16:11 Türkmençilik: "Myhman ataňdan uly" | |
"MYHMAN ATAÑDAN ULY"
Bu nakylyň edil haçan dörändigini aýtmaga çakym ýok, ýöne onuň türkmene degişlidigini, bu golaýda döremändigini subut edip biljek. Türkmenleriň arasynda rowaýata çalym edýän bir gürrüň bar. Bir ötegçi çarwa obasynyň üstünden gelýär. Bir öýüň gapysyndan baryp myhman alaýsaňyz diýýär. Myhman ýeriň ýekeje gara öýi bar ekeni. Öý öýesi myhmany güler ýüz bilen garşy alýar, tapdygyndan hezzetläp, gije çagalarynyň gapdalyndan düşek salyp berýär. Myhman ýigit öý eýesiniň ýetişen gyzy bilen bir ýorganda diýen ýaly ýatmaly bolýar. Ertesi ol hoşlaşyp gidýär, ýolda pikir edýär: agşam meni gül ýaly gyzyň gapdalynda ýatyrdylar, men akmak oňa lak hem atmandyryn diýýär-de, ýene gün ýaşmanka dolanyp gelýär, ony ýene myhman alýarlar, ýöne gyzyň gapdalyndan düşek salmaýarlar, ýigit munuň sebäbini soraýar, öý eýesi: sen ikinji gezek geleňde ýaman niýet bilen geldiň diýýär. Görüň, öý eýesi onuň ýaman niýet bilen gelendigini bilse-de, myhman alypdyr, eger ýüz öwräýen bolsa, halkyň myhmanparazlyk däbini kemsitjegini bilýär. Geçen asyryň ýetmişinji ýyllarynda Eýrana, Günbatar Türkmenistana syýahat eden alym P. Ogorodnikow türkmen obalaryna myhman bolanda hezzet-hormat bilen garşylanandygyny, däbe görä atynyň aýagyna söwüş edlen janlynyň çüwdürilýän ganynyň degendigini ýazýar. Jeýms Frezeriň "Horasana syýahatyň beýany" kitabyndan şeýle sözleri okaýarys: "Türkmenler özleriniň myhmanparazlyklaryna buýsanýarlar, onuň borçlaryny höwes bilen berjaý edýärler... Duşman diýip tanalmaýan islendik nätanyş obanyň ilkinji öýüniň gapysyndan baranda, ol öý eýeleriniň güler ýüzüne duçar bolýar. Olar daş çykyp, atyň uýanyny alarlar, atdan düşüp, olaryň hormatly myhmany bolmagyny sorarlar. Eger öýde diňe bir aýal bolan halatynda-da, ol salamlaşyp, gelnen gapa hormat edilmegini haýyş eder. Gelen adam ýüz öwrüp, ýa-da ötünç sorap, beýleki öýe tarap gidäýse, muny masgara bir etmiş hökmünde görerler, soňunyň ýaramaz gutarmagy-da ähtimaldyr. Göwni galan tarap "Eýse beýleki öýe geçip, biziň saçagmyzda duz-tagam tapylmaz, ýa-da ýatara düşek bolmaz öýdüldimikä?" diýer. Myhman nirä barsa-da, baran ýerinden güler ýüz, ýagşy niýet tapar. Çilim, çal-gatyk, ýag, çörek, peýnir bilen hezzetlärler. Mundan soň öý eýesi onuň obadaşlary tarapyndan hiç hili howpa garaşmaly bolmaz. Zadyňa el urjak ýokdur. Myhman serhede çenli sag-salamat ugradyljagyna ynam edäýmelidir." Her kowçum, her oba ululy-kiçili tireleriň birliginden döreýär. Tiräniň umumy abraýy her maşgalanyň abraýyna, agzybirligine bagly. Eger bir maşgalada gapydan gelen taňry myhmanyna garasöýmezlik ediläýse, tiräniň at-abraýyna ysnat getiriljek, beýleki tireleriň öňünde mertebesi peseljek. Bu ýagdaýa juda ýaman etmiş hökmünde garalypdyr. Myhmanparazlyk gadymdan gelýän düşunje. Her bir halkyň gowy däbinde myhmanparazlygy tapsa bolar. Bu düşünjä döwrüň alamatlaryna görä garamak gerek. Ýekeje tüneginiň içinde myhmana uly gyzynyň gapdalyndan düşek salyp beren türkmeniň bolşuny nusga edip, bu günki türkmene baha berjek bolmak döwrüň şertlerini juda äsgermezlik bolardy. Geçmişde döwletsiz ýaşan türkmeniň göçüp-gonup ýören obasynda ýörite myhmanhana bolmandyr. Ýat ötegçini her öý kabul edipdir. Kabul edýäniň erteki gün özüniňem myhman alyň diýip, kesekiniň gapyspyndan barjagy belli. Neneňsi bolanda-da, halkyň myhmanparazlygynyň ideallaşdyrylýan döwründe-de garasöýmezler, ýekeçanaklar tapylyplyr, ýogsa, Magtymguly: "Namart myhman görse, diýer öýüm ýok" diýip ýazmazdy. Myhmanyňam ynsaply bolmagyny isläpdirler: "Myhmanyňky üç gün, üç günden soň göçgün", "Myhman birinji gün altyn, ikinji gün kümüş, üçünji gün mis, dördünji gün pis" diýen atalar sözüni halk döredipdir. Muny myhmanparazlyga garşy goýmak bolmaz, oňa myhmanyň eýermeli etiki normasy diýip düşünmeli. Türkmen halkyna has bolan myhmanparazlygyň kemelen döwri hökmünde Sowet Soýuzynyň düzüminde ýaşalan ýyllara salgylanylýar. Bu ýerde meselä iki taraply garamaly. Birinji garaýyş. 1957-nji ýylyň gyşynda, aýazly gün SSSR Ministrler Sowetinmň başlygynyň orunbasary A. Mikoýany garşylamak üçin Mary şäheriniň ilatyny, obalardan uly-kiçini sürüp, uzakly gün adamlary aýylganç sowuga daňanlary ýadymda. Aç-suwsuz halys surnugan görgüliler agşam öýlerine getirlenlerinden soňam bir günläp özlerini alyp bilmändiler. Olaryň agzyndan çykýan ajy sözleri "türkmen halkynyň beýik myhmany" eşidäýen bolsady! Soňra Hruşewy, Brežnewi myhmansöýer türkmen halkynyň garşylaýyşyny bir aý öňünden gurnamaga beýemçilik eden apparat emeldarlarynyň oýlap tapyjylyk usullarny komediýadan başga žanrda beýan etmek mümkin däl. Çopan goşunda berre toklynyň eti salnan gömmenany gara der bolup iýip oturan Hruşew bi süýji tagamy nädip taýýarladyňyz diýip sorapdyr. Respublikanyň ýolbaşçysy beýik myhmana hatyranyň biçak uludygyny nygtajak bolup, işleklä tutuş bir goýnuň etiniň gidendigini, bişirmek üçin ýarym gün gidendigini aýdypdyr. Hruşew: bi tagam turkmen maşgalalarynda-da iýilýärmi? diýipdir. Gadyrdan Nikita Sergeýewiç Hruşewiň parasatly ýolbaşçylygynda turkmen halkynyň abadanlykda, bolçulykda anjaýyn ýaşaýandygyny aýtmaga mundan amatly pursat boljakmy diý! Respublikanyň ketdesi: günde-günaşa iýýärler diýipdir. Şundan soň Hruşewyň turzan galmagalyny eşitsediňiz diýdiler. "Her maşgala günde-günaşa bir goýun iýýän bolsa, siziň döwlete et tabşyrmajagyňyzy bilýän!" diýip gygyrypdyr. Soňra Aşgabatda şäher mitinginde eden çykyşynda Hruşew türkmenleri döwletiň emjegini sorup ýatan çaga meňzedipdi, men munuň janly şaýady, gulagym bilen eşidipdim. Ine, saňa "myhmansöýerlik", ine-de gadyrly myhmanyň taňryýalkasyny! Durgunlyk diýlip at berlen ýyllarda galapyn her kolhozda myhmanhana gurlupdy. Olar diňe kolhoz başlyklarynyň, ýa-da partiýanyň raýkomlarynyň rugsady bilen myhman kabul edýärdiler. Şol myhmanhanalarda ýatyp-turmak maňa-da ençe sapar miýesser edipdi. Edilýän hezzet-hormata at dakar ýaly däldir. Myhmanlar türkmeniň bol saçagynyň, myhmansöýerliginiň şanyna tost götererdiler. Bu aladanyň obkomlaryň, raýkomlaryň görkezmesinden soň edilýändigini, belki, keseden gelenlerem bilýändirler, heý, bilmezlermi, olaram sowet sistemasynda önüp-ösen adamlar-a! Döwletiň, ony edara edýän režimiň syýasaty bilen gös-göni baglylykda geçirilýän dabaralara, baýramlara, gurultaýlara içdenu-daşdan çagyrylýan gerekli adamlary halkyň myhmany hökmünde şagalaň bilen kabul edip-de, gymmat baha serpaýlar ýapyp goýberýän emeldalar öz bähbitlerini arap, zähmetkeşiň maňlaý derinden gazanylýan puly sowrup geldiler. Elbetde, döwletiň, halkyň emlägine gurnalýan mnhmanparazlygy türkmeniň gadymdan gelýän däbi bilen garyşdyrjak bolmaň diýjeklerem tapylar. Ýöne onlarça ýyl türkmeniň respublika bolup, SSSR-iň düzüminde ýaşandygyny hasaba almaly bolar. Myhmanparazlyk düşünjesi maşgalanyň, tiräniň çäginden çykypdy, ol neneňsi býurokratik reňke uçrasa-da, oňa halkyň, milletiň, döwletiň umumy çäginde seretmek zerurlygy döräpdi. Gruzinleriň, özbekleriň döwlet möçberinde myhman garşylaşlarynyň gerimine gözümiz giderdi, şol derejä golaýlaşmaga ymtylardyk. Elbetde, döwlet derejesindäki gurnalýan myhmanparazlyga-da milli alamatlar bermäge çalşylýardy, emma döwlet ideologiýasynyň birligi respublikalaryň ählisindäki çäreleri bir meňzeş mazmundaky ssenariýa taýyn edip goýýardy. Şundan soň milli aýratynlyklar milli tagamlara, myhmanlara edilýän halat-serpaýyň milli formasyna, aýdym-sazlaryň aýratynlygyna syrygýardy. Ikinji garaýyş. Öňi bilen çyn myhmanparazlygyň islendik ssenariýa bap gelmejekdigini aýtmaly. Ol adamyň islegine, häsiýetine, ahlak terbiýesine bagly. Bu diýdigimiz myhman alnanda indiwidual çemeleşmeleriň bolýandygyny tekrarlamak. Türkmenler myhman diýlende aglaba kesekini göz öňünde tutupdyrlar, dogan-garyndaşlaryna myhman hökmünde garamandyrlar. Häzirki zamanda dost-ýaryň, işdeş ýoldaşlaryň oturyp-turuşmaga geläýmese, meni taňry myhmany alyň diýip, bosagadan ätlejek tapylmasa gerek. Biz bu gün geçmişdäki myhmanparazlyk däplerimizi ideallaşdyryp, onuň ýitendigi ýa-da tüýsüni uýtgedendigi üçin günäni halkyň üstüne atmakçy bolmaly däldiris. Näçe arrygymyzy gynasak-da, ony gadymy durkunda dikeldip bilmeris, sebabi döwür, ýaşaýyş şertleri üýtgedi. Gapymyza telim gulp asyp, penjirelerimize demir gözenek tutup, öý goşumyzy goraglap ýörkak, köçeden gelen nätanyşy dulumyza goýberip arkaýyn oturmajagymyz belli. Uly gyzynyň gapdalyndan nätanyşa düşek salyp beren ata-babalarymyzyň bolşy bu günki nesile ertekidäki täsinligi ýatladýar. Dogrudanam, her obada, şäherde myhmanhana barka, gapy kakyp ýörmek geň görler. Nätanyşyň özem myhmanhanany taşlap, ýat öýde ýatyp-turmagy goşanç biler. Günbataryň ösen ýurtlarynda myhmany öýe çagyrman, restoranlarda hezzetlemek, çagyrlaýan ýagdaýynda-da owkat edinmegiň, söhbetdeşligiň çäkli taraplary barada öý eýeleriniň myhmana duýdurmak düzgüni bize, gündogarlylara, wagşyýana bir zat bolup görünýärdi. Geň görmeli däl, olaryňam ata-babalary birki asyr öň myhmany başgaça kabul edipdirler, kesekini gapydan goýberipdirler. Durmuş üýtgedik saýy bizem, biz bilen bagly däp-dessurlaram üýtgeýär. Üýtgetmejek bolsaň, diňe Gimalaýyň depesinde, adam aýagy seýrek düşýän tokaýlarda ýaşamaly. Indi köp halatlarda myhmanparazlyga ýurduň çägindeki ilat üçin döredilýän hyzmatlaryň gerimine garap baha berilýär. Iş-alada, gezelenç etmäge gelenler harjy mümkiňçiliklerine görä, islendik myhmanhana ýerleşip, islän ýerini görüp, islän adamy bilen duşuşyp, göwnündäki pikirini aýdyp, erkana gezip bilse, şol ýurda myhmanparaz ýurt diýilýär, ähli hyzmata pul tölemelidigini hasaba alýan ýok. Eger şu zerur alamatlaryň üstüne biziň entek kütelişmäge ýetişmedik myhmanparazlyk duýgularymyzam urna bolsa, Magtymguly aýtmyşlaýyn: "Içden-daşdan myhman gelişin göruň" diýäýmeli bolar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |