20:08 Türkmenleriñ taryhyndan / söhbetdeşligiñ dowamy | |
TÜRKMENLERIŇ TARYHYNDAN
Söhbetdeşlik
Magtymguly han Gökdepe ýykylandan soň Mara gidýär. Soň gaýdyp gelipdir. Gysgasy, Magtymguly han, 1834-nji ýyldan başlap, 1890-njy ýylyň aýagyna çenli Tejende hanlyk edýär. Ony patyşa Russiýasynyň harby ýolbaşçylary uýezd ýolbaşçysy edip belläpdirler. Şol wagtda Kaka, (owalky ady Etek galalary) täki Babadurmaz bilen bilelikde, Saragt hem Tejen uýezdine giripdir. 1891-nji ýylyň ýanwar aýynyň başynda Tejende eýýäm Magtymgulynyň deregine rus harby işgärleri iş başyna gelýär. Şol ýyl Tejeniň Garrybendi ýykylýar. Ony hiç kim beklemäge ýolbaşçylyk edip bilmändir. Şonda Tejeniň tomuşlaryndan, syçmaz halkyndan Hojamyrat mirabyň kiçi dogany Weli gyzyl diýen edermen, batyr, parasatly adam orta çykyp, Garrybendiň beklenmeginiň ýolbaşçylygyny boýnuna alyp, ony bekledipdir. Şol ýyl, ýagny, 1891-nji ýylyň ýanwar aýy teke türkmenleriniň iň soňky hanynyň ýykylan aýydyr. – Magtymguly hanyň ogly Mürrük han Gökdepede bolşewikleriň elinden atylyp öldürilipdir diýip eşitdim. – Dogry. Onuň mazary Gökdepäniň alnyndaky guýularyň birinde diýip häzir halklar ony tapan ýalylar. Bularyň ýaýrawy Maryda, Tejende we Ahal ýaýlalaryndadyrlar. Asly ýurtlary Yzgant bolup, bir sebäp bilen ir wagtlarda häzirki Bäherdeniň Han kärizi diýen ýerde, Akdepäniň edil ýanynda ýaşaýarlar. Akwekiliň iň kiçi, dördünji ogly Ganjygyň gün diýen şahasyndan Gurbanmyrat işanlar dünýä gelýär. Gysgasy, onuň ata-babasy ylymly, Gurbanmyradyň kakasy Mollaker Hywada okaýarka Hywa hany özüniň kazysyny çalşyrmakçy bolup, ahun-pirlere sala salypdyr. Şonda ulamalar «Bir teke adamy bar, şol laýykdyr» diýenler han Mollakeri çagyryp: «Sen Baş kazy, ýagny, kazy-kelan bolmaly» diýipdir. Mollaker edil boýun alaýmandyr muny. Eger hanyň diýenini etmese-de hezil berilmejegini bilip, olar iki bolup, bir düýeli gijäniň birmahaly Ahala tarap, soňra bolsa ýollaryny Mara tutduryp, Hywa hanyndan gaçypdyrlar. Häzirki Mary şäheriniň takmyndan togsan kilometr aýagyna gelenlerinde Mollaker suwsuzlykdan şehit bolup ölüpdir. Häzir onuň mazary uly zyýarathana aýlandy. Gurbanmyrat işanlar Gökdepe urşunda halka ýolbaşçylyk eden we harby-ýarag üpjünçiliginiň eýesi edip bellenilendir. Ol häzirki Bäherden etrabynyň Durun obasyndaky, soňlar Akdepede ýerleşen Garry işanyň we onuň kakasy Jepbarberdi işanyň kakasy – pirlik patasyny Amannazar diýen özbek pirinden alan Seýit işandan okap, pirlik patasyny alandyr. Ol milady senesi bilen 1902-nji ýylda 77 ýaşynda wepat bolýar. Ol adamynyň tarypy kän... Ýöne wagtymyza we habarlar düzgünine eýerip gysgaldýaryn. Onuň çowlugy Han işandyr. Han işan sahy, hakyky adam, asylly, pähimli, örän saýhally gepleýän, halkyň abraýynyň, onuň azatlygynyň, ýagşy durmuşynyň, aňly-bilimli bolmagynyň päk niýetli, ruhy päkliginiň tarapdarydy. Men ony ýigrimi ýyla golaý gözden geçirdim. Hiç ýerde, hiç wagt bihuda sözüni eşitmedim. Bir-de ikimiz biri-birimiziň sözümize «munyň-a bolmady» diýen ýerimiz bolmady. Şu mysallar-da onuň tarypyndan biraz kysymydyr. Ol öz atasy bolan Gurbanmyrat işanyň üstüne gümmez galdyryp (199? -njy ýylyň ýanwar aýynda), şol ýylyň iýun aýynyň 16-na, biwepa panydan baky rahatlyk, şatlyk ýurduna göç eýledi, Allatagala rahmet etsin oňa, Ämin! Bularyň ýaýrawy Mary-da, Tejende we esasan hem Ahal etraplarynda ýaşaýarlar. Ýene-de şu günlerden Öwezmyrat ahun hem meşhur ahunlaryň biridir. Onuň galyndysy Eýranda we Bäherdeniň Garagan obasynda ýaşaýarlar. Iň soňkusy garawekil. Bulardan onçakly bir belent mertebeli adamlaryň döräni hakynda maglumat tapmadym. – Ahun aga, bu aýdanlaryňyz togtamyş hakda. Indi utamyş hakda-da aýdaýsaňyz? – Togtamyşlary tamam edip, indi tomuş ýa-da utamyşa geçeli. Tomuşyň iki ogly bolup, ulusy Bagşy, kiçisi-de Syçmazdyr. Bagşynyň iki ogly bolýar. Biri, ýagny ulusy Daşaýak, kiçisi-de Bagşydyr. Daşaýakdan hem iki ogul dünýä inýär. Ulusy Akdaşaýak, kiçisi Garadaşaýakdyr. Akdaşaýagyň gyzyllar atly tiresi dünýä taryhyna giren Keýmir körüň tiresidir. Keýmir aga wepat bolmanka, takmynan, XVIII asyryň ikinji ýarymynyň içinde, öz ýerine Garagumdaky çarwalaryň hany bolan Annaseýit wekili türkmenleriň hany edip belleýär. Annaseýit wekil takmyndan 1803-nji ýylda wepat bolýar. Annaseýit aga näme Keýmir ýalymy?! Keýmiriň hanlygy hakyky handyr. Men ýaşulularyň gürrüňlerine, ol hakdaky ýazgylara birneme syn etdim weli, Keýmirden kem tapan adam ýok. Emma Annaseýit wekil weli... bolýa-da. Ol öz halkyny, tomuş halkyny assyrynlyk bilen goldan ýerlerini aýtsam, hä-ä diýersiň. Indi wepat bolanyň yzynda ony eýleräkdir, beýleräkdir diýmän, onuň Keýmir kör we Nurberdi han ýaly adyl däldigini aýtmagym bilen çäklenýärin. Annaseýit aga çeltek diýen tiredendir. Onuň yzy Agahan molla, Esen molladyr. Esen molla 1930-njy ýyllarda hem bar eken. Bagşy urugynyň çarman diýen tiresi Eziz hanyň ýoldaşy Gyzylhanyň tiresidir. Syçmazyň iki ogly bolan. Ulusy Aksopy, kiçisi Hajysopudyr. Aksopy urugynyň körsagry tiresi halkyň hakyky ogly Şaja Batyryň tiresidir. Syçmazyň kiçi ogly Hajysopynyň dört ogly bolan. Ulusy Bagaja, soňra Mülkaman, soňra Arap we iň kiçileri Gyzylgözdür. Gyzylgözüň Bokurdak tiresinden peýda bolan belent mertebe eýesi, türkmenleriň daýanjy, guwanjy, dilleriniň senasy, gyssananda penasy Ak işan agamyzdyr. Onuň hakyky ady Akmuhammet bolmaly. Kakasyna Gurbannazar ýa-da Mollanazar diýilýär. Işan agamyz, takmyndan milady hasaby bilen 1760–65-nji ýyllaryň bir ýanynda dünýä inýär. Ol Orta Aziýada pirlikde belli bolan Ýazguly halypada okaýar, oňa sopy bolup, ahyrda belent taňrynyň sahylygynyň esasynda, «Yhlasa – myrat» diýleni, uly pir bolup ýetişýär. Ol 1854-nji ýyllarda Hywada ekeni. Mädeminiň goşun çekip, Saragt türkmenleriniň üstüne gaýtmagy, Ak işan agany ynjalykdan düşürýär. Ol goşunyň Saragta ugran güni ir bilen Ahala gaýdýar. Han ony görüp, salamlaşyp, «Işan aga, haçan gelersiň?» diýenmiş. Onda Ak işan agamyz: «Seň gaýdyp gelen günüň, menem gelerin» diýenmiş. Mädemin han Saragtda öldürilýär. Öýüne diri gelmeýär. Işan aga-da dolanyp Hywa barmandyr diýýärler. Ak işan aga bilen ýene-de türkmenlerden iki adam pir bolan. Biri teke Şämmet işan, ýene biri-de magtymlardan bolmaly. Ol ikisinden derek ýok. Ak işanyň öz ogly Abdy, onuň ogly Garaja, onuň ogly Ak işan. Onuň hem sekiz ogly bolan. Olardan iň atlysy Nury işandyr. Ol Derwezede ýaşap, wepat bolandyr. Onuň ogly Hoja işan we başgalardyr. Ak işan agamyz takmyndan togsan dagy ýaşap, ýalňyşmasak, 1855-nji ýylyň bir ýanynda wepat bolýar. Şol wagt Gurbanmyrat işanymyz 30 ýaşyň bir ýanynda ekeni. Gurbanmyrat işanlar 77 ýaşap, 1902-nji ýylda Gökdepede wepat bolýar. Gurbanmyrat işanyň eneden bolan wagty 1825-nji milady senesidir. Ýene-de şol syçmaz halkyndan Aksopynyň kekeç tiresinden Mosy ahun Mämmet Aman ogly hem Täjigistanda Ürküt atly pire gol berip, oňa sopy bolandyr. Mosy ahunlar Gökdepede öz wagtynda ýakasyny tanadan ahundyr. Ol bolşewiklerden gaçyp, Eýrana geçip, şol ýerde wepat bolandyr. Ýene-de şol halka degişli Rahmanberdi işan pirlik patasyny alandyr. Onuň pirligi barasynda tassyknamasy bar. Men ony görüp okapdym. Ýene-de Börmede dünýä inen Nazaraly molla. Elhepus, halalyň bolsun diýlen akylly, adyl, gepe çeper, has çeper adam eken. Ol hem Rahmanberdi işanyň Hywada okan zamanlary şol ýerde okaýar ekeni. Ol ahunlygy tamam edende ustadlary oňa pata bermekçi bolanlarynda Nazaraly olara: «Duruň! Men entek ýene-de okajak. Ahunlykdan aňryk hem okajak» diýen. Onda ahunlar oňa: «Şu ýerde togta-da, patany al, soň, elbetde, görersiň» diýenler. Nazaraly etmändir. Onda ahunlar oňa: «Mollajyk bolup galarsyň» diýipdirler diýen sözleri ol hakda ygtybarly adamlardan eşidipdim. Ustadlaryň diýşi ýaly-da, Nazaraly aga ahun bolman, Mollajyk adyny alyp, Börmä gelip, kem yrsgal bolup, ýalňyşanyny bilip, arman bilen wepat bolupdyr. Ýene-de syçmazlardan Tejende Çary Hanam ogly, onuň öňräginde, ýagny, 1930-njy ýyllarda wepat bolan Hojamyrat mirap, inisi Beligyzyl atly-abraýly, halka nan beren, garyplaryň halyny soran adamlardyr. Çary Hanam oglunyň garyndaş agasy Orazgeldi aga-da edil şular ýaly halk üçin janyny pida edenleriň biridir. Marydaky syçmazlardan Weli han halk üçin malyny, mülküni sarp eden adamdyr. Ol 1921-nji ýylyň açlygynda köp-köp adamlara nan berip, olary oraga golaýladan adamdyr. Şol açlykda Tejendäki akýusuplardan Garabaý hem edil şonuň ýaly, ähli Tejen daýhanlaryna günde bir wagtyna etli ýarma berip, oraga ýetiren adamdyr. Şol wagt ýaz ekişini we gazy-haşar işlerini daýhanlar ähli işleriniň amala aşyrylmagyna tötärik bolupdyr. – Söýünhanyň kiçi ogly kim? – Söýünhanyň kiçi ogly Ýomut hakda kelam agyz. Onuň iki ogly bolýar. Ulusy Baýram şal, kiçisi-de Garaçokadyr. Baýramyň dört ogly bolýar. Ulusy Öküz, ondan kiçisi Salak, ondan kiçisi Uşak, iň kiçileri-de Orçukçadyr. Garaçokanyň iki ogly bolýar. Ulusy Atabaý, kiçisi-de Japarbaýdyr. Atabaýyň iki ogly bolýar. Ulusy Ak, kiçisi-de Atabaýdyr. Bularyň yzlary bar. Japarbaýyň Garainjik, Kelte, Kem, Bähelge, Jükgän, Baga, Garrawy, Gulak, Gojuk, Ýylgaý we başga ogullary bolupdyr. Indi Tekemuhammediň üçünji ogly Ýalkamyş hakda. Ýalkamyşlar barasynda men entek togtasym gelýär. Sebäbi öz golumda-ha maglumat ýok. Başga rus ýazgylaryndanam alasym gelmedi. Şoňa görä saklanýaryn. Belki, kimdir bir dogrusyny bilýän tapylar. Söýünhan türkmenlerini tamam edip, esenhan türkmenleriniň gyzgajyk taryhy. Oňa düýeçiler, arabaçylar, alililer, çowdurlar, gökleňler, igdir, abzallar we başgalar girýär diýen ýazgylar bar. Bu habar Ata Jyky oglunyň kitabynyň 226-njy sahypasynda-da getirilipdir. Maglumatymyzy owaly bilen köne türkmen taryhyndan, ýagny Ilhan ýüzbaşy we Gulbahadurhan tarapyndan taýynlanan hakyky türkmenleriň öz eli bilen we ähli Türküstan aksakallarynyň maslahaty bilen ýazylan taryhdan getirdim. Käbir ýerlerini Ata aganyň taryhyndan we Karpowyň taryhyndan peýdalandym. Ýöne peýdalanan ýerim birdir ýa-da ikidir. Indi Tekäniň uly ogly Sary ýa-da Sarygyň nesli Söýünaly, Hanaly, bular jemi 160 gowrak ownuk we iri tirelerden ybaratdyr. Taryhçylaryň soňky tapgyry, ýagny XVIII asyryň başlaryndan başlap, türkmenleriň taryhyna gyzyklanan taryhçylar asly türkmen bolmany üçin olaryň il, urug, tire bölünşigini çym-pytrak edipdirler. Agasynyň ornuna inisini, onuň deregine-de iň kiçisini ýazyp, haýsysy urug başy, tire başy, aga haýsy, ini haýsy bilinmez ýaly edipdirler. Ine, Karpowyň kitaby. Ine, iň gowy taryhçy diýip hasaplaýan taryhçym Ata Jykynyň täze ýazan taryhy, Atanyňkyda-da aga haýsy, ini haýsy, tanalmaz ýaly bolan. Sebäbi nämede? Sebäbi ozalky rus ýazyjylarynyň ýa-da Wamberi, aý, tamberimi, garaz, başgalaryň uzakdan seredip ýazan ýazgylaryna salgylanmak bilen kagyzdan göçürilen zatlar-da. Türkmenleriň öz içindäki gizlenip ýatan taryhy ýazgylary bir adam hem islänok we ony taryhdyr hem diýmeýärler. Taryhynda oruslaryň ýa-da köne jöhit taryhçylarynyň ýazgylary bolmasa, hamala diýersiň, kabul bolmaýarmyşyn. Meniň taryhy ýazjaklar diýjek zadym: bir adamynyň taryhyny ýazmaga hindileriň bir musulman alymy Saud Nygman diýen adam 25 ýyly sarp edipdir. Ol şol ýyllary Siriýanyň, Saud Arap döwletiniň, Müsüriň, Yragyň we beýleki musulman ýurtlarynyň kitaphanalarynda geçirenini ýazýar. Ol taryh Muhammet alaýhissalamyň dört ýarynyň ikinjisi Hezret Omaryň taryhy bolmaly. Gör, Nygman bir adamynyň taryhy üçin näçe ýyly geçiren we nireleri gezip, açlygy, suwsuzlygy, sowugy, ýetimligi görüpdir. Biz bolsak her ýylda 25 sany halkyň taryhyny ýazjak bolýarys. Menden nesihat, geliň, Taňry üçin, halkyň bähbidi üçin bizem Nygmanyňky ýaly horluklary görüp, hakykata ýetjek bolalyň! Ine, meniň öňümde saryklaryň bölünişigi. Ilki bilen tire, soň bolsa, urug, soňra bolsa gandüşer diýlip ýazylýar. Hany, muny nämä ýaradarsyň?! Saryklaryň maglumaty iň ilki aýdylmalydy. Muny soňa goýanym, elimdäki subutnamany bir tanyşym alyp, wagtynda getirmedi. Şonuň üçin siz meni bagyşlarsyňyz! Indi, bu uly halklara girmeýän birnäçe türkmen we türk taýpalarynyň düzümi. Bu türkmenler – ýemreliler, alililer, gyzylbaşlar, nohurlylar, manyşlylar, änewliler, sünçeliler, münçeliler... Bulary şu çaka çenli oguz, söýünhan we esenhan türkmenleriniň yzyna tirkäp, kelte gapyrga diýip gelindi. Bu şeýlemikä?! Ýok, beýle däl. Bular barasynda daşary ýurt taryhlaryna pugta seretmelidir. Nuhuň uly ogly Saam araplaryň we parslaryň we ownuk türk we türkmen tireleriniň atasydyr. Ybraýym halylyň öz neslinden we kakasynyň erkek doganlarynyň, ýagny, Nahuryň, soňrakdaky Lukman hekimiň özlerinden soňky şahalaryndan ýokardaky agzan we agzamadyk türkmenlerimiz emele gelendiklerine Kuran şerifde hakyky maglumatlar bar. Kuranyň bir müň aýaty geçmişdäki taryha degişlidir. Her kim başarsa, Kuranyň giňden ýazylan düşündiriş kitaplaryna seretsin! Eger her kim meniň bu sözüme bazar etmese, onda ýakyn ýerlerde bolsalar gelip bilerler ýa-da daş ýerlerde bolsalar, hat ýazyp bilerler. Indi araplardan türkleşen tireler. Birinji hojalar, ikinjiden hem magtym halkynyň bir tiresi, ýagny gylly magtymlar girýär. Hojalar diňe Hezreti Alynyň ogly Ymam Hasan razyýellahü tagala anhü-niň neslindendirler. Gylly magtymlaryň aňyrsy Gökdepäniň daş bolmadyk günortasyndaky Bowga obasynyň ýanynda ýerlenen Ymam Muhammediň, ýagny Muhammet hanafynyň neslindendirler. Eger ol magtymlar, biziň aňrymyz Hüseýiniň ogly Aly esgara barýar diýip meniň aýdanymy kabul etmeseler, onda olar meniň ýanyma gelsinler. Men in şääää-Allahü tagala ony subut ederin. Ikinjisi, pir magtymlary. Olaryň aňyrsy Gaýypguly diýen belent adamga barýar-da, aňryk geçenokmyka diýýärin. Elbetde, dogrusyny Taňrytagala bilýär. Ýene-de araplardan türkleşenleriň biri atalardyr. Bular bir ýazga garanyňda Hezreti Osmanyň garyndaşlaryndandyrlar. Bulardan hem beýleki halklaryňky ýaly uly keramatly adamlar çykypdyr. Meselem, Büzmeýiniň aňyrsyndaky Babaarapata ogly, Ol Muhammet pygamberiň ýoldaşydyr. Ýa-da Hoja Ahmet Ýasawynyň soýularyndan Gözli ata we başgalardyr. Ýöne bir zat welin gerek-dä! Ol hem olaryň yzyny tutman, «Men pylankesiň bärsidirin» diýmek weli ýalňyşmyka diýýärin! Geliň, indi biz olaryň yzyny tutalyň! Ämiýn! Seýitler bular hem Muhammet aleýhissalamyň sahabalaryna barýandyr. Biziň musulman ýurtlarymyzda bir ýerde hojalara işan diýseler, bir ýerde-de hoja diýýärler, ýene bir ýerde bolsa seýit diýýärler, ýa-da araplaryň Palestina ýaly ýerlerinde seýit, käbir Bangladeş ýaly ýerlerde bolsa müjewür, Türkiýede hoja diýilýär. Şulara nazar edäýmeseň, seýitler hakynda mende gol ýazma ýa-da başga tutaryk ýok. Şyhlar. Şyh sözi ilki bilen Muhammet pygamberden çykýar. Ol şeýle: on adama hakyky imanly diýip belent Taňry Muhammet aleýhissalama habar iberýär. Muhammet aleýhissalam ol habary sahabalara aýtmaga başlanda Hezreti Omar ondan: «Kimlerdir ýa Resuwl Alla?» diýip sorapdyr. Şonda Muhammet aleýhissalam «Ýaşlardan pylan, pylan we şyhlardan, ýagny garrylardan pylan pylan» diýipdir. Şu ýerden hem şyh sözi çykyp, şol wagtky uly ýaşly sahabalara aýdylypdyr. Esasan hem Ebuw Bekr Syddyh we başgalar. Bu şyhlaryň aňyrsy-da beýleki halklaryň ýaýraşy ýaly, dünýä ýaýrapdyrlar, türkleşipdirler. Hakyky şyh bolman, arassa tekelerden hem şyh adyny alanlar bolupdyr. Çünki olar şol belent ada şol ady dakypdyrlar. Meselem, Hasymşyh, Daşhowuz etrapyndaky Ismagtym atanyň müjewürleri asly teke Helebaý aganyň ogullary bolup, ir wagta araplarda okap, soňra Ismagmytda okap, belent derejelere eýe bolup, şyhlyk, ýagny öwlüýälik derejelerine çenli ýetipdirler. – Ahun aga, beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin taňryýalkasyn. – Bile ýalkasyn! «Syýasy söhbetdeş», 7 oktýabr, 1992 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |