11:07 Türkmençilik: “Aýalyny öwen – akmak” | |
"AÝALYNY ÖWEN - AKMAK"
Türkmenlerde: "Aýalyny öwen – akmak" diýen nakyl bar. Bu söze nähili düşünmeli? Aýallary äsgermezlikden, sana salynmazlykdan dörän sözmükä? Kommunistik ideologiýanyň tutumyndan garasaň, bu sözde aýallaryň mertebesini kemsitmek duýulýar, garaňky geçmişde olar dilsiz-agyzsyz mahluk derejesinde görlüpdir, maşgalanyň agyr keşigini çekýän, erksiz hyzmatkär bolupdyrlar. Eger halkyň ahlak-medeni derejesini kesgitlemekde onuň zenanlara gatnaşygy esasy görkezijileriň biridir diýsek, onda ideologiýanyň gelen netijesine görä, geçmişde türkmen halky ahlak-medeniýeti babatda juda gözgyny ýagdaýda ýaşapdyr diýmeli. Şeýle-de diýildi! Geliň, türkmeniň taryhyna, ruhy baýlyklaryna ser salyp göreliň. "Gorkut atada" Baýandyr hanyň toýundan perzentsizligi zerarly agyr kemsitmä duçar bolan Derse han öýüne dolanan dessine ogulsyzlygy üçin aýalyny kötekläp başlasa gerek diýýärsiň, beg adamlaryň tekepbirligi özüňize belli, güm bol, men başga heleý aljak diýip, topalaň turzanda-da etjek alajyň ýok, baý-feodal garaýyşly adamdyr-da! Derse han biziň synpy ynanjymyzyň tersine, aýalyna şeýle sözler bilen ýüzlenýär: Bäri gelgil başym bagty, öýüm tagty, Öýden çykyp ýörnende, selbi boýlym, Topugynda sarmaşanda gara saçlym, Gurulgy ýaýa meňzär - çatma gaşlym, Goşa badam sygmaýan dar agyzlym, Güýz almasyna meňzär - al ýaňaklym, Hatynym, diregim, tüwlegim! Derse han aýalyna maslahat salýar, aýalynyň aýdanyna eýerip, haýyr-sahawata baş goşýar. Hemişeler türkmen maşgalasynda är-aýal gatnaşygy, duýgular, ýyly sözler juda pynhanlyk perdesine örtülipdir. Otuz-kyrk ýyl ozal bir rus adamynyň aýdany hakydamdan çykanok: türkmenlerde är-aýal ikiçäk galanlarynda-da ogşaşýandyrlar öýdemok diýipdi. Dogrudanam, näz-kereşme edilip, ýa-da ýürekdeşlik sözlerini aýdyşyp oturlanyny keseki gulaga eşitmek gaty kyn bolupdyr. Başgalaryň ýanynda äriniň adyny tutmagam aýallara edepsizlik görlüpdir, "pylanynyň kakasy" diýip ýüzlenipdirler. Kesekiniň ýanynda birek-biregiň gürrüňini etmek, zeýrenmek sarpasyzlyga, biwepalyga deňelipdir. Öwme-de, syndyrma-da, syryňy pynhan sakla. Maşgalada aýalyň öz orny, öz sözi bar, olaryň zerurlygyny maşgala eýesi ykrar edýär, ýöne ony ile ýaýanok. Bu ýagdaýy halkyň ruhy baýlyklarynda-da görüp, duýup bolýar. Görogly beg bir pişä baş goşjak bolanda, öňi bilen aýaly Agaýunusa maslahat salýandyr. Şu aýdylanlardan soň täsin bir paradoks ýüze çykýar. “Aýalyňy öwmek akmaklyk” diýen halkyň şygyrýet dünýasiniň tutuş süňňi zenanlaryň waspyna ýugurlan. Mollanepesiň arşa göteren zenanlaryny hyýalyň belentliginden göz öňüne getirip otyrkaň, zenan gözelligini Alla şahyrlar üçin ýaradan bolmasyn diýýärsiň. Türkmen zenanlarynyň şahyr ýürekden çykan waspyny bagşylar aýdyma öwrüp maşgalada, ojak başynda aýdyp, adamlaryň gulagynda ömürlik galar ýaly edipdirler. Aýalyny öwmegi akmaklyk saýan erkekler aýallaryň waspyna höwes bilen gulak asypdyrlar, hersi öz ýarynyň waspyny eşidýän ýaly owsun atyp diňläpdirler, ýöne waspnamanyň belli adrese ýüzlendirilmegini islemändirler. Türkmen aýallarynyň waspa mynasyp mertebesini keseden gelenler hem seljeripdirler. Rus syýahatçysy N. Karazin şeýle ýazýar: "Türkmen aýallarynyň owadanlygy jedelsiz. Olar Orta Azyýanyň aýallarynyň arasynda gowy sypatlary bilen juda tapawutlanýarlar, ýöne olaryň gözelligi ýowuz alamatda bolansoň, beýle bir özüne çekibem baranok. Turkmen aýallarynyň, hatda gyzlarynyň arasynda-da näzik ýüzlülerine seýrek duşsa bolýar. Inçesagt, syrdam, hemmesi diýen ýaly uzyn boýly. Gara gözlerinde sowuk hem gaharly garaýyş bar. Ýuka dodaklary berk ýumlan, hereketleri çakgan. Şu alamatlary synlanyňda gadymy amazonkalaryň klassyky keşbi göz öňünde janlanan ýaly bolýar." /”Sredi turkmen teke”, žurnal "Niwa", 1879 g./ Şu setirleri okan adam "Gorkut ata” eposyndan ogly Orazy duşman elinden almak üçin oguz beglerinden galman ata çykan Burla hatyny göz öňüne getirse gerek: “Boýy uzyn Burla hatyn bolsa, Garkogan diýen duşman begini gylyçlap agdardy” diýip ýazylypdyr. Derse hanyň hatyny ogly Bugaçy ýitirende gözýaş döküp, ejizläp, öýüniň dulunda aglap oturanok. Ýanyna kyrk kenizini alyp, bedew ata atlanyp, meýdan sary çykyberýär. Gaňly goja ogly Hantöreliň göwün beren Salyjany ýagyň üstüne söwer ýary bilen bile topulýar. Epos muny şeýle teswirleýdr: "Salyjan hatyn muny beýle gördi, içine ot düşdi, bir bölek gaza laçyn daran kibi duşmana at saldy, ol ýüzüniň ugruna öňünden çykanlary bir ujundan gyryp, ol ujuna çykdy." Türkmen dessanlarynda, eposlarynda ýaraga erk edip, duşmanyň garşysyna çykan zenanlara hakyky gahrymanlaryň keşbi berlipdir, ideallaşdyrlypdyr. Bu ýerde durmuşdan gözbaş alnandygyny hiç kim inkär edip bilmez. Biz taryhymyzy seljermekçi bolanmyzda synpy ideologiýanyň göwnüni görjek bolup, hakykata bir taraply çemeleşdik, ýokardan goýberlen taýyn shema, ölçege görä netije çykardyk. Ýene Jeýms Frezeriň ýazgysyna ýüzleneliň: "Türkmenleriň adatyna görä, erkekler belli bir möçberde düýe, dowar, iri şahly mal berip, özlerine aýal satyn alýarlar. Hyzmatkär hökmünde aýallaryň başarnygyna uly baha berilýär. Aýallar diňe bir öý hojalygyna seretmek bilen oňanoklar, olar satuw üçin senetçilik harytlaryny hem öndürýärler. Erkekler welin, galtamançylyk edäýmeseler, başga pişä o diýen üns berenoklar. Aýal söwdasynda bir geň ýagdaý bar: başy boglanyna telim ýyl geçip, dul galan aýallar ýaş gyzlardan has gymmat. Gyzlara iki ýüzden dört ýüz rupiýa çenli tölenýän bolsa, dullara birnäçe müň rupiýa töleýärler. Gyzyň adaty bahasy bäş düýe. Doly güýjündäki dul aýalyň bahasy elliden ýüz düýä çenli galýar. Geň galaýmaly söwdanyň öz sebäbi bar. Öň durmuş gören aýala maşgalany dolandyrmagyň tärleri aýan, keşigi ezberlik bilen çekip biljek, ýa-da oňa senet öwredip oturmaly däl, belet. Äre-de şu gerek. Elinden dür dökülýän aýallaryň parhy ýokary, gadyry başga. Gymmat bahany olaryň özleri-de keserdip goýup bilýärler." Haýsydyr bir ideologiýanyň nukdaýnazaryndan del-de, hakyky durmuşyň şertlerinden garasak, bu aýdylanlarda geň-taňlyk ýok. Fakt neneňsi ýowuz bolsa-da, aýallaryň mertebesi basgylanýan ekeni diýip, howsala duşmäge-de esas ýok. Türkmenler: "Arzanyň arzysy ýok" diýipdirler. Totalitar düzgün, onuň daýanýan ileologiýasy hemişe adamy ikiýüzlülige ram etdirýär. Biz ýetmiş ýylyň dowamynda geçmişde aýal-gyzlarymyzyň mertebesi basgylandy, kemsidildi diýip gygyrdyk oturdyk. Edil şol mahalam "mertebeleri belende göterlen" aýal-gyzlarymyz pagta meýdanlarynda surnukdyryjy jöwza diýmän, aňzak gyş diýmän, billerini büküp, zäherli himkatlary sorup, ertirden agşama der döküp işleýärdiler. Olaryň sosialistik zähmete şeýle ezber imrikdirilişlerini erkekler bilen deň-hukuklykdan nyşan diýip bilýardik, magtanýardyk. "Bagt paýyny alan" görgüliler uçdantutma diýen ýaly azganlylykdan ejir çekýärdiler, göwrelerindäki çagany dogurmaga güýç tapanokdylar. Şirin janlaryna kast edýän gelin-gyzlaryň tragediýasynyň sosial sebapleri barada metbugatda çykyş etmek gadagandy. Muňa derek ýene garaňky geçmşi ýepbeklemegi dowam etdirýärdik, aýallara baý-feodal garaýyşlar dowam edýär diýýärdik. Hakykaty seljermegiň deregine: "äý, bolýa-da" diýip oňýardyk, soňam türkmeniň "äý, bolýadasy" gursun diýip, öz ýanymyzdan käýinerdik. Telek işe öz ýanyndan käýinip oňmak türkmenlere häsiýetli zat. Munuň sebäbini erksizlikden, sosial passiwlikden gözlemeli. Bu passiwlik özüne laýyk delil hem tapýar: beterinden saklawersin diýilýär, şeýle diýmek bilen gözi gorkudaky adamlar özlerini biraz arkaýynlaşdyrýarlar. Bu ýagdaýdan fatallygyň alamatlarynyň duýulýandygyna garamazdan, turkmençilige fatalizm häsiýetli diýmek bolmaz. "Äý, bolýadany" jähennemçilige ýöňkäp ýörenlerem bar, ýöne ol jähennemçiligi ýa-da biperwaýlygy aňlatman, döwlet maşynynyň ägirt güýjüniň, zorlugynyň öňünde alaçsyzlykdan bir nyşandyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |