem adam atlaryna garap, belli bir derejede onuň taryhyny, geografiýasyny, häsiýetini, däp-dessuryny, din-imanyny, etnografiýasyny, düşünjesini, syýasy-ykdysady durmuşyny kesgitläp bolar. Her at bir tapmaça, onuň çözgüdini yzarlap, halkyň taryhyny doldurmagyň birgiden, açaryny tapsa bolar. Türkmen halky tirelerden, taýpalardan, illerden düzülýär. Şu düzümiň iň ulusyndan iň maýdasyna çenli adam atlarynda beýany bardyr. Türkmene gadymyýetden çarwaçylyk mahsus. Çopan, Çoluk, Ýaýla... garaz çarwa düşüjesine dahylly sözleriň aglabasyny atlardan taparsyňyz. Türkmeniň mekany çöl, dag, düz. Sazak, Ojar, Gandym, Çerkez, Çeti, Borjak, Gülälek, Maýsa... ýurduň ösümlik dünýäsi, Ýolbars, Peleň, Arslan, Hyrslan, Torum, Sülgün, Tawus, Bilbilden başlap, Tilki, Horaz, Eşek, Kürrä çenli haýwanat dünýäsi adam atlarynyň aýrylmaz bölegidir. Çagalaryny al-arwah kakmasyn, Ezraýylyň ýoly sowa geçsin diýip, ene-atalar bela-beteriň gözüne çöp atarys diýen ynanç bilen jigerbentlerne Igli, Porsy, Italmaz, Kürre ýaly gulaga ýakymsyz atlary bermekden çekinmändirler. Ogul küýseýänler yzly-yzyna gyz bolýandygyny Biribara duýdurýan ýaly Bessir, Doýduk diýipdirler. Sada halkyň Allanyň gudratyna ynanjy sözlere geçip, daşa ýazlan ýaly durnukly, üýtgewsiz many beripdir, olary jadylaýjy güýje öwrüpdir. Biz muny adam atlarynda duýýarys. Kabir halatda olar keramaty bilen adamlaryň arasyndaky gatnaşygyň netijesini aňladýar diýseň-de bolar. Çagalary durmadyk halatynda keramaty güýçlä nalyş edýärler, dogan çaga Dursun, Togta diýýärler, nalyşlary ýerine düşende keramatlyny habardar edýän ýaly Durdy, Oguldurdy, Hudaýberdi, Alladurdy diýen atlary saýlamak bileň bu sözlere öz kanagatlaryny-da siňdirýärler. Döwrüň üýtgemegi, täze jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň ornaşdyran ynançlary zerarly adama at goýmagyň aňyrdan gelýän rituallary kem-kemden asyl manysyny ýitirýär. Soňky nesiller dini ýokundyly atlary göterenem bolsalar, şol atlaryň manysyňa laýyk ýaşamag-a beýlede dursun, ol hakda oýlanmagy-da unudypdylar. Allany inkär edip, dini ynançlaryň garşysyna işeňňir göreşýän hudaýsyzyň adynyň Hudaýberdi, Allaberdi, Allaguly bolmagy bizi geň galdyranokdy. Muny-da az gördük. Ýetmişinji, segseninji ýyllarda täze nesilleri sowet jemgyýetine laýyk döwrebap, owadan atlar bilen üpjün etmekden ötri, döwlet derejesinde guramaçylyk işleri başlanypdy, ony “täze däp-dessurlary durmuşa ornaşdyrmaly” diýen şygar astynda alyp barýardyk. Respublikan komissiýanyň adyndan ajaýyp atlaryň ýörite saýlanan düzümi ýerlere iberilipdi. Oba sowetlerinde, graždan aktlaryny hasaba alýan bölumlerde dogluş şahadatnamalary ýazlanda ene-atalara saýlantgy atlary hödürlemelidi. Çaganyň bolgusyz atlar götermegine jemgyetiň razy bolmajagyny duýdurmalydy. Soňra Şöhrat, Batyr, Serdar, Arslan, Merdan, Gunça, Guller diýen ýaly atlar şeýle bir köpeldi, soňabaka bu atlary şäher magazinlerine-de dakyp ugrapdylar. Eger şeýle ýörelge dowam etdirlen bolsady, on-on bäş ýyldan tutuş nesil atdaşlaryň nesline öwrülýärdi. Respublikan komissiýanyň agzasy hökmünde çykyş edip, adama at dakmak meselesine juda seresap çemeleşmegi, ene-atanyň isleginden, halkyň aňyrdan gelýän maşgala däplerinden ugur alyp, bu ritualyň pynhanlygyna sarpa goýmalydygyny duýduranym ýadyma düşýär. Hiç hili reaksiýa bolmandy. Gazet-žurnallardaky makalalaryň, radio-telewideniýedäki çykyşlaryň aglabasynyň on-on bäş sany saýlantgy jümleden ybarat mahaly, tutuş nesliň on-on bäş ady götermegi bolup biläýjek zatdyr. Bir tipli proýektler, bir meňzeş köçeler, bir meňzeş jaýlar şäherleri, obalary bir görnüşe getirýärdi. Geçmişden gelýän geografik atlaryň tas hemmesiniň üstüne atanak çekilipdi, oba, şäher, köçe atlary agalyk edýän ideologiýanyň aýnasyna öwrülipdi. Soýuz möçberinde amala aşyrlan bu hadysanyň netijesini akademik Lihaçewdan takyk aýtmak mümkin däl. "Eger bir ýeri başga bir ýerden, bir obany başga bir obadan, bir şäheri başga bir şäherden, siziň hususy öýňüzi goňşularyňyzdan tapawutlandyrýan indiwidual aýratynlyklar ýok halatynda, bütin ýurt gyzyksyz, tukat çölüstanlyga, onuň ýaşaýjylary bolsa, dogduk mekanyna söýgüden mahrum adamlara öwrülýär" diýip, "Заметки о русском" atly kitabynda ýazýar. Diňe bir ideologiýanyň agalygy, onda-da millet diýen düşünjeden ýokary goýlan ideologiýanyň zorlugy halkyň milli aýratynlyklarynyň ýitmegine, onuň aňladyjysy bolan türkmençiligiň ýitmegine getirdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |