06:07 Üç gysga kyssa | |
ÜÇ GYSGA KYSSA
Hekaýalar
• Jähennemde bileje ýanarys Bu sözler aýylganç höküm ýaly eşidilýän bolmagam mümkin. Ýöne bu aýny hakykat. Dop-dogry. Gyşyk basan aýaklarymyz bilen dogry dowzaha gideris. Senem menem. Ikijigimizem. Sessiz-üýnsüz eden işimiz, gizlin yşgymyz üçin. Senem menem öz maşgalamyza haýynlyk eden biri. Ýaşaýan jemgyýetimiziň öňünde hem jenaýatçy ýaly biz, ezizim. Gümüne gitsinler-le diýýäňmi. Howwa, edil özi, biz bütin ömre şeýdip ýaşadyk. Hiç kime hasabat bermän haram işledik. Iki bolup zyna etdik, günä galdyk. Aýşy-eşret içre bolmajymyz bolup, çagalarymyzy unutdyk, hiç bolmanda bir pursatlyk. Ýöne her näme-de bolsa, biz maşgalamyzy bozasymyz gelmedi, jemgyýetden hem utandyk, çekindik, biraz gorkduk ýene, şonuň üçin gizlin ýaşadyk, ýaşyryn keýpi-sapa, aýşy-eşrete berildik. Bolgusyz jemgyýetde, ýasama gurlan maşgalamyzy ýumurmajak bolup, hakyky söýgimizi gurban edenimiz üçin bolsa, jähennemde bileje ýanarys, ezizim. • Ogurlygyň soňlanmaýan azaby Ýetginjek wagtym, ýaňy murt taban döwrümdi, bir ogrulyk etdim. Üstünden üç müçe geçenem bolsa ol ogrulyk meni öz günüme goýanok. Ýogsa ýaradandan başga bilenem ýok ol ogrulygymy görenem, taňry şaýatdyr. Şol gezek ogrulyk etjegem däldim. Atam-babam, ýedi arkamda eli egrilik edenem ýokdy walla. Aýagyny gyşyk basanam. Ol bisähet gün ogrulyk eden özüm däl ýaly häzirem. Şol gün Gün gyzaryp ýaşarlan uçury güzere bardym. Kän barylýan güzerem däldi. Güzere beýlekä baraňňajam däldim men. Güzer çolady. Diňe bir ýaş jenan suwa düşüp ýördi. Assyryn ädimläp, pişik basyşy bilen bardym golaýyna. Çuw-ýalaňaç suwa düşýän gyz jenana gözüm düşüp, tasdanam suwa özümi urupdym. Ýok ilki tas özümden gidipdim. Çaşypdym walla. Beýle gözellik, eneden bolup görmedik kaddy-kamatym. Güzeri giň dünýäden gizläp duran gür ýylgynlara bukunyp ýatyşyma beýle gözel jenanyň meň ýaly agzy sary oglanjyga seretmejeginem bilip, hyrçymy dişläp gara gan edipdim. Ahyry gaharym hetdimden aşdy. Bardym-da jenanyň eşiklerini alyp gaýtdym. Soňam alaçsyz suw içinde galan jenanyň göz ýaşlap ýalbaryşyny diňläp harramy duýgularym örboýuna galdy. Heziller etdim. Oňa dözmän bir eşiklerini bereýinem diýdim bir pursat, emma namartlygym üstün geldi. Gyz şertime razy boldy. Masgara bolmajak bolup aýdanymy etdi. Aýdanymy etdirýänçäm eşiklerinem bermedim, özünem hiç ýere goýbermedim. Ahyr-da öýüme alyp gaýtdym ony. Biçäre jenan boýunjygyny burup, gözi ýaşly yzyma düşüp gaýdyberdi. Şol günden bäri eden ogrulygymyň azabyny-güzabyny çekip ýaşaýan men. Ol jenan törüme geçse-de, söýgüli ýarym bolup bilmedi. Asyl ondan bolan çagalarymam hi-iç özüme meňzemedi. Men kimiň bagtyny ogurlan bolsam, perzentlerimem şoňa meňzedi oturdy. Bu ogrulygy soňlanmaýan yzasy gabrymda-da meni dik oturdarmykam diýýän. • Indi diňe jennetde bir bolarys - Ýaman erbet gyz ekeniň-eý -diýip, gahar bilen hyrçymy dişledim. Sen bolsa ýarym kinaýa, ýarym gahar bilen ýüzüme ýyrşaryp: - Söýýändigiň çynyň bolsa, şertim şu – diýdiň. – Indi bu dünýäde hi-iç görüşmeýäs, sataşmaýas, bir gezegem. Düşündiňmi! - Uzakdan garaňy görsem bolarmy – diýip naýynjar ýalbardym. - Juk – diýip, başyňy ýaýkap, ýene ýylgyrdyň. – Garamy hem görmeli däl. Menem seni görmerin. Diňe birek-birege wepaly bolup, garaşyp ömrümizi geçirmeli. - Onsaň näme? - Onsaň şol edenimiz biziň söýgimiziň subutnamasy bolar. Men seniň gepiňden many tapman, möle gözlerim bilen alagözleriňe garaýardym. Sen bolsa ýene: - Onsaň biz diňe jennetde bir bolarys – diýdiň. – Beren sözümizde durup bilenimiziň bahasy şol bolar, söz berýän, jennetde bile bolarys. Men seniň täsin şertiňe näme diýjegimi bilmän güldüm welin, sen gyz has çynyňy etdiň: - Gepleşdikmi? Razy bolsaň ber eliňi? Gaharym geldi saňa. Berdim elimi. Mymyk elleriň ýylysyny duýup, bir meýdan durasym geldi. Onam etmediň, gözlerime garap: - Hoş – diýdiň-de, elleriňi çekip alyp ötägitdiň.- Indi diňe jennetde didarlaşarys. Kän salymam geçmän sen dünýäňi täzelediň. Müň gülünden bir gunçasy açylmadyk bägülimi gara ýere duwladylar. Baýak ejem-kakam aýagyňy baglajak diýenlerinde, hiç kime öýlenmek islemeýändigimi çürt-kesin aýtdym. Şol gije sen ýene düýşüme girdiň: - Men saňa jennetde garaşyp ýörendirin! Sylapberdi MUHAMOW. | |
|
√ Bugdaý sümmül bolanda / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Bulutlaryň döreýän ýeri / gysga hekaýa - 17.11.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Ilkinji hekaýam / hekaýa - 24.12.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ «Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024 |
√ Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024 |
√ Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024 |
√ Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |