11:37 Türkmençilik: "Her kim özüne patyşa" | |
"HER KIM ÖZÜNE PATYŞA"
A.Wamberi şeýle ýazýar: "Türkmenler özleri hakynda: "Biz bir başsyz-belsiz halk, ol bize derkaram däl, biz bir hörpdäki gyradeň adamlar, her kim özüne patyşa" diýýärler. Beýleki çarwa halklaryň arasynda syýasy guramaçylyk babatda azda-kände hökümet dolanşygynyň alamatlaryna duş geldik... Türkmenlerde welin, beýle alamatlar ýok. Dogry, aýratyn okruglarda (taýpa manysynda - T.J.) kethudalyk edýän aksakallar bar, olara hormatam edýärler, gulagam asýarlar, olar ýerliksiz höküm çykaraýan halatynda, ýa-da artykmaç nägilelikler bildirip, tekepbirlige ýüz uraýan mahalynda özlerine bolan tabynçylykdan mahrum bolýarlar." A.Wamberiden takmyn kyrk ýyl öň türkmenleriň arasynda bolan J.Frezeriň ýazgysy: Beýle guramaçylyksyz ýagdaýdaky jemgyýet üçin dolandyryş diýen termini ulanmaly bosa, onuň mazmuny patriarhal gurluşa direýär, tiräniň ýa-da bir maşgaladan ösňän neberäniň köp ýa az sanlydygyna garamazdan, olar öz durmuşlaryna daşdan goşulynmagyna, ýa-da başga bir tiräniň üstlerinden beýemçiligine düýbünden garşy bolýarlar. Hatda durmuşy dolandyrmagyň iň bir maýdaja diýläýjek meselesinde-de deňlik ruhy agdyklyk edýär. Adamyň ornuna, wezipesine ýa derejesine hormat hemişe bolan-da bolsa, ol uly bir ähmiýete eýe bolmandyr. Gündogar halklaryň hemmesinde ululara edilýan hormat-sylag bu ýerde beýle bir göze ilibem baranok. Iň uly adam kiçi adam bilen deň derejede öýe girip, saglyk-esenlik soraşyp, görşüp, parslaryň düzgüniniň tersine, töwerekdäkilere parh goýmazdan, düşege geçip oturýar". Iki awtoryňam pikiriniň deňeçer gelmegi, "her kim özüne patyşa" diýen sözüň hakykatdan daşda däldigine güwä geçýän bolmasyn? Türkmenleriň serdarlara tabynlygam özboluşly bir häsiýete eýe. Halkyň umumy serdary, baştutany bolmandyr, bir döwlete birikmedik halk üçin häsiýetli ýagdaý. Tire-taýpa serdarlary bolupdyr, ýöne tutuş bir ilde, aýdaly, teke, ýomut, gökleň, hersiniň uçdantutma boýun synýan serdary bolmandyr. Tiräniň, taýpanyň üstüne howp abananda bir adamyň serdarlygynda duşmana gaýtawul berlipdir. Şol adamyň serdar hökmünde orta çykmagy üçin onuň mal-emlägi tutaryk edilmän, esasy kriteriýa, ýagny, kesgitleýiji delil onuň edermenligi, batyrlygy, är hökmünde lebzinde durup bilmekligi bolupdyr. Söweş gutaryp, ýene dynçlyk başlanan dessine serdaryň ygtyýarlylygy gutarýar, her bir tiredeşi ýaly ol hem öz maşgalasynyň gün-güzerany bilen meşgul boluberýär. "Her kimiň özüne patyşalygy" il arasynda eden-etdiligiň, zorlugyň höküm sürmegine getirendir diýilmegi ähtimal. Türkmenleri beýle nogsanlykdan halas eden esasy sebäp hökmünde olaryň tire-taýpalara mahsus içki düzgünlere, däp-dessurlara tabyn bolandyklaryny görkezmeli. Geçmişde türkmeniň durmuş beýanyny öz içinden ýazan taryhçy ýok diýen ýaly, keseden gelenleriň ýazgysyna-da iňňän irnik garanaga mejbur bolýarys. Türkmeniň döwletsizligi, tire-taýpa pytraňňylygy keseden gelenleriň köp ýagdaýy görmäge, saýgarmaga, dogry netije çykarmaga ýetişmändiklerine sebäp bolupdyr. Meselem, akademik Myrat Annanepesowyň pikirine salgylanyp aýtsak, A.Wamberi syýahatynyň dowamynda sataşan türkmenleriniň köpüsini myhmanparaz, dogruçyl, sahy, batyr diýip häsiýetlendirenem bolsa, tutuş türkmen halkyna ganhor talaňçylaryň, wagşyýana sypatly çarwalaryň toplumy hökmünde garaýar. Şu zeýilli umumylaşdyrmalara J.Frezeriň kitabynda-da duş gelse bolýar. Ol ýomut, gökleň, tekeleriň mysalynda şeýle netije çykarýar: "Bu millet ozalbaşdaky ýaly çarwadarlyk endiklerine ygrarly bolup galýan hem bolsalar, talaňçylyk, galtamançylyk türkmenleriň esasy pişesidir. Hakykatda, mallary olary iş bilen, maşgalalaryny eklenç bilen üpjün edýän hem bolsa, olar bolçulygyň çeşmesini, islegleriniň berjaý bolmasyny talaňçylykda görýärler. Olar munuň jenaýatdygy barada pikirem edenoklar, gaýta talaňçylyga iň hormatly, iň ygtybarly pişe hökmünde garaýarlar." Belli syýahatçylar gören göze däl-de, eşiden gulaga has beter ynanana meňzeýärler. Ýaman niýet bilen türkmenleriň ýurduna goşun dartyp gelen hökümdarlaryň gapdalyndaky taryhçylar hojaýynyň göwnüni tapmagyň aladasy bnlen hakykaty ýoýupdyrlar, türkmenlere şyltak atypdyrlar, olaryň edermenliklerini görkezmändirler. Goňşularyň arasynda türkmenleri talaňçy, galtaman diýip, bir aýakdan sürýänler hem az bolmandyr. Hakykatda welin, turkmen halky hiç mahal talaňçylygy oňlamandy, onuň hormatyny alan serdardar talaňçylykdan gazanç gözlemändiler. Oňlanmandygyny alamana ugramaga dilleşen adamlaryň köpçülikden gizlinlikde ýola düşendikleri-de subut edýär. Alamançylyga talaňçşygyň esasy görnüşi hökmünde garan alymlar, syýahatçylar bu närsäni döreden sebäplere çuňňur aralaşmandyrlar, has dogrusy, olary seljermegi başarmandyrlar ýa-da islemändirler. Bu hadysa ozal başda güýçli goňşularyň tozduryjy talaňçylygyna, zorlugyna jogap hökmünde döräpdi diýilse, taryhy hakykata laýyk bolardy. Ygtybarly taryhy çeşmeleriň ýeterlik däldigi üçin halkyň döreden meşhur eposlaryna ýüzlenmek galýar. Nusgalyk diýip, “Gorkut atanyň”, "Göroglynyň" atlaryny tutýaryn. Bular halkyň gahrymançylygyny beýan eden eserler. Men bir ýagdaýa üns berdim: eposlaryň ikisinde-de oguz, türkmen begleri haýsydyr bir ýurdy basyp almak üçin goşun çekip barmaýarlar. "Gorkut atada" daşky duşman bilen söweşler esasan Salyr Gazan bilen bagly üç boýda beýan edilýär. Üçüsinde-de duşman ýa-ha duýdansyz çozup, Salyr Gazanyň ýurduny talap, aýalyny, ogluny, tiredeşlerini ýesir alyp gidýär, ýa-da onuň özüni gapyllykda basýar. "Duşmanyň biri: Gazanyň süri-süri atlaryny mündük, altyn-kümüşini taladyk, kyrk ýigidi bilen ogly Orazy tussag etdik, hatar-hatar düýelerini itdik, kyrk inçe billi gyzlary bilen Gazanyň aýalyny tutduk. Gör, biz Gazana nähili haýplar etdik! diýip öwündi." "Görogly" eposynda-da başdan-aýak Görogly duşmanyň hilesine, agyr çozuşlaryna gaýtawul berýär. Zorluk zorlugy döredýär. Türkmeniň zorlugy aglaba jogap çäresi hökmünde ýüze çykypdyr. Ýarag çekip gelen duşmany ýeňeniňe buýsanmak agressiwligiň alamaty däldir. Buýsanç türkmeniň erkinligini gorap bilendigi bilen bagly. Şol bir mahalda-da, Göroglydan başlap, türkmen beglernniň "gaçany kowujy bolma" diýen nesihata ygrarly bolandyklaryny belläliň. Eger basybalyjylyga ymtylyş, talaňçylyga höwes häsiýetli alamat bolan bolsady, ol hökmany suratda eposlarda beýanyny tapardy. Sebäbi gahrymançylyk eposlarda-da türkmenler öz nogsanlaryna gönümel garamaga, hatda Salyr Gazan, Görogly ýaly serkerdeleriniň gelşiksiz göreldelerini-de köteklemegi başarypdyrlar. Bu halkyň süňňüne siňen dogruçyllygyň ýüze çykmasydyr. Kanun derejsine göterlen däp-dessuryň hemmelere deňligi, olara eýermegiň deň borjy türkmen jemgyýetinde özboluşly bir demokratiýany döredipdir. Tire-taýpa gatnaşygynda mertebe, abraý, awtoritet ýaşulylaryň, serdarlaryň, kethudalaryň tiredeşleriniň hormatyna neneňsi eýe boluşlaryna baglydy. Hormat däp-dessurlary olaryň birkemsiz berjaý edişlerine görä ölçelipdir, hiç kime geçirimlilik edilmändir. Derse han beg adam bolsa-da, ogly ýoklugy zerarly Baýandyr hanyň toýunda gara otagda, gara keçäniň üstünde oturyp, gara goýnuň ýahnasyndan iýmek ýaly kemsidiji dessurdan gutulmaýar, berjaý etmeli bolýar. Tire birligi aýry-aýry maşgalanyň birliginden döreýär. Frezeriň belleşi ýaly, tiräniň daşky täsire gabanjaň garamak endigi onuň awtonomiýasyny üpjün edýän alamat bolmak bilen, ol maşgalada bolşy ýaly, tiräniň içindäki özboluşly deňligi, demokratiýany saklamaga ýardam berýär. Munuň üstesine-de garyndaşlyk duýgusy, kesekiden kem galmazlyk, tireparazlyk tiredeşleriň raýdaşlygyny artdyrýan-da bolsa, şol bir mahalda bu hadysanyň maşgala, nebere goldawyna baglylygy oňa bölünmek howpuny salýar. Bu howp aýratynam strategik häsiýetli bähbitlere dalaş edýän geňeşler mahalynda döreýär, sebäbi umumy bähbidiň hatyrasyna kiçi bähbitlerden geçmeli bolupdyr. Bu zerurlyk tiredeşlerden, öňi bilen hem kethudalyk edýän adamlardan düşünjeliligi, öňdengörüjiligi talap edipdir. Şu talaba düşünilmedik, berjaý edilmedik halatynda agzalalyklar ýüz berýär. Geçmişde türkmenlere mahsus içki agzalalygyň esasy sebäpleriniň birini, megerem, şu ýagdaýdan gözlemek gerek. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |