06:54 Türkmençilik: “Дустом пробовали?” | |
"ДУСТОМ ПРОБОВАЛИ?"
Ýetmişinji ýyllarda türkmenler hakynda şeýle bir anekdot aýdylýardy: Moskwadan gaýdan samolýot Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada golaýlanda stýuardessa maglumat berip başlaýar: “Dünýäniň iň uly çölleriniň biri Garagumda ýaşaýan türkmen diýen halk çydamlylygy, itjanlylygy bilen aklyňy haýran edýär. Asyrlaryň dowamynda gyşyň aňzagy, aýylganç tomsuň jöwzasy, gurakçylyk, keselçilik görgi ýamanyny görkezse-de, bu halk gutarmady. Çar tarapdan talaňçylykly çozuşlara duçar boldy, gutarmady. Basmaçylyk ýyllarynyň gandöküşligi-de, otuzynjy ýyllaryň tutha-tutlugy-da gutaryp bilmedi. Iki jahan urşunyň agyr pidalaryny çekdi, gutarmady, soňra güýçli ýertitiremeler... şonda-da gutaranok”. Yzky hatardan bir ýolagçy gygyrypdyr: “А дустом пробовали?” (“Awy berip gördüňizmi?”) Anekdotlar ýöne ýerden döremeýär, olara gysgajyk taryh diýýärler. Hawa, дустом пробовали, onda-da nähili! Men häzir 58 ýaşyň içinde, oturyp-oturyp henize deňiç ölmän ýörenime haýran galýaryn. Çagalygym Mary raýonynyň "Synpy göreş" kolhozynda geçdi. Biz sowet eýýamynda, onda-da inçe süýümli ýüpek pagtanyň mekanynda ýaşaýandygymyza buýsanýardyk. 1949-njy ýylda ýaňy hasyla duran gül-pürçük gowaça gurçuk (soýka) düşdi. Betbagtlygyň garşysyna uruş yglan edildi. Asmandan samolýotlar, ýerden traktorlara, adamlaryň ýagyrnysyna baglanýan pürküji enjamlar bir aýlap DDT - dusty, daýhanlaryň dili bilen aýtsaň, awy dermanyny sepdi. Ir ertir, giç öýlän şemalsyz howada dustuň ak çaňy ekin meýdanlaryny, obalary gaplap alýardy, uly-kiçi, ýerden ýörän boýnundan çüýşe asyp, dustuň tozanyna demigip, gunçalaryň, gozalaryň içini iýip ýatan gurçuklary çöpleýärdiler. Kyrk gradus yssyda, jyzyrama günüň aşagynda daň atandan gün batynça iş dowam ederdi. Eşikleriňe gowaça şiresi, çaň-tozan siňip, saň-gaty bolar, üst-başyň dustuň tozanyndan akjaryp durandyr, iýýän çöregiňden, içýän suwuňdan aňkap ysy geler. Samolýotlardan sepilýän awy ýaplardan akýan suwuň ýüzüne gatlak bolup düşer, haýwan-u-ynsanyň içýäni şol suwdur. Şäherden sürlenşip gelýän ak kitelli emeldarlar, agronomlar awynyň adam janyna zyýany ýok, ol diňe gowaça düşen gurçugy öldürmeli diýýärdiler. Ynanýardyk. Hiç zat diýilmese-de, sorajak adam ýokdy. Pagta biziň nanymyzdy, janymyzdy. Pagta hasyly köýenden, goý, biziň şirin janymyz köýsün! Janymyzyň gaýgysyny etmelidir diýen pikir kellämize gelmese nätjek! Biz dünýäde iň güýçli, iň rowaç ýurtda ýaşaýandygymyza buýsanýardyk. Türkmeniň güler ýüzli, sagdyn çagasy diňe sowetler zamanynda döredi, garaňky geçmişde olar aýylganç kesellere çydaman, siňek kimin gyrlypdylar diýip, mugallymlarymyz aýdardylar, gazetler-de ýazardylar, okuw kitaplaryndan okardyk. Ynanýardyk. Şu döwurden takmyn kyrk ýyl soň meşhur iňlis alymy, syýahatçysy Jeýms Frezeriň 1825-nji ýylda çykan "Horasana syýahatyň beýany" atly kitaby elime düşdi. Frezer türkmeniň çagalary hakynda şeýle ýazan ekeni: "Her oba baranymyzda çagalaryň uly toparyna duş gelendigimizi özüm tassyklap biljek. Hyzmatkärlerimiň biri haýran galyp gygyrdy: "Bular edil garynjanyň öýünden çykýan ýaly-la!" Olar daýanykly, sagdyn çagalardy, hemmesi ýalaňaç diýen ýaly. Bu kartinany synlap, guwanman durmak mümkin däldi. Ýaňy aýak biten çagalaram arkaýyn, hiç zatdan heder etmän, derýajyga girip, suwda pažžyldaşyp ýörler. Bu görnüş, megerem, ýewropaly eneleriň zähresini ýarardy". Elbetde, biziň asyrymyzyň kyrkynjy ýyllarynda iňlisçe ýazlan bu kitap elimize duşäýen bolsady, oňa iňlis içalysynyň etmişi hökmünde garardyk, ol baýlaryň dogmalaryny suratlandyrandyr diýip, synpy möhrümizi basardyk. Biz welin, garyp-gasarlykdan bagtly sowet zamanyna ýeten çagalar, watanyň bähbidiniň hatyrasyna dustuň ysyna bada-bat öwrenişdik gitdik. Soňra bize, on-on iki ýaşly oglan-gyzlara dusty el bilenem sepdiripdiler. Awynyň eliňe ýakymly ýumşaklygy, şemala düşende turuzýan ak tozany biziň köhümizi getirerdi, dogrusy, ony kirşeniň tozanyndan tapawutlandyrybam durmazdyk. Butafos ýaly soňky çykan has zäherli himikatlaryň ýanynda dust dagy baýaky bir zat boldy galaýdy. Dust türkmeniň öýüne, gündelik durmuşyna aralaşdy gitdi. Garynja, syçan köpeliberse-de, derrew dust seperdik. Altmyşynjy-ýetmişinji ýyllarda Hanhowuz düzlüginiň zeýli kepbelerinde süňňüni çüýreden obadaşlarym çybynyň, büräniň, aýakçynyň derdeserine çydaman, düşeklerine dust, aerozol sepip ýatandyklaryny gürrüň berýärler. Bir gezek meýdanda galan erkekler hamyr edipdirler. Çakyny bilen däldirler-dä, hamyr biraz suwuk bolupdyr, kendirikdäki un gutaransoň, kepbäniň içinden galan-gaçan gözläpdirler. Bir burçda jamyň düýbündäki ak zady undur öýdüp, hamyra goşupdyrlar. Kepbäniň eýesi gelende jamdakynyň dustdygyny bilýärler, ýöne hiç kim dust garyndyly hamyr iýdim diýip howsala düşmändir. Meniň agamam şolaryň biri ekeni. Olaryň burny dustuň ysyny-da almadyk bolarly. Dusta şeýle öwrenişen türkmeni azodyň howpy bilen gorkuzjak bolmak juda bärden gaýdýar. Türkmeni zäher bilen synamagyň epopeýasy, gör-bak, haçan başlanypdy! Indi bilip otursak, Birleşen Milletler Guramasynyň tagallasy bilen dusty ulanmagyň dünýä möçberinde gadagan edilen wagty meniň çagalyk ýyllaryma gabat gelýän ekeni. Bu faktdan biziň bihabar bolandygymyza geň galjaklaram tapylar, emma geň galmagyň ýerliksizligine düşünerleri ýaly, men ikinji fakty getirmekçi. Şol kyrk dokuzynjy ýylda ýyllyk girdejisi dört milliondan aşan, alty aýal bilen bir erkegine Sosialistik Zähmetiň Gahrymany diýen at berlen meşhur kolhozymyzyň prawleniýesiniň jaýyna "Rodina" radiopriýomnigini getiripdiler. Telim bölek batareýanyň güýji bilen aýdýan bu täsin zady kämahal agşamara açyk penjirede goýup aýtdyrardylar, uly-kiçi üýşüp, türkmen aýdym-sazlarynyň konsertini diňlärdik, simsiz-zatsyz Aşgabatda aýdýan bagşynyň ýanymyzda ýaly sesiniň ýetişine haýranlar galardyk. Şonda uly adamlaryň biriniň: "Ýüzünde bagşynyň suraty görünýän radio-da çykjakmyş" diýen sözi gulagymda galypdyr. Bu aýdylany jadyly ertekilere mahsus arzuw-hyýaldyr öýdüpdik. Şondan on bäş ýyl soň, Aşgabadyň telewideniýesinde redaktor bolup işlap ýörkäm, meni Leningrad telewideniýesine bir aýlyk kämilleşik okuwyna iberipdiler. Şol ýyl Leningradyň telewideniýesi ilkinji gepleşik bilen efire çykanynyň 25 ýyllyk ýubileýini bellemekçi bolýan ekeni. Diýmek, Sowet Soýuzynda telewizion gepleşik baryp-ha 1938-nji ýylda, meniň dünýä inen ýylymda synag edilipdir, emma biz tas ýigrimi ýyllap bu gudratdan düýbünden bihabar galdyrlan bolsak nätjek! Diňe ellinji ýyllaryň aýagynda Aşgabatda synag gepleşikleri berlip başlanypdy. Ýeri, öz ýurduň içinde şeýle gizlinlik dowam edýärkä Birleşen Milletler Guramasynyň dusty gadagan eden kararyny bize kim ýetirjekmiş?! On sekizinji asyrda ýaşap geçen Şeýdaýy şahyryň sözleri: Ýandakdan pes, dagdan belent Boldy türkmeniň ahwaly. Aýak astynda oba-kent, Öldi türkmeniň düýp ýoly. Kyrk şäherden hyraç aldy, Oguz ili äleme doldy, Çoh döwran geldi, sowuldy, Kany onuň däbi, ýoly! Şu nalany okap, tozdurlan, weýran edilen ýurtda derdini ýüregine sygdyryp bilmän, uwlap oturan adamy göz öňüne getiriň. Ol aç-açan uwlap bilen ekeni, onuň uwlap bilşine biziň gözümiz giderdi: wah, sesimiz halka ýeter ýaly derejede uwlamaga maý bersediler diýip, wagtal-wagtal arzuw ederdik, hemmämiz däl, ýek-tük aklyndan azaşanlar! Ýok-la, öz ýanymyzdan göwün ýüwürden bolardyk. On ýedinji ýylda türkmene miýesser eden bagtyň ýalkymyny parlak güneşe deňäp, täze edebiýaty döredip ýörkäk, ýekeje günem bolsa, garaz, uwlasymyz gelýädi-dä! Tebigy ýaýlasyndan aýra salnyp, haýwanat bagynda ösňedilen şir-peleň, gurt-da Taňrynyň beren endigine görä, nega-da bir nagra dartyp, uwlaýandyr-a! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |