UÇUDYÑ GYRASYNDA
Çägä çümüp akjaryp ýatan buýnuza gözi düşen Sapar maşyny saklady-da, ylgap baryp ony ýerden göterdi. Burum-burum äpet şahyň çägesini kakyşdyrdy:
—Derwezämiziň depesine çüýlärin, gowy şah ekeni. Şeýtseň, herki ogry-jümrüden, ýaman gözden-dilden goraýarmyşyn.
—Aý, hawa-da, her hili yrym bar. Kim atyň nalyny kakýar, kim ýylanyň şekilini asýar, kim oklukirpiniň tikenini... –diýip, Gara aga ýylgyrdy.
—Bolsa-da, uly goçuň buýnuzy ekeni. Ol bärik nädip düşüp ýörkä? –diýip, men geňirgendim.
—Sürä daran möjek arkasyna atyp getirip iýendir ýa-da ýylan çakan bolaýmasa. Sebäbi goçuň beýleki süňkleri-de şol ýerde çaşyp ýatyrdy –diýip, Gara aga düşündirdi.
—Juda owadan buýnuz –diýip, Aşyr hem gürrüňe goşuldy. —Beýle buýnuzy çarçuwa oňardyp, öýüňde asyp goýsaňam gelşer.
—Bu adaty goçuň buýnuzy.. Dag goçunyň buýnuzy muňa görä-de owadan bolguç –diýip, Gara aga gürrüňi gyzyşdyrdy. —Olaryň mähnet şahlary yzlygyna garşy halka gömüşli birgensi aýlaw döredip, juda gelşikli görünýär.
—Dag goçlaryna aýrak diýilýär dälmi? –diýip, Sapar gyzyklandy.
—Hawa, aýrak diýilýär –diýip, Gara aga baş atdy. —Köpetdag goraghanasynda işlän ýyllarym epeý-epeý dag goçlaryny golaýjakdan synlamak bagty maňa nesip edipdi –diýip, «Haýwanat bagyna» zezur jandarlary tutmak üçin çöle çykalymyz bäri gyzykly gürrüňleri bilen gulagymyzyň posuny açyp gelýän goja söhbedine başlady:
—Ýaşamyl dag goçlary goýunlardan daş bolmadyk ýerlerde, on-on baş sany bolup, aýratynlykda ýaşaýarlar. Diňe höwür döwründe sürä goşluşýarlar. Ýöne bu bagt olaryň hemmesine nesip etmeýär. Munuň üçin dag goçlary öz aralarynda güýç synanyşýarlar. Ýeňlen goçlar goýun sürüsinden daşlaşmaly, töwerekden başga başyboş ýa-da ejiz goçly süri gözlemeli bolýarlar.
Güýç synanyşygy döwründe özlerine göwni ýetýän goçlar maý alşyp, batly-batly süsüşýärler. Şonda olaryň şahlarynyň daş daşa urulýan ýaly «jarkyldysy» allowarradan eşidilýär. Bu sesi eşidip, özüne goýun sürüsini gözläp ýören beýleki dag goçlary hem ýaryşyň nirede geçýänini aňsat kesgitläp, şol ýere howlugýarlar.
Her goç dokuz-on sany goýna höwür bolup, kiçijik süri döredip gezýär.
Özem aýraklar daglaryň belentli-pesli ýerlerinde daşdan-daşa böküp, çalasyn ýöräp bilýärler. Reňkleri ýaşaýan ýeriniň—gaýalaryň reňkine çalymdaş bolansoň, dynç alyp ýatan ýa-da butnaman duran aýragy saýgaraýmak aňsat däl.
Tomus aýlary, yssy günler agaçlaryň ýa-da gaýalaryň kölegesinde dynç alýarlar. Şol wagt hersi bir tarapa gözegçilik edip, esewan bolup ýatýarlar. Tomus has yssy gelende bolsa, dagyň belent, salkyn depelerine çykýarlar. Gyş aýazyny ykyş jülgelerde, dagyň kemerlerinde geçirýärler.
Guzlanlarynda ýaz aýlarynda guzlap, guzulary-da, eneleri-de biri-birini ysyndan hem-de sesinden aňsatlyk bilen kesgitläp bilýärler. Köplenç ekiz, käte-de üçem guzlaýarlar. Üçem guzlan goýun ilki iki guzusyny emdirýär. Soňra çalasyn böküp ýanyna barýar-da, üçünji guzusyny emdirýär.
Dag goçlarynyň äpet şahlary olara gaýadan-gaýa, ýapgytdan-ýapgyda bökenlerinde deňagramlylygyny saklamaga kömek edýär.
—Ýogsa-da, dag goçy janyna howp abananda, gaýadan aşak şahynyň üstüne böküp, ötägidýärmiş? diýýärler. Şol çynmy? –diýip, Aşyr Gara aganyň sözüni böldi.
—Özüm-ä beýle ýagdaýa gabat gelmedim. Ýöne кöр ýyl dagda aw awlan awçy tanşym maňa bir wakany gürrüň beripdi. Ýeri gelende aýtsam, bu waka ir döwürlerde — entek aýrak awlamak gadagan edilmänkä bolupdyr –diýip, ol söhbedini dowam etdirdi. —Ýaňky awça Remezan aga diýýärler. Ol bir gezek, aýrak awlamaga çykanda, özünden başga-da bir «awçynyň» — dag barsynyň aýrak sürüsini peýläp, garaba-gara yzlaryna düşüp, olara golaýlap barýandygyny görüpdir.
Remezan aga bir howpsuz ýere çekilip, ýapyrylyp ýataga-da, dürbi tutup, onuň aw edişini synlap ugrapdyr.
Bars daşdan-daşa böküp, yzynda howp bardygyndan bihabar ýokaryk galyp barýan aýrak sürüjigi bilen arany barha ýygyrýarmyşyn. Ol çeýe hem kuwwatly ýaş barsmyşyn.
Adatça, garry, köpbilmiş bars awynyň öňünde реýläр ýatyp, deňine ýetende üstüne zyňyp algyç. Bu barsyň aşakdan ýokarlygyna yzarlap barmagy entek onuň tejribesiniň pesdigini görkczýärmişin.
Eger süri giňiş, tekiz ýodajyk bilen barýan bolsa, bir-iki bökende ýaňky bars olaryň yzlaryndan ýetip, awyny alyp oturybermeli diýýär. Ýöne häzir onda bu mümkinçilik ýokmuşyn. Olaryň gidip barýan dag geçidi inçe hem amatsyzmyşyn.
Ine, şol wagtam aýraklary peýläp, yzlaryndan dyrmaşyp barýan barsy görüp, howp bardygyny töweregine duýduryp, dag hindi towugy «jok-joklap» başlapdyr. Awa çykan ýyrtyjy haýwany görseler, guşlaryň şeýdaýmesi bar.
Dag hindi towugynyň duýduryşyna düşünen aýraklar sähelçe salym säginip, hüşgär äňedip, yzlaryndan alajabarsyň ýetip gelýänini görüpdirler. Olaryň sürübaşysy — görmegeý, daýaw goç yza galaga-da, beýlekileri öňe goýberipdir. Olar howpsuz ýere aşmak üçin hereketini tizlendiripdirler.
Dag goçy diýseň owadanmyşyn. Burum-burum buýnuzyndan, ýogyn boýnundan onuň tüýs diýen wagtydygy duýulýarmyşyn. Ol ýetip gelýän barsyň edil öňünde durşuna, «Geliber!» diýýän terzde öň aýaklaryny daşa batly-batly urýarmyşyn. Burum-burum buýnuzly başyny hem tekepbirlik bilen bulaýlap goýberýärmişin.
Goçuň bolşuna halys öjügen bars gaýa has-da çalasyn dyrmaşyp ugrapdyr. Awyny gapaýmaly bolanda bolsa, goç çasbaňlyk bilen on-on bäş ädim aňyrlygyna, süriniň giden ugrundan başga ugra baraga-da, ýene şol öňki oýunlary bilen ony öjükdirip, üstüne çagyryp ugrapdyr.
Bars gahardan ýaňa bolmajysyny bolup, kowgusyny dowam etdiripdir.
Şeýdip, goç barsy uçudyň gyrasyna çenli alyp barypdyr. Şondan aňryk gitmäge bolsa ýol ýokmuşyn. «Bu goç indi näderkä?» diýip, Remezan aga barsyň awynyň soňunyň nähili soňlanjagyny bilmäge howlugypdyr. Öz sürüsini howpdan gutarmak üçin şeýle ýowuz çykalga ýüz urup, janyny orta goýan goç onuň göwnünden turansoň, «Barsy atyp, goçy halas edäýsemmikäm?» diýen hyýal hem kellesine gelipdir. Emma «Awyň kanuny şeýle: Sen häzir barsy atsaň, awçyny atdygyň bolýar» diýen pikir ony bu niýetinden el çekdiripdir.
Goç bolsa şol duran ýerinde — uçudyň gyrajygynda durşuna, ozalkysy ýaly tekepbirlik bilen şahlak başyny bulaýlap, aýaklaryny hem gezekli-gezegine daşa urup, barsyň üstüne bökmegine garaşýarmyşyn. Oýunbaz goçuň indi özünden gaçyp bilmejegine göz ýetiren bars maý alyp, ýapyrylaga-da, onuň üstüne zyňypdyr. Edil şol pursat hem goç çalasyn öwrülip, uçutdan aşaklygyna böküр goýberipdir. Goçy gapjak bars hem badyny saklap bilmän, gaýadan aşak kelemenläp gaýdypdyr.
«Mert goç ekeni, özem öldi, barsyda öldürdi» diýip, bolan ahwalata Remezan aganyň keýpi gaçypdyr. «Bu gün maňa aw haram boldy. Munuň sürüsine degmäýin» diýip, awyny goý bolsun edip, yzyna dolanypdyr.
Aşak düşüp gelýärkä, görse, gaýanyň beýleräginden bir goç ýokarlygyna galyp barýarmyşyn. Özem gaýadan böken goça meňzeýärmişin. «Bu niçik ahwalat boldugy. Ýa-da meniň gözüme görünýärmikä? Ýa bolmasa, meňzeş goçmuka? Anygyna ýetmesem, ynjalmaryn» diýip, awçy gaýanyň düýbünden aýlanyp, goçuň böken ýerine barypdyr. Görse, onuň böken ýeri tekiz daşyň üstümişin. Biraz aňyrrajykdan bolsa çürkenip awdan göwni bölünen bars agsaklap barýarmyşyn. Muny gören Remezan aga «Dag goçlary şahyna böküp, janyny howpdan gutarýarmyş» diýýärdiler welin, çyn ekenow» diýip, daga dyrmaşyp barýan goçuň şol batyr goçdugyna göz ýetiripdir.
Hemra ŞIROW.
Hekaýalar