TÜÝDÜK OWAZY
1.
Aýak çekmän uzak ýörändigimiz üçin maşyn julkumyzy çykarypdy. Üstesine-de, howa yssydy. Hemmämize ýadawlyk aralaşypdy.
—Meniň şu jelegaýda çopançylyk edýän Annamyrat atly dostum bar. Geliň, şonuň goşuna sowlalyň. Hem-ä suw ýükümizi tutarys, hemem çaý içeris. Menem bahana bilen köne dostumyň halyndan habar alaryn –diýip, Gara aga bize teklip etdi.
Ýol ýadawlygyny çykarmak hem-de hakyky çopan durmuşyny görmek höwesi bilen, biz göwünjeň ylalaşdyk.
Gara aganyň salgy beren ugruna biraz ýöränimizden soň, uzakdan çopan goşy göründi. Allowarra öňümizden iki sany läheň köpek lowhuldaşyp çykdy.
Gara aga köpekler ses ýetim golaýymyza gelende, maşynyň gapysyndan kellesini çykaryp:
— Akbaý, Peleň, näme tanamadyňyzmy? –diýip, olaryň atlaryny tutansoň, köpekler üýrmesini bes etdiler. Maşynyň öňüne düşüp, seňkildeşip, bizi goşa garşy alyp gitdiler.
Özüne tarap barýan maşyny görüp, Gara aganyň ýaşlaryndaky, ýöne oňa görä-de daýanykly adam bizi garşylamaga ýöneldi:
—Sen nire, bu ýerler nire, sakgaldaş. Gelmeýäniňe kän wagt bolandyr – diýip, ol ilki Gara aga bilen gadyrly görüşdi. Soňra biziň bilen salamlaşyp, saglyk-amanlyk soraşdy. Gapdalynda näme diýerine mähetdel, ýylgyryp garaşyp duran ýigit bilen tanyşdyrdy. —Ortanjy oglum, Meretgeldi. Iki bolup, ynha, şu agyr sürini eýgerip ýörendiris –diýip, bir çetde gäwüş gaýtaryp ýatan sürüni görkezdi.
Soňra Gara aga bizi tanyşdyrdy. «Haýwanat bagy» üçin zerur jandarlary tutmak aladasy bilen aýlanyp ýörendigimizi aýtdy.
—Tüweleme, köpekleriňiz-ä gowy ekeni –diýip, Öwez gazan ýaly kelleli, müçesi iriden gelen, göreňde gözüň dokunýan itlere garşy baş atdy.
—Köpeklerimiz gowy welin, goçumyzyň ugry ýok –diýip, goja çopan süriniň bir çetinde duran burum-burum şahly epeý goçy görkezdi. —Janawar garrapdyr. Ornuna goç gözleýän.
—Hol, ýaş goç bolanokmy? –diýip, Aşyr başdaky goça görä kiçeňräk, gara goçy görkezdi.
—Ol heniz guzujykka enesini ýylan çakyp, ýetim ulaldy –diýip, çopan Aşyra jogap berdi.
—Ýetim ulalanda näme?! –diýip, Aşyr çopanyň jogabyna oňly düşünmändigini ýaňzytdy.
—Ýetim guzulykdan ulalan goç sürä höwre goýberilmeýär –diýip, Gara aga çopandan öňürtiläp düşündirdi.
—Şony diýsene! Goçuň goç bolmasa, süriň göýdükleşiberýär –diýip, çopan Gara aganyň sözüni makullady.
Çopanyň goçy baradaky çynlakaý gürrüňinden soň, biz golaýyna baryp, mähnet ak goçy synlamaga durduk. Ol biziň alkymyna baranymyza kän bir pitwa-da bermän, gözlerini süzüp, bir durşuny üýtgetmän, ussat heýkeltaraşyň ezber ýasan heýkeli ýaly bolup, butnaman durdy.
—Şahynyň gyralarynda gädilen ýerleri bar. Ençeme söweşleri gören goç bolmaly –diýip, Öwez goçuň şahyna aýasy bilen çalaja kakdy.
Şahyna kakylanam şol, biparh duran goç gözüni ýalpa açyp, çuslanyp, süsmäge häzirlenip, götinjekläp maý alyp ugrady.
—Saklan! Saklan, Pälwan! –diýip, Meretgeldi ylgap baryp, boýnundan gujaklap, ony köşeşdirdi. —Şahyna degildigi, muňa «Süsmäge taýyn bol!» diýildigi.
Goç maý almasyny goýbolsun edip, biraz aňry gitdi-de, ýene öňküsi ýaly gözlerini süzüp, butnaman durmasyny dowam etdirdi.
— Şu goç dagy süsäýse, tebibe ýeriň galmasa gerek –diýip, Sapar ýylgyrdy.
— Biziň — çopanlaryň bir däbimiz bar. Her ýyl döl döwrüni sag-aman sowanymyzdan soň, «Goç jan» ýaryşyny geçirýäris –diýip, Annamyrat aga dillendi. —Bu ýaryşyň manysy, goç uruşdyryp, haýsy süriniň goçunyň güýçlüdigine göz ýetirmek. Kimiň goçy ýeňse, guzuly goýun baýragy bar. Onsoň, indiki ýaryşa çenli «Pylanyň goçy goç dagy däl, goç jan!» diýlip, ýeňen goçuň tarypy edilip gezilýär. Biziň bu goçumyz ençeme ýyllap «Goç jan» bolan goç. Ýöne soňky birki ýyl bäri muny ýaryşa çykaramzok. Süsüşip, beýnisini şunça çaýkany besdir. Garran çagynda bir gününe goýaly diýýäs.
— Hol ýaş goçuňyzy goç urşuna çykaraňzokmy? –diýip, men soradym.
— Ony ýaňky aýdyşym ýaly, enesi ölüp, elemzikden süýt berip ulaltdyk. Howy basyk, orta çykarsak, uruşman gaýdyberýär –diýip, Annamyrat aga düşündirdi. —Onsoňam, müçesi ownuk, soýsak gerek.
2.
Eli işe gelşip barýan Meretgeldi derrew biziň ellerimizi ýuwduryp, düşege geçmegi mürehet etdi. Biz tomsuna serginläp oturmak üçin oňarylan eýwança geçip ýerleşdik.
Agyldan biraz daşlykda gurlan kiçeňräk jaý, guýy, basylgy biraz otdur odun, biziň oturan eýwançamyz ýene-de aňry-bäri — ine, bar çopan goşy şulardan ybaratdy. Eýwançanyň sütünine kakylan çüýlere ýüpe düzülen kömelekler serilgidi.
— Şu bahar kömelek bol boldy. Iri, tämiz –diýip, serilgi kömelekleri geňläp synlaýanymyzy aňan Meretgeldi düşündirdi. —Biziň çölümizde gelin kömelegi köp bitýär. Şeýdip kakatsaň, ýylboýy iýip ýörmeli. Bişirmeziň öň ýany suwa atyp biraz goýsaň, çişip, edil täzeje ýaly bolýar. Onsoň, guýruk ýagy bilen ýuwaşja otda gowursaň, juda tagamly.
Meretgeldi derrew ojar oduny uludan ýakyp, oňa bir giden tüňçäni suwdan dolup süsdürdi. Hamyr ýugrup, etiň ýaglyja ýerinden maýdadan-maýda dogrady-da, burçuny-duzuny tükelläp, gatlaklap ýaýyp goýan hamyryna gaplady. Böwrüni ot gyjyklap, lykyrdaşyp ugran tüňçelere çaý atyp, daşynyň külüni kakyşdyryp bize äberdi.
Onsoň, gyzyl jäç bolup howrugyp duran ojar közüni bir çete çekdi-de, aşagyndaky gyzgyn çägä işlekli gömüp, üstüne közi sürdi.
Biraz wagt geçip-geçmänkä işdä açyjy ýakymly ys töwerege ýaýrady.
Meretgeldi işleklini gömen ýerinden ussatlyk bilen çykardy-da, eýlesiniň, beýlesiniň çägesini kakyşdyryp, kesimläp, orta goýdy. Onuň ýerine täzesini gömüp, üstüne köz sürdi.
— Ynha, şuňa çopan işleklisi diýýärler, Aşyr jan, bilmeýän bolsaň, bilip goý! – diýip, Öwez Aşyra degdi.
— Wah, bilýän-le! –diýip, Aşyr işlekliniň ýagy akan barmaklaryny ýalady. — Köpden bäri şeýdip, hezil edinip naharlanyp görmändim. Çemçe-de gerek däl, çarşagam. Çaýam göni otdan alnan tüňçeden içibermeli. Ine, tebigylyk. Iýen-içeniň tagamy dagy bir başga! –diýip, Aşyr göwnühoş güldi. — Annamyrat aga, siziň goşuňyza lukman gerek dälmi?
Öwez näme diýjegini bilmän ýylgyryp oturan goja çopanyň ýerine jogap berdi:
— Ýok, gerek däl! Biziň dumly-duşumyz lukman: Gum otlary, tämiz howa, täzeje iýmit, hanha, hol kömelekler...
— Seniň bu diýýäniň jany ýok däl! –diýip, çopan hezil edip güldi.
Nahardan soň demli tüňçeleriň daşyna geçdik. Çaýyň tagamy bal ýalydy.
— Guýyňyzyň suwy-ha süýji ekeni –diýip, men boşan käselere çaý guýup bermek bilen başagaý Meretgeldä ýüzlendim.
— Hawa, süýjüdir. Gadymy guýy. Ahalyň maldar baýlary Agageldi atly Pendä belli bir guýy ussasyny çagyryp gazdyranmyşlar.
3.
— Biziň şu türkmen itlerimizem juda geň ýaradylan it –diýip, Aşyr süriniň ilersinde oturan, gazan ýaly kelleli, mähnet goýun köpeklerine garşy baş atdy. — Eger şäher gürjüsi bolan bolsa, iýmäge bir zat bermezmikäler diýip, biziň töweregimizden kowsagam gitmezdi. Bularyň bolsa sarpasyny saklap oturyşlaryna bir eset! Gözüň giderlik.
— Hatda çagyryp, ýalagyna ýal guýaňsoňam, tä özüň bir çete çekilýänçäň, owkadyna agyz urmaýarlar –diýip, garry çopan Aşyryň pikiri bilen ylalaşyp baş atdy.
— Hawa-da, ata-babalarymyz awa-şikara çykanda, uzak ýerlere argyşa gidende ýa-da dowar yzynda gezende, bala-çagasyny, mal-mülküni arkaýyn ynanyp gidip bolarlyk edip ýetişdiripdirler bu köpeklerimizi. Bulara goýun iti diýilse, juda bärden gaýdyldygy bolar! –diýip, Gara aga hem köpekli gürrüňi alyp göterdi. —Gadym döwürde bu wagtky ýaly kowçum-kowçum oturylman, her kim bir ýerräkde — pytyraňňy oturylypdyr. Ine, şonda haw-hawlap geregu-bigerek üýrüberse, olja aňtap ýören galtaman-beýlekiniň it sesini yzarlap gelip, öýi çapawullamagy ähtimal. Şonuň üçinem itiň köp üýrmegi bähbitsiz. Ol döwürde möjek, şagal ýaly ýyrtyjylaryňam kän döwri. Olar öý mallaryna daranda, itiň birjik-de gypynç etmän, garpyşyp biljek batyr hem güýçli bolmagy-da zerur. Galyberse-de, öýde erkek ýok halaty, mert hem gaýduwsyz keşbi bilen öýüň eýelidigini duýduryp duran it bolmaly. Ata-babalarymyz şu sypatlaryň hemmesini onda jemläp bilipdirler –diýip, Gara aga çaýyny owurtlady. —Mahlasy, biziň şu adam kibi asylly, möjek ýaly ýowuz ýyrtyjy bilenem garpyşmaga gorkmaýan köpeklerimizi ata-babalarymyzyň nähili döredişleri barada bir hekaýat bar. Isleseňiz, aýdyp bereýin –diýip, ol biziň bilesigelijiligimizi tijedi.
— Aýdyberiň! –diýip, biz diňlemäge döwtalapdygymyzy duýdurdyk.
— Muny maňa kakam pahyr gürrüň beripdi. Ganjyklaryň ýala gelýän döwri, bir aç-suwsuz saklanan wägirek geçini eltägede, gaplaňyň gowagynyň golaýynda, ondan biraz bärräkde hem ganjygy daňyp, «Bagt — töwekgeliňki» diýip, buky ýerde garaşyp oturýarmyşlar.
Aç gaplaň geçiniň çekremesini eşidip, gelägede ony iýip garnyny doýransoň, ganjygyň ysyny alyp, baryp oňa çapýarmyşyn.
Ine, şeýdibem, gaýduwsyz türkmen köpegini döredenmişler. Biziň itlerimiziň owal pederi gaplaňmyşyn.
Elbetde, bu bir ýalana ýakyn gürrüň. Ýöne hiç bir halkyňka meňzemeýän arslan ýürek itlerimizi göreniňde: «Bu gürrüňiň jany bar bolaýmasyn?» diýeniňi duýman galýarsyň –diýip, Gara aga söhbedini soňlady.
4.
— Siziň «Haýwanat bagyňyzda» ýerli haýwanlaryň ählisi diýen ýaly bar welin, näme üçin türkmen köpegi ýok?! –diýip, Aşyr Öweze ýüzlendi.
— Bizde esasan-a ýabany haýwanlar bar. Ýöne bir-iki sany hakyky türkmen itini hem ýerleşdiräýsek kem bolmaz. Bu barada oýlanyşyp göreris – diýip, Öwez ylalaşyp baş atdy.
— Häý, bu wagt hakyky türkmen köpegi tapdyraýarmyka? Biz — gumlular-a şu meselede juda kösenýäs –diýip, Annamyrat aga gürrüňe goşuldy. —«Häzir möjek ýokmuş» diýen bolýarlar welin bar. Özem çozanda köplenç howanyň bulaşyk, ýelli güni, sürä başagaýlyk araşan halaty çozýar.
Şonda köpekleriňem ýaramaz bolsa, eli tüpeňli iki-üç adam bolubam sürini abat alyp galmak çetin. Sebäbi gözüňi oňly açyp bolmaýan çägeli syrgynda möjek haýsy, goýun haýsy seljermek kyn.
Möjek zaluwat süriniň içine bir aralaşyp bildigi, dowarlaryň dat gününe. Itlerden netije bolmasa, okuňy goýunlaryň üstaşyry atyp, gykuwlap durubermekden gaýry alajyň galmaýar.
Itleriň gowy bolsa welin, olar möjegiň ysyny öňünden alýarlar. Süriniň sagyndan soluna aýlanyp, dowarlary bir ýere jebisleşdirip başlaýarlar.
Möjek diýeniňem çozanda ýeke çozmaýar. Köplenç birnäçe bolup, özlerem iki topara bölünişip çozýarlar.
Birinji toparyň niýeti çopanydyr itleri aldawa salyp, yzyna düşürip sürüden daşlaşdyrmak. Şuny başa bardyryp bildikleri, ikinji topar goragsyz galan sürä darap etjegini edýär. Akylly itler welin, möjekleriň bu pirimine aldanmaýarlar. Biri möjekleri kowalap gitse, beýlekisi hökman süriniň ýanynda galyp, garpyşmaga häzir bolup durýar.
Owalda bir çopan patalyk işi çykyp, sürüsini ýaş, tejribesiz çolugyna ynanyp, gyssagly oba gitmeli bolupdyr. Şol günem sürä möjek darapdyr. Itleriň birisi haýdan-haý möjekleriň söbügine münüpdir. Alabaý atly beýlekisi bolsa, hüşgärlik bilen süriniň daşyndan aýlanyp ýörmüşin. «Möjekleri kowalap gitmäge gorkdy» diýip, köpegiň bu bolşuna çolugyň gahary gelipdir. «Ýoldaşyň gurtlar bilen garpyşýarka, seniň munda nä körüň bar!» diýip, taýagyny aýlap salypdyr. Taýak bijaý degip, köpegiň aýagyny döwüpdir. Ol görgüli barybir sürini taşlap gitmändir. Ine, şol pursadam möjekleriň ikinji topary çozupdyr.
Şonda ýaňky Alabaý atly köpek aýagynyň döwükdigine seretmezden, olar bilen gaýduwsyz söweşipdir. Emma möjekler onuň agyr ýaradardygyndan peýdalanyp, ikinji köpek gelip ýetişýänçä bijaý çeýnäpdirler. Şeýdibem, ol jan beripdir.
Ertesi çopan gelip, sürä möjek çozandygyny, itleriniň gaýduwsyz garpyşyp, birisiniň heläk bolandygyny eşidipdir. Ýöne çoluk oňa gahar ugra Alabaýy urandygyny welin aýtmandyr.
Köpi gören çopan wepaly köpeginiň aýarynyň urlup döwlendigini bilip, başyny gynançly ýaýkapdyr: «Bu düşen ýaralar — möjegiň işi. Ýöne, köpegiň aýagy nädip döwüldi?» diýip sorasa, çolugy: «Aý, men-ä bilmedim-dä...» diýip, eden telek işini barybir boýun alanokmyşyn. Çopan oňa: «Ogul, sen oba ötägit. Gum seniň ýeriň däl» diýip, çolugyny täzeläpdir.
—Gara aga-ha, «Möjek mert jandar» diýýär. Ýöne ol awçy. Möjekden azar görmedik adam. Ine, siz—maldar. Möjekden köp çürkenensiňiz. Siziň möjek baradaky pikiriňiz nähili? –diýip, Aşyr hekaýatyny aýaklan çopandan sorady.
—Menem sakgaldaş bilen pikirdeş. Möjegiň mert jandardygy hak. Ýöne ol barypýatan wagşy. Bu bolsa onuň Hudaý tarapyn ýaradylyşy. Eger meýdanda aw tapsa, ol sürä çozmaýar. Öz süreniniň golaýyndaky sürä-hä asla-da degmeýär.
Ýöne çagalan wagty çagalarynyň ählisini hem alyp ýok etseň welin, aýap goýmaýar. Ar almagyň kül-külüne düşýär.
Ýedi-sekiz ýyllykda, biziň hol ilerimizdäki sazakly oýda bir jübüt möjek süren edindi. Hiç atymyna gelmeýän, gapana basmaýan azy ýaran mekirdiler. Goňşy sürülere «dat» diýdirdiler. Bize welin degmediler.
Ýöne möjek goňşyň bolsa, arkaýynlaşyp bolmaýar. Şonuň üçinem olardan öz başymyzy-da, beýleki sürüleri-de halas etmegim gerekdi. Munuň bir täri bardy. Ine, şol tär bilenem olardan dyndym.
—Ol nähili tär? –diýip, Öwez gyzyklandy.
—Men olaryň çagalaryna garaşyp gezdim. Çagaladylaram welin, sekiz çagasyndan birisini süreninde goýup, beýlekilerini aldym. Şeýdemsoň, olar şol bir çagasyny alyp, bu jelegaýdan göçdüler. Şeýdip, hemmämiziň gulagymyz dyndy.
Möjek barada ýene-de bir geň zady aýtsam, ol sürä daranda gözüni çalarak ýumup, agzyny açyp topulýar. Eger ol goýunlaryň arasyna agzy ýapyk girse, soň ony açyp bilmeýär. Dowarlary ysgaşdyryp çykyp gidibermeli bolýar. Aşa tolgunmakdanmy ýa-da özge bir sebäbe görämi, agzy gapyşyp galýan borly.
5.— Möjegiň goýun köpegi bilen arany sazlap, etjegini-edýän halatlary-da bolýarmyş diýýärler –diýip, Sapar Annamyrat aganyň berjek jogabyna garaşdy.
— Bir çopan dostum şeýle wakany gürrüň beripdi –diýip, Annamyrat aga möjek hakdaky hekaýatyny dowam etdirdi. —Çopan halky biynjalyk halk bolguç. Aýratyn-da, gijesine. Sebäbi möjek çozsa, köplenç gije çozguç. Ýaňky çopan hem daňa golaý: «Süri rahat ýatyrmyka?» diýip, daş çykýar. Görse, bir äpet ene möjek agyla girjek bolup duranmyşyn. Haýal–ýagallyk etse, sürüsi parçalanjak. Ol gyssagarada goluna ilen tommaýly taýagyny möjegiň depesinden inderýär. Möjegem köpi gören möjek diýýär. Çalasyn sowlaga-da, hatdyldadyp dişläpdir taýagy. Çopan hernäçe çekse-de, sypdyrarly dälmişin. Taýagy taşlasa, özüniň parçalanmagy mümkin. Taşlamasa-da, dişi bilen süýşüp, eline golaýlap gelýärmiş zaluwat. «Akbaý bas!» diýip, hernäçe buýursa-da, köpegi hem zowzuldap, batyrynyp bilmän duranmyşyn. «Hudaý tutdygy boldy-ow» diýip, nätjegini bilmän aljyrap durka, çopanyň gözi, agyla ildirip goýan, mal bakmaga gideninde ýanyna alýan çoýun taňkasyna düşüpdir. Bir elini taýakdan boşadagada, göz ýumup-açasy salymda ýaňky taňkany alyp, möjegiň depesinden inderipdir. Garaşylmadyk hüjüme aljyran möjek gorkup, ökje göteripdir.
Soňra çopan, borjuna ikilik eden itini täzeläpdir. Ol maňa: «Bu waka ynanmaýan bolsaň, ynha, gör!» diýip, taýagyny görkezdi. Möjegiň dişi taýagy hakyt pers-ala edäýipdir.
—Möjek bilen köpegiň söýgüsi baradaky gürrüň orta düşende, köplenç, gaýyň barada-da agzalýar. Gaýyň näme? Asla-ha, möjege öz doga duşmany köpek bilen ara sazlamak nähili başardýar? Siz gumly adamlar muny gowy bilmeli –diýip, Aşyr Annamyrat agadan sorady.
—Urkaçy möjek çemine salyp, ýaşrak köpegiň gözüne birnäçe gezek ilýär. Eger köpek söbügine münüp zabun daramasa, oňa barha golaýlaýar. Şeýdip, kem-kemden özüne imrindirýär.
Teýahyry, ýeke wagtyny arap, ýanyna gelýär. Köpek topulsa, boýunsunujylyk bilen ýere ýapyrylyp, hoşamatlyk edip, ara isleýändigini duýdurýar. Köpek gowşaklyk etdigi onuň bilen oýnaşyp, ysnyşdyryp, yzyna düşürip alyp ötägidýär. Köpegiň çopanyň gözüne güýdüşip, möjek bilen käte bir gizlin duşuşyp, sürüde galýan halaty-da bolýar. Iki ýagdaýda-da süriniň işiniň gaýtdygy. Çopanyňdyr beýleki köpegiň edim-gylymyna gowy belet azgyn köpek möjek höwri bilen häli-şindi çapawullap hezil bermeýär. Ýörite yzyna düşüp, tapyp ataýmasaň, gulagyň dynmaýar.
6.
— Ikisinden nesil hem önýärmi? –diýip, men Annamyrat aga ýüzlendim.
— Hawa, möjek bilen köpegiň söýgüsinden doglan çaga gaýyň diýilýär. Ýöne ondan nesil önmeýär. Gaýyň möjege görä-de ýowuz hem daýaw bolýar.
Gaýraky çölde goýun bakýan bir çopan dostum maňa köpeginiň azgyn bolşy hakda şeýle wakany gürrüň beripdi. Ine, ýaňky dostumyň iki köpeginiň biri keselläp ölüpdir. Sürüsi uly bolansoň, bir it bilen kyndygy üçin ol dessine ikinji it edinipdir.
Eger itler öz aralarynda oňuşmasalar, süriniň goragy gowşaýar. Ýaňky çopanyň hem soňky getiren iti häsiýetsiz çykyp, ozalky köpegi bilen teý oňuşmandyr. Itleriň arasyndaky häli-şindi bolup duran jenjele jany ýanan çopan, bir gahary gelende, urşuň esasy sebäpkäri soňky getiren itini urupdyr. Muňa namys eden köpek goşdan ýitirim bolupdyr. «Bu zaluwat öýkeläp, öňki eýesiniňkä ötägitdi öýdýän» diýip, soraglap barsa, ol ýerde-de ýokmuşyn. «Taýak bijaý degip, bir ýerde ölüp galaýdymyka?» diýip, ýaňky çopan gahar ugra eden işine ökünipdir.
Aradan köp wagt geçipdir. Çopan atsyz-sorsuz ýitip giden köpeginiň ýerine başga it edinipdir. Soňky geturen köpegi oňat çykyp, sürüde adaty durmuş dowam edipdir.
Ine, birdenem, bir garaňky gije üstlerine möjek çozupdyr. Özem olar ätiýaç üçin goşuň töweregine gurlan gapanlardan sowlup geçip, agylyň çala ýerlerini bilip, dowarlaryň arasyna aralaşyp, etjegini edip gidipdirler.
Soňra bu ýagdaý yzygiderli gaýtalanyp ugrapdyr. «Beýleki sürleriň ahwaly niçikkä?» diýip, gyzyklansa, olarda imisalalykmyşyn. Bu ýagdaýa göwni üşenen çopan yzçy çagyryp, yz çaldyrypdyr. Yzçy yzlary synlap: «Gelegurtlaryň arasynda it bar!» diýipdir. «Şeýlemikä diýdim-le...» diýip, çopan ol yzyň öýkeläp giden köpeginiňkidigini aýdypdyr.
Ara wagt salman, öwrendekli möjekler ýene-de onuň sürüsine darapdyrlar. Çopan görse, möjekleriň arasynda, dogrudan-da, şol öýkeläp giden iti barmyşyn. Ol goýunlara daraman, çopanyň öňki köpegi bilen gemrişip, ony möjeklere tarap goýbermän, güýmäp duranmyşyn. Ataýyn diýse-de, köpege duwlanyp, hiç nyşyna gelenokmyşyn. Möjekler etjegini edip, goýun alyp çykandygyny gören dessine-de garpyşmasyny goýup, zym-zyýat bolanmyşyn.
Soňra ol köpek möjek ikisinden dörän gaýyňlar bilen töwerekdäki beýleki sürülere-de darap ugrapdyr. Teýahyr, ony awlana uly baýrak yglan edenmişler.
Hiç atuwyna gelmeýän ol mekir köpegi ahyrsoňy Myrat gapançy atly bir garryja awçy gapan gurup tutup, çopanlaryň başyny onuň azabyndan dyndyrypdyr.
7.—Men indi size tüýdükde birki sany heň gaçyryp bereýin –diýip, Annamyrat aga, sary gaçan ýaglyga dolangy gargy tüýdügi eline aldy.
Tüýdügiň ýylmanyp, garalyp gidendiginden onuň gadymydygyny aňmak bolýardy.
—Bu maňa atam pahyrdan ýadygärlik. Ol hem bu tüýdükde käte-käte gollary ýaňlandyryp saz çalyp, ömrüni çopançylykda ötüren kişi –diýip, Annamyrat aga tüýdügini aýratyn bir mähir bilen sypady.
Soňra dyzlaryna çöküp, dikelibräk oturdy-da, çalyp ugrady.
Gussalydan gyryljyk saz süňňümizi yzarlap, erkimizi eline aldy: «Eý, adam — adam ogly, bu dünýä baky gelen ýok. Özüňden öňküler ýaly, sen hem ötegçisiň. Her täze dogan Günüň seniň üçin beýik peşgeşdigini unutma! Ömrüňi bisarpa tutma! Manyly ýaşap öt! Durmuş elmydama şadyhorramlykda geçirip ýörmeli zat däldir. Onuň gussasy-da, azaby-da ýetikdir. Kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolanyňda ejizleme, başyňy belent tut! Adam bol! Geljekki nesillere özüňden ýagşy at, abat tebigat, azat-erkin durmuş galdyr» diýýän ýalydy.
Şeýdip, üç-dört heň çalyp berensoň, Annamyrat aga sazyny bes etdi.
— B-ä-äý, tüýdügi-hä çölde diňläýmeli ekeni! –diýip, sazyň täsirine melul bolan Aşyr başyny lezzetli ýaýkady. — Allatagala adamy palçykdan ýasansoň, oňa tüýdük çalyp jan berenmişin diýýärler welin, tüýdügiň owazy süýjüligi bilen janyňy alyp-da barýar.
— Ynha, şu diňläniňize-hä gargy tüýdük diýilýär. Meretgeldiden haýyş etsek, dilli tüýdükde-de iki-üç heň çalyp berer. Dilli tüýdügi birki ýyllykda «Jygyllyk bazaryndan» alyp geldi. Hany, köşek, senem sungatyňy görkez! – diýip, çopan ogluna ýüzlendi.
Meretgeldi eýwançanyň sütüninden asylgy torbadan çaklaňja tüýdügi çykaryp, ornaşykly oturdy-da, çalmaga durdy.
Dilli tüýdügiň sesi ýitiden joşgunlydy. Bir görseň ýaňy dil çykan çaganyň düşnüksiz güjürdisine, bir görseň jahyl ýigidiň dostlaryna ýa-da boý gyzyň joralaryna gyzygyp bir zatlary gürrüň berşine, bir görseň lalyň janygyp ejesine nämedir aýtmakçy bolşuna, bir görseňem kapasada uzak saklanan täsin bir guşuň erkinlige çykyp, begençli saýraýşyna meňzeýärdi.
Saz diňlenişikden soň ep-esli wagt onuň täsirinden çykyp bilmän dymşyp oturdyk.
Öwez ýönekeý gargygamyşdan ýasalan tüýdükleri eline alyp eýlesine-beýlesine öwrüp, ünsli synlansoň, bir zat gürrüň bermekçidigini duýduryp ýylgyrdy:
—Meniň konserwatoriýada sapak berýän bir tanşym bar. Şol öňräk, Fransiýadan üflenip çalynýan saz gurallaryny ýasaýan belli ussanyň bize gezelenje gelendigini gürrüň berdi. Onuň baş maksady derýa-köllerimiziň ýakasynda näçe diýseň bitýän gargygamşymyzdan goboý, fagot ýaly meşhur saz gurallaryny ýasap boljakmy – ýok, şony barlamak ekeni. Ol suwly ýerleriň golaý-goltumynda giden jeňňellik bolup tutluşyp oturan gargygamyşlarymyzyň boldugyna haýran galyp, kesip barlap: «Siziň gamşyňyz biziň «korrundo» atlandyrýan, ýörite ekip ýetişdirip, saz gurallaryny ýasaýan gamşymyzdan kem däl ekeni. Türkmen tüýdüginiň sesiniň näme üçin beýle ýakymlydygyna indi düşündim» diýenmişin.
8.
—Hawa, Perwerdigär baş pederimiz Adam atany palçykdan ýasansoň, oňa tüýdügiň owazy bilen jan berlenmiş diýýärler. Ýöne Adam atanyň ýasalan palçygynyň nirelerden alnandygyny siz bilýäňizmi? –diýip, Annamyrat aga bize ýüzlendi.
—Ýok, bilemzok.
—Bilmeýän bolsaňyz, aýdyp bereýin.
Biz diňlemäge döwtalapdygymyzy duýduryp baş atdyk.
Ol käsesindäki çaýdan iki-üç gezek owurtlap, söhbedine başlady:
—Musulman rowaýatlaryna görä, Perwerdigär Adam atany Ýeriň topragyndan döretmegi müwessa bilipdir. Ilki Jebraýyl, soňra Mikaýyldyr Israpyl perişdä Ýerden gidip toprak taýynlamagy tabşyrypdyr. Emma Perwerdigäriň bu ýumşuny olaryň hiç birisi-de bitirip bilmändir. Ýere gidip toprak taýynlamagy diňe Ezraýyl perişde başarypdyr. Şonuň üçinem Perwerdigär oňa Ýerde ýaşaýan ähli janly-jandarlaryň janyny almak hukugyny ynanypdyr.
Allatagala Adam atanyň kellesini Beýtilmukaddesden, dişlerini Köwserden, aýaklaryny Hindistandan, süýeklerini Dagystandan, sag goluny Käbeden, sol goluny Parsdan, dilini bolsa Taýefden alnan toprakdan ýasapdyr.
Baş Pederimizi döretmäge girişmezden öňürti onuň ýasaljak topragyny ýumşadyp, eýlemek gerek bolupdyr. Munuň üçin Ezraýyl perişdäniň taýynlan gumuny palçyga öwrüler ýaly Mekge bilen Taýefiň arasyndaky Wähne diýen ýerde goýupdyrlar. Perwerdigär bu topraga gam-gussa derýasy Bahruldan kyrk ýyllap gussa ýagmyryny, ýekeje ýyl bolsa şatlyk ýagmyryny ýagdyrypdyr. Şol sebäpli-de, adam kowumynyň durmuşynda gam-gussa şatlyga görä agdyk bolýarmyşyn.
Kyrk ýyldan soň ýaňky toprak ýumşap, palçyga öwrülipdir. Şondan soň bolsa mazaly ýugrumyny ýetirip, gudraty güýçli Perwerdigär kyrk säheriň dowamynda Adam atany ýasanmyşyn. Soňra ol oňa ýaňky aýdyşymyz ýaly, tüýdügiň owazy bilen jan saldyranmyşyn.
— Adamy ýaratmak üçin Perwerdigäre kyrk ýyl wagt gerek bolupdyr. Az möhlet-ä däl! –diýip, Aşyr dillendi.
— Hawa, gurbany gitdigim Allatagalanyň ähli älem jahany ýaratmak üçin bary–ýogy alty gün harçlandygyny nazarda tutsaň, onuň adamy ýasamak üçin harçlan wagty ýoňsuz uly görünýär.
— «Şu — Adam aleýhissalamy pähimli edip, kemini goýman ýaradaýyn» diýendir-dä! Ýöne Perwerdigär adamy ýamaşgan ýasamaly bolsa, onda entegem onuň köp bärden gaýdýan taraplaryny düzedip ýasardy.
— Adamyň ýasalyşy şeksizdir. Eger onuň säwlikli tarapy bar bolsa, Perwerdigärden däl-de, öz günäsidir. Indiki säwligini onuň özüniň düzedip, özüni özüniň taraşlap ýaşamagy gerek! –diýip, Annamyrat aga dini taglymatdan suwaradygyny bildirdi.
Aşyra goja çopan bilen ylalaşmakdan gaýry alaç galmady.
9
Biz çopan odunyň başynda oturyşymyza, san-sajaksyz ýyldyzly asmany synlaýardyk. Çölde asman biraz pese gaçyp, belendräk alaňa çykyp goluňy uzatsaňam ýetäýjek ýalydy.
— Bu bize görünýän ýedi gat asmanyň birinji gaty bolmaly –diýip, Annamyrat aga düşündirdi.
— Beýle bolsa, birinji gaty-ha durşyna ýyldyz bolup dur, beýleki gatlarynda näme barka? –diýip, Öwez gyzyklandy.
— Musulman rowaýatlaryndan çen tutsaň, birinji gat asman, dogrudan-da, ýyldyzlaryň we ýagyş-ýagmyryň çeşmesimişin –diýip, garry çopan ylalaşyp baş atdy. —Ikinji gat asman kümüş erginindenmişin. Üçünji gat asman gyzyl lagldanmyşyn. Dördünji gat asman dürdenmişin. Bäşinji gat asman altyndanmyşyn. Altynjy gat asman jowahyrdanmyşyn. Ýedinji gat asman hüýr-perileriň mekanymyşyn. Ol ýerde olar aglaşyp, Perwerdigärden adamyň günäsini geçmegini haýyş edýärmişler. Ýedinji gat asmandan ýokarda Jennet barmyşyn. Ondan ýokarda bolsa Arş bolup, onda Allatagalanyň kürsüsi — tylla tagty ýerleşýärmişin. Allatagala şol ýerde kürsüsinde-tylla tagtynda oturyp, älem-jahany dolandyrýarmyşyn.
— Annamyrat aga, siz musulmançylykdan habarly adam ekeniňiz. Adam atanyň ýaradylyşy, ýedi gat asman barada täsin rowaýatlary aýdyp berdiňiz. Il içinde «Ýedi gat Ýer» diýläýmesi-de bar. Ýedi gat Ýeriň gatlary barada hem bilýäňizmi? –diýip, Öwez sorady.
—Rowaýatlarda aýdylyşyna görä, ýedi gat Ýeriň birinji gatynda biz—adamlar we beýleki janly-jandarlar ýaşaýarmyşyn. Ikinji gaty ümür-dumanyňdyr şemalyň çeşmesimişin. Üçünji gatynda ýüzi itiňki, gulagy öküziňki, eli adamyňky ýaly bedroý mahluklar ýaşaýarmyşyn. Olary Allatagala gaharyny getirendikleri üçin şeýle bedroý keşbe salanmyşyn. Dördünji gat Dowzah oduny ýakmak üçin ulanylýan kükürt daşynyň mekanymyşyn. Bäşinji gatda düýe ýaly uly içýanlar ýaşaýarmyşyn. Zerur halatynda olaryň zäheriniň ýekeje damjasy uly bir deňziň janly-jandaryny gyryp biljekmişin. Altynjy gat perişdeler mesgenimişin. Ol ýerde olar günäkärlere jeza berýärmişler. Ýedinji gat Iblis şeýtanyň mekanymyşyn. Ol şol ýerde — tagtynda oturyp, Ýeriň üstüne — adamlaryň arasyna sapalagy ýetik şägirtlerini — şeýtanlary iberýärmişin. Şeýtanlaryň maksady adamlary dinden çykarmak, bulagaýlyk döretmekmişin. Ýedinji gat ýerden aşakda Jähennem, ýagny Sakar Dowzah ýerleşýärmişin. Ol hem ýedi gatdan ybaratmyşyn. Her gatynyň aralygy bolsa ýüz ýigrimi ýyllyk hupbatly ýolmuşyn. Dowzahyň birinji gaty — ikiýüzlülere, ikinji gaty — Musa pygambere azar beren müsür şasy Pyrguna we onuň ýaranlaryna, üçünji gat — hudaýsyzlara, dördünji gat — jadygöýdir porhanlara, bäşinji gat — gäwürlere, altynjy gat — ýyldyzparazlara, ýedinji gat —Allanyň ýolundan çykanlara jeza berilýän ýerlermişin. Ýedinji gatda —Dowzahda hem ýetmiş müň gala bolup, olarda berilýän jeza-azaplar biri beýlekisine meňzemeýärmişin.
—Men-ä her kişiniň uçmahy-da, dowzahy-da öz içindemikä diýýän. Ol eden ýagşy işine begenip, özüni uçmahda ýaly duýsa, erbet etmişi, gabahat işi üçin özüni özi iýýär, wyždanynyň dowzahyna düşýär –diýip, Annamyrat aganyň rowaýatyny ünsli diňlän Aşyr dillendi.
—Gije-de bir çene barypdyr. Indi ýatyp dynç alaýsak, nähili görýäňiz? – diýip, Annamyrat aga ýyldyzlara seredip, çen urdy. Bu teklibi hemmämiz makulladyk.
Gijämizi çopan goşunda geçirip, gowy dynç aldyk. Ertesi irden tursak, Meretgeldi eýýäm aýak üstünde ekeni. Çaý demläp, ertirligimiz üçin täzeje mesgedir çopan çorbasyny taýynlap goýupdyr.
Ol bize kakadylan kömeleginden bir düzümini hem-de biraz guýruk ýagyny berdi-de:
—Ynha, şu kömelekleri meniň diýşim ýaly edip gowrup iýseňiz, hezil etdirer –diýdi. Soňra hoşlaşyp: —Men mallary örüzeýin. Siz kakam bilen ertirlik çaýyňyzy arkaýyn içiň –diýip, eşegini idip, köpeklerini alyp, süriniň yzyna düşdi.
—Hol eşegiň gapdalyna bükdürilgi tulumlarda näme bar? –diýip, Aşyr gyzyklandy.
—Gatyk bar. Goýun sagyp, süýdüni basyryp gatyk edýäs. Ony, ynha, şeýdägetmäni tuluma guýup, dowar bakmaga gideniňde eşegiň gaňňasyna daňsaň, çaýkanyp, ýaýymy ýetip, goşa dolanyp gelýänçäň taýyn bolýar. Onsoň, onuň ýagyny-ha alýas. Şu ortadaky ýaly tagamly ýag bolýar. Çalyny-da içýäs –diýip, Annamyrat aga düşündirdi.
Agyr süri itlerdir çopan bilen alaňdan aňryk aşdy.
Olary synçy nazary bilen ugradan Annamyrat aga, ata-baba owaldan gelýän çarwa däbiniň dowam edýändigine hoş bolup ýylgyrdy.
Bize mürähet etdi:
—Alyň, iýip-içip oturyň!
Köňlündäkini ýygşyryp goýman, «Dile geldi – bile geldi» diýip, aýtmagy, bilmeýänini hem anygyna ýetýänçä soramagy endik edinen Aşyr, goja çopanyň ýüzüne dikanlap bakyp, möhüm sowalynyň bardygyny ýaňzytdy:
—Annamyrat aga, saý-sebäp bilen tanyşdyk. Duz-emek boluşdyk. Köpbiler kişi ekeniňiz, täsin hekaýatlar aýdyp berdiňiz. Käbir bilmeýän zatlarymyzy eşitdik. Buça bolanyna görä, sizden ýene-de bir zady soraýyn-la?!
—Soraber inim, sowal sizdendir.
—Sorasam, ynha, biz guma çykalymyz bäri, tebigata aýawly çemeleşmek barada gürrüň edip gelýäris. Siziň pikiriňizçe, tebigaty abat saklamak üçin näme etmeli?
Annamyrat aga «hä-ä» diýip, biraz oýlanyp oturdy-da:
—Seniň bu sowalyňa tymsal bilen jogap bereýin-le –diýdi. —Owalda, welilik derejesine ýeten üç sany ýagşyzada bir gün kölde suwa düşüp ýörenmişin. Olaryň eşikleri bolsa guma degip hapalanmaz ýaly, Allatagalanyň gudraty bilen howada duranmyşyn. Şol wagt bir bürgüt uçup gelip, bir syçany tutmakçy bolupdyr.
Muny gören birinji ýagşyzada: «Degme syçana!» diýip, bürgüde gygyrypdyr. Şobada onuň eşikleri ýere gaçypdyr. Ikinji ýagşyzada bolsa: «Goý, tutsun! Bürgüt hem ýaşamaly ahyryn!» diýipdir. Onuň hem eşikleri guma gaçypdyr. Üçünji ýagşyzada welin hiç bir zat diýmän, suwa düşmegini dowam etdiripdir. Onuň eşikleri bolsa öňküsi ýaly howada saklanyp duranmyşyn.
Muny gören ýoldaşlary ondan özleriniň Allatagalanyň öňünde näme säwlik goýberendiklerini sorapdyrlar.
Onda ol: «Siziň biriňiz-ä bürgüde: «Syçana degme!» diýdiňiz. Beýlekiňizem: «Goý, tutsun, bürgüt hem ýaşamaly ahyryn!» diýdiňiz. Şeýdibem, Perwerdigäriň işlerine gatyşdyňyz. Şonuň üçinem onuň gözünden düşüp, eşikleriňiz ýere gaçdy» diýipdir.
Tebigata degmeli däl. Ony gününe goýmaly. Ýok, onuň işlerine gatyşjakmy, ýerini bilip, akylly-başly gatyşmaly.
—Göwnüm bol-a, Annamyrat aga! –diýip, Aşyr, çopanyň özi bilen pikirdeş gopanyna begenip hezil edindi.
Biz çaýymyzy içip, suw goşumyzy tutup, goja çopan bilen hoşlaşyp, ýene-de ýola düşdük.
Hemra ŞIROW.
Hekaýalar