06:50 Türkmençilik: Milli aýratynlyk hakda kelam agyz | |
MILLI AÝRATYNLYK HAKDA KELAM AGYZ
Sowetler zamanynda agalyk eden ideologiýa milli aýratynlyk diýen aňlatmany halamazdy, milli kolorit diýmelidi. Milli formanyň sosialistik mazmuna tabyn edilmelidigi hökmany talapdy. Her bir ideýa özüne kybapdaş formany tapýar. Sosialistik ideýa milli formalaryň kem-kemden ýok bolup gitmelidigini, ideýa laýyk gelýän umumy formany döretmegiň aladasy bilen ýaşapdy. Milli kolorit diýlip, möwsümleýin tapylan aňlatma-da juda irnik, seresap çemeleşilýärdi, diňe daşky formalarda ýüze çykmalydy. Meselem aýdaly, türkmeniň milli eşigini onuň milli koloriti hökmünde görkezse bolar, emma milli geýimdeligine garamazdan, adamyň häsiýetine, içki dünýäsine, garaýyşlaryna çuňňur aralaşyp, geýimine kybap geläýjek haýsydyr bir milli alamatlary tapjak bolmak sowet adamy diýen täze düşünjäniň mizemezligine, birligine şübhe döretmekden enaýy däldi. Tamdyra çörek ýapyp duran aýalyň repidesi, dürtgüji, ýeňligi milli koloritden nyşan, ýöne sowet aýalyny bu nyşanlara dahylly etmeli dälsiň! Altmyşynjy ýyllaryň başynda Aşgabat telewideniýesinde işleýärkäm bir bölümli wideooçerkiň ssenarisi çeperçilik sowetinde maslahata goýlanda eşek türkmeniň milli koloritine girýärmi diýen sowalyň ýüze çykmagy bilen jedel döräni ýadyma düşýär. Eşegiň milli kolorite girizilmeginiň tarapdarlary türkmen ata-baba eşeksiz oňmandyr, garyp-pukaralaryň derdine ýarap gelen haýwan halkyň ertekilerine-de girip gidipdir, ony eşekligi üçin äsgermezlik edip bolmaz diýdiler. Eşegiň garşydaşlary öz delillerini öňe sürüpdiler: ertekilere girmedik haýwan barmy näme! Eşegem edil tilki, möjek, geçi ýaly hemme halka ortalyk. Käşgä at bolan bolsa, onda başga gep! Türkmen aty diýilýär, ýöne türkmen eşegi diýlenok ahyry! Garaz, jedel ýarym sagat dowam edenem bolsa, belli bir netijä gelnip bilinmändi. Eşek diý, at diý, it diý, jedel et, emma halkyň süňňünden, häsiýetinden döreýän milli aýratynlyklar baradaky jedeli agalyk edýen ileologiýa inkär edýärdi, howply görýärdi. Taryhçy M. Durdyýew: "Türkmenlerde "türkmençilik" diýen aýratyn bir düşünje bar. Ol halkyň durmuş obrazyny, ahlak hem dini ynanjyny, psihikasyny aňladýar" /"Turkmeny", 45-sah./ diýip ýazanda, eýýäm Soýuz dargamagyň bosagasynda durdy. Halkyň milli aýratynlygy, milli idealy, milli buýsanjy hakynda ymykly oýlanmagyň wagty geldi, ýöne... Şu "ýönä" üns bereliň. Biz sowet ideologiýasyndan çykan, şonuň usullaryna imrigen adamlar. Eger şol öňki endige görä, bu inçe, çylşyrymly problemalara bir taraply, ýagny, "sowetleriňkimi, diýmek, parhlydyr, iň gowudyr” diýen şygara kybapdaş ruhda çemeleşilse, ýene ötegeçmelere, ýerliksiz şowhuna ýüz urmak howpy bar. Türkmeniň ägirtdigine buýsanjyny subut etmäge çalyşýan bir awtor “filosofiýa ylmynyň ýönekeýlik hem geniallyk kategoriýalarynyň" nukdaýnazaryndan geçmişe garap, gazma dutardan söz açýar: "Dünýäde özüniň gurluşy boýunça iň ýönekeý saz gurallarynyň biri, emma onda ýerine ýetirilýän saz-mukamy ýöriteleşdirilen orkestrlerem çalyp bilenok diýýär-ler." Soňra ikinji mysala geçýär: "Ýa-da türkmen ýigidiniň gyýma balagyny alyp göreliň. Biçimi hem gurluşy boýunça iň ýönekeý geýimleriň biri. Emma, eşidişimize görä, dünýä boýunça iki tarapyna-da öňi-yzy diýmän deň geýip bolýan ýeke-täk erkek kişiniň balagy bolmaly”. /"Nesil" gazeti, 25. II. 1993/ Ýylgyranyňy duýman galýarsyň, bu täsinligi awtoryň kimden eşidendigini bilesiň gelýär. Dünýädäki ýüzlerçe halkyň balagy bilen türkmen balagyny deňeşdirip çykan ägirt kimkä? Her halk öz döreden sungatyna, senedine guwanmaga hakly, kanuny ýagdaý. Biziň halylarymyzyň, şaý-seplerimiziň, gamyşgulak bedewlerimiziň täsinligi dänýä belli diýse bolar. Türkmen halkyna mahsus sadalygy, ynanjaňlygy, dogruçyllygy, göwünaçyklygy, myhmanparazlygy bu topraga ýagşy niýet bilen gelenler gärüpdir, duýupdyr, syýahatçylardan, ötegçilerden, alymlardan ýagşy sözler, ýatlamalar galypdyr. Olary eşitmek, okamak bize ýakymly. Emma türkmeniň dutaryny, balagyny ýokarky deňeşdirmeler bilen mahabatlandyrjak bolunşyny, ýa-da "türkmen ýaly myhmanparaz halk ýokdur", "türkmen ýaly ahlagy päk halk ýokdur", "Magtymguly ýaly ajaýyp şahyry diňe türkmen döredipdir" diýen äheňe ýugrulan magtanmalary unamok, asla unamok! Kabir çykyşlarda gös-göni: "türkmene ahlaksyzlyk, wejeralyk gelişmeýär" diýilýär. Şol adamlardan: haýsy halka ahlaksyzlyk, wejeralyk gelişýär? diýip, ýüzlenesiň gelýär. Hiç mahal halk bilen halk deňeşdirilmeýär, adam bilen adamy deňeşdirip bolar. Eger Magtymgula sarpa goýýanymyz çyn bolsa, halky halkdan ýokarda goýmak hyýalyndan el çekmegimiz gerek, sebäbi, şahyr bu usul bilen öz halkyny ulaltjak bolmandyr. Ýene bir bellemeli ýagdaý bar, biz bilen bilelikde beýleki halklaryň wekilleri hem ýaşaýar, olar bize garaňda azlyk. Azlyk hemişe köpüň aýdýan sözüne juda irnik garaýandyr, seresaplyk zyýan etmez. Şu aýdylanlar bilen bagly akademik D.Lihaçewiň bir pikirine salgylanmak zerur: "Milliligiň häsiýetli taraplaryny has ulaldyp ony artykmaç aýratyn bir zat ýaly edip görkezmek bolmaz. Milli aýratynlyk diýilýän, munuň özi diňe aksent bermekdir, beýleki milletler-de bolup bilmejek hili aňlatmaýar. Milli aýratynlyklar adamlary golaýlaşdyrýar, beýleki milletleriň wekillerinde gyzyklanma döredýär, adamlary beýleki halklaryň milli gurşawyndan çetleşdirmeýär, halklary öz donuna busulmak belasyndan dyndarýar." Biz mahal-mahal ýaşulularyň, aýal-gyzlaryň aglaba milli eşiklerimizi geýýändiklerini buýsanç bilen dile getirip, muny millilik duýgusyna türkmeniň artykmaç sarpa goýýandygynyň deliline öwürmek hyýalyna düşýäris. Bu meselä türkmençilige çemeleşmegiň häsiýetli mysaly hökmünde garap, oňa jemgyýetçilik-syýasy şertlerden üzňelikde seretmek bolmaz. Geçen asyryň ortasynda Orta Azyýa syýahat eden A. Wamberi bir fakta ýüzlenýär: Buhara emiri türkmenleri siwilizasiýa golaýlaşdyrmak isläp, köşgüne baran wekillere selle sowgat berýär, olaryň juda gödek, gelşiksiz görünýän seleň telpeklerinden ýüz öwürmeklerini isleýär. Türkmenler emiriň gözüniň alnyndan daşlaşan dessine seleň telpeklerini geýip, sowgat berlen selleleri satyp gidýärler. Bu ýerde emir bir ýagdaýy gözden salan bolmaga çemeli. Tutuş bir toklynyň derisinden tikilen telpegiň agyrdygyna garamazdan, yssy çölde bedeni gyzgynlykdan goramakda onuň selleden artykmaçlygy bar. Selle salkyn köşklerde, metjitlerde geýilýär, türkmeniň köşgi-de salkyn metjidi-de ýokdy. Maýdan başlap, alty aýa çekýän gurak, saralan, teşne çöli mekan edinen halkyň gözüňi gamaşdyrýan al-ýaşyl lybasy keseden gelenleri haýran edipdir. Adamlar ýiti reňkleri sary donly tukat tebigata çapraz goýupdyrlar, toý-şagalaňa ýygnanan juwanlaryň täsin geýimleri bahar paslynyň gülälekli sonar sährasyny ýatladypdyr. Türkmenler aýratynam gyzyl reňke sarpa goýýarlar. Munda köp many bar. Halynyň düşegi gyzyl. Gyzyl reňk ýylylyk duýgusyny bermeli. Öýüň-ojagyň ýylamasa, durmuşyň hezili gaçýar. Haly içerä ýylylyk berýär. Adamyň damaryndan akýan ganyňam reňki gyzyldyr. Gan dursa, jan durýar. Gyzyl gülälekler baharyň alamaty, gülälekler guranda ýaz gutarýar. Gyzaryp dogan gün gyzaryp ýaşýar. Gyzyl reňk juwanlygyň reňki: ýigitleriň dony, guşagy gyzyl, gyzlaryň ketenisi, çabydy gyzyl, gelinleriň mahmaly gyzyl. Adamlar garradygyça gyzyl reňkli lybasdan daşlaşýarlar. Ot-ojagyň bereketi, ojakdaky oduň reňki-de gyzyl. Durmuşda tötänden dörän alamat ýokdur, hersiniň özüne laýyk düşündirişi bardyr. Eger türkmen iki-üç asyr ozal döwletini berkarar edip ýaşan bolsady, döwlete mahsus giňlikde dünýe ýurtlary bilen ykdysady, syýasy, medeni gatnaşyklarda bolan bolsady, milli formasy-da, häsiýeti-de häzirkisinden üýtgärdi. Türkiýäniň şäherlerinde erkekleriň-ä gürrüňinem etmäliň, aýallaram uçdantutma diýen ýaly ýewropa geýminde. Azyýada ýaşaýan ýaponlaram şeýle. Şu alamata garagadan türkler, ýaponlar milliligini ýitiripdirler diýsek, real ýagdaýy äsgermän, özümizi egoistik pozisiýada goýarys. Elbetde, milli özboluşlylygyň ýüze çykmasynda daşky alamatlaryň gatnaşygyny inkär edip bolmaz, ýöne ony esasy görkeziji öwürjek bolmak ýigriminji asyryň aýagynda ykdysady hem medeniýet tarapdan dünýä möçberinde has äşgär duýulýan ýakynlaşmalaryň täsirini äsgermezlik bolardy. Milli aýratynlyklary seljermek barha kynlaşýar, onuň daşky formalary etnografik muzeýlere, folklor çykyşlara geçse, häsiýet hökmünde ýüze çykýan bölegi maşgala, garyndaşlyk gatnaşyklaryndaky pynhanlyga, syrly alamatlara siňýär. Türkmençilik barada aýtsak, oňa haýsydyr bir fenomen hökmünde garap, ony üýtgewsiz bir zatdyr öýtmeli däl. Türkmençilik halkyň häsiýetini düzýän alamatlardan durýar. Häzirki zaman dilinde aňlatmaly bolsa, mentalitet diýen söz bilen manydaş. Ol hem döwrüň, durmuş şertleriniň üýtgemegi bilen tüýsüni üýtgedýär. Şu meselä aýratyn üns bermekden ötri, türkmençilik diýen düşünjäni emele getirýän esasy alamatlaryň transformasiýasy hakynda gürruň etmek zerur. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |