06:56 Türkmençilik: Dokumentden soñky oýlanma | |
DOKUMENTDEN SOÑKY OÝLANMA
Synpy ideologiýanyň rehimsiz oýnundan dörän bu fakt aýylganç hem bolsa, sowet adamyna geň däldi. Halk öňinçä otuz ediniň apatyny başyndan geçiripdi. Geň görmäge bu ýerde başga bir zat bar: Kösäýew, Garryýew, Abdalow ýaly ylymly-bilimli adamlaryň otuzynjy ýyllaryň tut-ha-baslygyndan aman galyşlaryny diý! Bu säwligi düzetmek üçin ellinji ýyllaryň başynda gaýtadan gaýrata galynypdy. Student ýyllarym rus tankytçysy Belinskiniň türkmen dilinde çykarlan bir tomlugyna Orazmämmet Abdalowyň ýazan sözbaşysyny okap, haýran galypdym, bu alymyň düşünjesiniň giňligine, çuňlugyna, türkmende-de munuň ýaly alym adamlaryň bardygyna guwanypdym, ýöne onuň ykbalyndan bihabardym. Abdalow tussaglykdan boşap kinostudiýada işläp ýörkä ony görüpdim, tanşypdym. Onuň assa-haýal gürleýişi, seljeriji nazary, köpmanyly dymmasy gözüniň ody alnan nesliň häsiýetli alamatyna öwrülipdi. Şol alamat Mäti Kösäýewe-de mahsusdy. Menem uniwersitetde ondan sapak alanlaryň biri, soňra biraz goňşuçylykda ýaşamak miýesser edipdi. Öz nesliniň keç ykbaly, gowgaly döwrüň derdeseri deşli, süňklek, ýüzi nurana adamyň süňňüni lagşadaýan ekeni, biz ony soň bilip galdyk. Ýüzi ýygyrt bilen torlanan, sähel gymyldy etse gara dere batyp, daljygyp oturan demigysmaly adam agyr zorluklara duçar edilip, ölmez-gülmez ýagdaýda: hany, indem bolşuňy göreli-dä diýlip, soňky synag üçin dowzahdan boşadylana meňzeýärdi. Ylyma-bilime başyňy sokup nätjekdiň. Tejeniň düzünde daýhançylyk edip, ömrüňi ötüreniň-de bolmadymy diýip, özüne käýinen bolmagy-da ähtimaldyr. Olaryň uly aladasy içki syrlaryny halaýykdan pynhan saklamakdy. Magtymguly: "Içki syryň aýtma her bir namarda, //Syryň ile ýaýyp paş eder seni" diýýär. Şahyryň öwüdine gol ýapmaga Mäti aganyň neslinde juda düýpli esas bardy. Asyryň başynda dünýä inip, asyryň iň aýylganç zorluklaryna, ezýetine duçar bolan bu nesil barada oýlandygymça, öz neslimiň ykbaldan beýle bir dilgir bolmaly däldigine göz ýetirýän. Türkmenlerde ilkinjileriň hatarynda alym adyny alan, ilkinji türkmen sowet romanyny ýazan Hydyr Derýaýew şol nesilden çykan görnüklileriň biri. Ömrüniň juwan çagynyň 19 ýarym ýylyny Sibirde tussaglykda, onuň özi aýtmyşlaýyn "Staliniň dynç alyş öýunde" geçirip gelen adam. Ol halys ynanaýýan adamlarynyň ýanynda wagtal-wagtal ýüregini açyp, lageriň dowzah durmuşyndan özi bilen bagly bolan wakalary diýseň tolgundyryjy äheňde gürrüň bererdi. Men oňa ýalbarardym: “Hydyr aga, sadagaň bolaýyn, bi gürrüňleriňi kagyza geçir, aýdyşyň ýaly ýaz, taýyn eser-ä bi! Hydyr aga, bi shema eýerlip ýazylýan galp eserleriň ömri ýokdur. Hä diýmän ýiter gider, okajagam, ýatlajagam bolmaz, ýöne, ine, bi gürrüňleriňiz galar, siziň nesliňiziň dogruçyl taryhy hökmünde galar. Hydyr aga, ikirjiňlenme-de, ýaz, sizden galjak ajap kitap bolar!” Meniň özelenmelerimiň hatyrasyna Hydyr aga käşgä böwrüni bir diňlesedi!.. Ýo-ýok, mizemez jogabyny aýdýan äheňde: "Ol wakalary ýazmak bolmaz!" diýerdi. Mäti aga-da “Gorkut atanyň" gopguny, tussaglyk döwri barada studentleriň öňünde dil ýarmazdy. Olary dowzahdan boşadanam bolsalar, "Gorkut ata" eposy ideologiýanyň zyndanynda bendilikde galypdy. Dymmaklygyň Mäti aga neneňsi ezýet berendigine indi düşünýän, her hereketini, aýdan tymsallaryny bir mana ýorýan. Ol hemişe içki pikirlerine gümra bolup ýören ýalydy. Gürrüňdeşleriniň, hatda auditoriýada oturan studentleriň hem ýüzüne seretmezdi. Onuň seretmeýäninden peýdalanyp, ekzamene taýýarlyksyz gelen studentler ökdejäniň birini gezek-gezegine özlerine derek jogap bermäge ugradyp duranmyşlar. Mäti aga-da gowy bahalar goýup oturan, ahyry: “Şu köwüş dördünji gezek gelýär, indi bes edäýiň” diýipdir, şonda-da studentiň ýüzüne garamandyr diýip, anekdot aýdylardy. Mäti aganyň studentleriň ýüzüne seretmezliginden ýokarky dokumentleri okanymdan soň täze bir many çykarýan. Belki, ol hemişe ätiýaç bilen ýaşandyr diýýän. Agzalan arhiw materiallarynyň berk saklanýandygyna garamazdan, bir mahal aýan ediljegini, özüne sylag-hormat goýýan okuwçylarynyň däde Gorkuda eden ikiligi üçin halypa mugallymlary barada etjek pikirleriniň gorkusy böwründe aýrylmaz sanja öwrülendir? Belki, aýanlyk pursatynyň biraz gijräk, özi ölenden soň gelmegini isländir? Eger şeýle bolsa, ol ýowuz hakykata studentlerini taýýarlap hem bilerdi, bolan hakykaty düşündirip, dokumentde aýan edilen halatynda ideologiýanyň gazaply oýnundan nähili netije çykarmalydygyny aýdyp hem bilerdi, emma bu barada dil ýarmagyň neneňsi howpludygyna onuň gözi ýetip durandyr. Her sözüni ençeme gulagyň hatyrjem diňleýäninden juda habarlydy. Dymmak, diňe gara ýer ýaly dymmak bala-çagalaryň arasyndan örjegiňe ýeke-täk kepildir, şuny birdem unutmaly dälsiň! Mäti agalar gabanjaň, ýekeçanak ideologiýanyň, ägirt imperiýany dolandyrýan rehimsiz sistemanyň elindäki alaçsyz zamunlara öwrülipdiler, ölinçäler onuň başa salan derdini çekdiler. Abdalowa medeniýet ugrunda işlemek gadagan edilipdi. Uniwersitetde türkmen edebiýaty kafedrasyna müdir bellenen professor Mäti Kösäýewi bolsa, soňra ”Ýazyjy Berdi Kerbabaýew Turanyň aksakalydyr" diýen sözüni bahanalap, söýgüli işinden kowup, ömrüniň ahyrynda öý bendisine öwrüpdiler. "Hä-ä, sen Turan sözüni dile getirip, ýene gadymyýeti küýseýänligiňi duýdurdyň-ow! Ertir ýene "Gorkut atany" diliňe alarsyň?" Şu ätiýaç Mäti aga babatda gelnen netijäniň esasy bolmaly. Mäti Kösäýewiň başyna gaýtadan inen pajyga onuň täk özüne degişli ýaly, ne bile işleşýän kärdeşleri, ne-de biz, onuň düýnki okuwçylary, adalatsyzlygyň, görnetin zorlugyň garşysyna dil ýarmaga, baş götermäge het edip bildik. Biziň hemmämiz hem ideologiýanyň girisindäki zamunlardyk. Mati Kösäýew entek işini tabşyryp ýetişmänkä kärdeşleriniň arasynda onuň kiçijik wezipesine eýe bolmak ugrunda ýowuz göreş, dawa başlanypdy. Bi tüýs biziň oňaraýjak işimizdi. Ýogsa, ol mahal Sowet Soýuzynda otuz ýedinji ýyllaryň zabunlygy gowşapdy, mahal-mahal Moskwa dadyňy ýetirse-de bolýardy, emma türkmen intelligensiýasy entegem geçmişiň gorkusy bilen ýaşaýardy. Mäti Kösäýewiň wekilçilik edýän görgüsiýaman nesliniň tragediýasy has ir başlanypdy. Olar köne mekdeplerde, medreselerde sowat almaga ýetişselerem, ömür ýolunyň manysyny kesgitläp biläýjek ynanja eýe bolmaga ýetişmändiler. Gögele ýetginjekleriň mundan beýläkki ýoly bolşewikleriň berkarar eden döwletinde dowam edipdi. Jar edilen täze ideologiýa ýaşlaryň kalbyna, salnan öňki düşünjeleriň tersinedi. Haýyr işiň sapaklaryny çepbesine çöwürdiler, ynanmaň, olar şer işdir! diýildi. Ynsap, wyždan hudaýyň öňündäki borç bilen baglylykda ölçelmeli däldi, hudaýy düýbünden inkär edýän täze düşünje ygrarlylygyň bilen ölçelmelidi. Bu nesliň kalbyna şol wagt aýylganç ikilik salnypdy. Çagalykda kalba siňen köne düşünjeler wagtal-wagtal dömüp çykýardy, bir pursat täzä şübheli garamak islegi döreýärdi, bu endik olaryň kalbynda täze ideologiýanyň mizemez ynanja öwrülmegine päsgel berýärdi. Päsgelçilikler diýip halkyň anjaýyn däp-dessurlaryna, diniň ündeýän haýyr-sahawatlaryna, "Gorkut ata" eposy ýaly ruhy baýlyklara hormat-sylaga düşunse bolar. Täze ideologiýa şahsy garaýyşlaryň, şahsy inisiatiwanyň bolmagyny islänokdy, nämäni söýmegi, nämäni ýigrenmegi onuň özi synpy nukdaýnazardan saýlap bermelidi. Saýlanana boýun bolmak seniň ejizligiňi aňlatman, täze jemgyýete wepaly täze adam bolup kemala geleniňi aňlatmalydy. Indi köne düşünjelere orun bolup bilmez! Köplenç halatda ynanja däl-de, zorluga daýanýan bolşewistik ideologiýa Kösäýew, Abdalow ýaly adamlary ömürlik dymmaga mejbur eden hem bolsa, olaryň kalbyna mizemez ynanç bolup girmegi başarmandy. Şu nesil bilen bagly ýene bir gürrüňi aýdaýyn. Kyrk dokuzynjy ýylda türkmen pagtaçylarynyň aklyny haýran eden gudrat döräpdi. Gowaçanyň açylmaga ýetişmedik köreklerini ardýan maşyn çykdy. Öň uzak gün ýygnan köregiňi gije ýatman ardyp, irden pagtasyny tabşyrmalydy. Körek maşyny türkmeni bir azapdan dyndarypdy diýse bolar. Daýhanyň on barmagynyň azaryny azaldyp, ýadaw gözlere ukyny dolap getiren şol maşynlardyr. Şol ýyllar Wekilbazar etrabynda Ýagşy işan atly köneden-täzeden sowatly molla adam ýaşapdyr. Ideologiýa işgärleri bu goja kişini sowet düzgünini unamaýan zannyýaman hasaplapdyrlar. Ýokarda ýörite iberlen ygtyýarly wekil Ýagşy işany toba getirmekçi bolýar. “Işany getiriň!” diýip, buýruk berýär, Ýagşy işany desbi-dähil pagta harmanyna alyp barýarlar. Düýnki ýyglan depe ýaly üýşmek körekden bir gapdalda çaňňalak, bir gapdalda-da ganar-ganar arassa pagta galypdyr. Egni gaýyş paltoly abaýtoş wekil Ýagşy işana ýüzlenýär: "Hä-ä, köpbilmiş işan, sowet tehnikasynyň bu gudratyna näme diýersiň? Eger ynsaba tokunýanyň çyn bolsa, boýun almaly sen!" Ýagşy işan wekili başdan-aýak synlandan soň: "Ýigit, juda ýylmanak görunýäň, kim bolarsyň?" diýýär. Onuň ýokardan iberlen ygtyýarly adamdygyny eşiden Ýagşy işan: "Heýlemi!" diýýär-de, körek maşynyny synlamaga durýar. Içinde-daşynda ýeke şaýyny sypdyrman gözden geçirýär, ululy-kiçili çekileri elleşdirip görýär. Kanagatyny ýitiren ygtybarly wekil: "Hä-ä, boýun alýaň gerek!" diýip gygyrýar. Ýagşy işan aljyraman, gyssanman jogap beripdir: ”Ýagşy ýigit, bu zeýilli maşyn Emrikada 25 ýyldan bäri bar. Ygtyýarly wekil Ýagşy işanyň üstüne topulanmyş diýýärler. Mati Kösaýewiň nesli öz taryhyny ýazyp bilman gitdi, ony dogruçyl ýazmak soňky nesilleriň borjy. Emer-damarymyza siňen totalitar ideologiýanyň ynançlaryndan arassalanmasak, ol taryh entegem ýazylmaz, ýazýarmykak öýtsegem bolmaz, ideologiýanyň nobatdaky oýnuna öwrüler. Sowet zamanynda biziň respublikamyza gelip giden amerikaly žurnalist türkmenler hakynda ýazan makalasynda bir ýagdaýy belläpdir: hemişeler türkmenler mertebesini kemsiden adam bilen eline gylyç alyp gürleşer ekeniler, indi welin, seniň aýagyňdan ýazyşymy bir gör diýip, haýbat urýarlar. Bu gün olar gylyjy galama çalşyp, birek-birege töhmet atýan golsuz arzalar ýazmagy hiç zatça-da görenoklar diýipdir. Men türkmen hökmünde keseden geleniň beren häsiýetlendirmesini inkär edip biljek däl. Dogrudanam, sowetler döwründe türkmenleriň aňyrdan gelýän gylyk-häsiýetlerinde birgiden üýtgeşmeler bolup geçdi. Käbir adamlar: biz türkmençiligi ýitirdik diýýärler. Onda türkmençilik näme? Onuň kökleri nireden gaýdýar? Biz ony nähili ýagdaýda, haçan ýitirdik, onuň ýerini näme bilen doldurdyk? | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |