TÜRKMENISTAN HEM ÇEHIÝA:
TARYHY KÖKLER
Täze eýýamyñ başlaryndan başlap gündogar slawýanlaryñ ýerleriniñ üsti bilen Ýewropanyñ arazasyna türki dilli halklar aralaşypdyrlar. IV asyryñ 30-njy ýyllarynda türkmenleriñ gunnlar diýen at bilen belli bolan ata-babalary Gündogar Ýewropa çozup giripdirler. Olaryñ berk düzgün-nyzamly, söweş tärlerine ökde goşunlary ýewropalylaryñ goşunlaryndan has rüstem gelipdir.
Olar get-frak hem german taýpalaryny çym-pytrak edip, özlerine birikdiripdirler. Ýeñlenler bolsa öz gezeginde Merkezi hem Günbatar döwletleriniñ üstlerinde dökülipdirler. Şeýlelikde, bütin antik-dünýä herekete gelipdir. Ol döwür ''Halklarynyñ beýik göçe-göçlügi'' diýlip atlandyrylýar. Ýewropanyñ etnik kartasy täzeden düzülip, gul eýeçilik gurluşynyñ soñuna çykylýar hem feodalizmiñ ilkinji şineleri döräp ugraýar. Gunnlar V asyrda Wolgadan Reýne çenli aralyga ýaýylan ägirt uly döwleti döredipdirler.
VI asyrda Aşinanyñ urugyndan bolan hanlyklar (kaganlar) Orta Aziýanyñ arazasyndan türki dilli halk bolan awarlary gysyp çykaryp, ummasyz uly gadymy türki imperiýany emele getirýärler. Olar Don derýasyndan geçip, slawýanlaryñ, şeýle-de olar bilen garyndaş bolan gunn taýpalarynyñ üstüne dökülýärler. Antlar, günbatar slawýanlar hem nutrigurlar (gunn taýpasy) awarlaryñ baştutanlygynda bir soýuza birleşýärler...
Soñra awarlar Ýewropa halklaryna garyşyp gidipdirler. Ýöne IX asyrda Beýik Narlyñ soýuzdaşlary bolan çokundyrylýan awarlar barada ýatlanylyp geçilýär.
VII asyryñ ortalarynda täze türki dilli etnos-bolgarlar Ýewropa gelýärler. Soñra olar Balkanda slawýanlara garylyp-gatylyp gidipdirler. Olaryñ düzüminde oguzlar-türkmenlerem agzalýar.
VII asyrda Ýewraziýa sähralarynda täze syýasy birleşme ㅡ Günbatar türk imperiýasynyñ ýerinde Hazar kaganlygy döreýär. Hut şol wagt oguzlaryñ-türkmenleriñ bir bölegi Ýewropa gidipdirler. Hazarlar türkmenler bilen örän ýygy gatnaşykda bolupdyrlar, soñ bolsa olaryñ bir bölegi türkmen halkynyñ düzümine goşulypdyr.
2006-njy ýylda çeh arheology Zdenek Klanisanyñ gyzykly bir işi çap edildi. Ol 1983-nji ýylda ýaýyñ süñkünden edilen tutaýynyñ bölegini tapypdyr. Onuñ ýüzündäki syrly hatyñ harplary şol döwürde giñden ýaýran latyn, skandinaw hatlaryna-da meñzemeýän eken. Alymlaryñ derñewleri onuñ orta asyrlarda Merkezi Ýewropadan tä Hytaýyñ serhetlerine çenli giñden ýaýran gadymy türki hatydygyny anyklady.
Gürrüñi başdan başlalyñ. 833-nji ýylda Morawiýanyñ knýazy Moýmir I Nitranyñ knýazy Pribinadan üstün çykyp, onuñ ýurduny özüniñkä birleşdirýär. Şeýlelikde, IX asyryñ 30-njy ýyllarynda Dunaýyñ demirgazygynda Çehiýanyñ arazasynda ilkinji döwlet peýda bolup, ony beýik Morawiýa diýlip atlandyrylan Moýmirowiçleriñ dinastiýasy dolandyrypdyr. Az wagtyñ içinde bu döwletiñ täsiri Merkezi Ýewropanyñ uly bölegine, bütin Çehiýa, Slowakiýa, häzirki Polşadyr Wengriýanyñ hem bir bölegine ýaýrapdyr.
X asyryñ başynda dargan Beýik Morawiýa Ýewropanyñ irki orta asyrdaky roman-german-slawýan dünýäsiniN taryhynda düýpli yz galdyrypdyr...
Arheologik maglumatlaryñ görkezmegine görä, morawiýalylar Çehiýanyñ arazasynda VII asyryñ ahyrynda, VIII asyryñ başynda peýda bolupdyrlar. Belli çeh taryhçysy Lýubomir Gawligiñ belleýşiçe, olar tejribe urşujylyklary, harby sungatlarynyñ kämilligi bilen slawýanlardan tapawutlanypdyrlar. Olaryñ ýaşaýan jaýlary, atlarydyr öý haýwanlarynyñ tohumy, geýimleridir şaý-sepleri Merkezi Aziýanyñ halklarynyñky bilen çalymdaş bolupdyr.
Morawlar baradaky ýazgylar ýazuw çeşmelerinde 822-nji ýyldan başlap gabat gelip ugraýar. Olar şol ýerlerde peýda bolanlaryndan 10 ýyl soñ hristian dinini kabul edipdirler. Dosent Z.Klanisa olaryñ Türkmenistandan, has takygy, Merw sebitinden gelendikleri baradaky pikiri öñe sürýär. Olar öz asyl watanlaryndaky Murgap derýasynyñ adyny-da saklap galypdyrlar. Moraw sözi bolsa merwliler diýen manyny añladýar. Çeh alymlary Morawiýadaky Murgap derýasynyñ adynyñ ''Marus'' (germança ''ýata, akmaýan suw, batgalyk, ahawa'' ㅡ ''suw'' diýen sözlerden gelip çykandygyny belleýärler. Soñ bu sözüñ ikinji bölegi gysgalyp, ''awa'' ㅡ (suw) diýen manyny añladypdyr.
Eger alymyñ pikiriçe, morawanlar Merwden gelip, derýalarynyñ adynam özleri bilen alyp gelen bolsalar, onda derýanyñ adynyñ manysyny anyklaşdyrmak üçin türkmen çeşmelerine salgylanylsa, has ýerlikli bolmazmyka?
Häzirki alymlaryñ käbiri ''Marw'' (Marg, Merw, Mary) sözüni ''ot basyp ýatan batgalyk ýer'', ''ab'' sözüni bolsa türkmençe hem parsça ''suw, derýa'' diýen manyny añladýandygyny tekrarlaýarlar. ''Gapydan tapsañ, töre geçme'' diýlişi ýaly, biziñ pikirimizçe, soñky delil hakykata has ýakyn.
Alym soñra pikirini dowam etdirip, şeýle ýazýar: ''Morawanlaryñ adatdan daşary artykmaçlyklary barada oýlananymyzda, biz nazarymyzy VII asyrda üýtgeşik ýaýlar bilen ýaraglanan esgerleriñ gaýdan ýerlerine, ýagny Eýranyñ demirgazyk serhetlerine, Türkmenistana, Merw şäherine gönükdirmeli bolýarys''.
Ine" tüýs bolaýdy! Ýöne meni alymlaryñ parslar hem olaryñ däp-dessurlary barada gürrüñ edende, hemişe olary morawanlaryñky bilen deñeşdirmesi geñ galdyrýar. Merw ir eýýamlardan bäri gadymy türki dilli etnoslaryñ (saklaryñ, oguzlaryñ) ýaşan ýeri bolup, üstesine-de, ol Türkmenistanda ýerleşýär. Galyberse-de, pars taýpalarynyñ öz watanlaryndan beýle daşa gidendikleri barada taryhda entek maglumat ýok. Ummasyz köp çeşmeleriñ tassyklamagyna görä, bu hili sergezdançylyk diñe türki taýpalara mahsus.
Ýene bir mysal getireliñ. Z.Klanisa morawanlaryñ dini düşünjelerinde guşlara uly ornuñ degişlidigini belleýär. Mysal üçin, olaryñ hökümdarlary guş ýeleklerinden edilen täç geýipdirler. Moýmirowiçleriñ dinastiýasyny esaslandyran hem olaryñ ilkinjo hökümdary Moýmir I adynyñ hem türki dilde ''mamur'' (ýaş guş) diýen manyny añladýandygy-da bu pikiri tassyklaýar.
O diýen düýpli bolmasa-da, biz üçin gyzykly bolan ýene-de bir maglumat bar. Uger şäheriniñ golaýyndan ýüzüne eli laçynly atlynyñ şekili çekilen kümüş medalýon tapylypdyr. Häzirki döwürde aw guşlary bilen aw awlamak däbiniñ iki gadymy aziýaly çarwalarda ýüze çykyp, soñra irki orta asyrlarda Ýewropa aralaşanlygy jedelsiz subut edildi. Bir ýagdaýy ýörite bellemek gerek. Mongollar, ruslar, gazaklar, gyrgyzlar ýaly, kemala gelmeklerine (etnogenezine) gypjak taýpalary gatnaşan halklaryñ hemmesi aw guşlaryny sag ellerinde, diñe türkmenler hem Günbatar Merkezi Ýewropanyñ halklary laçynlary çep ellerinde saklaýarlar. Bu hemişe olaryñ etnografik aýratynlygy bolupdyr. Şol medalýondaky laçynam atlynyñ çep elinde otyr. Bu bolsa alymyñ morawanlaryñ Türkmenistandan barandyklary baradaky çaklamasynyñ peýdasyna ýene-de bir subutnamadyr.
IX asyryñ 60-njy ýyllarynda hut Beýik Morawiýada Wizantiýanyñ imperatorynyñ iberen missionerleri Kirill (Konstantin) hem Mefodiý tarapyndan ilkinji slawýan elipbiýiniñ döredilmegi biz üçin gyzyklydyr. Imperatoryñ Morawiýa iberen adamlary kimler? Olar Wizantiýanyñ ýerli ilatyndan däl-de, türki-bolgar halkynyñ wekilleri eken. Hristianlygy kabul eden bu halk Balkanyñ slawýanlary bilen mäkäm garylyp-gatylypdyr. Bolgarlar Ýewropa özleriniñ gadymy türki hatlary bilen barypdyrlar. Şol wagt slawýanlaryñ surat şekilli ýöntem hatlary bolupdyr.
Missionerler ㅡ bolgarlar garyndaş halklary bolan türkileriñkä-morawanlaryñka barypdyrlar. Hut Beýik Morawiýada türkileriñ hem slawýanlaryñ bir baýadagyñ astyna birleşip, Ýewropada germanlaryñ hökmürowanlygyna garşy durup biljek birleşmesiniñ döremegine amatly şert döräpdir. Şeýle bolansoñ, şol missioner iki doganyñ kirill hatyny döretdi diýilmegi düşnüksiz. Bu pikiri, aýratynam, rus alymlary köp ýanjaýarlar...
Dagystanly taryhçy Myrat Ajy Kirill bilen Mefodiniñ öz elipbiýlerini türki hatyñ esasynda döredendikleri baradaky pikiri öñe sürýär.
Gadymy ruslaryñ berýoza agajynyñ gadyna ýazan hatlary-da türki halklaryñ haty bolupdyr. Soñra bu döwletiñ düzümine slawýanlardyr türkilerden başga köp sanly beýleki halklaryñam goşulmagy bilen, Beýik Morawiýada döredilen elipbiý höwes bilen ulanylyp başlanypdyr. Has soñrak türki etnoslar slawýanlaryñ arasyna ymykly siñip gidensoñlar slawýanlar öñkä görä ýönekeýräk grek, latyn hem kirill elipbiýlerini ulanmaga geçipdirler.
XII asyryñ başynda Merkezi Aziýadan oguz-türkmen taýpalary ýene-de Ýewropa aralaşypdyrlar. Rus senenamalary oguz taýpalarynyñ ikisiniñ berendeýleriñ (türkmençe ㅡ baýandyr) hem peçenegleriñ (türkmençe ㅡ beçene) atlaryny görkezýär. Wenger çeşmeleriniñ berýän maglumatlaryna görä, ol oguz atlylary Karpat daglarynyñ üstünden geçip Çehiýanyñ, Slowakiýanyñ hem Wengeriýanyñ arazasynda mesgen tutupdyrlar.
Baýandyr hem beçene oguz taýpalarynyñ bu Ýewropa ýurtlarynyñ durmuşyna eden täsirine olaryñ hatyrasyna atlandyrylan köp sanly toponimler (ýer-ýurt atlary) hem aýdyñ güwä geçýär. D.A.Rasowskiniñ işinde oguz-türkmen taýpalarynyñ atlary bilen baglanyşykly uly-kiçi obalaryñ, köşkleriñ, galalardyr beýleki birgiden ýerleriñ sanynyñ iki ýüzündenem köpdügi bellenip geçilýär.
Entek 1165-nji ýylda Slowakiýada ýaşan oguzlar türki atlary göteripdirler, ýöne 1247-nji ýyldan başlap olar slawýan hem hristian atlaryny kabul edip başlapdyrlar. Merkezi Aziýanyñ gadymy etnoslarynyñ Ýewropanyñ halklarynyñ ykbalynda hem tutuşlugyna dünýä siwilizasiýasynda bitiren hyzmatlary ägirt uludyr.
Ýewropaly alymlar uzak wagtyñ dowamynda bu maglumatlary görmezlige saldylar. Ýöne olardan sowlup geçmek mümkin däl. Ýewropa halklarynyñ medeniýetine hem etnogenezine türki taýpalaryñ ýetiren oñyn täsirine göz ýumup, dogruçyl taryh ýazyp bolmaz....
Çeh hem türkmen alymlarynyñ bilelikdäki derñewleriniñ häzirki Ýewropa halklarynyñ uzak döwrüñ dowamynda ünsden düşürilen hakyky, dogruçyl taryhyny ýazmaga itergi berjegine ynamymyz bar.
Öwez GÜNDOGDYÝEW.
"Türkmen dünýäsi" gazeti, 2008-nji ýyl, ýanwar.
Taryhy makalalar