19:51 Üçünji "men" / hekaýa | |
ÜÇÜNJI «MEN»
Hekaýalar
1. Ol gazetleriň birinde haýsydyr bir şahyryň: «Men üçe bölündim —bir kelle hersi: Matlaby düz, hiç-neneň däl birinji. Ikinji elmydam araýar tersi. Üçünji men —bolýar maňa bir ünji. Sebäbi ol ne-hä eýle, ne beýle, Eý, taňrym, sen meni ondan daş eýle» diýen çaklaňja goşgusyny okanda, ýaňy 22 ýaşyndady. Uniwersiteti tamamlapdy. Ene-atasynyň göwnüni ýykmazlyk üçin, olaryň öýlen diýen gyzyna öýlenipdi. Indem, goşun gullugyna gitmeli bolup durdy. Gulluk etmeli ýeri bäri-bärde däldi. Ýeriň ol ujundady. Kamçatka ýarym adasyndady. Ol adaty esger däl-de, serker bolup gulluk etmelidi. Sebäbi uniwersitetde okan ýyllary, olara hepdede bir gün harby tälimden sapak beripdiler. Dördünji okuw ýylynyň aýagyna bolsa iki aýlyk harby türgenleşik okuwlaryny meýdan şertlerinde gurapdylar. Ol bu ýowuz ülkede her näme-de bolsa, kynçylyga tap getirip gulluk etdi. Ýagany eremän, üstüne ýagyp, iki-üç metre ýetýän garly, baharda hem güýzde gozgaýan ýara kibi, tüsseleşip duran, döwleriň äpet tamdyrlaryny ýatladýan wulkanly, seredeniňde uç-gyraksyzlygy bilen elheder aldyrýan okeýanly, her ýigrimi minutdan ýer yranyp duran bu ýurt, gaýtyp, ony biraz taplady. Gowy ýeri-de, özüne ynanylan esgerlerde «serkerimiz erbet» diýlen ýatlama galdyrmady. Ine, iki ýyla çeken harby durmuş soňlanmaly bolanda, ony polkuň komandiri, ýaşy altmyşa ser urandygyna seretmezden diýseň jahyllaç görünýän, üst-başynyň tämizligi, gep urşy gözügiderlik merdemsi keşp berýän polkownik Litwak ýanyna çagyrdy. Ol çäkli harby «salam-helikden» soň: «Gowy gulluk etdiň. Göwnüm ýetdi. Şonuň üçinem mundan beýläk hem harby adam bolmagy teklip edýän» –diýdi. Ol kesesinden «Hakyky polkownik» diýdirýän berdaşly komandiriň bu garaşylmadyk teklibine birbada näme jogap berjegini bilmedi. Şol pursat özünde çöp döwlen ýaly kesgitliligiň ýokdugyna, özüni bileli bäri hem bolmandygyna gynandy. «Oýlan. Ertire çenli möhlet» –diýip, Litwak harby çäklilik bilen hoşlaşdy. Ol iki ýyllap ýaşan çaklaňja otagyna gelip, pikire çümdi. Bir göwni: «Gal. Harby durmuş —mert adamlaryň pişesi. Bu ýerde ýowuzlyk bar. Ýowuzlyk bolan ýerde bolsa romantika bolýar. Hak-heşdegi hem gowy. Harby eşik seniň uzynak, agajet boý-syratyňa-da gowy gelişýär» –diýse, beýleki göwni «Galmasana. Harby durmuş seniň üçin däl. Bu ýerde ok-däri bar. Ok-däri bar ýerde bolsa ölüm-ýitim, pida, gan bolguç. Janyňy orta goýmaly pursatlaryň bolmagy-da mümkin. Gowusy, git-de, öz ýurduňda adaty bir işde işläp, durmuşyňy asuda ýaşap öt» diýýärdi. Ýene-de bir göwni, ýagny ne eýle-ne beýle aralyk—üçünji göwni bolsa: «Galsaň-da bor, galmasaň-da» diýip, kesgitli bir maslahat berenokdy. Ol haýsy göwnüniň diýenine eýerjegini bilenokdy. Ine, şu ýerde hem onuň iki ýyl mundan ozal okan goşgusy ýadyna düşdi. «Men üçe bölündim —bir kelle hersi...» Ol ertesi polkownigiň ýanyna baryp, galyp bilmejekdigini aýtdy. «Düşnükli. Hoş» diýip, polkownik ony galmaklyga yrjagam bolmady. Harby adam şeýlede bolmaly. Harby durmuş kesgitliligi talap edýär. Şol pursat onuň polkownige gözi gitdi. «Häý, akmak diýsänim, galaýmalydyň» diýip, özi özüne igendi. «Men hem şu ýaşlarda polkownik derejesine-hä hökman ýeterdim. Şowuna düşse, general hem bolsam-bolardym». Ýöne eýýäm giçdi. Galmajakdygyny aýdypdy. Şeýdibem, ol harby durmuş bilen hoşlaşdy. Öňünde çözmesi aňsat däl meseleleriň birgideni garaşýardy: Aýlyklyja işe ýerleşmelidi. Ata öýünden bölünip, özbaşyna jaý edinmelidi. Önüp-ösüp, maşgala bolmalydy. Bu meseleler onuň tas ähli ömrüni diýen ýaly et üweýän maşyn kibi üwedi. Indi ol aýna seredende, çuw-ak saçly, gözleriniň nury öçüşen, duluklary sallanyp içine çöküp duran, egni ýygryk, başy aşak adamy görýärdi. Onuň özüdigine hiç ynanasy gelmeýärdi. Sebäbi wagtyňmy, döwrüňmi, aýalynyň-çagalarynyňmy ýa-da işi şowlaýjak bolanda, öňüne taýak taşlap, büdreden, haýsydyr bir sebäplere görä ony halamaýan adamlaryňmy, garaz, nähilidir karamlyklaryň, namartlyklaryň, özüne düşünmezlikleriň pidasy bolandygyny, ogurladan ýyllarynyň bardygyny bilýärdi. Içinde ahmyr, has dogrusy, kitüw döräp, oňa durmuşyň gyzygyny gaçyrypdy. Pellehana bolsa hanha, görnüp dur. 60-dan soň uzak gitmersiň. Gideniňde-de, küşul bazarynda satylýan köne eşik ýalysyň. Aýnadan seredýäniň özüni bagtsyz, durmuşda utulan kişi saýýandygy mesaňa duýulýardy. Geň ýeri, ol aýnadan seredýäne görä özüni biraz bagtyýar, her näme-de bolsa bir zatlar gören-bilen, haýsydyr işleri amala aşyrmaga ýetişen hasaplaýardy. Ötenler aýtmyşlaýyn, durmuşda adamyň başyna bagt guşy üç mertebe gonarmyşyn. Şol täleýiňi oňynlyga üýtgediji pursatlary sypdyrmaly dälmişin. «Meniň başyma bagt guşy ýekeje gezegem gonmady öýdýän. Ýa-da bolmasa, gonsa-da aňkawlyk edip, şol pursady aňmadymmykam?» diýip, ol soňky günler ýygy-ýygydan ömrüniň keýigiň kölgesi kibi geçip gidenine gynanýardy. Bu gynanç onuň asla ýadyna berk ornaşypdy. Başgaçarak ýaşap boljak pursatlary elden berendigine ökünýärdi. Ol pursatlary birin-birin hakydasyna getirip: «Ine, belki, bagt guşy başyma şonda gonan bolmaly» diýip, olaryň esasy iki sanysyny ürç edip ýatlaýardy. Bir pursada görä, özüni dim-dik, tämiz geýnen, harby eşikli göz öňüne getirýärdi. Zer pogonlarynda bolsa generallyk derejesiniň ýyldyzlary lowurdap durdy. Ol bu eşigini «Häý, generallyk eýgertmezdi» diýip, dessine polkownigiňkä öwürýärdi. «Ine, bu bolýar. Bu derejä ölmän gulluk edip ýören bolsam, hökman ýeterdim» diýýärdi. Beýleki pursada görä, ol özüni del maşynly, üstünden gymmatbaha atyrlaryň ysy kükäp duran, diýseň döwrebap hem kaşaň geýnüwde göz öňüne getirýärdi. Sebäbi söwda-satyk edip mazaly özüni tutan, çagalykdan bile ulalan dost oglanlarynyň biri onuň ezenegini agdyryp ýörşüne gynanyp: «Goýsana, ol işiňi. Gel: meniň ýanyma. Pul gazanmagy öwredeýin» diýipdi. Şonda hem bir göwni: «Bar, özüňi tutarsyň. Depseň yranmaz döwlet edinersiň. Puluň bolsa, bitmejek müşgül iş bolmaýar» diýse, beýleki göwni «Barma, söwda seniň ýeriň däl. Söwda adamsy bolmak üçin ýüzüň tuwagy ýyrtyk, messepsiz, binamys kişi bolmagyň gerek. Bähbit ara düşende, jan ýaly dostuňy hem bäş dollara satyp bilmeli» diýipdi. Aralyk göwni bolsa, elmydama edişi ýaly: «Özüň bil. Barsaňam bolar, barmasaňam» diýip, meseläniň çözgüdini özüne goýupdy. Ol dostunyň teklibini hem: «Men oňarmasam gerek» diýip ret edipdi. Bu pikirini aýtmaga baranda, dostunyň bezemen iş şerti, «Kofe içersiňizmi, çaý?» diýşip, şelaýynlyk bilen göwnüni görmäge çalyşýan, uzynaýak, agajet hoşroý zenanlar, girende-çykanda gapyny açyp berýän, tertibi saklaýan zeberdes daýaw ýigitler, pul diýen närsäniň bu ýerde haýsydyr bir ýollar bilen weşeň-weşeň gazanylyşy, elbetde, ony imrindiripdi. Özüni dosty ýaly baý keşpde göz öňüne getirip görüpdi. Başaryp bolsa, hezil durmuş. Dosty hem oňa harbylarça bolmasa-da, çäklilik bilen: «Düşnükli. Özüň bil. Meniň hem saňa bu çylşyrymly biznes dünýäsinde aýak almagy öwretmäge üýşüp ýatan wagtym ýok» diýipdi. Ine, şeýdibem, ol öňküje işinde galyberipdi. Öňküje işi bolsa ony «ne öldürýärdi, ne güldürýärdi». Köwüşlerini aşagy gyrlyp deşilýänçä, eşiklerini güne solup, sary gaçýança geýmeli bolýardy. Ynha-da, ol aýnadan gussaly gözlerini balkyldadyp özüne seredip dur. Bu seredişde «Ýalňyş ýaşamadyň gerek?» diýen juda ýowuz sowal bar. Ýerlikli sowal. Islendik adamyň-da belli bir ýaşa ýetensoň özüne berýän sowaly. Onuň üçin hem şol pursat gelipdi. Altmyş ýaş käbir hasap-hesipleri talap edýärdi. Ol öýde ýa-da işde otyrka-da, ýolda-yzda-da bu sowalyň jogabyny gözleýärdi. Elbetde, jogap taýyndy. Ýaşan durmuşydy. Indi onuň haýsydyr bir bölegini kesip taşlamak ýa-da oňa düzediş girizmek asla mümkin däldi. Muňa hiç kimiň hem erki ýetmeýän bolsa gerek. 2. Ol işden gelýärdi. Ýadawdy. Keýpi gaçykdy. Sebäbi oňa ýene-de iňirdäpdiler. «Ynanylan işi gowy bitirmänsiň» diýipdiler. Ynanylan iş bolsa asla onuň etmeli işi hem däldi. Ol dessine «Meniň bu ugurdan başym çykanok» diýipdi. Oňa: «Başyň çykmaýan bolsa, öwren. Hiç kimem ejesiniň içinde öwrenip doglanok» diýip, gödek jogap beripdiler. Ol işi bitiräýeniňde-de, ondan hiç kime hiç bir bähbit ýokdy. Gury badyhowalykdy —pak hoz ýaly, boş işdi. Ol şeýle işleri itden beter ýigrenýärdi. Yssyz, kagyz gül kibi hasaplaýardy. Ýöne iş ornuny ýitirmezlik üçin, özüne basalyk berip, jedele girmän, «bolýar» diýip, şol düşnüksiz hem ähmiýetsiz işleri başaryp bildiginden ýerine ýetirýärdi. Ýükçi eşege tä ýykylýança ýük uruşlary ýaly, «bolýar» diýensoň, onuň hem ýüküni ýetirýärdiler. Şol «bolýar» diýmeleri bolsa ony alma düşen gurçuk kibi içinden iýýärdi. Tabyny bäriledýärdi. Öý ýagdaýy, iş ýagdaýy hut dilleşen ýaly, bileleşip, halys egbarladypdy. Ol içini hümledip barşyna çatryga ýetdi. Şu çatryk hem onuň soňky günler degnasyna degýärdi. Gatnawyň kändigi, sürüjileriň hiç bir düzgün-kada eýgermeýändikleri üçin, geçäýmek hyllallady. Gel-gel, onuň öýi şu çüňkde ýerleşäýmelimi diýsene. Iş gutaran çaklary bolansoň, çatryk görgüli dat edýärdi. Maşynlaryň gyk-da - baklygy ýetikdi. Ol kellesindäki keç pikirlerini wagtlaýynça äpberip, ünsüni bir ýere jemläp, hyň berýän maşynlaryň arasy bilen, pursady peýläp ýöräp ugrady. Ol günüň dowamynda, hiç bolmanda, iki gezek bu howply çatrykdan eýläk–beýläk geçmeli bolýardy. Şonda «Ine, adam ömrüniň pitige münýän pursady» diýip, öz ýanyndan oýlaýardy. Garma-gürmelik—çatrykda bolsun, durmuşda bolsun, adam jany üçin howpludygynyň pikrini edýärdi. Çatrygyň ortasyna ýetende, onuň geçerine garaşyp, aňry ýüzde duran kaşaň bir maşynyň rulunda oturan adamy görüp, ol, geň galmakdan ýaňa, ünsüni gowşadyp, tasdanam dazlap gelýän maşynyň aşagyna düşüpdi. Bolsa-da, sürüjisi azy ýaran ekeni. Birgeňsi aýlaw edip, ony kakman geçdi-de, gidip barşyna: «Ölesiň gelýämi!» diýip sögündi. Maşynda oturan geýnüwli adam oňa «Ägä bol!» diýip, hoşamatlyk bilen duýdurdy. Onuň sag-aman ötenini görüp, gapysyny açyp çagyrdy: —Otur, eltip gaýdaýyn. —Sag bol, men geldim ahyryn. Ynha, şu çüňkden öwrülen ýerdäki jaýda ýaşaýan. Daş däl –diýip, ol jogap berdi. —Bilýän. Şeýle-de bolsa mün. Juda argyn görünýäň. Ol içi tämizden haşamly maşyna mündi-de, sürüjä elini uzatdy: —Elleşäýeli. Sürüji onuň elini gadyrly gysdy. Şonda ol onuň birgeňsi owadan ýüzüginiň bardygyna üns berdi. Muny aňan sürüji: —Haladyňmy? –diýip ýylgyrdy. Ol jogap bermän dymdy. Sürüji barmagyndaky ýüzügi aýryp, oňa uzatdy: —Menden sowgat bolsun. Ýüzügiň juda gymmatbahalydygy öwüşgin atyp duran goçak göwher gaşyndan hem duýulýardy. Ol ony ýaýdanybragada alyp dakyndy. Emma ýüzük oňa uludy. Barmagynda oýnap durdy. Ol ýüzügi yzyna uzatdy: —Maňa uly. Gymmat zat. Gaçyp galmagy mümkin. Sürüji sesini çykarman, ýüzügi yzyna alyp dakyndy. Onýança-da, köçäniň çüňkünden öwrülip, onuň ýaşaýan jaýyna ýetdiler. Ol maşyndan düşdi-de: —Belki, çaýlaşyp gidersiň?! –diýdi. Öz ýanyndan bolsa, öýüniň keçeçiniň hojalygy ýaly buýr-bulaşykdygynyň, aýalydyr çagalarynyň ybaly ýüz bermän, özüni gözden düşürjekdikleriniň, göwnemese gowy boljakdygynyň pikirini edýärdi. Sürüji onuň niýetini aňan ýaly: —Ýok, häzir däl. Ýöne çaýlaşmagymyz gerek. Men özüm habarlaşaryn – diýdi. —Biziň diňe çaýlaşmagymyz däl, düşnüşmegimizem gerek. Bu nähili beýle bolýar? –diýip, ol özünde duýdansyz dörän batyrgaýlygyna arkalanyp ýaňzytdy. —Hawa, düşnüşmegimizem gerek –diýip, sürüji ylalaşdy. —Haçan? —Ýakyn günlerde. Sürüji şeýle diýdi-de, baş atyp hoşlaşdy. Ol heniz hem haýran galmakdan ýaňa özüne gelip bilmän durdy. Sebäbi sürüjiniň ýyllara tap bermändigi, özüni diýseň ynamly tutuşy, aňyrsynda baýlyk-döwletiniň bardygynyň duýluşy onuň aňkasyny aşyrypdy. Ol äm-sämligine, ençeme ýyllaryň dowamynda werziş bolan endigine görä, basgançaklara ýuwaşja basyp, aram-aram durup demini dürsäp, üçünji gatdaky jaýyna çykdy. Öz ýanyndan bolsa: «Bu nähili beýle bolýar?» diýip, ýaňyja başyndan geçen ahwalata akyl ýetirmäge çalyşýardy. Jaňy basyp, uzak duransoň, teýahyry, gapyny açdylar. «Haçan sen özüňe goşmaça açar oňardarkaň? Hyzmatkäriň bar ýaly, gideňde-geleňde gapyny açyp-ýapmakdan bizar bolduk» diýip, aýaly onuň ýüzüni aldy. Ol: «Siz gapyny açyp-ýapmakdan däl-de, menden bizar» diýip, göwnüçökgünlik bilen hüňürdedi-de, öz bolýan çaklaňja otagyna geçdi. Eşigini çykaryp, geýimasawaçdan asýarka, köýneginiň ýakasyna seretdi. «Kirläpdir. Agşam, ýatmazymdan öňinçä ýuwaryn» diýip, ýakasy kirli köýnekde şähere çyksa, gowy däldiginiň pikrini etdi. Ol bu işi aýaly başyna ataly bäri, hernäçe kemsindiriji bolsa-da, özi etmeli bolýardy. Elbetde, oýlap tapan bir mekirligi oňa kömek edýärdi. Diş çotgasyna sabyn çalyp, diňe ýakasyny ýuwup, oňup ýördi. Köýnegini tutuşlygyna bolsa setanda-seýranda ýuwýardy. Şeýle ýagdaýa düşendigi üçin, ol özüni hem aýalyny hem ýigrenýärdi. Ýöne munuň sebäbi nämede? Onuň kesgitli häsiýetli dälligindemi, ýüregi ýukalygyndamy ýa-da gazanjynyň pesligindemi? Hiç düşünip bilenokdy. Indi bolsa, ynha, ýene-de bir akyl ýetirmek asla mümkin däl ýagdaý döräpdi. Ol «Bu nähili beýle bolýar?» diýip, ýaňky sürüjini göreli bäri özi-özünden eýýäm gör näçinji gezek soraýardy. Bu sowalyň jogabyny ol sürüji bilen ikiçäk oturanda ondan sorap biläýmese, munuň näme üçin şeýle bolandygyna özi ybaly düşündiriş tapanokdy. Onsoňam, ony görenine begenjegini ýa-da gynanjagyny-da bilenokdy. Elbetde, onuň täjirdigine, söwda-satyk adamsydygyna düşünipdi. Muny onuň geýnişi, özüni alyp barşy, kaşaň maşynlylygy hem aýdyp durdy. Garaz, onuň durmuşy öň hem «Näme üçin beýle bolýar?» diýdirýän, umytlarynyň döwülmelerinden, göwnüçökgünliklere eltýän äsgermezçiliklerden hem ýene-de akyl ýetirmesi, hem-de düzetmesi kyn ýagdaýlardan doludy. Indi bolsa ümürde ýörän ýaly, aňyrsy görünmeýän, näbelli, has–da alasarmyk, hatda gorkunç ýagdaý döräpdi. 3. Ine-de, ol täjir bilen günbatar ýurtlarynyň birinde, bezemen restoranda otyr. Onuň bärik aşmagyny ähli ýol harajadyny töläp, ýanyna kömekçi hem goşup, täjir gurapdy. Bu olaryň ikinji duşuşygydy. Täjir özüni belent mertebeli, derejeli alyp barýardy. Kömekçileriniň oňa ýaranyp bilseler armanlary ýokdy. Giňiş nahar stolunyň başynda ynjalykly ýerleşensoň, ol täjiri howlukman siňňitlilik bilen synlady. Hawa, hemmesi dogry. Bu ýerde ýüze edilýän operasiýa ýa-da çalymdaşlyk nikaby geýdirilme ýok. Haýsydyr bir jadygöýlük oýny hem. Ähli keşbi adaty ýaradylyşy ýalydy. Ol özüne ejir berýän sowaly gaýtalady: —Bu nähili beýle bolýar? —Howlukma, düşünersiň... –diýip, täjir ýylgyrdy. —Men seni görüp haýran galdym. —Bilýän. Men seniň haýran galmagyň soňy däl –diýip, täjir jübi tilinden wagtyň näçedigine seretdi. —Ol hem häzir gelmeli. —Kim? —Ynha, görersiň –diýip, täjir ýeserlik bilen ýylgyrdy. —Birazajyk tagapyl et. Seniň bize göwnüň ýetse gerek. Onýança-da, tämiz harby eşikli, polkownik derejesindäki daýanykly adam içerik girdi. Ony görenden, ol allaniçigsi bolup ýerinden turdy. Polkownik ony başdan-aýak ünsli synlap, harbylara mahsus guraksylyk bilen ýylgyrdy: —Belki, gujaklaşyp görşeris. —Hawa, hawa, şeýdiň. Ilkinji gezek duşuşýaňyz –diýip, täjir bu pikri oňlady. Olar gujaklaşyp görüşdiler. Ol şonda ony, asla, özüne ýat adam kibi duýdy. Täjir ilgeziklik bilen hyzmat edýän näzenin gyzyň guýan çakyrly badasyny goluna aldy: —Duşuşygymyzyň şanyna. —Altmyş ýaşymyzyňam! –diýip, polkownik hem badasyny göterdi. Ol hiç bir zat diýmän, şeraby başyna çekdi-de, restoranyň ortasyndaky aýmançada ýumry ýerlerini güjeňleşip, utanmalydyr öýtmän her pisint towlanjyraşyp, ol-bu ýerlerini mazamlaşyp tans edýän ýarym-ýalaňaç zenanlara sögündi: —Bu kemçinleriň bihaýadyklaryny! —Olar öz işlerini edýärler. Muňa bihaýalyk diýip düşünmeli däl. Bu beden gözelligi –diýip, täjir oňa düzediş berdi. —Bular erkek kişiniň duýgusyny gorjalap, ony baky jahyl saklaýarlar.–diýip, polkownik hem bu mesele babatda öz nukdaýnazaryny mälim etdi. —Seniň durmuşyňy bilýäs. Şol iňirdik aýalyň, sarpaňy saklamaýan çagalaryň bar. Ýaşlary birçene barsa-da ogluňy öýerip, gyzlaryňy çykaryp bileňok. Iş ýagdaýyňam öwerlik däl. Şonuň üçinem seniň bar zatdan içiň kitüwli. Ýazylyp-ýaýnap dynç almagy-da başaraňok. Gözelligem duýaňok. Dagdy bolupsyň, göýdükleşipsiň –diýip, täjir onuň maşgala ýagdaýyna beletdiklerini ýaňzytdy, hemem näme üçindir çetine degerli awyly äheň bilen ýüzlendi. Ol häzir ýaňkalaşyp, göwne degşip durmagyň ýeri däldigine düşünýärdi. Galyberse-de, öýündäki hem işindäki ýagdaýlar oňa az-küş azarly gürrüňi ýuwutmagy öwredipdi. Onsoňam, täjiriň bu diýýänleriniň ählisi dogrudy. Şoňa görä-de, ol gyzmady: —Hawa, siziň özüňiz nähili? Öýlendiňizmi? Çagalaryňyz barmy? –diýip gyzyklandy. —Elbetde –diýip, täjir buýsançly jogap berdi. —Gül ýaly aýalym bar. Görmäge göz gerek. Ýaş. Mähriban. Adam durmuşyň sansyz söweşlerinden sal–sal bolup, tapdan düşüp nirä özüni atýar? Ýeke-täk gaçybatalgasy öýüne. Ol ýerde hem hoşroý, güler ýüzli aýaly bolmasa, şondan uly betbagtlyk ýokdur. —Meniň aýalym hem gowy –diýip, polkownik kiteliniň gursak jübüsinden çaklaňja suraty çykaryp görkezdi. —Ynha, bu —aýalym. Bu —çagalarym. Bu duran bolsa giýewlerimdir gelnimiz. Bular agtyklarym. —Agtyklaryňam barmy?–diýip, ol begençli sorady. —Hawa. Iki gyzjagaz. Bir oglan. —Meniňki hem –diýip, täjir söze goşuldy. Iki sany ogul agtyk. —Tüweleme, siz durmuş frontunda menden ozdurypsyňyz –diýip, ol ajy ýuwdundy. Muny aňan polkownik: —Seniňki hem şowlar –diýip, göwünlik berdi. —Hawa, aýdyp oturyň. Meniň nädip beýle bolandygyny bilesim gelýär?–diýip, ol täjiredir polkownige ýüzlendi. —Baş üstüne, ilki men gürrüň beräýin –diýip, täjir öňündäki nahar bilen başagaý polkownige äňetdi. —Hawa, hawa... –diýip, ol ylalaşdy. —Ýadyňda bolsa, şol bile önüp-ösen dostuň saňa «Pul gazanmagy öwredeýin» diýip, ýanyna çagyrypdy. Ine, şonda sen towşan ýüreklik edip, göwnemediň. Men welin beýtmedim. Täjirçilige ýüz urdum. —Sen gürrüňi uzaldyp oturman, gowusy, şo-ol nädip baýanyňy aýdyp bersene –diýip, polkownik onuň sözüni böldi. —Şeýtseň, muňa düşnükli bolar. —Dogry aýdýaň –diýip, täjir ylalaşdy. —Ilkibaşda tanyş-bilişlerimden biraz karz-kowal alyşdyryp, maýa edinip, Kemal aga diýen bir baý kişi bilen işleşdim. Ol görgüli maňa ynam edip, öz ýurdundan haryt baryny ýollardy. Iki tarapyň söwdasy baradaky resmi hatlara gol goýmaly bolanymyzda, men her gezek gözboýagçylyga ýüz urup: «Harydyň puly doly tölendi» diýlen kagyza hem oňa gol çekdirýärdim. Sebäbi ol görgüli orsça okap bilenokdy. Onsoňam, «Öz türkmenim» diýip, maňa jany-teni bilen ynanýardy, aldar öýdenokdy. Ine, şeýdip, lomaýja gazandym. —Ol senden hak-heşdegini soramadymy? —Sorady-la. Emma oňa meniň işgärlerim: «Siziň bilen doly üzülişilipdir. Ynha, muny tassyklap öz goýan goluňyz» diýip, resmi hatlary görkezdiler. Özüm bolsa onuň bilen ýüzbe-ýüz duşuşykdan gaçdym. Ol ör-gökden gelip, arz etjekdigini aýdyp, näsaglap ýatdy. Şondan aýňalmanam, dünýäsini başgalady. Soň ýene-de jüpüne düşen şeýle halatlar boldy. —Sen-ä baryp ýatan kezzap ekeniň –diýip, ol täjiriň ýüzüne gaharly çiňerildi. —Näme diýesiň gelse, diýiber –diýip, täjir ýylgyrdy. —Men beýle-beýle sögünçlere öwrenişip giden. —Bolýa-la, bärde öz-özümiz. Syr gizläp oturasy iş ýok. Bu barada aýtmanam bilerdi, ýöne aýdyp dogry etdi. Bilip goý –diýip, polkownik ara goşuldy. —Sen näme günäsizmi? Akja guşmy? —Aý, perişde däldirin-le... –diýip, ol ýadyna düşýänu-düşmeýän haýsydyr bir owunjak günleriniň bardygyny ýaňzytdy. —Ine, gördüňmi. Ideal adam ýok. Bolmagy mümkinem däl –diýip, täjir janykdy. —O näme üçin? —Durmuşyň özi bozulmaga mejbur edýär.–diýip, polkownik barmagyny çommaltdy. —Ine, şeýle –diýip, täjir polkownigiň bu delilini ähli nogsanlyklaryň sebäpkäri hökmünde çintgedi. Ara dymyşlyk düşdi. Biraz iýip-içdiler. Nobatyň özüniňkidigini duýup oturan polkownik, elini süpürişdirip, nahardan hem çakyrdan bolandygyny aňdyryp, söze başlady: —Men bolsa sen gaýdanyňsoň, Kamçatkada serkerligi dowam etdirdim. Bilýänsiň, harby adamlaryň her bäş ýyldan gulluk ýerleriniň üýtgedilýändigini. Her näme–de bolsa, ýagşylyk edip, gündogar ýurdy —Daşkende ýolladylar. Ol ýerdenem Owganystana. —Elimde gan bar diýsene?!–diýip, ol polkownigiň göreçlerine dikanlap bakdy. —Uruş–uruş bolýar, gadyrdan. Onsoň, Owgan belasy ýatdy. Yz ýanyndan Çernobyl gabahatçylygy boldy. Onuň hapa işine bir topar harby hasapda duran adaty adamlary sürdüler. Meni hem, ine, şolaryň bir bölegine ýolbaşçy edip iberdiler. Biler bolsaň, ol ýerde radiasiýa aldym. —Şeýle diýsene?! Ýüz-gözüňden-ä duýlanok –diýip, ol polkownigiň güne gaýzygan ýowuzlaç keşbini nebsi agyryjylyk bilen synlady. —Erki güýçlülik edip saklanýan. Emma haçana çenli başartjagyny bilemok. —Ýene-de size görä men tämiz ekenim –diýip, ol özüniň horaşa hem güzaply bolsa-da, hile-aldawsyz, gansyz durmuşyna monça boldy. —Biziň hem özümizi aklamaga tutarygymyz ýok däl –diýip, çeti gyzan täjir jabjyndy. —Meni näme aldan däldirler öýdýäňmi? Aldadylar. Onda-da nä aldamak. Ençeme gezek ýagyrniçligimi tütetdiler. Ýygnap-ýygşyranjamy giderip, noldan başlamaly boldum. —Men harby adam. Buýrugy berjaý etdim –diýip, polkownik hem resmileç dillendi. —Hawa, siz, harbylar şeýle-dä. Buýruk bereniň başyna atyp oňaýaňyz –diýip, ol polkownigiň sözüni böldi. —Men janymy orta goýdum. Onda-da, birnäçe gezek. Çöregim bitin ekeni. Uruşdan aman çykdym. Ýöne Çernobyl belasyna ulaşdym. Onda alan radiasiýam üçin ömrüm bilen tölemeli bolaryn. Şondan gymmat töleg ýok bolsa gerek... —Ýeri bolýa-da, her kim öz wyždanynyň öňünde hasabat berýär –diýip, ol agyryly hem ýakymsyz ýatlamalara getiren gürrüňçiligi jemledi. —Biz özümize seniň nebsiň agyrmagyna mätäç däl –diýip, heniz hem gahary ýatyşmadyk täjir onuň ýüzüne tiňkesini dikdi. —Ine, saňa welin, biziň nebsimiz agyrýar. —Näme üçin? —Iň bärkisi, är hökmünde äsgermeýän aýalyň üçin. —Barybir, men ony gowy görýän. —Gowy görmek, söýmek däl. —Awyly gürleýäň. —Janym ýanýar. Sen öz durmuşyňy gowulandyrjak bolmadyň. Polkownik hem täjiriň bu pikirini tassyklap, «Hawa» diýen terzde baş atdy. —Goýsaňyzlaň walla. Men bütin ömrüme şoňa ymtyldym ahyryn –diýip, ol ýangynly gürledi. —Gorkman, «durmuş arabajygyňy» başga ýollara sowmalydyň. Tigirlemäňe agram berýän, üstündäki gerekmejek närseleri bolsa, dözümlilik bilen ýolaýrytlarda taşlamalydyň. —Şeýle çeper gürleýäň welin, sen täjir däl-de ýazyjy bolmaly ekeniň. —Ýazyjylykdan çörek edinmek çetin –diýip, polkownik söze goşuldy. —Häzir başga döwür, başgaça aýak almaly. Başgaça ýaşamaly –diýip, täjir barha gyzýardy. —Indi giç. —Hiç haçan giç bolmaýar. —Gözleriňi soňky gezek ýumýançaň –diýip, polkownik hem täjir bilen pikirdeş gopdy. —Biz saňa näme kömek edip bileris? –diýip, täjir biraz köşeşip, janyndan syzdyryp sorady. —Pulmy, jaýmy, ulagmy, näme isleýän bolsaň aýt? —Adymy bulamasaňyz bolýar. Onuň bu sözi täjiriň ýene-de jynyny atlandyrdy: —Adym, adym, näme üýtgeşik adyň bar? –diýip, ol gahar bilen ýerinden turdy. —Sered-ä, ady barmyşyn munuň. Seniň ybaly hiç bir zadyňam ýok! Polkownik oňa: —Köşeşsene, bolşuň nähili? –diýensoň, täjir özüni ele alyp, aşak oturdy. Bir bulgur çakyr içdi. Onsoň mylaýymlyk bilen oňa ýüzlendi: —Belki, biziň öýümize gidip görersiň? Ilki meniňkä, soňra polkownigiňkä. Aýallarymyz, çagalarymyz bilen tanşarsyň. Nähili ýaşaýandygymyz gyzyklandyranokmy? —Gowy ýaşaýandygyňyz şeýle-de düşnükli. —Belki, gidersiň?! —Ýok, gitmäýin. Kemsinesim gelenok. —Onda, näme, hoşlaşaýalyň –diýip, polkownik teklip etdi. —Aý, hawa, duşuşdyk, düşünişdik, hoşlaşaýsagam bolýar –diýip, täjir ylalaşdy. —Häzir seni meniň adamlarym uçara mündürip ugradarlar. —Hoşlaşmazymyzdan öňürti meniň sizden soramakçy bolýan zadym bar –diýip, ol täjirdir polkownigiň ýüzüne sowally nazaryny dikdi. —Sora –diýşip, olar ýerl-ýerden seslendiler. —Üçünji haýsymyz? Meniň şony bilesim gelýär. Olar bu sowala biri-biriniň ýüzüne seredişip, gülşüp başladylar. Soňra täjir: —Bilýän zadyňy soramak nämä gerek? –diýdi. —O nähili bilýämişim? –diýip, ol ör-gökden geldi. —Bilýäň. Üçünji seniň özüň ahyryn –diýip, polkownik harby dogumlylygy bilen jogap berdi. Ol ýüzüne urlana döndi. Aýaklarynyň ysgyny gaçdy. «Özümi birinjidirin öýdýärdim» diýip hümürdedi. —Ýok, sen birinji däl. Birinji polkownik –diýip, täjir düşündirdi. —Bolýar onda. Sag-gurgun ýaşaň –diýip, ol ugramaga taýyndygyny ýaňzytdy. —Sen hem –diýip, polkownik onuň egnine kakdy. —Ruhdan düşmejek bol! —Ýene-de duşuşarysmy? –diýip, täjir gyzyklandy. —Eger, ölmesek, ýetmişi tegelänimizde duşuşaýalyň –diýip, polkownik dillendi. Ol hiç bir jogap bermän dymdy. Sebäbi onuň ýagdaýyndaky adam üçin ýetmiş ýaş uly sepgitdi. Ýene-de tegelek on ýyl ýaşamalydy. Ýöne şol pursat geň bir sowal kellesine geldi: —Aýtsaňyzlaň, «Dördünjiniň» hem bolmagy mümkinmi? Olar: —«Bäşinjiniň» hem –diýşip, göwnühoş gülüşdiler. —Häý, kezzapjyklar diýsänim! –diýip, ol özüne görä dokuzy düzüw hem daýanykly «Menleri» bilen hoşlaşdy. —Her näme-de bolsa, men siziň bardygyňyza şat! 4. Täjiriň sekiz adamlyk jowur ak limuzinine mündürip, ony uçar menziline alyp bardylar. Ol ýerden bolsa hormat bilen aýratyn çykalgadan çykaryp, uçaryň gymmatbahaly özbaşdak otajygyna eltip ýerleşdirdiler. Tä ýere gonýançalar, uçar bikeleri onuň töwereginde bolup, aladasyny etdiler. Ol öýüne aşyp, jaňy basa–basa, teýahyr, gapysyny açdyrdy. Aýaly ony adatdakylary ýaly, goşmaça açar oňartmalydygy baradaky igençli gürrüňi bilen garşylady. Gapydan girilen ýerdäki köneje stoluň üstünde ýatan gutlag «Telegrammalary» onuň ünsüni çekdi: —Maňamy? —Eýsem kime bolsun. Altmyş ýaşan sen ahyryn. Ol «Telegrammalary» açyp, kütelişen gözlerine golaý tutup okady. Dogrudanam, olarda ony altmyş ýaşynyň dolmagy mynasybetli gutlaýardylar. Hoşniýetli sözleriň aşagynda bolsa gutlag ýollanlaryň atlary bardy: «Dördünji «Men», «Bäşinji «Men»». Hemra ŞIROW. | |
|
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ Arap hekaýatlary - 15.10.2024 |
√ Seniň baryňda / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Sazandanyň säheri / hekaýa - 16.07.2024 |
√ Şol tanyş garamyk gözler... / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Gumly gelin / hekaýa - 08.12.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Çuwalgyz eje / hekaýa - 16.10.2024 |
√ Köprüler / hekaýa - 15.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 10 | |||||||||||
| |||||||||||